TÜRKMENE ÝARAN OGUL / Söhbet
Tirkiş Jumageldi, ýazyjy.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň laureaty.
Kakajan Muhammetberdiýew, taryh ylymlarynyň doktory, professor. Türkmenistanyň taryhyndan birnäçe okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň awtory.
ALTY GÜNÜÑ EDERMENLIGI
Siziň okajak söhbetiňiz Kakajan Muhammetberdiýewiň ömrüniň soňky bir aýynyň dowamynda ýazyldy. Magnit lentadaky ýazgy alty sagatdan gowrak wagt dowam edýär. Kakajan aga söhbedi on sagada ýetirmegi maksat edipdi, emma agyr dert bu hyýaly başa bardyrmady.
Okumyş adamdy diýen häsiýetlendirme taryh ylymlarynyň doktory Kakajan Muhammetberdiýew üçin bärden gaýdýar. Ol pikirlenip bilýän adamdy. Pikirlenmegi endik edinenler hemişe erkinlige ymtylýarlar, erkinlik bolsa tutanýerliligi, göreşi talap edýär. Göreş pidasyz bolmaýar. Men Kakajan agany şahsy erkinlige ýetmegiň hupbatly ýolunda pida hasap edýärin. Käbir adamyň gulagyna bu sözleriň mahabatlandyrma bolup eşidiläýmegi-de ähtimaldyr, emma Kakajan agany ýakyndan tanaýanlar meniň bilen ylalaşarlar. Belki, hödürlenýän söhbedi okanlaryň arasynda-da ylalaşjaklar az bolmaz.
Adamy tanamak üçin onuň gepini, sözüni diňlemeli, diňlemek ýeterlik däl, her jümläniň süňňünden çykýan manyny, äheňi seljermeli. Diňe şol ýagdaýda sözüň çyndygyna ýa-da galpdygyna göz ýetirip bolar.
Kakajan aganyň halys ýürekden gürländigine şübhe edemok. Adam sanlyja günden ýagty ýalançydan gitjegini bilip durka, agyr derdiň bimöçber agyrysyna çydap, halys gowşan bedendäki ähli güýji jemläp, kalbyna çöken pikirlerini aýtmaga höwes tapan bolsa, muňa adaty bir ýagdaý diýip bolmaz.
Men gündeligime ýazan setirlerimi okaýaryn.
16-njy dekabr, 1999-njy ýyl: “Şu gün Kakajan aga bilen taryhy temadan diktofonly söhbediň birinji saparyny ýazdyk. Esasy gürrüň Gaýgysyz Atabaýewiň işi, türkmen halkynyň öňündäki hyzmaty hakynda gitdi. Gürrüň sagat ýarym dowam eden hem bolsa, aýdylmaly, diýilmeli pikirleriň üçden birini-de beýan etmäge ýetişmedik. Marydan gelenimden soň gyssagly dowam etmeli, sebäbi Kakajan aganyň taby günsaýyn agyrlaşýar, özi-de boýun aldy. Derdi ýaman. “Maryda eglenmejek bol, başlan işimizi gutarjak bolaly, ikimiziň söhbedimiz uzagrak bolar” diýdi. Men Kakajan aganyň aýdanyna kemsiz düşünýärin”.
Maryda bary-ýogy üç gün boldum. Giden günümiň ertesi Kakajan aga öýmüze til edip: “Eger Tirkiş habarlaşaýsa, aýdaweriň, çaltrak dolanjak bolsun” diýipdir.
21-nji dekabr: “Kakajan aganyň ýanyna gitdim. Söhbedi dowam etdirip bilmedik. Ýagdaýy ýaramazlaşypdyr. Şonda-da umytda, belki, erte-birigün dowam etdireris”.
23-nji dekabr: “Irden Kakajan aganyň gyzy bilen giýewisi öýe jaň edip, ýaşulynyň ýagdaýynyň has peselendigini, meniň çaltrak gelmegimi haýyş edendigini aýtdylar. Barsam, ýerinden galyp bilmän ýatan ekeni, öten gije tas gidipdim diýdi, huşuny ýitirip barýan pursatynda aňyna gelen sözleri aýtdy: “Atabaýewli söhbedi gutaryp biljek däl-ow! diýdim” diýdi. Söhbediň dowamyny ýazmakçy bolduk. Ýigrimi minutdan uzaga gurbaty ýetmedi. Näler gürrüň berjek, ganym dert ýol berenok. Goýbolsun etdik. Gan goýberjekler”.
26-njy dekabr: “Kakajan aga Gaýgysyz Atabaýewli söhbediň dowamyna güýç tapdy. “Tirkişi derrew tapyň-da getiriň” diýipdir. Myhmançylykdakam alyp gitdiler. Ýene segsen minut gürrüňi diktofona ýazdyk. Manyly gürrüň boldy. Enşalla, möwriti geler, onuň aýdanlaryny halka ýetireris. Häzir-ä Atabaýew hakynda položitel söz, pikir aýtdyranoklar”.
28-nji dekabr: “Kakajan aga bilen söhbedi dowam etdirdik. Ýeňil, hyjuwly gürledi. Öýe gelip, ýazgyny diňledim, sesin¬den agyr syrkaw diýer ýaly däl. Söhbedimiziň esasy temasy: çyn taryhy kimler ýazyp biler?”.
30-njy dekabr: “Kakajan aga bilen söhbedi dowam etdirdik”.
2-nji ýanwar, 2000-nji ýyl: “Annadurdy Almämmedow bilen Kakajan aganyň ýanyna gitdik. Gije ýagdaýy gowy bolmandyr, biz baramyzda ganymatlaşan ekeni. Söhbedi dowam etdirmäge höwesli boldy. Kyrk bäş minut gürleşdik. Ýazanymyz dört kassetadan gowrak”.
16-njy ýanwar: “Ýagdaýy juda peselipdir, ýanyna adam goýberenok ekeniler, ýöne Tirkiş bilen Annadurdy gelse, goýberiň diýipdir. Oturdyk. Bizi ýarym sagat ýanynda saklady, güýç tapdy, gürrüň berdi. Rektorlykdan boşadylyp, partiýadan çykarylyp, maşgalasyny köçä zyňyşlaryny, soňam iş tapan ýerinden kowduryşlaryny, doktorlyk ylmy derejesinden mahrum etmek üçin Moskwa ýörite ýoldanan Bibi Pälwanowanyň Kakajan aga hemaýat berjek bolýanlara Merkezi Komitetiň adyndan haýbat atyşyny jikme-jik aýdyp berdi. Belki, 75 ýyl ömrüniň menzillerini göz öňüne getirip ýatyrka, ýokarky pursata ýetende biz barandyrys, bizi görüp, iç gepletmesini sesli dowam edendir?”.
19-njy ýanwar: “Şu gün sagat on birde Kakajan agany iň soňky ýoluna ugratdyk. Ol düýn ir sagat 6.30-da jan berdi. Kakajan aganyň gitmegi bilen men iň soňky söhbetdeşimi ýitirdim. Indi pikirini töwerekleýin düşündirip biljek adam galmady. Asyl, pikir edip bilýän adam galmady!”.
Kakajan aga bilen bu söhbedi agyr derdiň halys basmarlan pursatyndan öňräk ýazyp bolmadymyka diýjeklerem tapylar. Men Atabaýew hakynda onda materiallaryň, pikirleriň bardygyny nazarda tutup, ýedi ýyl ozal onuň kitap ýazmagyny, onda-da başga garaýyşlaryň täsirine gitmän, ideologiýanyň çäginden çykyp, öz ynanjyna maýyl bolup ýazmagyny haýyş edipdim, ýalbarypdym.
Taryh ylmynda obýektiw hem subýektiw faktorlar bolýar. Hakykatda bolup geçen fakt obýektiw, ony üýtgetjek gümanyň ýok, emma şol fakta düşündiriş berlende subýektiwlik döreýär. Taryh ylmynyň ähli nogsanlary şu ýerden döreýär. Eger faktlary düşündirýän subýekt, has dogrusy, taryhçy adalata gulluk edýän bolsa, onuň ýazgysyna hormat goýsa bolar. Men Kakajan aganyň Atabaýew barada hormata mynasyp ylmy iş ýazjakdygyna ynam edenim üçin ýalbarypdym. Gynansagam, şol iş ýazylmady. Üns bilen okan adam, belki, onuň sebäbini söhbetdeşlikdäki äheňlerden duýsa gerek.
Geçen ýylyň ýazynda, Gaýgysyz Atabaýewiň görkezen hyzmaty hem taryha degişli beýleki meseleler bilen bagly, diktofonly söhbeti teklip edemde Kakajan aga höwesli ýaly göründi. “Seniň bilen manyly, gyzykly bir gürrüň etjegimize ynanyp barýan men-ä!” diýse-de, bir iňkisiniň bolandygyny duýanym üçin, özi dil ýarmasa, gaýdyp ýatladyp durmaýyn diýdim. Ölümine bir aý galanda şol teklibe gaýdyp gelmegi, juda gyssanmagy sagaljagyna, ýaşajagyna, işlejegine umydy gutaran bolmaly diýen pikir döredipdi.
Soňra Atabaýew hakyndaky söhbedi paýawlanymyzda, pellehana ýetip, agyr ýüki gerdeninden agdaran ýolagçynyň kanagaty bilen uludan demini aldy, argyn gabaklaryny ýumup, esli salym gymyldysyz ýatdy, birdenem tisginen ýaly, gözlerini açdy: “Kynam-a boldy welin, ýöne ikimiz gowy iş bitirdik” diýdi.
Men bitiren işimizden göwnühoş bolup gaýtdym, Kakajan aga bolsa çekip-çydardan agyr derdi bilen ikiçäk galdy.
Alty güne çeken ýazgyda Kakajan aganyň görkezen çydamyny, gaýratyny, höwesini diňe edermenlik diýen söz bilen häsiýetlendirse bolar.
1. Atabaýew. Batyrow. Kerbabaýew
Tirkiş Jumageldiýew: Men siz bilen Gaýgysyz Atabaýew hakynda gürrüň etmekçi bolýan. Men Atabaýew hakyndaky materiallary, duş gelen dokumentleri okap, pikir edip görýän, hemem Atabaýew diýlen adamyň fenomeni nämeden ybarat diýen sowaly berýän. Ol öz döwrüniň ylymly, bilimli adamy, rewolýusiýanyň ideýalaryna-da, onuň gumanistik ugurlaryna-da ýüregi bilen ynanan adam. Türkmeniňem nähilidigini gowy bilipdir, dagynyk halk, döwleti bolmadyk halk. Indi rewolýusiýanyň taglymatlaryna ynanyp, türkmeni nähilem bolsa, galdyrmak, döwletli etmek üçin lükgeligi bilen özüni şu ideýa beren adam. Dogry, bu işiň nähili ugruganyny, nähili sütemlere döz gelmeli bolnanyny-da bilýäris, ýöne şol döwürde birgiden örän müşgil işleri amala aşyrmagy başaran adam, onsoňam maksadyna ýetmekden ötri, onuň elinde häkimlik ryçaglary bolupdyr. Orta Aziýada Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy bolup işlemegi oňa uly mümkinçilikleri berýär. Ol maksadyny nähili durmuşa geçiripdir, gürrüň şu hakda. Siz iňňän köp taryhy dokumentleri okadyňyz, bize ol gizlin dokumentleri okamak miýesser etmedi. Umuman, Atabaýewiň eden işleri barada siz nämeler aýdyp biljek?
Kakajan Muhammetberdiýew: Öňi bilen-ä bir belli zady aýtmak gerek, taryh diýilýän zat näme, taryhy taryh edýän zat näme, taryhyň ähmiýeti näme, taryhy taryh edýän kim? Şu nukdaýnazardan garasaň, entek meseläni çuňlaşdyrman, entek deňeşdirmän, giriş hökmünde bir zat aýdaýyn. Atabaýew beýik şahsyýet, Atabaýew bilen deň goýar ýaly, Atabaýewiň möçberinde türkmeniň belent adamy diýdirjek, ulaldyp aýtmaýyn welin, Atabaýewe deňär ýalymyz soňky ýüz ýyllyklaryň dowamynda bolmady. Men şuny öz şahsy garaýşym boýunça-da, taryhçy hökmünde-de aýdýan. Ata¬baýew çensiz-çaksyz belent adam. Sen ýaňy dogry aýtdyň, Atabaýew öz döwrüniň hem ylymly, hem bilimli adamy bolan, gylyk-häsiýeti taýdanam tapawutlanan adam. Uşak zatlara üns bermän, iri zatlara üns berip, özüni hemişe öz belent derejesinde saklamagy başaran adam, özüne hormat goýduran adam. Bular maňa çenlem belli zatlar. Bir sebäp bilen Atabaýewi öwrenmek meniň paýyma düşdi, meniň bagtyma düşdi. Beýleki taryhçylara garanyňda meniň mümkinçiligim has uly boldy.
1953-nji ýylda Stalin aradan çykdy, onsoň Beriýanyň döwri başlandy. Beriýanyň kim ekendigine ullakan baha berjek bolup duramok, ol entek taryhda öwrenilmedik şahsyýet. Ol bir hili sebäpler bilen arhiwleri açdy, hemem öňki tussag edilen müňlerçe, millionlarça adamy boşadyp başlady. Arhiwleri açan döwründe menem bir sebäp bilen, Partiýanyň Merkezi Komitetiniň ýanyndaky Marksizm-Leninizm institutynyň Türkmenistan filialynyň ylmy işgäri bolanym üçin Atabaýewe degişli materaillar bilen tanyşmak türkmen taryhçylarynyň, arhiwçileriniň içinde däl, belki, türkmen tohumyndaky adamlaryň içinde ilkinji gezek meniň paýyma düşdi.
Gürrüňini edýän ýyllarym 1954-56-njy we soňky ýyllar. 1963-nji ýylda SREDAZBÝURO diýen gurama döredildi. Şol guramanyň karary boýunça-da Orta Aziýa kompartiýalarynyň taryhyny ýazmak maksady bilen, her respublikadan iki-üç adam almak bilen, resmi komissiýa döredildi. Türkmenistandan wekil bolup Şamyrat Täşliýew, Aleksandr Roslýakow, Kakajan Muhammetberdiýew şol komissiýa goşuldy.
Şundan soň bizi Daşkende, Almata, Duşenbä, Moskwa iki-üç aýlyk çagyryp, ýörite şol kitaby ýazdyrdylar. Meniň bu gürrüňi aýtmakdan maksadym, men şol mahal bir sebäp bilen ýapyk arhiwlere ýene, ikinji gezek goýberildim, şeýdip mümkinçiligim has giň boldy duruberdi. Soňky gezek goýberenlerinde eliňe galam almak, depder almak gadagandy, ugrukmak, ýalňyşmazlyk üçin tanyşmalydy. Moskwada, Staraýa ploşad diýilýän ýerdäki partiýa arhiwiniň ýapygyndan ýapygyna goýberdiler. Bu meseläniň obýektiw tarapy, subýektiw tarapdanam her kimiň öz bolşy, öz häsiýeti bolýar. Men Atabaýewi şahsyýet hökmünde başdan saýlap aldym, dogrymy aýtsam, ýürekden söýdüm, ”ynha taryh!” diýdim. Atabaýewden uly taryh, belki ýokdur diýdim. Atabaýew bilen deň goýup boljak şahsyýet türkmende soňky ýüz ýyllyklarda boldumyka asyl?! Asyl türkmene türkmen diýlenden soň, Atabaýewe golaýlaşyp biljek şahs boldumyka diýen pikirlerem kelläme gelýärdi. Şol hakda köp oýlandym, pikir öwürdim. Şol mahal öz öňümde maksat goýdum: eger janym sag bolsa, mümkinçiligim bolsa, Atabaýew hakynda ýörite kitap ýazaryn diýdim.
Ilki bilen Atabaýew hakynda çeper edebiýatda biziň ýazyjymyz Berdi Kerbabaýew roman-hronika ýazdy. Berdi Kerbabaýew bu eserini ýazanda meniň bilen maslahatlaşmady, onuň menden habary ýokdy. Menem Atabaýew hakynda bir zatlar bilýän diýmedim, eser ýazýandygyny eşitdim, şonda-da oňa zat diýmedim. Azajyk öňe gidip aýdaýyn. Berdi Myradowiçiň romayny okap, häk, Atabaýew öz derejesine galmandyr, bu ýerde Atabaýew meň diýýän Atabaýewim däl diýipdim.
T.J. Sözüňiz agzyňyzda, Berdi aga ýarym hakykaty ýazdy-da. Şol mahalyň rugsat derejesine eýerip ýazdy. Rugsadyň çägi bardy, şunuň ýaly etmeli, şundan aňryk geçmeli däl diýilýärdi. Ýogsa, Atabaýew hakynda birgiden fakty onuň özem bilýändir, sebäbi Atabaýew işlän döwründe ýigrimi-otuz ýaşlaryndaky kämil adamdy. Wakalaryň içinde bolupdy, öz gözi bilen görüpdi. Şonda-da ol ideologiýanyň ülňüsinden çykman, ýarym hakykaty ýazdy. Şol roman ýarym hakykat.
K.M. Eger romana ýarym hakykat diýsek,belki, ýalňyşmarys. Men bir hakykata düşünýärdim: Atabaýew hakynda çyndan ýazmagyň sowet ideologiýasy dowam edýärkä, ýazaýyn diýip näçe hyýal etseňem, başa barmajagyndan habarym bardy. Ol hakynda diýmeli sözi diýdirjek däldiler, oňa aslyşjak adamlar kändi. Mysal üçin, bir taryhçymyz bardy, oňa Aleksandr Roslýakow diýerdiler, dogrusyny aýtsak, ol Türkmenistanda taryh ylmynyň eýesidi. Respublikada hökmürowanlyk edýän ikinji sekretarlar bolsa, şolaryň dikmesi, taryhçylaryň depesinden inderilen bela-beter – Roslýakowdy. Eli çeperdi, oturyp işläp bilýärdi, diýseň çalt ýazardy, geplemäge-de ökdedi. Ol ulanmaga-da ökdedi, ulandyrmaga-da ökdedi. Meselem, ol nadan türkmen taryhçysyny tapyp, şondan alym taryhçy diýilýänini ýasap, azda-kände oýlanyp bilýän taryhçylaryň üstünden bela indermeklikde ulanmaga ökdedi.
T.J. Ideologiýanyň çyn nökeri-dä!
K.M. Ulanýan adamyna at-da alyp bererdi, ylymlaryň kandidatam ederdi, zerur bolsa, doktoram ederdi. Başarýardy. Şeýdip ýören adamlaryň ýazmaklarynda, mysal üçin, “Sredazbýuro” diýen göwrümli kitap çykarylypdy. Şu kitapda ýok ýerden bahana tapylyp, Atabaýewi milletçilikde aýyplap, akyly kemlikde aýyplap ýazylan sözlemler bar. Men şonda hyrçymy dişläp, gaharyma: “Haramzadalar!” diýenimi özümem duýman galypdyryn. Atabaýew hakynda nädip ýazyp bolar, men nädip ýazaryn diýen sowal kän oýlandyrýardy. Ýazjakdygyma ynanýardym, diri bolsam ýazaryn, bolmasa, stol üçin, özüm üçin ýazaryn diýip gezdim. Atabaýew hakynda ýazmasam, meniň taryhçy hökmünde özüme pylankes diýmäge hukugymam bolmaz diýerdim.
Berdi Kerbabaýewiň Atabaýew hakynda ýazan kitabynyň dogry ýerem kän. Ony gözi bilen görüpdir, gepleşipdir. Käbir zatlar üns berdirýär, käbir ýerini okanyňda: bäh, munuň oňatlygyny! diýeniňi duýman galýarsyň, ýöne kitaby ýapanyňdan soň Atabaýew ýok. Şol Atabaýew ýok!
T.J. Şahsyýet hökmünde ýok.
K.M. Onsoň men muny Şaja Batyrowa gürrüň berdim. Batyrow bilen biraz bile bolmaklyk miýesser edipdi. Men bu hakda-da gürrüň beräýeýin. 1959-njy ýylda kandidatlyk dissertasiýasyny goramak üçin Moskwa bardym. Barsam, Gaýyp Nepesow üstümden maşynkada 27 sahypa arza ýazypdyr. Äý, meni diýseň ýok edip, ýere gömüp, basmaly, atmaly diýen äheňde ýazypdyr pakyr. “Alynyň aryny Ahmetden almak” ýaly bir zat edipdir, ýogsa, onuň ar almalylary başga adamlar, emma meniň üstümden düşüp, meni garalapdyr-a! Onsoň öňki dissertasiýa goramaly diýlip gazetde çap edilen bildirişi öz puluma diýen ýaly üýtgetdirip, ýagny 27-nji martdan 6-njy oktýabra geçirdim. Şonda men Şaja Batyrow bilen Türkmenistanyň wekilhanasynyň jaýynyň ikinji gatynda, hökümet otaglary diýip at berlen ganatynda duşuşdym. Uly otagda Batyrow, kiçi otagda-da men bolýardym. Meniň ol ganata düşmegimiň sebäbi meniň kandidatlyk goraýanym üçin däldi. Men şol mahal Aşgabat oblast partiýa komitetiniň bölüm müdiridim. Partiýa işgäri hökmünde menem “pylankes” diýen adam bolanym üçin şol ýerden maňa otag beripdiler.
Şaja Batyrowyň ol ýere barandygynyň sebäbi, ony Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň prezidentligine taýýarlapdylar. Ony bu wezipä Moskwa tassyklamalydy. Moskwa-da tassyk edenok, sebäbi aýagyndan kän arza düşüpdir. Arza diýeniňem näme, türkmeniň taryhynda örän giň ýaýran, moda öwrülen zatdy. Sowet döwründäki ýetmiş ýylda türkmene bir zat zyýan ýetiren bolsa, şol golsuz hat diýen beladyr. Ony ýörite ýazdyrardylar, ýörite gurardylar. Şaja Batyrowyň üstündenem uly papka arza ýatyr. Ol bir gün gaharlanyp geldi. “Bu gün-ä keýpiňiz ýok, Şaja Batyrowiç” diýdim welin, “Ä-äý – diýdi-de içini çekdi. – Äý, inim, keýp bolarmy! – diýdi, keýp bolarmy! – diýip, iki öwre gaýtalady. – Şol ýatan papkany görýärmiň, bar, okap gör” diýdi. Baryp, papka seretsem, gollu-golsuz onuň üstünden ýazylmadyk zat ýok. Nämemiş, Şaja Batyrow alym dälmiş, ylmy kitaby ýok, şeýle ýagdaýda ol nähili Ylymlar Akademiýasyna prezident boljakmyş, ony prezident etmeklik gaty uly ýalňyşlyk bolar... garaz, şeýle zatlar, töhmetler ýazylypdyr. Seretdim, üns berip okajagam bolmadym, bu zatlar maňa düşnüklidi, beletdi, sebäbi öz üstümdenem Gaýyp aganyň arzasy ýatyrdy. Şol arza jogap ýazdym, nesip bolsa, men ony saňa okamaga bererin. Göwnüme bolmasa, şol jogap hatym ýazan işlerimiň arasynda iň görnüklisi ýaly bolup dur.
Şol jogaby Batyrowyň eline berdim, okady-da dymyp oturdy, geplemedi, asyl geplänok, bolupdyram, bolmandyram diýenok, gowy ýazypsyň, erbet ýazypsyňam diýenok, ýöne, hä-ä, ýene: hä-ä, hä diýdi-de: ber şu durşuna diýdi, şü-dä diýdi, hawa, şü-dä! diýdi. Gaýypdan närazy ekeni, ýöne içki duýgusyny açyk aýtmagy uslyp bilmese-de, duýar ýaly etdi. Seni ýazmalymy? Sen däl-ä oň duşmany!” diýip, meni köşeşdirdi. Meniň hatymyň äheňini duýupdyr, muny gowy edipsiň diýdi.
Şaja Batyrowyň hemişe agzyna alýan sözümi, dälmi, bilemok, maňa oglum diýen sözi aýtdy. “Oglu-um! diýdi, äheňiň oňat diýdi, şu durşuna, üýtgetme-de ber diýdi, hiç kime-de görkezme diýdi. Bolýar diýdim-de menem şo durşuna haty bermeli ýerine berdim. Meniň aýtjak bolýan zadym, şonda Kerbabaýewiň romany hakynda gürrüň açyldy. Men gönümel sorag beräýdim. Roman hakynda soradym-da: “Şaja Batyrowiç, siziň Gaýgysyz Atabaýewe garaýşyňyz nähili, gaty görmeseňiz şony bilesim gelýär, Atabaýew hakyndaky mesele meni gaty gyzyklandyrýar, arhiwlere barsamam, asyl şu mesele meni erkime goýanok” diýdim. Şonda onuň özi agzaýdy: “Sen Berdi aganyň romanyny okansyň-a?” diýdi. Hawa, okadym diýdim, göwnüňize bir zat getirmeseňiz aýdaýyn, men ony halamadym diýdim. Diliniň çeperligine sözüm ýok diýdim, Atabaýewi gözi bilen gören, tanan adam diýdim, ýöne romanda şahsyýet ýok diýdim, belent Ata¬baýewden nam-nyşan ýok diýdim. “Gaty gideňokmy? – diýdi – gaty aýdaňokmy?” diýdi. Ýok diýdim. “Seniň materialyň barmy?” diýdi. Şaja Batyrow bilenok ekeni. “Hawa, mende heniz hiç kimiň görmedik materiallary bar” diýdim, soňra gürrüň berdim. Diňledi-de: “O-how! – diýdi. – Men seni Berdi Myra¬dowiç bilen duşuraýyn, sen şuny oňa-da gürrüň ber” diýdi. Soň diýeninem etdi. Prezidentkä bir gün yzyna tirkäp, Berdi aganyň öýüne eltdi. Barsak, Berdi aganyň ýanynda Abdy An-nalyýew oturan ekeni, Ministrler Sowetiniň başlygam bolupdy. Berdi aganyň Baýramalyda ýaşaýan inisi Han aga bardy. Ogly Baky bardy. Gapdalymyzda aýalam görünýärdi, türk milletinden, adyna näme diýerdiler şoň?..
T.J. Meýrem Ezizowna.
K.M. Hawa, Meýrem apa. Ikiýana ýöräp, hüňürdäp ýör, stoluň başynda idili oturanogam. Oturýa-da, ýene turup gidýär, üns bermäň diýýä. Men şonda azda-kände gürrüň berdim welin, Berdi aga: “Ikimiz soň ýörite duşuşaly” diýdi. Soň duşuşdyk. Öýüne çagyrdy. Maşynkasynyň başyna geçip oturdy. Birden ýazmasyny togtatdy-da: “Kakajan, – diýdi. – Goýaly, goýaly muny” diýdi. Men näme üçin diýenine bir bada düşünmän galdym. “Muny seň özüň ýaz, muny sen ýaz diýdi. – Men muňa gaýdyp el urmaýyn, men etjegimi edip¬dirin, meniňki şu durşuna dursun, şu durşuna gitsin” diýdi.
T.J. Tüýs aýdaýjak zady-da!
K.M. Şu hakyky bolan waka. Ýogsa, meni diňläp, şyk-şyk maşynkasyny urup otyrdy, birden tapba goýdy-da: “Goýaly muny, sen ýaz, diňe sen ýaz muny, özem maňa gürrüň berşiň ýaly edip ýaz” diýdi. Bu diňe Berdi aga ikimiziň aramyzda bolan gürrüň. Soňra doktorlyk dissertasiýama ulaşyp gitdim. Moskwada, Daşkentde çykmaly kitaplary ýazýan topara girizdiler. 60-njy ýyllar uly-uly monografiýalar çykdy, şolara türkmen tarapyndan gatnaşmak maňa miýesser etdi. Dogrymy aýtsam, Gaýgysyz Atabaýewe dolanmaga mümkinçiligim bolman gitdi oturdy, gitdi oturdy. Gel-gel, ýetmişinji ýyllara ýetildi, biziň çykaran uly kitaplarymyzy hökümet sylaglaryna hödürlediler, hatda Lenin baýragyna-da hödürlendi. Şeýlelik bilen Atabaýew galyp gidip otyr. Ýetmişinji ýyldy öýdýän... Berdi Kerbabaýew dagy Çärjewe bardylar, senem-ä bardyň, haýsy ýyldy şol?
T.J. Ýetmişinji ýylmydy?.. Takyk bilemok.
K.M. Ýetmişdi şol. Şonda: “Ýörite geldim şu ýerik, görýän welin, sen şony ýazjak däl, çekip gidip otyrsyň” diýdi. Ýazyjy¬lar plenum geçiripdiler, göçme plenum diýipdiňiz.
T.J. Hawa, “Oba hojalyk temasynyň çeper edebiýatda beýan edilişi” diýen meseleden ýörite plenum geçirilipdi.
K.M. Men şonda Berdi aga dagyny öýe çagyrypdym. Saçak başynda otyrkak Berdi aga: Kakajan bizi şu ýere getirendir diýdi, ýöne Kakajana bir zat tabşyrypdym welin, biýem şol çekip gidip otyr diýdi, şeýdip, meni tankytlabam goýberdi. Ýetmişinji ýyllaram meniň başymdan bela indi, Atabaýewli mesele galdy gitdi.
2. Başy gowgaly Gaýgysyz
K.M. Atabaýew kim? Gürrüň şu hakda bolmaly dälmi?
T.J. Men Atabaýewiň kimdigi bilen bagly öňinçä bir zat aýdaýyn, ýaşuly. Atabaýewiň kakasy Täç serdar biziň obamyzdan, körsagyrlardan. Adamyň aslyny bilmeli, abraýly adamlar köplenç döwletli ýerden çykýarlar diýilýär. Bir adam hakynda soralanda: “Döwletli ýerden çykanmydyr?” diýýärler. Gaýgysyzyň asly serdar maşgalasyndan. Täç serdar Gowşut han bilen bile söweşen adam.
K.M. Türkmende bir däp bar. Däbimize gaýdyp gelmeli diýýäs-de, gelşimiziň ugry ýok. Mysal üçin, bir ýigit märeke ýerine salawmaleýkim diýip geler welin, oturan ýaşulularyň biri: ”ýigit, gel, otur, nireden bolarsyň, kimlerden bolarsyň?” diýer. Ýigidem aýdar: ”pylan obadan, pylanylardan diýer welin”, ”hä-ä, döwletli ýerden ekeniň, geçiber bärik, seniň ornuň şu ýerdir” diýip, eýýäm onuň ornuny obasy, asly, terbiýesi bilen kesgitläp goýberer. Gaýgysyzam görüm-göreldäni gören bolmaly-da. Görüm görmedik, göreldäni görmedik adam soň ile görüm görkezip bilmeýär, öwredibem bilmeýär. Görüm-görelde diýeniň belent zat bolmaly.
T.J. Tiresiniň, maşgalasynyň, döwletliligiň jogapkärçiligi onuň üstüne düşýär.
K.M. Şony duýup durmaly-da. Atabaýewiň bagtyna ol “Russko-tuzemnaýa” diýen mekdepde okaýar, ýoldaşlary duşýar. Muhammetguly Atabaýew bir mysal, nohurly ýigit, çensiz akylly adam bolan. Türkmende “dogan okaşmak” diýen däp bar. Gaýgysyz Muhammetgulynyň familiýasyny alypdyr diýen gürrüňem bar. Türkmeniň häsiýetinde dost diýeniň, meniň düşünişimçe, dogan-garyndaşdanam belent bolmaly. Dost bolmak üçinem akylyň, paýhasyň, gylygyň, garaz, köp zadyň meňzeş bolmaly. Duýgudaş bolmaly, aýrylmaz bolmaly, şony häli-şindi göresiň gelmeli, maslahatlaşasyň gelmeli, şeýle dälmi?.. Şeýle adamam duşupdyr oňa.
Soň Daşkentde okapdyr. Ol mahal okuwlaram okuwdy! Şol berilýän bilim-terbiýäni alan adam, gowy ýoldaşlara duşan adam. On ýedinji ýyldan soň, 18-20-nji ýyllarda Ata-baýewiň haýsy wezipelerde işländigi barada ylmy kitaplarda kän ýazyldy, ýöne bir zat ýazylman gidip otyr: Atabaýewiň kimdigi. Atabaýew diýen familiýa ol kitapdan bu kitaba, ol sahypadan bu sahypa geçip gidip otyr, Atabaýew kim diýen sowala jogap ýok.
T.J. Şu günem şol sowala jogap ýok.
K.M. Gynansagam, ýok, şu günem ýok, arman edýäris, ýok. Ol goýlup ýörlen oýunlar zatlar, meň çekinýän zadym ýok, nälet şonuň awtorlaryna! Oýnaýanlara-da nälet! Utançsyzlyk, bihaýalyk! Taryh diýilýän zadyň bir aýratynlygy bar: taryha girip bolýar, emma taryhdan çykyp bolmaýar. Şony ýazan awtor ölýänçä gara adam şol, ölende-de, hiç mahal aklap bolmaýar, bolmaz!
T.J. Türkmen Döwlet Akademiki Drama Teatrynda goýlan oýun, “Gala”.
K.M. Şol oýny goýana, şony ýazan awtora ömürlik nälet! Olaryň familiýasyny aýtjak däl, onuň geregem ýok. Men ýürekden aýdýan, gynanýan, ýüregim awaýar, ýöne elimden gelýän zat ýok.
T.J. Ýaşuly, ony ýazan adamyňam, oýny goýanlaryňam taryha öz garaýyşlary ýok. Şonuň üçinem olar perwaýsyz, näme et diýilse, şony edýärler. Siz dogry aýtdyňyz, umuman, Atabaýewi iki gezek öldürdiler. Birinji gezek otuz sekizinji ýylda öldürip, taryhdan adyny öçürjek boldular, üstüne atanak çekeris öýtdüler, bir bada başartdam. Biz oglankak kämahal adyny agzardylar. Şol mahal obamyzda onuň aýal doganam ýaşap ýören ekeni-le! Ýöne Atabaýew hakynda müň ýyl mundan ozal bolan adam ýaly äheňde gürrüň bererdiler. Ol serhetde atylypdyr, bir wagon gyzyly alyp, Eýrana geçirjek bolanda öldürilipdir diýerdiler. Soň Hruşýowyň döwründe geçmişiň faktlary ýarym-ýal¬ta açyldy. Berdi aga daga rugsat berlişi ýaly, ýarym hakykat ölçeginde.
Indi biz döwlet garaşsyzlygyny aldyk diýdik. Sowet Soýuzynyň düzüminde bolanam bolsak, ençeme asyrdan soň Türkmenistanyň özbaşyna respublika bolmagynda Atabaýewiň hyzmaty aýratyn. Indi onuň taryhy hyzmaty hakyky manysynda belleniler öýtdük. Emma bizi ozalky ýarym hakykatdanam dyndardylar oturyberdiler. Şeýdibem, ony ikinji gezek öldürdiler. Otuz ýedinji ýyldaky ýaly. Ol hakda halkyň kalbynda galan hakyda zarba urdular. Aşgabatdaky ýeke-täk ýadygärligini-de aýryp zyňdylar. Ýene adyny öçürdiler. Indem ýaňky adyny agzan oýnumyzda görkezilişi ýaly, Atabaýew ganhor bolupdyr, adamlary atypdyr, horlapdyr... şulardan başga zat eşidemzok. Siz Atabaýewi öwrenen adam. Biz türkmeniň döwletini döretmegiň ýoly barada gürrüň etdik, elbetde, SSSR-iň çäginde. Şonda aýgytly rol oýnan Atabaýew diýdik. Men sizden şu meselede Atabaýewiň aýratyn hyzmaty barada eşitmekçi bolýaryn.
K.M. Millet, döwlet diýen bir kesgitleme bar. Men soňky ýyllarda ”türkmende millet öň döräpmi ýa-da döwlet?” diýen meselede çykyş hem etdim.Ynanyň, adamlar, döwlet milletden öň döreýär diýdim. Döwletiň bolmasa, millet bolup bolmaýar. Marksizmde başgaça aýdylýar. Daşkentde, uniwersitetiň taryh bölüminde okanymda meniň diplom işimiň temasy-da türkmen milletiniň emele gelşi. Bir sebäp bilen türkmeniň milleti barada gürrüň açylanda, ilki bilen şol hakda biri ýazan bolsa, megerem, şol meniň paýyma düşdi, şuňa özümem kaýyl galýan. Soň men bu temany kandidatlyk işi üçin almadym. Muňa sebäp bolan zadam, Şaja Batyrow diýen belent adam millet hakynda ylmy iş ýazýarmyş diýip eşidenimden soň bu temany gapdala goýdum. Diplom işimi 1951-nji ýylda gorapdym, gowy diýip baha beripdiler, çap edipdiler. Gaýdyp elime almandym, Şaja Batyrowa hormatym üçin. Şoňa aslyşýar diýmesinler diýen ätiýaç bilen. Meniň bu gürrüňi açmakdan maksadym, şol Atabaýew, Gaýgysyz Serdarowiç, käýerde oňa Konstantin Sergeýewiçem diýilýär, Atabaýew diýilýän adam bir zada gowy düşünipdir, çensiz gowy düşünipdir. Öňi bilen ol türkmene berlipdir, öz halkyna berlipdir. Onsoňam, “berlipdir” diýen sözüň manysy şeýle: bermäge zadyň bolmaly. Atabaýewde halkyna bermäge zat bar. Ol Atabaýew! Çensiz belent adam!
Meniň Atabaýew bilen ilkinji duşuşan ýerim, dokumentler arkaly duşan ýerim, şeýle boldy. 1920-nji ýylda şu hökümete tüýs berlen Goçmämmet han diýen belent adamyny bir jaýdan beýleki jaýa geçende, haýynlyk bilen pyçaklap öldürýärler, 15-nji sentýabrda. Şu zerarly hökümet komissiýasy döredilýär. Moskwada hökümetiň ýanynda Türkkomissiýa diýen bölüm bardy, bäş-alty adamdan ybarat. Şonuň başlygyna-da Geliawa diýerdiler. Rudzutak, Kuýbyşew, Frunze, Kaganowiç dagam bar. Şol bölümiň düzen komissiýasy üç adamdan ybaratdy, üçüň biri-de Gaýgysyz Atabaýewdi. Goçmämmet baradaky ahwalaty barlamalylaryň biri Atabaýew! Şuny okamda tolgunanymy duýman galdym, şu ýerde Atabaýewiň adynyň tutulýandygy üçin! Adalatly çözüler diýip, içki duýgym bilen garaşdym. Dogrudanam, adalatly çözlüpdir, günäkärler ýazgarylypdyr. Goçmämmet aklandy.
T.J. Goçmämmet kim ol?
K.M. Häzir aýdaýyn. Goçmämmediň tarapdarlaram aklandy. Şolaryň aklanmagynda Atabaýewiň hyzmaty uly bol¬maly. Goçmämmet kim? Oňa Goçmämmet han diýilýär. Kitaplarda Goçmämmet Sopyýew diýip hem ýazylýar. Bu meniň ýalňyşym. Dokument ýygnap ýörkäm, onuň familiýasyna duş gelmedim-de, menem tejribesizlik edip, bir dokumentde ony Goçmämmet Sopyýew diýip ýazyp goýberdim, soň Sopyýew bolup gidiberdi, yzyna almak maňa başartmady. Menden göçürdiler ýördüler. Goçmämmet han diýen adam 1920-nji ýylda Hywa hanlygynyň agdarylmagynda esasy rol oýnan adam. Hywa hanyny agdarmak üçin öňi bilen türkmeniň beýleki bir serdaryny syndyrmalydy, ýagny Jüneýit hany syndyrmalydy. Goçmämmet şonuň bilen jetleşen adam, olar bir-birine garşy göreşen. Munam bolşewikler ökdelik bilen ulandylar. Ikisiniň agzyny alardyp, biri-birine duşman edip, iki goçy çaknyşdyryp, maňlaýyny ýaryp, gan akdyryp, maýyp edip, Jüneýit han-a tagtdan düşürip, Goçmämmedem pyçaklap öldürdiler. Şeýdip, ikisindenem dyndylar. Bu ýerde gep – türkmenleriň serdarlaryndan dynmak, türkmeni ýok etmek.
Men Goçmämmedi Atabaýew bilen baglajak bolýan. Eger Atabaýew şol komissiýanyň agzasy bolmadyk bolsady, Goçmämmet aklanmazdy.
1922-nji ýylyň ýazynda Fergana jülgesinde basmaçylyk hereketi ýokary galýar. Käbir maglumatlara görä, 20-30 müň adam baş göterýär. Şu günki günüň kartasyna garap aýtsak, Fergana diýilýän jülge Andyjan, Namangan, Fergana oblastlary, Özbegistanyň özeni, Täjigistanyň Leninabat oblasty, Gyrgyzystanyň Oş oblasty. Milletleriň üýşen ýeri, ilatyň örän gür oturan ýeri. Bir ýany Hytaý, beýlesi Owganystan, şeýle bir wajyp, möhüm ýer. Ine, şu ýerde basmaçylyk hereketi ýatyrylmasa, dogrudanam, sowet hökümetine howp abandy. Basmaçylyk bilen Orta Aziýada sowet häkimliginiň ýok edilmegine mümkinçilik döräpdi. Şu ýerde Moskwa mekirlik bilen hereket edýär. Kimiň üsti bilen bu hereketi ýok etmeli? Şol mahal Rudzutak, Gusew, Broýda diýen milli meseleden habarly adamlar yzly-yzyna gelip gidýär, şolaryň biriniň resmi beren bahasyna görä, şu işe ýolbaşçylyk edip biljek bir adam bar diýilýär. Bu ahwalaty şol adama ynanmasak, başartmaz. Ol adam hem-ä ýerli milletden, hemem hakykat ýüzünde bolşewikler partiýasyna berlen adam, hem başarjaň, hemme tarapdan ukyply diýilip, Türküstan Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy Atabaýewiň ady tutulýar. Atabaýewe hukuk hem harby taýdan çäksiz ygtyýarlyk berlip, Fergana iberilýär, basmaçylyk hereketini ýatyrmaly diýilýär. Atabaýewiň saýlanyp alynmagynyň ýene bir amatly ýeri, ol jülgede ýaşaýan halklaryň hiç birine degişli däl, hemmä ortalyk boljak. Şol bir wagtda-da gaty bir kesekem däl, Orta Aziýanyň wekili.
Atabaýew şeýle bir başarjaňlyk görkezýär, özüni uly bir döwlet işgäri, uly harby işgär hökmünde görkezmegi başarýar. Garşylygy ýatyrýar. Şol mahal Atabaýewiň üstünden arza ýazýarlar. Türküstan harby okrugynyň ýolbaşçylary Atabaýew biziň ähli hukugymyzy elimizden aldy, özem baryp ýatan diktator diýip ýazypdyrlar. ”Sredazbýuro” bu meselä garaýar, dört güne çeken mejlisde şol meseläniň dawasy gidýär. Ahyrda-da özüne tabşyrylan möhüm meseläni, harby operasiýany üstünlik bilen ýerine ýetireni üçin Atabaýewe sagbolsun aýdýarlar. Atabaýew şeýdip, hasam at alýar. Şol doklad soň ýazyjy Paporowyň 1991-nji ýylda “Ýunost” žurnalynyň birinji sanynda çykardan makalasynyň esasy bolupdy. Men ol dokumenti 1954-nji ýylda görüpdim, emma maňa çap etmek gada¬gandy. Gel-gel, Paporow bizden öňürdip çap etdirdi, şonuň üçinem ol sag bolsun!
Şu ýerde Atabaýewiň özüne artygrak ynanyp, bir töwekgel iş edendigini-de belläp geçmeli. Ol basmaçylyk hereketine baş bolanlaryň arasyndan üç-dört adamy boşadyp goýberýär, özi goýberýär, özem ýagşy niýet bilen edýär. Olar öňki gaçyp gidenleri aňyrdan getirerler diýip edýär, olaram gelmeýärler. Bu fakt Atabaýewiň duşmanlary üçin tapylgysyz delil, maglumat bolýar. Olar gaýtadan Atabaýewiň aýagyndan arza ýazýarlar. Indi olarda uly tutaryk bar. Şeýdip, Atabaýew gidip barýar. Öňi bilen Atabaýewi örän tiz Türküstan Halk Komissarlar Sowetiniň başlyklygyndan boşadýarlar. Partiýa agzalyk meselesi goýulýar. Ony bu sapar ýok etmek hyýalyna düşüleni aýdyň. Şol wagt milli mesele bilen meşgullanýan adamlar bardy, Moskwada. Men entek hakykysynyň kim bolandygyny takyklap bilemok, göwnüme bolmasa, şu pajygaly pursatda Atabaýewi goldan, belki, Ordžonikidze bolandyr? Ol örän ynanylýan adam. Ol ýerde Rudzutak diýenem bir pähimli adam bardy, Ýan Ernestowiç Rudzutak diýerdiler, milleti latyş bolmaly, soň olam otuz ýedide atyldy. RKBP-niň Orta Aziýa býurosynyň başlygynyň wezipesinde Gusewdi, yz ýanyndanam Rudzutak bolupdy. Meniň aýtjak bolýanym, Ordžonikidze, Rudzutak, Broýda dagynyň biri, belki-de, üçüsem biledir, Atabaýewi Moskwa çagyrdýarlar, duşmanlarynyň eline berenoklar, halas edýärler. Atabaýewi partiýanyň agzalygyndan öçürtmän alyp galýarlar.
Tirkiş Jumageldiýew we Kakajan Muhammetberdiýew
Türkmene ýaran ogul
-
Jeksparro
2 years ago
- (dowamy)
5. Atabaýewiň mert ölümi
K.M. 1954-nji ýylda arhiwlere bardym diýdim-ä, şonda men bir adamyň ýazgysyny gördüm. Şol ýazgy meni bir tolgundyrypdy, dogrusy, ýerimden turup, bökenimi duýman galyp¬dyryn. Ol adamyň aýatda diriligini eşidipdim. Adyna Karpyç diýilýär, Wasiliý Fýodorowiç. Aýalynyň adam Galina Fýodorowna. Akylly maşgala.
Karpyç bilen Atabaýewiň bile işländigini, onuň Atabaýewiň sekretary bolandygyny bilýäris. Onuň Atabaýewiň ýazgylaryny düzeden ýerlerem bar. Ýogsa, Atabaýew örän sowatly, bilimli ūadam bolan. Uzak, hatda birnäçe güne çekýän ýygnaklar bolupdyr. Maýakowskiý ýygnakçylary ýöne ýere tankyt etmän ekeni. Ýazylan protokollary soňra ýygnakda çykyş edenleriň özlerine görkezýän ekeniler, gerek bolsa, düzedişler edipdirler. Men şondan ikije mysal getireýin. Nedirbaý Aýtakowyň, Atabaýewiň, Hojaýewiň, Ykramowyň düzedişlerini deňeşdirip gördüm. Öz elleri bilen düzedip¬dirler, geň ýeri, olaryň çykyşynyň stenografçy tarapyndan ýazylan wariantam çatylan. Atabaýewiň düzedişini görüp, kanagatlanaýdym. Hatynyň owadanlygy, sözlemleriniň kebşirlenişi, sowatlylygy göwnümden turaýdy. Menem oba mekdebini gutarsamam, uruş döwri frontda boldum, soňra uniwersiteti rus dilinde tamamladym, ýöne Atabaýewiň rus dilini bilşi, ýazyşy ýaly başararyn diýip biljek däl. Öwrümler¬ine haýran galýan. Tekste düzediş girizmegiň tärlerini şondan öwrendim.
Soňra Karpyçyň gözlegine çykdym. Şu ýerde Karpyçyň awtograf ýazyp beren kitapçasy bolmaly, stoluň burçunda durandyr. 1954-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda men Karpyçyň öýüne barypdym. Ol ýaşynyň bir çene barandygyna garamazdan süňňi sagat, çeňklenen ýaly ykjam goja ekeni. Aýalam degişgen ekeni.
T.J. Aýalyň degişgen bolaýmasa, onça ýaşap, sagat bolup boljakmy!
K.M. Hawa-da! Aýaly: bu adam köp geplär, ähli diýenini ýazjak bolubam oturma diýdi, degişýä-dä. Karpyç maňa üç kitap berdi, biri Çärjew hakynda, 25-nji ýylda çykypdyr, özüm ýazdym, özüm çykardym diýdi. “Stroýka naçalas!” diýýär. Ol obkomyň sekretary bolup işläpdir. Soňra Atabaýew hakynda jikme-jik gürrüň berdi, geň zatlar eşitdim. Ol maňa bir zadam diýdi: ”Beh, beh, ol dokumentleri saňa beräýdilermi? O-ho, olary häzir maňa-da bererler öýdemok” diýdi. Şondan soň, Moskwa barsam, olara barman gaýdamokdym. Gawun dagy eltäýseň, begenjiniň çägi bolmazdy, tanyşlaryny çagyryp, meň mähriban Türkmenistanymdan getirilen zat, dadyň diýerdi.
Men Karpyçdan Atabaýewiň ölümi hakynda takyk fakt¬lary eşitdim. Şu zatlary ol bende gözüne ýaş aýlap aýtdy.
1937-nji ýylda Atabaýewiň elinden ähli hukugy alyndy diýdi. Men ol mahal Moskwada Paskutskiý bilen işleýärdim diýdi. Men Atabaýewiň ölüminden habarly, jikme-jik bilýän, meniň ýaly bir adamam bilýän däldir, sebäbi özümiň bilýänlerim, üstesine-de Paskutskiden eşidenlerimem az däl diýip, aglap gürrüň berdi.
1937-nji ýylda ýagdaý juda agyrlaşyp, töweregine çyzyk aýlananyna göz ýetiren Atabaýew Moskwa geldi. Adatça, ol Moskwa gelende bizi tapýardy, öýe gelerdi, Galina Fýodorownanyň çaýyny içerdi diýdi. Atabaýewiň gelmeziniň öň ýanynda Aşgabatda partiýanyň plenumy bolupdyr. 1937-nji ýylyň fewral aýynyň aýagynda ilki Moskwada plenum geçýär, mart aýynda-da şol plenumyň kararlary Aşgabatdaky plenumda işläp geçilýär. Merkezi Komitetiň 1-nji sekretary Popok (Popok Ýakow Abramowiç) bilgeşleýin etdimi, nämemi, onçasyny biljek däl, şol plenumda doklad etmek Atabaýewe tabşyrylypdyr. Atabaýew göwnemese-de, hökman edäýmeli diýýärler. Ýogsa, plenum partiýanyň plenumy ahyry, Atabaýewiň doklad etmegi hökmanam däl. Dokladdan soň Atabaýewe erbet soraglary ýagdyryp başlaýarlar. Mysal üçin, bir sowaly aýdaýyn: “Sen näme üçin Gurhany öwrenmeli diýipsiň? Näme üçin sowet adamlary Gurhany öwrenmelimişler?”.
Indi Atabaýewiň jogaby: “Gurhany öwrenmän, Gurhany tankytlap bolmaz. Gurhanyňam hemme ýerini tankytlap bolmaz, onuň gowulygy ündeýän ýerlerem bar-a. Men sözüm-den dänemok, ýöne meniň sözümi üýtgetmän aýtmak gerek, kesä çekmän aýtmaly – diýýär. – Onsoňam bizde kadr ýok diýýärsiňiz, bizde kadr kän, ýöne olary ulanmagy başarmaly. Rus dilini bilmek hökman däl-ä. Rus dilini bilmän, türkmen¬çe oýlanyp bilýän başarjaň adamlarymyz bar. Eýse, Mykgy Lorsyň akyly, başarnygy kimiňkiden pes, şolam rus dilini bilmeýänleriň biri” diýýär.
T.J. Men Mykgy agany tanaýan, oglankam onuň öýüne barardym, kakam bile gowy gatnaşykda bolan adam. Dogrudanam, rus dilini bilşi ýagdaýlydy, Mary raýispolkomynyň başlygy bolup işleýärdi, il arasynda abraýy belent ekeni. Men ellinji ýylyň faktyny aýdýan.
K.M. Atabaýew ýene: ”Aýal-gyzlar meselesinde soňky wagtda tankyt köpeldi – diýýär. – Aýal-gyzlara göwnejaý ylym-bilim bermän, eýse biz täze jemgyýet gurup bilerismi? Aýallara iş bermeli, ýöne olaryň ukybyna laýyk, başarjak işlerini bermeli” diýýär.
Atabaýewiň şu aýdan dogry sözi bilen bagly, öz göwnümde dykyn alyp duran garaýşymy aýdaýyn-la! Birki adamyň adyny agzaýjak.
T.J. Aýdyberiň, ýaşuly, biz söhbet edip otyrys-a, bu taryh ahyry!
K.M. Şu Pälwanowa ýaly aýala ylym berip, wezipe berip, ilki ylymlaryň kandidaty, soňra doktor, akademik edip, min¬istr edip, ýa-da bolmasa, Bazarowa ýalaka Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň başlygy diýen ýokary wezipäni ynanyp, biziň ýitiren zadymyz utanymyzdan on-ýigrimi esse köpdür. Nälet şonuň ýaly ýolbaşçylara! Şuny ýüregim bilen aýdýan. Atabaýewiň sözüniň üstünde kän oýlandym. Paradoks diýen bir gowy söz bar. Gel-gel, Pälwanowa Atabaýew hakynda makala ýazýar! Paradoks! Atabaýew ýalyny gömen, ölenden soň ýene gömen, gaýtalap ýene gömen pälwanowalar! Indi şol makala ýazýar! Biýem durmuşyň bir paradoksy. Atabaýew şol mahal aýdyp bilipdir, men şuňa haýran galýan. Şo-da Atabaýewe ýöňkelen bir günä: sen aýallary kemsidýärsiň, sen olary işe çekeňok, seniň edaraňda aýallar ýok diýýärler.
Atabaýew ýok edilenden soň Gurbangözel Alyýewa, Alty¬baýewa diýen ýaly aýallary ýokary işlere çekdiler. Altybaýe¬wa öýlenip, onuň segsen halysyny Moskwa paýlap doktor bolan Aga Garryýew diýen bir taryhçy bardy. Taryh kaýda, Aga Garry kaýda! Gapdala gitmäýin...
Atabaýewi şonda tankytlaýarlar, günä baryny ýükleýär¬ler. Popok egrem-egrem, erbet-erbet soraglar berýär, soňam: ”Seniň özüň azat däl, ýüregiň abat däl, bu zatlary gurup ýörenleriň biri sen!” diýýär.
Atabaýew jogap berýär: ”Sen maňa töhmet atma. Eger aýdyşmaly bolsa, meniňem saňa aýdybiljek zatlarym kän” diýýär.
Plenum gutarýar, Atabaýew ýagdaýyň çensiz agyrlygyny bilýär. NKWD Atabaýewiň diýenini edenok. Eden-etdilik bilen adamlary basyp gidip otyrlar. Biziň çykaran kitaby-myzda bardyr, Türkmenistan basylan adamlaryň ilat başyna düşýän sany boýunça SSSR-de birinjilik alypdyr. Soňra Pop¬ogy başga işe geçirýärler, Rossiýa gidýär, onuň ýerine Anna¬muhammedow diýen birini goýýarlar.
Atabaýew dalda, goldaw gözläp Moskwa gidýär. Türkmeniň kadrlaryny gyryp gidip otyrlar, heý, bir çykalga bolmazmy diýen umyt bilen Moskwa barýar, Staline ýüz tutýar, Molotowa ýüz tutýar, kabul edenoklar. Rudzutaga ýüz tutmakçy bolýar, Rudzutagyň eýýäm basylanyndan habary ýok. Rudzutak şol mahal WSSPS-iň, profsoýuzyň başlygydy. Atabaýew kabul edenok diýip Rudzutakdan göwünem edýär. Soňra Kaganowiçe ýüz tutýar, sebäbi öň bile işläpdi. Ka¬ganowiç öň Daşkent sowetiniň başlygy bolan. Edarada bolma¬ny üçin Kaganowiçiň öýüne barýar. Çaý başynda Kaganowiç ertir meniň ýanyma bar diýýär.
Ertesi barsa Kaganowiç oňa: häzir Stalin, Molotow örän işli, seniň meseläň, esasan, Ýežowa degişli mesele, sen şoň ýanyna bar diýýär. Kabinetden Ýežowa til edýär, Ýežowam gelsin diýýär.
Şol gün 1937-nji ýylyň iýul aýynyň on biri güni bolmaly. Atabaýew Ýežowyň ýanyna gidýär, şondan soňam Atabaýewi gören ýok. Basýarlar. Sorag üstüne sorag! Ezýet, zorluk, sütem! Ahyry bir gün oňa, ynha, Hojaýewiň, Ykramowyň, Sähetmyradowyň, Paskutskiniň sen hakynda ýazyp beren¬leri diýýärler, Çary Wellekowyň görkezmesi bar diýip biljek däl, şondan beýlekileriniňk-ä bar. Gurbansähedowyňkam bar. Gurbansähedow-a hökümete berilmekde halys öte-de geçipdir. Sähetmyradowam gaty gidipdir. Asyl bu adam başdan Atabaýew bilen oňuşmandyr. Sähetmyradow rusofil, öte düşen bolşewik, çensiz lewak (çepçi), türkmeni uçdantut¬ma gyrmaly diýseňem, taýýar durjak adam. Bu zatlary taryhy hakykatyň hatyrasyna aýtmaly bolýar.
Sähetmyradow Atabaýewe gün bermeýär, ezýet berýär, ahyrda Atabaýewiň tarapdarlary köp bolýar-da, 1927-nji ýylda Sähetmyradowy Merkezi Komitetiň sekretarlygyndan boşadýarlar-da, Moskwa işe iberýärler, soň Gazagystanda ülke komitetinde işleýär. Ahyrda Atabaýewe garşy goýmaga adam gerek bolanda, Sähetmyradowy ýene tapýarlar.
Indi juda tolgundyryjy pursaty aýtmaly bolýan. Nedirbaý Aýtakowy getirýärler. Aýtakowam tussaglykda otyr, türme¬den getirýärler. Merdana, arassa adam. Gaýgysyz Atabaýew Aýtakowy başdan gowy görüpdir. Olaryň biri-birine şübhe eden ýerini duýmadym. Aýtakow Atabaýewi depesine göterip gezipdir. Türkmenistan Respublikasy döredilende dik durup, Atabaýewe hemaýat berenem, ähli zerur dokumentlere gol çekenem Aýtakow. Ony SIK-iň başlyklygyna hödür edenem Atabaýew.
Nedirbaýy Atabaýew bilen ýüzleşdirýärler. Ynha, seniň ýaranyň, hiç mahal seniň garşyňa iş görmedik, geplemedik adam, indi şuň sözüni diňle diýýärler. Şonda Nedirbaý aýdýar: “Gaýgysyz, boljak zat boldy, hemme zat boldy, boýun alaly. Sen başlykdyň, men seniň ýaranyňdym, ýanyňdadym, “Türkmen azatlygy” diýen guramany guranam ikimiz, indi sypjak ýerimiz ýok” diýýär. Gaýgysyz Nedirbaýyň ýüzüne seredýär-de: “Nedirba-aý, namartlama, peselme, saňa gelişmez, bize gelişmez” diýýär. Nedirbaý paýradyp gözýaş dökýär. Şol ýerde Nedirbaý ýykylýar, ony süýräp alyp gidýär¬ler. Ony şondan soň gören ýok.
Atabaýewi kamerasyna getirýärler. Ine, şu ýerde ýene bir tolgunyp aýdylmaly, örän täsirli pursat bar. Hawa-a... Gün geçýär, aý geçýär, fewral gelýär, fewralyň haýsy günüdigini bilemok, belki, muňa çenli Aýtakowam, Hojaýewem, Rudzutagam atylandyr, indi şaýadam gerek däl. Has köp saklanan adam Atabaýew bolaýýar, otuz sekizinji ýylyň fewraly. Atabaýew ýatan kamerasynyň gapysyny kakýar, sülçini çagyryň diýýär.
Atabaýew sülçä: men gije ýatmadym, kän oýlandym, sen meniň aýtjaklarymy dogry ýaz, boýun aljak diýýär. Sülçi ony Lubýankanyň içindäki käbinetine getirýär. Atabaýew görkezme berip ugraýar, ýüklenýän galp günäleri etdim diýip görkezýär. Birdenem sülçiniň üstüne topulýar. Onuň sesini çykartmaly däl, gapyň aňyrsynda ýaragly adamlar häzir bolup durlar. Garaz, sülçiň oturgyjyny alyp, basýar bokurdagyna, demini bermän, ony öldürmegi başarýar. Şu işi edip, uludan bir demini alyp oturýar, soňra gapyny urýar, gelenlere: ”Meni äkidiň, muny men öldürdim, men ubiýtsa (adam öldürdim), ýöne dönük däl – diýýär. – Men watan dönügem däl, içalam däl, men sowet gurluşyna, onuň syýasatyna, watanyma, Türkmenistana berlen adam! – diýýär. Meniň okan dokumentler¬imde şeýle sözler bar: – Men dönük däl, meni adam öldüren hökmünde atarsyňyz!” diýýär.
Bu waka 1938-nji ýylyň fewralynyň başynda bolýar.
Şu ýerde bir takyklamaly zat bar. Ýazyjy Paporow Karpyç bilen 1988-nji ýylda duşuşýar, şol “Ýunost” žurnalynda çap edilen makalasynda Karpyçy gepledip, hamala, Atabaýew halys çydaman sülçiniň üstüne zyňanmyş, sülçem Atabaýe¬wi atanmyş. Karpyçyň maňa aýdany ýokarda beýan edişim, saňa aýdyşym ýaly. Karpyçy görendigim hakynda dokument meniň elimde. Segsen sekizinji ýyl nire, elli dördünji ýyl nire?! Taryh dokument bilen iş salyşýar, men siziň öňüňizde dokument bilen gürleýän.
T.J. Siziň wersiýaňyz boýunça Atabaýew has belent görünýär. Dönük hökmünde atylanyndan, adam öldürdi diýip atylanyny amatly görüpdir.
K.M. On gezek, ýüz gezek belent. Atabaýewi Atabaýew edýän ýerem şonda dälmi eýsem! Şahsyýetligi şonda dälmi eýsem! Meni atyň, öldüriň, ýöne men dönük däldirin diýýär!
T.J. Napoleon Waterloo söweşinde okdan öldi diýdirjek bolup, okuň ýagyp duran ýerine özüni zyňýaram welin, hiç ok degenok. Hakyky serkerdä laýyk ölüm isleýär. Atabaýewiň ölşüni, ynha, sizden eşidip otyryn welin, Napoleonyň bolşy ýadyma düşäýdi. Atabaýewiň töhmetem bolsa, dönük diýen günä bilen ölesi gelenok, öz mertebesine laýyk ölüm gözleýär.
K.M. Napoleon diýeniň ýadymda, menem okapdym. Ol hakda akademik Tarleniň Taleýran hakyndaky kitabynda-da ýazylýar.
T.J. Manfredde-de bar.
K.M. Atabaýew ýaly bolup ölmeli, onuň ýaly ölümden soň adamda arman galmaly däl.
T.J. Ony soň öldürip bolmaýar.
K.M. Ony taryham, taryhçam öldürip bilmeýär. Kimi öldürseňem, Atabaýewi gaýtadan öldürip bolmaz. Çişirmegiň tarapdary däl men, ýöne türkmen ýaşasa, Atabaýewiň ady öçmez, Atabaýew ölmez diýjek. Ony öldürjek bolup azara ga¬lyp ýörmegiň geregem ýok.
T.J. Beýik adamlar özleri üçin ölýärler diýilýär.
K.M. Men şu taýda bir rowaýat aýdaýyn-la, belki, siziň eşiden bolmagyňyzam ähtimal. Bir belendiň biri özündenem belent dosty bilen ele düşýär. Belent adam belent dostuny ha¬las etmek üçin elinden gelenini edýär welin, netije bermeýär. Onuň iki sany ogly bar ekeni, öz ýaşy-da bir çene barypdyr. Meni atyň, ýöne dostumy goýberiň, sebäp men onuň derejes¬ine ýeten adam däl diýýär. Ýok, biz seni asjagam däl, atjagam däl, biz seniň iki ogluňy atjak, şondan soň dostuňy goýber¬eris diýýärler... Belent adam razy bolýar, atyň diýýär. Geň galýarlar. Näme beýle diýýärsiň, belki, ýaşap ýörseler seniň ogullaryňam belent adam bolup ýetişerler diýýärler. Şonda belent adam olara jogap beripdir: men ogullarymyň nähili adam bolup ýetişjeklerini entek bilemok, emma dostumyň ägirtligini bilýän. Iň esasam ol ile gerek, halka gerek diýýär.
Gowy rowaýat!
6. Häkimler hem şahsyýet
T.J. Hakykatdanam, Atabaýew beýik şahs! Taryhda adyny galdyran, taryhdan öçmejek şahsyýet. Siz: ”Taryha girip bolýar, taryhdan çykyp bolanok” diýdiňiz. Atabaýew hakyn¬da soňky ýyllaryň dowamynda birgiden adam ýazmaga synanyşdy. Berdi Kerbabaýewiň romany hakynda-da gürrüň gozgadyk. Häzirem biziň taryhy şahslarymyz hakynda şahsyýet derejesine göterilmekden iňňän daş duran adamlar ýazjak bolup ýörler, ýazýarlaram.
Size bir ýagdaý mälimdir. Ynha, Magtymguly, Mollanepes ýaly beýik şahyrlar hakynda, şolaryň döredijiligine çuňňur düşünmän, olaryň matlabyna, mertebesine göz ýetirmän, olaryň duran ýerinde büs-bütin durup bilmejek adamlar kys¬sa ýazyp, drama eserini döredip, kinofilm surata düşürip, diňe özleriniň döredijilik biografiýalaryna fakt goşan bolmasalar, hakyky sungat, edebiýat eserini döredip bilmediler. Şol belent şahslary olaryň mertebesine laýyk belentlige galdyrmagy başarmadylar. Öňi bilen munuň degerli sebäbi diýip bellemeli zat, synanyşyk eden adamlaryň özleri şahsyýet derejesinden daşdaky adamlar. Özüň pes bolup, sen nädip belentlikdäkini görjek?!
Biz häzir Atabaýew hakynda söhbet edip otyrys. Atabaýewiň taryhy ornuny kesgitlemäge synanyşýan taryhça nähili häsiýetler mahsus bolmaly diýen sowala siziň ünsüňizi çekmekçi bolýaryn.
K.M. Elbetde, bu sowala kyn sowal diýip oturybersem, juda ýöntemlik bolar. Taryhy taryh edýän, wakany waka edýän şahsyýet! Waka bolubersin, näçe belent bolsa boluber¬sin, ýöne şol belent wakanyň başynda belent şahsyýet bol¬madyk ýerde ýaňky belent waka-da ýitip gidýär. Şahsyýet diýeniň wakanyň sütüni, özeni, düýbi. Asla taryhyň özi bir subýekt, ol adam barada gürleýär. Adam bolan ýerde-de adamyň deň boljak umydy ýok. Dürli şertlerde-de onuň deň däldigi belli bolup gidip otyr. Diýmek, belent waka-da belent şahsyýet gerek! Şahsyýet bolan ýerde waka waka bolýar, tary-ham taryh bolýar. Şonuň üçinem belent adam hakynda ýaz¬mak üçin öňürti özüňi barlamaly ahyry! Kim sen? Sen kim? Şahsyýetiň golaýyna barmaga hukuk gazandyňmy sen? Tebi¬gat, Allatagalla ozalynda beripmi saňa şony? Şuňa ýapyşsam, nähili bolarka diýmeli dälmi? Käbir şahsyýet barada biri ýazýar, ýene biri ýazýar, şolary gazetlerde okap, lapyň keç bolýar. Toba tagsyr, bu belent adama ýapyşýanlar kimler diýýärsiň! Meniň mysallarym bar, ýöne gürrüň belent adam hakynda barýarka, men olary ara sokmaýyn.
T.J.Aýdyň, aýdyň, deňeşdirme hemişe peýdaly.
K.M. Bir mysal. Soňky ýyllarda Gylyçdurdy Sähetmyra¬dow diýen ýaş adam orta çykdy. Dogrudanam, öz derejes¬inde şahsyýet. Akylly adam, paýhasly adam köp meselä üns beren adam. Ol meniň bilen ýakyn boldy. Ol oba ho¬jalyk ministridi. Şol wagt respublikalaryň arasynda moda öwrülen bir iş bardy, pagtaçylaryň özara barlagy diýerdiler. Sähetmyradowam her ýyl diýen ýaly delegasiýa ýolbaşçy edip, Özbegistana ibererdiler. Onuň aglaba saýlap alýan marşruty Horezm oblasty hemem Garagalpagystandy. Baranda hökman meni tapardy, öýümde bir käse çaý içip gaýdardy. Bir gezek baranda: “Ýaşuly, men siziň bilen tirkeşip gezmedim, ýöne birhili-birhili gürrüňler eşidýärdim” diýdi.
Men şu adamyň belentligini bildim. Meniň Garagalpagy¬standan öz ýurduma dolanmagyma sebäp bolanlaryň birem Gylyçdurdy Sähetmyradowdyr. Ol Agajan Babaýewe: “Sen-ä Ylymlar Akademiýasynyň prezidenti bolup otyrsyň, menem partiýanyň Merkezi Komitetiniň sekretarlygyna göterdiler, Kakajan aga-da ilinden awara bolup gezip ýörse, ikimize us¬lyp däldir, alyp gaýdaly, basym Akademiýa saýlaw boljak, habarçy çlen edeli, akademik edeli” diýipdir. Onýança-da ol ölüp ýetişdi, Agajan Babaýewi wezipeden aýyrdylar. Yzy hakynda geregi ýok, gürrüň ol hakda däl. Gylyçdurdynyň Garagalpagystana baranda öýüme baryp, oturyp-turşup, ýaşuly, men sizi görmek üçin şu ýere gelýän diýmegi meni gaty tolgundyrypdy.
Şol görnükli adam hakynda soň makala ýazyp başladylar. Men içimi çekip otyryn, gel-gel, Gylyçdurdy şularyň eline düşmelimi, şol adam hakynda şular ýazmalymy diýýän. Ine, men bir mysal diýip şuny aýtjak boldum. Öz temamyza dolanaly.
T.J. Şu ýerde menem bir zat aýdaýyn. Gylyçdurdy hakyn¬da gürrüň gozgadyňyz. Menem Gylyç bilen belli bir dere¬jede gatnaşan adam. Söhbetdeş bolýardym. Ol biziň eserl-erimizem okaýardy, kinolarymyzam, spektakllarymyzam görýärdi, premýeralaryň ýekesini-de sypdyranokdy, opera-balet teatryna çenli ýetişýärdi. Pikirlenişem gowudy, emma sistemada terbiýelenen adamdy, sistemanyň ölçeginden çykmaga döwtalap däldi, ýogsa dünýägaraýşy çäk goýlan serhetden aňyrdaky zatlary görmäge ukyplydy. Özi babatda bolsun, beýlekiler babatda bolsun, edilýän adalatsyzlyklara gaty gowy düşünýärdi, ýöne sistemanyň içinde orun alyp oturany üçin olara garşy bir söz aýdybilmän, ähli zady içine salyp, elli ýaşda agyr derde uçrap, aramyzdan gitdi. Ýogsa, kakasy, ejesi togsana ýetip dünýäden ötdüler, berk tohumdan bolmaly. Şahsyýet hakynda gürrüň edýäris, sistema şol derejä göteriläýmeli adamlaryň depesinden basýardy, ýa-da Ata¬baýew ýaly beýikleri ýok edipdi. Taryh ylmynda-da birnäçe hakykaty aýdyp biläýjek hakykata göz ýetirip bilýän adam¬lar dişlerini gysyp, etmeli işi etmän gitdiler. Sistemanyň ter¬biýesi, onuň kalba salan aýylganç gorkusy hatda şol adamlary gizlin töwekgellige ýüz urmakdanam saklaýardy. Şu taryhy hakykaty iň bolmanda özüm üçin bir ýazaýyn diýägeden, göwnündäkini kagyza geçirip, stolunda ýygşyryp goýan bol¬salar-da boljakdy, şonam edip bilmändirler.
K.M. Sen şu meseläni aňyp galdyrdyňmy, ýa-da düşünmän galdyrdyňmy, aýdyp biljek däl, ýöne gozgan meseläň örän wajyp mesele. Menem aýdaýyn, diňle meni. Bu ägirt mesel-ä! Belent şahsyýet boljak bolsaň, sistemadan belende galmagy başarmaly. Galyp bilmedik ýeriňde, sen ýarpy ýolda ölýärsiň, ýene gaýtalaýyn, ýarpy ýolda ölýärsiň! Ýarym hakykatyň içinde ölýärsiň. Bu ugurda mende mysal kän.
T.J. Ýaňy ýarym hakykat bilen baglylykda Kerbabaýewiň romany hakynda-da aýtdyk.
K.M. Ýene birini mysal alaly, ulusyny. Ýöne Kaka¬jan aga belent adama ýapyşaýdy-la, munam kemsidäý¬di-le diýdirmegin maňa. Şaja Batyrowam sistemanyň beren ezýetlerine, kemsitmelerine çydaman ölenleriň biridir. Baty¬row sistema berlen adamdy, durky bilen berlen adamdy, ber¬ilmäge zady bar adamdy. Ýöne bir zady başarmady, ähli zady içine saldy, özüni horlady. Birki sapar infarkt bolup ýykyldy. Men bir zadyň şaýady. Batyrow ölen güni Balyş Öwezow onuň göwnüne degipdir. Batyrow bilen Öwezowyň arasynda bolan wakalaram gürrüň ber diýseň, soň gürrüň bererin, bu özbaşyna bir mesele. Olary uruşdyrdylar. Şol gün partiýanyň plenumynda Şajanyň üstünden düşýär, soň söz berlende, Batyrow tribunada durka ýykylýar.
Eger seniň şahsyýet bolmaga hyýalyň bar bolsa, tebigatam azda-kände bir zat beren bolsa, ýagşylara, danalara, taryhy tejribä salgylanmaly, şolara meňzejek bolmaly, şolardan sapak almaly. 1918-nji ýylda Lenin Krupskaýa bilen Gorkiden Mosk¬wa gelýärkä, daňdanlar olaryň maşynyny banditler saklaýar. Banditlere gerek zat pul. Lenin çykaryp, ýanyndaky barja puly berýär, maşynam berýär, pyýada gaýdýarlar. Krupskaýa Leninden näme beýtdiň diýip soraýar. Lenin: Men pylankes ahyry, eger men häzir garşylyk görkezen bolup, banditiň elinden ölüp gitsem, nähili bolar? Men ölmeli däl, ýitmeli däl, meniň maksadym bar, etmeli işlerim bar, şolaryň hatyrasyna men özümi saklamaly diýýär.
Men bu taýda Leniniň nähili maksadynyň bolandygyny aýtjak bolamok, onuň beren jogabynyň şahsyýetlere häsiýet¬li jogapdygyny aýtjak bolýan. Esasy maksadyň hatyrasyna ol kompromise, ylalaşyga gitmegi, zerur bolsa, kemsitmä çy¬damagy-da kiçilik bilenok. Jemläp aýtsak, belent adam bol¬maga dalaş edýän bolsaň, sen ýagdaýa görä hereket edip, öňde duran has uly wezipeleriň hatyrasyna özüňi saklamagy başarmaly. Namys eden kişi bolup, sähel ýerde ýüregiňi tutup oturmajak bolmaly. Sen näçe çalt ýykylsaň, duşmanyň şonça-da göhi gelýär.
7. Taryhy kim ýazmaly?
T.J. Indi men esasy söhbedimize dolanjak. ”Taryhy nähi¬li ýazmaly? Kim ýazyp biler?” diýen sowaldan başladyk. Sistemanyň emri bilen dogruçyl taryhyň ýazylmajagyna, hökümetiň, partiýanyň döreden topary arkaly-da ýazyp bol¬maýandygyny sowet taryhy öwreniş ylmynyň tejribesi aýdyň görkezdi. Siz bu ýagdaýlara belet adam. Ýa-da patyşalaryň, hanlaryň gapdalynda ýörite taryhçylary bolýan ekeni. Mysal üçin, Nedir şanyň gapdalynda bolan Muhammet Kazymy, Muhammet Astrabatly. Olaryň hersi üç-dört tomdan ybarat taryh ýazýar. Olar hakykaty ýazmakdan daşdaky adamlar, olara hakykaty ýazmaly diýenem ýok. Olar Nediriň islegine görä iş edýärler. Başga-da bir sapak alarlyk mysal. Häzir Rossiýada rewolýusiýadan öňki taryhçylaryň: Solowýowyň, Karamziniň, Klýuçewskiniň we beýleki bolşewikler tarapyn¬dan kitaplaryna atanak çekilen alymlaryň işlerine dolanylýar. Olar bitarap, gaýduwsyz, garaşsyz bolmaga çalşan adamlar, taryhyň hakykylygyndan mertebe gözlän adamlar. Gynan¬sagam, bizde öň türkmeniň anyk taryhyny ýazan taryhçy¬larymyz ýok. Soňam sowet sistemasynda bolduk. Taryhy Merkezi Komitetiň ideologiýa direktiwalary esasynda ýaz¬dyk. Indi türkmen taryh ylmynyň şu güni, geljegi hakynda sizem oýlanyp ýören adam. Taryhy ýazmagyň perspektiwasy hakynda nähili pikir edýärsiňiz? Şu gün hakyky taryh ýa-zylarmy? Ýa bu iş ýene ertä goýlarmy? Bu işi nähili adamlar bitirerkäler?
K.M. Sen maňa juda bir agyr sowal berdiň. Sowet döwründe taryhdan ylym alyp, özüni taryhçy diýip taýýar¬lan, taryhdan ýazyp, kitaplar çykardyp giden adam kän. Eger taryhçy däl diýägeden olaryň hemmesiniň üstüne atanak çekip oturybersek, bu bir aýylganç zat bolmazmy?
T.J. Men hakyky, dogruçyl taryhyň nukdaýnazaryndan, şonuň öňündäki borç bilen bagly gep gozgaýaryn. Elbetde, tutuş atanak çekmeli diýýän ýok. Şol adamlaryň ýygnan faktlarynyň özem bir gymmatlyk.
K.M. Men biraz gapdala sowlup aýdaýyn. Çeper edebiýat bar-a, sowet döwründe türkmen sowet edebiýaty diýlen zat bar-a, şonuň özem çeşme, gymmatly taryhy çeşme. Sebäbi, näme üçin ol adam şu wakany şeýle ýazman, beýle ýazypdyr diýmegiň özem çeşme. Ýöne ol ýazmaly zady ýazmady, bir-ä akyly ýetmäni, ukyby ýetmäni üçin ýazmady. Beýlekisiniň ukyby ýetse-de, gaýraty çatmany üçin ýazmady. Depede güýçli kötek dur.
Biz Hydyr Derýaýew barada köp pikir alyşdyk. Eger Hy¬dyr aga özüniň ýigrimi ýyllap bendilikde saklanan ýeriniň wakalary hakynda ýazan bolsa, iň bolmanda, seniň maňa aýdyp beren wakaň bar, bir çatmadan beýleki çatmalyga barýarka, öldürilen tussaglaryň doňan maslyklaryny garda dikeldip gidişlerini görüpdir diýdiň, şol hakynda ýazan bol-sa-da ägirt bolardy dälmi?
T.J. Hawa, menem şony Hydyr aga ýalbaryp aýtdym, şolary ýaz, gözüň bilen görüp, egniň bilen çekmeli bolupsyň, şolary ýaz, ömürlik galjak zatlar diýsem: ýok, ýok, olar hakyn¬da ýazyp bolmaz diýdi.
K.M. Aýdyp gowy edipsiň. Dile geldi, menem bir zat aýdaýyn. Bir gün irden Gurbandurdy Gurbansähedow maňa jaň edýär, çalt gel, bile nahar iýeli diýdi. Ýekesiräp etdimi, ýa gowy görüp etdimi, bilemok. Menem bu adamy gowy gördüm, syladym. Barsam, Warlam Şalamowyň “Kolymskiýe rasskazy” diýen kitabyny görkezip, “Şu kitaby okap, men tas däliräpdim, Hydyr Derýaýew iň bolmanda şu hekaýalaryň birini bir ýazan bolsa bolmaýarmy!” diýdi.
Menem ony köşeşdirjek bolup, Hydyr aga näçe tomdan ybarat belent roman ýazdy, şoň bilen at aldy, göterilip gitdi diýdim welin, “Göterilmänler geçse bolmaýarmy diýdi, şoň ýazan romanyny kim ýazanda bolmaýar?! Sibirde çeken hup¬batyny ýazmalydy, başga bizde ony ýazyp biljek ýok!” diýdi.
Ony ýazmak üçin başgarak adam bolmaly, Hydyr aga pakyr süňküniň ýiligi sorulan adam ahyry diýdim. Diýip durkamam, içimden, ýüzüne diýmäge utandym, syladym ol ýaşulyny, seň ýazan zatlaryň näme diýjek boldum-da, soňam, äý, bolýa-la diýdim. Onuň özem ellinji ýyllarda gorkuzylyp, gaýdyp abat zat ýazyp bilmedik adam-a! Gürlände bir gowy gürlärdi. Gurbandurdy bilen bir gepimiz alşardy, Garagalpagystandan gelemde, meni özi tapyp aldy. Kaka¬jan, seni göresim geldi diýýär. Dünýägaraýşy giň, informa-siýasy diýseň kän, özem gül ýaly adam. Men ony ýürekden hormatladym, syladym. Ýöne ýazýan zatlarynda çyzykdan çykyp bilmedi. Şeýledigini onuň özem menden gowy bilýärdi diýsem, ýalňyşaryn öýdemok.
T.J. Düýn siziň özüňiz Berdi Kerbabaýew bilen bagly gowy fakt aýtdyňyz-a: Atabaýew hakynda gür beremde, dur, muny özüň ýaz, Kakajan, diýdi diýdiňiz-ä.
K.M. Berdi Kerbabaýewi öňem gowy görýärdim, ýöne şol sözünden soň hasam syladym-da.
T.J. Siziň aýdanlaryňyzy ýazyp bilmejegini boýun alyp¬dyr. Indi taryha geçeliň. Siz, Kakajan aga, şu gün taryhçy hök¬
münde bile işleşip ýören adamlaryňyza gaty belet. Eýse, şol adamlar dogruçyl taryhy ýazarlarmy? Bizde taryhy öwreniş ylmynyň gelejegi nähili?
K.M. Sen gowy sowal berdiň. Biz ýene Atabaýewe dolan¬maly bolduk. Atabaýew Türkmenistan Respublikasyny döredip, hökümetiň başyna gelip, türkmeniň taryhyny öwrenmegi ýörite maksat edindi. Seniň ýokarda sanan ta¬ryhçylaryň Rossiýanyň taryhyny ýazdylar. Şolaryň käbiri, meselem, Karamzin rus patyşalarynyň mertebesini beýgeld¬ip ýazmaga synanyşanam bolsa, taryhy hakykaty gözden salmandy. Karamziniň kesgitli aýdan sözi bar: halkyň tary¬hyny ýazmak üçin halk bilen bile aglamagy başarmaly. Aglan ýerinde aglap bilseň, gülen ýerinde gülüp bilseň, şonda eliňe galam al, ýogsa, taryhyň gyrasyndan barmaga het etme diýýär. Şu jähtden garanyňda, hany biziň taryhymyzy ýazan adam? Iň beýik şahsyýetimiz Magtymguly, ol hem biziň ta¬ryhymyzy ýazmandyr ahyry! Magtymguly bize akyl-paýhas öwredipdir, oturyp-turmany öwredipdir. Ol şahyr. Ol eserler¬iniň üçinde ady äleme dolan belli taryhy şahslaryň ýekesiniň adyny tutmandyr. Çowdur han, Fetdah, Döwletaly diýen ýaly adamlaryň adyny tutýar, ýöne şolaryňam kimdikleri barada anyk fakt aýdanok. Men Magtymgula bir zat diýjek bolamok, Magtymguly belendiň belendi, ol beýik şahyr, ol şygryýet dünýäsi bilen iş salyşýar.
Ýaňy sen Nedir şa bilen bagly bir mysal aldyň. Nedir şany türkmen diýip alsak, türkmendigini tassyk etsek, ýöne şanyň gapdalyndakylaryň ýazany barybir türkmeniň taryhy däl ahyry.
Şu ýerde bir mysal getireýin. Süleýmanyň, ýagny Solomonyň ýanynda bir taryhçysy bolupdyr, nirä gitse-de, ony ýanyndan aýyrmandyr. Günleriň bir güni taryhçydan ýazdyňmy diýip sorapdyr. Olam, ýazdym, ynha, şunça tom boldy diýipdir. Süleýman okapdyr-da: sen meniň taryhymy ýazmansyň, sen meni ýazypsyň, hany bu ýerde halk? diýipdir. Ýöne beýle diýmek üçin Süleýman ýaly dana bolmaly-da! Nedir şanyň ýanyndakylaram şonuň ýaly taryhçylar, diňe Nediri öwüpdirler, diňe Nediri mahabatlandyrypdyrlar, türkmenlere bolsa, gargapdyrlar. Onsoň ol türkmeniň taryhy bolup bilmez-ä.
Muny uzaklaşdyryp oturman, netijä geleli. Biziň taryhçylarymyz bolmandyr, şu hakykaty Gaýgysyz Atabaýew gowy bilipdir. Soňra nädipdir diýsene, muny tolgunman aýtmak mümkin däl. Opsýetden belent taryhçylary gözläp tapýar, Bartold, Ýakubowskiý, Zahoder, Popow, soňragyn¬dan Tolstow, soňundan Masson Mihail Ýewgenýewiç, Wadim Masson däl, Wadim Masson taryhçy däldir, gatam gidýän bo-laýmaýyn, onuň Altyndepesi gowy, ýöne türkmene dahylly edip ýazan ýeri ýok. Hawa, Wadim hakynda meniň aýratyn pikirim bar. Ol Roslýakowa meňzeş taryhçy. Uly Masson, Mihail Ýewgenýewiç Masson, maňa Hudaýyň bereni, men ilki bilen şonuň elinde işledim. Şulary tapan Gaýgysyz Atabaýew. Bularam ýokarda ady tutulan görnükli rus taryhçylarynyň ruhunda terbiýelenen alymlar. Bular bozulmadyk, bular syýa¬satdan daşda, bulara bolşewizmiň täsiri ýok. Atabaýew türk¬meniň taryhyny şu adamlara ýazdyrýar. Şeýdibem iki tom¬luk çykarylýar. Uruş başlamazynyň öň ýanynda çykandyr, daşy gök, iki sany galyň tom, adyna MITT diýilýändir. Türk¬mençeläp aýtsak: Türkmenleriň we Türkmenistanyň taryhy boýunça materiallar. Gül ýaly materiallar, biri beýlekisinden gowy. Hatda Borozdin atly Çelekene sürgün edilen alymy ta¬pyp alýar. Ol 1954-nji ýylda türkmenler hakynda gowy maka¬la ýazypdy. 1946-47-nji ýyllar Ilýa Nikolaýewiç Borozdiniň elinde okamak maňa miýesser edipdi. Ine, şunça adamy gö¬zläp tapypdyr, türkmenler hakynda dürli dillerde çykan ma¬teriallary ýygnadypdyr. Netijesem ýokarda ady tutulan iki tomluk kitap. Şol kitap şu günem esasy çeşme bolup galýar. Bir ýygnakda men Ata Jykyýewe sorag berdim: men gödegrägem bolsa, saňa bir sorag bereýin: “Akademik Bartoldyň türkmeniň döreýşi hakyndaky işinden soň türkmen taryhy¬na näme goşduňyz?” diýdim welin, äý, bu kyn sowal diýdi. Kyn bolsa, jogap bermeseňem bolar, men hälki bir soraýdym diýdim. Ata Jykyýew: ”Goşan zadymyz ýok, material toplasak topladyk, ýöne täze bir zat aýtmagy-ha başarmadyk” diýdi.
Muňa Ata günäkärem däl, sistema, ideologiýa esasy günäkär. Bartold sistemadan öň ýazdy, ol sistema boýun boljak alym däl, emma Jykyýew boýun. Seniň beren sowalyň bir ýany şoňa baryp ýetýär. Şu ýerde men biraz öňräge gidip, bir zat aýdaýyn-la. Hol-ha, siziň gözüňiziň alnynda biziň çykaran kitabymyz dur. Şonda ellinji ýyllaryň başynda Türkmeni¬standa bolup geçen wakalar hakynda ýazmaly boldy. Hemme kişi ýazyp başlady, öňýeten Garryýew, Kösäýew hakynda ýazdy, ýazmak moda öwrüldi. Emma ýazanlaryň biri-de bir zat hakynda ýazmady, biz şony ýazmagy makul bildik. “Gor¬kut ata” meselesinde Mäti Kösäýew akademik Bartolddan bir ädimem öňe ätmedi. Mäti Kösäýew günäkärmi? Ýok, sis¬tema günäkär, jellat sistema bardy. Belki, Mäti Köse Bartold¬dan öwrenendir, has aňyrlaryna çenlem okandyr, köp zady aýdasam gelendir. Aýdyp bilmändir, aýtmak gadagandy. Ýol ýapykdy. Şuny biz şol kitapda ýazdyk. Häzir “Gorkut ata” diýip, galyň kitap çykdy, oňa türk alymy sözbaşy ýazypdyr. Men mundan gowy aýdyp biljek däl diýip, şol alym biziň kita¬bymyzdan şol ýerini göçürip alypdyr. Men syýasatyň edýän oýunlaryna serediň diýjek bolup aýdýan bu sözleri. Seniň ýaňky sowalyň çuň sowal.
Men bir ýygnakda gödegrägem diýdim, käbir adam halamady. Taryhçy arhiw bilen iş salyşýar. Taryh institutynyň iki tarapynda-da arhiwiň jaýy bar diýdim, gaýramyzda, Mag¬tymguly şaýolunyň ugrunda uly arhiw, ilerimizde, Azady köçesinde – kiçi, ýa-da partarhiw. Birdenkä şolaryň ikisi-de ot alyp ýanaýsa-d,a gynanmasa bolar diýdim. ”Ol näme diýdigiň boldy?” diýip, Pälwanowa topuldy, şol wagt Roslýa¬kowam bardy. “Çto za postanowka woprosa?!” diýip gygyrdy.
Maňa dogry düşünjek boluň diýdim, göni manysynda düşünmäň. Elbetde, çeşme çeşmeligine galýar, ýöne ol arhi¬wlerde türkmeniň taryhy ýok, türkmeniň özi ýok diýdim. Ol ýerde türkmeniň garşysyna alnyp barlan syýasatyň ma¬teriallary ýatyr, sistemanyň materiallary ýatyr, bir tarap¬dan alsak, olaryň bize asla geregi ýok diýdim. Onda taryhy nädip ýazmaly diýdiler. Başga ýerlerden çeşme gözlemeli diýdim. Taryhçy taryhçy bolmaly, onuň öz garaýşy bolmaly, çeşmeleriň çür depesine çykmagy başarmaly, çeşmäni geplet¬megi başarmaly, ýöne çeşmä ýapyşyp ýatsa, ony üýtgewsiz hakykatdyr öýtse, ol taryhdan üzňe gider diýdim. Mysal ala¬nym ýadyma düşýär. Biziň taryhçylarymyz sowet-partiýa sis¬temasynda taýýarlanan taryhçylar, elleriniň işleýşem şonuň bilen bagly, akyl-paýhaslarynyň ýetişem şoň ýaly, pikir ediş usullaram öwredilişi boýunça. Şol bir boluş! Gaýtalanyp dur! Meselem, 1924-nji ýylda Türkmenistan Respublikasy döredildi. Şol hakda Ýazguly Hudaýberdiýew kandidatlyk dissertasiýasynam, doktorlygam ýazdy. Merkezi Komitetiň ideologiýa sekretarydy. Doktorlygyny goramanka öldi. Ol pakyr iki kitap ýazypdy, ikisem mende bar, hol-ha, tekjede dur. Ýene Kiselýew diýip biri ýazdy, iki tom! Ata Rejebowyň doktorlyk dissertasiýasam şol temadan. Şularyň üçüsiniň ýazan işlerinde, üstlerine dostum Muhammet Moşowam goşaýyn, dört adamyň ýazan işinde bir täzeligem ýok, iň bärk¬isi, Atabaýewiň örän jaýdar aýdan sözi bar, şony bir getiren bolsadylar, şonam etmediler. Atabaýew: ”Türkmenistanyň şondaky ýaly böleklenen ýeri ýokdur, hiç mahal bolan däldir. Ozal birek-birek bilen gatnaşyp ýören türkmen Oktýabr re¬wolýusiýasy netijesinde gönüden-göni üç bölege bölündi – diýýär. – Bir bölegi Rossiýanyň – bolşewikleriň golastynda, bir bölegi Eýranda, ýene bir bölegi Öwganystanda. Biri beýle-kisine baryp bilenok, görüp bilenok, serhetler ýapyk!” diýýär.
Şuny Atabaýew diýýär! Hemmeden öňürti diýdi, hiç ýerde ýazylanok, ýaňky ylmy monografiýalaryň birindenem tapmarsyňyz. Muny özümem çap edip ýetişemok.
Meniň nygtajak bolýan zadym: sistema ölüdi, üýtgeşik pikir aýtjak gumanyň ýokdy, birek-biregi gaýtalap ýörme¬lidi. Öňürti kandidat, soňra doktorlyk adyny almalydy. Eger oňurgaň maýyşgak bolsa, eplenmäge ökde bolsaň, bigaýrat bolsaň, akademik bolmalydy. Depäňde Roslýakow ýaly zalymlar durdy, sistemanyň çenelen ýumrugy durdy. Şol sistemanyň emri bilen uly-uly kitaplar çykaryldy, emma olary okap bolagadan: hany meniň taryhym diýseň, taryh ýokdy. Hatda Türkmenistan Respublikasynyň döreýşiniň çyn taryham ýokdy!
T.J. Ýaşuly, indi jemläp aýtsak, sistemanyň zorlugy aýrylmasa, özlerini garaşsyz duýýan şahslar döremese, entekler biziň taryhymyz dogruçyl ýazylmaz.
K.M. Arman, şol şeýle, real ýagdaý şeýle. Sütem nähili çök¬der bolsa-da, ýokardan basyş nähili güýçli bolsa bolubersin, taryhy şahsyýetler barada hakykaty ýazjak bolýan şahsyýet derejesindäki taryhçy, edebiýatçy dürli şertde-de döredip bilýär. Sen hemişe gowy bir mysal getirýärsiň: ýandak asfalty ýaryp çykýar!
8. Jüneýit han. Atabaýew. Başgalar
T.J. Türkmen taryhy, aýratynam sowet döwrüniň taryhy aýry-aýry döwürlere bölünen. Türkmen halkynyň ykbal çözgüdine degişli wakalaryň oýnan rolunda häsiýetli alamatlara üns bereliň. Meselem, Oktýabr rewolýusiýasynyň bolan mahaly ol bada-bat türkmen halkyna täsir edipdi diýip bolmaz. Ol sarsgyn has ýokarlary, rus häkimliginiň dolandyryş edaralaryny sarsdyrypdy. Emma kollektiwleşdirme wagtynda, türkmenler kolhozlara zorluk bilen salnyp başlananda, adamlaryň ykdysady taýdan bokurdaklaryna ýapyşylanda, türkmen aýaga galdy, eline gylyç alyp galdy, özüniň böleklenýändigini, parçalanýandygyny gördi. Barly toparyň wekilleri emläklerini gidermezlik üçin ýarag alyp ata çykdy, namys urşuna çykdy. Eger şu döwre türkmenleriň graždanlyk urşy diýilse, has dogry bolar.
Men “Janserek” romanymda şu ýagdaýdan ugur almakçy bolupdym, siziň şoňa dogry düşüneniňizi bilýän. Taryhçy¬lar bu synpy çaknyşygy basmaçylyga garşy göreş hökmünde görkezmäge çalşan bolsalar-da, türkmenleriň arasynda ilki ýer-suw reformasynyň, soňra kolhoz gurluşygynyň uruş ýagdaýyna, onda-da, graždanlyk urşunyň ýüz bermegine getirendigine mende berk ynanç bar. Siz şol döwri tary¬hçy hökmünde gowy bilýärsiňiz. Aýratynam Jüneýit hanyň hereketini seljermekden ötri, ýerlikli pikirleriňizi eşidipdim. Jüneýit hana hem-de beýleki şahslara Atabaýewiň gatnaşygy, onuň basmaçylyk babatda alyp baran syýasaty baradaky garaýyşlaryňyz biziň üçin gymmatly. Bir söhbetdeşlikde siz: meniň üçin basmaçylyk hereketi türkmeniň milli azat edijilik hereketini aňladýar diýipdiňiz. Şu aýdanyňyzy has aýdyňlaşdyryp berseňiz, gowy boljak.
K.M. Basmaçylyk temasy bir söhbediň çäginden giň tema. Düýbünden işlenilmedik, gynansagam, şu günem işlenmeýän, bu ýakynda işlenmejek tema. Ony kim işlejek? Ýazyp biljek adam asla barmy? Meniň döwürdeşlerimden-ä ýazjak adam ýok, gaýraty çatyp, ýapyşyp biljegem ýok. Çensiz agyr tema bolup galýar. Men basmaçylyga milli azat ediş göreşi diýýän. Şu barada ýazmakçy hem boldum, çykyşam etdim. “Türkmenistanyň taryhyna materiallar” diýen kitabymyzda bir zatlar aýtjagam boldum, biraz öňürtiräk aýtdymam diýýän. Maňa garşy bolanlaram kän boldy, boljagynam bilýärdim, geň zat ýok. Sebäbi, şol barada üýtgeşik pikir aýtmaga bu nesliň özi taýýar däl, bilenok. Men diýip öňe çykyp ýören intelligensiýa wekilleriniň, ýazyjylaryň, hudožnikleriň, teatr işgärleriniň, alymlaryň we şuňa meňzeşleriň özleri taýýar däl.
T.J. Ideologiýa bilen kesellänler.
K.M. Hawa, ideologiýa bilen kesellän! Ideologiýa bolsa, basmaçylygy aýylganç görnüşde görkezen. Türkmenler ХIХ asyryň 60-80-nji ýyllarynda Rossiýa doly tabyn edilipdi. Ozal Garaguma arkasyny dirän türkmen horluk çekenem bolsa, özüni erkana duýupdy. Erkinligini ýitirenden soň esli mahal göreşe galyp bilmändi. Diňe ýigriminji asyryň on altynjy ýy¬lynda başyny galdyrypdy. On altynjy ýylyň halk gozgalaňy diýip köp aýdylýardy, ol hakda romanlarda-da ýazyldy, ýöne onuň hakyky keşbini görkezip bilmediler. B.Kerbabaýewiň “Aýgytly ädim”, Derýaýewiň “Ykbaly”... ýöne ideologiýa urdy gitdi. Beki Seýtäkowyň “Doganlar” roman-a oýunjaga meňzeş zat.
T.J. Eger ýalňyşmaýan bolsam, on altynjy ýylyň wakasyny sowet gündogarynda diňe gazak ýazyjysy Muhtar Auezow “Lihaýa godina” diýen powestinde hakyky tragediýa öwüşgini bilen görkezmegi başarypdy diýse bolar.
K.M. Hawa, menem ol powesti okapdym, mende şol bol¬malam. Biziňkiler ýüzleý ýazdylar, şeýdip galdy gidiberdi. Soňra ýigriminji ýyllarda basmaçylyk hereketi Orta Aziýa giň ýaýrady, türkmenlerem içine aldy. Bizde göreşiň güýçli geçen ýeri Demirgazyk Türkmenistan, ýagny, Daşhowuz welaýaty, Horezm tarapy. Muňa-da Jüneýit han baş boldy. Ol 1918-nji ýylda Hywa hanyny tagtdan düşürip, hanlyk ygtyýaryny alsa-da, resmi taýdan özüni han diýip yglan etmändi. 20-nji ýylda hanlyk ýykyldy, bu hem uly bir gürrüň, muny uzaldyp otur¬maýyn. Şeýlelik bilen Jüneýdiň göreşi başlandy. 1924-nji ýyla geldi, munda-da güýç bilen göreşi ýatyrdylar. Atabaýewiň tagallasy bilen türkmenler Horezm Respublikasynyň düzü¬minden alyndy, ol barada gürrüň etdik. Şol mahal basmaçy¬lyk az-kem togtapdy. Indi Jüneýdi nädip bärik çekmeli diýen mesele Atabaýewiň öňünde durdy.
Jüneýde doganlyk duýgusy bilen çemeleşäýse, hökümetdäkiler Atabaýewe düşünjek däller, ony ýok etjekler. Şu duýgusyny töweregindäkilere-de aýdyp bilenok, Nedirbaýa aýdan bolmagy ähtimal, syr ynanyşýany. Ahyry Atabaýew bir oýun salýar. Jüneýit hanyň ýanyna adam iberýär, türkmeniň men diýen mollalaryny iberýär, özem hana hat ýollaýar, Atabaýewiň yzly-yzyna ýazan hatlary bar, mende şolar bar. Wasdan ýer bermegi wada edýär, öz raýonyňy döret diýýär goramak meniň bilen diýýär. 1925-nji ýylda birinji guramaçy¬lyk gurultaýyna çagyrýar. Jüneýit hanam mekir adam, gatnaşmaga geläýse, ele düşmek howpunyň bardygyny ýatdan çykaranok. Atabaýewiň çagyrany bilen onuň ýeke däldigini bilip dur, Atabaýewiň töweregindäkilere ynamy ýok. Başga biri babatda şol howp dogry bolup çykypdy…
Jüneýit han ýaly özüne men diýip ýören Gulamaly han gelýär, Aşgabada çagyrýarlar, gelende Köşüde ýeňsesinden pyçaklap öldüripdirler. Atabaýew hyrçyny dişläp galyberýär, NKWD ony Atabaýewe duýdurman alýar.
Jüneýit han gelmedi, öz wekilini iberip oňdy. Wekili işan-molladan ybarat topar, olary öldürip ýörmegiň geregi ýok. Şonda ýörite karar çykarylýar, Wasy Jüneýdiň raýony diýdiler, hökümdary-da Jüneýit han. Han çalarak ynanan kişem boldy, ýöne ýanyna adam goýbermedi. Şeýlelik bilen biraz köşeşilene meňzedi. Emma 1927-nji ýylda Jüneýit gaýtadan baş göterdi. Munuňam sebäbi bar. Günbatar Türkmenistanda-da, Ahal, Mary sebitlerinde-de ýer-suw reformasy geçirilip, barlylaryň ýeri, suwy alnyp başlandy welin, Jüneýit han derrew howpy aňdy, olaryň ýer-suwy alynsa, menem gaýgyryp goýmazlar diýdi, ata çykdy. Şeýlelik bilen diňe Jüneýdiň mesgen tutan ýerinde däl, tutuş Daşhowuz welaýatynda ýer-suw reformasy geçirilmedi, şu uly wakada Jüneýdiň gös-göni täsiri bar. Şu tä¬sir barada biziň taryhçylarymyz ýazmadylar, ýazmak müm¬kin däldi.
Soňra Jüneýdi gysyp başladylar, ol ýigrimi ýedinji ýylda öz nökerleri bilen Eýrana geçdi, emma Eýran şasy ony kabul etmejekdigini aýtdy. Jüneýit ahyry Eýranyň üsti bilen Owg¬anystana geçmäge rugsat sorady, şa oňa-da razylyk bermedi, sebäbi Rza şa sowet hökümeti bilen arany bozmak islemedi.
T.J. Türkmen kimmiş oňa!
K.M. Türkmen nämesine gerek? Jüneýit kimmiş! Garaz, alaçsyz ýagdaýa düşen Jüneýit ýene serhetden bäri geçýär. Dag eteginden daşlaşman, bukdaklap gidişine Pulhatyna ýetýär. Pulhatyn Guşgy bilen Saragtyň aralygynda.
T.J. Üç döwletiň: SSSR-iň, Eýranyň, Owganystanyň serhetleriniň birleşýän ýeri.
K.M. Şol ýere ýetende-de Jüneýit söwetleriň duzagyna düşýär, aýylganç gyrgynçylyk bolýar. Şol söweşiň bolan ýerine baraýyn, göreýin diýip gezdim, dürli bahana bilen ahy-ram baryp bilmedim.
Gyrgynçylykdan habarly adamlar depe saçyňy düýrükdirýän faktlary aýdýarlar, gözi bilen görenler bar. Ejesi okdan ölüpdir, çagajygy ejesini emip ýatyr. Gyrlyşyk şu derejä ýetýär. Adam süňkleriniň üsti-üstüne üýşüp ýatan ýerleri bar diýdiler. Watançylyk urşuna gitdim, frontda şuňa meňzeş aýylgançlyklary gözüm bilen görmeli bolupdy.
Jüneýit az sanly aman galan nökeri bilen Owganys¬tana geçýär, emma işan-molla, aýal-ebtat topar tutup, onuň yzyndan galanok. Olary kowmaga ynsaby çatanok. Jüneýit namazhon adam, okuň astynda-da bäş wagt namazy okapdyr. Halka ýakyn durany üçin ilat ony halapdyr, emma ony şeýle bir zalym, şeýle bir ganhor edip görkezdik, heý, goýaý! Şu meselede diňe taryhçylar däl, ýazyjylaram juda işeňňirlik görkezdiler. Diňe Beki Seýtäkowyň edenem ýeterlik, soňra Rahym Esenowyň edişi!.. Aglaberesiň gelýär. Menem özümi aklajak bolamok, menem şol döwrüň taryhçysy, menem Jüneýdi ýazgaryp ýazanlaryň biri.
Men ýene bir zady aýdaýyn. Bir sebäp bilen Garagalpagystana düşdüm, şol döwrüň taryhyny ýazmak meniň paýyma düşdi. Menem Jüneýit han hakynda ýazdym welin, özbek alymlarynyň biri: Muhammetberdiýew Jüneýit hany aklaýar, basmaçylygy aklaýar diýdi. Onda biri gapdaldan çykyp: ol nähili aklaýarmyş, ynha, ol Jüneýit hany garalap ýa¬zypdyr ahyry diýdi. Özbek hä diýmedi, gaýta: ony gahryman edip görkezişine seret, halkyň ony goldaýşyna seret diýdi-de, ýaňky sanaşdyryp, özümiň üns bermedik ýerlerimem özüme görkezip, meni dymdyraýdy, dogrusy, çykyş etmäge gaýratymam çatmady. Onuň aýdanlary dogry ýaly bolup barýar. Asyl men ony basmaçy diýip ýazgarýan halda ýazan kişi bolubam, gahryman edäýipdirin, türkmenleri gahryman edipdirin. Orta Aziýanyň taryhynda basmaçylary gahryman edipdirin. Jüneýit hany bolsa uly bir serkerde edäýipdirin. Gaty gidipdirin. Soňky ýazanlarymda az-kem aşak düşdüm. Onsoňam, redaktor, redkollegiýa diýip bir bela bardy. Depäňde-de Roslýakow otyr…
Tirkiş JUMAGELDIÝEW
-
Jeksparro
2 years ago
- (dowamy bar)
9. Türkmeniň oňurgasyny ýazdyrdylar
K.M. Taryh döwürleýin esasda ýazylmaýar. Sowet taryh ylmyndaky ýaly bäşýyllyklaryň esasynda, gurultaýdan gurultaýa diýlip ýazylmaýar. Taryhy taryh edýän waka, wakany waka edýänem şahsyýet. Şahsyýeti şahsyýet edip, taryha girer ýaly derejä ýetirip bilýän belli-belli döwürler bolýar, oňa taryhy örküçler diýilýär. Örküç! Öwrüm! Şol ýerde boljak zat bolýar. Ykbal çözýän wakalar bolup geçýär. Türkmenleriň durmuşynda iň uly, iň ýowuz öwrüm otuzynjy ýyllarda boldy. Ol döwür taryha kollektiwleşdirme diýen at bilen girdi. Şol döwrem iň ýazylmadyk, iň işlenmedik döwür. Sapardurdy Kakabaýew diýen bir adam ilki kandidatlyk, soň doktorlyk dissertasiýasyny gorady, Istomin diýen rus adamy ýazdy, soň ýene-ýeneler ýazdy. Ýazyjylarymyz powest, roman, pýesalar ýazdylar.
T.J. Türkmen sowet edebiýatynyň elli prosent eseri şu temadan diýsegem öte geçmeris.
K.M. Emma şol döwre içgin girişilmedi. Menem, az-kem bilýän kişi bolsamam, öz aladam özüme ýetik, başga döwür¬lerden ýazdym ýördüm. Menem köp hakykata wagtynda düşünmändirin, kem-kemden düşündim. Menem iň beýik wakalar Oktýabr rewolýusiýasy, Horezm Respublikasynyň döremegi, soň Türkmenistan Respublikasynyň döremegi diýip gezdim. Soň seredip otursam, bularyň bary bärde galýar-da, hakyky öwrülişik otuzynjy ýyllara düşýär ekeni. Türkmeniň oňurgasynyň ýazdyrylan, biliniň epdirilen döwri otuzynjy ýyllar bolupdyr.
“Basmaçy” diýen terminiň döreýşinden başlaly. Bu söz “basmak”, “basyp almak”, “zorlamak”, “güýç görkezip almak” diýen manyda getirilýär. Bu sözi termin hökmünde birinji gezek orta çykaran adam Lenin, Leniniň özi! Lenin muny nireden alypdyr? Muny entek takyklamak gerek. “Basmaçy” sözüniň uly bir taryhy termine öwrülendigini düşündirjek bolýanam ýok. Ol ýazgarmak, garalamak manyda ulanylyp gelindi.
Lenin Türkkomissiýanyň başlygy Ioffäniň adyna telegramma iberýär: “Sroçno soobşite, kak tam na Ferganskom fronte, kak idýot borba protiw basmaçestwa.
Telegrammanyň ýazgysyny nokatma-nokat aýtmadyk bolsam, bagyşlarsyňyz, ýatdan aýdýan, ýöne mazmuny şeýle. Ine, Lenin aýdandan soň basmaçy diýen sözi terjime etmegiň geregem bolmady. Şol göreşe-de basmaçylyk hereketi diýdiler. Men ýene öz garaýşymy aýdaýyn, basmaçylyk milli azat ediş göreşi. Has takyk aýtsam, onuň gözbaşy Türkmenistanyň Russiýa güýç bilen tabyn edilen döwründen başlanýar. On altynjy ýylyň, ýigriminji ýyllaryň wakalary-da şonuň dowamydyr. Jüneýit hanyň alyp baran göreşem şoňa girýär, ýagny milli azat ediş göreşine! Entek graždanlyk urşuna ýetilenok.
Graždanlyk urşy hakynda agzadyk, şol hakda-da durup geçeýin. 1918-20-nji ýyllar graždanlyk urşunyň ýyllary diýip, Türkmenistanyň taryhyna girdi. Gynansagam, hormatlaýan taryhçymyz Öwlülýägulyýewem şeý diýip ýazdy, soň Şamyrat Täşliýew ol hakda iki tom kitap çykardy. Ol şeýle bir owadanlabam ýazdy, dilem oňat, döwlet baýragynyň eýesem boldy, akademigem boldy. Täşliýew nähili ýazanam bolsa, türkmen onuň ýazan graždanlyk urşuna gatnaşmady. Gatnaşmady diýip, şol täze çykaran kitabymyzda ýazsam, graždanlyk urşy Türkmenistanda şol ýyllar bolmandy diýip ýazsam, soňra okuw programmasyny çykardylar, ýene uniwersitetiň mugallymlary şol döwri graždanlyk urşy diýip görkezipdirler. Näme diýjek, näme aytjak! Şol “Türkmenistanyň taryhyndan materiallar” diýen kitabymyzda men: graždanlyk urşy diýilýän zat Türkmenistanyň çäklerine ýetenem bolsa, iki tarapdan urşanlar Orsýetiň adamlary, orslar-u başga milletler, türkmenleriň özi gapdalda galypdyr diýip ýazdym. Rahym Esenowyň bir kitaby bar, podpolýe hakynda. Öwezberdi Kulyýew diýen bir adamy tapýarlar, ony gahryman edýärler, soň ýene birini tapýarlar. Gahryman bolsa bolandyr, ýöne şolaryň biri-de türkmeniň adyndan graždanlyk urşuna gatnaşan adamlar däl, birjigi-de türkmeni goramak üçin çykan däl.
T.J. Sanlyja adamyň gatnaşmagy tutuş halkyň graždanlyk urşuna gatnaşandygyny aňladanok ahyry.
K.M. Ýüz adam, müň adam bolanda-da bolanok. Halk çetde dur. Men şeý diýip ýazdym, ýazdyrmajak bolup oýun baryny turuzdylar. 1992-nji ýylda taýýar edilen kitaby 1997-nji ýylda ölümiň öýünde çykardyk. Elbetde, bu ýerde başga-da sebäpler bar, ýöne şü-de bir sebäbi.
1918-20-nji ýyllar Türkmenistanda graždanlyk urşy boldy diýmek ýalan, töhmet! 1924-nji, 1927-nji ýyllarda bolan wakalar, Jüneýdiň göreşlerem entek graždanlyk urşy däl. Entek halk köpçüligi otyr. Ýaňy bir ýerde Jüneýdi halk halady diýip, biraz ulaldybragam aýtdym. Belli bir derejede halamagynyň sebäbi Jüneýit täze hökümete garşy baş göterdi, şonuň üçinem belli bir topar onuň yzyna düşdi, adam sanam köpeldi. Jüneýdiň goşunam döredi, ýöne entek göreş graždanlyk urşy diýer ýaly derejä ýetenok, entek uruş bir taraply gidip barýar.
Emma halkyň elinden ýeri, suwy, emlägi, aýratynam mal eýeleriniň maly gaňrylyp alnyp, düýnki garyp diýlip ýörlen ýalaňaçlar kolhozçylara, oba şuralaryna başlyk bel-lenip başlandy. Ýer gitdi, mal gitdi, gaçan gaçdy. Diňe Leb¬ap welaýatyndan gidenleriň sany müňlerçe. Obalar boşap galdy. Etrek sebitlerinden giden köp. Serhede golaý ýerlerden has köp adam gitdi. Şu gün-ä kolhoz guruldy diýýärler, bir batragy, ýalaňajy başlyk saýlaýarlar, ertir tursalar oba ýok, hemme kişi serhetden aňry geçipdir, şolaryň ugruna düýnki başlyk saýlananam gidýär. Soň şol giden başlykdan sorasalar: kolhozyň emlägi pylanylaryňky ahyry, men oňa eýe çykyp bilmen-ä diýýär.
T.J. Onsoňam, onuň tutuş tiresi gitdi, ol galyp bilmez-ä!
K.M. Baý, kulak diýlip gümlenen adamyň sany köp¬di. Sibirden, Gazagystandan, Täjigistandan çykardylar. Galanynam basmaçy diýip gyryp başladylar. Şu ýerde baş gö-terenler köpeldi. Indi türkmen bölundi. Türkmen türkmene garşy göreşip başlady. Biri sowet otrýadyna giryär, beýlekisi basmaçylaryň arasyna barýar. Bu özara göreşe çykmadyk türkmen raýony ýok. Erbet gyrlyşyklar başlanýar. Käbir ýerde tutuş obalaryň gyrlan ýeri bar. Aşgabat bilen Tejeniň aralygynda, gumuň içinde oturan Keltegoňur diýen oba bar. Şol obadan gyrlanyň sany altmyşdan geçýär. Men aspirantymy ýörite iberip, takyklap gel diýdim, şonuň spisogyna giren altmyş adam. Eneler çagalaryny çuwal bilen tärimiň arasyna daňyp, ýa-da guýa sallap goýýarlar, şeýdip ölümden halas edenler bar. Galanlaryň bary gyrylýar. Şu faktlar biziň arhiwlerimizde saklanmandyr, sebäbi, diňe basmaçyny gyran barada ýazylýardy. Ýazyjylaryň eserlerinde-de bu pajyga barada ýazylmandy. Basmaçylyk hereketiniň örküji 1931-nji ýylyň tomsuna, güýzüne gabat gelýär, soň kem-kemden yza gaýdyşyp başlaýar.
Ine, şu aýdylan döwre türkmenleriň graždanlyk urşy diýmeli. Bolşewikler tarapyndan aldanan türkmenler bilen namys üçin, emläk üçin ata çykan türkmeniň arasynda bolan uruş. Şol döwürde türkmeniň hökümetden eden haýyşy şundan ybarat: maňa degme, göbek ganymyň daman topragynda meni günüme goý. Kesekiniň üstüne basyp almak maksady bilen barmadym, başgany ýazgarmadym, başga millet diýip hiç kimi kemsitmedim diýipdi diýsem, bir taryhçysumak: äý, bi ýöntem bolýa-laý, ýaşuly, diýýär. Ýöntem diýip, sen onuň düýp manysyna üns bereňokmy diýdim. Türkmen birini basyp aljak boldumy, ol hiç ýaňa gidenok ahyry, ol öz guýusyny, çölüni, malyny, düýesini goraýar, adyny-abraýyny goraýar diýip düşündirmeli boldy. Men bolan zady aýdýan.
T.J. Siz bilýänsiňiz, ýaşuly, menem şol temadan “Janserek” diýen roman ýazypdym. Meniň baş gahrymanym Rahman. Şoňa sosial taýdan passiw gahryman, ol romana baş gahryman bolmaga mynasypmy diýdiler. Men ony aktiw etjegem bolamok, ol giden bir sosial gatlagyň wekili. Ol öz düşünjesine gulluk edýär.
K.M. Rahmany aktiw etjek bolmanyň üçin, men romany okamdan soň şeýle ýazyp goýdum: o-ho-how! diýipdirin, gapdalyna ýazypdym, saňa görkezerin: o-how, men özüme ýaran tapdym, men ýeke däl diýipdirin. Şony Garagalpagystanda işläp ýörkäm ýazdym. Men ýeke däl, men ýaly pikir edýän başga-da bar ekeni diýdim, men seni ýazyjy hökmünde şo ýerde tapdym. Romanda Rahmanyň iki tarapa janserek bolup geçişi bar, ol ne bolşewik, ne beýleki tarapyň goragçylaryndan! Görgüli barypýatan päk ýürekli türkmen, türkmene mahsus häsiýetli, hiç zatdan gaýtmajak, adalat, namys-ar diýip iki tarapa urnup ýören, horlanan ýigit. Adynam gowy tapypsyň: “Janserek”. Rusça terjimesine “Poterýannyý” diýipsiňiz, bu söz ol manyny berenok.
T.J. “Poterýannyý” – ýitirilen manysynda, iki tarapam Rahmany ýitirýär.
K.M. Hä, şol manyda bolýaram, ýöne türkmençe ady jüpüne düşäýipdir: “Janserek”. Janserek bolanlaryň köpelmegi bilenem graždanlyk urşy başlanypdy-da! Iki tarap uruşýar: ata bilen ogul, dogan bilen dogan...
10. Töhmet. Ýene töhmet!
K.M. Kollektiwleşdirmegi, kolhoz gurulşyny amal edip, halky ýerden-suwdan, maldan mahrum edip, basmaçylyk hereketini ýatyrdylar. Basmaçylyk hereketini ýatyrmazdan öň türkmeniň akyl-paýhasyny, işan-mollasyny ýok etdiler, milletçi diýip, onuň öňe çykan Wepaýew, doganlar Bekge, Kakajan Berdiýewler, Seýitmyrat Öwezbaýew ýalylar ýok edildiler. Gulmuhammedowy ”Eýrana geçjek bolupdyr” diýlip, töhmet atyp, Pöwrizede tutdular, ýok etdiler.
Adamlaň atylany, zyndana zyňlany sanardan, hasap¬lardan köp boldy. Olaryň garyndaşlarynam ýokladylar. Bu tutha-tutlugyňam örküji Gaýgysyz Atabaýewiň basylan ýylyna, otuz ýedinji ýyla düşýär. Galanynam urşuň öň ýanynda, soňra fronta iberip, gutaryldy diýse bolar.
Uruşdan soň, 1949-52-nji ýyllarda ýok ýerden bahana tapyp, gahryman däl adamlary, men şuny ulaldyp aýt¬maýyn, Baýmuhammet Garryýew, Mäti Kösäýew – ýönekeý adamlar, ýönekeý alymlar, bulardan howp edilýän kişi ýaly çişirip, türmä zyňdylar. Gaýyp Nepesowam şolaryň biri. Basylanlaryň içinden bir adamy belläýin, ýogsa baryny şahsyýet hökmünde peseldäýdiň diýme. Mertleriň merdi bolup çykyş edip bilen, Merkezi Komitetiň býurosynda beýlekiler müzzerilip aglasalar-da, aglaman, men etdim şuny diýi¬bilen Orazmämmet Abdalowdyr. Býuroda, eşafotda diýmeli, kükregini gerip, gaýşarylyp, şol kitaplary çykarmaga rugsat beren men diýip bilen Abdalowdyr!
Ol “Türkmendöwletneşiriň” baş redaktorydy. Şahsyýetlerimiz bardy. Şol döwrüň taryhyna bap berilse, ony Orazmämmet Abdalowdan başlamalydyr! Men şuny ynanyp aýdýan, ol belent adamdy. Abdalowam gitdi, beýlekilerem gitdi. Bu tutha-tutlukda ýeke-ýekeden alyp başladylar… Men soňky wakalaryň şaýady boldum.
Gatnaşmak, gözüň bilen görmek iň ygtybarly taryhy çeşme. Bu gezek, esasan, türkmeni türkmene iýdirdiler. Iki türkmene-de wezipe berýärler, soňra ikisini çaknyşdyrýarlar. Men şu ýerde bir çaklama, wersiýa aýtjak, ýöne hany şony tassyklaýan dokumentiň diýseler, ynha diýmäge ýagdaýym ýok, men ol mahal arhiwlere goýberilmeýärdim. Gözüm bilen görüp, gulagym bilen eşidip, ýüregim bilen duýup aýtjak zatlarym bar.
1951-nji ýylda, iýun aýynda Türkmenistan Kompartiýasynyň Merkezi Komitetiniň 1-nji sekretary Şaja Batyrow milletçi, milletçileri goldaýar diýlen töhmet bilen wezipesinden boşadyldy. Ol mahallar bir endik bardy, birini wezipesinden aýyrjak bolsalar, okuwa iberýärdiler. Batyrow Moskwada ilki bir ýyllyk kursda okaýar, soň gaýtjak bolýar, emma goýbermeýärler. Bärde onuň ýerine goýlan adam, onuň töweregindäkiler Batyrowyň gelmegini islänoklar, şeýdip Moskwada galmaly bolýar. Soň sud edilenleriň arasynda bize şu kitaplary Batyrow çykartdy, getiriň, jogap bersin diýip, ony basdyrjak bolanlaram bar. Nähilidir bir gudrat bilen Batyrowy getirmeýärler, aman galýar. Indi Şaja Batyrow okuwyny gutaryp gelenden soň iş bermän ony kowalap ýören Merkezi Komitetiň 1-nji sekretary Suhan Babaýew.
Batyrow Jemgyýetçilik Akademiýany gutaryp, ylymlaryň kandidaty diýen at alyp geldi, ýöne uniwersitetden mugallymçylyk hem berenoklar. Şu ýerde iki sany adamyň adyny tutaýyn. Şol mahal partiýanyň Çärjew obkomynyň 1-nji sekretary Juma Köýnekowdy. Merkezi Komitetiň ideologiýa sek¬retaram Nurjemal Durdyýewa diýen merdana gelindi. Şu ikisi birigip, Şaja Batyrowy Çärjew pedinstitutynyň rektorlygyna hödürlemekçi bolýarlar. Institutyň şol mahalky işläp ýören rektoryny işde saklar ýaly bolanok, bolgusyz adam, özem aýal meselesi bilen bulaşyp ýör. Köýnekowam ýaş, entek ol diýen durmuş tejribesem ýok. Köýnekow diýen adamyň bilim taýdan çuň düşünjesi bolmasa-da, sada, arassa adam. Seniň romanyňdaky Rahman ýaly adalat isleýär, häsiýetler¬inde-de meňzeşlik bar. Köýnekow öz teklibi bilen ilki Nur¬jemal Durdyýewanyň ýanyna barýar, olam Suhan Babaewiň ýanyna bar diýýär. Barsam, meni diňlemez, kowar goýberer diýýär. Suhan diylen adamda ne bilim, ne medenýiet bar, kemteresinden oturyp-turmanam bilenok. Bilýän sözleri: bas, kes, git, otur, sür! Onuň derejesi şol wagtyň kolhoz başlygy, ýa-da raýon suw hojalyk bölüminiň müdiri, şol wezipede-de işläpdir. Ogry, egri diýemok, işine ýüregi bilen berlen, par¬tiýa-da berlen. Kem ýeri ylmynyň, düşünjesiniň ýüzleýligi, paýhasynyň ýetmezligi, gödekligi. Belki, öňde onça görüm-göreldesi bolan däldir, bilemok. Onuň töweregem bar, organ işgärlerinden doly. Ikinji sekretaryň wezipesinde Grişaýenko atly bir bela-beter otyr. KGB-niň başlygam Moskwadan iberilen adam.
Köýnekowyň öz beren gürrüňine salgylanyp aýtsam, Babaýewiň ýanyna baryp teklibini aýdýar welin, seň akylyň çaşdymy, Batyrowdanam bir rektor bolarmy? Näme ol öň mugallym bolup işläpmidi? Diýip, Babaýew goh baryny turuzýar. Soňam: Nurjemal bilen gepleşdiňmi, bolmaz diýmedimi saňa diýýär. Köýnekowam: gepleşdim, ýöne ol-a beý diýmedi, meni siziň ýanyňyza iberenem şol, özi gelmedi diýýär.
Babaýew Nurjemaly çagyrýar. Soňra ikinji sekretar Grişaýenkonam çagyrýarlar, onsuz mesele çözüp bolýarmydy! Şol ýerde Batyrowyň meselesini çözýärler. Ol Çärjewiň pedinstitutyna rektor bolup gidýär. Ol wagt institut kiçidi, bäş-alty ýüz studenti bardy. Dört pedinstitutyň biri. Indi Batyrowa obkomyň birinji sekretary Köýnekow hossarlyk edýär, boýun almaly, öz döwründe dörän şahsyýet.
Biz basmaçylykdan başlap, Şaja Batyrowa ýetdik. Seredip otursaň, şu meseleleriň düýbünde birlik bar, olary türkmen kadrlaryna edilen zorluk, olaryň ýok edilişi birleşdirýär. Soňra Jumadurdy Garaýew, Balyş Öwezow dagy Suhan Babaýewiň daşyna geçdiler, ony işden aýyrdylar. Şol mahal Aşgabat obkomynda bölüm müdiri bolup işlämsoň, bu dawalardan, garpyşyklardan azda-kände habarym bar. Bir metod, bir usul dowam edýär. Babaýewe Batyrowy urdurdylar, Garaýew Babaýewi urýar, Balyş Öwezowa bolsa Garaýewi... öldürdýärler, Öwezowa Batyrowy ýykdyrýarlar...
Şeýdip, birek-biregiň etini iýdirmek syýasaty aýylganç ýagdaýda dowam edip gidip otyr. Bu kolonial sistemanyň klassyk metody, asyrlar boýy gelýän usul, “Agzyny alart-da, höküm sür”. Bu usul soňabaka hasam aç-açan boldy. Haýsy bir türkmeniň medeniýeti, düşünjesi, milli duýgusy, il arasyndaky abraýy artygrak bolsa, ýazyp bilýän bolsa, respublikanyň çäginden aňyrda tanalýan bolsa, şony ýok etmelidi.
Şu ýerde özüm bilen bagly ýüze çykan meseläni aýdaýsam nähili bolar, salykatsyzlyk edýär-ow diýmersiňiz-le. Çärjewiň pedinstitutynyň rektorykam, maňa ýok ýerden ol diýip, bu diýip günä baryny ýüklediler. Köp zatdan habarly adamlaryň biri ýanyma geldi. Meniňem dostlarym bardy, tanyşlarym köpdi, içinde akyllylaram ýok däldi. Akylly ýigitleriň biri: Kakajan, seni işden aýyrmaklarynyň düýp sebäbini sen bilýänem dälsiň diýdi, aýdyp berdi. Saňa üç punkt boýunça günä ýüklediler. Biri milletçilik meýilleri bilen keselländigi üçin diýdiler, milli lider bolmaga hyýal edýär diýdiler, töweregine adam ýygnapdyr, ony diňläp başlapdyrlar. Seniň pedinstitutyňa Türkmenistandaky WUZ-laryň arasynda iň öňdäkisi diýipdirler. Sowet Soýuzynda pedinstitutlara berilmeýän harby kafedra seniň institutyňa berlipdir diýdiler. Seniň adyň ilki Lenin, soň Döwlet baýragyna hödürlenenleriň arasyna salnypdyr diýdi. Hawa, ol zatlar bolupdyr, taň edipdir, olaryň bu taýda roly nämy diýsem, ýaňky adamyň maňa beren jogaby bar: halk seni diňläp başlapdyr, halk seni halap başlapdyr. Sen kommunizm guruljak diýilýän zat ýöne bir dildäki zat, kommunizm hyýal, onuň guruljak gümany ýok diýipsiň diýdi. Beýle günäni kime ýöňkeseň ýöňkäp durmaly-da! Onsoňam, milli mesele çözüldi diýilýär, onuň entek çözülen zady ýok, dekloratiw sözler diýipsiň. Dördünji punktam bar: sen Hytaý kompartiýasy bilen KPSS-iň arasynyň bozulmagynyň düýp günäkäri KPSS diýipsiň diýdi. Bu zatlar meniň düýşüme-de girenok, dost, birinji aýdan punktuňda az-kem esas bolmagy mümkin diýdim, belki, paýhasym ýeten däldir, özüm edemok, dogrudanam, adym biraz galdy diýdim. Ine, şeýle ahwalaty öz başymdanam geçirmeli boldum.
T.J. Siz-ä biraz öňki nesliň gürrüňini edýärsiňiz. Biz sizden soňky nesil. Ynha, men altmyşynjy ýyllarda edebiýata gelen nesiliň wekili. Sungatda, edebiýatda adygyp, SSSR-iň möçberinde tanalyp başlan adamlaryň üstünden ikinji sekretar Wasiliý Rykowyň gurnan şeýle bir kontroly, gözegçiligi bardy, heý, goýaý! Özüm bilen bagly bir fakt. Moskwada eserlerim rus diline terjime edilip çykarylýardy. Emma bärde neşirýatyň planyndan zyňyp otyrlar, ýogsa, şol eserlerim türkmen dilinde “Sowet edebiýaty” žurnalynda-da çap edilýärdi, has öňürti çap edilýärdi, soňra “Družba narodow” žurnalynda rusça çap edilýär, emma kitaba gezek gelende, saklap durlar. Bir gezek Rykowyň öz ýanyna bardym, ”bu nähili beýle bolýar?” diýdim. Ýagdaýa belet bolansoň, diňläp, ýylgyryp otyr. Şol berk gözegçilik dowam etdi gitdi oturdy. Milletçilik duýgusynyň ösmeginden juda ätiýaç edilýärdi.
Ýaşuly, biz milli azat edijilik göreş hakynda, ýagny, basmaçylyk hakynda söhbet etdik. Döwürler üýtgedi. Häzir öňki sowet respublikalaryň hasabyna birgiden garaşsyz döwletler döredi. Indi taryha gaýtadan ser salmak zerurlygy duýulýar. Eger wagtynda zerurlygy duýup, ser salyp bilseg-ä tapylgysyz zat, ýöne entekler başardar öýdemok. Ýaňky siziň aýdan nukdaýnazaryňyzdan, milli azat edijilik göreşiniň, geçen döwrüň taryhyny şu biziň tanap ýören taryhçylarymyz ýazyp bilerlermi?
K.M. Asla ýazyp bilmezler! Ýanyna-da baryp bilmezler, sebäbi bular ol temadan daş. Olaryň arhiw materiallaryndan daşdyklaryny aýtjak bolamok, duýgulary daş, garaýyşlary daş. Olar meniň aýdan pikirime garşy, başarsalar meni togtatjaklar. Ýüzüme aýdyp bilmeselerem, ýeňsämden hyşy-wyşy edişip ýörler. Häzir mekdepler üçin programmalar taýýarlanylýar, çap edilýär, şularda-da meniň nukdaýnazarym bilen bagly pikirler, temalar ýok, köpüsi öňki zatlar.
T.J. Olary öler ýaly gorkuzan sowet ideologiýasy gitmed¬imi näme?
K.M. Gitse-de, olaryň özleri bar-a! Olaryň kellesi, duýgulary, düşünjeleri üýtgemän dur ahyry! Olar taryhçy hökmünde şu tema, şuňa meňzeş temalara gezek gelende, öli. “Diri maslyklar” diýilýärmi?
T.J. Hawa, Lew Tolstoýda bar. Taryha gaýtadan garamaga ýaş alymlar gerek, ýaş nesil gerek.
K.M. Olar entek ýetişenok. Bu temalary işlemäge janly şaýat bolanlar, wakalaryň içinde gaýnap-bişenleriň bolmagy zerur. Men häzir özümde kanagat duýýan, özümi bagtly saýýan. Syrkawlygyma, halymyň juda pesdigine garamazdan, seniň gurnan şu söhbediň dowamynda bir zatlar aýdyp bildim. Şuňa çynym bilen begenýän. Bir zada berk ynanýan, şol herekete gatnaşanlara milli azat ediş göreşine gatnaşan adamlar hökmünde baha beriljegine şübhelenemok. Şol adamlar türkmeniň ady, abraýy üçin, emlägi, namys-ary üçin päk ýürekden ele ýarag alyp ata çykan adamlar. Elbetde, “süri agsaksyz, çöl börüsiz bolanok”. Basmaçylaryň arasyna iki sany gatnaşmasyz topar sokulyp giripdi. Bir-ä, etmiş edip, günä iş edip, obasyna sygman, ata çykyp baran galtamanlar. Olary Jüneýit dagy gowy tanapdyr, Jüneýdiň “itden çykaryň” diýen belli sözi şolar bilen bagly döräpdir. Beýlekisem, basmaçynyň içine ýörite iberilen içalylar. Olar köp iberilýärdi. Olary-da Jüneýit tanapdyr. Basmaçylary hapaçylyga, talaňçylyga iterip ýörenem, esasan, şol iki toparyň adamlary. Olar milli azat ediş göreşi üçin ýazgarylan Jüneýit ýaly adamlar däl. Hakyky basmaçylaryň ýüregi akdy. Şu gün halys köp gaýtalanyp, lenç edilen watan diýen söz bar, ana, şol sözi hakyky manysynda duýup, ony il-günüň namysy bilen baglap bilen adamlar bolupdyrlar.
Indi jemläp aýtsam, basmaçylyk hereketi diýlip, bilkastlaýyn ýoýulan, ýazgarylan, şeýle manyda taryh ylmyna salnan, hakykatda welin, päk mazmunly göreş, ýagny, milli azat ediş göreşiniň taryhy entek ýazylanok. Gynansagam, entek bu ýakynda ýazyljaga meňzänok. Şu günki gün taryh institutynda taýýarlanýan tomlarda şu temany ýazmaklyk maňa tabşyrylypdy, ýazyp gutarmankam syrkawlaýdym.
T.J. Enşalla, sagalyp gidersiňiz.
K.M. Ýagdaýymy özüm gowy bilýän. Ynha, şu gün gelip, sen meni diňleýäň, meniň üçin şu uly bagt, men şuňa gaty begenýän. Men bir zady bilýän, şu tema ertir, Tirkiş, sen eýe çykarsyň, hä, eýe çykarsyň!
Tirkiş Jumageldiýew we Kakajan Muhammetberdiýew.
Jeksparro 2 years ago- (dowamy)
Türkmene ýaran ogul / Atabaýew diýenini etdirýär
K.M. 1921-nji ýylda Türküstan Respublikasynyň düzümindäki Zakaspiý oblasty Türkmen oblastyna öwrülýär, özem Atabaýewiň Türküstan Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy wagtynda döreýär. Şu ideýany öňe sürenem, ony amala aşyranam Atabaýew.
1921-nji ýylyň ýanwarynda Horezm Halk Respublikasynda, Porsy şäherçesinde, häzirki Boldumsaz etrabynyň merkezi, Horezm türkmenleriniň birinji gurultaýy çagyrylýar. Gurultaýa 33 adam delegat saýlanylýar. Şol otuz üçüň içinde iň garybynyňam on-on bäş hyzmatkäri bardy. Şujagaz ýerini aýdyp, taryhçylarymyz iş edinip, bu nähili halkyň gurultaýy bolýarmyş, bu baýlaryň, hanlaryň gurultaýy boldy diýip ýazyp ýörenler kän boldy. Olarsyz ýygnak çagyrmak şol mahal mümkin däl-ä! Tire serdarlary, saýlama adamlar bolmalydy. Şol gurultaýda on iki adamdan ybarat ýerine ýetiriji býuro döredildi. Oblast ýerine ýetiriji komitetine başlyk edilip Mollaoraz Hojamämmedow, onuň orunbasary diýlip Nurmuhammet Babaýew saýlanyldy. 1921-nji ýylyň maý aýynyň ýigrimisinde Horezm Halk Respublikasynyň ikinji gurultaýy boldy, şonda-da birinji türkmen bölümi döredildi. Ýene Atabaýewiň gatnaşmagy bilen. Bölümi döretdi, oblast möçberinde hukukly etdi, gaýdyp Atabaýew ol ýere barmady, Daşkende gitdi, sebäbi Atabaýew başga respublikanyň hökümetiniň başlygy ahyry. Türküstan Respublikasynyň Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy.
Bölümiň düzgünnamasam işlenip düzüldi welin, huku¬gy çäkli boldy. Başlygy Mollaoraz Hojamämmedow soňky gurultaýda hem-ä Türkmen ýerine ýetiriji býurosynyň başlyklygynda galdy, hemem Horezm Respublikasynyň Daşary işler ministri edilip bellendi.
Emma ol bir hepde işläp-işlemänkä, Leniniň adyndan iberilen Iosif Byk diýlen adam ilçi bolup gelýär. Ol özbek milletçileriniň täsirine düşýär. Goçmämmediň başyna düşen ahwalatyň öz başyndan inmeginden howatyr eden Mollaoraz Bykyň ýanyna barýar, dalda isleýär. Maňa hossarlyk etmeseň bular meni alyp ýatarlar diýýär. Nurmuhammet Ba¬baýew ýagdaýyň erbetdigini bada-bat aňýar, mundan mydar bolmaz diýip, eňýär Jüneýidiň ýanyna! Şol dokumentem tapylýar. Şonuň esasynda-da Gaýyp Nepesow dagy Nurmuhammet Babaýewi ömürlik garaladylar. Babaýew 1920-nji ýylda Leniniň ýanyna giden delegasiýanyň agzasy bolsa-da, Lenini ilkinji gören türkmenleriň biri bolsa-da, onuň gaýdyp ady tu¬tulmady, hiç bir taryhçy golaýyna barmady. Indi Mollaorazyň bolşy bar. Geň zat bolýar. Taryh paradokslardan ybarat.
Biraz wagt geçenden soň Mollaoraz gije ata atlanýar-da, niredesiň Gubadag diýýär-de gidiberýär. Gubadagda-da Nurjan ahunyň ýanyna barýar. Onuň öýünde bir gije bolan-dan soň, ahunyň maslahaty bilen Jüneýdiň ýanyna ugraýar. Jüneýit hanyň huzuryna ýykylýar, men şu güne çenli saňa garşy göreşip geldim, etmiş etdim, ýalňyşdym, bagyşlasaňam, näme etseňem, men seniň eliňde diýýär. Jüneýit han ony kabul edýär.
Mollaoraz ”meni gizleseň, meniň adymy bermeseň” diýýär. Bu ýerde bir mekirligem edilýär. Jüneýit onuň gelenini ýaşyryn saklaýar. Soňunda, wakany biraz öňe süýşürip aýtsam, 1924-nji ýylda, ýanwarda, Horezmde uly waka bolýar. Özbekler gozgalaň edýär, başda duranlar özbekler, täze häkimiýete garşy baş göterýärler. Özbekleriň arasynda türk¬menlerem bar. Agajan işan, Abdyrahman magsym dagylaram Dörtgülden gelip goşulýarlar. Emma bulara baş gerek, Jüneýit han gerek. Jüneýdiň ýanyna çagyryş bilen adam iberýärler. Şonda Jüneýit han bütin Horezmiň halkyna ýüzlenip hat ýazýar, şol hatyň awtory Mollaoraz. Bilimli adam. Indi Mollaorazly gürrüňi goýaly, onuň taryhy şahsdygyny inkär edip bolmaz.
Bir fakty nygtamaly boljak. Atabaýewiň tagallasy bilen döredilen Oblast ýerine ýetiriji býurosy işlemedi, ýatyp galdy.
Atabaýewi duşmanlarynyň eline bermediler, halas et¬diler, Moskwa çagyrdylar diýdik. Şol mahal Narkomnas bardy, ýagny, Milletler boýunça Halk Komissarlygy bolýar, başlygam Stalindi. Şol komissarlykda Gündogarda agitasiýa alyp barmak üçin ýörite bölüm açýarlar. Men bilmedim, Ata¬baýew üçin açdylarmy, garaz, şol bölüme Atabaýewi başlyk edýärler. Şonda biraz işledi. Uzak wagt geçmänkä-de, 1923-nji ýylyň tomsunda, iýun-iýul aýlarynda Atabaýewi Buhara Respublikasyna iberýärler.
Buharada milletçilik ösýär, milli mesele gaty bulaşýar. Faýzylla Hojaýew atly adam Buhara Halk Komissarlar Sowetiniň başlygydy. Buhara ýerine ýetiriji komitetiniň başlygam Abdykadyr Muhiddinow. Bularyň arasyn¬da çaknyşyk başlanýar. Biri täjikleriň, biri-de özbekleriň tarapynda. Täjik bilen özbegiň arasyndaky çaknyşyk çensiz uly. “Iki at depişer, arasynda eşek öler” diýen ýaly, olar çaknyşanda, arada türkmenler gaty heläk bolýarlar. Türkmen diýemde, territoriýa taýdan alsak, häzirki Dänewden, Gabaklydan başlap, Gyzylaýaga çenli bolan aralyk Buhara degişlidi. Partiýa tarapdanam, hökümet tarapdanam alanyňda, türkmenlerden Buharanyň hökümetinde wekil ýokdy. Atabaýew hem-ä türkmenlerden wekil bolsun, hemem milli gapma-garşylykda belentlik görkezip, adamlary ýola salsyn diýen maksat bilen uly ynam edilip, Buhara iberildi. Dogrusy, Atabaýewi Buhara meselesini çözsün diýip iberdiler. Bu 1923-nji ýylyň tomsunyň gürrüňi.
Atabaýew gelşine uly mesele goýýar. Atabaýewiň belen¬tligi şunda görünýär. Türkmene belentlik eden ýeri şundan başlanýar. Buhara Halk Respublikasynyň düzüminde Türk-men oblastyny döretmeli diýýär. Onam ýöne bir Türkmen oblasty diýip goýanok, Türkmen Awtonom oblasty etmeli diýýär. Onuň ustawyny (düzgünnamasyny) ýazýar, aýratyn döwlet edýär goýaýýar. Buhara Respublikasynyň içinde respublika diýen ýaly bir subýekti döretmegi Atabaýew başarýar. Atabaýewiň ilkinji türkmen döwletini döreden ýeri Türkmenistan däl, Buharada. Buhara Respublikasynyň düzü¬minde döredip bildi! Döretdi-de, onuň düzgünlerinem özi ýazdy, öz eli bilen ýazdy. Ol konstitusiýa diýen ýaly bir zat.
T.J. Üç ýerde türkmen oblastyny döredip, özbaşdak respublika bolmaga taýýar edip goýaýan ekeni…
K.M. Edil özi! Zakaspiň adyny üýtgetdi. Horezmde Türkmen oblastyny döretdi. Buhara gelibem Türkmen Aw¬tonom oblastyny döretdi. Entek Türkmenistan Respublikasy döremänkä türkmen döwletleri döreýär! Biri Türküstan Sowet Sosialistik Respublikasynyň, beýlekisi Horezm Halk Sowet Respublikasynyň, üçünjisi Buhara Halk Sowet Respub¬likasynyň düzüminde döredi. Şulary döretmegiň ýa başynda, ýa-da gapdalynda Gaýgysyz Atabaýew dur.
T.J. Başynda diýseň, has jaý boljak.
K.M. Başynda! Atabaýewsiz bular döremezdi. Täjigiňki, gazagyňky, özbegiňki, gyrgyzyňky döränok. Üçüsinde-de türkmeniňki döreýär! Üçüsinde-de Gaýgysyz Serdarowiç Atabaýew bar. Biz şu ýerde ägirt uly meseläniň üstünden bardyk, 70 ýylyň dowamynda sowet ideologiýasynyň agalyk süren döwründe agzap bolmadyk meseläniň üstünden bardyk.
Mälim bolşy ýaly, Orta Aziýada milli bölünişigiň amala aşmagynda, milli respublikalaryň döremeginde esasy inisiatiwa Lenine degişli diýlip gelindi. Onuňam diýilýäniniň sebäplerini giňeldip oturman, bir mysal bilen aýtjak bolaýyn. 1920-nji ýylda Türküstany etnos taýdan özbeklere, gazaklara, türkmenlere, gyrgyzlara bölmeli diýip, Leniniň görkezmesi bar. Emma şu görkezmäni çişirip, muny milli bölünişige dahylly edilip gelindi. Hakykatda Leniniň göz öňünde tutany Türküstan Awtonom Respublikasy. Bu meselede Leniniň Buhara bilenem, Horezm bilenem işi ýok. 1920-nji ýylda Sowetleriň 8-nji gurultaýynda Lenin ýaňyja dörän Buhara Halk Respublikasyny Azerbaýjan Respublikasy, Ermenistan Respublikasy bilen deň goýýar, hatda Buharany birinji edip alýar. Diýmek, Buharany goldaýar, aýratyn respublika, aýratyn döwlet hökmünde goldaýar. Şondan bir-iki aý ozal, sentýabryň on üçünde, Leniniň görkezmesi bilen Horezm Respublikasy bilen RSFSR-iň arasynda soýuzdaşlyk şertnamasy baglaşylýar, deňhukuklylyk, birek-biregi goldamak, başga-da şertler göz öňünde tutulan. Diýmek, Lenin resmi taýdan Horezmem yglan edýär, Buhara-da dowam edip dur. Üstesine, 1921-nji ýylyň aprelinde Lenin öz goly bilen Horezm Respublikasyna Iosif Byk diýen adamy resmi derejede ilçi edip iberýär. Ol ýerde-de Horezm Respublikasynyň özbaşdaklygynyň ykrar edilýändigini nygtamak bilen, soýuzdaşlyk aragatnaşygynyň goýulýandygyny nygtaýar. Diýmek, Lenin üçin Horezm aýratyn dur, Buhara-da aýratyn dur, iki sany aýratyn döwlet dur. Lenin özüçe örän akylly hereket edýär, gaty ägä bolup hereket edýär, sebäbi Gündogar döwletleriniň arasynda Lenin öňki döwletleri ýykdy diýen at almaly däl, ol döwletleri saklady diýen at almaly. Şol halatda-da Horezmem, Buhara-da partiýa ýolbaşçylygynyň ugurlary boýunça Moskwa garaşly. Lenine geregem şol. Indi Türküstany nätmeli? Horezm bilen Buharany goşaňda-da, şondan uly Türküstan dur, özem Awtonom Respublika. Muny nätmeli? Şu sowaly göz öňünde tutubam, Lenin ýokarda aýdylan görkezmäni berýär.
Muny bolsa taryhçylar, syýasatçylar, hemmämiz biri¬gip, başgarak düşündirip geldik. Şu düşündirişe men ömür ynanmadym, ýöne ynanmasamam, men ol mahallar ynanamok diýip aýdyp biljek däldim, ynanmaýanymy ynandyry¬bam biljek däldim, meni goldajagam ýokdy. Näme-de bolsa, saklanmalydym. Meniň şu ýerde aýtjak bolýan zadym, ýene Atabaýewe gelmeli. Lenin bir tarapda, Atabaýew ikinji tarapda. Lenin Orta Aziýany az-kem özgerdibräk öz bolşunda saklajak, Atabaýewe bolsa, Türkmenistan gerek! Atabaýewe türkmeniň döwletini döretmek gerek! Atabaýewiň biynjalyk bolýan ýeri şü! Atabaýewiň jany-teni bilen çözmeli meselesi bar, bu hakda öňden pikir edip gelýär: türkmeni türkmen et¬meli, türkmene döwlet bermeli, ony tabynlykdan dyndarmaly. Belent şahs hökmünde, belent türkmen hökmünde, türkmeniň ägirt wekili hökmünde oňa ynjalyk bermeýän mesele şundan ybaratdy. Indi ol Leniniň syýasatyndan, umuman, Oktýabr rewolýusiýasynyň netijesinden peýdalanmakçy. Oktýabr rewolýusiýasy bolmadyk bolsa, Buhara emirinem, Hywa hanynam ýykyp boljak däldi. Şol iki respublika döredilmedik bolsa, olaryň düzüminde türkmen oblastlaryny döredip boljak däldi. Ine, şu amatly pursatlardan peýdalanyp, indi baş niýetini amal etmekçi bolýar. Atabaýewiň men Lenine garşy diýip çykyş etjek gümany ýok, beýtse ony goldajagam ýok. Nähili hereket etmeli? Leniniň syýasatyndan daş düşmän, Sta¬line, Trotskidir beýlekilere daýanyp, hemmesi bilen dil tapyp, Ordžonikidze, Rudzutak, Broýda dagynyň hem ynamyndan peýdalanyp, Türkmenistany özbaşdak döwlet etmeli! Ine, şu meselede-de Atabaýewiň oýlap tapan bir göçümi bar, haýran galmaly zat! Diňe Atabaýew ýaly belentleriň başarjak göçümi!
1923-nji ýylyň tomsunda Buhara Halk Respublikasynyň bäşinji sessiýasynda karar etdirýär: Orta Aziýada milli bölünişigi amal etmeli! Ilki bu karary goldamaýanlaram tapylýar, emma yz ýanyndan milli bölünişigiň territoriýa taýdan komissiýasyny düzdürýär. Şol komissiýany döretmäge Atabaýew diýseň tagalla edýär, özem oňa agza bolup girýär, belli bir wagtda onuň başlygam bolýar. Buharada gezip ýören Atabaýew Çärjewiň üsti bilen Daşkende çykyp, şu meseleleri çözdürýär-de, ýene Orta Aziýa möçberindäki wajyp ýolbaşça öwrülýär duruberýär. Territoriýa meselesi boýunça komissiýanyň agzasy hökmünde Daşkende işe geçýär. Yz ýanyndanam Orta Aziýa býurosynyň agzasy bolýar. Tanyş-bilşi kän, dostlary kän, dilewar, edenli, diýenini etdirip bilýän, taýýarlykly adam.
1924-nji ýylyň başynda Horezm Respublikasynda gozgalaň turýar, söwet häkimetinine garşy gozgalaň. Gozgalaň ýatyrylandan soň, Horezmde sowetleriň häkimligini berkitmek işleri bilen bagly ýörite topar iberilýär, şol toparyň içinde Atabaýewem bar. Fewral aýy Atabaýew Horezmde, Hywada, Ürgençde, Daşhowuzda ýygnaklar geçirýär. Atabaýew her gün diýen ýaly çykyş edýär.
Mart aýynyň 13-inde Horezm kompartiýasynyň ýerine ýetiriji býurosy geçýär, giňişleýin maslahat edilýär. On meselä garalýar. On meseläniň üçüsi boýunça Atabaýew gepleýär. Üç mesele boýunça doklad edenem, kararyny ýazanam Atabaýew. Atabaýew aprel aýynyň on ikisinde türkmenleriň ikinji gurultaýyny çagyrýar. Ýöne dokumentde muňa-da birinji gurultaý diýilýär, hakykatda, birinji gurultaý öň bolupdy, ol hakda aýdypdym. Bu gurultaýam Porsuda geçýär. Türkmen oblasty döredilende onuň merkezi Porsy galasy diýlipdi, emma munuň bolmajak ýerini Atabaýew hemmeden öňürti aňypdy. Şu ýerde bir meseläni orta atdy, muny orta atmak üçinem Atabaýew bolmalydy. Türkmen oblastynyň merkezi Daşhowuz bolmaly, başga şäher bolup bilmez diýip, diýseň kesgin aýtdy. Oňa garşy çykanlar: o nähili Daşhowuz bolmalymyşyn, Daşhowuzda ýeke türkmen ýok, durşuna özbekler diýdiler. Indi Atabaýewiň jogap berşine seret! Bir zada üns beriň diýýär, şäherleriň degişliligi olarda ýaşaýanlaryň kimligi bilen däl-de, ykdysady, syýasy, medeni tarapdan kimiň merkezidigi bilen kesgitlenilýär diýýär. Daşhowuz şäherinde aglaba özbekleriň ýaşaýandygyny menem bilýän, hakyky zat, ýöne Daşhowzy hemme zat bilen üpjün edýän türkmenler, raýonlary, türkmen raýonlaryny derwaýys harytlar bilen üpjün edýänem Daşhowuz şäheri diýýär. Jedeliň dowam edendigine garamazdan, Türkmenistan Respublikasynyň döredilmeginiň öň ýanynda, sentýabr aýynda Daşhowuz şäheri Türkmen oblastynyň merkezi bolmaly diýlip, Atabaýew tarapyndan öňe sürlen teklip kabul edildi. Şeýlelik bilen Atabaýew türkmen oblastyny Daşhowuz oblasty diýip atlandyrýar. Şuny etmek üçin, şuňa akyl ýetirmek üçin, meseläni teoriýa hem durmuşylyk taýdan çözmek üçin Atabaýew bolmaly, şonuň ýaly belent bolmaly.
Şu ýerde biraz yza gaýdaly. 12-nji aprelde türkmenleriň gurultaýy boldy, şonda-da türkmen oblasty döredilýär diýip yglan edilipdi, ol Horezm oblastynyň düzüminde döredilipdi diýdik. 1923-nji ýylda Bütinhorezm gurultaýynda Horezm Respublikasyna SSSR-iň düzümine girmäge-de mümkin¬çilik döräpdi, ýöne Staliniň başga maksady bar, entek ony goşanok. Ine, şu ýerde Atabaýewiň tapýan oýnuna seret! Biz Horezm Sowet Respublikasynyň bolmagyna garşy däl, onuň saklanmagyna-da biz garşy däl, ýöne türkmenleri Horezm Respublikasynyň düzüminden aýyrmaly, sebäbi Türkmenistan Respublikasy döredilýär, olary şoňa goşmaly diýýär. Ýene dawa turýar: ol nähili bolar, türkmen oblastyny aýyrsaň, onda Horezm Respublikasy nähili ýaşar, içini böwsüp aldygyň bolýar diýýärler. Atabaýew bu dawada-da üstün çykýar, ýeňýär! 1924-nji ýylyň 2-nji iýunynda Staliniň ýolbaşçylygynda RKBP-niň syýasy býurosynyň ýörite maslahaty bolýar, Staliniň ýolbaşçylygynda. Şonda býuronyň karary ýazylýar: Horezm Respublikasynyň wekilleriniň respublikany saklamak hakyndaky teklibi bilen ylalaşmaly. Düzüminden Türkmen oblastyny çykarmak bilen Horezm Sowet Respublikasyny saklamaly.
Görüň, Atabaýew iki meseläni birden çözdi.
T.J. Juda inçe işleýär ekeni.
K.M. Akylyňy haýran edýär! Hem-ä olary goldaýar, hemem Stalini goldaýar, hemem öz etjegini edýär. Şu zatlary edip, Atabaýew özünden hoş bolup, bir zat diýenmiş. Elbetde, onuň bu sözi dokumentlerde ýok, gürrüňlerde aýdylýar. Aýtakowa aýdanmyş: “Bolandyr! Bolandyr, galanynam görübereris!” diýipdir. Etjegini etdi, Daşhowzam alyndy.
T.J. Indi Çärjew bar.
K.M. Entek howlukmaly, biraz şu ýerde duraly. Ata¬baýewiň bagtyna şu ýerde uly bir waka ýüze çykýar. Horezm Respublikasyna özbeklerden eýe ýok. Şol mahal Horezm kompartiýasynyň birinji sekretary gazak ýigidi, Galandar Odinaýew diýýärler. Onuň düýpli bir ylmy ýok, özem girrik, dargursak adam. Ol bir görseň-ä Horezmi saklajak, bir görseňem, milli duýgusyna eýerip, Gazagystana gitjek. Horezmi durşy bilen Gazagystana berip bilenok.
Şonda Odinaýewiň bitiren bir hyzmaty bar, Garagalpak Awtonom oblastyny döredýärler, ýöne ony Gazak Awtonom Respublikasyna degişli edip döredýärler. Ýogsa, Özbegistan SSR-i döredilipdi, şoňa goşaýmaly ýaly-da, edenoklar. Aral deňziniň boýlary, Gaplaňgyr diýen giň meýdan Garagalpagystanyň hasabyna geçýär. Soň Horezm Respublikasyny Özbegistana goşmaly diýlip karar çykarýarlar, respublikadan diňe birje oblast galypdyr. Giň bölegini öň Atabaýew aldy, soň Garagalpak oblasty gitdi. Men muny näme üçin aýdýan? Şu ýagdaý bölünişikde wezipedäki şahslaryň nähili uly rol oýnap bilýändiklerini görkezýän fakt. Şol mahal Horezmiň öz içinden taryhy rol oýnap biläýjek şahs çykmady. Bir tarapdan alanyňda, Horezm Respublikasy talaňa, alan-aldylyga düşdi. Şeýlelik bilen Türkmen oblasty TSSR-iň düzümine girdi, Atabaýewiň tagallasy bilen Daşhowuz şäheri oblast merkezi boldy. Ýogsa, Daşhowuz şäheriniň meselesi birnäçe gezek Orta Aziýa býurosynyň maslahatyna salynýar. Özbekler bermejek bolýarlar. Atabaýew meseläni şeýle goýýar: Daşhowzuň bir gapdalyna çyksaň Tagta, ilersine çyksaň Garaporsaň diýen türkmen obasy, beýlesine gitseň Ýylanly, ondan geçseň Akdepe, Akdepeden aňyrda Köneürgenç, bu gapdalyna süýşäýseň Boldumsaz, Gubadag... ol ýerlerem tutuş türkmenler. Olaryň ortasyndan bir şäheri özbeklere berip bolmaz-a!
Çärjew oblasty, häzirki Lebap atlandyrylýan welaýat, uly dawalara duçar bolandyr. Şol mahal Gabaklydan aňyrdaky territoriýa Horezm Respublikasyna girýärdi. Atabaýewiň tagallasy, gaýraty bilen Buhara Respublikasynyň düzüminde Türkmen Awtonom oblasty döredildi diýdik. Indiki mesele şol oblasty nädip Türkmenistana geçirmelidigi hakda barýar…
Atabaýew kelle döwýär. Ol 1924-nji ýylda territoriýa bölünişigi boýunça döredilen komissiýanyň başlygynyň orun¬basary. Şol mahal Çärjew şäherini özbeklere bermeli diýen mesele çykýar. Öň Daşhowuz şäheri babatda getirilen delili bu ýerde-de öňe sürýärler. Çärjew şäheriniň esasy ilaty özbekler. Çärjew belli ýer, uly ýollaryň çatrygynda oturan şäher. Indi bu şäheri nädip almaly? Şu meselede Atabaýewiň görkezen paýhasyna haýran galyp ýörün. Atabaýew garaşylmadyk teklibi orta atýar: Çärjew şäheri täze döreýän Türkmenistan Respublikasynyň merkezi bolmaly! Hökman ol paýtagt bolaýmaly, sebäbi paýtagt suwsuz ýerde bolup bilmez, Çärjew derýanyň kenarynda otyr. Aşgabat bolup bilmez, suw ýok.
Muňa Sähetmyradow garşy çykýar. Territoriýa boýunça komissiýanyň agzalygyna Sähetmyradowam girýär. Mille¬ti rus hem bolsa, Paskuskiý hem girýär. Aýtakow wezipesine görä hökman giräýmeli, Türk SIK-iň başlygy. Türküstan Awtonom Sowet Sosialistik Respublikasynyň Merkezi Ýerine Ýetiriji Komitetiniň başlygy Nedirbaý Aýtakowdy. Aýtakowyň şular ýaly belent wezipelere bellenmeginde Atabaýewiň tagallasy örän uly bolan. Nedirbaý bilen Gaýgysyz pikirdeş. Aýtakow Atabaýewiň diýenine gulak asar, Sähetmyradow Atabaýewe garşy. Türkmeni türkmen bilen çaknyşdyrýarlar, bir gapdalda-da Paskutskiý dur. 1923-nji ýylda Orta Aziýa Ykdysady Soweti döredilýär, başlygy Paskutskiý, özem aşgabatly. Halmyrat Sähetmyradowyň Paskutskiý bilen gepi alyşýar. Ikisi Atabaýewiň garşysyna çykýarlar.
T.J. Diýmek, türkmeniň bähbidi orta atylanda türkmen türkmene garşy?
K.M. Meseläniň gyzykly ýerem şunda. Atabaýew Çärjew hakynda mesele goýandan soň, onuň ady üýtgedilýär. Leniniň öleniniň yz ýanynda. Oňa Leninsk-Türkmensk diýip, at berilýär, Atabaýewiň teklibi boýunça edilýär. Türkmençe aýtsaň, Lenin-Türkmen şäheri bolýar dälmi?
T.J. Syýasat üçin edilen oýun bolmaly.
K.M. Atabaýewiň ýörite edip ýören oýny. Sähetmyradow bilen Paskutskiý Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat bolmaly diýýärler. Şeýlelik bilen türkmene dahylly adamlar komissiýada ikä bölünýärler. Faýzylla Hojaýewiň, Abdykadyr Muhiddinowyň, Ykramowyň garşy bolýandyklarynyň üstesine iki sany türkmenistanlam garşy. Aşgabady, şol mahal oňa Poltaratskiý diýýärdiler, paýtagt etmek Atabaýewiň öz göwnünde-de bar, ýöne onuň maksady bahana bilen Çärjewi almak, özbeklere bermezlik. Mesele örän ula gidýär. Daşhowuzly meselede getirilen delili bu ýerde getirip bolanok, Çärjewiň golaý-goltumynda türkmen juda az. Köne Çärjew, Kaganowiç diýildi, özbekler. Beýlekisinde Boýnuzyn, aňry geçseň Dänew, ondan aňyrda Gabakly, hemmesinde özbekler ýaşaýar. Ol mahal olaryň ady özbek däl, tat, “sart” sözüniň ýoýulyp aýdylyşy. Tat diýdirmän, Atabaýew bularyň köpüsine türkmen diýip ýazdyrýar. Bir maşgalada özbek diýip ýazdyrýanam, türkmen diýip ýazdyrýanam bar. Indi Çärjewiň Amyderýanyň gyrasynda ýerleşýändiginden nähili peýda gazanyp bolar. Edil derýanyň kenarynda duran şäher paýtagt boljak bolsa, aňry kenaram şonuňky bolmaly bolar diýip, Atabaýew ýene bir teklibi öňe sürýär. Şeýdip, Faraby goparyp alýar. Uly dawa-jenjelden soň Çärjewi goparyp alýar. Oblastyň adynam Çärjew şäheriniň täze ady – Leninsk-Turkmensk diýip özgertdirýär. Şeýdip, Türkmenistanyň döremegini, paýtagtynyň hem Çärjew bolmalydygyny karar etdirýär.
Emma, Türkmenistan respublikasy döredilenden soň, 1925-nji ýylyň fewralynda geçirilen ýygnakda, paýtagt Poltar¬atsk diýlende, Atabaýew sesinem çykaranok. Aljagyny aldy, mesele çözüldi, Çärjew, Farap Türkmenistanyň düzüminde! Indi siziňkem dogry diýýär-de, Atabaýew paýtagtyň Poltarask-Aşgabat bolmagy bilen ylalaşýar oturyberýär, özem respublikanyň başlygy bolýar.
Şu ýerde bir sorag ýüze çykýar, şol hakda heniz hiç ýerde ýazylmady. Menem aýtmadym, ýöne hakykatyň hatyrasyna aýtmaly. Näme üçin Atabaýew kompartiýanyň birinji sekretary bolmandyr? Lenin bolmandy. Lenin Halk Komissarlar Sowetiniň başlygydy. Hökümetiň hukugy kompartiýanyň Merkezi Komitetiniň hukugyndan has ýokarydy.
Şeýlelikde Atabaýew Türkmenistan Respublikasy döredilende birinji adam bolup orta çykýar, wezipesi boýunça. Soňam Stalin kem-kemden towlap alyp, Merkezi Komitetiň hukugyny köpeldende, Sähetmyradow dagy baş göteripdirler, Atabaýewe gysyş başlanýar. Bu meselede aýratynam Mežlauk, Sähetmyradow işeňňirlik görkezýärler.
4. Prezident Nyýazowyň ýanynda
K.M. Tirkiş, ikimiz örän peýdaly zadyň başyny başladyk, nesip bolsa, muny soňlarys, ýazarys, aýdarys.
Men özüm hakynda iki agyz söz aýtmakçy. Ondanam ozal, meniň bilen şu söhbedi seniň ýazýandygyň gowy zat. Eger men Kakajan Muhammetberdiýew diýlip il arasynda azda-kände tanalýan bolsam, dogrymy aýdaýyn, men Ata¬baýewe meňzejek boldum, şony özüme nusga edip aldym. Atabaýewiň öz eli bilen ýazan hatlaryny, ol hakda ýazylanlary okamak maňa miýesser etdi. Arhiw materiallaryny açmaga, tertibe salmaga, nomerlemäge arhiwçiler bilen bile menem gatnaşdym. Bu bir bagt! Muny şeýle nygtap aýdýanymyň sebäbi bar, soňra şol arhiwleri ýene ýapdylar, golaýyna hiç kimi eltmediler. Eltmediler diýenim bilen bagly soňky bolan fakty aýdaýyn.
1993-nji ýylyň ýanwarynda bizi Türkmenistanyň prezidenti Saparmyrat Ataýewiç Nyýazow kabul etdi. Taryhçy hökmünde dört adam bolup bardyk. Şol mahal magaryf ministri bolup işleýän Nursähet Baýramsähedow, Ylymlar Akademiýasynyň wise-prezidenti Myrat Annanepe¬sow. Olaryň wezipelerine görä çagyrylan bolmaklary-da ähtimal. Ýöne men soňra baran ýoldaşlarymyň käbiri ýaly: prezident bizi çagyrdy diýen ýaly magtanmak äheňinde gürlejegem bolmadym, telewideniýede çykyş etmäge çagyrsalar-da, şony agzamadym, menden başga-da gürrüň berýänler bar diýdim. Meni çagyranlarynyň sebäbini bir zatdan görýän. Ýigriminji asyryň taryhyny ýazýanlaryň arasynda meniň ornum bolaýmaly, oduň içinde boldum, gözli şaýat diýdim. Ylymda uly bir takyklama bar: iň uly, iň ygtybarly taryhy çeşme taryhyň öz içinde bolmak. Özüň taryh bolmaly. Bir sebäp bilen men taryhyň içinde boldum. Şu zerarlam 10-njy klaslar üçin taryhdan okuw kitabyny ýazmakçy boldum, ýöne maňa bir kömekçi gerekdi, orsça aýtsak, “çýornoraboçiý” gerek, onuň güýçli taryhçy bolmagy hökmanam däl. Özüm oňa görkezme berjek, meseläni täzeçe goýjak, buýurjak, döwürleri özümçe kesgitle¬jek. Maňa oturyp ýazyp bilýän kömekçi zerurdy, üstesine-de tiz ýazmaly diýip, Magaryf ministrligi gyssady. Men Ýazgylyç Orazgylyjow diýen adamy ýanyma aldym. Ol maňa kömekçi boldy, dogrusy, garalama ýazyjy boldy, şu sözüň aşagyny çyzyp, nygtap aýdýan, ýogsa olam soň käýerde gaýşarylyp, biz ýazdyk diýip başlapdyr. Men şular ýaly zady hiç halamadym, kükregine urany halamadym. Seniň kimdigiňi il görüp dur-a! Käbir zady gizläp bolýanam bolsa, bir zady ildenem, dostuňdanam, duşmanyňdanam gizläp bolanok: kim sen? Sen kim? Kimdigiňi hemişe ýüzüňe aýdanoklar, bu başga mesele. Şundan peýdalanyp ”men” diýýänlerem bar.
Duşuşyga dolanaly. Gürrüň başlananda Saparmyrat Ataýewiç ministr Nursähet Baýramsähedowa: men seni tanaýan diýdi, ikimiz bile işleşdik diýdi, ol hakda aýtjak sözüni aýtdy. Bir ýerinde menem goşulaýdym, öz häsiýetimiň hemme ýerini unabam duramok. Nury gowy ministr, işleşmek aňsat, ylyma düşünýän adam diýdim welin, Saparmyrat Ataýewiçem: menem oňa garşy däl, ýöne menem ony tanaýan diýdi. Şu hakda gürrüňiň geregi ýok diýen äheňi berdi dälmi? Ýagşy-ýaman başga zat diýmedi.
Soňra Myrat Annanepesowa ýüzlendi-de: ”Myrat, – diýdi, – hol-ha, seniň ýazan zadyň ýatyr, hol-ha, üýşmek bolup ýatyr, onuň ýazylyşy metodologiýa taýdan nädogry. Sen türkmeni nirelerden getirýäň? Türkmeniň dörän ýeri şu taýy, şu toprak! Biz türkmeni şu taýdan gözläris” diýdi.
Şu sözleri diýdi-de, kürsüsini maňa tarap öwürdi: ”Kaka¬jan, – diýdi, – men seni çagyrdym, men seniň bilen gepleşjek, maňa Türkmenistanyň taryhy hakynda takyk gürrüň gerek” diýdi.
Men: ”Saparmyrat Ataýewiç, siz biziň başymyza iňňän jogapkärli wezipäni atýarsyzyň, bize indi siziň goldawyňyz gerek” diýdim.
”Goldaw bolar – diýdi, – hakykaty ýazyň, bolşy ýaly ýazyň, şu döwri bolşy ýaly ýazyň” diýdi.
Onuň elinde meniň düzen programmam bardy, şoňa salgylanyp aýtdy. Şol programmada bir bap bar: Türkmenistan Respublikasynyň döreýşi. Gaýgysyz Atabaýew. Nyýa¬zow: ”Meniň şuňa düşünesim gelýär – diýdi. Men Atabaýew hakynda kän eşitdim, men şuny bilmekçi, öwrenmekçi – diýdi. Yzyndanam edil şunuň ýaly zat aýtdy... Häzir men şaýadym bolmasa, ömür aýdybilmejek zadymy aýtjak. Şeý diýdi: – Men Atabaýew hakynda gyzyklanýan materiallarymy aljak bolýan welin, alyp bilemok, biziň arhiwlerimizde-de ýok. Bir sebäp bilen Daşkende, Daşkentdenem Moskwa düşüpdir, haýsy arhiwlere gidenini bilemok. Men ahyry ýol tapman, Boris Nikolaýewiç Ýelsiniň özüne ýüz tutdum, maňa şonuň materialyny beriň diýdim, berip bilmedi” diýdi.
Şoňa-da berilmeýän bolmaga çemeli. ”Bir ýoly bardyr-da, ýöne saglyk bolsa, alaryn – diýdi. – Ynha, Atabaýew hakynda bizde ýekeje bir papka bar, şahsy arhiwi hakynda papka” diýdi.
Papkany okap başlady. Menem birden: ol dokumente belet diýdim, öteräk geçen bolmagymam ähtimal, ýöne Nyýazow syr bildirmedi. Ol papka şu ýerde ýeke-täk saklanýan dokument, 1927-nji ýylda düzülen, düzenem Atabaýewiň özi diýdim. Şonda Nyýazow ýüzüme seretdi-de, soň şol gürrüňi goýdy. Türkmenistanyň döremegine sebäp bolan sowet hökümeti, serhedini guran sowet hökümeti, dünýä kartasyna salan sowet hökümeti, konstitusiýa-da sowet hökümeti döwründe kabul edildi diýdim. Soňundan Saparmyrat Ataýewiçiň özem şu sözleri gaýtalady: Türkmenistan Respublikasy sowetler döwründe döredi, döwür hakynda näme diýsegem, biz bolan zady boýun almalydyrys, serhedem şol döwürde kesgitlenipdi diýdi.
Onuň şeý diýenine begendim. Meniňem taryhçy hökmünde azda-kände goşandymyň barlygyna begendim. Şu hakyky bolan gürrüň, men şaýatly gürleýän.
Soňra ýene bir zat goşdum. Hukuksyz döwlet boldy, ady boldy-da, özi bolmady, onuňam sebäpleri bar, Staliniň maksady başgady, alyp baran syýasaty başgady. Türkmenistany döredip, at berip, yzyndanam çäkli edip goýmalydy, obrazlaşdyryp aýtsak, derýa balyk goýberip, yzyndanam çeňňek atmalydy. Saňa döwlet berdik diýip, ol döwleti beýläk itmekdi, towlamakdy. Şolam edildi. Onuň başynda duran Ata-baýewmi, başga birimi, tapawudy ýok, onuň elinden geljek uly bir zat ýokdy diýdim.
Ýene bir aýdan zadym: Türkmenistan Respublikasynyň dörändigi örän amatly bolandyr, Saparmyrat Ataýewiç, siz Türkmenistanyň özbaşdaklygyny yglan etdiňiz, eger Türkmenistan öň Soýuz Respublika hökmünde döremedik bolsady, size kyn düşerdi. Birnäçe awtonom respublikalar alyp bilmediler, biziň utan ýerimiz Soýuz Respublika bolandygymyzda diýdim.
Şonda meniň ýeňsämde oturan, ýaňky kömekçim diýenim, Orazgylyç söz goşdy: “Tatarystan alyp bilmed-ä” diýdi.
Menem: “Ynha, meň belet ýerim, Garagalpagystan alyp bilmedi” diýemde, Nyýazow güldi.
Onsoň Nyýazow: Gaýgysyz Atabaýewi orta çykaryp, adynam ýokardan ýazypsyňyz diýdi. Ol elindäki meniň düzen programmama bellik hökmünde aýtdy.
Menem: her bir zat dörände başynda biri bolýar-a. Ynha, özbaşdak Türkmenistan döwleti döredi diýlen ýerde, nokatdan soň Saparmyrat Nyýazow diýip ýazdym ahyry diýdim. Ol-a dogry diýdi. Ýene Atabaýewe dolanyp: Atabaýew basmaçy diýip, türkmenleri kän gyrypdyr-a, maňa görkezdiler diýdi. Saparmyrat Ataýewiç, sizden haýyş edýän, siz bize arkadag bolmaly, kömek etmeli, şuny dogry ýazmaga ýol açmaly diýdim. Gaýgysyz Serdarowiç Atabaýewiň özi duşmany gyranok, syýasat gyrdy, sistema gyrdy diýdim. Şunuň bilen Atabaýew hakyndaky gürrüňem, Türkmenistanyň soňky özgerişi baradaky gürrüňem şu ýerde goýaly, häzir saglyk ýagdaýym dowam etmäge mümkinçilik berenok, uzak gürlemäge mejalym ýok...
Tirkiş Jumageldiýew we Kakajan Muhammetberdiýew