Oguz türkmenleriniň Beýik Hun (Hiung-nu) döwleti geçmişde ata-babalarymyzyň guran jahanşalyklarynyň biridir. Bu döwlet taryh sahnasyna biziň eýýamymyzdan öňki 1200-nji ýylda çykypdyr.
Olaryň ilkinji ýaşan ýerleri Mongoliýanyň topraklary bolup, Hytaý döwleti bilen goňşy eken. Biziň eýýamymyzdan öňki 822-nji ýylda ýazylan Hytaý halkynyň aýdym kitaplaryndaky şygyrlarda hunlaryň ady agzalyp geçilýär. Biziň eýýamymyzdan öňki 322-nji ýylda bolan «Demirgazyk Şansi» söweşinden soň baglaşylan şertnama bilen hunlar syýasy arenada görnüp başlanýar.
Imperator Duman (Teoman) Beýigiň döwri
Taryhy maglumatlara görä Beýik Hun döwleti biziň eýýamymyzdan öňki III asyryň ahyrky çärýeginden biziň eýýamymyzyň I asyrynyň birinji çärýegine çenli has kuwwatly döwlet bolupdyr. Duman Beýigiň hökümdarlyk eden döwri hunlaryň ýerleri goňşy taýpalaryň hasabyna ep-esli giňäpdir.
Duman Beýigiň iki ogly bolupdyr. Onuň hökümdarlyk eden döwründe uly ogly Mete han goňşuçylykda ýaşaýan ýuweýjileriň köşgünde ýaşapdyr. Şazadalaryň we ýokary emeldarlaryň çagalarynyň keseki döwletleriň köşgünde saklanmagy şol döwletiň beýleki döwlete tabynlygyny aňladypdyr. Dünýä tejribesinde köp ulanylan bu syýasat şazadalaryň berlen ýurdunyň garşysyna uruş hereketleriniň alnyp barylmazlygy üçin ulanylypdyr.
Şazada Mete ýuweýjileriň köşgünde bolýan wagty iki goňşy döwletiň arasynda oňşuksyzlyk ýüze çykyp, Duman Beýik ýuweýjileriň üstine ýöriş edipdir. Bu waka Mete şazadanyň janyna uly howp salypdyr, ýöne oňa ýuweýjileriň köşgünden gaçmak başardypdyr. Duman Beýik oglunyň edermenligine buýsanyp, oňa on müň öýli ilaty dolandyrmaga beripdir. Şondan soň Mete han öz nökerlerine harby tälim bermäge başlapdyr. Mete han «şuwlap» ses çykarýan oklary ýasadypdyr. Hytaýyň hökümdary, Duman Beýigiň we onuň ogly şazada Metäniň yzygiderli hüjümlerine çydaman, biziň eýýamymyzdan öňki 214-nji ýylda «Beýik Hytaý diwaryny» gurdurýar. Kakasy Duman Beýik ölenden soň, biziň eýýamymyzdan öňki 209-nji ýylda Mete han tagta çykyp özüni «Şanýuý», ýagny «Beýikleriň beýigi» diýip yglan edýär.
Imperator Mete hanyň (Motun ýa-da Mao-tun) döwri
(b.e.öňki 209-174-nji ýyllar)
Mete hanyň döwründe Beýik Hun döwleti iň güýçli hem-de iň gowy gülläp ösen döwrüni başdan geçiripdir. Mete han öz döwletine ownukly-irili 26 döwleti birleşdiripdir. Mete han merkezleşdirilen döwleti döretmek hem-de merkezi häkimiýeti berkitmek maksady bilen döwletiň dolandyryş ulgamynda özgerişler geçiripdir. Mete han bütin ýurdy 84 welaýata bölüpdir. Olaryň başyna öz diýen adamlaryny goýup, ägirt uly döwleti merkezden dolandyrypdyr. Bu döwletiň bir tarapy Hazardan tä Hindi ummanyna, beýleki tarapy bolsa Gimalaý daglaryndan Sibre çenli aralygy öz içine alypdyr.
Hun döwletiniň kuwwatlanýan döwründe Hytaýda raýatlyk urşy turupdyr. Biziň eýýamymyzdan öňki 202-nji ýylda raýatlyk urşunda ýeňiş gazanan Lýu Ban Hytaýda Han imperiýasyny we nesilşalygyny esaslandyryp, imperator bolupdyr.
Han imperatory Gaoszunyň döwründe Hunlar bilen aralarynda oňşuksyzlyk ýüze çykyp, uruş hereketleriniň başlamagyna getiripdir. Biziň eýýamymyzdan öňki 200-nji ýylyň gyşynda Mete han atly goşunlaryny 4 topara bölüp, Hytaý goşunlarynyň daşyny gabaýar. Diňe imperatoryň haýyşyndan soň Mete han Hytaý goşunlarynyň daşyndan gabawy aýyrýar. Netijede, Hun döwleti bilen Han imperiýasynyň arasynda ýaraşyk barada ylalaşyga gelnip, paç tölemeli edilýär.
Beýik Hun döwletinde ähli begzadalaryň özleriniň şahsy nökerleri bolupdyr. Uly begzadalaryň 10 müň nökeri, kiçiräk begzadalaryň bolsa birnäçe müňe çenli nökeri bolupdyr. Hunlaryň döwletinde begzadalaryň 3 görnüşi bolupdyr. Olar: şazadalar, gullukçylar we tire-taýpa begzadalary. Beýik Hun döwletiniň ynanjy göktaňry bolupdyr. Taňry diýip göge çokunypdyrlar.
Hytaý taryhçysy Syma Sýanyň (b.e.öňki 145-90-njy ýyllar) berýän maglumatlaryna görä, Mete hanyň goşunynyň sany 300 müňe ýetipdir. Bu bolsa şol döwürde hunlaryň sanynyň 1,5 milliona ýetýändigine güwä geçýär. Hunlaryň goşunynyň esasyny atlylar düzüpdir. Esasy ýaraglary ýaý bolupdyr. Hunlaryň goşunynyň esasy söweş tilsimi garşydaşy tapdan düşürmek bolupdyr. Gabawdan, açlykdan ýaňa halys tapdan düşen duşman esgerleri ýaraglaryny taşlap boýun bolmaga mejbur bolupdyr.
Mete han biziň eýýamymyzdan öňki 187-nji ýylda Pa-i-Teng söweşinde ýüz müň goşunly Hytaý goşunyny derbi-dagyn edipdir. Biziň eýýamymyzdan öňki 174-nji ýylda bolsa aradan çykypdyr.
BELLIK: «Mulan» atly hytaý multfilminde hytaýlara garşy duşman edip görkezilýänler hem biziň ata-babalarymyz bolan hunlardyr.
Çeşme:
1. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan,
7-nji synplar üçin «Türkmenistanyň taryhy».
2. Koca, Salim (2006), «Büyük Hun Devleti».
3. Л. Н. Гумилёв, «Гунны».
Paýlaşyň:
Categories: Taryh
Tags: 7-nji synp taryh, Beýik Hun döwleti, han, Mete, Taryhy tema
Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwleti
-
Jeksparro
2 years ago
- METE HAN
08.02.2019
Harby Taryh
Oguz türkmenleriniň beýik Hun döwletiniň hökümdary (hökümdarlyk döwri b.e. öňki 209–174 ý.) Mete hana gadymy atasynyň ady dakylyp, oňa Oguz han hem diýlipdir. Taryhçy Ö.Gündogdyýew Mete hanyň 35 ýaşynda, ýagny b.e.öňki 247-nji ýylda tagta çykandygyny ýazýar. Hökümdarlygy döwründe Oguz hanyň häsiýetine gaty ýakynlygy bilen tanalan, edil şonuň ekiz taýy diýdiren han bolupdyr. Duman Beýik Ýuwejileriň döwletiniň köşgünde agöýli hökmünde saklanan bu oglunyň zamunlykdan gaçmagy başarandygyna guwanyp, oňa bir tümeni, ýagny 10 müň öýli ilaty dolandyrmaga beripdir. Hökümdarlygynyň başynda ýer sorap yrsaraýan Dunhuanyň hökümdaryna «Ýer bermeris, ser bereris!» diýip, bu welaýaty özüne boýun egdiripdir. Mete han ownukly-irili 26 döwleti öz çägine birleşdirip, güýçli merkezleşdirilen döwleti döredipdir. Bu döwletiň bir tarapy Hazardan tä Hindi ummanyna, beýleki tarapy bolsa Gimalaý daglaryndan Sibire çenli aralygy öz içine alypdyr.
Mete han goňşy Hytaý bilen hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýdy. Mete hanyň döwründe iki döwletiň arasynda birek-biregiň tejribesini öwrenmek babatynda hem gatnaşyklar edilipdir. Hytaý Hunlaryň döwlet edarasy üçin bilimli hünärmenleri taýýarlamakda ýardam beripdir. Hytaý ykdysatçylarynyň kömegi bilen Hunlar döwlet gurluşynda salgyt ulgamyny kämilleşdiripdirler. Bu ýagdaý iki döwletiň arasyndaky oňyn gatnaşyklaryň başlangyjyny düzüpdir.
Hytaý bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan Mete handyr. Hunlar bilen Hytaýyň arasyndaky «Ýaraşyk we garyndaşlyk» hakyndaky ilkinji şertnama b.e.öňki 198-nji ýylda, has takygy mundan 2216 ýyldan hem ozal baglaşylypdyr. Biz muny türkmen diplomatiýasynyň taryhynda belli bolan ilkinji resminamalaryň biri hasaplap bileris. Mete hany takmynan 20 ýaşynda hökümdar bolan hasap etsek, onda ol men diýen wagty, ýagny 31 ýaşynda Hytaý bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan bolýar. Meşhur rus alymy N.Ý.Biçuriniň ylmy neşirlerine salgylansak, bu şertnama Hytaý imperatory Lýu Banyň we Hun hökümdary Mete hanyň gol çekmekleri bilen hukuk taýdan güýje giripdir. Şertnamanyň asyl nusgasy saklanyp galmandyr, ýöne şol şertnamanyň ýerine ýetirilişini guramak boýunça alşylan köpsanly hatlaryň birnäçesi görkezilýär. Agzalan şertnamanyň esasynda birnäçe ýyllaryň dowamynda iki döwletiň arasyndaky dowam edip gelýän ýaragly çaknyşyklar bes edilip, iki döwletiň arasynda uzak mahal garaşylan parahatçylyk gazanylypdyr. Hytaý tarapynyň başlangyjy bilen baglaşylan bu resminama, ilkinji nobatda, Hytaý döwleti üçin uly bähbide eýe bolupdyr — ol onuň kuwwatly goňşusy bolan hun türkmenleri bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmaga oňaýly şertleri döredipdir. Iki döwletiň arasyndaky bar bolan serhediň goragy babatynda meselä hem üns berlipdir. Taryhçylar Ö.Gündogdyýewiň, L.N.Gumilýowyň belleýşi ýaly, taraplar söwda gatnaşyklaryny ýola goýmagy we ösdürmegi talabalaýyk hasaplapdyrlar. Bu babatda ep-esli üstünlikleri hem gazanypdyrlar. Haryt alyş-çalyş işleri ýola goýlup, serhetde bazarlar açylypdyr. Şertnama diňe bir parahatçylyk adalgasy bilen çäklenmän, eýsem «garyndaşlyk» gatnaşyklarda bolmalydygyny hem göz öňünde tutupdyr.
Hytaý ýüpek hem nah matalary, şerap, tüwi we beýleki dürli ir-iýmişleri ýollamaga borçlanypdyr. Çyn-Maçyndan Hun döwletine her ýylda iberilýän peşgeşleriň agramly bölegi Hunlaryň ýönekeý ilaty üçin niýetlenipdir. Hunlara gelinlige berlen Hytaý şazenanlary özleriniň ýanlarynda getiren birnäçe kenizleri bilen özleriniň däp-dessurlaryny hunlaryň han-begleriniň arasynda ornaşdyrypdyrlar.
Mete han hem 35 ýyl şalyk sürüp 174-nji ýylda dünýäden ötýär. Agzalan şertnama ondan 40 ýyl soň hem güýjüni saklapdyr.
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW
https://milligosun.gov.tm/habar/mete-han-JLel4lUkKj
Jeksparro 2 years ago- Gollanma.comdan çykgyt.
Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwleti
Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwleti
Hunlar barada ilkinji gezek Hytaý çeşmelerinde b.e.öň 1784-nji ýylda ýatlanylypdyr.Ondan soňra b.e.öň 822-nji we 304-nji ýyllara degişlidir.Hunlar tutuşlygyna Hytaýyň demirgazyk günbataryndaky giň sähradan tä Sibire çenli aralykda ummasyz uly ýerleri eýeläpdirler. Hunlar Oguz han aradan çykandan soň, ýerine patyşa bolan uly ogly Gün hanyň nesilleridir. Ýewropada hunlara “gunlar” diýilmegi şonuň üçindir. Gun we hun sözleri “gün” sözündendir. Gunlar (hunlar) diýmek “Güne çokunýan halk”, ýagny otparazlar diýmekdir. Olaryň baş Hudaýy Göktaňry bolupdyr. Hunlar köp taýpalardan ybarat bolup,bu agzalan döwre çenli üç sany uly taýpa bileleşigini emele getiripdirler. Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwleti we onuň edenli hökümdary Mete han hakynda dürli ýurtlaryň taryhçylary köp sanly ýazgylary galdyrypdyrlar. Hun döwleti bilen goňşuçylykda ýerleşen Hytaý taryhçylarynyň ýazgylary beýleki taryhy çeşmelerden has ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar.Sebäbi Hun döwletiniň taryhyny bar bolan köp sanly ýoýulmalara garamazdan, dine hytaý çeşmeleri doly we yzygiderli beýan edýär. Hytaý taryhy çeşmeleri Mete hanyň ýaşlyk ýyllary barada az maglumat berýärler. Ol Hun hökümdary Duman Beýigiň iki oglunyň ulusy bolupdyr. Duman Beýigiň hökümdarlyk eden döwründe ol Hun döwleti bilen gonşuçylykda ýerleşen Ýuwejilerin döwletiniň köşgünde gulluk edipdir. Şazada Metäniň ýuwejilerin köşgünde gullukda bolýan wagty iki goňşy döwletiň arasynda özara dawa döräpdir we Duman Beýigiň Ýuwejileriň döwletiniň üstüne ýöriş etmegi Metäniň janyny howp astynda goýupdyr.Bu kyn ýagdaýda oňa ýyndam atlaryň birine münüp, bu ýurtdan gaçmak başardypdyr. Duman Beýik oglunyň edermenligine buýsanyp, oňa bir tümeni, ýagny 10 müň öýli ilaty dolandyrmaga beripdir. Kakasy Duman Beýik ölenden soň Mete han b.e.öň 209-njy ýylda özüni «Şanýuý»ýagny, «Beýikleriň beýigi» diýip yglan edipdir. Hunlaryň öz ýurduny, topragyny, watanyny söýüşleriniň soňky nesillere nusgalyk häsiýetli gürrüňleri ýazuw çeşmelerinde saklanyp galypdyr. Olaryň birinde şeýle diýilýär:
Bir gün goňşy döwlet bolan Dunhunyň hökümdarynyň (dunhu-häzirki mongollaryň ata-babalary) wekilleri gelip Hun patyşasyndan öz münýän atyny dunhu hanyna bermegini sorapdyrlar. Mete han bu meseläni öz wezir-wekilleri bilen maslahatlaşypdyr. Hun patyşasy Mete dunhularyň dileginiň paýhaslylyk bilen çözüp,şeýle diýipdir:
-At diýeniň bir haýwandyr, goňşy bolsa goňşy bolar-diýip sowukganlylyk edipdir. Türkmenler aýtmyşlaýyn „Kyýamat güni goňşydan“ diýen halk paýhasyna eýerip, öz münýän atyny dunhulara berip goýberipdir. Beýle ýagdaýa maslahata gatnaşanlaryň hersi özüçe düşünipdir. Käbirleri Mete hany-patyşany gorkaklykda aýyplasa, başga birnäçeleri bu hereketde Mete hanyň eli açyklygyny-sahylygyny görüpdirler. Birnäçe adamlar bolsa öz pikirlerini daşyna çykaryp bilmän „haý näbileýin-dä, bu gün öz münýän saýlama bedewiňi berip goýberseň, ertir gelip ýassykdaşyňy dilän hem tapylar“-diýip içlerini hümledipdirler. Her niçik bolsa-da han-han, patyşa-patyşa bolýar. Ol öz gepini gögerdipdir.
Dunhu hökümdary hunlara salan dileginiň ýeňil däldigini bilýän eken. Şoňa görä-de, bu dilegiň bitäýjegine gaty bir ynam hem etmändir. Ýöne her näme-de bolsa hunlaryň „agyzlaryny ysgap görmegi“ makul bilipdir. Haçan-da hunlara giden wekil eýerli-esbaply han atyny idip gelenden soňra dunhu hökümdary eselip başlapdyr. „Görýän welin hunlar bizden heder etmän duranoklar öýdýän“-diýip gedemlik bilen ýylgyrypdyr. Aradan birnäçe gün geçenden soňra dunhu hökümdarlarynyň wekili Mete hanyň dergähinde ýene-de peýda bolupdyr. Ol Mete handan öz aýallarynyň biriniň goňşy dunhu hana berilmegini haýyş edipdir. Hun hany bu gezek hem ozalkysy ýaly wezir-wekilleri bilen maslahatlaşypdyr. Bu gezek edilýän dilege üzül-kesil garşy çykylypdyr. „Dunhularyň dişinde et galdy. Heý-de bir han atyna eýe bolanyňdan soňra, indi han aýalyna dawa edip bolarmy-diýip dergazap bolanlar az bolmandyr. Olar bizden zat dilänoklar, bizi göreş meýdanyna çagyrýarlar-diýip gylyjyna ýapyşanlar hem bolupdyr.
Emma hunlaryň hany öz wekillerini köşeşdiripdir we aýal tapylar, emma goňşy tapylmaz, goňşy üçin bir aýal näme-diýip aýallarynyň birini berip goýberipdir.
Dilegi ýerde galmadyk dunhu hökümdary „Hunlar men näme dilesem berjekler, maňa berip ýaranyp bilse kaýyl”-diýip öz ýanyndan göwün ýüwürdipdir hem-de üçünji gezek öz wekilini hun paryşasynyň huzuryna iberipdir. Bu gezek ol başga dileg edipdir. Ýagny, iki goňşy döwletiň arasyndaky, emma yunlara degişli ýerleri, mal bakmak üçin öri meýdany edilip dunhulara berilmegini sorapdyr. Mete han öňküleri ýaly goňşy ýurduň hökümdarynyň haýyşy bilen tanyşypdyr. Öňki garşy çykyşlary ýer almandan soňra, bu gezek wezir-wekilleriň hemmesi “naýbaşy bedewi, aýalyňy bereniňden soňra, boş ýatan meýdan näme. Gerek bolsa alsynlar”-diýip biragyzdan seslenipdirler.
Emma hun hökümdary Mete hanyň pikiri ýene-de wezir-wekilleriniňkä çapraz gelipdir. “Ýer döwletiň esasydyr. Ýeri kesekä bermek watanyňa dönüklik etmek bilen birdir. Kimde-kim, ýeri başga döwlete bermegiň tarapyny çalsa, ol meniň ganym duşmanymdyr”-diýip ýeri goňşulara bermeli diýenleriň hemmesine ölüm jezasyny beripdir.Şundan soň Mete han dunhularyň üstüne goşun çekipdir we olary derbi-dagyn edipdir. Netijede uly ýerler gün-günden güýçlenýän oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwletiniň düzümine goşulypdyr. Şundan soň Hun döwleti güýçlenip onuň düzümine ownukly-irili 26 döwlet birleşdirilipdir. Mete han merkezleşdirilen döwleti döretmek, merkezi häkimiýeti berkitmek maksady bilen, döwletiň dolandyryş ulgamynda özgerişleri geçiripdir. Mete han bütin ýurdy 84 welaýata bölüpdir. Olaryň başynda öz diýen adamlaryny goýyp, ägirt uly döwleti bir merkezden dolandyrypdyr. Bu döwletiň bir tarapy Hazardan tä Hindi ummanyna, beýleki tarapy bolsa Gimalaý daglaryndan Sibire çenli ýerleri öz içine alypdyr.
Mete han oguzlaryň ähli 24 taýpasyny bir ýere jemläpdir we onuň goşunynyň sany hytaý taryhçysy Syma Sýanyň (b.e.öň. 145-90) ýazmagyna görä 300000 ýetipdir. Şeýle uly ýerleri öz içine alan we kuwwatly goşuny bolan bu ýurdy hytaýlylar öz ýurtlary bilen deneşdiripdir. Hun döwletiniň kuwwatlanýan döwri Hytaýda raýatlyk urşy dowam edipdir we b.e.öň 202-nji ýylda bu uruş gutarypdyr. Raýatlyk urşunda ýeňiş gazanan Lýu Ban Hytaýda Han imperiýasyny we nesilşalygyny esaslandyrypdyr. Ol “Gaoszu tagt” adyny alyp imperator bolupdyr.
Han imperatory Gaoszu özi bilen goňşyçylykda güýçli Hun döwletiniň bolmagyny islemändir. Bu bolsa iki döwletiniň arasynda uruş hereketleriniň başlamagyna getiripdir. B.e.öň 200-nji ýylyň gyşynda Pinçen şäheriniň golaýyndaky Baýdyn obasynyň ýanynda iki goşun duşuşypdyr. Mete han öz atlylaryny dört bölege bölüpdir we Han goşunlarynyň daşyny gabapdyr. Syma Sýanyn ýazmagyna görä, daşy gabalan Hytaý goşunlarynyň sany 320 müň, Mete hanyň atlylarynyň sany bolsa 400 müň bolupdyr. Emma belli rus taryhçysy L.N.Gumilýowyň hasaplamalaryna görä hun goşunlarynyň sany 20-40-müňden geçmändir.
Gaoszunyň haýyşlaryndan soň Mete han hytaý goşunlarynyň daşyndan gabawy aýrypdyr. Şundan soň Hun döwleti bilen Han imperiýasynyň arasynda parahatçylyk we garyndaşlyk şertnamasyna gol çekilipdir. Şertnama boýunça Gaoszunyň gyzlarynyň biri Mete hana aýal edilip berilipdir we ol Han imperatoryndan ummasyz köp sowgatlary alypdyr. Mete hanyň döwründe hunlar bütewi bir oguz-türkmen milleti bolup ol 24 sany taýpadan ybarat bolupdyr. Her taýpanyn hokumdary bolup, olar şanýuýyň egindeşleri bolupdyr.
Mete hanyň döwründe hunlarda 3 tanymal urug bolup, olar Huan, Sýuýbu, Lan diýlip atlandyrylypdyr. Huan köne oguz sözi bolup, ol «okuz», «Sýuýbu», «Sube» bolsa «Ülke» manylary aňladýar. Hun döwletindäki ähli wezipeler şu üç uguryň wekilleriniň arasynda bölüşdirilipdir, sebäbi şanýuý özüne aýal edinip dine şu ugurlardan bolan gyzlary almaly bolupdyr. Döwletdäki ähli wezipeler nesilden-nesle geçipdir.
Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwletinde başga-da şeýle wezipeler we derejeler bolupdyr. 1)Gündogar we Günbatar Toky begi, 2)Gündogar we Günbatar begi, 3)Gündogar we Günbatar beýik serkerdesi 4)Gündogar we Günbatar duýuýy, 5)Gündogar we Günbatar Danhu, 6)Gündogar we Günbatar Gutlugy. Hunlarda dana adamlar “toky” diýlip atlandyrylypdyr we tagtyň mirasdary Gündogar Toky begi wezipesini eýeläpdir. Wezipeleriň we derejeleriň öňünde «Gündogar we Günbatar» sözleriniň getirilmeginiň sebäbi, bu döwlet iki ganata – sag (Günbatar) we çep (Gündogar) ganatlara bölünipdir.
Hunlaryň döwründe oguz-türkmenleriniň özboluşly kanunlary bolupdyr. Hytaýly taryhçylaryň ýazmagyna görä «olaryň kanynlary ýeňil we ulanmak üçin amatly» bolupdyr. Agyr jenaýatlar edilende ölüm jezasy berilipdir.
Oguz-türkmenlerinde ogurlyk aýratyn bir ýigrenilýen jenaýat bolup, ogryny diňe bir emläklerinden däl, eýsem maşgalasyndan hem jyda düşürilipdir. Mete hanyň döwründe hunlarda adatdan başga-da döwlet kanunlary hem ýüze çykypdyr. Harby düzgün –nyzamy bozanlara, gulluk etmekden boýun gaçyrýanlara ölüm jezasy berilipdir. Uruş-sögüş, adam öldürmek, ogurlyk we başga-da käbir jenaýatly hereketleriň bolandygyna garamazdan, hunlarda bütin ýurt boýunça bendileriň sany sähelçe bolupdyr. Tussaglar köplenç halatlarda 10 günden artyk saklanmandyr. Şeýle etmek bilen olar bendileri ekläp-saklamak, wagtlaýyn hem bolsa olar üçin ýaşaýyş jaý aladasyndan dynjak bolupdyrlar. Hunlarda zyndana salmagyň ýoklugyny iki hili ýagdaý bilen düşündirýärler. Birinjiden olarda tertip-düzgün örän berk bolupdyr. Şoňa görä-de jeza çäreleri haýal etmän şol bada berlipdir. Olar çarwa ýaşaýşynda bolmak bilen bir ýerden başga ýerlere öri meýdanlaryna-ýaýlalara gidenlerinde jenaýatçyny ýanlaryna göterip ýörmändirler. Şeýlekide, olar jenaýatçyny ekläp-saklamak ýaly artykmaç çykdajyly we hysyrdyly işlerden halas bolupdyrlar.
Hun jemgyýetinde jenaýatçylyga garşy örän berk çäreler görlüpdir. Käbir hukuk kada-kanunlary işlenip düzülipdir, olaryň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik edilipdir. Eger-de kimde-kim, hiç bir sebäpsiz ýa-da başgaça aýdylanda birine nähak hanjaryny gynyndan çykaryp çenese, şol adama ölüm jezasy berlipdir. Ogrulyga baş goşan adam maşgaladan mahrum edilipdir. Ýeňil jenaýat üçin birnäçe gezek taýak urmak bilen çäklenilipdir. Emma agyr jenaýat üçin ölüm çäreleri giňden ulanylypdyr. Hunlarda harby tertip-düzgün örän berk bolupdyr. Ony bozan her bir adama ölüm howpy abanypdyr. Bu meselede hökümdar Mete has tapawutlanypdyr. Ol bir gezek dunhu (mongol) ýurduna ýöriş etmekçi bolanda döwletiň harby çagyryşyna gijä galyp gelenleriň barysynyň kellesini almaga biýruk beripdir. Hun hökümdary Mete goşuna berk harby tälim beripdir we goşunyň özüne wepalydygyna göz ýetirýänçä tälim bermegini togtatmandyr. Eger-de kimde-kim harby tälimden boýun towlasa, onuň jany howp astynda eken. Hökümdarlar öz goşunlaryny juda kyn şertlerde synapdyr. Şol kyn synagdan geçip bilýändigi ýa-da geçip bilmeýändigi esasynda goşuna baha berer eken we şoňa görä-de netije çykarypdyr.
Umuman,bu ugurdan işlenip düzülen kanunlar Mete hanyň döwründe Hun jemgyýetiniň bitewileşmegine, güýçli goşunyň emele gelmegine we şularyň netijesinde bolsa Hun döwletiniň Aziýada kuwwatly döwlete öwrülmegine getiripdir.
Hunlarda gulçulyk bolupdyr, ýöne Aziýa üçin häsiýetli bolan bergidarlyk gulçulygy bolmandyr. Hun öz ýurdunda hiç haçan gula öwrülmändir.Gullar esasan ýesir düşen kese ýerliler bolupdyr. Gullar esasan hojalyk işlerinde ulanylyp, olaryň ýagdaýy beýleki ýurtlardaky gullarynkydan gowy bolupdyr.
Mete hanyň geçiren özgertmeleri oguz-türkmenleriň patriarhal jemgyýetini kämilleşdiripdir we harbylaşdyrylan Hun döwletiniň kemala gelmegine ýardam edipdir. Her bir hun kişisi esger bolupdyr. Esgeriň özüniň serkerdesi bolup, ol oňa doly suratda boýun egipdir. Mete hanyň geçiren özgertmelerinden ählumumy harby borçlyk, öz serkerdäňe gürrüňsiz boýun bolmak we derejeleriň girizilmekligi, aýratyn hem ýere döwletiň esasy binýady hökmünde garamaklyk taýpalaryň bir ýere jemlenmekligine gürrüňsiz mümkinçilik beripdir.
Bu bolsa tire-taýpa gurluşynyň dargamagyna päsgel beripdir we bu gurluşyň birnäçe asyrlap dowam etmegine ýardam edipdir.
Ýönekeý hun söweşiji bolup doglupdyr we ömrüniň ahyryna çenli şol derejede-de saklanypdyr. Onuň esgerligi ony ähli kynçylyklardan mäkäm gorapdyr, erkin adam bolup galmagyny kepillendiripdir. Parahatçylyk döwri ýönekeý esger öz mallarynyň yzynda gezipdir, harby türgenleşik bilen meşgullanypdyr we dynç alypdyr. Hytaýly taryhçylar hunlarda esgerler «şadyýan ýaşaýarlar» diýip belläpdirler. Şol sebäpden hem araçäk ýerlerde ýaşaýan hytaýlylar häli-şindi erkinlikde ýaşaýan hunlaryň arasyna gaçyp gidipdirler.
Hytaýlylar hun goşunynyň umumy sanynyň 300 müňe barabardygyny belläpdirler. Bu bolsa hunlaryň şol döwürdäki umumy sanynyň 1,5 mln. töweregi bolandygyny anladýar. Hunlaryň goşunynyň esasyny atlylar düzüpdir. Esasy ýaraglary bolsa ýaý bolupdyr. Hunlaryň örän okgunly hereket edýen atly goşunynyň öňünde duşmanyň ne pyýada ne-de agyr ýaraglandyrylan atly goşuny durup bilipdir. Hun goşunynyň esasy söweş tilsimi garşydaşyny tapdan düşürmek bolupdyr.
Oguz-türkmenleriniň Beýik Hun döwletiniň taryhyny ýazan alymlar «Hunlary kowmak ýeňil, ýeňmek kyn, derbi-dagyn etmek bolsa asla mümkin däl» diýip ýazypdyrlar. Taryhçylaryň hun goşuny hakyndaky ýazan bu pikirleri türkmen taryhynyň ähli döwürleri üçin häsiýetlidir.
Mete hanyň döwründe Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwletinde halk döwlete salgyt tölemändir. Erkin ilat salgyt tölemäge razy bolmandyr,üstesine-de salgyt tölemeklige öz erkinligine päsgelçilik hökmünde garapdyrlar. Hun döwletine salgytlar olara boýun egdirilen taýpalardan we halklardan ýygnalypdyr ýa-da uruşlar döwri alnan oljalar döwlet serişdeleriniň esasyny duzüpdir.
Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwletiniň özboluşly jemgyýetçilik gurluşy bolupdyr. Mete hanyň döwründe hun jemgyýeti atalyk däplerine esaslanypdyr. Ýagny, ogul ene kowmuna däl-de ata kowmuna degişli bolupdyr. Uly agasynyň dul galan gelni hunlarda ýüwürjisine dakylypdyr. Hun jemgyýetiniň aýratyn taraplarynyň biri-de urugyň, kowmuň, nesli ähli agzalary biri-biri üçin jogap beripdirler. Urugyň ýa-da maşgala agzalarynyň eden jenaýaty üçin olaryň ählisi jogap beripdirler. Bu bolsa hun jemgyýetiniň berk we uzak wagtlap dowam etmeginiň möhüm şertleriniň biri bolupdyr.
Hunlarda tire-taýpa serdary şol tire-taýpanyň bähbitlerini araýan özboluşly wekil bolup, ol tire-taýpasynyň doly goldawyna daýanypdyr. Şol sebäpden hem ägirt uly imperiýada şanýuý hem uly goldawdan hemem uly abraýdan peýdalanypdyr. Çünki şanýuý golasty halklar üçin hökümdar, hunlaryň özleri üçin bolsa ata bolupdyr. Bu-da hun döwletiniň uzak ýyllaryň dowamynda saklanyp galmagynyň möhüm şertleriniň biri.
Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwletiniň kemala gelmeginde onuň kuwwatly döwlete öwrülmeginde we şol döwrüň türkmen jemgyýetine laýyk gelýän gurluşynyň kemala gelmeginde Mete hanyň ägirt uly hyzmaty bardyr. Mete han tarapyndan döredilen gurluş urug gatnaşyklaryny berkidipdir we ol gurluş ylmy dilde «gerontokratiýa» – urugyň ýaşulysynyň häkimiýeti diýlip atlandyrylýar. Elbetde, urugyň ösen ulgamynda urugdaky şahslaryň ýaşynyň ulylygy kän bir hasaba alynmandyr. Urug begzadalary ähli häkimiýeti öz ellerine almak bilen halk maslahatyny, urug serdarlarynyň ýygnagy bilen çalşyrypdyrlar. Halk maslahaty Hun döwletiniň taryhyna degişli maglumatlaryň arasynda duş gelmeýär, oňa derek urug serdarlarynyň we begzadalarynyň ýygnagy ýylda iki gezek yzygiderli geçirilipdir. Şol sebäpden hem Hun döwletiniň taryhyny öwrenen alymlar ony urug imperiýasy diýip atlandyrypdyrlar. Emma şeýle çylşyrymly we täsin gurluşy döretmek ýeňil iş bolmandyr. Munuň üçin şeýle döwleti esaslandyryjynyň diňe bir asylzada gelip çykyşynyň bolmaklygy zerur bolman, eýsem şeýle adamda ägirt uly harby zehiniň bolmagy hem hökman bolupdyr. Hut şu sypatlary hem döwleti esaslandyryjy Mete handa görmek bolýar. Hut onuň ägirt uly başarnygy we erki bilen kuwwatly döwlet döräpdir. Mete han aýratyn hem döwletde tertip-düzgüniň berjaý edilmegini gazanypdyr. Şu düzgüne garşy gidýänlere berk çäre görüpdir. Bu bolsa hun žemgyýetinde ula hormat goýmak däbiniň harby düzgün-nyzamlylyk bilen has hem berkemegine getiripdir. Şol sebäpden hem Hun döwletiniň mundan beýläkki taryhynda tertip-düzgün bozulma hadysalary hakynda bir ýerde-de ýatlanylyp geçilmeýär.
Çingiz han döwrüniň döwlet işgärleri Ýelýuý Çusaý «At münüp döwlet döretmek bolar, ýöne at münüp döwleti dolandyryp bolmaz» diýip aýdypdyr. Şu pähime Mete han Çingiz hanyň döwründen müň ýyldanam öň düşünipdir. Mete hanyň ogly Gök han hem bu meselede atasynyň ýoluna eýeripdir.
Mete han edenli hökümdar, başarjaň serkerde bolsa-da goňşy döwletler-esasan hem Hytaý döwleti bilen parahatçylykly gatnaşyklary alyp barmaga çalşypdyr. Muňa mukaddes Ruhnamada ýerleşdirilen Mete hanyň Hýao Wene ýazan haty hem şaýatlyk edýär.
Öz hökümdarlyk eden ýyllyrynda şeýle syýasatyň ýöredilmegi Mete hana Aziýanyň ägirt uly giňişliklerinde parahatçylygy we asudalygy kemala getirmäge mümkinçilik beripdir. Şeýle syýasatyň netijesinde halklaryň arasynda söwda we medeni gatnaşyklar başlanypdyr. Mete hanyň döwründen birneme soňrak Gündogar bilen Günbataryň arasynda «Beýik ýüpek ýoly» diýip atlandyrylan uly söwda ýoly açylypdyr. Şu ýoluň açylmagynda we soňra gülläp ösmeginde Mete hanyň uly hyzmaty bardyr. Sebäbi Hytaý bilen Günbatar ýurtlarynyň arasynda Mete han tarapyndan döredilen merkezleşdirilen asuda türkmen döwleti ýerleşipdir.
B.e.öň 209-nji ýyl oguz-türkmenleri üçin iň bir jogapkärli sene bolupdyr. Sebäbi onuň ykbaly çözülipdir. Eger-de Mete hanyň başarjaňlygy we akyl-paýhasy bolmadyk bolsa hunlar öz güýçlerini gürrüňsiz tire-taýpa onşuksyzlygyna we uruşlaryna sarp ederdiler. Şonuň üçin hem Mete hanyň geçiren özgertmeleri oguz-türkmenlerini galkyndyrypdyr we ägirt uly imperiýanyň kemala gelmegine getiripdir. Mete han b.e.öň 174-nji ýylda aradan çykypdyr. Onuň amal eden işleri 300 ýyllap dowam edipdir we nesillerinden hiç kim Mete han bilen bäsleşip bilmändir. Soňra onuň döwletini ogly Gök han dolandyrypdyr. Biziň eramyzyň 48-nji ýylynda hunlar günorta we demirgazyk orda diýilýän iki topara bölünipdirler. Şol iki topar biri-birleri bilen bäsleşip we heder edip Hytaýa ýakynlaşyp ondan goldaw almakçy bolupdyrlar. Günortadaky orda (şanýuý) syýasy tarapdan güýçli bolupdyr. Sebäbi Hytaýyň baý gatlaklary ozaldan gelýän goňşuçylyk däbi boýunça olary goldapdyrlar. Bu ýagdaý demirgazyk hun ordasyny biynjalyk edipdir. Olar hem Hytaýa ýakynlaşmak üçin käbir çäreleri durmuşa geçiripdirler. B.e. 51-52-nji ýyllarynda Hytaýdan alan harby ýesirlerini boşadypdyrlar hem-de gepleşik geçirmek maksady bilen öz wekillerini Hytaýa iberipdirler. Emma Hytaý olara ynam etmändir we demirgazyk hun toparynyň teklibinden ýüz öwrüpdir. 55-nji we 62-nji ýyllarda olar täzeden Hytaýa wekillerini ýollapdyrlar. Emma ol netije bermändir. Şoňa görä-de 62-nji ýylda demirgazyk hun ordasy Hytaýa garşy uruş yglan edipdir. Şondan soňra Hytaý imperatory Mindi olar bilen parahatçylyk baradaky gepleşige girişipdir. Bu ýagdaý bolsa hunlaryň günortaky ordalarynda närazylyk döredipdir. Şeýlelikde, hunlaryň iki topara bölünmekleri diňe bir olaryň öz aralarynda däl-de, eýsem Hytaý bilen bolan gatnaşyklarynda hem kynçylyklar döredipdir. Her ordanyň başynda duran, ozalkylar ýaly, Şanýuý diýlip atlandyrylsa-da, olaryň b.e.öňki II-I asyrlardaky hun ýaranlygyndaky bütewiligi ýaly syýasy güýçleri bolmandyr.
Demirgazyk Hun ordasy telim gezek ýeňlişe sezewar bolupdyr. B.e. 91-nji ýylynda demirgaüyk hun ordasynyň hökümdary nirädir bir ýere gaçyp gidipdir. Eýesiz galan 100 müň öýli hunlar ýa-ha günortaky orda birleşipdirler, ýa-da beýleki hytaý taýpalaryna siňip gidipdirler. Şondan soňra olar özlerini sýanbi-ýagny Günbatar Manjuriýanyň we Gündogar Mongoliýanyň ýerli ilaty diýip atlandyrypdyrlar. L.N.Gumilýow sýanbileri mongol dilli taýpa diýip görkezýär.
Özara uruşlar sebäpli Hunlar telim bölege bölünip, başga taýpalaryň arasyna siňip giden bolsalar-da, olaryň harby endikleri ýitip gitmändir. Gaýtam, birleşen taýpalarynyň harby şöhratyny artdyrypdyr.
https://gollanma.com/oguz-turkmenlerinin-beyik-hun-dowleti.html