Türkmen halkynyň geçmişinde orta asyrlarda diňe sebit däl, eýsem dünýäniň harby-syýasy ýagdaýyna özüniň täsirini ýetiren wajyp wakalar bolup geçdi. Ol wakalar hakykat ýüzünde halkymyzyň taryhynda täze sahypalary açdy. Olar bir tarapdan öz ýurtlarynda müňýyllyklaryň dowamynda halka oňaýsyz täsirini ýetiren bolsa, beýleki tarapdan bolsa türkmenleriň iň kynçylykly, çykalgasyz, başy gowgaly wagtynda hem özüniň edermenliginiň, gahrymançylygynyň, erjelliginiň, ynamlaryna berkliginiň beýik nusgasyny görkezendigini subut etdi.

Gadymy we orta asyrlarda taryhy geografiýa boýunça ýurdumyzyň territoriýasy Demirgazyk Horasan, Horezm, Baktriýa we Girkanýanyň ýerlerine degişli bolupdyr. Onuň giňligi günortadan demirgazyga 800 kilometr, gündogardan günbatara 1110 kilometre uzalyp gidýär.

XIII asyryň birinji çärýeginde ýokardaky ýerlere musulman dünýäsinde, şol birwagtyň özünde Günbatara, Demirgazyk Hindistan, Hazardan aňyrdaky Kawkaz ýurduna çenli aralykdaky ägirt uly ýerlere paýtagty häzirki Köneürgenç bolan Horezm şalygy eýeçilik edýärdi. Bu ägirt uly, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän ýurt-da türkmenleriň begdili kabylasyndan gelip çykan Anuşteginler şanesli dolandyrýardy. Bu şanesliniň soltan Muhammediň hökümdarlygy diňe Horezme däl, eýsem, Mawerannahra (arapçadan:“Derýanyň aňyrsyndaky ýurt”, Amyderýa-Syrderýa aralygy-B.A.), Günorta Türkmenistanyň etraplaryna (Abywerd we Nusaý okruglary), Owganystana, Eýrana we Azerbeýjana ýaýraýar. Uzakdaky Omanda onuň adyna hutba okalypdyr.

XIII asyryň ilkinji onýyllyklarynda, döwletiň ýokary ösüşlere ýeten wagtynda goşuna beýleki ymmat (arap, pars, täjik) kabylalar kabul edilen hem bolsa, onuň özenini türki-oguz toparlary düzüpdir. Soltan Muhammediň dolandyran döwründe döwletiň goşunynyň sany ymgyr köpelip, orta asyryň senenamaçysy as-Subkiniň sözleri bilen aýtsak  “nirede başlaýany we nirede gutarýany belli bolmadyk  gumdaşlary” ýadyňa salýardy. Onuň dolandyran ýirgimi ýyla golaý wagtda ýurt-da doly asudalyk höküm sürmese-de, ykdysadyýetiň, medeniýetiň we sungatyň ösüşlerine giň ýol açylypdyr. Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugurlarynda oturan şäherlerde giň gerimli söwda, hünärmentçilige, ekerançylyga üns berlipdir.

Asyryň ýirgiminji ýyllarynyň ahyrlarynda soltan Muhammediň daşarky syýasatynda düýpli özgerişler bolup geçdi.  Ýene-de, şol as-Subkiniň ýazmagyna görä “garahytaýlylaryň ýerleri Mawerannahry, Horezmi, Ysfyhany, Mazenderany, Kermany, Mekrany, Keşi, Gury, Bamiýany, Otrary, Azerbeýjany, Arrany, Yragy, Sijistany, Farsy, Tabarystany we Gürgeni eýelän dünýäniň ajaýyp eýesi horezmşah Ala ed-Din Muhammet” şol bir wagtyň özünde ýurtda özüne garşy güýçlere garşy durmaly bolupdyr. Akademik Z.M.Buniýatowyň ýazmagyna görä indi soltanyň adyna hutba Derbendiň, Şirwanyň, Horasanyň beýleki şäherleriniň münberlerinden okalýardy. Bu soltana az göründi. 1217-nji ýylda Muhammet Abbasy halyfy an-Nasyra (1180-1225 ýý.) garşy ýöriş edýär. Bu ýörüşiň maksady Bagdady basyp almak däl-de, özünden ozalky türkmen soltanlary (Mahmyt Gaznaly, Alp Arslan, Sotan Sanjar we başgalar) ýaly yslam ymmatynyň halyfyndan soltanlyk patasyny almak, mesjitlerde hutbanyň öz adyna okalmagyny ykrar etdirmekdi. Ol Muhammet şa üçin örän zerurdy. Emma ýörüşiň şowsuz tamamlanmagy soltanyň diňe daşary däl, eýsem içeri syýasatyna hem urgy bolýar. Ol özüne halyfyň ýüzünde örän hilegär duşmany gazanýar. Halyf bolsa her edip, hesip edip soltanyň kastyna çykýar hem-de amatly pursata garaşýar. Amatly pursat bolsa ara uzak wagt salmaýar.

Taryh halkyň hakydasy, onda asyrlaryň yzasy ýatyr. Adamzat ähliniň ozalda doglanda täleýiniň Allatagala aýan bolşy ýaly, pelegiň çarhy hem dynman aýlanyp dur. Munda geň we haýran galarlyk halat ýok. Başy belent çynarlaryň hem wagtyň geçmegi bilen başlary egilýär.

Çingiz hanyň Horezme ýörüşi hem örän oýlanylyp, ölçelip, bişirlen strategiki hereket boldy. Çyn ýurduny ýarymgaraşlykyga öwüren mongol hökümdaryny Orta Aziýanyň ekerançylykly oazislerine, balyklaryň köplüginden ýaňa ýata suwy ýatladýan derýalary, zehinlerinden dür dökülýän hünärmentleri, şaý-sepleridir, halylary, argamak bedewleridir ümmülmez sähralarda aga-ýana sonarlap ýören ownuk we iri şahly mallary heýjana salýardy. Onuň öňünde esasy goýan maksady, Günüň batýan suwuna-“iň soňky deňize” çenli halklary boýun egdirmekdi. Eger-de, soltan Muhammet töweregindäki watançy emirlerdir begleriň, serkerdedir ulamalaryň, şol sanda Jelaleddiniň maslahatlaryna gulak asyp, Bagdat halyfy bilen ýaraşyk baglaşan bolsa, belki-de alabaharda daglardan däli siliň akyp gelşi ýaly öňünden çykan ähli närsäni süpürip barýan mongol ýörüşiniň öňüni alyp bilerdi. Onda türkmen halkynyň taryhy düýbünden başgaça ugur bilen giderdi. Emma soltan öňden görüjilik syýasatynynda geçip bolmajak hata göýberdi.

Horezm şalygynyň synmagy dünýäniň orta asyr söwda-ykdysadyýetine, medeniýetine we sungatyna uly urgy boldy. Müňýyldan gowrak halklary, onuň üsti bilen medeniýeti utgaşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugurlary kesildi, ekerançylyk tozdy, maldarçylyk pese gaçdy, ýurt-da öndürji güýçleriň kemeldi. Horezme garaşly welaýatlar mongollaryň goluna geçdi, käbirleri ýarymgaraşlylgy gazandy. Dünýä taryhynyň tejribesiniň görkezip gelşi ýaly ilkinji kynçylyk öndürji güýçleriň-zähmetkeş daýhanlaryň hem-de çarwalaryň boýnuna düşdi. Ýurt-da halk gozgalaňlary tutaşdy, oňa ozalky emirlerdir hanlar serdarlyk etdi.

Olaryň arasynda ozal soltanyň gorag toparynda gulluk eden Buka serdary, köşk begzadasy Müjir el-Mülki, asly Amuldan bolan Ygtyýar ed-Din serdary ýatlamak ýerlikdir. 1221-nji ýylda Merwiň eteginde bolan söweşde türkmen ýigitleri edermenlik bilen söweşip, duşmany yzyna serpikdirýärler. Türkmenlere Ygtyýar ed-Din serdar baştutanlyk edipdir. Şol söweşlere asly gaýy kabylasyndan gelip çykan Süleýman beg hem işjeň gatnaşypdyr. Emma duşman rüstem gelipdir, Merw boýun egdirlipdir, mongol serkerdesi Barmas şäheriň şihneligine bellenipdir. Pars taryhçysy Ata Mälik ibn Muhammet Jüweýniniň ýazmagyna görä şäherde bary-ýogy 5000 adam töweregi galypdyr.

Demirgazyk Horasanyň şäherlerinde we obalarynda oturýan türkmen kabylalary mongollara garşy erjellik bilen garşylyk görkezipdirler. Olaryň köpüsi iň soňky soltan Jelaleddin Meňburnynyň ýygnyna goşulypdyrlar. Olardan iri türkmen kabylalary saýylýan, ýagny “il başy” bolan gaýy-baýat toparlary Wizantiýanyň (Rumustan) ýerlerinde, salyrlaryň bir bölegi bolsa Eýranda ornaşdylar. Gaýy-baýat toparlaryna soňky asyryň ahyrlaryna çenli birleşmeklik miýesser bolmasa-da, olar ýakyn gelejekde watanlaryndan üzňe ilde döwleti döretmekligiň ilkinji binýadyny goýdular. Muňa garamazdan Horezmiň özünde bütewligi, özbaşdaklygy saklamak başartmady. Jelaleddiniň pajygaly wepat bolmagy bilen halkyň iň soňky umydy hem öçdi.

Ýokarda ýatlanan, asly Balh etrapyndan bolan Süleýman beg gaýy kabylasyndan gelip çykyp, ol Jelaleddin Meňburnynyň guda garyndaşy bolupdyr. Gaýy kabylasy bolsa dünýä Abbasy halyfy tarapyndan ykrar edilen, ýagny musulman ymmatynyň hemme mesjitlerinde ady hutbada ýatlanylan Mahmyt Gaznalyny beripdi.

Orta asyryň ýazuw çeşmeleri Süleýman begiň Merw erapynda özüniň ilen-çalanlary bilen kowçum bolup oturandygyny belleýärler. Süleýman beg hem-de beýleki türkmen emirleri duşmanlar bilen üznüksiz söweşleri alyp bardylar. Muňa garamazdan türkmenleriň aglaba bölegine watanymyzyň häzirki ýerlerinde uzak oturmaklyk miýesser etmedi. Olar çykgynsyz ýagdaýdan baş alyp çykmaklyk üçin ýurtlaryny taşlamaga mejbur boldular.

Şu ýerde Anuşteginler şanesliniň taryhdaky käbir materioýal gatnaşyklar hakynda durup geçmekçi. Ýokarda hem nygtaýşymyz ýaly şanesli öz şejeresini  türkmenleriň begdili (Oguz hanyň agtygy-Ýyldyz hanyň üçünji ogly; häzirki wagtda gökleňleriň çakyr urugy) kabylasyndan alyp gaýdýar. Şonuň üçin begdililer aglaba özlerine laýyk kabyla bilen garyndaşlyk açypdyrlar. Meşhur Türkan hatyn asylzada maşgaladan gelip çykypdyr. Türkmen senenamaçysy Muhammet en-Nesewi:«Türkan hatyn baýat taýpasynyň Ýemek diýen urugyndan bolýar. Ol türk häkimleriniň biri Jeňkişi hanyň gyzy» diýip, maglumat berýär. Soltan Muhammediň baýry aýaly biri kangly toparyndan bolan Emin Mäligiň gyzy, Jelaleddiniň ejesi Aýjäjek bolsa ýazyr (garadaşly) gyzy bolupdyr. Biziň pikirimizçe asly gaýy bolan Süleýman begiň ejesi ýa ýazyr, ýa-da kangly toparyndan bolmaly. Bu kabylalardan bolan emirler, hanlar we begler döwletiň ýokarky emellerini eýeläpdirler.

Ýokarky maglumatlardan görnüşi ýaly Horezmiň ýerlerinde döwlet dolandyryş ulgamynda esasy orny eýelän begzadalaryň hemmesi soltan Jelaleddine boýun bolmandyrlar. Muhammet en-Nesewi soltanyň ömrüne bagyşlanan ömürnamasynda Jelaleddine wepalylygy saklan türkmen serkerdeleriniň atlaryny (Hanberdi, Artyk han, Goç Buga han, Meňli beg, Atahan, Goç Aba Gök han) getirýär.  Bu sanawda Süleýman beg goşulmadyk hem bolsa, ol has soňky çeşmelerde ýatlanylýar.

XIX asyryň fransuz taryhçysy D’Ossonyň ýazmagyna görä gaýy kabylasynyň ilkinji toparlary Merwden çykyp Ermenistanyň günorta etraplaryna göçüpdirler. Emma baran ýerlerinde uzak oturmandyrlar, sekiz ýyldan soň Gündogar Anadolynyň Kilikiýa etrapyna, soň bolsa Günorta Anadola göçüpdirler. Olaryň umumy sany 20 müňe golaý maşgaladan ybarat boupdyr. Akademik W.A.Gordlewskiniň maglumatlarynda XI-XIII asyryň ortalaryna çenli diňe häzirki Ankara welaýatynyň ýerlerine 17 oguz-türkmen kabylalary göçüp barypdyrlar. Belli rus taryhçysy A.Ý.Ýakubowkiý bolsa Kiçi Aziýanyň ýerlerinde 24 oguz-türkmen kabylasynyň agramly bölegi, kynyk kabylasynyň bolsa hemmesi diýen ýaly ornaşypdyrlar. Türk taryhçysy  Hüseýin Namyk Orkunyň bellemegine görä paýtagty Konýada ýerleşen Seljuk soltany Alaeddin Keýkubad I-iň köşgünde 24 munşi (kätip) oturyp, olar 24 türkmen kabylasynyň işlerini dolandyrypdyrlar.

Türkmen göçüşlikleri asyryň otuzynjy ýyllarynda hem dowam edýär. Günorta Azerbeýjandaky türkmen kabylalary mongollar bilen çaknyşykdan soň günorta ugura tarap gidýärler. Ýefrat derýasynyň ýokary akymyndaky Elibistana ýetenlerinde, olar bölünipdirler. Bölünmegiň sebäbi gaýy kabylasyny Merwden alyp çykan Süleýman beg aradan çykýar.

Süleýman begiň ogullary Sungur tegin we Gündogdy başga çykalga bolmandygy zerarly Hazar deňziniň günorta kenary bilen Horasana gitmekligi karar edýärler. Olaryň bir bölegi Gubur atly emiriň baştutanlygynda Elibistanda galypdyrlar. Galan 444 maşgala Süleýman begiň beýleki ogullary Ärtogrulyň we Dündaryň (Zyndar) baştutanlygynda Ýefratdan geçip, Anadola aşýarlar hem-de Sürmeli Çukur diýen ýerde ornaşypdyrlar. Bu ýerden Ärtogrul ogly Sarybaly seljuk soltany Alaeddin Keýkubadyň I ilçi iberip, ymykly mekan tutar ýaly mülk soraýar. Alaeddin Keýkubad eger-de Horasandan gelen türkmenler gündogardan seljuk ýerlerine golaýlaşan mongollara garşy bilelikde garşy dursalar, döwletiň iň bereketli oazislerinden ýer teklip edýär. Ärtogrulyň baştutanlygyndaky türkmenler özleriniň azlygyna garamazdan soltanyň teklibi bilen razylaşýarlar. Netjede mongollar ilkinji çaknyşykda kül-peýkun edilýär we soltan türkmenlere Gyşlak, Domanyç we Sögüt diýen ýerleri beripdir. Soltanyň permany bilen Ärtogrul Wizantiýanyň serhedindäki Sögüt galasynyň “üçbegisi” bellenilýär.  1258-nji ýylda onuň ogly dünýä inip, oňa Osman adyny dakýarlar. Osman bolsa, dünýä inip, dogry kyrk bir ýyldan soň türkmenleriň täze döwletini-Osman imperiýasyny yglan etdi.


Görnükli türk taryhçysy F.Sümer özüniň meşhur işinde Ärtogrul gazyň döwürdeşi, XIII asyryň ikinji ýarymynda ýaşan senenamaçy Ahmediniň Ärtogryly we onuň egindeşlerini oguz serdarlary hökmünde beýan edendigini teswirleýär. Şol asyrda, ondan has ozal Wizantiýanyň hristianlary Anadolyny Türküstan (Türkleriň ýurdy) diýip atlandyrypdyrlar. Emma Anadolynyň musulman ilatynyň hemmesi türkmenler bolupdyr. Alymyň ýazmagyna görä Türkýäniň türkleri özlerini mertebeli hem-de asylly oguzlaryň ogullary hasaplapdyrlar. Beýleki orta asyryň çeşmelerinden görnüşi ýaly türkmen kabylalarynyň täze baran ýerlerinde oguz etnonimi has ýörgünli bolupdyr.

XIX asyryň wengr filology Armeniý Wamberi türk dilini ortaaziýanyň ulanyp gelýän türkmen dili bilen deňeşdirip: “Anadoly dilinde şeýle düýpli sözler bolup, olar diňe häzirkizaman uýgur we altaý dillerinde gabat gelýär. Görnüşi ýaly türkmenleriň bir bölegini düzýän seljuklaryň özleri şiwe gatnaşygynda ol ýerde (Kiçi Aziýada) ýaşaýan türk doganlarynyň arasynda ýazylypdyrlar” diýip, düşündiriş berýär.

Kiçi Aziýada türkleri aňlatmak üçin üç-türkler, oguzlar we türkmenler etnonimi ulanylypdyr. Türk, oguz-türk kabyla birleşmeleriniň ýerli etniki toparlar bilrn garyşmagy türk-osmanlylaryň döremegi üçin esas bolupdyr. Ine şu esasa hem täze döwletiň başyny tutan Osman baştutanlyk edipdir. Rum seljuklarynyň (1077-1307 ýý.) döwletinde esasy orunlar türkmenleriň kynyk kabylasyna degişli bolan bolsa, täze döwletiň özenini gaýy kabylasy tutupdyr.

Emma eýýäm 1243-nji ýylda Köse dagyň golaýynda bolan söweşde Konýa soltany mongol hanyna, soňlugynda Hulagitlere tabyn bolupdyr. Iň soňky soltan Keýhysrow II-iň ogullary dürli türki we mongol kabylalaryna daýanyp, soltanlygy saklamaga synanyşan hem bolsalar, Kiçi Aziýa bir-birleri bilen bäsdeşlik edýän beglikleriň konglomeratyna öwrülipdir. Olaryň arasynda üçbegi Osman saýlanypdyr, 1307-nji ýylda bolsa Rum seljuk döwleti gutarnykly synypdyr.

Osmanly döwletiniň esasyny goýan Ärtogrul bolsa-da, ogly Osmanyň öňdengörüjilikli syýasaty, erjelligi köp babatlarda döwletiň döremegine, berkemegine hem-de ilkibaşdan Kiçi Aziýanyň demirgazyk-günbatarynda türki kabylalaryň jebisleşmeginde uly ähmiýete eýe bolupdyr. Sögüt begligi örän kiçi begligine garamazdan, örän tiz wagtyň içinde özüni bildiripdir. Bu begliň ýene bir harby-strategiki ähmiýeti, onuň göni deňze çykalgasy bolmagydyr.

Ärtogrulyň we Osmanyň türki kabylalary töweregine jemlemeginde onuň diniň ýoluna berilenligi hem aýratyn bellemelidirs. Onuň adynyň yzyna  “gazy” (din ugrunda urşujy) lakamynyň dakylmagy ýöne ýere däl. Osman dini başgalara gazawat yglan edip diňe türkmenleri dogry, birleşmeklik ýoluna gönükdirmän, olar dogup gelýän Aýyň şekili çekilen baýdagyň astynda musulman diniň hakyky halasgäri bolupdyr. Bu bolsa daş-töweregini hristian halklary bilen entek berkemedik türki kabylalarynyň birleşmeginde aýgytlaýjy esasa eýe bolupdyr.

Türkiýäniň taryhynyň orta asyr eýýamynyň esasy özenini tutýan Osmanly döwleti hakynda döredilen müňlerçe ylmy edebiýat, ýazuw çeşmeleri bar. Olaryň hemmesine bir ýazgynyň dowamynda syn bermek mümkin däl. Şonuň üçin döwletiň başyny tutan Osman gazy hakynda käbir rowaýatlary hem-de ylmy maglumatlary getirmekçi. Ol rowaýatlar orta asyryň çeşmelerine giripdir.

Olaryň biri geljegi öňünden bilýän Osmanyň düýşi bilen utgaşýar. Osman düýşleriniň birinde Edebal şyhy görýär. Ol ilkibaşda öz gyzy Balahatyny türkmen begine bermek islemändir. Edebal düýşde Osman bilen bile ýatyrka, şyhyň gursagyndan ýaňy dogup gelýän Aý çykyp, dolup Osmanyň gursagyna girip, ondan bag pudagy ösüp çykyp, özüniň ýapraklary bilen dünýäniň ýüzüni tutupdyr. Osman bagyň astynda dört dagyň-Kawkazyň, Tayryň, Atlasyň we Balkanlaryň eňňidini görýär. Bu dört dagdan Tigr, Ýefrat, Nil we Dunaý derýalary öz gözbaşyny alyp gaýdýar. Ekin meýdanlary altynbaşly bugdaýlar, daglar gür tokaýlar bilen örtülipdir. Jülgelerde gülzarlyga beslenip oturan şäherler, minaralar, mesjitleriň gök gümmezleri bina edilip, olaryň başynda ýarymaýyň şekili şugla saçypdyr. Ösüp oturan ägirt uly bagyň ýapraklaryndan gylyçlaryň ýiti tyglary çykyp, olary bady-saba Wizantiýanyň-iki deňziň we iki yklymyň çatrygynda ýerleşen paýtagtyna-Konstantinopla tarap öwrüpdir. Şäher iki zümmerdiň we ýakut daşynyň çarçuwasynda oturdylan göwher daşyna meňzäp, Osman ony oýanmagy sebäpli barmagyna dakyp ýetişmändir. Ol düýşüni şyh Edebala gürrüň beripdir, soňky bolsa düýşi ýorup, öz gyzny Osmana beripdir. Şyh Edebal Osmanyň nesillerine çäksiz hormatyň hem-de asyrlara ýaň saljak şöhratyny öňünden welilik bilen bilipdir. Edebalyň özi täze dörän döwletiň ilkinji adalatly kazysy bolupdyr.

Osman özüni hiç-haçan häkimýetiň kömegi bilen tassyklatmak islemändir, ol daş-töweregini gurşap alan adamlary özüniň adalaty, ýagşylygy, päk ahlagy bilen maýyl edipdir. Ol ynanjyny  dini  fanatçylyga (öz ynamyňa gidip, başgalaryň pikirini äsgermezlik) öwürmändir, iň ýakyn dostlary hristian grek maşgalasyndan gelip çykan Mihailogly we Markogly bolupdyr. Osmanyň häkimýeti berk bolupdyr, ýöne ol howlukmandyr, onuň begliginiň tutýan ýerleri Eskişäherden Ýenişähere çenli bir günlük ýol bolupdyr. Ol güýç toplapdyr, diňe 1300-nji ýylda 4000 müň atly esegerden ybarat bolan ýygnyny Wizantiýanyň örän ähmiýetli, göni deňze çykýan jülgesine tarap sürüpdir. Osman Koýuihsaryň (grekleriň Bafeony) eteginde wizantiýa goşunyny ýeňipdir, bu geljekki örän köpsanly ýeňişleriň ilkinji buşlukçysyna öwrülipdir.

1307-nji ýylda Osmanyň baştutanlygynda türkmenler Gara deňiziň öňüni gabalaýan hemme galalary eýeläp, Bosfor aýlagyna çykypdyrlar. Kenarýakalaryna çykan türkmen ýygyny Mermer deňzine ýetip Kalolomini  adasyny alypdyrlar. Osmanyň öňdengörüjiligi bilen Bursa we Nikomediýa şäherleriniň arasyny bölüpdir. 1326-njy ýylda Osman agyr hassa bolup ýatyrka Bursa eýelenipdir, şäheriň grek goşunlarynyň baştutany Ewrenos bolsa yslam ymmatyna giripdir. Bursa täze Osmanly döwletiniň ilkinji paýtagty bolupdyr. Osmany Olimp dagynyň eňňidinde topraga beripdirler.

Osmanly döwletini döretmekde Osmanyň tutan orny onuň öz töweregine oguz-türkmen kabylalaryny jemläp, olary diňe öz güýjüne, başarjaňlygyna ynandyrmagynda däl, eýsem onuň geljekki nesillerini kiçijik begligi dünýä ähmiýetli-üç yklyma erk eden imperiýa derejesine ýetirmekde terbiýeländigi hem-de taýarlandygy bilen kesgitlenilýär. Osmanyň 6 ogly-Orhan (Örhan, Urhan), Çopan, Mälik, Hemit, Nazarly, we Alaeddin Uly bolupdyr. Osmandan soň onuň nowbahar ogly Orhan (1281-1360 ýý.) onuň mirasdarlygyna saýlanypdyr. Onuň kümmetinde şeýle ýazgylary okamak bolýar: “Edil Osman ýaly ýagşylykly bol”.

Sözümizi jemläp aýdanymyzda Osmanly döwletiniň adamzat taryhynyň 625 ýyllyk taryhyny tutandygyny bellemekçi. Alty asyra gowrak wagtyň içinde döwletiň başynda nijeme soltanlar durdy. Onuň iň ýokary ösüşlere ýeten ýyllary Ýewropada “ajaýyp” unwanyna eýe bolan soltan Süleýman Kanunyň ( 1520-1566 ýý.) dolandyran wagty saýylýar. Onuň höküm süren zamanynda döwletiň çäkleri üç yklyma-Budapeştden we Demirgazyk Tawrýadan Hebeşistanyň demirgazygyna, Bagdatdan we Töwrüzden Marokkaň serhetlerine baryp ýetdi. Osmanly soltanlarynyň Kagan, Beg, Han, Iki keramatyň hyzmatkäri, Emir el-mümünin ýaly unwanlary bolupdyr.

Osmanly döwletiniň uzak we buýsançly taryhynda döwletiň esasyny goýan türkmen kabylalarynyň aýratyn orna eýe bolup gelendigini biziň günlerimize gelip ýeten ýazuw çeşmeleri, olaryň esasynda döredilen ylmy edebiýatlar subut edýär. Ärtogrul gazydan başlap, iň soňky soltan Abdylmejit II-ä çenli baş gaplarynda gaýy kabylasynyň urug belgisini-“gazaýak” nyşanyny göteripdirler. Bu bolsa elmydama olara Hazardan gündogardaky Ata Watanlaryny-Garaşsyz Bitarap Türkmenistany ýatladypdyr.

Bäşim ANNAGURBANOW,

arheolog


Çeşme:
https://www.atavatan-turkmenistan.com/uc-yklyma-erk-eden-dowlet-osmanly-dowleti/

Bilim, Jeksparro tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir