KÖR SÖÝGI (Ogulsenem Taňňyýewa) #10
Enkaň haýyşy boýunça...
—Wah, men onuň haramzadadygyny nä bilipdirin öň! Onsoňam, adam diýeniň çig süýt emen-dä. Käteler kör bolar eken, dogan! Görmeli zady gözi görmese, kä kişiniň akyly diýlene ýetmez eken—diýip, Sadap gynançly gepledi.—Ýogsa ejem dagam kän aýtdy-la. Diňlemedim. Wah, iň bolman, çaga diýen zadyň şeýle kyn ejir bilen döreýänini öň bilen bolsamam, ömür aýagymy är diýip çekmezdim!

***

Çaga üçin has beterräk ejiriň-de baryna Sadap soň göz ýetirdi. Eneligiň möhleti gelipdi. Şatyrdadyp, biliňi döwüp barýan yza tap gitirmän, Sadap öýünde ýylan ýaly towlanýardy. Ol beýle ýiti agyryny ömründe hiç wagt görmändi. Hatda ýaşajykka, heniz gulpajygyny tasadyp, bökjekläp ýören gyzjagazka, bagdan ýykylyp, elini döwdürip görüpdi. Ýöne şonda-da beýle yzany duýmandy. Çaga dogurmagyň kyndygy hakda Aýjemaldan näçe eşidenem bolsa, ynsan şeýle kynçylyk bilen dünýä inýändir öýdüp, hiç hakydasyna getirmändi. Ol muňa diňe perzent dünýä indermek pursadynyň öz başyndan inen mahalynda göz ýetirdi. «Näme üçin adamlaryň hemmesi ynsanyň şeýle kyn dünýä inýänini bilmeýäkäler? Näme üçin olar biri-birini gaty bigadyr edýäkäler?!» diýip, ol otagyň o çüňkünden beýleki çüňküne urnup ýörkä, ünsüni başga zada sowmaga synanyşyp pikir öwürdi. Gaýynlarynyň, Enewiň bolşy ýadyna düşdi. Arzuwjykdyr Maksatjygy bäbekhana taşlap giden aýallary ýatlady. «Olar kimlerkä? Şeýle ejir bilen dünýä inderen balalaryny näme üçin taşlap gitdilerkä?!». Ýene göz öňünde otly eşekde loňkuldap, birsyhly yzyna bakyp barýan Maksatjyk janlandy. «Menem şol haramzadalardan, doňýüreklerden boldum!». Ol hyňranyp aglap ugrady. Kimdir birine hasap berýän ýaly, nala bilen gepledi: «Men indi çaga diýen zadyň nämedigine, onuň nähili gymmatly zatdygyna düşündim! Indi olary hiç wagt zyňmaryn!». Pikirler ýumagy ýene çöşlenip ugrady. «Adamlar adam öldürmegi-de hiç zatça bilenoklar. Olar näme üçin eneleriň uruşlarda ölýän ogullarynyň-da şeýle kyn dünýä inýändigini bilmeýäkäler! Adamzady gyrgynçylyga, betbagtçylyga itýänleriň esasy sebäpkärleri erkekler ahyry. Ýa olar adamzadyň dünýä şeýle kyn inýändigini bilmeýändikleri üçin urşy gowy görýämikäler?! Wah, şeýle yzany erkeklerem bir çekip görsediler, onda dünýäde betbagtçylygam, urşam bolmazdy! Adam hem öldürilmezdi!».

Onuň bagtyna öe Bähbit geläýdi.

—Eger öläýsem, çagajygymy çagalar öýüne elinjek tabşyraweri!—diýip, Sadap agyra çydap bilmän, otagyň içinde emedekläp ýörşüne Bähbidiň aýaklaryndan ýapyşdy.—Söz ber maňa! Meň çagam Enew daga bir galmasyn! Olar ony öldürer!

—Hany, samsyklamaňy goý-da, mün maşyna!—diýip, Bähbit onuň bilen mylaýym gürleşmedi. Gahar bilen ýene-de Sadabyň Sylap hakda aýdanlaryna ynanmaýandygyny duýdurdy.—Öň iki sany çagany inderipsiň-ä dünýä! Nämeden gorkýaň! Dünede onyny dogrup ýören aýallaram bar!

Şu kyn pursatda-da Bähbidiň özüne bir ýyly söz bermeýşine Sadabyň jany ýandy. Hem agyra tap getirmän, horkuldap aglady. Barha güýçlenýän yzadan dişleri şakyr-şakyr edýärdi. Ol daşaryk ýeke ädimem ädip bilmedi. Her zadam bolsa, Bähbit tekge berdi. Daşarda çagalar kowalaşyp oýnaýardylar. Enew nämedir bir zada güýmenip ýördi. Ýöne sowuk maşgalanyň hiç biri ýene oňa üns bermedi. «Näme bolýarka?» diýip, badyny saklap seredenem tapylmady. Hatda şu pursatda Pälwanam oýun bilen ber-başagaýdy.

Bähbit bäbekhana gaty çaltlyk bilen juda basym baran hem bolsa, ol pursat Sadap üçin geçmeze döndi.

Sadap soňam kän ejir çekmeli boldy. Giden wagtlary heniz garaňky düşmedik bolsa-da, ol bütin gijesini uwlap, yza çekip geçirdi. Hatda yza çydaman, ençeme gezek:

—Meni operasiýa ediň!—diýip hem gygyrdy.

—Samsyk diýerler saňa!—diýip, göz-gulak bolujy göbegene ony köşeşdirdi.—Il-ä operasiýadan bizar. Bu samsyk bolsa... Näme gaty aňsatja ýerden çagaly bolaýjakmydyň?! On-on iki çagaly aýallaryň nähili gaýratly enelerdigine düşünýäňmi indi?!

—Olara samsyk diýerler!—diýip, Sadap janagyrysyna agzyna gelen zatlary diýip ugrady.—Heý, çaga üçinem bir on gezek şeýle belany başyňdan indermek bolarmy?! Çagasyz geçeniň müň paý gowy dälmidir?!

—Hut şonuň üçinem çaga süýji-dä!—diýip, göbegene ýene ony güýmedi.—Ine, dograrsyň welin, ýene bir çagam bolaýsady diýersiň! Çagasyz adamyň ömri ömürmidir! Adamy ýaşamaga ruhlandyrýanam çaga ahyry!

—Indi bir çaga ýüzüm düşmäbilseýdir!—diýip, Sadap çyny bilen aýtdy.—Şeýdip boljak bolsa, şu-da dünýä inmänler geçäýsedi!

—Çagaň bolmasa, ýüzüňe bakanam bolmaz seň!

«Wah, çagam bolsa-da, şol ýylan haramzadalardan ýüzüme bakjak ýokdur-la!» diýip, Sadap içini gepletdi. Ejesini ýatlady. «Wah, ejem jan, gör, sen meni nähili ejirler bilen dünýä inderen ekeniň! Men bolsa seni nädäýdim, eje jan! Diňlemedim-dä, taşlap gaýdyberdim-le!» diýip aglady.

Daň agaranda, jägildäp, kiçijik adamjyk dünýä indi. Sadaby aldym-berdime salan yza hem şonuň bilen zym-zyýat boldy. Süňňi ýeňläp, täzeden dünýä inene döndi. «Wah, adamlar dogran aýala «Ölüp-direldi» diýip, ýöne ýere aýtmaýan ekenler-ow! Göwreli aýala «Bir aýagyny göre sokup otyr» diýip, ýöne ýere aýtmaýan ekenler-ow!» diýip, Sadap dünýä haýran galyp, içini gepletdi.

—Gyzyň boldy, gyzyň! Buşluk!—diýip, göbegene gyzyleteneje zady ýokaryk galdyrdy.

Enaýyja jägildä Sadabyň gözlerine ýaş aýlandy. Ýüregi elenip gitdi. Hem begendi, hem gynanç duýgusy kalbyna aralaşyp, ony aldym-berdime saldy. Özüniňem ene bolanyna begendi. «Şeýdip, ilkinji söen ýigidime—Sylaba çaga dogrup bermek näme üçin maňa miýesser etmedikä!» diýibem pikir edip sojady. Gözlerinden ýaş damjalary paýrap-paýrap gitdi. «Eger Sylapdan şeýdip çaga dogran bolsadym, men nähili bagtly aýal bolardym! Sylap hem nähili bagtly bolardy!» diýip, içinden öwran-öwran gaýtalady.

Göbegene çagajygy dolansoň, edil Sadabyň gabat garşysyndaky stoluň üstünde ýatyrdy. Çagajyk aldygyna çyrlaýardy. Özem gyzyletenejedi. Juda kiçijikdi.

—Ol kime meňzeýär?—diýip, Sadap göbegeneden howlugyp sorady.

—Men nireden bileýin onuň kime meňzeşligini!—diýip, göbegene öz işi bilen başagaý bolup ýörşüne jogap gaýtardy.—Entekler onuň kime meňzeşligini bilip bolmaz, biraz ulalmasa. Kime meňzese, şoňa meňzesin! Bu wagt onuň aladasyny etme-de, sag-aman janyňdan aýrylanyna şükür et!

Göbegene gybyrdyklamasyny bes edensoň, ýene Sadaba ýüzlendi:

—Ýanyň bilen adam geldimi? Kime buşlamaly?

—Ak maşynly erkek kişi bolmaly! Adamym!

Göbegene daşaryk çykyp geldi-de, Sadabyň keýpini bozdy:

—Bi töwerekde-hä maşynam ýok, erkek kişem!

Sadap özüni şu pursatda taşlap giden Bähbide diýseň gaharlandy. «Dünede şuň ýaly ýigrenji adam başga ýokdur!» diýip, gahar bilen içini gepletdi.

Bähbit Sadapdan habar tutmaga ertesi geldi. Dogrusy, ol Sadapdan habar tutmady-da, oňa ýarty çörek bilen bir banka çorba getirip gitdi. Sadap özüne bu zatlary getirip beren medsestra gyzdan adamsynyň gelenini eşidip, äpişgä bagryny berdi. Ýöne eýýäm daşarda Bähbit ýokdy. Onuň bu bolşundan Sadabyň diýseň göwni galdy. Her näme-de bolsa, özüniň ýagdaýynyň soralaryny küýsäpdi. Bähbit bilen gepleşse, derdi birneme ýeňläýjek ýalydy. «Sylap bolan bolsa näderdi!» diýip, ol ýene biygtyýar Sylap hakda pikir öwürdi. Arzuwdyr Maksady bäbekhanadan alan günleri Sylabyň öz yzyndan telim gatnap, kökenek bolşuny ýatlady. «Adam bilen adamyň parhy ýer bilen gök ýal-ow!» diýip, ol içini gepletdi. Bähbitden barha göwni sowady.

Şol günüň ertesi Sadaba çagasyny getirdiler. Kiçijik adamjygyň kime meňzeýändigini bu wagt biler ýaly däldi. Ýöne Sadap, her näme-de bolsa, özüne meňzetdi. Sebäbi çaga garaja däldi. Ol durşuna gyzyl etjik bolup durdy. Çaga pişik ýaly gözlerini düzüwli açyp bilenokdy. Dodajygyny birgeňsije çömmeldip, enaýyja tamşanýardy. Birbada Sadabyň pişik çaga ýaly bolup ýatan körpejä hiç mähri inmedi. Göz öňünde, näme üçindir, birsyhly Sylap kelemenleýärdi. Şu pursat Bähbitden bolan çagany gelniň ýüregi almady.

Pikire gümra bolup, ol çagasyna bütinleý üns berenokdy. Çagajyk kellesini iki ýana oýkaýardy. Agyzjygyny çömmeldip, birsyhly iýmite garaşýardy. Gerekli zadyny tapmanyndanmy-nämemi, ol inçejik sesi bilen jyňňyldamaga durdy.

—A gyz!—diýip, aýallaryň biri azmly gygyrdy.—Uklap oturma-da, emdir ahyry o çagany! Nähili geleňsiz ekeniň sen! Eje diýeniň balasyny görenden, kökenek bolubermezmikä! Toba!

Sadap şundan soň, töwerekden gypynç edip, çagasyny gujagyna aldy. Emdirmäge synanyşdy. Çagajyk emmä işdämen topulyp, sokjamaga başlady. Agyzjygyny müňküldedip, emdigisaýy gara dere batyp barýardy. Ol esli wagtlap ene göwsüni sokjap, höregini edinensoň, Sadabyň gujagynda uka gitdi. Burunjygyny birgeňsi tyssyldadyp, gaşjagazlaryny çytyp ýatyrdy.

Oňa bakdygysaýy Sadabyň ýüregi ezildi. Niredendir bir ýerden kalbyna rehim indi. Ilkinji gezek öz gujagyna perzent bolup giren çagajyga mähri güýjedi.

Şol wagt oňa ýene-de tanyş ýarty çörek bilen bir banka çorbany getirdiler. Sadap getirilen zatlara üns bermän, çagajygy bir gapdalda ýatyrdy-da, ýene dikelip, aýnanyň ýanyna bardy. Daşarda ýüzüni garört edip Bähbit durdy. Sadap ony görenden, elini galgatdy hem-de ýylgyrdy. Bähbit oňa gep goşubermedi. Şeýle bolansoň, Sadabyň özi dillendi:

—Gyzyňy görkezeýinmi?

Bähbidiň gaşlary çytyldy. Elini silkip goýberdi. Soňam:

—Ýok-laý! Hökman däl! Çagadyr-da, görler ýörler!

Bähbidiň sesi palata ýaýrap gitdi. Ony beýleki gelinlerem eşidip, Sadaba geň nazar bilen seredişdiler. «Öň çagadan ganan haramzada-da!» diýip, Sadap pikir öwürdi hem-de Bähbit bilen hoşlaşman-zat etmän, ýerinde çökdi. Uklap ýatan gyzjagazyna seredip oturyşyna gözlerine ýaş aýlady.

Kempir bilen Enew oňa öe gelensoňam, kän bir ýüz berip durmadylar. Üstesine-de, oňa indi howlynyň aýagujundaky hütdüjek jaýy berdiler. Içine-de köneje keçeleri atdylar.

—Çaganyň ysyndan ne gözel jaýy doldyrsyň!—diýip, Enew oňa näme üçin hütdüge geçirilýändigini düşündirdi.—Şu öýde görýän çagalaňňam şu ýerde ulaldylar.

Bähbit öňki bezemen jaýda bolýardy. Sadapdan käte bir habar tutardy. Çagajyga lakam atanokdy. Asla, onuň bilen işem ýokdy. Bäbek aglasa-da, eňrese-de, bu öýdäkileriň Sadapdan özgesi hütdüge boýun uzadanokdy. Käte Pälwan: «Bäbek görjek» diýip ylgaýardy. Ýöne onam gyzlar derrew yzyna dolardylar.

Bäbejik barha reňkini durlady. Akja boldy. Agyn Sadaba çalym edip durdy. Munuň üçin Bähbit tulum ýaly çişip, bir gije ýene Sadaby awundyrdy.

—Men işdekäm dagy öňkiň bilen görme-görşe gidäen-ä dälsiň-dä!—diýip, ol Sadabyň ýakasyndan ebşitläp tutup, iki ýana hallanlatdy.

Sadap her näçe:

—Hudaý diýeweri! Men öýden çykmasam näme!—diýip aglamjyrasa-da, Bähbit ony urup, iňirdäp keýpden çykdy.

Sadap çagasy bolansoň, ýarsdy hem göz-görtele garrady. Onuň öňki gaýmak çalnan ýaly ýüzünden derek galmady. Ýygyrlary köpelip, tüýsi üýtgedi. «Adamy garradýan çaga ekeni» diýip, ol her gezek saç daramak üçin aýnanyň öňüne çökende, gussa bilen pikir öwürýärdi. «Menem indi garrap barýan!».

Her näme-de bolsa, Sadap gyzjagazyny soňy bilen gowy gördi. Ony özüne uly hossar saýýardy. Çagasyny görende, kalbyna şatlyk dolup, gaýgy-gussalaryny unudýardy. «Ine, ulalarsyň welin, gyzym, bizem olara ýüz bermän, ikijigimiz jora bolarys» diýip, gaýynlaryna bolan kinesini dile düşmez bäbejige aýdan bolýardy. Käteler hem oňa bäbegiň ulaljak möhleti juda uzak görünýärdi. Özüni dünede ýalňyz galyp barýan ýaly duýýardy. Bäbegini bagryna basyp aglardy.

Sadap çyn ene bolmagyň nämedigine indi düşünýärdi. Ol Arzuwdyr Maksady bäbejikkä öz gyzyny gowy görşi ýaly gowy görmändigini boýun aldy. Ýöne olary taşlap gaýdanyna welin, gün geçdigisaýy ýüregi gyýym-gyýym bolýardy. Üsti otly eşekde yzyna gaňrylyp-gaňrylyp, özüne seredip barýan Maksatjygyň şol günki keşbi ýadyndan çykanokdy. Ony ýatlanda, gözlerine ýaş aýlanýardy.

Bir gün Sadap duýdansyz otyrka, gapydan ejesi Abat daýza girdi. Eneli-gyz biri-birine teşne topulyşyp, biri-birlerini bagyrlaryna basdylar. Geplemäge mejal tapman, sessiz aglaşdylar.

—Nädip tapaýdyň meni, käbäm?! Bagyşla meni! Öt günämi!—diýip, Sadap soňra sojap-sojap, ejesiniň aýagyna çökdi. Ýalbardy.

—Wah... «Enedir-ä—ýanadyr» diýipdir-ä köneler. Enäniň dili «geçdim» diýse-de, heý, ýüregi geçermi perzentden!—Şeý diýip, Abat daýza ýüpden gurlan sallançaga tarap el salgatdy.—Sen näme, geçip bilerin öýdýäňmi şo ýatanyňdan!

—Hudaý saklasyn!—diýip, Sadap nähili dilleneninem duýmady.—Geçip bormy!

—Geçäýmersiň asyl!—diýip, Abat daýza sözüni tekrarlady.—Ojagazlary taşlap gaýtsaňam, asyl, munyňdan geçäýmersiň!

Sadap ejesiniň sözlerine geň galdy.

—Sen näme, meniň üçin Arzuw dagydan munuň üýtgeşikdigini bilýämiň, eje!—diýip, gözlerini tegeläp sorady.

Abat daýza uludan dem alyp, gamgyn gepledi:

—Hemme zadam bilýän, gyzym, hemme zady... Heý, ene-de bir gyzynyň ýagdaýyny bilmezmi!

Sadap howlukmaç gepledi:

—Onda näme üçin sen meniň bärik gaýdanymy makullamadyň?!

—Türkmençilikde gowy däl-dä, gyzym! Ile nädip gep düşündirjek! Ogully-gyzly bolaňsoň, şü erkekler, heý, höwes eder ýalymy! Nämä gerekdi!

—Ýöne özüňden perzent önensoň, ýüregiň-ä üýtgeşik bolýan eken—diýip, Sadap pyşyrdady.

—Wah, üýtgeşikdir-le, gyzym—diýip, Abat eje uludan dem aldy.—Ejirem üýtgeşikdir onuň... Onsoňam, türkmençilikde, her näme-de bolsa, abraý gerek ahyry!

—Wah, abraý!—diýip, Sadabam eginlerinden dem aldy.—Abraý saklamak aňsad-a däl.—Şeý diýip, Sadap birhaýuk pikire batyp oturdy. Soňam ýene ejesine ýüzlendi.—Eje, sen kakamdan razymyň?

—Nämesinden razy bolaýyn onuň?!—diýip, Abat daýza gamgyn halda dowam etdi.—Sataşalym bäri neşesiz mahaly bolmad-a onuň...

—Sen ondan hiç nalamaýardyň-a, eje, ýeke gezegem sögüşmediň-ä sen onuň bilen?!—diýip, Sadap ejesiniň kakasyndan nalaýşyny ömründe ilkinji gezek eşidip haýranlar galdy.

—Aýal diýeniň öýüň ýagşysyny ýaýyp, ýamanyny gizlemelidir, gyzym. Şodur çyn aýallary garradýan zatlar! Јhli zady çagalaňňa çenli aýdyp, gohlap otursaň, ol öýde döwlet bolarmy! Ol öýüň uly-kiçisiniň biri-birine sylagy bormy onsoň!—Abat daýza ýene uludan dem aldy.—Erkek diýen millet bilen şeýdip ýaşaşaýmasaň, bir kemsizi barmydyr olaň!

Eneli-gyz kän gürrüňleşip oturdylar.

—Seni bujagaz hütdüge ataýypdyrlar-ow!—diýip, Abat daýza Sadabyň soňky ykbalyna gynandy.—Nähili gowy jaýlary bar eken ýogsa... Düzüw adamlar däl öýdýän bular!

Sadap ejesine bu maşgala hakda hiç zat diýmedi. Ýöne gözlerinden boýur-boýur ýaş dökdi oturdy...

—Her gezek şähere gelip-gidenimde, şu obanyň gabadyna ýetenimde, boýnum burulýar. Her gezek «Geläýsem-geläýsem» diýýän. Ýöne kakaňdan çekinýän... Häzirem saňa toý habaryny aýdaýaýyn diýip geldim—diýip, Abat eje näme maksat bilen gelenini aýtdy.—Wepa jany öerýäris!

—Kimi alýaňyz?—diýip, Sadap ejesiniň habarynyň soňuny diňlemäge howlugyp, onuň ellerine ýapyşdy. Bir wagt aý aýdyňda özüne ýalbaryp, aglap duran Bilbili ýatlady.

—Bilbili!—diýip, Abat daýza ýylgyrdy.—Tüweleme, Sylap jan bir gowy adam-da. Hakyt, ejesi-kakasyny razy edäýdi!

—Bolaýypdyr!—diýip, Sadap ýuwaşja aýtdy.

Özem ejesiniň getiren bu habaryna begenmek begendi.

—Ýöne sen bu habary eşit-de oňaý! Toýa barjak bolma!—diýip, Abat daýza Sadabyň keýpini bozdy.—Kakaň gahardan henizem ýarylaýjak bolýa. Öýde seň adyňy tutduranok. Wepanyňam gahary bar entek. Olar: «Şoň ýaly ýezitlere düşenden, Sylap ýaly ýigidiň hyzmatkäri bolup ýaşan bolsa-da, müň paý gowy bordy» diýişýärler. Sylaby gaty sylaýa olar. Bulaňňam kimdigini Wepa eşidipdir oglanlardan!

Sadap gözlerini ýaşlap, gaýga batdy:

—Haýsy zadyň gowudygyny biler ýaly bolmady bi dünede. Ýöne Wepa jan bilen Bilbiliň bir bagty bolawersin! Barmasyz bolsa, men oňaryn, barman toýa! Şolar bagtly ýaşasalar bolýa!

Abat daýza gaýtjak wagty Sadaba bir topar täzeligem habar berdi:

—Sylaby indi oblasta işe aljakmyşlar. Ol kolhozymyzda detdomam açdy. Öz kolhozymyzyň ýetimlerini başga ýere iberdenok. «Obadaşlar bolup serederis» diýýä. Hol, ýasliň bir bölegini gije-gündiz işlär ýaly etdi-de, şoňa topladaýdy kolhozymyzyň obalaryndan ýetim-esir bolup galan çagalaň baryny. Gowy daýzalary saýlap, işe goýdy ol ýere. Öz ejesinem goýdy. Ýetim çagalar gije-hä şol ýerde ýatýalar, gündiz bolsa, yşgola gider ýalys-a öz yşgolyna barýa, ýaslide galmalysam, oýnaberýä şol ýerde beýleki çagalar bilen...

—Wah, Sylap bir akylyň öýüdir-le, çyn adamdyr-la ol—diýip, Sadap gussa batyp gepledi.—Ýöne bagtykör boldy-da bende...

—Lal bolup gezgin, Sylap hakda hiç kime erbet habar ýaýradaýma—diýip, Abat daýza gitjek wagty gyzyna tabşyryp gitdi.

Ejesiniň gelip-gitmesine Sadabyň göwni açyldy hem ýüregi gysdy. Onuň bilen bile gidägede, uzaklarda galan gussasyz ýyllaryna dolanaýasy geldi.

***

Aradan bäş ýyl geçmänkä, Sadabyň dört gyzy dünýä indi. Olaryň baram onuň özüne çalym edýärdi. Yzly-yzyna bolansoňlar, izleşip, Sadabyň beýnisini iýip barýardylar. Sadap durmuşdan halys basylyp, özüni ýitirýärdi. Soňky günler ol «Çaga üçin dagy ömür ýakmak hökmanmyka?!» diýip, häli-şindi oýlanmany çykardy. Ýaşy geçdigisaýy durmuş oňa manysyz, soňy puç bir umman ýaly bolup barýardy. Göwnüne bolmasa, çaga, söýgi diýen bolup, adam özüni kimdir birine oýnadyp ýören ýalydy. Bu zatlaryň soňy bolsa, öwsüp geçip giden bir ýel ýaly duýulýardy...

Tomus günleriniň birinde, ol soňkuja bolan gyzjagazyny gujagyna alyp, howlynyň daşynda gezmeläp ýördi. Obanyň aňry başynda kimdir biri toý tutýardy. Toý aýtmaga bir tigirli adam Sadaplara-da gelip gidipdi. Ýöne Sadap toý eýelerini gowy tanamansoň, gitmändi.

Aýdym-sazyň sesi töwerege ýaň salýardy. Şol wagt bezenip-beslenip Aýjemal aldyrany bar ýaly, hasanaklap Sadabyň ýanyna geldi. Ol daljygmadan ýaňa haslaýardy. Özem geplände töwerekdäkiler eşidäýmesin diýen terzde pyşyrdap diýen ýaly gepledi:

—A gyz, toýa Sylap gelipdir! Ýanynda-da eli bäbekli bir ýaş gelin bar. Öz aýaly öýdýän! Şoňa dykyljyrab-a dur!

Bu habar Sadabyň ýüreginden parran geçdi. Kellesi güwläp, başy aýlanan ýaly boldy. Birden agysy tutdy. «Sylabyň ýanynda başga aýal bar, oňa dykyljyraýar» diýen sözler Sadaba diýseň agyr degýärdi. «Ýok! Men muňa razy däl!» diýip, sesiniň ýetdiginden gygyryberesi gelýärdi. Pikirden ýaňa elindäki çagany tas ýere gaçyrypdy.

—O nähili?..—diýip, ol soňabaka gabanjaňlykdan hem-de ahmyrdan ýaňa ýüregini paralap, zordan gepledi.—Ol ýene bäbekhanadan çaga almaga razy bolaýdymyka?

Aýjemal ähli eşidenlerini bir demde habar bermek üçin çalt-çalt gepledi:

—Sen öň onuň ýagdaýyny gürrüň bereňsoň, men ondan-mundan aýalyny sorap gördüm. Aýaly wraçmyş. Çagalary hem ýakynda bolanmyş. Sylap toý tutýanlaryň bir ogly bilen-ä bile okanmyş. Şoň üçin gelipdir toýa-da!

—Aýaly wraç bolsa, Sylap hökman doktora görnendir! Ol şu çaka çenli hökman bagly bolandyr, dagy dert däldir!—diýip, Sadap ýene ahmyrdan aýňalyp bilmän gepledi.—Wah, men näme üçin ony doktora habar bermedimkäm?! Sura daýzanyňam doktor bolup bize kömek etmeýşini diýsene!

—Heý, ildenem bir kömek islärlermi!—diýip, Aýjemal oňa igendi.—Keseki hiç wagtam seň özüňçe bolasy ýok. Öz ykbalyňy özüň çözmek gerek! Hana, samsyklyk edip, ne gözel oglany elden gidiripsiň! Düzeljegem eken! Bähbit dagy onuň basyp giden yzyna bir degýämi!

Sadabyň ýüreginde bir wagtky ilkinji söýgi köredi. Az salym geçmänem, ol lowlap-lowlap gelniň agzyndan ýalyn bolup çabrady.

—Ol henizem görmegeými, syratlymy?!—diýip, Sadap Aýjemaldan ýanyp durşuna sorady.—Ol juda görmegeý hem syratly ýigitdi! Hemme gyzlar onuň höwesindedi!

—Gaty syratly eken—diýip, Aýjemal uludan dem aldy.—Şoň ýaly ýigit bilen bir gapydan girip-çykmak maňlaýyma ýazylan bolsa dagy, ol ýüz ýyllap golaýyma gelmese-de, oňardym şoňkuda. Sesimi çykarman, guly bolup gezerdim onuň.

Sadabam uludan dem aldy:

—Ah, jora jan, bu wagt akylyň goýalyp, düşünjäň artansoň diýäýýänsiň bu zatlary. Ýöne öz başyňa düşen bolsa, kim bilýä, seňňem nähili çykalga tapjagyňy!

Aýjemal Sadap bilen ylalaşdy:

—Hawa-da... Betbagtçylyk diňe başyňdan inende tanydar seniň kimdigiňi. Kim bilýä, bizem beýle ykbala neneň garardyk!—Aýjemal biraz dymdy. Soň ýene pikirini Sylaba gönükdirdi.—Ýigitde görk-görmek, boý-syrat-a bar eken! Bize duşan haýranlarda dagy adam sypatam ýok!

Sadabyň toýa gidip, Sylaba syn edesi geldi. Ýüregi eýýäm aýdym-sazyň çykýan ýerindedi.

—Şuny sakla!—diýdi-de, ol elindäki çagasyny Aýjemala berdi.—Men häzir geýnip geleýin. Toýa bileje-de bir baryp gaýdaly-la!

—Bolýa!—diýip, Aýjemal razylaşdy. Çagany gujagyna aldy.—Öň-soň aýdym diňlemäge gitjek. Saňa Sylabyň baryny aýdaýaýyn diýip geldim.

Sadabyň özi hütdükde ýaşasa-da, goş-golamlary ilki ýaşan jaýyndady. Ol içerik girip, gyssanmaçlyk bilen şifoneri açdy. Bir wagt atasy öýünden Sylaplara gaýdyp baran güni, Sylabyň ýoluna göz diken wagty geýen, müň manada alnan gülgüne pombarhat köýnegini geýdi. Her dürli ýalpyldawuk erişleri öwüşgin atyp duran gök ýüň seçekli gyňajyny hut şol gün oranyşy ýaly oranyp, saçlaryny ýylmady. Ýöne her näçe bezense-de, indi onuň öňki owadanlygy, öňki görmegi ýokdy. Gartaňsy, oral aýalyň keşbi şifoneriň uzyn aýnasyndan Sadaba gamgyn bakýardy. Birden onuň bezenesem gelmedi. Eşiklerini çykarmaga küýlendi. Soňam: «Aýaly dagy göräýse, üst-başymy geňläýmesin» diýip, pikir etdi-de, şol durşuny üýtgetmän, daşaryk çykdy. Beýleki çagalaryna göz bolmagy Pälwana tabşyryp, Aýjemalyň ýanyna bardy.

Ýolda diýseň batly ýöredi. Yzyndan ýagy gelýän ýalydy. Hatda Aýjemal oňa zordan eýerýärdi.

Olar bärden baranda, töwerekdäki maşynlardan aýratyn saýlanyp, ýalpyldap duran täzeje ak «Wolga» Sadabyň ünsüni özüne çekdi. Çeträkde goýlan «Wolganyň» ýanynda Arzuw bilen Maksat durdy. Olaryň boýy ýetip, ep-esli bolupdyrlar. Üst-başlary arassa, diýseň gelşiklidiler. Arzuwyň ýakasy nagyşlanan ýaşyl pombarhat köýnegi, öýme ýaglygy bardy. Özem indi ulugyzsyrap sülmüreýärdi. Olary görenden, Sadabyň ýüregi gopup gitdi. Çagasyny ýene Aýjemala berip, özüniň taşlap gaýdan çagalarynyň ýanyna bardy. Barandanam, olary teşnelik bilen bagryna basdy.

—Arzuw jan, Maksat jan!—diýip, gözlerine ýaş aýlap, olaryň ýaňaklaryndan taýly gezek öpdi. Sekuntlarça hyýalynda geçen süýji hem gussaly günlere dolandy.

Arzuw bilen Maksat ony ýerli-erden itip, özlerinden aýyrdylar.

—Bolşuň nähili seň, daýza! Ýaglygymy gaçyrdyň!—diýip, Arzuw gaharly jedirdedi.

Maksat bolsa oňa birsyhly geň nazar bilen sesini çykarman seredýärdi.

Sadap uludan dem alyp, pessaý ses bilen ýangynly gepledi:

—Men siziň ejeňiz ahyry, Arzuw jan, Maksat jan! Ýadyňyzdan çykaraýdyňyzmy?!

Maksat oňa bir wagt üsti otly eşekde barýarka sereden nazary bilen naýynjar seretdi-de, gaşlaryny çytdy. Soňam sesini çykarman, «Wolganyň» içine özüni atdy. Sadabyň göwnüne bolmasa, ýetginjegiň gözlerinde ýaş buldurap giden ýaly, ýüzüne kine alamaty çaýylan ýaly boldy.

—Maksat jan—diýip, ol «Wolganyň» ýapylan gapysyna iki elini diräp, ýene seslendi. Ýöne gara tutular ýetginjegiň ýüz keşbini ondan gizledi.—Bagyşla meni, bala! Men öň düşünmändirin! Samsyklyk edipdirin!

Arzuw ýene Sadabyň ýanyna gelip, onuň ellerini maşyndan bat bilen aýyrdy. Soňam ýüzüni ebşedip jedirdedi:

—Daýza! Näme bizi köpüň içinde masgara etjek bolýaň! Häzir kakam dagy çykýa! Aýdaryn! Özüňem bilip goý, biziň ejemiz öýde. Bizde seň ýaly eje ýok. Bar, ýok bol!

Şeý diýip, Arzuw hem «Wolga» sümüldi-de, onuň gapysyny şarkyldadyp ýapdy. Onýança-da töwerekden:

—Sylap Gurbanowiç! Sylap Gurbanowiç!—diýen sesler eşidilip ugrady.

Sadap tok uran dek bolup, çete çekildi. Dessine-de märekäniň içine kürsäp urdy. Aýallaryň arkasyna duwlanyp, özüni gizledi. Şol ýerdenem Sylaba syn etdi.

Ýyllar ötse-de, Sylabyň öňki görk-görmegi, boý-syraty üýtgemändir. Ol öňki, Sadabyň ýüreginde ilkinji söýgini tutaşdyran ýigitdi. Ýöne birnemejik göwresi doluşypdyr. Egnindäki asmanreňk köýnegi onuň keşbine has-da gelşik berýärdi. Özem wagtyhoş ýylgyrýardy. Keýpi kökdi. Töwerekdäkiler bilen ýeke-ekeden elleşip hoşlaşýardy. Onuň ýanynda özi ýaly syratly, görmegeý gelin hem bardy. Gelin başyna ak öýme atynypdyr. Gujagynda hem akja gundagly bäbek bardy. «Özüniňkimikä?! Ýa-da munam aldylarmyka?» diýip, Sadap birsyhly içini gepledýärdi. Baryp sorasy geldi. Birdenem Sylaba tarap ylgap: «Menem bu ýerden alyp git!» diýip, bagyryberesi gelýärdi. Zordan saklanýardy.

Sylap maşynyň ýanyna baranlaryndan soň, gelniň gujagyndaky bäbegi aldy hem-de bir eli bilen oňa gapyny açyp berdi. Gelin Arzuw dagynyň ýanyna geçip oturdy. «Çaga özüniňkidir, özüniňki bolmasa, köpüň içinde ony bagryna basyp durmazdy. Asla, ol düzelmedik bolsa, ikinji gezek öýlenmezdem, ol hökman düzelendir» diýip, Sadap duran ýerinden gepläýjek bolup, dodaklaryny müňküldedip, pikir öwürdi. Eginlerini silkip uludan dem aldy: «Wah! Men näme üçin ony doktora habar bermedimkäm!»

—Sylap jan, balam, gelniňe, çagalaňňa agşamky toýam görkezäýmelidiň-ä, balam!—diýip, ak saçly, garry aýal Sylaba ýüzlendi.

Sylap birgeňsi ýylgyryp, sypaýy gepledi:

—Toýa garrama ýok, ene! Ýene bir gün arkaýynçylyga-da geläeris! Bu gün gyssagly iş bar-da!

—Wah, şeýledir-le, balam!—diýip, garry aýal ahyr onuň bilen ylalaşdy.—Sag-aman baryň onda!

—Bolýa, ene, bolýa!—diýip, Sylap baş atdy.

Sylap bilen deň-duşrak görünýän adamlaryň biri bolsa, Sylabyň elini gysyp hoşlaşdy:

—Hoş, dost, sylap geleniň üçin taňryýalkasyn!

—Bolýa, sag bol!—diýip, Sylap onuň bilen hem gadyrly hoşlaşdy.—Özüňem baryp dur.

Şundan soň Sylap maşynyň öň oturgyjyna geçdi. Onýança bir ýerden şofýoram peýda boldy. Garynlak şofýor ýerine geçensoň, «Wolga» öňe müňzedi.

—Şol oglany basym Aşgabada, merkeze işe geçirýämişler—diýşip, Sadabyň töweregindäki aýallar biri-birine Sylaby ümleşip jammyldaşdylar.—Gaty işine ökde diýýäler, adamçylygam gowumyş oň!

«Häzir şolaryň arasynda men bolmaly ahyry! Näme üçin ykbal maňa beýle daradyka?» diýip, Sadap «Wolgany» synlap durşuna gözlerine ýaş aýlap, ýene pikire batdy. «Ýa-da saly gowşaklykdan düşdümmikäm men şu günlere?!».

Sadabyň göwnüne bolmasa, Sylap duran aýallara tarap seredip goýberende, özüne-de gözi düşen ýaly boldy. Ýa-da şol arada Arzuwdan bir gep ýetdimi, ýa-da onuň Sadaba gahary henizem köşeşmändirmi, garaz, onuň hut ýap-ýaňyja-da gülüp duran ýüzi gamaşyp, gaşlary çytylan ýaly boldy. Gözleriniň agy köpelen ýaly göründi.

«Wolga» gözden ýitensoň, Sadap üçin toý ýeri märekesi sowlan bazar ýaly boldy. Aýdym-sazyňam gyzygy gaçdy. Ýüregi gysdy. Özüni gussa aldyrmakdan ýaňa keýpi bozuldy. Çöken ykbalyna gynanyp, ýaňaklaryndan gözýaşlar ýol ýasady. Ol hatda ýanyna Aýjemalyň gelenini-de duýmady.

—A gyz, gözýaşyňy bir ýok etsene, ile masgara bolýaň!—diýip, Aýjemal gazap bilen pyşyrdady.—Ýör, düşege geçip, nahar iýeli!

Onuň bu ýerde durasy gelmedi. Nahardan-da ýüz öwürdi. Çagasyny gujagyna alyp, öýüne gaýtdy.

Sadaby gapynyň agzynda Bähbit garşylady.

—Јrjagazyňy görmäge gitdiňmi?!—diýip, ol iki elini bykynlaryna diräp, Sadaba hemle urdy. Soňam joňkuldaşyp, ejelerine tarap ylgaşyp gelýän, biri-birine meňzeşje gyzjagazlara tarap bir elini silkip goýberdi.—Men aýdýan-a şularam sen şondan alypsyň diýip!

Gyzjagazlar gelip, «Eje-de-eje» bolşup, Sadabyň eteginden aslyşdylar.

—Hany, ýörüň, öe baralyň—diýip, Sadap kiçi gyzynyň elinden tutdy-da, öz bolýan tünegine tarap ýöredi. Gidip barşyna-da Bähbide jogap berdi.—Men-ä toýa gidip gelýän... Onsoňam her gezek başgadan çaga almak üçin oblast merkezine gidip-gelmek aňsat däldir-ä... Ýöne bir zat diýmeli bolsaň, agzyňa gelenini diýiberýäň-le sen!

—Lal bol!—diýip, Bähbit guduz açyp gygyrdy.—Seň ýaly aly köp heleý oblast-a däl, ýeriň ol ujuna-da gider!

Sadap sesini çykarman, çagajyklarynyň elinden tutup, hütdügine girdi. Gyzjagazlar gözlerini gorkuly tegeleşip, bir Bähbide seretdiler, bir ejelerine dykyljyradylar. Soňam hemmesi Sadaba dykylyşyp, aglamaga başladylar. «Eje-de-eje» bolşup, gyrgy gören guşuň çagalaryna döndüler.

Sadap elindäki gundaglysyny sallançaga atansoň, ýerde çöküp, beýleki üç gyzyny gujagyna aldy. Olaryň saçlaryny, maňlaýlaryny sypaşdyrdy:

—Goýuň, balalarym, aglaşmaň!—diýip, bokurdagy dolup duransoň, zordan gepledi.—Goýuň!

—Çyn kakalaryny görkezmäge bulaňňam äkitmeli ekeniň-ä!—diýip, Bähbit hem içerik girip, ýene Sadaba azgyryldy.

Sadap sesini çykarmady. Diňe gözlerini alardyp, Bähbide bir nazar saldy-da oňdy. Gyzlarynyň saçyny sypamagy dowam etdi.

Bähbit birden «sen-men» ýok, çagajyklary idirdedip, daşaryk oklaşdyrmaga başlady. Şundan soň Sadap çydam edip bilmän, oňa topuldy.

—Çagalar bilen işiň bolmasyn!—diýip, çirkin gygyrdy.

Bähbit ýaňy-ýakynda çagasy bolup, heniz güýjüne-de gelip ýetişmedik ysgynsyz Sadaby itip, ýykyp goýberdi-de, onuň çem gelen ýerine depip ugrady. Daşarda çagajyklar aglaşýardy.

Bähbidiň gyzaran gözleri, naskädini ýatladyp duran ýüz keşbi, gowky aýaklary şu wagt Sadaba şeýle bir ýigrenji görünýärdi welin, ony hut bogup öldüräesi gelýärdi. Ol niredendir bir ýerden üýtgeşik güýç tapyp, hasanaklap galdy-da, Bähbide guduz açan ýaly bolup topuldy. Onuň ýüz-gözüni dyrnaçaklady. Saçlaryndan çekip, çem gelen ýerinden agyz saldy.

—Seniň çagalar bilen ne işiň bar!—diýip, dişlerinden syzdyryp gygyrdy.—El degrermiň meň çagalaryma?!

Bähbit janagyryly bir hyňrandy-da, bat alyp, Sadabyň içine depip goýberdi. Sadap içini tutup, iki büküldi, soňam düňderildi. Yzadan demi tutulyp, gözleri hanasyndan çykaýjak boldy. Burnundan ilki gan gidip, ellerini boýady. Ol özüni dürsemäge ýetişmänkä, Bähbit ony ýene depdi. Soň ýene. Guduz açdy. Depip-depip, gelniň eňkini aldy. Guduzlan ite dönüp, Sadabyň çem gelen ýerine depdi, urdy durdy.

—Ýigrenýän seni! Itdenem beter ýigrenýän!—diýip, Sadap mejalsyz halda dillendi.—Ölýänem bolsaň, ýigrenýän!

Daşarda çagajyklar birsyhly aglaýardy. Bähbit haslaýardy. Özem aldygyna Sadaby urýardy. Ýüzi-gözem diýenokdy, bagyr-öýkenem. Çem gelen ýerine hem ýumruk salýardy, hem depýärdi. Sadap şu pursatda Bähbidiň içinden parran geçer ýaly bir söz gözleýärdi. Ýöne teý näme diýjegini bilenokdy. Her zadam bolsa, onuň içini ýakmak üçin:

—Men şu güne çenli Sylap jany söýüp geldim. Diňe şonuň üçin ýaşaýan häzirem! Çagalarymam şondan!—diýip gygyrýardy.—Ölýän bolsaň, öläý sen!

Soňabaka Sadap agyra, urga çydamady. Näçe gygyrsa-da, hiç kim oňa kömege-de gelenokdy. Gapynyň agzyndan çagajyklaram hiç kim ýygnanokdy. Gyzjagazlaryň «Eje!» diýşip bagyryşýan sesleri Sadabyň ýüregini dilip barýardy. Olaryň eljagazlarynyň gapyny açjak bolup, şatyrdadyp işigi dyrnaçaklaýan sesleri mese-mälim bildirýärdi.

—Eje-e! Eje-e!—diýşip, çagajyklar enesinden jyda düşürilen guzujyklar kimin ýene mäleşdiler. Sallançakdaky bäbekden welin, nämüçindir, ses çykanokdy.

Sadap çydam etmän, ahyry Bähbide elini galdyrdy:

—Dur...Biz zat aýtjak!—diýip, dili kän bir diýenini etmän, zordan gepledi. Özem eýýäm dodaklarynyň hem kaloş ýaly bolup çişenini duýdy.

Bähbit haslap, badyny saklady:

—Aýt, iň soňky sözüňi aýt!—diýip, ol hondanbärisiräp gepledi.

Sadap dowam etdi:

—Eger... maňa bir zat bolsa... çagalammy ejeme eltip ber... Haýyş edýän... Özüňem bilip goý... ölüp ýatyrkam, kirpigim gymyldaýsa-da... seni-hä ýigrendigimdir... Sylaby hem söýýänligimdir!..

Şu wagt şeýle sözleri tapanyna Sadap diýseň begendi. Ol bu sözleriniň Bähbidiň ýüregine ok bolup çümjegini bilýärdi. Şeýle-de boldy. Bähbit ýene guduz açyp, Sadabyň çem gelen ýerine urup-depip ugrady.

—Ine, ýigrenseň, ine! Ine, söýseň!—diýip, ol sesiniň ýetdiginden gygyrybam başlady.

Sadap urga uzak çydamady. Agzyndan-burnundan gan gelip ugrady. Basym hem özünden gitdi. Hiç kim gelip Bähbide: «Ony urma» diýenokdy. Sadaba diňe daşardan çagajyklarynyň çyrlaýan sesleri çala eşidilip gidýärdi. Soň bu ýere Pälwanam gelip aglap ugrady. «Kaka jan, ejemi urmasana! Bu ejemi bir öldürmesene!» diýip, ol Bähbide zarynlap ýalbarýardy. Ýöne Bähbit ony diňlänokdy. Soňra Bähbidiň gyzlary, Ejegül kempir hem Enew girdi. Olar welin, seslerini çykarman, Bähbidiň aýylganç oýnuna tomaşa etmäge durdular. Birdenem, Sadabyň kakasy eşege ot ýükläp alyp geçdi. Eşegiň yzynda bolsa, kiçijik Maksatjyk otyrdy. Ol şol bir naýynjar bakyş bilen Sadaba seredýärdi. Bir ýerden ylgaşlap, ejesi Abat daýza geldi. «Wah, balam, bu meýdi ýanan seni nädäýipdir!» diýip, Abat daýza Sadabyň agyrýan ýerlerini sypaşdyryp aglaýar hem-de Bähbidi onuň ýanyndan itýär. Bähbit bolsa ony diňlänok. Sadaby birsyhly urýar. Sadap yza tap getirmän iňleýär. «Jan balam, men saňa öň aýtdym ahyry! «Ilkim—bagtym, soňkym—görgim»diýipdirler» diýip aýtdym ahyr!» diýip, Abat daýza aglaýar. Iki sany gundagly bäbegi göterip, Sylap gelýär. Ol bäbekleri Sadaba berjek bolýar. Sadap endam-janynyň agyrysyndan ýaňa bäbekleri almaga güýç-gurbat tapanok. Iňňildeýär. Onuň bolşuna Sylabyň gahary gelýär. Ol: «Adamlara, il-güne haýyrlyrak işem etmek gerek!» diýip gygyryp aýdýar-da, soň iki bäbegem alyp, yzyna gidýär. Sadap onuň yzyndan: «Syla-ap! Meni goýup gitme, Syla-ap!» diýip gygyryp galýar. Birdenem ylgaşlap Aýjemal gelýär. Ol el çarpyp gülýär. Ýat-ýat adamlar Sadabyň daşyndan aýlanyşyp, porhan tansyny edýärler. Olar: «Ilkim—bagtym, soňkym—görgim!» diýşip, haslaşyp aýdym aýdýarlar. Sadap iň soňky güýjüne daýanyp gygyrýar: «Adamlar! Hemmelere aýdyň! Hiç kim ilkinji açan gapysyny ýapaýmasy-yn!». Porhan tansyny edýänler onuň diýenlerini gaýtalaýarlar: «Hiç kim ilkinji açan gapysyny ýapaýmasy-yn!». «Wah, men näme üçin ömrümiň iň soňky gününe çenli türkmençilige uýmadymkam! Näme üçin şol gapyda ömrüm ötýänçä, başa gelenini görüp oturmadymkam!» diýip, Sadap ýene arman bilen gygyrýar. Porhan tansyny edýänler hem ýene onuň diýenini gaýtalaýarlar: «Wah, şol gapyda ömrüň ötýänçä oturmaly ekeni-iň! Türkmençilik gowy zatdy-yr!».

Şondan soň tans edýänlerem, beýlekilerem, ähli zat hem Sadabyň göz öňünden ýitdi. Onuň gulaklary şyňlaýan ýaly boldy. Soň ol ses hem kesildi. Ol eşitmedenem, duýmadanam bütinleý galdy...
Awtor: Ogulsenem Taňňyýewa.
1988ý.
Enka atly saýt okyjysynyň haýyşy boýunça paýlaşyldy...
Bellik: Köp böleklere bölüp ýürege düşdüň diýjek agzalara jogap: Prostoýdan girýänleriň aýdyşyna görä, uzak mowzugy açyp bilenok, açsa-da 10-dan birini açýar... (Mowzugyň 10%-ini açýar, galan ýerini açmaga telefonuň güýji ýetenok...

Edebiýat, Ahmedik_97 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir