/Perhadyň Şirini barada/
Şirin Eýranyň patyşasy Hysrow Perwiziň söýgülisi bolupdyr. Ol örän owadan bolupdyr. Käbir taryhçylar ony grek, käbiri-de Huzustan ilatyndan diýip ýazypdyrlar. Şirin Hysrow Perwiziň patyşalyk eden ilkinji ýyllarynda oňa durmuşa çykýar. Hysrowyň Şirine bolan söýgüsi barada köp dessanlar ýazylypdyr. Şirine Perhat hem aşyk bolýar. Perhat Şirine ýetmek maksady bilen Bisütün dagyny gazmaga-da razy bolýar. Şirin-Perhat, Hysrow baradaky rowaýat - gürrüňler köp sanly yşky dessanlaryň ýazylmagyna sebäp bolupdyr.
Gysgaça Ensiklopediýa