„MEN SÖÝERMEN GOWNUM ÜÇIN...” (Hekaýa)

Ol zol-zol gaşanýardy. Gije baldyryň ýumry ýerinden bir çybyn dişlän bolmaga çemeli. ns bermejek boldugyça beter gijeýär. Irden turanda-da beýle jan derdi däldi. Häzir welin gijisi ýüregine dökülip barýar, gaşandygyça beter gijeýär. Ýedi ýoluň üstünde gaşanyp durmagam gelşiksiz. Şonda-da gijeýän ýerinden elini aýyrasy gelenok. „Bu nämämiň azary? Beýle-de bir çybyn bolarmy? Ýok-la, çybyn däl – ýaşaýşym. Ýaşadygymça ýaşasym gelýär, gaşadygymça gaşasym. Hemmesem ýüregime dökülip barýan dert, azar. Gülüp ýeňjek bolýan, cybyndyr-da diýýän. Olam... olam agladaýjak bolýar...“ Bir ýerim gijiýär diýip her kes beýle-beýle pikirleri etmese-de etmez, emma onuň durmuşy köpümiziňkiden tapawutly, üstesine-de ol şahyr. Hawa, ol şahyr. Ulumy-kiçimi, wagtyň özi kesgitlemeli diýilýän şahyr. Galamy bilen güzeranyny görüp ýör. Hal-ýagdaýy soralsa: „Hal-ýagdaýam suwda akyp barýan kädiň üstünde ýaly. Birden çümýäs, birden suwuň ýüzüne çykýas. Heniz-ä batyp galamyzok, şoňa-da şükür“ diýip, töweregini gülüşdirýär. Ajy-ajy ýylgyrýar. Şonda-da ol ajyny kim duýýar, kim duýmaýar. Şahyr halky ömürboýy, begenjinem, gynanjynam, tutuş durkuny ile açmagyň höwesinde. Ýöne, haýran galaýmaly, şol höwesini näçe gizläp, owadan gyzyň näzi ýaly çalaja äşgäre çykaryp bildigiçe, ony çyn şahyr hasap edýärler. Megerem şondandyr, ol ajy-ajy ýylgyrsa ýylgyrardy, emma aňsat-aňsat zeýrenmez, diýse: „Näme üçin zeýreneýin? Özüm saýlap aldym bu käri. Derdini çekmäge-de, keýpini görmäge-de özüm boýun boldum. Dogry, keýpinden derdi köpräk eken. Islendik käriňem keýpinden derdi köp. Düşünene tutuş dünýäň keýpinden derdi köp. Bolanja keýpem şu gijiň keýpi-dä“ diýer. Onuň dünýäsiniň hakykatdanam keýpinden derdi köpdi. Öýünde ýarym adam, bilinden aşagy ysmaýan, maýyp aýaly indi onbäş ýyl bäri „arabajygyny tigirläp” ýör. Ýöne, ol muňa şeýle bir öwrenşipdi, dertdiginem bilmeýärdi. Bir derdi bar bolsa, olam edebiýat. Häzirem neşirýatdan gelýär. Soňky ýazan goşgularyny toplap kitapça edipdi. Neşirýadyň başlygy sypaýçylyk bilen goşguly kitaplaryň bazarynyň ýokdugyny aýtdy. Kitapçasyny alyp galsa-da, haçan neşir etjegini aýtmady. Goşgularynyň neşirýatda eslije ýatjakdygyny düşnükli etdi. „Onsuzam, bary düşnükli. Goşgy kime gerek, şahyr kime gerek?“ Başga-da barara ýeri bolmansoň goşgularyny goýup gaýtdy. Beýleki neşirýatlara barsa kitapçasyny alybam galjak däldiler. Bu neşirýadyň eýesiniň özem şahyr bolansoň, ýitgi çekmäge golaý barsa-da, ýylda iki-üç goşgular kitapçasyny çap edip dur. Okap görse, belki ýüregini gozgar, kellesiniň gyzgynyna bularam çap edeýin diýer. „Adamlar goşgudan näme beýle birden doýaýdylarka? Ýigrimi-otuz ýyl mundan öňem beýle däl eken. Kimi gürletseň şol döwrüň şahyrlaryndan söz açýar. Olaram bolup bilseler biz ýaly bolandyr ýogsa. Aý, bilýän-le, dirikäler olaňam gadyry bilnen däldir. Şahyrçylyk gadyryňy bildirjek bolmagam däl aslynda. Şahyrçylyk... Şahyrçylyk – gadyryňy gaçyrmagam-a däldir...“ Öýüne gelýänçä ýüregine düşen gijisiniň azary ýaly içinden edýän pikirlerem biri-biri bilen çaknyşyp oňa dert baryny berdi. „Bolmasa proza synanşyp göräýsemmikäm? Roman ýazyp ýörenlerem görýäs-le.“ „Aç ölýänem bolsam, men şolar ýaly prozany ýazjak däl, ýazjak däl.“ „Sen şolar ýaly ýazma, başgaça ýaz.“ „Başgaçamy? Dilde aňsat, başgaça ýazmak.“ „Kynçylygyna dözseň...“ „Kerpiç örýän kerpiji, agaç ussasy agajy bilen bolsun-la. Kynçylygam şol, beýlekisem“. Özi bilen jedelleşe-jedelleşe ol, ahyrynda-da, erteki ýazyp göreýin diýen pikire geldi. Bu onuň biraz ökjesini ýeňletdi. „Iň köp satylýan kitap ertekili kitap. Her kimiň çagasy bar. Çaga-da erteki gerek. Ökde ertekiçi dagy bolup biläýseň... Goşgy ýazmaňam goý diýýän ýok. Arasynda ýazyber. Güzeranyň aladasyndan dynsaň goşgy gaýta gowy ýazylar. Dogrudanam, men ölmeli welin, zarňyllap duran erteki ýazmaly. Özem köp ýazmaly. Zarňyllap duran diýýänim, neşirýatlar garbap alar ýaly erteki ýazmaly. Nädersiň neşirýatçy dost gapysyndan baranymdan ýüzüni sortduryp durman, gaýta nirede oturtjagyny bilmän dursa. Bir aýda üçi-dördi ýazylmazmyka? Goşgudan kyn däldir-ä?!“ Öýüne girende guraksy garaýyşy bilen garşylan maýyp aýaly onda bir üýtgeşmäň bolandygyny ýüzünden aňdy. - Kitabyňy çykarjak diýdilermi? - Hawa. - Haçan? - Haçandygyny aýtmadylar. Özüne gynanylyp bakylmaly aýaly gaýta oňa nebsiagyrjylyk bilen garap durdy. Içinden: „Neşirýatdan ýene boş sözlere ynanan bolup gaýtdyňmy?“ diýýäni gözünden görnüp durdy. Adamsy onuň bu bakyşyndan ýaňa näderini bilmedi. - Biýäňmi keýwanym, meniň kelläme „otliçnyý“ pikir geldi. Aýaly arabasyny duran ýerinde diýen ýaly aýlap, yza çekildi. Adamsyna ýol berip durşuna: - Aýdymçylara goşgy ýazyp berjekmi? – diýdi. - Aýdymçylary goýsana. Olara aýdym üçin nähili goşgulaň gerekdigini bilýäň-ä. - Saňa näme? - Hawa, sözleri pylanyňky diýsinler, menem utanjymdan ýere girip bilmäýin. Gowusy sen arabajygyňy tigirle-de, çaý getir. - Söýgi hakynda gowy goşgy ýazsaň, gowam aýdym bolsa. Atly bagşylaň birem aýtsa. Gaýta adyň ýaýrar. Soň kitaplaňam gowy alynar. Bar-a şeýle aýdymlar. Aýaly görgüli sözüni delillendirmek üçin bir gowy aýdymy ýadyna saljak bolýança, adamsy tigirçekli oturgyjyň ýüzüni aşhana tarap öwürdi. Ol ädimlerini ýeňil alyp keýpihonsyraýardy, arman baldyryndaky gijisi ýene başlady. Aýaly oturgyjynda elini salgap „Aý, erkekleň öz kellesine gelmese gep düşündirip bolasy ýok“ diýip, hüňürdäp galdy. Aýalyny aşhanada goýup, iş otagyna gelende ol ilki bilen baldyrynyň gijeýän ýerine seretdi. Üýtgeşik zadam ýok. Gaşanyna çala gyzarypdyr diýäýmeseň. Şol gyzylyň ortarasynda kiçijik düwrtügi görüp hasam gaşanasy geldi, hem ellese beter gijär öýdüp gorkdy. Derrew balagynyň gonjuny goýberdi. Iş stolunyň başyna geçdi. Adaty bolşy ýaly stolunyň üstünde galam-kagyz taýýar dur. Başlaber ertekiňe başlasaň. „Bir bar eken bir ýok eken diýip başlaýsammykam?“ Emma nähili dowam etdirjegini bilmedi. Üçe-dörde hyýal edýäň, sen entek birinden habar ber! Uludan demini alyp, çep gapdalda, diwardan asylgy duran aýna seretdi. Aýnaň ýüzünde sag egnindäki diwar hem göni özüne seredip duran öz şekili görünýärdi. Iş otagynyň bir burçunda asylgy duran bu aýna seretmäge ol endik bolup gidipdi. Hasam öz gözlerine serederdi. Gözüniň içine-içine bakyşy, ondan bir zatlar okajak bolýan ýalydy. Aýaly oňa „Ýüz görülýän aýna özüňe serenjam berilýän ýerde asylar-da, muny bärden aýyraly“ diýende, „Goý dursun. Adam hemme ýerde özüne serenjam berip gezmeli“ diýip, aýnany ýerinden gozgamandy. Emma her gezek aýna seredende aladasy „serenjamy“ däldi. Aýnada görünýän özüne ol höwri ýaly bakardy. Öz şekili bilen gürleşýän adam hakynda bir kitapda okapdam. Belki şondandyr, belki-de adama özünden ýakyn höwrüň ýoklugyndandyr. Hasam gözleri... Aýaly pessejik stoluň üstünde goýlan, elektrik togy bilen işleýän semawarda çaý gaýnatdy. Aşhanada ähli zat oňa tigirçekli oturgyjynda oturan ýerinden eli ýeter ýaly edilip gurnalandy. Bu on bäş ýylyň tejribesidi. Ýokarrakda kakylan asgyçlar aşak düşürilipdi. Gap-gaç ýuwulýan maşyn, gaz plitasy, tumbajyk, toguň öçürilip ýakylýanyna deňiç... bar zat oňa görädi. Olam bu zatlara görädi. Maýyplygy ýadyndan çykar giderdi, hatda içinden „Tigirçekli oturgyçda oturan ýerimden, gaýta, maňa aňsat düşýär“ diýerdi. Tigirçekli oturgyjynyň öňüne goşmaça oturdylan ýasyja demiriň üstünde ýerleşdirip getiren çaýyny-käsesini ol adamsynyň iş stoluň bir burçunda goýdy. Uly sazandalaň perdä seretmän saz çalyşlary ýay, gaty arkaýyn hereket edip, çaýy käsä guýup agdardy. Çaýyň ýeke damjasam stola dammady. Iki gözi welin adamsyndady. - Näme beýle seredýäň? - Garrapsyň. - Täzelik aýtdymmykam diýýäňmi? Özüň näme? - Men hiç-le... Sesi naýynjar çykandan boldumy, aýaly hyrra yzyna aýlandy. Bu çaltlyk tigirçekler sebäpli bolan bolmagam mümkin. Ýogsa ol adamsyndan beýle çalt ýüzüni öwürmek islemändi. Etjek alajy ýok, gaňyrlyp adamsyna seretdi-de, çykyp gitdi. Çagalar bagynda goýlup gidilip barylýan çagaň ejesiniň yzyndan gaňyrlyp seredişi ýaly aýalynyň naýynjar bakyşyna, onuň endamy tikenekledip gitdi. Turup aýalynyň arabajygynyň yzyndan ýapyşasy geldi. Ertekem gümüne gitsin, goşgam. Hiç zadyň gürrüňinem etmän ýüzüne seredip durjakdy. Emma ol eýýäm aşhana ýetdi. Bolmanda şeýle ýeňil aýlanýan tigirçekler baryp direnip durar ýaly gapyda işik bolsady, olam ýok. Aýalyna aňsat bolsun diýip ähli gapylaryň aşaky işiklerini özi aýyrdypdy. „Ilki badalar nähilidi, ýüzünde çala gussa gördügim derrew elim oňa uzardy. Olam beýle çalt menden daşlaşmazdy...“ Şol döwürlerde goşgularynam gazet-žurnallarda göwünjeň çap ederdiler. Soň dili siňňiliň biri „Goşgularyňy öýüňdäki durmuşyňa dözmän çap edýärler“ diýen manydaky gürrüňi onuň gulagyna ýetirdi. „Goşgularymyň öýüme näme dahyly bar? Bir setirimde-de günümden zeýrenen ýerim ýok“ diýipdi. Emma, şonda-da ýüreginde düwün galdy. Öňküleri ýaly gije ýazan goşgusyny ertesi irden redaksiýa eltmesini, dostlaryna okap bermesini goýdy. Ara eslije maý salyp elten goşgusy çap edilse-de, öňküleri ýaly begenmedi. Öňler elinde goşgusy çykan gazet, awtobusda barýarka, ýolagçylary ýörite synlardy. Olardan bolmanda biriniň goşgularyny okap barýanyny göresi gelerdi. Bolmanda bir adam... Emma, özünden başga hiç kimiň elinde goşgulary çykan gazet ýokdy. „Zyýany ýok, öýlerine bararlar, poçta gelendir. Iş ýerlerine gazet gelýändir. Açarlar, okarlar...“ diýerdi. O günlerden bäri näçe ýyllar geçdi! Näçe gazetlerde, näçe žurnallarda goşgulary çykdy. Bir okyjysyndan: „Goşgularyňy yzygider okaýan“ diýen hatam alyp gördi. Mekdebi gutaraly esli ýyl görüşmedik klasdaşlaryndan birine duşanda: „Şindem goşgy ýazyp ýörmüň?“ sözünem eşitdi... Ol aýnadaky höwrüne bakdy. Honha, ýitisi gaýdyşan göreçler, äýneginiň aşagynda hasam pökgi görünýän halka. Duluklarynda dörän uzyn, galyň gasyn. Hemmesi gussa. Çalaran saçlary biraz düşüp, giňän maňlaýyndaky inçejik ýygyrtlara çenli hemmesi gussa... Ýene-de öz göwnüni özi götermäge durdy. Içinden: „Şu ýygyrtlar, gasynlar bolmasa ýüzüm artylan käşir ýaly has betnyşan görünmezmi? Iki gaşyň arasyndaky dik ýygyrda seret, ol dagy Wan Goguňam elinden gelmez! Bolsa-bolsun gussa... Gussaly-da bolsa, bu men. Meniň özüm“. Çäýnegi stoluň üstünde goýup „garrapsyň“ diýen aýalynyň naýynjar bakyp ondan üýtgeşik bir jogaba, hereketlere garaşýarka, ýerinden turmaga ýetişmediksirän bolany onuň ýene endamyny düýrükdirdi. Arabasyndan ýapyşyp ony saklamak beýle-de dursun, „Özüň näme?“ diýenine utanjyndan gabagynam galdyryp bilmedi. „Alkymymda duran aýalyma, mundan öň ýetmiş gezek dadyna ýetişen aýalyma bu gün näme ýetişip bilmedim?“ „Garraýdymmykam? Saçlarym çalarypdyr, ýüzüm ýygyrt-ýygrt... Şular sebäplimi men garry? Ýaşyma seretseňem hemme zat dogry! Eýýäm elliden geçipdirin. Ýöne, men iliň diýýän ellisini geçmek beýle-de dursun, oňa ýetibem bilemok ahyryn! Sen ony bilýäňä, keýwanyjygym. Saç ak boldy näme, gara boldy näme? Buýra-buýra boldy näme, düşe-düşe selçeňlän boldy näme? Tüý – tüýdürdä! Şonuň üçinem beýle çalt ýüzüňi sowup gitmek bormy? Äý...“ „Äý-den“ soň elini salganda, aýnadaky şekilem onuň pikirlerini tassyklaýan ýaly elini salgap goýberdi. Ol ýerinden turup aýna has ýakyn bardy. Äýnegini aýyryp ýene gözlerine bakdy. Soňam: „Sen hiç wagt kejime gitmeýäň. Sözümi tassyklaňda-da ýaranjaňlyk edeňok“. Ol aýna bakyp gaşlaryny ýazdy. Aýnasam oňa ýazylyp jogap berdi. Aýnasynyň bolşuna başyny ýaýkap, barşyna stolunyň aňyrsyna geçdi. Onuň başyny ýaýkap, baryşy aýnasynda-da gaýtalandy. Tas erteki ýazmasyny goýup garrylyk, aýaly hakyndaky pikirlerini kagyza geçirmäge oturypdy. Emma içindäki özi razylaşmady. „Özüni aklajak bolup ýazylýan ýazgylara meňzär-dä“ diýip, bu pikirinden el çekdirdi. „Aýalymam garry diýýän bolsa, diýmek garrandyryn...“ Hälki keýpihonlugyndan nam-nyşan galmady. „Hakykatda bu dünýede garry ýa-da ýaş diýlen zat ýok. Köp ýaşan bar, az ýaşan bar. Ýaşym, inimiňkiden uly bolup biler. Ýöne, men ondan garry däl.“ Özi bilmän baldyryna eli bardy. Ýüzünde hem gijisini basmaga hyjuw, hem ejir bardy. Ýüregindäkini diýip düşündirip bilmeýäniň ejiri, gaşanyp gijisini ýatyryp bilmeýäniň ejiri. Ahyry gijisi biraz kepän ýaly etdi. Galamyny eline aldy. Alsa-da, sakaw adam ýaly birbada hiç zat ýazyp bilmedi. Birdenem ýazmaga başlady. Ertekim gara gazana derek ak antenaly, Jemşiidň jamyna derek, dünýä bilen habarlaşdyryp duran internetli, kompýuterli döwrüň ertekisi ahyryn?! Şeýle döwürde bir bar eken, bir ýok eken diýip ertekä başalamagyň özem bir erteki. Ata-babalarymyzdan hernäçe ozdurdykmykak diýsegem olar ýene öňde. Görüň ahyryn, mundan täzeçil edip aýtmak mümkin däl – bir bar eken, bir ýok eken. Hem bar, hem ýok. Ýa-da bir-ä „bar“ bar, birem „ýok“ bar. Ýa-da şol bir zat birden-ä bar bolup dur, birdenem ýok. Ýa-da „men saňa bar zadyň gürrüňini bereýin, ýöne aslynda, ol ýokdur“. Ýa-da tersine. Nähili düşünseň düşünip oturmaly! Ertekisiniň birinji abzasyny ýazanyna biraz ynjaldy. Emma işiň kyny indi başlanýar. „Bir bar eken, bir ýok eken“ diýdiňem-dä, onsoň näme? Özüň oňa nähili düşündiň? Nähili düşündirjek? Goşguda aňsat. Başlap bilseň yzy öz-özi geliberýär. Bu gezek aýna däl-de, penjireden görünýän görnüşe bakdy. Arman golaýdan gowy görýän gözleri uzakdaky şekilleri äýnegini dakynsyn-dakynmasyn o diýen saýgaryp bilmeýärdi. Öýleri baýryň gerşinde ýerleşensoň penjiresinden birgiden jaýlaryň üçegi görünýärdi. Jaýlardan aňyrdaky uzaga ýaýylyp ýatan görnüş ümezläp ümür-dumanyň içinde galýar. Bu ümezleşigi içine sorjak bolan ýaly ol haşylap goýberdi. Ertekiň dowamy geläýen ýaly? Hawa, nähili düşünsegem, bir bar eken, bir ýok eken, gadym zamanda Şährişemistan diýen bir şäher bar eken. Bu şäheriň owadanlygy belent-belent binalarynda bolman, şol binalaryň mähir bilen gurulanlygynda eken. Jaýlaryň diwarlary kerpiçdenem däl, betondanam däl, mähirdenmiş. Düşegi aýnadan ýasalan köçeler ýöremäge şeýle rahatmyş. Maşynlar onuň ýüzünde edil suwda akan ýaly akyp barýarmyş. Aýna köçeler döwülmez eken, jaýrylmaz eken, öwrülmez eken, kesişmez eken. Adamlaryň ýanyndan gara kölegeleri däl, öz aýdyň şekilleri aýrylmaz eken. Şol şekillerden adamlar biri-biriniň ýüzüne göni seretmän, garry ýa ýaşdyklaryny däl, hal-ýagdaýlaryny görer ekenler. Içiňdäki duýgulara gaplanyp, özüň bilmän gussa batyp, ýüzüňi aşak sallaýsaň dagy, ýoluňda görünýän keşbiňe öz nebsiň agyryp, nädip ýylgyranyňy bilmän galýan ekeniň. Ony görüp töweregiňde-de birgiden ýylgyryşlar peýda bolar eken. Aýna düşýän şekil şekiliň üstünden geçende biri-birini mährem gujaklaýan ýaly bolar eken. Ol ertekisini joşup ýazyp otyrka, gijisinem unudyp, stoluň aşagyna uzadan aýagyny özem bilmän, gezekli gezegine ýelkilledýärdi. Mundan keýp alýardy. Diwardan asylgy aýnada „gujaklaşýan şekiller“ görenen ýaly boldy. Birdenem ol görnüşler ýitip, ýerine geň galyp otyran öz şekili geldi. Ol aýnadan çalt ýüzüni sowdu-da ertekisini dowam etdirmäge hasam hyjuwlandy. Aýna köçeleriň gyrasynda ýaşyl baglar öser eken. Güller, gök maýsalar çar töwerekde nagyş ýaly çyzylyp, ülpüldäp oturansoň göçüp-gonup ýören guşlaram bu şäheri terk etmeýärmiş. Maşynlar tüsselemeýän ýalymyş. Beýle owadan şäherde tüsseläp ýörmekden utanjyna, bir näsazlyk tapyp tüssesi artan maşynyň özi sakga durberýän bolmasyn? Ýok, Şährişemistanda şeýle bir ussalar bar, olar maşynlar ýörände çykarýan tüssesi, adamlaryň dem alanda çykarýan demindenem az bolar ýaly edenmişler. Şäheriň ortarasyndan akýan, akýany akmaýanam bildirmeýän, ýüzündäki owunjak tolkunlar oňa bezeg üçin berlen ýaly görünýän derýaň suwunyň reňki Asman bilen reňkdeş – göm-gök bolansoň, onuň bilen ornuny çalyşdymyka diýdirýärdi. Derýa ýokarda, ýüzünden bulutlar suw ýaly akýar. Asman aşakda, onuň ýüzünde daň atyp Gün, agşam düşüp Aý dogýarmyş. Suwunyň durulygyndan ýaňa derýaň içine iňňe gaçsa görüner durar eken. Ýüzüp ýören gyzyl balyklaryň topary bu derýanyň düýbünde çigildemler açyldymyka diýdirse, ak hem altyn balyklar derýadan çopantelpekler akyp gelýärmikä diýdirýän eken. Gyzlaryň başyndaky öýmesiniň şemala ülpüldeýişine meňzäp, saz edip tolkunlar gelýär. Hem gelýär, hem gidýär. Kenarda dörän ak köpürjikler bolsa, çogan süýdüň köpügi ýaly ýumşak hem göze ýakymlymyş. Şährişemistan şeýle bir şäher, şeýle bir şäher... ertekilerdäki şäherler ýaly şähermiş, görenler görküne haýranmyş. „Ertekilerdäki“ diýen deňeşdirmesindäki çeperlige ol hoşal boldy. „Hakyna seretseň meniň Şährişemistanym ertekilerdäki şäher däl, hyýalymdaky şäher. Häzir hyýalymdaky köçä çyksam, gara kölegäme derek aýnadaky aýdyň şekilimi görsem, hyýalymdaky ýalam ondan ýöresem... Hyýalyň bardygam bir gowy zat. Megerem, her kimiň öz hyýaly, özi üçin iň oňat edebiýatdyr, iň oňat eserdir. Şol eseriň baş gahrymanam her kimiň özi! Hemmäň hyýalynda üýtgeşik ýaşaýyş bar bolansoň, adamlar bu başly-barat, öýkeli-kineli hakyky durmuşa ähmiýedem bermän ýaşap ýör... Kimi hyýalynda jennetde ýaşaýar, kimi dowzahdan halas bolmagyň aladasynda... Wah, jenneti bolup ýaşasadyň, dowzah seniň üçin gurulmadyk ýaly bolsady... Men ýene hyýalyma aldanýan.“ Maňlaýyndaky ýygyrtlary, duluklaryndaky galyň gasynlary ýazjak bolup, äýnegini aýyryp, gözüni-ýüzüni owkalaşdyrdygyça, ýüzünde ak kagyz düýrlenen ýaly, gasynlary beter köpelene meňzedi. Gözüniň ümezi has artdy. Diwardan asylgy aýna bakdy. Gözi äýneksiz bolansoň aýnadaky şekili bulaşyk görünýärdi. Äýnegini dakynyp seretdi. Soň ondan ýüzüni öwrüp özüne: „Hany badymyzy gowşatmaly, nirä barar, bu... erteki“ diýdi. Özüne oňaýly goýjak boldumy, ýa öz göwnüni özi göterjek bolup eden hereketinden boldumy, süýşüren kagyzy tas aýalynyň goýup giden çäýnegini agdarypdy. Tisginip, bir eli bilen çäýneginiň depesinden basyp saklamaga ýetişdi. „Ýazdyrjak däl-ä bular maňa, ýazdyrjak däl-ä“ Janyndan syzdyran bu sözlerini ol daşyndan aýtdy. Birdenem aýaly özüni synlap, näme diýeninem eşidip duran ýaly kellesini galdyrdy. Aýaly görnenokdy, açylan telewizoryň çala sesi gelýärdi. Diňe, aýna ondan gözüni aýyrman, eden hereketini gaýtalap durdy. Ýykylman galan çäýnegi usullyk bilen öňüne çekdi. Aýalynyň eliniň yzlaryny görjek bolýan ýaly oňa içgin-içgin seretdi. Soňam görjek bolýan zadyny tapmadyk ýaly ony yzyna süýşürip goýberdi. „Nädip ýazjak, näme ýazjak?“ „Ýazaryn, ýazaýmaly, bar zady unutmaly. Diňe Şährişemistan bar dünýede, diňe ertekim“. Şährişemistan jennet däl, bir günden bir gün onuň dury derýasy bulanmaga başlady. Adamlaryň ýüzünde mähir azalyp, gahar köpeldi. Çünki olaryň hemmesi jenneti adamlar däldiler. Süýji sözlere derek, göwne degmeler artdy. Iň ýykylmagy aňsat zat göwün boldy. Ýykylan göwünleriň harabaçylygy ýürek gysdyrjydy. Asmanyňam görki gaçdy, derýaňam. Maşynlaryň tüsselemesi artyp, köçeleriniň ýagtysy öçdi. Şekilleriň ýerine gara kölegeler döredi. Gapylara gulplar uruldy. Mundan ozal çagalarynyň eljagazyndan tutup köçä çykýan adamlar, indi agyzlary tor bilen baglanan itleri yzlaryna tirkäp ugradylar. Ine şeýle günleriň birinde-de derýaň kenarynda bir ýigit gama batyp otyrdy. Onuň ýüzüniň reňki bulançak suwuň reňki ýaly solgundy. Şol wagt onuň gaşyna bir altyn balyk ýüzüp geldi-de, şäheri halas etmegiň syryny aýtmaga başlady. - Eý, ýigit, müň gaýgy bir iş bitirmez. Derýa bulançagam bolsa, seniň ýüregiň tämiz. Tüssesi şäheri ýuwdup barýanam bolsa, seniň demiň baharyň sergin şemaly ýaly arassa. Men diňe seniň hatyraňa başyňyza düşen beladan halas bolmagyň ýoluny aýdaýyn. Emma ony nädip başaryp boljakdygyny men bilmeýän. - Aýtsana, tylla balyk belki bir alajy bolar. - Aýtsam, şäherde iki aşyk ýaşap geçmeli. Olar ömür boýy biri-birlerinden gözlerini aýryp bilmän otursalaram, sesleri biri-birine ýetip dursa-da, biri-birlerine elleri ýetmeli däl. Şeýle günlerinde-de ýene özlerini bagtly saýmaly. Aşykdyrlar, hak aşykdyrlar, emma muny hiç kimse bilmez. Olar diňe ölenlerinden soň barlyşmaly. - Haý, tylla balyk, bulançak suwuň içinde nämeler diýip duranyňy özüňem bileňok öýdýän. Heý iki aşygyň biri-birine sesi ýeter-de eli ýetmezmi? Heý iki aşygam biri-birini görüp durar-da barlyşyp bilmezmi? Gülüne ýetmek üçin bal arysy nijeme menzilleri aşmyýarmy näme? Perwana aşygyna gowuşmak üçin özüni oda urmaýarmy? Perhat Şirine ýetmek üçin daglar gazmadymy? Ýa Tahyr Zöhre diýip sandyk içinde derýada akmadymy? Züleýhany diýsene! Öz guluna aşyk bolup, guluna gul bolmaga kaýyl bolmadymy?Ýa Romeo... Ýigit bir seretse tylla balyk bulançak suwda gözden gaýyp bolupdyr. Ol tylla balyga ynanjagynam bilmedi, ynanmajagynam. Ylgap baryp bu wakany ilki duşanyna aýdyp berdi. Soň ikinjisine, üçünjüsine, dördünjisine... Kime gürrüň berse, çäre gözleşmekden geçen, gaýta üstünden güldüler. Ol ýigidem şondan soň Şährişemistany halas etmegiň ýolundan söz açmasyny goýdy. Kellesine gelen, ertekisine sygmajak pikirler ertekisiniň arasyny böldi. „Bu ertekem däl-le! Adam mydam şeýle. Töwerek tüm garaňkylyk. Garaňkylygyň arasynda bir yşyk görner. Oňa dogry gitseler tümlükden gutuljakdyrlar. Yşygy ilki gören töweregindäkilere-de ony görkezmäge çalşar, olary halas etjekdir. Emma biri tapylar: „Yşyk diýýänimiz salgym bolaýmasyn? Men ýagtyny barýan ugrumyzyň ters tarapynda görýän“ diýer. Hemmeler sakga durar. Dogrudanam garşy tarapda-da yşyk bar ýaly. Kim aýdyp biljek indi haýsysynyň salgym däldigini? Iki arada galarlar. Hakyky yşygy göreni taşlar giderler“. Ol bu pikirlerini ertekisine goşmak isledi. Emma, nädip? „Goşguda bogun sanyna seret, setir sanyna seret, bolmanda sazlaşygy aýdyp durandyr, artygyny-kemini. Proza bir jana dert. Gerekmejek zatlary ýazyp oturan bolsaňam, iň geregini ýazman goýup barýan bolsaňam bellisi ýok. Ertekimikä bir bü? Ertekiň nädip ýazylýanyny bilemog-a“. Ol elindäki galamyny petde kagyzyň üstüne gaharly taşlanda, kagyzy ýüzüne urlan ýaly titiräp gitdi. Muny duýup, ol derrew galamyny yzyna aldy. Kagyzda näme günä, galamda näme günä? Häzir iş stolunyň başyndan turup gidäýse, ertekiň dowamyny ýazmajagyny syzdy. Ýazanlaryny, özüne buýrup, birlaý gaýtadan okap çykdy. Bu näme, ylhamyň oýnumy ýa beýnisi ertekini ýazmagy dowam etdirmejek bolup gaçyp atalga tapdymy, atasy pahyrdan eşiden wakasy onuň ýadynda oýandy. Togsana golaýlap ýogalan atasy. Garryja atasy... Hasaplap gördi, bu wakany başdan geçirende ol özi ýaly – kyrk ýaşlarynda eken. Şol gyş on töweregi düýeli bolup atasy pahyr Daşoguza argyşa gidipdir. Bärden ugranlarynda beýle bir sowugam däl eken. Howaň sowap, garyň ýagmasy olar Daşoguzdan yzlaryna gaýdyp gelýärkäler, çölüň ortasyna ýetiberenlerinde başlapdyr. Şeýle bir gar tozaýarmyş, gökden ýagýarmy, ýerden göterilýärmi aňşyrar ýaly bolmandyr. Häzirki ýaly maşynyň pejini ýakyp, ýuwaşja ýöräbereýin diýjek gümanyňam ýok. Ulaglary ýükçi erkek, düýe. Olaram syrgyndan ýaňa biri-birine penalajak bolup, bozlaşyp duranmyşlar. Has beterem on adamyň hersi bir kelle. Biri ýel ýatýança bir oýda düşläliň diýýär, başga birem: «Ýeliň haçan ýatjagyny nä bilýäň? Sowugy göreňokmy, bir ýerde durdugymyz doňup galarys, ýöräliň» diýýär. Durjak bolsaň nirede durmaly, ýörejek bolsaň, haýsy tarapa ýöremeli? Ne penalar ýaly ýer bar, ne-de gidere ugur. Gündogaram bildirenok, günbataram. Sowukdan, syrgyndan ýaňa masalahatlaşara-da ýagdaý ýok. Ahyry atasy ýoldaşlaryna: «Menden galmaň, yzyma düşüň» diýip, zordan sesini eşitdiripdir. On düýeliň ýedisi bir ugra, onuň yzyna düşüpdir. Üçüsem muňa razy bolman düýeleriniň başyny başga tarapa öwrüpdirler. Olary «Terse gidýäňiz» diýip, saklajagam bolupdyrlar, etmändirler. Käbir adamyň kyn gününde hasam kejeňekligi artýar. Şol üçüň birem şeýle adamlardan eken: «Siz terse gidýäňiz» diýip, öz diýenini tutup durupdyr. Ýakyn garyndaş bolansoňlar, ýanyndaky ikisem oňa janyny ynanypdyr, gepindenem çykyp bilmändir. Garaz, düşünşere maý ýok, her kim özüniňkini dogry hasaplap, öz ýoluny tutupdyr. Atasy münüp oturan garry erkeginiň owsaryny boýnuna atyp, «Oba özi elter» diýip, ýoldaşlary bilen bir tarapa, ol üçüsem başga bir tarapa gidiberipdir. Münüp oturan erkegine her näçe ynansa-da, tä gumdan çykýançalar atasynyň ýüreginiň howsalasy ýatmandyr. Birdenem, demirýola ýetipdirler, emma bu Aşgabadyň deňimi, Tejeniň deňimi, ýa Bäherdeniň töwereklerimi belli däl. Nire bolsa-da, ilatly ýere gelenlerine şükür edipdirler. Soň, seretseler, erkek ýalňyşman eken, olary öz obalarynyň deňinden çykarypdyr. Şeýdibem halas bolupdyrlar. Terse giden üç ýoldaş bolsa bir hepdeden soň Daşoguz eteklerinde tapylypdyr. Elini-aýagyny, gözüni-gulagyny sowuk aldyrany haýsy, bolsa-da ölmän galypdyrlar. „Ine saňa erteki! Durmuşyň ertekisi! Indi olar ýaly argyşa gitmegem ýok, garry inerlerem. Atam ýalňyşaryn öýdübem gorkmandyr. Häzir diri bolan bolsa: «Ýoldaşlaryň hiçisi saňa gulak asman, «Biz bir garry erkegemi janymyzy ynanmaly?» diýen bolsa näderdiň?» diýip sorardym. Megerem, atam ýeke giderdi, ýöne dogry ýolundan çykmazdy. Belki, özüne şeýle ynamy bolany üçin beýleki ýoldaşlary ondan galan däldir... Erteki, eger çynym erteki, onda-da nähili erteki! Men bolsam özümden toslap erteki ýazaýyn diýip masgara bolup otyryn. Wagtynda bu wakadan bolmanda gül ýaly hekaýa ýazyp bilerdim. Goşgy diýip ýapyşyp ýatypdyryn“ diýip pikir etdi. „Goşgy... goşgy...“ diýip içinden gaýtalap ol ýuwaşlyk bilen ýerinden turdy. Aýalynyň açan, telewizorynyň sesine diňşirgendi. Kitap tekjesiniň öňüne bardy. Bir kitaby hatardan çekip alyp, içindäki gizlengi duran suraty çykarmanka, suratdaky on sekiz-ýigrimi ýaşlaryndaky owadan gyzyň ýylgyryp durşy göz öňüne geldi. Aýalynyň gyzka, synalary abatka düşen suraty. Içinden „Häzir gerek däl...“ diýip, ýaýdanyp, eline alan kitabyny gatynam açman yzyna goýmakçy boldy. Emma hälki arabaň yzyndan ýapyşyp ýetişmänine ahmyr edip oturan elleri aňyndan öňürtdi. Kitabyň gaty açyldy, içindäki suratam akyp diýen ýaly eline geldi. „Şu suraty elime aljak bolup kitaplarymyň ýanyna gelmedimmi näme?..“ Birmahalky oňa seredip goşgy ýazan gezeklerindäki ýaly gözleri süzüldi. Oňa seredip otura-otura ýitiren wagtyna gynanjagyny bilse-de, häzir onuň şeýdip wagtyny ýitirjegi çynydy. Çünki munuň özbaşyna bir lezzeti bardy... Ony ilkinji gezek eline alan gününi ýatlady. (Ýogsa bu ýatlama gör näçinji gezek ýatlanýandyr?!) Aýal dogany getirip beripdi. „Owadanmy?“ diýipdi. Ol bolsa dili tutulan ýaly jogabam berip bilmändi. Bir zatdan gorkýan ýalymydy, ýylgyrýarmydy, ýygralýarmydy, aljyraýarmydy – sesi çykanokdy. Aýal dogany ýene: „Owdan gerek?!“ diýdi. Ondan ýene jogap bolmady. Dogany o gyzdan suraty alyp bilşini uly gahrymançylyk hasap edýärdi. Gyzyň suratyny bermejek bolşuny, özüniňem her hili sözler bilen ugruny tapyp suraty alşyny, hezil edip gürrüň berýärdi. Ol ýa gürrüňiniň deňlenýänine deňlenmeýänine ähmiýedem bermeýärdi, ýa-da jigisiniň sessiz durşuna özüni diňleýändir diýip düşünipdi. Jigisiniň welin gulaklary gapykdy. Dili lal açypdy. Diňe gözi, gözem diňe suraty görýärdi. Seredip duran suraty surat däl-de, lagl-jowahyrmy ýa başga bir planetadan gelen üýtgeşik bir jisimmi, henize çenli görmedik bir zady ýalydy. Gözi, gaşy, çala ýylgyrmasyna gerilen dodaklar... suratdaky islendik nokat täsindi... Soň ol ony näme etjegini bilmedi. Stolunyň çekmesinde goýup gördi. Depderiniň arasyna saldy. Kitabyň sahypalarynyň arasynda gizledi. Ýanynda göterdi. Maý tapdygy oňa ýene, ýene, ýene seredesi geldi ýördi... Ýatlamasynyň şu ýerine ýetende kellesiniň bir burçunda ertekisiniň dowamy oýandy. Stolunyň başyna geçdi. Suraty bir gapdala goýdu-da kagyzlarynyň üstüne egildi. Ýyllar geçdi, aýlar geçdi. Bäbekler ýigit çykdy, ýigitler gojalyp, gojalar dünýeden ötdi. Haýyr bilen şer söweşdi, Şährişemistanda üstün çykan şer boldy. Çyn bilen ýalan söweşdi, Şährişemistanda üstün çykan ýalan boldy. Söýgi bilen aýraçylyk söweşdi, bu gezek söweş uzaga çekdi. Çünki söýgi aýraçylykdan hem pida çekýärdi, hem güýç alýardy. Horlandygyça güýjeýärdi. Aýraçylygam söýgüniň güýçlenişini görüp, beter möwjeýärdi. Iki tarapam ýeňilerli däldi. Ahyrynda-da ikisem dişlerini gyjaşyp aýryldylar. Söýgi gülleriň görküne, bilbilleriň owazyna, şahyrlaryň setirlerine siňip gitdi. Aýraçylyk bolsa biwepalyga, betpällige, bihaýalyga, ýalançylyga öwrüldi. Ine şeýle günleriň birinde-de, zemine, Allahyň emri bilen, ähli zada jan beren, umytsyzlyklaryň gury köküne nem indirip, ýaşaýyşa gaýtadan many getiren bahar pasly gelenmiş. Gök gümmeziniň şasy - Güneş gülümsiräp Asman gözýetiminiň döşüne älemgoşar dakanmyş. Bir görmegeý ýigit bilen bir owadan gyz hem hersiniň elinde bir nahal deň-duşlary bilen agaç ekmäge çykanmyş. Ýigidiň gyza ýakyn durasy, elindäki nahalyny gyzyň nahalyna ýakyn ekesi gelýärmiş. Kalby gyzyň çoguna ýanyp bişse-de, aňy-paýhasy: „Dur. Heý-de bu gözelligiň perdesini syryp bolarmy? Uzalt yşkyň ömrüni“ diýýärmiş. Kalby döş kapasasyna sygman ýene: „Ýakynla söýgüňe. Gözellik hiç bir perdäň aňyrsynda galmasyn. Ara aýraçylygy salma“ diýýärmiş. Gözel gyzam, diňe göz gytagyny aýlanda ýigitler içinde bir ýigide duşanyny aňsa-da yşk bilen edaň arasynda perwana deý perwaz urýan ýüregini diňlemän, aňynyň „Dur“ diýmesine diňşirgenenmiş. Aňy oňa „Dur. Perhat Şirin diýip daglar gazmadymy? Perhatlygy çyn bolsa on ädim aralygy dem salymda geçip gaşyňa geler. Gelmese yşky ýalandyr. Ýanma ýalanyň oduna. Heý bu pursatlara taý geljek pursat barmy? Goý, gelmesin, gelmesinem gitmesinem. Ýok, yşkyň görki aýraçylykdadyr“ diýenmiş. Gyz güýmenen. Emma ýigit aralykdaky „dem salymda geçmeli on ädimiň“ bir ädiminem ädip bilmändir. Şol barmana-da käriz başynyň gögerçinleri ýaly gyzyň joralary, ýigidiň deň-duşlary güsürdeşip geldiler. Söýgünem aňmadylar, yşkam. Salymyny bermän ikisiniňem nahalyny ekişdiler, olary erkine goýmanam sürülerine goşup alyp gitdiler. Ýigit gyzyň edadanam aşyp, özüne gaýta-gaýta bakýanyny görmäge-de ýetişmedi. Ol soň, öýüne barandan soň, geljeginden jyda düşenini syzyp yzyna geçmişde galan pursada tarap ylganmyş. Demi-demine ýetmän, bag eken ýerlerine gelenmiş. Arman, deňiňden geçensoň, sähelçejik, dem salymlyk pursada-da dolanmak ýok. Ýigit bagda biri-birine intizar bakyp oturan nahallaryndan başga hiç zat tapmanmyş. Oglan aýlanan-dolanan ýerlerine bakanmyş. Gyzyň oturdan nahalynyň entek pyntygam ýarylmadyk ýaşajyk golunyň birine daňylgy ýüpek elýaglyjaga gözi düşenmiş. „Bu onuňkydyr! Gör-ä ýumşajykdygyny!Bu onuň eliniň ýumşaklygy! Munuň ysy ýaly ys güllerde-de ýokdur, illerde-de. Bu maňa yşarat! Ýa, ýöne, eken nahalyna bellik etdimikä, ýa ýakan ýüregine bellik etdimi? Oh-h! Indi bildim Kaýsyň nädip Mejnun bolanyny! Mejnuna däli diýýän bolsaňyz siz Leýliňizi gören dälsiňiz. Of-f...“ Ýigit dert çeke, dert çeke gidipdir. Gideni bilenem gyz gelenmiş. „Gelipdir. Ýaglygymam alypdyr. Ýa gowşak daňaýdymmykam? Ýa sergezdan ýel aldymyka? Ýa bir bigänemi ony çözdi? Ýok, bu şoldur! Indi düşündim Şasenemiň derdine. Şa gyzyka bir garyba aşyk bolşuna! Men şa gyzam däl, Senemem. Men diňe, men diňe... şu nahaly oturdan gyz, bu nahaly oturdyp giden oglana-da aşyk. Boý alyň daragtlar, boý alyň! Belki-de siziň saýaňyzda duşuşjak wagtymyz bardyr“. Gyz umytlaryna gaplanyp giden. Ýigit gelen. Ýüregi bir zatlar syzyp, öýläne çenli garaşan. Gyz gelmändir. Ýigit gidipdir. Gyz gelipdir. Agşama çenli garaşypdyr, ýigit gelmändir. Gyzam giden. Soň gyzam gelmänmiş, ýigidem... Aýraçylyk üstün çykanmyş söýgüden. Günler bolsa kerwen gurap geçip gidip otyr, geçip gidip otyr... „Günler bolsa kerwen gurap geçip gidip otyr...“ Ol galamyny duruzdy. Ýene-de suraty eline aldy. „Bir döwürler elimde şu surat, şu suratdaky ýrymam ýanymda joşumdan aýdymdym, sazdym, dünýäni daşyma aýlap tans edýärdim. Arman, tansyňam, islendik zat ýaly soňy gelýär eken. Suratyň welin, şol bir durşy... Hatda suratdakam indi özüne meňzänok... Ine saňa ýene bir erteki!..“ Bu „erteki“ nähili geň başlanypdy! Ýogsa ol söýüşip öýlenjekdi. Hatda biri bilen söýüşäýsemmikäm diýibem ýördi. Birdenem bu surat ara düşdi. Ejesi pahyr gudaçylykdan gelende: „Şeýle bir gyz, oglum, gyzylly halka elimize ilendir“ diýip gelipdi. Kakasy pahyr welin, „Haý nä bileýin, her kimem gelin edinmänkä şeýdiýýär“ diýip, ony inkise gidiripdi. Gelnejesem çala eşitdirip: „Indiki geljegem bizden artyk bolasy ýok“ diýipdi. Goňşularam, garyndaş-u ýatlar gözlerini güldürşip: „Nädäýerkäň!“ diýýäne meňzeýärdiler. Tas baryny bulaşdyrypdylar... Ýöne surat bar zady ýerli-ýerinde goýýardy. Ähli zat, işi-güýji, gazeti-goşgusy, bary ony ondan sowaşdyrasy gelip durdy. Diňe suratyň öňküje ýylysydy. Şol ýylam ähli sowuklyklardan üstündi. Gijäň bir wagty ýazyp bolan goşgusyny eline alyp, oýaly-ukuly ýatan gelnine „Goşgy okap bereýinmi?“ diýende, ol „Henizem ýataňokmy?“ diýip aňyrsyna bakardy. Olam goşgusyny çalaja pyşyrdap şu surata okap bererdi. Bir gezek dagy içinden: „Özüm şahyr, şahyr gyza öýlensem bolmaýarmy“ diýipdem. Soň bolsa „Şahyr gyzamy? Şahyr gyz eýýäm gyz däl, şahyr. Şahyr bilen nädip ýaşaşjak. Ýene şu maňa çydap ýör. Ikiňden biriň şu durmuşda ýaşamasaň nähili bolar?“ diýipdi. Häzirem bu pikirlerini göwün aldamak hasap etdi. „Özüme özüm erteki otarypdyryn. Şu wagta çenli näçe goşgy ýazdyň. Içinde özüne bagyşlap ýazanlaryňam bar. Heý birjigini oňa okap berdiňmi? Ol heý birjigini saňa okap ber diýdimi? Onda näme ol mydam stolumyň üstünde kagyz galamy taýýar edip goýýar. Goşgy ýaz diýdigi dälmi şol? Stoluňy tertipleşdirip gidýärem welin, sen hoşal bolup otyrsyň. Çünki bu-da bir erteki-dä. Menem, olam onuň bir gahrymany.“ Ol stolunyň başyndan turdy. Aýalyndan nägile bolmak duýgusy baryp onbäş ýyl mundan öň onda ölüpdi. Aýaly arabajygyna münen gününden bäri. Şonuň üçinem häzirki pikirleri onuň göwnüne ýakmady. Ol aýalynyň ýanyna ugrady. Aýaly telewizor görýänlerden bolup otyrdy. - Sonam, tas goýup gaýdan çaýyňy döküpdim. Hernä tutup ýetişäýdim. - Näme beýle? Ol aýalynyň arabasyny öňüne alyp jaýyň içinde iki ýana sürmäge durdy. Bu onuň dynç almak endigidi. Aýalam muňa beletdi hem mundan lezzet alardy. Ol söýgüsiniň sallançagynda üwrelýän ýaly meýmirärdi. Gaharly bolsa gahary ýatardy, öýkeli bolsa öýkesi zym-zyýat bolardy. Adatça ol geplemezdi, diňe adamsy göwnündäkini aýdardy. Köplenç-ä olam geplemezdi. Bu gezek näme üçindir Sonaň gepläsi, ýüregini açasy geldi. - Garrapsyň diýenime gaharyň geldimi? - Aý, garrasaň garrapsyň diýerler-dä. - Näme üçin diýenimem bilmändirin. Birden... dilimden sypaýdy... Bolmanda çagajygymyz bolanam bolsa boljakdy. - Çagamy? Bu gürrüňi gozgamaly diýmänmidik näme? - Hemme zady diýip düzetjek bolaýýas. Diýemizde näme? Sen meni söýýänem diýýäň, diýeňde näme? Nämämi söýýäň? Görgümimi? Ol aýalynyň arabasyny tigirlemesini goýmaýardy. Onuň „ýaryljagyny“ öňünden syzypdy. Syzyp, ody özüne almak üçin gelipdi. „Ýogsa Sonamy maňa garrapsyň diýjek? Arman ertekim... - Sona, men erteki ýazyp otyryn. - Ertekimi? Goý ertekiňi. Şu wagta çenli erteki bolup ýaşadyk besdir. - Sona saňa näme bolýar? Ýa men... - Ýene özünden günä gözelýär-dä! Mende günä, mende. Men maýyp! Goý tigirlemäňi şu artyby – diýip, Sona arabasynyň tigrine ýumrugyny urdy. Hynçgyryp aglamaga durdy. Ol arabany saklady. - Bolýar, men aýdym ýazaýyn. Häzir bir kompozitor bilen gepleşeýin, ýöne sen aglama. - Aýdym ýazanyň bilen düzelýämi onsoň? - Dagy näme edeýin? - Meni günüme goý. Bar ertekiňi ýaz-da, meni aglamaga goý. Sen şonda, bada aýrylyşmalydyň. Gelnejeň gitsin diýdi, doganyň gitsin diýdi. Ejeňem gelnim jan diýse-de gidenimi kem görmedi. Sen näme üçin... näme üçin olaň diýenini etmediň? Ol bu sözleri aýdyp duranyň Sonadygyna ynanmaýan ýaly arabaň öňüne geçdi. Aýaly ýarym-ýaş aglaýardy. Al saňa gerek bolsa erteki! Haçandan bäri ol gülüp gezip ýördi ahyryn! „Dogrudanam garrap ýörmükäm. Bir maýyp aýalymyň göwnüni tapyp bilemok? Gidip gülmi, şokoladmy, birzatlar alyp gelsem näderkä? Häzir ýeke goýup bolmaz. Köşeşsin.“ Ol ýuwaşlyjak bilen ýene arabany iteklemäge başlady. Aýaly garşylyk görkezmedi. Käwagt bir hynçgyryp ýatyrdy. Sona doly köşeşen bolarly. Ol yzyna gaňyrlyp: - Şahyr bolanyň üçin... şahyr adyňy depelemejek bolup aýrylmadyňmy? - Şahyrlygyň muňa näme dahyly bar? - Gaýta şahyrlar gyz-gelinçil bolmaýamy näme? Hä? Heý seni söýen bolmadymy? Seni özümjik bezäp... - Sona, ýüregiňi çişirmesene. - Ýüregim çişe-çişe gursagyma sygman ýarylsa bolmaýarmy! Sona ýene aglamaga durdy. Ol arabany saklap aýalynyň ýumşajyk elinden tutdy. Onda göz ýaşyň çala çygy bardy. - Sona, gel täzeden çaý içeli. Men gidip şokolad getireýin, hä? - Gitme, şokolad bar. Sona arabsyny özi tigirläp aşhana gitdi. Ol iş otagyna dolansa-da, ertekiň ruhundan çykypdy. Stolunyň başyna geçman garşydaky diwana çökdi. Biraz wagtdan gapy itildi. Sona bir käsesem içilmedik çaýy gaýtadan demlemek üçin çäýnegi äkitdi. Hereketlerinden bir zatlar aňmaga çalşyp adamsy ony iki gözi bilen garşylap, iki gözi bilenem ugratdy. Emma hiç zat aňyp bilmedi. Bir görseň ol aglamadyk ýalydy, bir görseňem sähel bahana bolsa içi-içine sygmajaga meňzeýärdi. Birden aýagyndaky gijisi ýadyna düşdi. Sona yzyna geldi. Ýöne ol öňki Sona däldi. Ol aýagy ädilýän bolanda şokolady ylgap alyp geljege meňzeýärdi. Şokoladam, çaýam geldi. Ol ardynjyrap, uly märekäň öňünde goşgy okandaky ýaly tolgunyp ertekisini okamaga başlady. Sona ony üns berip diňleýärdi. Arasynda çaýyňy sowatma diýjek bolup gobsunyp, adamsynyň sözünem bölüp bilmän, öz käsesinem elläp bilmän otyrdy. Ol okamasyny bölüp: - Gyzyklymy, diňledýämi? – diýip sorady. Sona: - Gyzykly, arasynda çaýyňam içäý – diýdi. Ol ýylgyryp käsesinden bir owurt owurtlady-da, okamasyny dowam etdirdi. Ertekisiniň soňuna ýetdi. Aýraçylyk üstün çykanmyş söýgüden. Günler bolsa kerwen gurap geçip gidip otyr, geçip gidip otyr... Ýüzüni galdyryp Sona seretdi. Ol ertekisiniň eden täsirini görjek bolýardy. Sona göwünsiz özüniňem, onuňam käsesine çaý guýdy. - Nähili? - Men näbileýin. Agajy Şäher... näme diýdiň şoňa? - Şährişemistan. - Hawa, şo taýda ekýälermi? - Dagy nirede eksinler? - Oglan kim? Senmi? - Kim bolanda näme? Sen ertekiň manysyny aldyňmy? - Waý, bu oglany, ertekidir-dä. Aýaly arabajygyny tigirläp gidensoň, ol ýazanlaryna seredip lapykeç oturdy. „Düşünmese-de, köşeşdi, şoňa şükür. Men muny dowam etdirmeli. Ertekiň yzy bolmaly. Şu durşuna dogrudanam bu hiç zat. „Günler kerwen gurap“ diýeniň bilen jemleme bolmaýar. Wah, durmuşyň özüni ýazyp bolýan bolsady...“ Ol ýene-de suraty eline aldy. Ol pyşyrdan ýaly boldy. Öňem bu surat bilen pyşyrdaşyp gürleşen gezekleri kän bolardy. Emma gözlerine ynanmady. Suratdaky häzirki Sonady. „Gitjek ýeri nire diýsene, ol şeýle-de Sona ahyryn! Mundan öň näme üçin beýle däldikä?“ Ol suratda häzirki Sonany has aç-açan gördi. Sonaň aglap diňen gözleriniň gabaklary edil suratdaky gabaklar. Ýaňaklary häzir kiçelipdir, gözlerem munda şadyýan. Oňa derek gaşlary, göreçleri, seredişi... Ol elini suratyň ýüzünden emaý bilen ýöretdi. Ony Sonaň özüne görkezmek üçin, özem bilmän gadymkyja aýdymyna hiňlenjiräp beýleki otaga ugrady. „Sona gelin, Sona gelin bir bäriňe baksana, Aýlanaýyn...“ - Hih, bu nireden çykdy? Men ony ýitirdim diýip ýördüm. - Görýäňä ýitmän eken. Bu bilýäňmi näme? Bu maňa seniň sendigiňi görkezýän dokument, şahadatnama. Bu... bu gepleşibem bilýär. - Goýsana ertekiňi. - Erteki däl, çynym. Ýaňy sen gideňsoň ol maňa ertekiň yzyny ýaz diýdi... Gülüşdiler. Agşamlyk nahar edindiler. Ol bu suraty äkidip hudožnik dostuna uly portret etdirjek diýdi. Sona ilki razy bolmady. Soň ylalaşdylar. Ertekiň welin dowamy ýazylmady. Ýatar wagt boldy. Ol Sonany bäbek götern ýaly gujagyna alyp arabasyndan düşürdi, düşegine geçirip ýatyrdy. Sona oňa gysmyljyrady. Olam ony bagryna basdy. - Bilýäňmi men saňa häli garrapsyň diýdim? - Näme üçin? Ýöne aglaýmagyn. - Aglaman, indi hejem aglaman. Näme üçin aglaýyn? Menden bagtly kim bar? Ol Sonasyny ýene berk gujaklady. - Eliňi bersene. Sona adamsynyň elinden tutmagy gowy görerdi. - Saňa garrapsyň diýemde... Indi sen hiç kim bilen söýüşmersiň, garrapsyň diýdim. Ýogsa men seni günde işe ugradamda eşikleriňi ütükläp-ütükläp ugradardym. Gowy gyzlardan, gelinlerden söz açdyrjak bolardym. Şahyr gelin bolmasyn, goý özüm ýaly okuwsyz biri bolaýsyn, on iki synasy ýerinde öz söýeniňe duşmazmykaň diýip garaşdym. Duşan bolsadyň, men seni oglumy öýeren ýaly öz elim bilen öýerjekdim. Seň birini tapynjakdygyňa şeýle ynanýardym. Sen bolsa... sen bolsa arabama ýapyşdyň ýördüň... Ol Sonaň gözünden, gabaklaryndan ogşaşdyrdy. - Sonam maňa bu dünýede senden başga hiç kim gerek däl. - Ýöne... ýöne - Ýönesi ýok. - Ýönesi ýok, bilýän. Ýöne men saňa elimi uzadýan, elimi uzadýan ýetip bilemok. Senem maňa... - Düýşüňdemi? Sona jogap bermedi. „Wah, düýşüm bolsady, aýtmazdymam“ diýjek boldy-da, dilini dişledi. Olam sesini çykarmady. Sessiz ýatyşyna içinden: - Sonam meni diňle. Bu erteki däl. Bilýäňmi... mende bir üýtgeşik söýgi bar. Mende diýýänim... ol meni gurşap dur. Şeýle bir gurşaýar, ynanmarsyň. Kä gün öýden çykýan welin OL edil seni gujagyma alyp düşegiňe geçirşim ýaly meni gujagyna alýar. Ýumşajyk, göze-de görünmeýän şemaly bilen meni gujaklaýar. Özüne gysýar, meniň welin ýüregim giňeýär. Gysdygyça giňeýän. Şemaly bilen saçlarymy darap, ýüzümden ogşaýar. Çyn söýgüde şeýle bolýan bolaýmasyn? Hä Sona? Maňa seni söýdürýänem şol söýgi, şol söýgi meni senden aýyranok. Men Ony söýenim üçin senden aýrylamok. Ýüregimde şol söýgi bolmasady... – diýip ýatyşyna, daşyndan aýtsa bularda hiç many galmajak ýaly boldy durdy. Sona oňa geplemäge maý bemedi. Ýaňagyndan ogşady. Soň olar ýatdylar. Ertesi irden Sona oýansa, ýanynda adamsy ýokdy. Ol ertekisiniň dowamyny ýazyp otyrdy. Günlerde bir gün, togsan dolup ýere ýyly girende, ähli agaçlar bilen birlikde ilki ýigdiň, soň gyzyň eken nahalynyň endamyna suw ýaýrady. Şahalarda düzüm-düzüm goýulan nokatlara meňzeş pyntyjyklar daglarda dömüp çykýan wulkanlaryň ýarylyşy ýaly ýarylmaga başladylar. Bu täsin ýarylyş köpleriň gözüne-de ilmedi. Bir-iki hepde geçenden soň nokatlaryň ýerinde oturan ýapraklary görüp „Bu ýapraklar kindiwanja pyntyklaryň içine nädip sygdyka? Baharyň gelişi duranja ertekiň bar-da!“ diýip geň galdylar. Bu geň dünýede, görüň-ä, her kim bir zada geň galýar. Her kime bir zat erteki ýaly görünýär. Gün nurundan gözleri açylan ýaşajyk nahallaryň bolsa gözleriniň ilki göreni biri-biri boldy. Ýaşajyk şahalara şelpe bolup düzülen terje ýapraklar sähel şemala tolkunyp-tolgunyp bir-birlerine söz gatdylar. Nahallaryň kalbynda yşk hesreti oýandy. Yşka düşen aşyk nahallar gün-günden gözelleşýärdiler. Olaryň boý alşyna gije ýyldyzlaryň gözi gidýärdi, gündiz Güneşiň. Gündiz guşlar bu aşyklaryň söýgi sözlerini gatnatsa, gije mymyjak şemal arada gezdi. Deňizleri öpüp gelen şemalyň getirýän habarlaryna begenip terje ýapraklar şahalarynda tansa başlardylar. Ýapraklaryň täsin hereketlerinden joşa gelen şahalar ygşyldap owsun atmaga durardylar. Bu tansa goşulmak üçin Güneşden ýere çenli ençeme müň ýyllyk ýoly geçip şöhleler gelerdiler. Asmanda ak bulutlar ak lybasly periler kimin gol tutuşyp döwre gurardylar. Suratkeşler nahallaryň bu täsin tansynyň suratyny çekerdiler, tansçylar tansyň üýtgeşik owadan hereketlerini olardan öwrenerdiler. Dünýe söýdi olaryň söýgüsini. Biri-birlerine dyrnagyň üsti ýalam süýşüp bilmän bir duran ýerlerinde tans edýän bu iki agajyň bolsa bar gaýgysy biri-biriniň derdini ýeňletmek, gussasyny egisdirmek, göwnüni açmak bolupdyr. - Diňe ikimizmi näme? Ýyldyz ýyldyza, deňiz deňize, gije gündizlere, daglar düzlere... Älem Zemine biz ýaly aşyk. Diňe ikimiz bolamyzda-da men seniň zaryňdyryn. - Menem saňa zar. - Bir gün garrasam pyntyklarym ýarylmaz, güllerim açylmaz, köklerim gurap damarlarymdan suwlar akmaz. Men şonda saňa tarap ýykylaryn. - Menem saňa tarap. Aşyklar biri-birine gowuşmak islediler. Ýele-şemala ýalbardylar. - Sen bizi gatyrak egsene. Birimiziň şahamyz beýlekimize ýetmezmikä?Gatyrak egsene, gatyrak. - Mundan artyk egsem döwülersiňiz. - Goý, döwülsek döwüleli, muňa aşyklyk diýerler. - Döwülseňiz sizi goparyp ýakarlar. -Goý, ýaksynlar, muňa yşk ody diýerler. Ýalynymyz ýalynymyza garyşar, tüssämiz tüssämize. Külümiz külümize garyşar, gussamyz gussamyza. Ýene azajyk gatyrak ös. Bolmasa döw bizi. Ýalbarýas ýel jan azajyk gatyrak ösäý-dä... Ýel ýuwaş-ýuwaşdan güjäp ugrady. Ýaş daragtlar egildi, döwülere geldi. Emma ol nahalyň şahasy bu nahala ýetmedi. «Ýene azajyk gatyrak ös“ diýip, nahallar ýele ýalbarmalaryny goýmaýardylar. Hernä ýel badyny gowşatdy. Ýelden soň ýagyş geldi. Ýaşajyk ýapraklaryň ýüzünden damjalar syrygyp ýere damdylar. Soň gara bulutlary paralap Gün çykdy. Älemgoşar dakdy gögüň boýnuna. Soň... soň... ýumşajyk garlaram ýagdy, aýazly gijelerem geldi. Şeýde-şeýde nahallar ösdüler, bedenleri berkäp, berdaşly agaç bolup ýetişdiler. Bir günem, ertekiň däl, dünýäň gurluşy şeýle, aşyk agaçlaryň ösüp oturan ýerinden ýol düşdi. Olary goparmaly etdiler. Negözel agaçlara palta saldylar, byçgy urdular. Her palta degende agaçlaryň ýaşyl ýapraklary tisginip-tisginip gitdi. Byçgylar iňleýärmi ýa-da şahalar zaryn-zaryn ses edýärmi aňşyrar ýaly bolmady. - Diňe ikimizmi näme? Ýyldyz ýyldyza, deňiz deňize, gije gündizlere, daglar düzlere... Älem Zemine biz ýaly aşyk. Diňe ikimiz bolamyzda-da men seniň zaryňdyryn. - Menem saňa zar. - Bir gün garrasam pyntyklarym ýarylmaz, güllerim açylmaz, köklerim gurap damarlarymdan suwlar akmaz. Men şonda saňa tarap ýykylaryn. - Menem saňa tarap... Ol „Agaçlaryň biri-birine tarap ýykylanyny hiç kimem aňmady“ diýip ýazdy-da, ertekisiniň soňky nokadyny goýdum etdi. Diwana geçip gyşardy. Goparlan iki agajyň şahalarynyň biri-biriniň iç-içinden geçip ýatyşy göz öňüne geldi. Ýazanlaryndan hoşal gözüni ýumdy. Şobada-da uka gitdi. Üsti açyk ýatanyny grüp Sona emaý bilen adamsynyň üstüni örtdi. „Wah, men oňa näme üçin aýraçylyk söýgüden üstün çykdy diýjekdim. Hany nädip gutardyka, ýa ýene gutarman goýdumyka?” diýip ol ertekini galan ýerinden okap çykdy. Her abzasy okandamy ýa-da ertekiň has göwnüne ýaran ýerlerindemi ol başyny galdyryp adamsyna seredýärdi. Adamsy süýji ukuda ýatyrdy. Ertekini okap çykdy. Gözüne ýaş aýlandy. Sona kagyzlary emaý bilen toplap, sahypama sahypa goýdy. Ol uzak ýatdy. Belki henizem ýatardy, aýagynyň gijisine oýandy. Ukudaka-da bir-iki sapar gaşan bolmaly. Aýagynyň hamy soýulyp çalaja ganjyrajak bolupdyr. „Sonaň gördügi ýüregi ýarylar“. Sonaň welin keýpi kökdi. Ol begene-begene ertekini okanyny, gowy görenini aýtdy. Ýöne ady bolmandyr diýdi. - „Men söýermen göwnüm üçin“ Ertekiň ady däl-ä. Hekaýa bolsa bolardy. Ol ylalaşdy. Bir ýerden derman tapyp, Sona aňdyrman gijileýän düwrtügi töweregi bilen daglady. Soň ertekä at gözlediler. Näme diýseler göwünlerine jaý bolmady. Sagat eýýäm on bolupdyr. Erteki ýazanyny aýtmak üçin ýazyjy dostuna jaň etdi. „Ertekimi, hekaýamy, onam bilemok. Erbet bolmadymyka-ra diýýän. Gel diýseň baraýan. Kofe-de içäýeris. Bardym“. Sona ony bu gezek hasam geýindirip ugratdy. Başam barmagyny görkezip: „Sen gelýänçäň men ony ýumup saklaryn“ diýdi. „Biderek zatlary yrym edinme. Men derrew gelerin diyip cykyp gitdi

Edebiýat, Mr_arsen. tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir