2021-nji ýylyň aýagynda Xiaomi flagman lineýkasyny — Xiaomi 12 hödürledi. Ýöne, görlüp oturylsa, ony entegem doly gutarnykly hasaplap boljak däl eken, sebäbi brend tizara onuň üstüni täze görnüş bilen ýetirmegi meýilleşdirýär.
Gürrüň 2207122МС model belgili sertifikatoryň maglumat bazasynda göze ilen Xiaomi 12 Pro Max hakynda barýar. Insaýderleriň maglumatlaryna görä, dewaýs eýýäm bar bolan Xiaomi 12 Pro-ny ýatladar.
Şonuň bilen birlikde, tapawutly taraplary hem bolar. Mysal üçin, Max-wersiýanyň ulaldylan displeýi bolar.
Edil häzir Xiaomi 12 Pro Max-yň bildiriş ediljek senesi heniz belli däl. Diňe gurluşyň 2022-nji ýylyň ikinji ýarymynda tanyşdyryljagy mälim. Ilki bilen ol hytaý bazarynda peýda bolar, ýöne soňlugy bilen ähli ýere giň ýaýrajagyna umyt baglap bolar.

Tehnologiýa, watandash tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir