Kimde-kim bu dünýeden öten bolsa, ýöne ýatlanylyp ýörlen bolsa, şol kişi ölmez-ýitmezdir.
Adam durmuşa çakdanaşa okgunly çemeleşmekden ötri ýeňillik bilen ölüp biler.
Asman astynda hemmeler wagtlaýyn bolýandyr.
Az zada ymtylsaň - paýyňy alarsyň, köpe çapsaň - ýalňyş ýola düşersiň.
Betbagtlyk! Ol bagtyň diregidir. Bagtlylyk! Onuň gujagynda betbagtlyk gizlenip ýatandyr.
Asman astyndaky ähli beýik işler owunjak zatlardan başlanýar.
Kim öz çakyny bilýän bolsa, ol hiç wagt şowsuzlyga uçramaz.
Özüni tanaýan adam beýlekileri hem tanap biler, özüni tanamaýan beýlekileri hem tanap bilmez.
Bilýän adam gürlemez, gürleýän adam bilýän däldir.
Ýigrenje ýagşylyk bilen jogap beren utar.
Kim hereket edýän bolsa, şowsuzlyga uçrap biler. Kimde nämedir bir zat bar bolsa, ýitirip biler. Şonuň üçin hiç bir hereket etmeýän akylly görünýär. Çünki ol şowsuzlyga uçranok.
Garşydaşyňa kembaha garamakdan uly ýalňyşlyk ýokdur.
Mende üç hazyna bar, olary gözümiň göreji ýaly goraýan. Birinjisi - ynsanperwerlik, ikinjisi - aýawlylyk, üçünjisi bolsa meniň beýlekilerden öňe saýlanmazlygymdyr.
Hakykat owadan däldir.
Eger sen adamlaryň yzyňa düşmegini isleseň, onda olaryň yzyndan ýöre.
Dana kişi özüni tanansoň özüni görkezmeýär.
Dana adamyň edýän işleri ýaşaýşy dok etmeklige gönügendir, hiç wagt zat jemlemäge gönügen däldir.
(Lao-Szi)