Apple korporasiýasy WWDC 2022-de tanyşdyrylyşyň çäklerinde öz operasion ulgamynyň täze wersiýalaryny köpçülige görkezdi. Çäräniň geçişine YouTube-da tomaşa etmek bolar.
Smartfonlara niýetlenen täze ulgam iOS 16 diýip atlandyrylar. Kompaniýa ýene-de dizaýn ulgamynyň üstünde işledi we ekran blokirowkasyny üýtgetdi: indi ulanyjy şrifti we ekranyň reňk bezegini üýtgedip, şeýle-de wijetleri goşup bilýär. Şonuň bilen birlikde, ekran blokirowkasynyň wagtal-wagtal awtomat çalşyp durýan birnäçe wariantyny goşmak bolar. Indi ekran blokirowkasyna çykýan habarlar ekranyň aşagynda peýda bolar.
iMessage-de ugradylan habarlary redaktirlemäge we aýyrmaga mümkinçilik bolar. Ses arkaly girizilme ulanylanda klawiatura, tiz redaktirlemek üçin, indi ekranyň ýüzünde galar.

Tehnologiýa, watandash tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir