Şerabyň ýüze çykyşy şeýledir: Üzüm iň ýakymly miwedir. Üzüm howanyň üýtgemegi we gyş leşgeriniň hüjüm etmegi bilen zaýalanýan eken, gyş hem bahar pasyllarynda üzümi ulanyp bolmaýan eken. Onuň şiresini hemme wagt ulanar ýaly üzümiň suwuny alypdyrlar. Şeýlelikde, üzümiň suwuny alyp, bir gapda goýupdyrlar. Jemşit her gün gelip, ony görer eken. Ilki üzümiň suwy öz-özünden güýçli gaýnap, köpürjikläp başlapdyr. Soňra köşeşip, gaýnawy ýatypdyr. Jemşit her gün ony tagamyny dadyp, onuň tagamyny lezzet biliş «mähegine» hödürleýän eken. Gaýnawy ýatansoň, üzümiň suwy ajap, turşap süýjüligini ýitiripdir. Jemşit tagamyň üýtgänligi we ajylygy üçin, ol jan alyjy zähere öwrülendir öýdüp, onuň agzyny baglap goýupdyr.
Jemşidiň bir sahypjemal kenizi bar eken, gün onuň jemalynyň enekesi bolup, aý ol gözeliň kämil jemalyndan gün-güzeranyny görüpdir. Bu keniz güýçli kesele duçar bolup, dertden ýaňa sabyr-takatyny elden gideripdir. Ahyry ölüme razylyk berip, öz-özüne: «Şu beladan ölüp dynmagym üçin, şol zäherden içip ölmegim gerek» diýipdir.
Şeýdip, keniz şerapdan bir bulgur alyp, birazrak içipdir. Kenizde sandyrama emele gelip, kelleagyry aýrylýar. Soňra gutulyp, keýpli halda öýüne gelýär we uky ony basmarlaýar. Näçe gije-gündiz gözüne uky gelmedik bu keniz bir gije- gündizläp ýatýar. Oýanan wagtynda, ol bu dertden halas bolandygyny duýýar. Ol bu ýagdaýy Jemşide gürrüň berýär. Jemşit hem şeraby dadyp görüp, lezzet alýar. Şondan soň şeraby köp kesellerde ulanyp, şypa tapypdyrlar hem-de «şaderman» diýip at beripdirler.
Hekaýat
Aýtmaklaryna görä, şerap Keýkubadyň döwrüne çenli rugsatly bolup, adamlar ony hemişe içipdirler. Bir gün Keýku- bat sährada gezip ýörkä, bir garganyň ýerde süýnüp ýatan bir serhoşyň gözüni çokup duranyny görýär. Bu ýagdaýy gören Keýkubat şeraby haram edýär we: «Hiç kim şeraply oturlyşyk gurmaly däl we bu permany berjaý etmeli» diýip jar çekdirýär. Biraz wagtlap adamlar onuň gylyjynyň zarbyndan gorkup, şe- rap içmegi taşlapdyrlar.
Bir gün bir şir ýatagyndan gaçypdyr. Onuň adamlara uly zeperi ýetipdir we hiç kim ony tutup bilmändir. Bir ýaş oglan öňe çykyp, ylgap onuň gulagyndan mäkäm tutýar we ony ýere ýazýar. Soňra şiriň eýesi ýetip gelip, ony tutup zynjyrlaýar.
Bu ahwalaty gören şa şeýle diýipdir: «Serediň, bu nähili adam, serhoşmy ýa diwana?». Ýigidi şanyň ýanyna getirip, onuň bu ýürekliligi we gaýraty barada soranlarynda, ol şeýle jogap beripdir: «Men birnäçe wagt bäri agamyň gyzynyň yşgynda ýanyp ýörün. Agam meniň mümkinçiligimiň azlygy we garyplygym sebäpli gyzyny maňa berenok. Bu gün bolsa yşk ody soňky çägine ýetip, hyjuw güýji hetden aşdy. Öýde biraz köne şerap bardy. Ondan bir bulgur içip: «Janym tenimde wagty hiç bolmanda biraz wagt meniň ýüregimde yşk gamynyň yzasy kemeler diýdim». Şondan soň Keýkubat: «Şeraby garga
gözüňizi çokar derejede içmäň, şiri zynjyrlar derejede içiň» diýip jar çekdiripdir.
Beýt
Şerap bir şadermandyr,
Çeni bilen içilse.
Dury suw hem zäherdir,
Çendenaşa geçilse.
Ceshme Muhammet Awfynyň «Hekaýatlar ýygyndysy» kitapdan
Edebiýat, Elif tarapyndan 22.04.2022, 04:24
Meň alan çeşmäm: http://islenen.site/15917-dury-suw-hem-zaherdir-cendenaa-gecilse.html