Eziz deñ-dushlar, mähriban talyplar! Lukmanlar ýürek myshsasyny "miokard", agzada ganaýlanyshyñ duýdansyz bozulmagy zerarly onuñ käbir bölekleriniñ ölmegini bolsa "infarkt" diýip atlandyrýarlar. Sheýlelikde, miokardyñ infarkty - bu ýürek myshsasynyñ käbir bölekleriniñ ölmegi. Infarkt köplenç ýüregi gurshaýan gan damarlarynyñ - arteriýalaryñ diwarjyklarynda bolup geçýän dowamly üýtgemeleriñ netijesi bolup durýar. Arteriýanyñ haýsydyr bir shahasynyñ yshgalañy kem-kemden daralýar. Miokardyñ degishli bölegine barýan gan barha we barha azalýar. Ýürek bu hakda agyrylar, yza-ynjy arkaly habar berýär. Olar "stenokardiýa agyrylary" ýa-da "tutgaýly ýürek" diýlip atlandyrylýar. Kem-kemden ýürek ýygy-ýygydan we has güýçli agyryp ugraýar. Soñabaka dermanyñ hem haýry degmeýär. Ahyrsoñy arteriýanyñ zeperlenen shahasy dykylýar. Syrkawy çekip-çydap bolmaýan agyry heläk edýär. Ol gara dere batýar, demigip ugraýar. Ýürek öz funksiýasyny ýerine ýetirmekden ejiz gelýär, sazlashykly urmagyny bes edýär. Miokardyñ infarkty esasan sheýle alamatlar bilen ýüze çykýar we näsagyñ ömrüne howp salýar. Dessine "Tiz kömek" gullugyny çagyrmaly we syrkawy hassahana äkitmeli. Lukman gelýänçä onuñ düshekden galmagyna ýol bermeli däl. Miokardyñ infarkty köplenç çilimkeshleriñ, az hereket edýän, sport bilen meshgullanmaýan, nädogry iýmitlenýän, mydama stres ýagdaýynda bolýan adamlaryñ arasynda has köp dush gelýär.