Bitkoiniň bahasynyň 10%-den gowrak arzanlandygyna CoinDesk söwda meýdançasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär.
Çökgünligiň ýitileşen pursadynda onuň bahasy 30 müň dollardanam arzanlady, soňky gezek kiberpul şunuň ýaly derejä 2021-nji ýylyň 21-nji iýulynda düşüpdi.
Aşgabat wagty bilen 06:00-daky ýagdaýa görä, bir bitkoin üçin 30 612 dollar hödürlediler.
Ykdysady durnuksyzlygyň we geosyýasy dartgynlylygyň çäginde kriptowalýuta-ha arzanlaýar, altynyň bahasy bolsa, tersine, galmak bilen.
Puluň aňrybaş derejede hümmetiniň gaçmagy maýa goýumçylary serişdelerini metalda saklamaga mejbur edýär — apreliň ortalarynda altynyň unsiýasynyň bahasy iki müň dollardan geçdi.

Tehnologiýa, watandash tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir