Düzgüne görä, Windows-da bukjalaryň ählisi diýen ýaly sary reňkdedir. Siz bukjany islendik reňkde goýup bilersiňiz, munuň üçin FolderPainter programmasyny ulanmak bolar. Ol mugt bolup, ony ulanmak hem aňsat we gurnamany-da talap etmeýär.
FolderPainter-i ýükläp, islendik bukja (mysal üçin, Program Files) nusgasyny göçüriň. Ony işe goýberiň, eger zerur bolsa dilini rusça üýtgediň we “Установить” (“Gurnamak”) ýazgysyny basyň. Şondan soň islendik bukjanyň kontekst menýusynda reňkini üýtgetmek üçin “Изменить значок папки” (“Bukjanyň belgisini üýtgetmek”) opsiýasy peýda bolar.
Reňkli bukjalar birmeňzeş sary bukjalara garanyňda, üýtgeşik we gyzykly görünýär. Mundan başga-da, eger öwrenişseňiz, olardan baş çykarmak hem aňsat bolar. Mysal üçin, siz “Maliýe” bukjasyny ýaşyl (pul ýaly), “Ýumuşlar” bukjasyny gyzyl reňk edip bilersiňiz. Dürli reňk bukjany tapawutlandyrar we siz ony çalt tapyp bilersiňiz.
FolderPainter-iň sazlamalarynda haýsy reňk opsiýalarynyň kontekst menýusynda görkeziljekdigini saýlap bolýar. Tutuşlygyna bir reňki däl-de, gradient doldurmalaryny, suratly belgileri hem-de belgi görnüşine öwrülen islendik nyşanlary we suratlary (.ico) ulanmak bolýar. Kontekst menýusyna täze saýlanan zady goşmak üçin onuň gapdalyna belgijik goýup, “Установить” (“Gurnamak”) buýrugyny basmaly.
Bukja sary reňki gaýtaryp bermek üçin, oňa basyp, “Изменить значок папки” (“Bukjanyň belgisini üýtgetmek”) opsiýasynda “Восстановить по умолчанию” (“Düzgüne görä dikeltmek”) ýazgysyny saýlamaly. Şeýle-de, kontekst menýusyndan FolderPainter-i aýyrmak bolar. Munuň üçin programmany işe goýberip, “Удалить” (“Aýyrmak”) buýrugyny basmaly.

Tehnologiýa, watandash tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir