Gullinin ejesi Myradyn aslynyn Lebaplydygyny bilip, ony tire-taypa dawasynyn bolmazlygy ucin bermejekdigini aytdy. Gulli Myrady ozinden hem gowy goryardi. Ejesini hem. Ol iki arada galdy. Name etjegini bilmedi. Ahyram aygytly netija geldi. Ol ony su yasyna cenli ulaldan ejesinin onun ucin eden aladalaryna atanak cekip, gacyp gidip biljek daldi. Yogsam ol Myrady gaty soyyardi.
Aprel ayynyn 8-i, gije sagat 2:04
Gulli eline alan 2 packa dimedrolyny yekan yekan acmaga baslady. Bu dermanyn ozi kicijegem bolsa tasirinin uludygyny bilyardi. Barsyny atanyndan son, bu yagty jahana gozini yumaryn oytdi. Yone bar zat tersinedi...
Yarym sagatdan son, Gullini eli ayagy titrap baslady. Hamala, ol elini duymayardy. Yerinden turjak boldy, emma basarmady. Yenede yerine gecip yatdy. Dimedrolyn erbet tasirlerinin biri hem glyutinasiyany doretmegi bolany ucin, ol hyyalynda Myrat bilen gurlesyardi. "Myratjan, ejem sana razy boldy soyenim..." diyip oz ozine samyrdayardy.
Irden ejesi Gullinin wagtynda turmanyny anyp, gyzyny oyarmaga geldi. Gorse, Gulli hereketsiz yatyr. El-ayaklary buz yaly. Ol derrew tiz komege jan etdi. Her nace gaty ses bilen "oyan gyzym" diyip gygyrsada, ony Gulli estmeyardi.
Hassahana eltilenden son, doktor ejesine Gullinin derman icendigini aydanda, ejesinin ustunden gaynan suw guylan yaly boldy. Gozi garankylady:
-way, doktor siz name diyaniz, men gyzym seydaydimi?
-hawa gynansagam, yone muny keseli bar bolany ucinmi ya-da janyna kast edip icipmi anyklamak kyn.
-gyzym sagatdy doktor. Ol hacan gowlasarka?
- analizler 1 sagada tayyar bolar. Yone dusunisime cemeli, gyzynyz 1 packadan kan icipdir. Icilenden son kop wagtyn geceni ucin derman gana gowy ornasypdyr. Bizin edip biljek zadymyz dine garasmak.
Seydip, Gullinin hassahanada uklap yatanyna 4 gun gecdi. 5-nji gun diylende ol gozuni acdy.
Ejesi baryp gyzyny gujaklady. Aglady. Name ucin beyle zat edendigini sorady.
Sonra doktor gelip, ejesini dasaryk cykardy.
-gynansagam gyzynyzyn yureginde kesel dorapdir
-wahey gyzym, sagatja gyzym gitdi, men neylayin adamlar?!
-indi gyzynyzyn yasamagyny isleyan bolsanyz ona asha begendiriji hem-de asha gynandyryjy zatlary aytman. Öñ derman icip gormedik beden ucin munca derman gaty agyr. Menin diyenimi etseniz, gyzynyzyn gownini tapjak bolun.
Doktorun bu sozlerinden son , ejesinin gozunden yas togalandy.
Sol barmagada anyrdan uzyn boyly, gormegey, yone gamgyn oglan eli gulli gelyardi. Ol ejesinin yanyna gelip:
"Bagyslan, siz Gullin ejesimi?" diydi. Sol wagt ejesinin dili tutulan yaly boldy. Gyzynyn soz acanyn oglanynyn sudygyny goni duydy. "Hawa" diyen äheñde dine bash atdy.
-bagyslan gelneje, gelmegim hernace utanjam bolsa Gullini alada etdim. Mumkin bolsa ony gorayin..
-bolyar oglum, menem lukmanyn yanyna gitjekdim. Yone gaty gynandyryjy zatlar aytmagyn balam. Doktor sargap goyberdi.
Gullunin yatan otagyna baryanca Myradyn yuregi gursuldiden yana durmady. Hem soyen gyzyny goresi, hem bagryna basasy, hemde ykbalyn ajy oynunyn garshysynda ejizlap aglasy gelyardi. Yone yok! Ejizlemek bolmaz. Myradyn ejizleyanini gorup Gulli name eder?
Myrat yuwasjadan gapyny acyp girdi. Hassahana otagydygy bildiryardi. Otagyn ici seyle yagty, sag tarapdan kop mukdarda gun sohlesi dusyardi. Ortarada Myradyn seretmagede dozmeyan soygilisi Gulli, onun yanyndaky stolun ustinde bolsa bir gezekde seredende gorkarlyk derejede dermanlardan doludy. Myradyn Gulluni gorup damagy doldy....

Edebiýat, sada. tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir