Watan üçin ňykardym gyr at üstüne, Tä janym çykynça, dönmem begler! Diktir serim, düşmen duşman astyna, Sil dey aksa, gandan ganmanam, begler! Ilim uçin şirin candan geçer men, Düldül münüp, ganat baglap uçar men, Namart dälem, hakdan kasam içer men, yanyp duran nar men, sönmenem, begler! Yesip galmaz, oglan - uşak aglaýyp, Oda düşmez, aşyk yürek daglaýyp, Men hem şu gün Murtezadan çaglýyp, Kasam kyldym, ondan dänmenem, begler! Tomaşa eyläňler kylan urşuma, Yüz mün leşger çika bilmez garşyma, Är digit men mertlik bilen durşuma, Oda urarlar, men hem yanmanam begler! "Är men" diyen çyksyn bile yörmäge, Leşger tartyp, Mirhaýdary urmaga, Il-gün üçin şirin janym bermäge Urdum başym, şertden synmanam, begler! Hak ezelden saldy meni bu yola, Jan bermeyen, diri düşmenem gola, Tomaşa kylyňlar bulunan sile, Niçe gan yuwutdym, ganmanam, begler! Ärden öndüm, ärlik bilen öler men, Kim dostum, duşmanym - parhyn biler men, Söveşde aglaman, şat men, güler men Namart bolup, dünya inmenem, begler! Yat kylar men Göroglyny, Zamany, Ali Murtezani - Şahymerdany, Rustem, Zal, Iskender, Gajar pälvany, Orta atdym, köpün sanmanam, begler! Seýdi çykdy atyn, ýaragyn besläp, Gan gördi gözlerim, ýürek hövesläp, Gaçmanam, öler men, köp leşger isläp, Söveş üçin çykdym, dönmenem begler.

Köneler, ependi tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir