Siz muny psihologlaryñ güwä geçmegine görä, shu ashakdaky test arkaly barlap bilersiñiz. Dürli sanlardan ybarat bolan 5 sany telefon belgisini ýatda saklamak añsatmy? Möhüm çakylyklara barmagy ýatdan çykarýan wagtyñyz bolýarmy? Üç gün mundan ozalky ertirlikde näme iýeniñizi ýatlap biljekmi? Ilkinji posañyz ýadyñyzdamy? Ilkinji posa alanyñyzda, siz nähili eshikdediñiz? Ilkinji söýgüñizi unudyp bildiñizmi? Mekdebe ilkinji baran günüñizi unudañyzokmy? Ilkinji öwrenen goshgyñyzy okap berip biljekmi? On ýashyñdakañyz geýen egin-eshikleriñiz göz öñüñe gelýärmi? Jañ etmezden öñürti telefon kitapçasyna seredip, aýlajak belgiñizi gözleýäñizmi? Ilkinji dostuñyzyñ ady ýadyñyzdamy? Käbir yslar size tanysh ýerleri ýatladýarmy? Mekdebe gatnan köçäñiz ýadyñyzdamy? Dostlaryñyzyñ doglan günleriniñ senelerini bilýäñizmi? UTUKLARYÑYZY SANAÑ: Makullaýjy jogaplara - 1 utuk. Otrisatel jogaplara - 0 utuk. JEMINI JEMLÄLIÑ: 11 we ondan köp utuk, sizde örän gowy, ygtybarly ýatkeshligiñ bardygyny añladýar. Utuklaryñ sany 6-dan 10-a çenli bolanda, ýatkeshligiñiz gowy. Eger utuklaryñ sany 5-den az bolsa, ýatkeshligiñiz ortaça hasaplanýar. Sheýle ýagdaýda hökman ony ösdürmegiñ, berkitmegiñ çäresini görmelisiñiz!
Ýatkeshligiñiz gowumy?
-
Camry
13 years ago
- Menem bir zat maslahat beribiljek, arasynda krossword çözmegem unutmañ! Sholam ýatkeshlige kömek edýär, bir wagtky ýatdan çykyp ugran sözleri täzeden göz öñûñe getirýär!
Camry 13 years ago- Sagja bol dost! Men eýýäm barladym, shu wagta ýatkeshligim gowy eken! Men muny belläbem aldym arasynda ýatkeshligi barlar ýaly!