Türkiýäniň kenarýaka Izmir şäheri bilen Stambuly ýakynlaşdyrjak Gebze-Izmir awtoýolunyň ugrunda ýerleşýän aýlag köprüsini Ýaponiýanyň IHI şereketi gurar. Gurlup gutarylanda, uzynlygy boýunça dünýäde ikinji boljak Izmit aýlag köprüsini gurjak bu şereket Stambul bogazynyň üstünden geçýän we Ýewropa bilen Aziýany birleşdirýän Fatih Soltan Mehmet köprüsini hem gurupdy. 6 milliard dollar sarp edilip, guruljak ýoluň ugrunda ýerleşýän köpri üçin bolsa 1,4 milliard dollar harçlanar. Ýoluň gurluşygyna ýakynda başlanjakdygy habar berildi. Ýapon şereketi Stambul bogazyndaky iki köpriniň we Stambuldaky Haliç aýlagynyň köprilerini hem ýer yranmagyna garşy güýçlendirer. Ýaponiýadaky dünýäniň iň uzyn asma köprisi bolan Akasi-Keýkýo köprüsini gurmaklygy hem IHI şereketi ýerine ýetiripdi. Şereket dünýäniň dürli ýurtlarynda köpri gurluşygy bilen meşgullanýar. Bir müň 700 metr bolar 1700 metr uzynlygy bolan köpri Ýaponiýadaky uzynlygy 1990 metr bolan Akasiden soňra ikinji ýerde bolar. Köpriniň gurulmagy bilen garaýoly bilen 1 sagat 10 minut, gämi bilen 1 sagat bolan aralyk 6 minuda düşer. Köprüden peýdalanjak awtoulaglar 35 dollar tölemeli bolarlar. Ýük ulaglary we awtobuslar bolsa 50 dollar tölärler. IHI şereketi Türkiýede we Ukrainada türk şereketleri bilen bilelikde iş alyp barýar. Ukrainanyň paýtagty Kiýewdäki Dnepr derýasynyň üstünden geçýän köpriniň gurluşygynda hem IHI şereketiniň paýy uludyr. 1853-nji ýylda gurlan şereketiň bir ýyllyk pul dolanyşygy 15 milliard dollara barabar.
Dünýäniň ikinji uzyn asma köprüsi
-
ependi
13 years ago
- Salam bermani kicilik bilyaniz oydyan! ay bolya sagbolun onna!
-
Camry
13 years ago
- Salam Ependi dost! Aý bu wagt her kimiñ derdi ýetiklaý, menä görmändirinem bashga tema üns berip, ýogsada Ependi gowja degishmeleñden ýazsana gülkä zar bolduklaý! Haýysh Ependi!!!
ependi 13 years ago- Salam dostlar! gowmy yagdaylarynyz?