Amerikanyň nusgawy pop-arty Endi Uorholyň Merilin Monronyň portreti şekillendirilen Shot Sage Blue Marilyn diýen işi bäsleşikli söwdada satyldy. Bu barada Christie s auksionlar öýüniň saýtynda habar berilýär.
Portret söwdalaşyklaryň dowamynda ýokary bahadan - 195 million dollara satyldy. Ony gelip çykyşy ermeni bolan amerikaly art-diler Larri Gagosýan satyn aldy. Söwdadan düşen ähli serişdeler çagalaryň haýyr-sahawat gaznasyna geçer.
The Shot Marilyns - 1964-nji ýylda Endi Uorhol tarapyndan ýüpek grafikasy usulynda ýerine ýetirilen ajaýyp nusgadyr.

Täzelikler, watandash tarapyndan 5 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir