KÖR SÖÝGI (Ogulsenem Taňňyýewa) #8
Enkaň haýyşy boýunça...
Pälwan oýanyp, daşaryk çykanda, onuň el-ýüzüni ýuwup berdi. Bileje oturyp, nahar iýdi. Şeýdip, Pälwan Sadaba derrew höwrükdi. Gyzjagazlar bolsa, täze ejelikden asylyşyp ýören jigilerine gözlerini alardyp seredişýärdiler...
***
Bähbit günortan naharyna gelmedi. Agşamlyk gün batyberende, ilki «Wolgasyny» getirip, aşhananyň gapdalynda salnan gök reňkli demir garažyna goýmaga geldi. Sadap onuň öňünden çykyp ýyrşaryldy. Täze adamsynyň özüne bir zatlar diýerini isledi. Ýöne Bähbit lal-jime dönüpdi. Ol hatda nirä ýörese, Sadabyň gyňajynyň çowundan tutup, ýantazy ýaly bolup ýören Pälwana-da gep goşmady.
Sadabyň özi dillenmeli boldy. Ol:
—Günortan naharyna-da gelmediň-le—diýip, garažyň gapysyna çaganyň kellesi ýaly gulpy ötürip duran Bähbidiň ýanyna baryp, mylaýym gepledi.—Iýip gitseň-ä zat taýýarlaýyn?!
—Aý, ýok, men şu gün juda dok. Seni göremsoň-a açlygymam unudaýdym—diýip, Bähbit bir zada gyşarylýanyny duýduryp, gaharly hüňürdedi. Soňam başga zat diýmän, çykyp gitdi.
Kän wagt geçmänkä-de, ol uly maşynyny alyp geldi. Maşynyň kabinasynda garagäz papagyny maňlaýyna sümren erkek kişi bardy. Erkek kişi düşüp, maşynyň gapdalyndan asylgy ýagly bedräni aldy. Bähbit maşynyň bakyna rezin goýberip, oňa benzin guýup berdi.
—Şunuň bilen gönüje on bedre bolýar, öň dokuz alypdym dälmi?—diýip, papakly bedresi dolansoň, Bähbide ýüzlendi.—Puluny häzir getirin.
—Gerek bolsa, ýene alyber-how, kolhozyň benzini ýetik—diýip, Bähbit ýyrşardy.—Günde guýduryp durun-how. «Nirä harçlaýaň?» diýip soraýan ýok.
—Bor, gerek bolsa, ýene alaýaryn—diýdi-de, papakly kişi bedresini göterip gitdi.
«Benzin satýan bolsa, munça baýlyk ediner-le bi» diýip, Sadap howla, kaşaň jaýlara göz aýlap durşuna pikir öwürdi.
Agşam iýlip-içilip, saçak ýygnalansoň, her kim öz ýatýan ýerine sümüldi. Sadap öz ýanlaryndan Pälwana-da düşek ýazdy. Ýöne Bähbit Pälwany jaýdan basym idenekledip çykardy:
—Bar, öňki ýatýan ýeriňde ýat, bäbek bolmak hökman däl!
Pälwanjyk çyrlap gitse-de, Bähbit Sadaby onuň yzyndan goýbermedi. Gapyny berk ýapdy. Soňam düşegiň bir gyrasynda gözlerini tegeläp, Bähbidiň bolşuny geňläp oturan Sadabyň ýanyna bardy. Birden sen-men ýok, onuň ýakasyndan ebşitläp tutdy-da, ýaňagyna şarpyldadyp goýberdi. Duýdansyz şarpyga Sadabyň gözlerinden ot çykyp gitdi. Bähbidiň bu bolşuna ol näme diýip-näme aýtjagyny bilmedi. Onýança-da Bähbidiň özi dillendi:
—Ine, birinji gezeklikçe ýeke şarpyk berýän. Ýene-de şeýdip meni aldamakçy ýa oýnamakçy bolaýsaň welin, öldirin seni! Soňky gün eşitmedim diýme!
Şeý diýip, Bähbit öz ýerine geçip, ellerini dyzlarynyň daşyna aýlap oturdy. Onuň öz güýjüne buýsanýany mese-mälim bildirýärdi. Gopbamsydy.
Şarpygyň awusyna hem-de kemsidilmäniň kalba beren yzasyna Sadabyň gözlerinden paýrap ýaş döküldi. Ol: «Men muny näme diýip aldatdymkam?» diýip, geň galyp oýlandy. Dogrudanam, ol özüniň Bähbidi näme diýip aldanyny bilenokdy.
—Men şu gün siziň öýüňize bardym—diýip, Bähbit täsin habarlary bilen Sadaby geň galdyrmagy dowam etdi.
Onuň bu habaryna Sadap çydamady. «Bu nähili samsyk adam eken, ejem-ä muň ejesini kowup goýberýä, bi-de bize barýa. Beýle samsygy ýörite gözläbem tapyp bolmaz!» diýip, ol içini ýakyp oýlandy. «Utanmaýan binamysyň biri diýsä!». Birdenem özüniň näme edýäninem bilmän, Bähbidiň ýakasyndan ebşitläp tutdy:
—Seň kelläň bir işleýämi! Bizde nä körüň bardy seň!—diýibem çirkin gygyrdy.
Bähbit güýç bilen Sadabyň ellerini özünden aýyrdy-da, onuň ýaňagyna ýene şarpyldatdy. Soňam ony itip goýberdi. Sadap düňderilip gitdi. Ýykylan ýerinde ýüzüni ýere beribem, möňňürmäge durdy.
—Men näme üçin ölüp dynmaýarkam, Hudaý jan! Näme üçin meniň janymy alaňok sen?!—diýip, agysynyň arasynda samrady.
Bähbit ýerinden galyp, Sadabyň ýanyna bardy-da, gödek aýalary bilen onuň agyzlaryny tutdy:
—Bäs et gohuňy! Jyňkyň çyksa, janyňy alaryn!—diýip azgyryldy.—Sesiňi çagalar eşitse, näme diýer!
Sadap sesini peseltse-de, zol hamsykdy. Sojady oturdy. Bähbit dowam etdi:
—Ejeň bar eken, kakaň-a ýok eken!
—Saňa bize barmak nämä gerekdi!—diýip, Sadap janagyryly iňňildedi.
—Näme, syryň açylanyna janyň ýanýamy?!—diýip, Bähbit gaharly gepledi.—Barjak. Näme barman! Gyzynyň özi razy bolup durka, ejemi näme üçin kowup goýberen bolýa ol, ejeň. Gürleşeýin diýip bardym. Zorluk bilen gyzynyň alynmanyny aýtmaga bardym. Üstesine, seniňem günäsizligiňi aýdaýyn diýdim. «Gyzyňyza gahar edip oturmaň, ol ömrüni ýakyp ötüripdir-ä, ýagdaýy şeýle eken» diýibem, ähli zady bolşy ýaly aýtdym. Açdym seňňem syryňy! Nämä gerek gizläp ýörmek!
Sadap elleri bilen ýüzüni tutup, ah çekmeden iki büküldi.
—Ymm...—edip iňňildedi.—Sen meniň syrymy näme üçin paş etdiň! Sen ony saklamaga söz berdiň ahyry! Ýa sen syr diýen zadyň nämediginem, ony saklap-saklamazlygyň parhynam bilmeýän adammy?!
—Heleýde syr bolmaz! Heleýde diňe samsyklyk bolar—diýip, Bähbit seňrigini ýygyrdy.—Ejeň çagalaryňy getirip görkezdi. Agyn Sylaba meňzäp dur. Men seň adamyňy gowy tanaýan. Aýratynam sizden kömek alanymyzda belet boldum oňa. Çagalar agyn şoň özi. Ýöne sen iliň öňünde gepe galmajak bolup, özüňi aklajak bolup tapypsyň, ol syr diýen zadyňy. Ejeňem şeý diýdi: «Azan adam her bahana tapar. Her hili gep tapyp, Sylaby masgara edip ýörjek bolsa, kakasyny iberip, kellesini aldyryn o saçy kesileniň» diýdi. «Sylaby biz Sadapdan müň paý gowy görýändiris, onuň abraýyna çirk ýetirtmeris, arkaýyn bolaýsyn» diýdi. Özlerem indi hemmesi senden geçenmişler!
—Heý, şeýle-de bir zat bormy! Heý, şeýle-de bir zat bormy!—diýip, Sadap başyny ýaýkap, ah çekdi.—Azaňda-da gep ýok ýerden beýle bahana tapyp bolmaz ahyry!
—Bu wagt heleýleň etmeýän işi barmy!—diýip, Bähbidem barha gaharlandy.—Çaga dogransoňam, doktoryň kömegi bilen özüni gyz ornunda goýup, täzeden durmuşa çykyp ýörenler känmiş-ä bu wagt.
—Ýalan! Ýalan zat o diýilýänler, Bähbit!—diýip, Sadap jany ýanyp, dişlerinden syzdyryp gepledi.—Iliň tapyp ýören ýalan gepi! Şeýden aýaly kim gözi bilen görüpdir. Il agzyny ýygyp bolýamy! Il bir gep tapsa, çynmy-ýalanmy, tapawudy ýok, şo-ol çişirip gidip otyr-a! Onsoňam, sen näme meni şol hili adamlardandyr öýdýäňmi?! Şunça ýaşap!.. Şunça ýyl abraýymy saklap oturyp!.. Gel-gel, iň soňunda men indi şeýle adamlaryň hilinden bolup galmaly boldummy!
—Şeýle adamlar barmyş!—diýip, Bähbit Sadabyň içini ýakmagyny dowam etdi. Sowukganly geplediýu —Senem şol adamlardan bolmaly. Enewem diýdi şeýdýän aýallar kän diýip. Adamsy bagly bolaýanda-da, munça ýyllap oturmazdy diýýä saňa. Ýa hossarlaryna, ýa-da doktora aýdardy diýýä. Sen bize ilkinji gelen günüň doktora gidenmişiň-ä!
—Gidemde näme! Men, birinjiden-ä, ýola çykamda, ýüregim agyrýa diýip çykdym. Ikinjidenem, men şol gün barmadym doktora. Diňe saňa garaşdym!—diýip, Sadap gahardan göm-gök bolup, boglup gepledi. Dodaklary, dili gurady.
—Nu, bolýa-da şol. Ras doktor diýip çykanyňy boýun aldyň gerek!—diýip, Bähbidem özüniňkini gögertmäge çalyşdy.—Ýuwaş-ýuwaşdan galanynam boýun alarsyň! Syrlary açylmasa, şeýle aýallaryň hiçisem, öz-özlerini garalamaýarlar!
«Men näme üçin bu adam bilen baş goşdumkam?! Men näme üçin munuň şeýle samsykdygyny öň duýmadymkam?!» diýip, Sadap birsyhly içini gepletdi. «Men näme üçin indi muňa hasabat berjek bolup, arassa janyma gara sürtdürip otyryn. Men ýaly azan ýokdur. Arassa janyma men ilde-günde ýok hokgany çykarýan binamys boldum munuň öňünde. Indiden soň men näme üçin otyryn bu ýerde?!».
Şeýle pikirlerden soň, ol özüniň beýle häsiýetli adam bilen hiç wagt ýaşap bilmejekdigini duýdy. Ol indi özüniň öe-de eltilmejekdigini bilýärdi. Häzir bu ýerden gidäende-de, nirä gitjekdiginem bilenokdy. Ýöne özüniň şu öýden hökman gitmelidigini bilýärdi. Şeýle pikir bilen ol hasanaklap, ýerinden galyp, gapa ýapyşdy.
Bähbit ondan öňürdip, gapa badalga boldy.
—Nirä?—diýip, azmly sorady.
—Ikimiz hiç wagt ýaşaşyp bilmeris, Bähbit! Men şuny duýdum häzir! Sen meniň diýýän adamlarymdan däl ekeniň. Iň gowusy, heniz giç däl, imisalalyk bilen aýrylyşaly!
—Hany, geçsen-aý, beýläk, samsyklama-da—diýip, Bähbit Sadabyň gollaryndan tutup, ony äsgermezlik bilen ýene düşege tarap togalap goýberdi.—Men seniň üçin Sylap däldirin, öýden ümsümjik çykaryp goýberip, ile gürrüň bolmaryn, edil kelläňi alaryn!
Sadap Bähbidi şeýle bir ýigrenip ugrady welin, tas: «Sylap jan, men seni näme üçin taşlap gaýtdym! Ömrüm ötinçä, guluň bolup gezsem, bolmaýamy! Maňa erkek kişi bilen ýaşaşmak nämä gerekdi!» diýip, bar-bar bagyrypdy. Gaty aglamaga ýene urlaryndan gorkdy. Janagyryly iňňildäp, ýene gözýaş dökmäge durdy.
Bähbit çyrany öçürip, onuň ýakynjagyna geldi-de, ýene gelniň ýakasyndan ebşitläp tutdy. Gaharly gepledi:
—Gapa gaty arkaýyn topuldyň welin, ýa ýene bir ätiýaçlyk üçin taýýarlap goýan erkek kişiň barmydy seň! Sen-ä erkek çalyşmany dagy eşekden palan alança-da görmeýän bihaýa aýallardan ekeniň!
Sadap özüne äsgermezlik bilen diýlip duran töhmetli sözlere ýanyp-ýanyp kül boldy. Ýöne indi özüne bu ykbaldan gaçyp sypmaga ýol ýokdugyna-da göz ýetirip ugrady. Başyny ýaýkamakdan başga çäre tapmady.
Bähbit bolsa tä dili ýadaýança, ony her hili myjabatly sözler bilen duzlap-duzlap keýpden çykdy. Sadap bu sögünçlerden, bu göwne degişmelerden soň Bähbit ep-esli wagt özüne ýüzem bermez öýdüp pikir etdi. Onuň bilen gürleşmän gezjekdigini ýatlap, birneme arkaýynlaşdy. Ýöne Sadabyň bu diýenem çykmady. Bähbit Sadaba diýjek zatlaryny diýip, urup keýpden çykansoň, hamala, hiç zat bolmadyk ýaly bolup, oňa topuldy...
«Diňe haýwan hem binamys adam şeýle bolup biler» diýip, Sadap ol hakda ýigrenç bilen pikir öwürdi. Hut şol gije Bähbit tarapdan onuň ýüregi öldi...
Dowamy bar.