Tutuş Demirgazyk Afrikany, Günorta Günbatar Aziýany we Ýakyn Gündogary gurşap alan protest hereketleri anna güni Bahreýnde we Liwiýada müňlerçe adamyň hökümet güýçleri tarapyndan öldürilenleriň jynaza namazyna gatnaşmagy bilen ýasa öwrüldi. Ýemende protestçiler öz janlaryny howp astyna salmagy dowam etdirip ýörkä, Eýranda oppozisiýa üstümizdäki hepdede polisiýa güýçleri bilen bolan çaknyşyklarda ölenleri jaýlamaga taýýarlyk görýär. Gara geýinmedik ýeke-täk ýurt häzir Müsür. Bu ýerde öňki prezident Hosni Mubaregiň agdarylan güni, 11-nji fewralda, gazanylan ýeňiş gutlanyp, şatlykly ýöriş geçirildi. Wideo: Müsürde "Ýeňiş güni" bellenilýär, Kair, 18-nji fewral. Bu dabara mynasybetli Kairiň Tahrir meýdançasyna ýygnanlaryň biri Mohammad Hosn. Ol hemmeleriň tolgunýandygyny aýtdy: ”Biz bu ýere rewolýusiýany dabaraly bellemäge geldik. Ilki bilen şehitler ýatlanmaly. Biziň hemmämiz rewolýusiýany berkitmek üçin üýşüşip, juma namazyna geldik. Sebäbi entek hemme zat üstünlikli ýerine ýetirilenok. Ýöne iň möhüm talap Hosni Mubaregiň wezipeden çekilmegidi. Bu boldy”. Müsürde öten aý başlanan hökümete garşy protestler 18 günläp dowam edip, tutuş dünýäniň ünsüni özüne çekdi. Tunisde uzak wagtlap häkimiýet başynda oturan prezident Zine el- Abidine Ben Ali agdarylandan soň gezek Müsür perzidentine ýetdi. Bu hepde hem şular ýaly demonstrasiýalar Eýranda, Bahreýnde, Yrakda, Liwiýada we Ýemende geçdi. Penşenbe güni Ýemeniň Aden şäherinde protestçiler bilen hökümet güýçleriniň arasynda çaknyşyk turdy. Protestçiler 7 gün bäri demonstrasiýalary dowam etdirip, 32 ýyllap ýurtda höküm sürüp gelen Prezident Ali Abdullah Salehiň häkimiýet başyndan gitmegini talap edýärler. Çaknyşyklarda bir adamyň ölendigi aýdylýar. Girizilen gadaganlyga garamazdan, anna güni Bahreýnde müňlerçe adam paýtagt Manamanyň merkezi Göwher meýdançasyna tarap ýöriş etdiler. Bahreýnde hökümet güýçleri tarapyndan edilen hüjümde ölen dört adamyň jynaza namazyna müňlerçe adam gatnaşdy. Bu adamlar penşenbe güni howpuzlyk güýçleri protestçileri paýtagtyň merkezi Göwher meýdançasyndan zor bilen çykaranda öldi. 200 töweregi adam hem ýaralandy. Şeýdip , üstümizdäki hepde protestlerde ölenleriň sany alta bardy. Demonstrantlar ilatynyň 70 prosenti şaýylardan durýan, ýöne sünni patyşasy tarapyndan dolandyrylýan bu ýurtda giň gerimli syýasy reformalaryň geçirilmegini talap edýärler. Liwiýada penşenbe günündäki ”Gahar-gazap gününden” soň hem protestleriň gije dowam edendigi aýdylýar. Aýdylyşyna görä, bu ýerde hem 24 adam ölüpdir. Ýurduň ikinji uly şäheri Bengazide we al-Baýda şäherinde müňlerçe adamyň köçelere çykanlygy habar berildi. Ölenleriň käbiri anna güni jaýlandy. Eýranyň oppozision partiýlary adamlary 20-nji fewralda ýöriş geçirmäge çagyrypdyr. Bu ýöriş üstümizdäki hepde Tähranda hökümete garşy protestlerde öldürilen iki adamyň hatyrasyna geçirilýär. Yrakda ýurduň demirgazygynda syýasy reformalary talap edip, demonstrasiýa geçiren märekäniň garşysyna kürt howpsuzlyk güýçleri ot açypdyr. Munda hem iň bärsinden iki adamyň ölendigi habar berildi.
Arap dünýäsi yranýar, emma Müsürde baýram
-
Yolotenli
13 years ago
- Belki sheýle bolaýmasa
-
daba
13 years ago
- men su wagt liwiyada yasayan hazir yurtda yagday gaty erbet halkyn garsysyna goylan polisiya we esgerlerin yary dun agsam protestocylar tarapa gecdi hazirki wagtda yurda nayomny ubitsa yagny puluna tutulan esgerler geldi olaryn milleti we nireden gelendigi acyklanmady emma sanlarynyn 3000 boldugy aydylyar olaryn gurlesme dilleri fransuz emma fransuz esgerleri dal olar halka garsy awtomat,snayper in erbedide granatamiyotlar we kopculikleyin gyrys yaraglary ulanyarlar halky wagsylarca olduryarler barde 23 turkmen caresiz halda yurdun duzelerine garasyar
akwa 13 years ago- men pikirimche bu bolup gecyan zatlary zatlary yorite gurnayalar! Ozem dine yslam yurtlary.