(Taras Şewçenkonyñ nakgaşçylyk we grafika eserlerinden: "Katerina", 1842 ý. Kendir, ýagly reñk.)

Käl içindäki kölde
Gygyrýarlar çal gazlar.
Dul heleý hakda oba
Ýaýrady geñsi sözler:
Göýä onuñ öýüne
Zaporožly gelenmiş.
Şeýdip myş-myş gürrüñler
Bütin oba dolanmyş.
Bu ikisi bir jaýda
Içgiler içenmişler.
Soñra bolsa utanman,
Düşege geçenmişler.
Soñ görülse myş-myşlar
Döremändir boş ýerden.
Ýañky ak ýüz dul gelin
Ogul dogurdy birden.
Ese-boýa galdyryp,
Oglun mekdebe berdi.
Mekdebi tamamlansoñ
Ogluna at äberdi.
Ol aýal ýañky ata
Eýerüsti bejerdi,
Gaýmalap ýüpek bilen,
Keşdeläp zynat berdi.
Geýdirip gyzyl köýnek
Oglun atardy ýola.
Onuñ çykyp gidenin
Bildirmän uly ile.

Goşuna berip oglun,
Özi hem saçyn syrdy.
Soñra gidip Kiýewe
Keşişlige baş urdy.

Taras ŞEWÇENKO.

Terjime eden: Çary AŞYROW.
Çeşme: http://kitapcy.com/news/kal_icindaki_kolde/2022-03-27-20026

Edebiýat, Tiko tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir