PAÝHAS ÇEŞMESI KITABYNDAN
Dosta bereniňi sorama, goňşa bereniňi dileme.
***
Haýyr dile goňşyňa, rysgal gelsin aşyňa.
***
Toý görki - bagşy, öý görki - goňşy.
***
Uzakdaky dogandan, ýakyndaky goňşy ýagşy.
***
Ýan goňşym, jan goňşym.
***
Bar, okaram, gel, okaram, barmasaň - gelmeseň, orta ýolda döwül, okaram.
***
Goňşyň hyklasa, sen çakla.
Goňşyma dilegim düşdi, berse-de goňşym, bermese-de goňşym.
***
Atyň ýaman bolsa, satyp gutularsyň, goňşyň ýaman bolsa, göçüp gutularsyň, aýalyň ýaman bolsa, niçik gutularsyň.
***
Goňşyň gowy bolsa, kel gyzyň äre gider, goňşyň ýaman bolsa, gül gyzyň göre gider.
***
Aýrylmaz goňşyňa unutgysyz söz aýtma.
***
Goňşy - goňşyň bazary, ýamany - il bizary.
***
Goňşy aşy dişe däri.
***
Goňşy haky - Taňry haky.
***
Goňşyňy goňşudan sora, ýamany ýagşydan.
***
Goňşy towugy göze gaz bolup görüner.
***
Goňşy töwüri rysgalyňy artdyrar.
***
Goňşy iti goňşa üýrmez.
***
Goňşy goňşudan giç ýatyp, ir turmany öwrener.
***
Goňşyň ýykylsa, söýget ber.