Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Meniň Italiýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagym mynasybetli iberen mähirli gutlagyňyz üçin Size hoşallygymy beýan edýärin. Munuň özi Siziň ýurdumyza berýän ünsüňiziň ýene-de bir subutnamasy boldy.

Täze ýediýyllyk möhletde biziň ýurtlarymyzy birleşdirýän dostluk gatnaşyklaryny, şol sanda sebit derejesindäki has işjeň hyzmatdaşlygyň çäklerinde pugtalandyrmak boýunça başlanan işi dowam etdirmek baradaky arzuwymy tassyklamak isleýärin.

Bu mümkinçilik maňa Italiýa Respublikasynyň Prezidenti hökmünde biziň halklarymyzyň rowaçlygyny we abadançylygyny ýokarlandyrmaga bilelikde ýardam bermek işinde mundan beýläk-de ylham berer.

Size belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy, dostlukly türkmen halkyna bolsa tüýs ýürekden arzuwlarymy kabul ediň!

Serjio Mattarella,

Italiýa Respublikasynyň Prezidenti.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir