Bahylçylyk köplenç halatda diñe asgyn bilen güýçliniñ arasynda döreýär: asgyn güýçlini gabanýar. Zehinli ýashlaryñ kärdeshleñ arasynda bahylçylyk bolup bilmez. Bolaýsada, ol wagtlaýyn häsiýetli düshünishmezligiñ, özüne artygrak baha kesmegiñ geçegçi shemaljygydyr. ****** Täze pikirler, täze kapiýalar, täze meñzetmeler... Elbetde, her bir täze zat (her neneñsi kiçijik bolanlygynda-da) awtora añsat düshmeýär. Sen olary tapanyña kanuny guwanýarsyñ. Wagt geçýär. Bir görseñ, seniñ shol täze tapyndylaryñ bashga shahyrlaryñ "sürülerinde mäleship" ýör. "Ogurlyk eden utanmaz, üstüne gelen utanar" diýlishi ýaly, soñra sen shol goshgularyñy bir ýerde okap bermekçi bolsañ, öz tapan täze zadyñdan özüñ utanýarsyñ. Diñe utananyñ bilen oñushsa-da boljak. Okyjylaryñ biri tarsa ýerinden turup: "Shahyr, bu okap duran zatlaryñ hemmesi ogurlyk!" diýer öýdüp gorkýarsyñ.
Kerim shahyryñ ýazgylaryndan!
-
Diamond
13 years ago
- Dowamy:
Bir ýash shahyr sheýle diýdi: "Bashga shahyrlaryñ kitaplaryny köp okamak meniñ goshgularyma zyýan ýetirýär: men olaryñ täsirine düshýärin-de, shondan çykyp bilemok".
Ýok bu beýle däldir. Diñe az okaýan adamlar täsire düsherler hem-de shondan çykyp bilmezler.
Beýle ýash shahyrlaryñ howsalasy maña düshnükli. Olar Garsia Lorkany okap, iki goshgy, Trýapkini okap, dört goshgy, Rilkäni okap, sekiz goshgy ýazýarlar.
Ýöne olar hem-ä shol shahyrlary okasalar, onuñ dashyndan-da türkmen, rus, dünýä edebiýatynyñ iñ ajaýyp eserlerini gaýtadan hetjikläp, shondan soñ bir goshgy ýazsalar, onda olar hiç haýsynyñ täsirine düshmezler.
Bu adaty durmushda-da sheýledir. Dünýäniñ gözel shäherleriniñ diñe ýekejesini gören adam, diñe ýekeje shäherlik gürrüñ edip biler. Ýuzlerçesini gören adam ýüz esse baýdyr.
-
Diamond
13 years ago
- Dowamy:
Käte käbir uly shahyrlary wagyz-nesihat, didaktik äheñli goshgulary ýazýanlygy üçin ýazgarýarlar. Emma uly shahyrlaryñ birnäçesi ömrüniñ belli bir etaplarynda sheýle goshgulary ýazmakdan saklanaýyn diýse-de saklanyp bilmez. Beýle goshgular köplenç halatda diñe goshgy ýazmak keýpjagazyndan däl-de, has ulurak zerurlykdan gelip çykýar.
Bu zerurlyk Magtymguly, Mollanepes, Nowaýy, Rudaki, Sagdy, Omar Haýýam ýaly gündogaryñ beýik shahyrlary hakynda aýtmanymyzda-da, Pushkin, Geýne, Shiller, Gýote, Petefi ýaly beýik shahyrlary hem (Ýewropa poeziýasyna didaktika mahsus bolmasa-da) sheýle häsiýetli goshgulara ýüzlenmäge mejbur edipdir.
Pushkiniñ "Ýadygärlik" Mollanepesiñ "Ner gezgin" ýaly wagyz-nesihat häsiýetli goshulary ol shahyrlaryñ döredijiliginiñ täjidir. Olary sholarsyz göz öñüne getirmek mümkin däl.

Diamond 13 years ago- Dowamy: