Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki hem-de Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň gurluşyklaryna badalga berdi.

Welaýatlaryň ählisiniň hassahanalarynyň çagalar bölümlerine täze «Tiz kömek» awtoulaglary berildi.

Milli Liderimiziň tagallalary netijesinde, köpçülikleýin bedenterbiýe hem-de olimpiýa hereketi işjeň ösdürilýär, Türkmenistanyň dünýäniň sport älemindäki abraýy artýar.

Döwlet Baştutanymyzyň Kararlary bilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» we «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasy» tassyklanyldy.

Hasabatda türkmen türgenleriniň halkara sport ýaryşlarynda, şeýle hem Tokio şäherinde (Ýaponiýa) geçirilen XXXII Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende galdyrandyklary bellenildi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, bilim, ylym, saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlarynda halkara gatnaşyklar yzygiderli pugtalandyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe we onuň gözegçilik edýän ulgamynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, bellenilen uly özgertmeleri geçirmek işlerini dowam etmegiň zerurdygyny nygtady.

Senagatlaşdyrmak, elektron senagatyny döretmek, ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmak, gymmatly kagyzlaryň bazaryny döretmek, bazar ykdysadyýeti we telekeçilik hem-de hukuk ulgamynydyr ylmy ösdürmek bu ugurlarda köp sanly hünärmenleri talap edýär. Şoňa görä-de, sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy babatda hem hünärmenleri taýýarlamak boýunça iş alyp barmak zerurdyr.

Milli Liderimiz pandemiýa garamazdan, häzirki döwürde yza galmazlyk üçin, ýiti zerur bolan ugurlar, ýagny maliýe, oba hojalygy, senagat we elektron senagaty boýunça okuw meýilnamasynyň täze maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga ünsüň jemlenilmelidigini belledi. Şu maksat bilen, öňdebaryjy milli we halkara tejribe hemişe öwrenilmelidir hem-de birleşdirilmelidir. Şeýle hem täze ugurlarda hünärmenleri taýýarlamak üçin, dünýäniň abraýly uniwersitetleri bilen hyzmatdaşlyk etmekde bilelikdäki bilim maksatnamalary durmuşa geçirilmelidir, bu işe biziň ylmy institutlarymyz hem çekilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Milli Liderimiz koronawirus bilen bagly häzirki ýagdaýdan ugur alyp, milli saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de döwrebap ýagdaýa getirmegiň dowam etdirilmelidigini belledi. Önümçilige öňdebaryjy lukmançylyk ylymlary giňden ornaşdyrylmalydyr. Dürli keselleriň, aýratyn-da, ýokanç keselleriň öňüni almagyň, olary anyklamagyň we bejermegiň iň täze usullary öwrenilmelidir we ulanylmalydyr. Şu maksat bilen, bu ugurda bar bolan tejribeleri netijeli alyşmak üçin daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen ysnyşykly gatnaşyklar ýola goýulmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmegiň, umumymilli derejede dürli sport-sagaldyş çärelerini hem-de halkara ýaryşlary geçirmegiň içeri syýasatymyzyň strategik ugry bolup durýandygy nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz ylym ulgamyny kämilleşdirmek üçin maksatnamalarda göz öňünde tutulan çäreleri amala aşyrmak arkaly, milli ykdysadyýetimizde ylmyň, tehnologiýalaryň we sanly innowasiýalaryň ornuny ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmäge, ylym babatda halkara guramalar, ylmy merkezler bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyryp, ýurdumyzda we dünýäde ylmyň gazanan üstünliklerini önümçilige ornaşdyrmagyň hem-de ylmy-tehniki maksatnamalary utgaşdyrmagy gowulandyrmagyň wajypdygyny belledi.

Şonuň ýaly-da, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge, sürümli ýerleriň şoruny ýuwmaga, hapa suwlary tygşytlamaga we netijeli ulanmaga gönükdirilen barlaglary geçirmek, şorlaşan ýerlerde oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň innowasion usullaryny we tehnologiýalaryny ornaşdyrmak zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyz häzirki zaman seýsmotektonik ýagdaýyň ösýän şertlerinde mümkin bolan ýertitreme zolaklaryny öwrenmek boýunça işleri güýçlendirmegiň, ýer gabygynyň seýsmiki, geodinamiki, elektromagnit, gidrodinamiki we geohimiki ölçeglerine gözegçilik etmegiň hem-de baha bermegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow welaýatda 2021-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Hususan-da, sebitiň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatyň kärhanalarynda senagat önümçiligi boýunça 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 134,3 göterim ösüş gazanyldy. Şeýle hem bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 116,4 göterime deň boldy.

Ýurdumyzda azyk bolçulygyna mynasyp goşant goşmak maksady bilen, 195 müň gektar meýdana güýzlük bugdaý ekilip, ondan 400 müň tonna bugdaý hasylyny almak meýilleşdirilýär. Şeýle hem şu ýyl welaýat boýunça jemi 28 müň 310 gektarda ýeralma we beýleki ekinler ösdürilip ýetişdiriler.

Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew geçen ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesiniň gurlup ulanmaga berlendigi barada hasabat berdi. Olaryň hatarynda Balkanabat şäherinde “Türkmeniň ak öýi” binasy, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň Balkan welaýat merkezi, Awaza etrabynda “Ahal — Balkan” ýokary woltly iki zynjyrly täze asma elektrik geçirijisi, Türkmenbaşy şäherinde 100 orunlyk ýokanç keseller hassahanasy, Magtymguly etrabynda köpugurly hassahana we saglyk öýi bar.

Mundan başga-da, Arkadag Prezidentimiziň gatnaşmagynda Balkanabat şäheriniň Halkara howa menziliniň gurluşygyna badalga berlendigi barada aýdyldy.

Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow welaýatda 2021-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, senagat kärhanalarynyň geçen ýyldaky önümçiliginde 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 111 göterim ösüş gazanyldy. Içerki bazarda haryt dolanyşygynyň möçberi 116,5 göterime deň boldy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň ýyllyk meýilnamasy 238,5 göterim ýerine ýetirildi.

2021-nji ýylda 145 müň gektara güýzlük bugdaý ekilip, ondan 265 müň tonna hasyl öndürmek meýilleşdirilýär. Ýazky möwsümde gowaça ekiljek ýerleriň meýdany 140 müň gektar bolup, ondan 275 müň tonna pagta hasylyny almak göz öňünde tutulýar.

Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň çäklerinde maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasynyň 153,1 göterim ýerine ýetirilendigi barada hasabat berdi.

2021-nji ýylyň dowamynda “Malaý” gaz käninde kuwwaty ýylda 30 milliard kub metre barabar bolan gaz gysyjy desga, önümçilik kuwwatlylygy 432 megawat bolan gaz turbinaly elektrik bekedi, Kerki şäherinde täze Halkara howa menzili, Türkmenabatda “Türkmeniň ak öýi” binasy, Farap etrabynda çagalar dynç alyş merkezi, şeýle hem ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berildi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde 2021-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, hususan-da, senagat kärhanalary tarapyndan öndürilen önümleriň möçberleriniň 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 14,1 göterim artandygy barada hasabat berdi.

Şeýle hem häkim welaýatda 170 müň gektara güýzlük bugdaýyň ekilendigini, meýilnama laýyklykda ondan 345 müň tonna bugdaý hasylynyň alynmagynyň meýilleşdirilýändigini habar berdi. Şu ýyl welaýat boýunça 165 müň gektara gowaça, 28 müň 170 gektara bolsa ýeralma, gök, bakja we beýleki ekinler ekiler. Munuň özi ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant bolar.

Welaýatlaryň häkimleriniň çykyşlary tamamlanandan soňra arakesme yglan edildi, onuň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar taryhy ähmiýete eýe bolan bu möhüm syýasy waka mynasybetli berlen toý sadakasyna gatnaşdylar.

...Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sadaka bermäge niýetlenen ýere gelip, özi üçin taýýarlanan ýörite ýere geçip oturdy.

Milli Liderimiz sadakadan öň Halk Maslahatynyň mejlisiniň aýratyn ähmiýetini nygtady, onuň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň has-da pugtalanmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen çözgütler kabul ediler. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň baýram edilen ýylynda uly üstünlikleriň gazanylandygyny kanagatlanma bilen nygtap, olaryň ählisiniň Hökümetiň mejlisiniň barşynda beýan edilendigini, geçen 2021-nji ýylda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleriniň jemlenilendigini aýtdy.

Türkmenistanyň müftüsi asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlara eýerip, toý sadakasynda tebärek çykdy. Onda Beýik Biribardan ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýarlyk derejesiniň ýokarlanmagy, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda uly ösüşleriň gazanylmagy dileg edildi. Munuň özi jemgyýetimiziň durmuşynda aýratyn ähmiýete eýe bolan taryhy çäreleriň milli däp-dessurlar bilen utgaşdyrylýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Tebärek çykylandan soň, toý sadakasyna gatnaşyjylara nahar çekildi. Bereketli desterhanlaryň başyna jem bolan adamlar parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty, ýurdumyzda asudalygyň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň berkidilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigi üçin Arkadag Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Halkymyzyň milli aşhanasynyň datly tagamlary, olaryň köpdürlüligi türkmen halkynyň tagam taýýarlamakda, toý sadakalaryny agzybirlikde geçirmekde oňyn tejribe toplandygyny görkezýär.

Duz-tagam dadylandan soň, aýat-doga okaldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toý sadakasynyň dowamynda dutar çalmak bilen, sadaka gatnaşanlara halk sazlarynyň jadylaýjy mukamlaryndan lezzet almaga mümkinçilik beren bagşy-sazandalara minnetdarlyk bildirdi. Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi türkmen halkynyň döreden we kämilleşdirýän milli ruhy gymmatlyklarynyň, sungatynyň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, dutar dünýäde ýeke-täk notasyz çalynýan saz guraly hökmünde bellidir. Bu sungatyň notasy ussat dutarçylaryň damaryndaky ganynda, türkmen halkynyň ar-namysyndaky we wyždanyndaky notadyr. Munuň özi çalnyşy babatda bolşy ýaly, özboluşly owazy babatda dünýä nusgalyk saz guralydyr.

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, “Toýdan topukça” diýen paýhasly jümläni döreden halkymyzda toýa gelenlere toý paýyny bermek dessurynyň bardygyny belledi we bagşy-sazandalara çuňňur minnetdarlygyň nyşany hökmünde toý düwünçeklerini paýlamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz şu günki möhüm waka mynasybetli berlen toý sadakasy tamamlanandan soň, paýtagtymyzyň Hezreti Omar metjidinde we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň metjitlerinde okalýan juma namazlarynda ýagşy dilegleriň edilýändigini belledi.

Metjitlerde okalan juma namazlarynda Beýik Biribardan ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, bereketli türkmen topragynda abadan we bagtyýar durmuşyň berkarar bolmagy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürülýän ähli asylly başlangyçlaryň üstünliklere beslenmegi barada dilegler edildi.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem toý sadakalary berildi.

Toý sadakasyndan soňra, Hökümetiň giňişleýin mejlisi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi, wise-premýer gözegçilik edýän pudaklarynda 2021-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, şonuň ýaly-da, oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň we welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi.

Tutuş oba hojalyk toplumy boýunça önümçiligiň umumy möçberiniň ösüş depgini 107,8 göterime deň boldy. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 108,1 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 105,2 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 102,4 göterime deň boldy. Mundan başga-da, ýurdumyzda 1 million 485 müň tonna bugdaý, 1 million 280 müň tonna pagta, 86 müň tonna şaly, 2 müň 131 tonna pile öndürilip, bellenilen meýilnamalar berjaý edildi.

Bugdaý hasylyny döwrebap derejede saklamak, gaýtadan işlemek hem-de ilatymyzy ýokary hilli un, çörek we çörek önümleri, dokma kärhanalaryny bolsa zerur bolan ýüplükler bilen üpjün etmek boýunça ähli çäreleriň görülýändigi barada aýdyldy. Ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmek babatynda berilýän döwlet kömeginiň netijesinde, şu ýyl 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylyny hem-de 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny öndürmek meýilleşdirilýär.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, azyk bolçulygyny pugtalandyrmak we ýurdumyzda öndürilýän önümleriň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmak üçin ýeralma we gök-bakja ekinlerini ekmäge bölünip berlen 106 müň gektar ýerde zerur çäreler durmuşa geçirilýär, ýurdumyzda maldarçylygy hem-de guşçulygy ösdürmek, olaryň baş sanyny artdyrmak, ilaty et-süýt önümleri bilen üpjün etmek babatynda netijeli işler amala aşyrylýar.

Şeýle hem howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň we ýurdumyzyň Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän işler hem-de ýer we suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, obasenagat ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de topluma häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer E.Orazgeldiýewe hem-de oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurdumyzda azyk harytlarynyň öndürilişini giňeltmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaýlar bilen baglylykda, içerki bazaryň bu önümler bilen üpjün edilişini gowulandyrmak, azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek, oba hojalygynyň netijeliligini artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmek möhümdir.

Şu maksatlar bilen oba hojalyk pudagynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, guşçulygy we et-süýt önümçiligini, oba hojalyk toplumynyň azyk we beýleki pudaklaryny ösdürmek esasy wezipeleriň biridir diýip, milli Liderimiz belledi.

Obasenagat toplumynda azyk, maldarçylyk, et we süýt senagaty ýaly kärhanalaryň kuwwatlylygyny artdyrmak boýunça zerur çäreleri görmek hem-de şertleri döretmek möhümdir.

Döwlet Baştutanymyz örüleri we oba hojalyk maksatly sürümli ýerleri niýetlenilişine görä we netijeli ulanmak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigine ünsi çekdi. Halkara tejribeden ugur alyp, oba hojalyk ekinleriniň hasylyny artdyrmak we tohumçylygy ösdürmek üçin zerur işler alnyp barylmalydyr. Hormatly Prezidentimiz ýer kadastryny tamamlap, dürli oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmegiň usuly gollanmalarynyň taýýarlanylmalydygyny belledi.

Pudaga hususy önüm öndürijileri giňden çekmegiň hem-de önümçilige öňdebaryjy ylmy tejribeleri yzygiderli ornaşdyrmagyň hasabyna ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Ilatymyzy özümizde öndürilen azyk önümleri, şol sanda gök önümler bilen üpjün etmek, şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň möçberlerini azaltmak, döwletimiziň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen, gök ekinleriň ekilýän meýdanlaryny giňeltmek zerurdyr.

Biz maldarçylygy ösdürmek, mallaryň baş sanyny we olardan alynýan önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça hem zerur işleri geçirmelidiris. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz mallar üçin ot-iýmlik ekinleriň meýdanyny hem giňeltmelidigini belledi.

Oba hojalyk ekinleriniň suw bilen üpjünçiligini mundan beýläk-de gowulandyrmak hem-de goşmaça gorlaryny döretmek üçin suw howdanlaryny gurmak we olaryň göwrümlerini giňeltmek işlerini hem alyp barmagyň zerurdygy bellenildi. Oba hojalyk ekinleri suwarylanda ulanylýan suw tygşytlaýjy häzirki zaman usullaryny önümçilige giňden ornaşdyrmalydyrys we bu ugurda iň gowy dünýä tejribesini ulanmalydyrys diýip, milli Liderimiz nygtady.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow 2021-nji ýylda paýtagtymyzy toplumlaýyn abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Maýa goýumlary özleşdirmek, desgalaryň gurluşygynyň depginlerini güýçlendirmek boýunça görülýän çäreler, hojalyk hasaplaşygynda işleýän edara-kärhanalaryň önümçilik meýilnamasynyň 146,3 göterim ýerine ýetirilendigi baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi.

Geçen ýylda paýtagtymyzy yzygiderli abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga öwürmek bilen bir hatarda, durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň birnäçesi gurlup, ulanylmaga berildi. Olaryň hatarynda 2 sany bankyň edara binasy, Halk Maslahatynyň Diwanynyň, Halkara ahalteke atçylyk we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýalarynyň merkeziniň binalar toplumy, “Arkadag” we “Garagum” otelleri, seýilgähler we seýilbaglar, ýerasty geçelgeler, “Aşgabat” söwda-dynç alyş merkezi, şeýle hem birnäçe ýaşaýyş jaý toplumlary we beýlekiler bar.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 2021-nji ýylda DIM-niň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Ol sözüniň başynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň iň ýokary döwlet wezipesine saýlanylmagynyň on bäş ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady hem-de milli Liderimize Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde täze ajaýyp üstünlikleri arzuw etdi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryny we öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, hasabat döwründe ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, sebit hem-de halkara guramalaryň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça maksadalaýyk çäreleriň görlendigi bellenildi.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmakda döwlet we hökümet derejesinde hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Geçen ýyl Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleriniň Türkmenistana döwlet, resmi we iş saparlary, 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, 28-nji noýabrda bolsa Aşgabat şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti geçirildi.

Hasabat döwründe BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy, YHG-nyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň we Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretarlary ýurdumyza geldiler.

Geçen ýyl hormatly Prezidentimiz Täjigistan Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna, Birleşen Arap Emirliklerine, Türkiýe Respublikasyna we Russiýa Federasiýasyna saparlary amala aşyrdy.

2021-nji ýylyň dowamynda milli Liderimiz sanly ulgam arkaly birnäçe ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 14-nji sammitine, Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň maslahatyna, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşine onlaýn tertipde gatnaşdy.

Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde, BMG-niň senagat meseleler boýunça maslahatynda, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ylym we tehnologiýalar boýunça sammitinde hem-de Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumda çykyş etdi.

2021-nji ýylda milli Liderimiziň birnäçe döwletleriň ýolbaşçylary hem-de Ýewropa Geňeşiniň Başlygy bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirildi.

Hasabat döwründe DIM arkaly ýurdumyza jemi 97 sany wekiliýet sapar bilen geldi we Türkmenistandan daşary ýurtlara 54 sany wekiliýet gitdi.

Geçen ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 1985-si geçirildi. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde gepleşikleriň 186-sy guraldy. Halkara resminamalaryň 208-sine gol çekildi.

Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça duşuşyklar we geňeşmeler yzygiderli geçirildi. 2021-nji ýylda birnäçe döwletleriň daşary işler ministrleri bilen gepleşikler geçirildi. Türkmenistan DIM-niň derejesinde köptaraplaýyn duşuşyklara, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň arasyndaky «C5+1», «Merkezi Aziýa — Hytaý», «Merkezi Aziýa — Russiýa», «Merkezi Aziýa — Koreýa» we «Merkezi Aziýa — Hindistan» görnüşindäki duşuşyklara hem-de Aziýa — Ýuwaş umman sebiti ýurtlarynyň ýokary derejeli maslahatyna, «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» ýokary derejeli dialogyna gatnaşdy. Mundan başga-da, «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» bilelikdäki komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Geçen ýylda ýurdumyz Kongo Respublikasy we Niger Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy.

Hasabat döwründe hormatly Prezidentimize Hytaý Halk Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Ukrainanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Saud Arabystany Patyşalygynyň we Ermenistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri hem-de BMG-niň Türkmenistandaky täze bellenilen Hemişelik utgaşdyryjysy we ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy ynanç hatlaryny gowşurdylar.

Şol döwürde Türkmenistanyň Daniýa Patyşalygyndaky, Gazagystan Respublikasyndaky, Oman Soltanlygyndaky, Tunis Respublikasyndaky, Polşa Respublikasyndaky we Kuweýt Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri degişli döwletleriň Baştutanlaryna ynanç hatlaryny gowşurdylar.

Garalýan döwürde ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça yzygiderli ädimler ädildi. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus, türkmen-eýran, türkmen-rus, türkmen-täjik, türkmen-özbek, türkmen-gyrgyz, türkmen-gazak toparlarynyň, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň, Senagat boýunça türkmen-pakistan bilelikdäki iş toparynyň nobatdaky duşuşyklarynyň geçirilendigini bellemek gerek. Şeýle hem daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, daşary işler ministrine ýüzlenip, häzirki wagtda dünýäde bolup geçýän ýagdaýlardan ugur alyp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň oňyn daşary syýasatyny ösdürmegiň we onuň gerimini has giňeltmegiň talap edilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylda iri halkara we sebit guramalary, şeýle hem dünýäniň döwletleri bilen deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek boýunça işleri dowam etmek zerurdyr.

Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik häsiýetli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, bu guramanyň we beýleki köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýen ählumumy başlangyjy ösdürmek boýunça zerur işleri alyp barmak möhümdir. Bu başlangyç 2021-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatyň çäklerinde häzirki döwrüň halkara gatnaşyklaryň filosofiýasy hökmünde teklip edildi.

Şeýle hem biziň milli ulag-logistika, ýangyç-energetika, tebigaty goramak we ekologiýa diplomatiýamyzy göz öňünde tutup, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Goşulmazlyk Hereketi, Bütindünýä Söwda Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki halkara hem-de sebit düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etmek zerurdyr.

Bitarap Türkmenistanyň köptaraply diplomatiýasyny netijeli durmuşa geçirmek üçin ýurdumyzyň Merkezi Aziýa we golaýdaky hyzmatdaş döwletler bilen özara bähbitli we uzak möhletli hyzmatdaşlygyny giňeltmäge aýratyn ähmiýet bermek wajypdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda 2021-nji ýylda ýurdumyzda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň netijeleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamany durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri görmegi tabşyrdy.

Şeýle hem Hazarýaka sebitiň döwletleri bilen gatnaşyklar yzygiderli ösdürilmelidir we hyzmatdaşlygyň täze usullary hem-de ugurlary işlenip taýýarlanylmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylda Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Türkmenistanda Altynjy sammitini ýokary derejede we netijeli guramak üçin zerur işleri geçirmeli diýip, milli Liderimiz nygtady.

Garaşsyz döwletimiziň Aziýa — Ýuwaş umman, Amerika we Ýewropa ýurtlary bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmegi üpjün etmek möhümdir.

Şundan ugur alyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşary işler ministrligine hyzmatdaş döwletler we halkara guramalar bilen gatnaşyklarda ýurdumyzyň syýasy-ykdysady diplomatiýasyny işjeň alyp barmagy, ugurdaş ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bu meselede zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi, ol 2021-nji ýylda ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda alnyp barlan işler barada maglumat berdi.

Mejlisiň ýolbaşçysy Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň häzirki mejlisiniň Türkmen döwletiniň täze taryhyndaky, onuň demokratik binýatlarynyň pugtalandyrylmagyndaky aýratyn ähmiýetini nygtap, şu gün kabul edilen çözgütleriň Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagy, onuň täze taryhy eýýamda gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýarlygy hem-de abadançylygy üçin berk binýat boljakdygyny belledi.

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçen 2021-nji ýylda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli maksatnamalary kanunçylyk taýdan üpjün etmek, milli kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp baryldy.

Bu işler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mejlisiň deputatlary bilen 2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda geçiren duşuşygynda hem-de Hökümetiň mejlislerinde öňde goýan wezipelerinden ugur almak arkaly amala aşyryldy.

Mejlisiň maslahatlarynyň dördüsi geçirilip, olarda döwletiň we jemgyýetiň dürli ulgamlaryndaky jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunlaryň hem-de kararlaryň jemi 123-si, şol sanda kanunlaryň 71-si, Mejlisiň kararlarynyň 52-si kabul edildi.

Mejlisiň we Halk Maslahatynyň agzalarynyň bilelikdäki tagallalary bilen Türkmenistanyň täze kanunlarynyň birnäçesi kabul edildi, şeýle hem hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek maksady bilen, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde, dürli ugurlara degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp baryldy.

Häzirki döwürde dünýäniň köp sanly döwletleriniň kanunçykaryjy edaralary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýuldy. Parlamentara Bileleşigi we Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasy, Ýewropa döwletleriniň we beýleki ýurtlaryň parlamentleri bilen gatnaşyklar netijeli ösdürilýär. Daşary ýurt döwletleriniň birnäçesiniň parlamentleri bilen dostluk toparlary döredildi. Häzirki wagtda şeýle toparlaryň 44-si hereket edýär.

Halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm bölekleri bilen gatnaşyklar üstünlikli dowam etdirilýär. 2021-nji ýylda Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri ikitaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, kanunçykaryjylyk işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge we döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmäge ýardam edýän duşuşyklaryň hem-de maslahatlaryň 191-sine gatnaşdylar. Şolaryň 148-si sanly ulgam arkaly geçirildi.

Mejlisde dünýäniň 15 ýurdundan parlament ýolbaşçylarynyň 17-siniň gatnaşmagynda “Parlamentarileriň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki orny” atly sanly ulgam arkaly maslahat hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy geçirildi.

Mejlisde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileriniň önümçilik tejribelikleri geçirildi.

Ýurdumyzyň parahatsöýüjilik we netijeli daşary syýasat ugruny, Garaşsyzlygyň geçen 30 ýylynda ýetilen sepgitleri, kabul edilen kanunçylyk namalaryny wagyz etmek boýunça yzygiderli işler amala aşyryldy. Deputatlar ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemäge gönükdirilen dürli çärelere gatnaşýarlar, saýlawçylar, şeýle hem ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary, öz-özüňi dolandyryş edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen yzygiderli aragatnaşyk saklaýarlar.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew bu düzümiň 2021-nji ýylda ýerine ýetiren toplumlaýyn işleri barada maglumat berdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda geçirilýän mejlisinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň geljek otuz ýylyň içinde ýurdumyzyň depginli ösüşini üpjün etjek işlere hem-de ýeten sepgitlerine mynasyp baha berilýär.

Demokratiýanyň, mähriban halkymyzyň abadançylygyna hem-de bagtyýarlygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň dabaralanmagynyň aýdyň subutnamasy bolan iki palataly parlamentiň döredilmegi geçen ýylyň möhüm wakalarynyň biri boldy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň döredilen ilkinji günlerinden milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerine laýyklykda, ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak, döwletimiziň hukuk we demokratik esaslaryny pugtalandyrmak, kabul edilmegi meýilleşdirilýän kanun taslamalaryny seljermek boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp baryldy.

Bu işleri ýerine ýetirmek üçin Milli Geňeşiň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri, ylmy edaralar we ýokary okuw mekdepleri bilen işjeň aragatnaşyklar ýola goýuldy.

2021-nji ýylda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň dört mejlisi geçirildi. Olarda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmek, milli ykdysadyýetiň mundan beýläkki ösüşi, adamlaryň durmuş goraglylygy, telekeçilik, ylym-bilimi ösdürmek, daşky gurşawy goramak, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryny ösdürmek bilen bagly we beýleki ugurlara degişli täze kanunlaryň onlarçasy ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi.

Halk Maslahatynyň agzalary ýurdumyzyň häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, önümçilik kärhanalarynyň, ylmy edaralarynyň hünärmenleri we bilermenleri, şeýle hem raýatlarymyz bilen gatnaşykda bolup, kanunçykaryjylyk işini yzygiderli kämilleşdirmek, bu ugurda teklipleri işläp taýýarlamak bilen bagly işleri alyp bardylar.

Parlamentara gatnaşyklary ösdürmek hem-de kanunçykaryjylyk işi barada tejribe alyşmak, Garaşsyz Diýarymyzyň parahatçylyk söýüjilik daşary syýasatyny dünýä ýaýmak maksady bilen, Halk Maslahaty halkara guramalar hem-de daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen degişli işleri alyp bardy.

Halk Maslahatynyň agzalary maslahatlara, duşuşyklara hem-de beýleki jemgyýetçilik çärelerine yzygiderli gatnaşyp, wagyz-nesihat işlerini alyp barýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa we Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewe ýüzlenip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty we Mejlisi ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmelidirler. Şu meselede dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň oňyn tejribesine we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna goldanmalydyrlar diýip aýtdy.

Şu ýyl Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilenine 30 ýyl dolýar. Şoňa görä-de, biziň Esasy Kanunymyzyň mazmunyny, onda beýan edilen kadalary we ýörelgeleri, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça amala aşyrylýan anyk işleri düşündirmek we giňden wagyz etmek babatda çäreleriň toplumyny geçirmeli diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Geňeşiň Mejlisi we Halk Maslahaty Daşary işler ministrligi bilen bilelikde, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna gowy taýýarlyk görmeli. Bu forumy 2022-nji ýylyň maý aýynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň zenanlarynyň dialogyny hem şu forumyň çäklerinde guramak meýilleşdirilýär. Şoňa görä-de, Parlamentara forumyň gün tertibiniň taslamasyny taýýarlamaly hem-de bu ugurda ýurdumyzyň Hökümeti bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmeli diýip, milli Liderimiz nygtady.

Bellenilişi ýaly, Milli Geňeşiň Halk Maslahaty hem-de Mejlisi dürli ýurtlaryň parlamentleri bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak we ösdürmek boýunça işleri dowam etmelidir. Halkara guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň düzümine girýän guramalar bilen hyzmatdaşlyk has-da berkidilmelidir.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary hem-de Mejlisiň deputatlary syýasy partiýalar we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini wagyz etmek boýunça alyp barýan işlerini dowam etmeli. Wekilçilikli häkimiýetiň ýerli edaralaryna, öz-özüňi dolandyryş edaralaryna kanunçylygy öwrenmek boýunça guramaçylyk we usulyýet kömegini bermelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary umumylaşdyryp, geçen ýylyň netijelerini jemledi.

Geçen 2021-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda biz ata Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny ägirt uly buýsanç duýgulary bilen giňden belläp geçdik diýip, milli Liderimiz nygtady we berkarar döwletimiziň baş baýramyny mynasyp garşylamak maksady bilen, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary netijeleriň gazanylandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Watandaşlarymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bize bellän ähli meýilnamalarymyzy ýerine ýetirmek başartdy. Milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginini saklap galdyk.

Geçen ýyl jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim boldy. Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, parahatçylygyň hem-de demokratiýanyň mizemez gymmatlyklaryny özünde jemleýän kanunlary işläp taýýarlamak hem-de durmuşa ornaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi.

Halk hojalygynyň ähli ugurlarynda diýen ýaly önümçiligiň bellenen möçberleriniň aňryçäk ösüş depgini üpjün edildi. Bölek haryt söwda dolanyşygynyň we daşary söwda dolanyşygynyň görkezijileri ýokarlandy.

Döwlet Baştutanymyz zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberleriniň artdyrylandygyny belläp, Türkmenistanda 2007-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2021-nji ýylda ortaça zähmet hakynyň möçberiniň 366,3 göterim ýokarlanandygyny aýtdy. Pensiýalary we döwlet kömek pullaryny tölemek üçin 2008 — 2021-nji ýyllarda goýberilen maliýe serişdeleri bolsa 1054 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan köp çagaly eneleriň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça hem anyk çäreler durmuşa geçirilip başlandy.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 24,6 milliard manada barabar boldy.

Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny amatly taýýarlamaga hem-de durmuşa geçirmäge gönükdirilen netijeli işler alnyp baryldy, hyzmatdaşlyk etmegiň täze ugurlary kesgitlendi.

Koronawirus pandemiýasy we köp ýurtlarda girizilen çäklendirmeler şertinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn üns berildi. Garaşsyzlygymyzyň, howpsuz we asuda durmuşymyzyň kepili bolan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goranmak ukyby hem berkidilýär.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gallanyň we gowaçanyň gowy hasyly alyndy, iri zawod-fabrikleriň gurluşygy üstünlikli dowam edýär. Geçirýän özgertmelerimize laýyklykda, nebitgaz känleri özleşdirilýär, esasy gaz geçirijiler çekilýär. Has oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, ýokary derejeli myhmanhanalaryň we beýleki durmuş desgalarynyň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz geçen ýyl göz öňünde tutulan 30 desganyň ýerine umumy bahasy 13 milliard manat bolan 73 sany iri desganyň ulanmaga berlendigini kanagatlanma bilen belledi.

Aşgabatda Hökümet binalar toplumy, Söwda merkezi we iki sany 7 ýyldyzly myhmanhana açyldy. Ahal welaýatynda iki sany iri dokma toplumy we ýokary tizlikli awtomobil ýoly, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ýokanç keseller hassahanasy, Magtymguly etrabynda köpugurly hassahana we Bereket etrabynda uly suw howdany, Daşoguz welaýatynda haly fabrigi ulanmaga berildi. Şeýle hem ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde «Türkmeniň ak öýi» binalary, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň täze üpjünçilik desgalary, Lebap welaýatynda Kerki Halkara howa menzili, iri elektrik we gaz basyş stansiýalary, Mary welaýatynda hem plastmassa turbalaryny öndürýän zawod işe girizildi.

Geçen ýyl Akina — Andhoý stansiýalarynyň arasynda 30 kilometrlik demir ýol ulgamy, Kerki — Şibirgan ugry boýunça 153 kilometrlik elektrik geçiriji, şeýle hem Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary ulanmaga berildi.

Häzirki döwürde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygy dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek we ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek boýunça işler hem kabul eden maksatnamalarymyza laýyklykda alnyp barylýar.

Saglygy goraýyş babatda hem öz wagtynda zerur çäreler görüldi. Sebäbi jemgyýetiň saglygy döwletiň berk esasydyr. Şoňa görä-de, biz adamlaryň saglygyny goramak we ömür dowamlylygyny artdyrmak, keselleriň öňüni almak hem-de sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işleri alyp barýarys. Halkymyzyň, şol sanda ýaş nesillerimiziň saglygyny we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň şerti hökmünde bedenterbiýä hem-de sporta örän uly ähmiýet berýäris. Biz geçen ýyl Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda gazanan üstünligimize örän buýsanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly halkara gatnaşyklar babatda hem şowly boldy. Biz dünýäniň ähli döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly üns berýäris. Bu gatnaşyklar ynanyşmaga we özara düşünişmäge, dürli ugurlarda açyk hem-de netijeli hyzmatdaşlyga esaslanýar. Ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklar bilen birlikde, Bitarap Türkmenistan iri halkara guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki abraýly halkara düzümler bilen köpugurly hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär.

Şeýlelikde, ozal hem bolşy ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasy berkarar döwletimiziň esas goýujy kadalaryna, anyk aýdylanda bolsa, Bitaraplyk, parahatçylygy söýmek, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk kadalaryna laýyklykda amala aşyryldy. Ýurdumyzda halkara ähmiýetli çäreler ýokary derejede geçirildi. Şol çäreleriň arasynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisine, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitine aýratyn ähmiýet bermelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Parahatçylygy söýüji we netijeli daşary syýasaty alyp barýan Bitarap döwletimiziň abraý-mertebesi halkara jemgyýetçilikde yzygiderli ýokarlanýar. Biziň ýurdumyzyň abraýly halkara guramalarda öňe sürýän köp sanly başlangyçlaryna düşünilýär we olar giňden goldanylýar.

Şeýlelikde, Bitarap Türkmenistan sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga, hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýyny döretmäge hem-de hyzmatdaşlyk etmäge uly goşant goşdy we goşmagyny dowam edýär.

Bularyň ählisi biziň dünýädäki ornumyzy berkitmäge hem-de Türkmenistanyň halkara abraýyny artdyrmaga ýardam berdi diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Umuman, geçen ýyly häsiýetlendirip, men onuň köp sanly möhüm wakalar we üstünlikler bilen ýurdumyzyň taryhynda hem-de halkymyzyň hakydasynda hemişelik galjakdygyny ynam bilen aýdyp bilerin. 2021-nji ýylda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar bilen ýurdumyzyň ägirt uly tebigy baýlyklaryny peýdalanmak, uly ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek hem-de milletimiziň ruhy-medeni taýdan gülläp ösmegini gazanmak boýunça örän uly işler bitirildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Men bu barada öň hem birnäçe gezek aýdypdym, ýene-de gaýtalamak isleýärin, biziň gazanan ähli üstünliklerimiz we ýeten sepgitlerimiz diňe alyp barýan syýasatymyzy halkymyzyň giňden goldamagy, durmuşymyzy gowulandyrmak boýunça geçirýän özgertmelerimize işjeň gatnaşmagy netijesinde mümkin boldy diýip, milli Liderimiz sözüni dowam edip, Garaşsyz döwletimiziň gazanan uly üstünliklerine öz zähmeti bilen ýardam edenleriň ählisine, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna hem-de ýönekeý zähmetkeşlere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Hökümetiň agzalaryna we ýygnananlaryň ählisine ýüzlenip, her ýylyň belli bir şygar boýunça geçirilýändigini ýatlatdy. Şu ýylyň şygary «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip kesgitlenildi. Bu sözler uly many-mazmuny özünde jemleýär. Bu şygar watançylyk ruhumyzy ýokarlandyrmaga, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen taslamalary we maksatnamalary amala aşyrmaga, ykdysady kuwwatymyzy berkitmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga ýardam bermelidir.

Munuň özi biziň ählimize aýratyn jogapkärçilik hem ýükleýär. Şoňa görä-de, bu şygary iş ýüzünde amala aşyrmak üçin örän köp we tutanýerli zähmet çekmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we ata Watanymyzy üstünlikli ösdürmek üçin bize täze taslamalaryň, täze pikirleriň we dolandyryş çözgütleriniň zerurdygyny belledi.

Şoňa görä-de, siz köp başlangyçlar bilen çykyş etmeli, işjeň zähmet çekmeli.

Biz geljekde hem beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň özümizde öndürilýän möçberini artdyrmalydyrys. Ýurdumyzyň egsilmez tebigy baýlyklaryny özleşdirip, ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli ulanmalydyrys. Şu ýyl ähli ýolbaşçylaryň esasy wezipesi ilatyň ýaşaýşynyň hilini gowulandyrmak, girdejilerini artdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek we maýa goýumlaryny çekmek bolup durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şeýle hem şanly seneleri, ýagny Konstitusiýamyzyň ýubileýini, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk günlerini ýokary derejede belläp geçmelidiris. Bu şanly seneler döwletliligimizi berkitmek üçin örän möhümdir.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, geçen ýylyň başynda welaýatlarda durmuş, ykdysady, medeni taýdan ähli görkezijiler babatda iň ýokary netijeleri gazanan etraplary we etrap hukukly şäherleri kesgitlemek maksady bilen bäsleşigiň yglan edilendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýakynda Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylygynda ýörite toparyň bu bäsleşigiň jemlerini jemländigini belläp, hasabat bermek üçin, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy A.Durdyýewa söz berdi.

Milli Liderimiziň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, bu topar tarapyndan tassyklanylan tertipde degişli iş alnyp baryldy. Onuň netijeleri boýunça 2021-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby kesgitlenildi.

Şunda «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamasynyň» durmuşa geçirilişi, galla we pagta hasylyny ýetişdirmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilişi, durmuş-ýaşaýyş maksatly desgalaryň gurluşygy, ilatyň durmuş goraglylygy hem-de iş bilen üpjün edilişi, ylymly-bilimli, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýelemek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak meseleleriniň üstünlikli çözülişi, döwlet Baştutanymyzyň içeri we daşary syýasatynyň wagyz edilişi ýaly esasy ugurlar boýunça görkezijilere garaldy.

Bäsleşigiň jemleri boýunça Lebap welaýatynyň Dänew etraby ýeňiji diýlip kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maglumaty diňläp, mejlise gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda bäsleşikde ýeňiji bolan Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň häkimligini bir million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak hem-de 2022-nji ýylda täze bäsleşigi yglan etmek baradaky Buýruklara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň şu günki mejlisini jemläp, Türkmenistanyň emele gelen kynçylyklara garamazdan, parahatçylygy, howpsuzlygy, durmuş-ykdysady ösüşi, halkymyzyň durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmagy üpjün etmek ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny buýsanç bilen belledi.

Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň ahyrynda üns berip diňländikleri üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de mejlise gatnaşyjylara uly üstünlikler, berk jan saglyk, halkymyza bolsa abadançylyk arzuw etdi.

Soňra, günüň ikinji ýarymynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi öz işini dowam etdi.

Mejlisiň gün tertibiniň esasy meselesi “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny” ara alyp maslahatlaşmak we tassyklamak bilen baglanyşykly boldy.

Milli Liderimiz foruma gatnaşyjylary we olaryň üsti bilen ýurdumyzyň halkyny türkmen jemgyýetiniň we döwletiniň durmuşyndaky möhüm waka — Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

(Dowamy bar...)

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir