MUSULMAN DOGANLYGY Ebu Hureýra (radyýAllahu anhu) rowaýat edýär: Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) aýtdylar: „Musulman musulmanyň doganydyr. Oňa hyýanat etmez, ony ýalanlamaz, ony utandyrmaz. Her bir musulmana başga musulmanyň namysy, maly we gany haramdyr. Takwalyk ine şulardyr. Bir adama şer (günä) hökmünde musulman doganyny hor (pes) görmegi ýeterlikdir“. (Tirmizi Hasan hadys). ŞERHI: Musulmanlaryň doganlygy imana daýanýan doganlykdyr we Yslama dogry düşünmekligiň netijesidir. Adamçylyk ahlagynyň iň belent mertebesidir. Ol doganlyk diňe dilde bolman, ahlak we düşünjede bolmalydyr. Hyýanat etmez – diýýäni hiç wagt oňa ikilik etmeli däl, ynamyny ýykmaly däl, howply we zyýanly tarapa öwürmeli däl, syryny paş etmeli däl we aýbyny açmaly däldir. Ony ýalanlamaly däl, ýagny hak aýdan zadyny inkär etmeli däl, töhmet atmaly däl, ýalan ýere oňa garşy şaýatlyk etmeli däldir. Sözüne we kemçiligine ýapyşyp onuň mertebesini peseltmeli däl. Bir bütewi beden ýaly ýaşamaly diýdigidir. Bir-birini utandyrmaly däl diýýäni bolsa, oňa göwniýetmezçilik etmeli däl we ony iliň arasynda masgaralap mertebesini gaçyrmaly däl diýdigidir. Sebäbi ol onuň doganydyr. Musulmançylyk-adamçylygyň ilahy görnüşidir. Mu'min adam hemme taraplaýyn öz doganyna düşünmeli we köp aýyplaryny görmezden hereket etmeli. Oňa gedem, gödek we geleňsizlik bilen ýykyjy hereketler etmeli däl we arada agzalalyk döretmeli däl. Ol mylaýymlylyk we hikmetlilik bilen birleşdiriji, düzeldiji we päkleýji bolmalydyr. Bu Yslamdyr, hakdyr we takwalygyň hut özidir. Takwalyk gije-gündiz namaz okap ylym almaklykda däldir. Şol ylymy ýaşaýşyňa, ahlagyňa siňdirmekdir. Adamlar bilen gatnaşygyňa girizip Allahyň isleýän jemgyýetini döretmekdir. Takwalyk-Yslama dogry we hikmet bilen düşünmekdir, musulman doganlaryňa peýdaly bolmakdyr. Olaryň senden arkaýyn bolmagy we senden diňe ýagşylyga garaşmagydyr. Musulman başga bir musulmanyň ar-namysyna doganlyk duýgusy bilen gatnaşar, dil ýetirmez, onuň hususy ýaşaýşyna we içki syrly dünýäsine girmez. Onuň namysyny öz namysy ýaly biler we gorar, hiç wagt dil ýetirmez we göz dikmez. Musulmanyň maly hem başga musulmana haramdyr. Ony söwdada, mal-mülke degişli meselelerde zyýan ýetirmez, ony aldamaz we ony öz bähbidi üçin ulanmaz. Bu mesele şu wagtky dünýäparaz agramly ýaşaýyşda iň kyn we çylşyrymly meseledir. Sebäbi köp babatda musulmanlar dünýä bähbidine gezek gelende doganlygy we Yslam ahlagyny ýatdan çykaryp bilýärler. Sebäbi ymmatyň iň uly fitnesi-mal söýgüsidir. Musulmana musulmanyň gany hem haramdyr. Hiç wagt ýarag we el galdyrmaz, ganyny dökmez. Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) asyl takwalygyň şondadygyny aýdýar, şoňa düşünmekligiň diniň asyl manysyna göz ýetirmekdigini düşündirýär. Musulmanyň fasyk we günäkär bolmagy üçin başga bir musulmany hor görmegi, ýagny göwniýetmezçilik etmegi, özünden pes görmegi, aýyplamagy, masgara etmekligi, azar bermekligi ýeterlikdir. Allah Tagalanyň takwalygy we imany şoňa baglamagynyň özi doganlyk meselesiniň dinde nähili uly ähmiýetiniň bardygyny görkezýär. Doganlyk gury sözde bolmaly däl, bir-biriňe güler ýüz bermekde däl. Meger hem bir-biriňe ýürekden sarpa-hormat goýup, bir-biriňe amalda yhlasyňy görkezmek, hak-hukuklaryny ýerine ýetirmekdir we kyn günde arkalaşmak, bütin kynçylyklaryny ýardamlaşmakdyr. Mu'minleriň güýji iman we doganlykdadyr, şolaryň birini ýitirseň kuwwat-güýç ýitýär we imandan hem lezzet alyp bolmaýar. Yslamda doly we dogry düşünip bolmaýar. Şu hadysyň yşygynda mu'minleriň ýene bir gezek öz ahlaklaryna, musulman doganlary bilen gatnaşyklaryna göz aýlamaklary zerurdyr. Sebäbi bu iman we takwalyk meselesidir we şoňa dogry garamakdan biziň baky ahyretimiziň netijesi çözülýär. „Siz özüňizi üýtgetmeseňiz Allah (jelle jelaluhu) hem siziň hal-ýagdaýyňyzy üýtgetmez“. (Ra'd surasy 11-nji aýat)
HADYS 6 (altynjy)
-
muzazzi
13 years ago
- kyssasyl enbiya kitaby okap goreniniz barmy
-
Adgjmptw
13 years ago
- .
-
p0e0r0i0j0i0k
13 years ago
- yslam aga häzirki wagtda saydymyza tüys gerek zat!
muzazzi 13 years ago- yslam alla senden razy bolsun .hadys oran gzyzykly.men hem on kop hadys kitaplar okardym indi hadys kitaplar bu yerden tapyp bilemok.turkce saytlar tapdym yone turkmence tapyp bilemok.turkmence sayt bilyan bolsan ayday!