Watan...watan! Nähili mähriban, eziz söz! Men bu sözüñ ozal hem gymmatly sözdügine dü$ünýärdim. $ahyrlaryñ $ygyrlarynyñ, bag$ylaryñ aýdymlarynyñ gönezligi bolan bu elýetmez sözüñ manysyna ondan uzakda gezip ýörkäñ hasam gowy dü$ünýän ekeniñ. Ba$galaryñ nähili pikir etýänin-ä bilemmok welin, özüm-ä uçardan dü$üp, ba$ga ýurduñ topragyna aýagymy basamdan, göbek ganymyñ daman , bagtyýar çagalygymyñ geçen, unudylmaz mekdep ýyllarymy öz goýnunda saklap ýören mähriban topragyma bolan söýgim gursagymda birazajyk yzany oýaran ýaly boldy. Ata watanyma bolan sylag-hormatym 2 esse, ýok, 200 esse artdy. Dagy näme!!! Meni ösdürip kemala getiren,$u derejä ýetiren ma$galam watanymda ahyry! Ilkinji "a" harpyny elimden tutup öwreden mähriban mugallymym watanymda ahyry! Birek-birege dogan hökmünde garap,10 ýyl bile agzybirje okan eziz klasda$larym watanymda ahyry! Her gabat geleñde mähirli salamla$ylýan mähriban ýüzler watanymda ahyry! Umuman, meniñ bütin örküm hem $u watanda, erkim hem $u watanda! Geliñ, eziz talyplar, geljekki talyplar, gara$syz watanymyz türkmenistanyñ mundan beýläk hem gülläp ösmegi üçin jan aýaman okalyñ, i$läliñ, öwreneliñ, döredeliñ!
Bahbit 13 years ago- Sagja bol dost watan barada gowja ýazypsyn gowja dälde gaty gowy ýazypsyn