Kamar entek daşary ýagtylmanka oýandy. Ýok, ol namaz okanokdy, ol asla Hudaýa-da kän bir ynanyp baranokdy. Kamaryň ir turmagynyň başga bir sebäbi bardy. Daşarda maý aýy höküm sürýärdi, baglarda guşlar saýraýardy, adamler entek örmändi. Köçelerde diňe itler topar topar bolyp ygyp ýördüler, adam-gara görünenokdy. Kamar ilki bilen öz ýatýan jaýyndan köne bir daş çäýnegi maşynyna mündürdi. Eger şu wagt Kamary aýaly gören bolsa hökman edýäniň näme diýip sorardy. Kamaryň hereketleri örän geňdi, ol hamala ogrynça bir zat edýän ýalydy. Soň Kamar howlynyň içinden köne pilini gözläp tapdy. Pil çem gelen ýerde ýatyp gowja könelipdir. Agaçdan ýasalan sapy çygyň derdinden ýaý berip başlapdyr, demir aýasy bolsa poslapdyr. Ýöne alaç ýok, ala daňdan başga pil hiç ýerden tapdyrmaz. Kamar pili maşynyň yzyna atyp, howlydan çykyp gitdi. Eger birden biri oýanyp, sen beýle ir nirä barýaň diýip sorasa, Kamaryň resmi jogaby bazara barýan diýen jogapdy. Dogrudanam Kamar köplenç aladaňdan bazara gidip, gök önüm almasy bardy, ýöne bu günler bazar beýle ir başlanokdy.
Kamar şäherden çykyp demirgazyga tarap tutdurdy. Onuň barýan ýoly çölüň içi bilen iň soňunda Daşoguza eltmelidi. Ýöne Kamar ol ýoly soňyna çenli geçmek nýetinde ýokdy. Düýn agşam turan şemal üçin, ýoluň gapdallarynda çäge üýşmeleňleri bardy. Käbir ýerlerde bolsa elleri pilli esgerler, şol üýşmeleňlerden ýoly boşadyp durdular. Kamar esgerleriň ýanynda saklanyp öz egri pilini has täzeräk pile çalşasy geldi. Onuň pikirine görä islendik esgere bir çilime şeýle çalşyga razy bolmalydy. Ýöne Kamar wagtynda pikirinden dändi. Onuň alyp barýan ýüki örän gymmatlydy. Kamar gapdal oturguçda duran çäýnegiň gapagyny galdyrdy. Çäýnegiň içinden sarymtyl öwüşgün daşyna urdy. Kamar ol şöhläni görüp dünýeden razy adam ýaly ýylgyrdy we pyşyrdady; —Meniň ezizlerim…
Bir ýarym litrlik çäýnegiň içi bokurdagyna çenli altyn şaý-sepler bilen doldurlandy. Erkek üçin her dürli ýüzükler, dürli dürli bilezikler, dürli-dürli zynjyrlar. Çäýnek öz ýüki bilen eliňe gowja agram salýardy. Kamar az salym öz ýoldaşyny synlap, ýene gapagyny ýapdy. Ol tassan ýoluñ gapdalaynda işläp duran esgerleriň birini kakýardy, ýöne wagtynda gapdala sowup ýetişdi, ýa-da esger gapdala süýşüp ýetişdi..
Az ýöräp köp ýöräp Kamar öz göwnüne jaý ýerine ýetdi. Ol ýerde hiç hili obada ýokdy, ýalňyz duran jaýam ýokdy, iň bärkisi ýoluň ugrynda hiç hili ýol belgilerem ýokdy. Diňe bir birne meňzeş çäge baýyrlary. Şäherde ýaşaýan adama şu ýeri ikinje gezek görkezseň tanama aladasy ýokdy. Kamar maşyndan düşip daş töweregini köp wagtlap synlady. Ýer oň göwnüne jaýdy, ýöne ýolyň gapdalynda maşyny goýyp gitmek bir hili howuplydy. Birden bir bilesigelji ötegçi ýolyň gapdalynda maşynyň duranyny görüp, oň näme edýänini bilesi geler? Şeýle ýagdaý ötegçi üçin ölüm howuplydy. Kamar diňe şu wagt öýden pyçak almadygy ýadyna düşdi. Şeýle iş üçin daş ýola düşip heýde pyçak almagy ýadyňdan çykaryp bormy diýsene? Kamar öz özüne käýedi. Tötänden ötegçiň peýda bolmagy şübhelidi, ýöne şeýle ötegçi peýda bolsa Kamar ony pil bilen urup öldürüp, şol ýerde gömüp gaýtjakdy. Inede Kamar maşynyndan pil bilen çäýnegi aldy. Maşynyny gulplady. Haýaljak ädimler bilen guma tarap ýöredi. 4-5 baýyrdan aşanyndan soň ýol gözden ýitdi, ýöne şemal ýol tarapdan öwüseni üçin, aram aram geçip barýan uly maşynlaň sesi eşidilýärdi. —Indi şu ýerde meni hiç kim görmes diýip Kamar çukur gazyp başlady.
Ol edil adam jaýlaýmaly edip çukur gazýardy. Başda çäge gury ýaly bolup görünsede, ýarym metyrdan soň çyg çäge çykyp başlady. Çyg çägäni gazma kyndy, ol gury çägeden agyrdy, ýöne gury ýaly akanokdy. Kamar gazyp otyran ýerinden öz ölümi göz öňüne geldi. Ol indiki ýyl Nowruz baýramyna galman ýeriň aşagyna girmelidi. Ol indi ýyl ýaz pasly öljegine ber ynanýardy, ýöne nirden beýle pikir kellesini eýelänini, öldür bilenokdy. Ol geljek ýyl Nowruz baýrama galman ýogalmalydy, bar bolany. Ol çyg çägäň üstinde ýatyşy göz öňüne gelip endamy tikenekläp gitdi. Kamar biline ýeten çukurdan daşyna çykyp ýene daş töweregine seretdi, adam gara ýok. Soň kamar ýere çöküp bir çilim otlady. Çäýnegiň gapagyny açyp ýene Altyn şaýseplere synlady. Howwa, okyýjy eýýäm düşinen bolmaly, Kamar bir çäýnek şaýsepleri ýere gömjek bolýardy.
Kamar şu ýyl 59 ýaşapdy, geljek ýyl ýaz paslynda 60 ýaşamalydy. Ýöne 60 ýaş oň iň soňky ýaşy bolmalydy. Şonyň üçin Kamar öz bar emlägini Altyn şaýseplere öwürip ýere tabşyrjak bolýardy. Oň çagalary bardy, eýýäm 4-5 sany maýda agtyklary hem bardy. Kamaryň üç ogly, iki gyzy bardy. Ýöne dünýäniñ bagty ogyl-gyzda, agtyk-çowlukda däldi. Kamar üçin dünýäniň bar bagty kagyz puldady. Hawa hawa, Kamar puly diňe kagyz görnüşde gowy görýärdi, şonuň üçin ol pullaryny Altyna öwrende tas aglapdy. Ýöne başga alaç ýokdy, kagyz pullary ýere gömüp boljak däldi. Kagyz ýeriň aşagynda çalt çüýrejekdi. Altyn bolsa çüýränok, ol baky ýaşaýar, galyberse-de oň bahasy gün-günden galýar. Ýöne galanda galmanda Kamara indi ol altyndan näme peýda diýsene? Ol soragdan Kamar gaçýardy, ol azyrak pikir etjek bolýardy. Iň esasy zat bar zady ýere gömmeli, galan zatlaryň bir alajy bolar.
Kamar özüni bilip puluň yşgyna düşen adamdy, ol şol ýollarda bar zadyny ýitirdi. Abraýyny ýitirdi, mertebesini ýitirdi, saglygyny we sylagyny ýitirdi. Pul üçin etmedik işi galmady. Onuň aýaly hem edil özi ýalydy, ýöne ol görgüli nebsine haý diýip wagtynda ýoluny düzetdi. Ýöne Kamar entegem durup bilenokdy. Wagtyň geçmegi bilen Kamaryň öýünde kiçijek duşmanlar peýda bolup başlady, olar Kamaryň çagalarydy. Hawa, çagalara kakalarynyň pullary gerekdi, olary okatmalydy, öýermelidi, jaý alyp bermelidi. Kamar öz islegine garşy çagalaryna pullaryny harçlamaly boldy, ýöne netijede öňküden 10 esse gysganç boldy. Kamar öýde adam ýok wagty pullaryny sanaýardy, bir ýerik gidende pullarynyň baryny ýaglyga dolap biline daňyp alyp gidýärdi. Öýde wagty bolsa, aşhanada gazany garawullaýardy, sebäbi gelinleriň biri nahar bişirende gazana hökman bir ýa-da iki kartoşkany artykmaç atmagy mümkindi. Gepiň gysgasy, Kamaryň pullarynyň birinji duşmany onuñ çagalarydy. Ýöne ölüm diýen zadam Kamary pullaryndan aýra salyp biljek däl eken. Eger Kamar birden ýeriň aşagynda ýatmak mejbur bolmaly bolsa, diýmek onuň pullary hem ýeriň aşagynda bolaýmalydy. Ýöne birje ýaramaz zat Kamar öz pullaryndan azajyk daşrakda ýatmaly boljakdy. Kamaryň gürlemäge gorkýan bir arzuwy bardy, ol ölende öz söýgüli kagyzlary bilen bile jaýlanasy gelýärdi. Goý ony kepene dolaman, reňkli kagyzlara dolasynlar. Ýöne Kamar öz çagalaryna ynananokdy, ol bilýärdi, çagalary onuň bar pullaryny ölüminden soň paýlaşarlar. Heý-de şeýle hakykaty bilip ýeriň aşagynda arkaýyn ýatyp boljakmy diýsene? Şonyň üçin Kamar bar pullaryny entek diri wagty altyn şaýseplere öwürip, ýere gömmeli diýen karara geldi. Öz pullaryny çagalaryna goýyp gitmek, Kamar üçin yzynda ýetim çagany goýyp giden ýalydy. Wagt az galdy, ine hä diýmänem Nowruz baýramy geler we Kamaryň özüni ýere dularlar. Onsoň ol köşeşen kalby bilen bu dünýeden razy bolup gözlerini baky ýumar.
Ýene azajyk gazyp Kamar boldum etdi. Çukuryň içinden çykman çäýnegi alyp emaý bilen çukuruň düýbüne goýdy. Soň daşyna pilini zyňdy, özi dyrmaşyp çykdy we ýene daş töweregine seretdi. Adam gara ýok. Altynlaryny gömäýmäke azajyk sägindi. Çäýnegiň içinden birje ýüzügi alyp galasy geldi, birden adamçylyk, her zat bolup biler, Nowruza çenli wagt kän-ä. Ýöne öz jesedinden uly oglynyň ýüzügi sogurup alşy göz öňüne gelip şol bada pikirinden dändi. Öz kakasyny jaýlanda aglamadyk Kamar, gözünden ýaş döküp humy gömüp başlady. Gomülen ýeriň yzynda çyg çägäň yzy galdy, ýöne ol ýagdaýam Kamar aradan aýyrdy. Daş töwerekde ýüzleýje ýüzleýje gury çäge alyp, öz çykurnyň üstini sepeledi. Indi şol ýeriň gazylanyny hiç bir ýagdaýda bilip boljak däldi.
Kamar işini bitirip çalt-çaltdan yzyna seretmän maşyna tarap ýöredi. Ol bilgeşleýin yzyna seredenokdy, birden seretse humy gömen ýeri ýadynda galar öýdüp gorkýardy. Ol ýer hiç bir ýagdaýda ýatda galmaly däldi, sebäbi Kamar hökman pikirini üýtgedip humuny yzyna gazyp aljak bolardy, ol adam öz häsuýetine beletdi. Kamar baýyrlardan aşyp öz maşynyny gördi. Ýöne maşyn ýeke däldi, maşynyň ýanynda bir zat gara berip durdy. Kamar eliniň aýasyny gözüniň üstüne tutup maşyna tarap çiňňerildi. Dogrudaman maşynyň ýanynda bir adam dur. Kamar iki depe aşsa maşynyna ýetjekdi, ýöne ol göni ýol bilen ýöremän gapdala ýöräp başlady. Ol nirden gelýänini gizlejek bolýardy. Eger maşynyň ýanynda duran adama görünmän ýoluň aňry tarapyna geçip bolsa hasam gowudy. Kamaryň göwnüne onuň syryny heme kişi bilmän bär ýanynda ýalydy. Elinde pilini süýräp Kamar ep-esli gapdala ýöredi. Soň ýoluň deňune çykyp öz maşynyna tarap seretdi. Maşynyň gapdalynda çyndanam bir adam dur. Kamar az salym oýlandy, ýolyň aňarsyna geçip, ýene baýyrlaň ýeňsesi bilen maşynyň deňine çenli ýöräp ters tarapdan çykmalymy, ýada şu duran ýerinden maşyna tarap baraýmalymy? Onsoňam ol adama näme gerek diýsene? Ýolyň ters taryndan peýda bolmak bir hili şübheli bolar diýip, Kamar öz duran ýerinden maşyna tarap ýöredi. Eger ol adam näme işläp ýörsüň diýip gyzyklansa ölen itimi jaýlamaga geldim diýmeli, —Kamar özüni taýýarlady.
Maşynyň ýanynda duran adam salamlaşmady, onuň ýerine Kamaryň özi salamlaşdy. Ol adam garryja ýaşuly bolup çykdy. Edil Kamarda bolşy ýaly ol adamyň hem elinde pil bardy. Gara gyýma balakly, aýaklary kaloşly, köne saralyp giden telpeklije ýaşuly. Eger onuň aýagyndaky galoşlary şu döwürüň galoşlary bolmadyk bolsa, ýaşuly köne döwürlerden azaşyp düşen adamyny ýatlatjakdy.
—Salawmaleýkim ýaşuly, —Kamar pilini ýere diräp elini uzatdy.
Ýaşuly oňa tarap elini uzatdy, ýöne hiç zat gürlemedi.
—Näme hyzmat ýaşuly, —Kamar sorady, özi bolsa ýaşulyny pil bilen urup, ýere gömmek barada pikiri çeýneýärdi. Bar zat ýaşulynyň jogabyna baglydy.
—Oglum, —ýaşuly seslendi. Maşynyň eýesi buşukmaga gidäýdimikä diýip häliden bäri garaşyp otyryn.
—Ýok agam, uly köpegim bardy, şony jaýlaýyn diýip öýden çykyşym.
Elbetde belli zat, Kamar ýalan sözledi. Eger ýaşuly şäherden beýle uzakda nämäň köpegini jaýladyň diýip sorasa Kamar pikirlenmän onuň petekesini pil bilen ýarjakdy, ýöne bolsa-da ýaşuly hiç zat soramady. Kamar aljyraňly ýagdaýdan derläp başlady, ol entek adam öldürmäge beýle ýakyn bolup görmändi. Öz humy üçin ol şu wagt bar zada kaýyldy, barybir onuň ömri Nowruz baýramçylygyna çenlidi.
—Oglum, meni mellegme çenli äkitjekmi, görýän welin senem şol tarapa ýaly-la, maşynyň burny maňa gerek tarapa bakyp dur.
Kamar artykmaç sorag bermän ýaşulyny ýanyna mündirdi. Eger adama sorag berseň, ol hem sorag berip başlaýar, Kamara bolsa şu wagt artykmaç soraglar gerek däldi. Elbetde ýaşuludan hökman soramalady, ol çölüň içinde ýeke özi näme işläp ýör, ýöne beýle sorag bermezden öň ony mündüren ýerinden azajyk daşlaşmalydy.
—Ýaşyuly siz ýaňky ýerde näme işläp ýörsüňiz, —Iň soňynda Kamar sorady, olar eýýäm 10 minut ýaly ýol ýöräpdiler.
—Çölde mellek ýerim bar, garpyz ekýän. Her gün öýden gatnamaly bolýar. Ana onsoň ýola çykyp sen ýaly pälwanlara gaýrat et diýýän. Şäherden çykamda meni bir ýük maşyn alyp gaýdypdy, ýöne şäherde bir zadyny galdyran eken, onsoň yzyna öwürlmeli boldy. Meni bolsa seniň maşynyň ýanynda düşirdi, onuň bilen şähere baryp gaýtsam mellegime ýetişjek däl. Sen edil Ezraýyl perişde ýaly dadyma ýetiläýdiň.
Ýaşuly sözlerini tamamlady, Kamar oýa batdy. Ýaşuly sözüniň soňunda Ezraýyl perişde diýdimi? Eger Kamar ýalňyşmaýan bolsa Ezraýyl ajal perişdesi bolmaly?
—Kim ýaly dadyňa ýetişdim ýaşuly, —Kamar samsyklygyny edip sorady.
—Jebraýyl perişde ýaly dadyma ýetişdiň diýýän, —ýaşuly 32 dişini görkezip ýylgyrdy.
Ol ýylgyryşdan Kamaryň ýüregine bir zatlar sançdy. Ýaşulyň agzynda bar dişler abat, ýekeje gopan, ýa-da çüýrän diş ýok. Edil çaganyň agzy ýaly abatja hünji ýaly dişler. Kamar ýaşulyny gören badyna onuň dişlerine üns berdimi, ýa-da bermedimi, şony ýatlajak boldy, ýöne ýadyna hiç zat düşmedi.
—Agtyklar çowluklar iýäýsin diýip şäheriň çetinde garpyz ekdim, —ýaşuly gürrüň berip başlady. —Pul berip alanyň bilen öz ekeniň deň däl. Oglan wagtym şu obada önüp ösdüm, soň şähere göçdüm, —Ýaşuly ýoluň çep tarapynda peýda bolan obany görkezdi. —Obadan geçen ýeriňde meniň mellek ýerim bar.
Ýaşuly bilen bir zatlar tersdi, Kamar eýýäm duýup başlady. Ol çaltyrak ýaşulydan dynasy gelýärdi. Ýaşyuly her gezek gürlände Kamaryň garnynda düşnüksiz bir agyry peýda bolýardy, gepläp boldygam agyry bir ýerlerik ýitrim bolýardy. Bir gep bilen aýdanyňda ýaşuly bir tüýsli ýakymsyzdy.
—Men oglan wagtym obanyñ ady Ýylanlydy, —hamala radio ýaly ýaşuly öz-özünden seslendi. —Obaň töwereginde ýylan kändi, indi welin ýok.
—Indi näme üçin ýok Ýaşyuly? —Kamar sorady.
—Humlaryň baryny tapyp aldylar, —Hum sözi eşidip Kamaryň ýüregi çalt-çaltdan urup başlady.
—Bolşewikleň gelen döwüri biziň obamyz Aşgabatdanam uly eken. Onsoň obamyzyň ähli baýlary bar altynlaryny ýere gömüpdirler. Altynyň bar ýerine bolsa mydama ýylan gelýändir oglum, —Ýaşuly mekdep mugallymyň äheňinde jogap berdi.
—Indi altynam ýok, ýylanlaram ýokmy?
—Hawa oglum, Altynly humlaryň baryny tapyp aldylar. Köpsini hökünet gözläp tapdy, köpüsini bolsa adamlar gözläp tapdy. Şu ýerdejik duraý.
Şeýle sözler bilen ýaşyuly maşyndan düşüp galdy. Kamar bolsa yzyna Aşgabada tarap ugrady. Ýaşulyň gürrüňinden soň Kamaryň göwnünde bir hili gabanjaňlyk peýda boldy. Ýylanlar näme üçindir altyny gowy görýän eken, Kamar bolsa öz humyny hiç bir ýylana düzesi gelenokdy.
Agzalan wakalardan soň ep-esli wagt geçdi. Kamar edin işine puşman edip Altynlary gömen ýerine telim sapar gaýdyp geldi, ýöne gömen ýerine hiç tapmady. Başdan oň meýilnamasam şeýledi, ol eden işine ökünjegini bilip, altyny çöliň içinde gömdi. Indi weliň näçe gözleseňem altyn ýok. Pullaryndan dynan Kamar durmuşynyň manysyny ýitirdi. Indi hiç zatda şatlyk ýokdy, bar zat gutarypdy. Asmanda Gün sönen bolsa gowy bordy, ýöne gargyş siňen Gün içiňi ýakyp günde irden dogýardy. Indi bar umyt Nowruz baýramady, eger Kamar Nowruza çenli amanadyny tabyrmasa bar zat dowzaha öwrüljekdi. Onsoňam Kamaryň kellesinde Nowruzdan öň ölmeli diýen pikir nirden peýda boldy diýsene? Öňden görer ýaly ol näme palçymy ýa-da Hudaýmy? Ýaşasa ýaşar otyrarda. 80-den geçip gezip ýörenlerem bar ahyryn, ýöne Kamar puly bolmasa öz durmuşyny nähili göz öňüne getirjeginem bilenokdy. Durmuşynyň manysyny öz elleri bilen jaýlan Kamar, ykbaldan ölüm diläp başlady. Ol öz altynlaryna çaltyrak gowşasy gelýärdi. Şeýle günleriň birinde ajal oň çakylygyna jogap berdi, ýöne bar zat Kamaryň düýşinde bolup geçdi. Kamar daňdana ýakyn düýş gördi. Ol düýşinde amanadyny tabşyryp asmana göterlipdi. Ol edil suwuň düýbinden ýüzüp çykan agaç ýaly, ýeriň ýüzünden asmana ýüzüp çykdy. Asmanda bolsa ol beýik güýç bilen sataşdy. Ol güýjiň kimdigi nämedigi belli däldi, ýöne Kamar ol güýjiň çäksizdigini duýýardy.
—Meň Altynym, —Kamar ol güýje zeýrendi. —Men altynym ýerde galdy. Altynymy bir zat edip öz ýanyma alyp bolanokmy?
—Ýok, —diýdi Asman güýji. Ýöne seni altynyň ýanyna ugradyp bolýar.
—Ugrat ugrat, —Kamar howlukdy. Oň göwnüne Asman güýji öz pikirini üýtgedäýjek ýalydy.
—Bolýar, —diýdi Asman, —ýöne sen indi Zemine adam sypatda gaýdyp barmarsyň.
—Onda nähili sypatda gaýdyp bararyn?
—Men seni indi yzyňa ýylan sypatda ugradaryn.
—Şol iň gowsyda, —Kamar begendi. —Meň Humum ýeriň aşagynda gömülgi ýatyr. Eger sen meni ýylana öwürseň men ony ýaman çalt gözläp taparyn. Tapamsoň welin bizi indi hiç kim aýra salyp bilmez. Kim meň humumy aljak bolsa men ony çakaryn.
Kamar sözlerini gutaryp ýetişmedi. Ol edil suwuň düýbine bir bölek demiriň çümşi ýaly ýene yzyna Zemine tarap okdyryldy. Ol elleri bilen howany tutjak boldy, ýöne oň elleri eýýäm ýokdy. Oň eýýäm aýaklaram ýokdy. Ol eýýäm ullakan ala ýylana öwrülipdi. Kamar asmandan gaçyp gaçyp iň soňynda öz otagynda uklap ýatan bedenine uruldy. Uruldy we edil şol pursat tisginip ukydan oýandy.
Ýyl çalşyp mart aýy geldi, Kamar aga 60 ýaşady. Kamar gysganç bolansoň doglan gününi hiç wagt bellänokdy, oňa gymmat bahaly sowgat berjek hiç hili dosty garyndaşy ýokdy. Ýöne şu gezek bat zat başgaça boldy. Kamaryň doglan günine hossarlarynyň bary üýşdi, gelinleriň özleri bar zady taýýarladylar. Hemme kişi Kamary gutlaýardylar, bar kişi oňa sowgat baryny berýärdiler. Ýöne ol sowgatlardan hiç hili peýda bolmady. Kamar aga şol gije amanadyny tabşyrdy. Ýaman aňsat we ýaman ýeňil. Aýaly diňe onuň gyşaranyny gördi we ol gaýdyp galmady.
Kamar Çoganlyda, ýeriň aşagynda gözlerini açdy. Ol hiç wagt lukmanlara ynananokdy, dogry hem edýän eken. Emelsiz lukmanlar ony diriligine jaýlapdyrlar. Kamar diri, ol bar zady duýýär, ol bar zady eşidýär, bar zady görýär. Ýene müñ ýyl ýaşamalam bolsa onda güýç bardy. Ýöne näme üçindir Kamar öz el aýagyny duýanok, hamala olar ýok ýalydy. Kamar öz ellerini görjek boldy, ýöne bolmady, eller ýok. Soň ol aýaklaryny görjek boldy, ýöne aýaklary-da ýok. Aýaklaryň ýerine uzyn göwre bar.
—Aý bolýalaý sizsizem oňaryn, —diýip, Kamar bagry bilen süýşip ýeriň aşagyndan çykjak boldy, ýöne bir bada başa barmady. El-aýagyň bolmasa ýeri gazyp boljak däl eken. Ýöne çözgüt ony köp garaşdyrmady, mazaryň içinde bir ýerlerden syçan peýda boldy. Syçan Kamary görüp göni peýda bolan deşigine sümdi, Kamar hem oň yzy bilen okduryldy. Şeýdip, syçanyň hini bilen, Kamar bagry bilen towusyp iň soňunda ýeriň ýüzüne çykdy. Kamarda indi iki sany ýol bardy, ol öz öýüne çagalaryny begendirmäge gidip bilýärdi, ýa-da öz humuny gömen ýerine tarap gidip bilýärdi. Kamar ikinji ýoly saýlady, ol ýere bagryny oýkap ýol bilen demirgazyga tarap süýşip başlady. Humuň gömülen ýeri indi oň ýadyna gowy düşýärdi. Ol indi on gije gündiz bagry bilen süýşmelem bolsa öz humuna ýetjekdi.
Soňy
Aşgabat: 16.08.18
Awtor: Rahman Zulfikarow
Tiko 2 years ago- Menem okap göremok intek