Garaşsyz Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, ykdysadyýetiň, ylmyň, bilimiň we saglygy goraýşyň ähli pudaklaryny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde gazanylýan üstünliklerde, ösüp gelýän nesillerimize milli däp-dessurlarymyza laýyklykda terbiýe bermekde ýaşuly nesliň hyzmaty örän uludyr. Gazanylan bu ajaýyp üstünliklerde saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleriniň hem uly paýy bardyr.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlarymyzy ösdürmekde, mähriban halkymyzyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimize edep-terbiýe bermekde uly işleri bitirýändigini hem-de durmuşda asylly görelde görkezýändigini nazara alyp, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkeziniň çagalar bölüminiň diş lukmany-terapewti Gurbannazar Ataýewe Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 11-nji fewraly.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir