KÖR SÖÝGI (Ogulsenem Taňňyýewa) #5
Enkaň haýyşy boýunça...
***
Aşgabat diýlip çykylan pursatdan Sylabyň özüni alyp barşy ýene Sadabyň ýüregini üýtgetdi. Gyz «Söýgi indi başlanaýýarmyka?» diýip pikir öwürdi. Sylap samolýota münülende-düşülende, Sadabyň elinden tutdy. Samolýota ilkinji gezek münenligi üçin Sadabyň ýüregi bulandy. Sylap onuň kellesini ýolboýy öz eginlerinde saklap gitdi. Adamsy bolan bolup ýören ýigitden henize çenli üýtgeşik mähir-muhabbet görmän ýören gyza bu zatlar diýseň täsir etdi. Onuň Sylaba imrikmesine şularam ýeterlikdi. Bu wagt gyzyň uly bir göwni ýokdy. Onuň üçin sähelçe zat hem uly döwletdi. Ol şeýle gyzlardandy.
Sura daýza, dogrudanam, gowy aýal eken. Özem şäheriň bäbekhanasynda göbegene bolup işleýän eken. Ol Sadabyňam göwnünden turdy. Sylap bilen Sadaba bir jaýyny ýaşamaga berdi. Onuň ogly Timur öýde ýok eken. Ol başga şähere işe iberilipdir. Onuň eýýäm iki çagasy bolupdyr.
—Timur jan hem giç öýlendi—diýip, Sura daýza Sylabyň ýanynda nalady.—Häk, siz ogullarmy! Ene-atanyň göwnüni bileňzok siz. Biz bolsak, agtyk küýseýäris.
Sura daýzanyňka baran pursadyndan Sadaby bir zat biynjalyk edýärdi. «Okan döwründe Sylabyň halaşan gyzy boldumyka?» diýip, ol gabanjaňlyk bilen pikir öwürýärdi. Muny Sura daýzadan sorap göresi gelýärdi. Ahyry bir gün maýam tapyldy. Sura daýzanyň özi olaryň durmuşyndan gürrüň gozgaýdy.
—Siz näme ýöneje gezip ýörsüňiz? Çaga aladasy size degişli dälmi?—diýip, ol bir gün diňe Sadap ikisi çaý içip otyrka, ýylgyryp sorady.—Bärde bir zatjagazyňyz dagy bolaýsa, göbegeniňiz-ä özüm bolardym.
Bu sözler Sadabyň ýüzüne kül urlan ýaly etdi. Ol ilki hiç zat diýmän dymdy. Agzyna salan çöregi bokurdagyndan geçmejek boldy. Gözlerine ýaş aýlandy. Syr bildirmejek bolup, içesi gelmese-de, yzly-yzyna çaý owurtlady. Birhaýuk ýuwdunyp oturansoň, gözlerinen ýaş paýradyp pyşyrdady:
—Sylap meni halanok, Sura daýza!
Sadabyň gözýaş edip oturmasyna Sura daýzanyň zähresi ýaryldy. Ol Sadabyň ellerine ýapyşdy:
—Hih! Diýýäniň näme, Sadap!
Sadap: «Hawa, şeýle!» diýen terzde sesini çykarman, başyny atdy. Öz ykbalyna kemsinmekden ýaňa gözýaşlar böwedi açylan sile döndi. Aglamakdan gözleri gyzardy gitdi.
—Hany, balam, goý, aglamaňy goý!—diýip, Sura daýza oňa göwünlik berdi. Sadabyň ýagdaýyna onuňam keýpi bozuldy. Soň sesini süýkdürip gepledi.—Wa-aý, görsene muny... Asyl, geleliň bäri ýüzüň-gözüň açylanok diýýän-le. Aladaň artyk görünýä diýýän-le. Seň ýaly gelni harlaýan bolsa, men Sylap bilenem gürleşerin. Käýýärin oňa!
Misli, Sura daýza turup ötägidip barýan dek, Sadap onuň egninden ýapyşdy.
—Sylaba zat diýmäweriň, Sura daýza. Ol bilmesin bu gürrüňleri. Eger oňa bir zat diýseňiz, men gaty görerin!
Sura daýza Sadabyň bolşuna geň galdy.
—O näme üçin?—diýip, gözlerini tegeledi.
Sadap birbada hiç zat diýmedi. Uludan dem alyp dymdy. Soňam:
—Ony gynandyrmajak bolýan-da...—diýip, pyşyrdady.
Sura daýza ýene geň galyp gepledi:
—O nähili... gynandyrmajak bolýaň! Ol-a seni gynandyrýa... Sen bolsaň...
Sadabyň ýüreginde berç bolan hasratyny kimdir birine aýdyp, öz güni hakda kimdir birine şeýle bir sala salasy gelýärdi welin, diýip-aýdar ýaly däldi. Özem bu hakda haçanam bolsa bir wagt ýarylyp dynmasa bolmajagyny bilýärdi. Ýöne nämeden başlajagyny bilenokdy. Dili şol wawwaly gürrüňe hiç öwrüliberenokdy. Birdenem: «Men-ä syry açsam, Sura daýza-da ony Sylaba ýetiräýse, soňy nähili bor! Sylap ne günlere düşer!» diýip, alada bilen oýlanýardy.
Sura daýza Sadabyň bir agyr hasratynyň baryny duýman durmady. Onuň bir syry açmaga ýaýdanýanynam aňdy.
—Sen Sylabyň gelnimiň, men seni gyzym ýaly görýän, Sadap jan. Sylabam oglum ýaly gördüm men. Sylap jan okan döwründe tä instituty gutarýança, biziň öýümizde boldy—diýip, Sura daýza agras gepläp gürrüňe başlady.—Timur jan bilen bile okady ol... Ilkiler Timur gelip: «Eje-e... kursumyzda şeýle bir ýuwaş, gowy oglan bar welin, men-ä şony öe getirjek» diýdi. «Sapagynam şeýle gowy bilýä, bileje taýýarlanmaga-da boljak» diýdi. «Getir, oglum» diýdim. Getirdi. Görüp otursam, Sylap jan, asyl, Timuryň aýdyşynyň dagam çeni däl eken. Beýle-de bir rahat oglan bolar eken. Käbir oglanlar bardyr, okuw diýip geler-de, ne-hä okuw bilen seri bor, ne beýleki bilen. Guduraşyp, urşup, gohlaşyp ýörendirler. Ýo-ok... Sylap janyň beýle zatlar bilen işi bolan däldir. Şü, haçan görseň, okuwjygy bilendir. Meniň öý işime-de kömekleşibiýr, nahar-çaýa-da. —Şeý diýip, Sura daýza uludan dem aldy.—Ýigidiň-ä gowusydyr Sylap jan. Onuň seni ynjydaýşyny diýsene, gyz!.. O näme üçin beýdýärkä?!
Ara dymyşlyk düşdi. Sadap öňki keýpsizligi bilen otyrdy. «Sylabyň söen gyzy hakda-da soraýsammykam?» diýip, ol içinden pikir öwürýärdi. «Sura daýzanyň özem bu hakda dil ýaraýmady...»
Birhaýukdan dymyşlygy Sura daýzanyň özi bozdy. Ol, hamala, Sadabyň içki pikirini duýan dek, gyzyň aladasyndan söz açdy:
—Ýigit gyz-beýleki bilen dagy söýşeýin ýa-da tanşaýyn diýen däldir. Diňe okuw bilendi. «Birki ýyl obada işläp, gowy iş öwrenemsoň, aspirantura girjek» diýýärdi. «Pagtanyň hem ir ýetişýän, hem hasylly sortuny oýlap tapjak» diýýädi.
Bu gürrüňlerden soň Sadap üçin Sylap eletmez bir şaha öwrüldi duruberdi. Ol özüniň şeýle beýik adam bilen bir gapydan girip-çykýanyna buýsandy, begendi. Özi üçin sada oba oglany bolan Sylabyň il üçin diýseň täsindigine haýranlar galdy. Sadap Sylabyň: «Meniň öz etsem-petsemlerim, maksadym bardy» diýen sözlerini ýatlap: «Eger men oňa päsgel bermedik bolsam, ol has ýokary okuwa gidip, alym boljak eken-ow!» diýip içini gepletdi. Oňa gözi gitdi. Eger ol şol wagtlar Sadaby diňlemän, şeýdip gaýdaýan bolsa, özüniň Sylapsyz obada neneňsi bolup galjakdygyny bilmedi. Hamala, häzirem zyňlyp barýan ýaly, ýüregi gopup gitdi. Birdenem Sylap bilen özüniň ykbalyny birleşdirenine begendi. Onuň bu ýerde hiç hili gyz bilen halaşmanyna begendi.
—Be-e...—diýibem, haýran galmak bilen duýdansyz dillendi.—Sylap beýle oglan eken-ow!
—Çensiz oglandyr ol—diýip, Sura daýza ýene sözüni tekrarlady.
Sadap her zadam bolsa, Sylabyň bärde bir gyz bilen halaşandygy hakda obada ýaýran gürrüňi aýdyp galmak isledi.
—Obada-ha o hakda «okaýarka, bir gowy gyz bilen halaşanmyş» diýip gürrüň edýäler—diýip, öňki keýpsizliginden saplanyp bilmän oturyşyna, gyz pyşyrdap diýen ýaly gepledi.
Sura daýza ellerini daldalatdy:
—Ýo-ok, kim diýýän bolsa, ýalan aýdypdyr. Sylap jan bärde gyzyň ýüzüne sereden oglan däldir. Hatda Timur hem ony näçe gyz bilen tanyşdyrjak bolup gördi, diňlemedi.
«Onda onuň meniň bilen bolup ýörşi nämäniň alamatyka, janlarym!» diýip, Sadap ýene alada galyp başlady. Özem «Ýagdaýymyzy Sura daýza aýtsammykam, aýtmasammykam?» diýip, pikirini kän ölçerip-dökdi. Ýöne bu gün ony ölçerip-dökmegiň hiç ebeteýini tapmady. Goýbolsun etdi.
Sura daýza türkmen dilinde diýseň arassa gepleýärdi. Özem mydama kitap okardy. Öýünde türkmen kitaplary-da kän eken. Bir gün ol öe çaklaňja bir kitap getirdi. Ony jukguldap, gynanmakdan ýaňa başyny ýaýkap-ýaýkap okady. «Wah-wah, bendäniň çagasy... Uruş gursun hudaýym» diýip, öwran-öwran gaýtalady. Hatda gynançdan gözlerinem ýaşlady.
Sadap kän bir kitap-beýlekä höwes edip ýören gyz bolmasa-da, Sura daýzanyň getiren bu kitapçasyna imrindi. Sura daýza işe giden wagty alyp, ony işdämenlik bilen okady. Okadygyça-da, ýüregi gopup, başy aýlanýan dek boldy. Asyl, kitapda olaryň hut öz durmuşlary suratlandyrylýan bolsa nätjek! Eserde hereket edýän är-aýalyň günleri hut Sylap bilen Sadabyňky ýalydy. Ýöne olar uruşdan öň il ýaly är-aýal bolup, gowy ýaşapdyrlar. Nälet siňen uruş welin, ýigidiň synasyna zeper ýetirip, ýüreginde öçmez dag goýupdyr. Ol soňra öz gelni bilen hiç wagt il ýaly ýaşaşyp bilmejekdigine jany ýanyp, dälilik hetdine ýetýär. Gelniniň ömrüni biderek ýakyp ýörmezi ýaly, ony her edip-hesip edip giderjek bolýar. Ony ýersiz-ere urýar. Adamsyny jany-teni bilen gowy görüp, tä uruş gutarýança garaşan gelnini ahyr hem gidirýär.
Kitap Sadaba diýseň täsir etdi. Ol ençeme günläp kitabyň täsirinden çykyp bilmän gezdi. «Görgülijik, o-da meniň Sylaby gowy görşüm ýaly, gowy görýän eken adamsyny» diýip, öz ykbalyna meňzeş ykbally gelin hakda oýlandy. Birdenem özüni Sylap hem şeýdip kowaýanda gidip biljek-bilmejekdigi hakda pikir öwürdi. Ýöne öz sowalyna jogabam tapyp bilmedi. Sebäbi her näme-de bolsa, entek onuň ýüreginde Sylaba bolan söýgi joşýardy.
Sadap kitaby Sylabyň-da okaryny isledi. Ýöne «Şuny oka» diýip, göni beräýmäge-de bogny ysmady. Sylap bir zady göwnüne getirer öýtdi. Şonuň üçin ol agşam ýatmak üçin düşege geçensoňam, kitaby ýene eline alyp okan boldy. Sylabyň: «Bu nämäniň kitaby?» diýip soraryny isledi. Ýöne nämüçindir Sylap sesini çykaranokdy. Oňa «Okaýamyňam» diýenokdy. Ahyrsoňy ýalan okamakdan Sadabam irdi. Ol kitaby bir çetde goýdy-da:
—Gowy kitap eken şü—diýip, Sylaba nazar dikip, pessaý gepledi.
Sylap ýene sesini çykarmady. Sadap az salym dymdy. Ahyry hem ýüregini bire baglap, Sylaba ýüzlendi:
—Okasyň gelse, senem okaý... Sura daýzaň kitaby...
—Men ony birmahal okadym—diýip, Sylap hiç hili sep bildirmän aýtdy.
Sadap onuň bu habaryna geň galdy:
—Okadyň?—diýip haýran galmak bilen sorady.—Şeýle gowy kitaby okabam... maňa-da aýdaýmansyň...
Sylap sesini çykarmady. Sadap bolsa onuň nämedir bir zatlar diýerini isleýärdi. «Wah, şunuň geplemezligi ýakýa-da janymy» diýip, gyz gaharyny getirip pikir öwürdi. Her zadam bolsa, sowukganlylygyny saklap, Sylabyň pikirini bilmek isleýärdi.
—Gowy kitap eken, hä, Sylap?—diýip, ýene gürrüňi dowam etdi.
—Aý, näme, kitap-da...—diýip, Sylap ýene belli bir zat aýtmady.—Her kime bir hili ýaraýa-da.
—Sen näme, ony halamadyňmy?—diýip, Sadap Sylaby ýene öz ugruna kowdy.
—Aý, näme, kitap-da...—diýip, Sylap şol bir içýakgyçlygy bilen öňki jogabyny gaýtalady.—Okab-a çykdym.
Sadap gepi özüni gyzyklandyrýan meselä syrykdyrdy:
—Ol oglan... hakyt, gelni görgülini urup-urup gideräýýä... Ömrüni zaýalap gezip ýörmesin diýendir-dä, bende...
Sylap ýa-ha Sadabyň özünden näme jogaba garaşýanyny syzdy, ýa-da kitaply gürrüňi soňlamak isledi:
—Aý, bir görgülini urmak nämä gerek!—diýip, ýüzüne tutuklyk çaýyp gepledi.—Her hili ýagdaýda-da ýaşasy gelýän-ä ýaşamaly bor, ýaşasy gelmedigem, gidibermeli bor-da! Zorluk nämä gerek!
Şeý diýensoň, Sylap «Gürrüň gutardy!» diýen terzde ýorgany başyna çekdi-de ýatdy.
«Munuňky düşnükli!» diýip, Sadap içinden pikir öwürdi. Sylabyň kitap hakdaky jogabynyň hut özüne degişlidigini ol duýdy. «Diýmek, biziň soňky durmuşymyzyň çözgüdinem ol meniň özüme goýýar» diýip, esli wagtlap pikirlerden saplanyp bilmän oýlandy. «Ýaşasy gelýän-ä ýaşamaly, ýaşasy gelmedigem gidibermeli! Diýmek, ol maňa: «Ýaşasyň gelmese, ýol açyk, arkaýyn gidiber!» diýýä-dä.
Sadap bu pikirlerden saplanyp bilmän, juda kän gün gezdi. Sylabyň diýenlerinden nädip baş çykarjagyny bilmedi. «Wah, durmuş kitap däl-dä, bir ýanlygyna syryp dynaýara» diýip, ahmyr bilen oýlandy. «Aňsat däl-ä ykbalyňa aýgytly çözgüt tapaýmak!».
Günler bolsa, biri-birine meňzäp, kerwen gurap geçip durdy. Sylap, bolsa-da, Sadaby edil obadaky ýaly ýalňyz goýanokdy. Okuwdan geldigi şähere aýlaýardy. Kino-teatra äkidýärdi. Bu zatlar ilki günler hezil görünse-de, soňabaka Sadaby bezikdirdi. Indi onuň hiç ýere çykasy gelenokdy. Bagryny ýerden galdyrman ýatsam diýýärdi. Onda bir tükeniksiz hasratyň bardygyny Sura daýza-da aňdy. Bir gün ol Sylap okuw diýip çykyp gidensoň, Sadabyň bolýan otagynyň gapysyny açdy. Düneden bütinleý göwni galan Sadabyň hiç pişe bilenem weji ýokdy. Ol ýorgan-düşeklerinem ýygnaman ýatyrdy.
Sura daýza gapydan kellesini uzadyp, ýylgyran boldy:
—Baý-bu! Bu ýalta gelni! Henizem ýatyrmyň?
Sura daýzanyň göwni üçin zoraýakdan ýylgyran bolsa-da, Sadabyň keýpsizligi mese-mälim bildirýärdi.
—Gel, Sura daýza!—diýip, ol ýatan ýerinden dikeldi. Aýaklaryny ýorganyň üstünde uzyn saldy.
—Tur-da! Çaý içeli—diýip, Sura daýza içerik girip, labyryny çüňkde duran agaç oturgyjyň üstüne goýberdi.—Heý, şeýle-de bir ýatma bormy?!
Sadap keýpsiz gepledi:
—Јý, meň-ňä çaýam içesim gelenok.
Şundan soň Sura daýza çynlakaý gürrüňe geçdi.
—Seniň bir aladaň-a bar, Sadap! Meni ejeň ýaly gör-de, aýt näme bolýanyny! Adam syryny biri bilen paýlaşmasa, ir ýykylýarmyş. Gadymlar, ata-babalaram gaýgysyny, iň bolman, daga baryp, daşlara aýdyp gaýdar ekenler.
Sadap uludan dem alyp gaharlandy:
—Ýykylyplar geçäýsedim! Ölüpler geçäýsedim! Ile meňzeş ýaşamajak bolsam, ýaşamak nämä gerek!
Sura daýza başga hörpden gopaýmasa, Sadabyň syr açmajagyny aňdy.
—Bir wagtlar adamym Alik janyň uruşdan öldi habaryny alanymda, menem şeýdip kän kösenipdim...—diýip, Sura daýza geçmişini ýatlap, gussaly söhbete başlady. —Gaýgydan öläermikäm diýdim. Ýöne «Adam başy daşdan gaty» diýleni-dä... Çekdim-çydadym... Gezip ýörün ynha...—Sura daýza sözüne biraz dyngy berdi. Soň ýene dowam etdi.—Biz onuň bilen nähililer gowy görşüpdik... Sen nämäniň aladasyny edýäň! Adamyň ýanyňda, başyň sag, uruş ýok, ölüm-ýitim ýok...
—Uruş hemmäniň başyna deň hasrat getirdi, Sura daýza—diýip, Sadap keýpsiz gepledi.—Elbetde, onuň betbagt eden zenanlarynyňam bäri-aňyrsy ýok. «Il bilen gelen toý-da baýram!» diýipdirler. Gaýgyny köplük, il-gün bolup, deň çekseň, belki, adama kanagat berýändir... A men bolsa...—Sadap biraz dymdy.—Men bolsam, derdi ýalňyz çekýän... Belki, meň başymdaky hasrat hiç kimde-de ýokdur... Meniň deň-duşlarymyň bary bagtly, çaga-çugaly...
—Başyň heniz ýaş. Çaga sende-de bolar, Sadap jan—diýip, Sura daýza oňa göwünlik berdi.
Sadap uludan dem alyp, onuň sözüni böldi:
—Ýok, Sura daýza, meniň hiç wagt çaga ýüzüm düşmez!
Ol şeý diýensoň, aglamakçy boldy. Özüniňem şeýle bir aglasy gelýärdi welin, gaňşyrawugy tütäp-tütäp gidýärdi. Ýöne, nämüçindir, aglap bilmedi.
Sura daýza gözlerini tegeläp geň galdy:
—O näme üçin?
Sadap ýene birbada syryny ýaşyrdy:
—Aý, şeýle-dä, Sura daýza!
—Näme, doktor bolmaz diýdimi?—diýip, Sura daýza alada galyp sorady.
Sadap elini silkip goýberdi:
—Aý, biz-ä doktora baramzogam.
—Näme üçin baraňzok?—diýip, Sura daýza janygdy.—Doktora hökman görün. Men äkideýin seni aýal doktoryň ýanyna!
—Meni aýal doktoryň ýanyna äkitmek hökman däl—diýip, Sadap ýene gussa batdy.—Belanyň has uluragy bar, Sura daýza. Iş doktorlyk bolsa, hiç-le...
—Heý, weý-eý, janym, men-ä seň näme diýjek bolýanyňa düşünýän däldirin—diýip, Sura daýza ýene janykdy.—Menden gorkma-da aýdaý, näme bolanam bolsa.
—Men bu syry öňde-soňda kimdir birine aýdyp dynmasam, bolmajagyny bilýän, Sura daýza. Kimdir biriniň akylly-başly maslahaty bizi bir ugra gönükdirmese, biziň başymyz çaşyp barýa, ugrumyz ýitip barýa... Ýöne men şu çaka çenli-hä ynamdar adam tapman gezdim... Indem ýene çekinýän!
—Sen kimden çekinýäň?!—diýip, bu ýerde bir üýtgeşikligiň baryny duýan Sura daýza janyýangynly gepledi. Soňam, hamala, Sadabyň içki pikirini bilen dek—Sylapdan çekinýäňmi? On-a alada etme. Sen islemeýän bolsaň, oňa hiç zat aýtman!—diýdi.
Sadap ýüregini gowzatmaga yş tapylanyna diýseň begendi. Ol dyzyna daýanyp, Sura daýzanyň gollaryna ýapyşanynam duýman galdy.
—Çynyňmy, Sura daýza?—diýip, begençli seslendi.
Sura daýza çyny bilen söz berdi:
—Gaty çynym!
Hernäçe arkaýynlyga salsa-da, Sadap syryny birden açybermedi. Ol Sura daýzadan çekilip, öňki ýerine baryp oturdy. Ýaýdanyp, barmaklaryny oýnaşdyrdy. Ahyry dillendi:
—Sen arada bir kitap getirip okadyň, Sura daýza... Ýadyňa düşýämi?
—O nämäň kitaby? Meniň okaýan kitabym kän!—diýip, Sura daýza Sadabyň syr açaryna howlukdy.
—Ady ýadyma düşenok şu wagt... Öz-ä içinde uruş hakda-da bir powest bar eken... Ýigit uruşdan gaýdyp gelensoň, hiç gelni bilen düzüwli ýaşaşanok... Ahyry hem ol gelnini urup, kowup goýberýär...
—Hä-hä, ýadyma düşdi—diýip, Sura daýza baş atdy.—Eri, bu ýerde kitabyň näme dahyly bar?!
—Ine, Sura daýza, Sylap bilen meňňem günüm, hakyt, şol kitapdaky gelin bilen ýigidiňki ýaly...
Sura daýzanyň gözleri tegelendi:
—Hih!—diýip, içini çekdi.—Seň diýýän zatlaň näme, Sadap?
—Hawa, şeýle, Sura daýza! Ol kitapdaky ýigit gelni bilen uruşdan öň adam ýaly ýaşaşypdyr. Men bolsam... Sylap bilen tomus toý tutduk...—Şeý diýip, Sadap howa ýetmeýän ýaly hopukdy. Sözüniň yzyny diýip bilmän sakyndy. Ýüregi jigläp gitdi. Soň hem näme bolsa, şol bolsuna salyp, derdiniň iň agyr ýarasyny gozgady.—Men bolsam... henizem gyz!
Sura daýza duýdansyz otyrka, üstüne ýylan oklananam bolsa, beýle haýykmazdy. Ol arkan-arkan gaýşyp, gözlerini hanasyndan çykaraýjak boldy.
—Hih!—edip, ýene içini çekdi.
—Ýöne Sylaba bir aýdaýmaweriň!—diýip, Sadap ýene alada galyp, ýalbaryjy gepledi.—Ol bir gezek ejesi daga duýdurmakçy bolanymda-da maňa: «Şolar bilse, gaty erbet bolar» diýipdi!
—Ýok, ýok! Aýtman!—diýip, Sura daýza Sadaby arkaýyn etdi.—Wah-eý, başyňda-ha uly alada bar eken, gyzym!—diýibem, biraz dymdy. Başyny ýaýkady oturdy. Soňam bir zat ýadyna düşen dek dogumlandy.—Beýtjek bolsa, başda näme öýlenýämiş! Näme, ol adam oýnajak bolýamyka?!
—Ol maňa öýlenmekçi däldi!—diýip, Sadap uludan dem alyp oturyşyna agras gepledi.—Men ony gününe goýmadym...
Eşidip duran zatlaryna geň galmakdan ýaňa Sura daýzanyň gözleri tegelenip, hanasyndan çykaýjak bolýardy. Ol hatda geplemegem unudana meňzeýärdi. Ol «O nähili?» diýen sowally nazary bilen Sadaba çiňerilip seretdi.
—Men ony şeýle bir gowy gördüm, Sura daýza!—diýip, Sadap dowam etdi.—Söýgi diýen zadyň gözi kör bolýan eken... Ol her zadyň üstünden eltjek eken adamy.—Sadap häli-şindi sözlerini bölüp-bölüp, uludan dem alýardy.—Men, hakyt, bir gije ulugyz halyma Sylaplaryň öýüne bardym-da, oňa: «Maňa öýlenmeseň, özümi öldürerin. Baryna hem Sylap günäkärdir diýibem ýazyp giderin» diýdim...
Sura daýza igençli sesi bilen Sadabyň sözüni böldi:
—Hih! Heýem bir şeýdelermi! Oglany çykgynsyz ýagdaýda goýupsyň-a sen!
—Şeýtdim, Sura daýza, şeýtdim!—diýip, Sadap dowam etdi.—Türkmeniň ulugyzy üçin şu zatlar aýyp hem bolsa, şeýtdim men. Sebäbi söýüp gören bolsaň, özüň bilýänsiň ahyr! Bi söýgi diýen zat ne gudratly zat eken! Ýüregiňe erk edip bolmasa näme! Şo halat ol meniň bilen ylalaşmadyk bolsa, men näme ederdim?! Bu sowala men henizem jogap tapyp bilemok!
—Hawa-a-aa...—diýip, sesini süýkdürdi-de, Sura daýza ýene uludan dem aldy.—Söýgi derd-ä ýaman dertdir, janym!.. Ony çeken biler!.. Menem başga hiç kimiň gapysyndan bakdyrman, şu çaka çenli ýaşadyp oturan söýgi ahyry!..
—Seniň, hernäme-de bolsa, çagaň bar...—diýip, Sadap özüni durşy bilen gam-gussa aldyryp gepledi.—Wah, birje çagam bolsady... belki, menem egnimden galdyrylan dek, hasratdan saplanar giderin...
—Çaga bilen gaýgyňy unudaryn öýtseň, sen onuň aladasyny etme! Geregiň çaga bolsun!—diýip, Sura daýza Sadabyň göwnüni galkyndyrdy. Ol ýene-de nämedir bir zatlar diýjek boldy. Ýöne özi üçinem ile goşulmaga bir umyt uçgunynyň döränine begenen Sadap onuň sözlerini böldi:
—Çynyňmy, Sura daýza?!
Sura daýza uludan dem aldy:
—Çynym, Sadap jan, çynym... Görsene bu dünýäniň oýnuny... Kimler-ä çaga zar, kimler bolsa öz perzendinden bizar! Eşider bolsaň, Sadap jan, meniň işleýän bäbekhanamda her hili bela-beter bolup geçýär. Hut özleri dogrup, «Çaga gerek däl!» diýip, elleri bilen arza ýazyp, çagasyny taşlap gidýänlerem düşýä bize!
—Hih!—edip, bu habara Sadap ýylan gören dik bolup, içini çekdi. Soňam ýakasyna tüýkürdi.—Daş edewersin! Hakyt, öz çagalaryny taşlaýýalarmy?!
—Hawa...taşlaýalar... Kä wagt bolsa daňdanlar bäbekhananyň agzynda jägildäp ýatan gundaglyja bäbegem tapýarys!
Sadap zol ýakasyna tüýkürdi:
—Daş edewersin! Daş edewersin! Soň olary näme edýäňiz, Sura daýza?
—Birneme ulaldyp, çagalar öýüne tabşyrýarys. Gerek diýen adama şol ýerde dokumentlerini düzedip berýärisem!
Sadap dilinden sözleriň nähili sypanyny duýman galdy.
—Onda... Maňa-da şolaryň birini äberäý, Sura daýza!
Şu sözleri diýende Sadabyň ýüregi gopup gitdi. Özem şeýle bir begenýärdi, şeýle bir howlugýardy welin, göz açyp-ýumasy salymyň içinde «Sura daýza bir «ýok» diýäýmäbilseýdir» diýip, içinden pikir öwürdi. Eger çaga alyp bilse, Sylabyň hem begenjekdigine ýüregi böküp, agzyndan çykaýjak bolýardy. Ikisine ümmüldeşmäge bir güýmenje tapyljakdygyna begenýärdi.
—Hökman äbererin. Geregiň çaga bolsun!—diýip, Sura daýza sözüni nygtady. Soňam gamgyn gepledi.—Menem Timur jany şeýdip alypdym... Ýöne hiç kime aýdan däldirin, Sadap... Diňe saňa aýdýan...
Sadap Sura daýzanyň bu habaryna diýseň geň galdy.
—Timur, asyl, seniň öz ogluň dälmidi?—diýip, ol gözlerini tegeläp sorady. Hem özüniň Sura daýzanyň ykbalyna gynanýanyny mälim etdi.—Wah-eý... Sende-de hasrat-a bar eken, Sura daýza...
—Şu dünede hasratsyz-aladasyz adam bir barmyka beri!—diýip, Sura daýza agraslyk bilen sözüni dowam etdi. —Alik uruşdan dolanmansoň, başga kişä gitmäge-hä ýüregim etmedi. Ýeke gezip ýörmäýin diýdim-de... aldym Timur jany... Adam pahyra höwür gerek ahyry! Hatda özüniň alnan çagalygyny onuň özem bilenok... Men ony şeýdip sakladym...
—Menem hökman şeýderin...—diýip, Sadap pyşyrdady. Özem şu pursat özüniň ýylgyn pür ýygyp gelen pursatyny ýatlady. Özüniň ýaraman oturanyny eltisi Jereniň başga zada ýormasyna şol wagt gahary gelenem bolsa, häzir begendi. «Şol wagtky ýagdaýymy ol ile her hili edip aýdar. Onsoň, çagany bärden eltsemem, bäbekhanadan alnanlygyny hiç kim pikir etmez» diýip oýlandy. Onuň içki pikirini duýan dek, Sura daýza-da:
—Toý tutan wagtyňyzdan hasaplarys-da, çaganyň hut bolmaly wagtyny kesgitläp alarys bäbegi. Hiç kimem bilmez!—diýdi.
Ine, şeýdip, Sadabyň ýüreginde berç bolan hasrat buzy çözülip ugrady. Ýöne ýene bir alada bardy. Bäbekhanadan çaga alynmagyna Sylabyň nähili garajagy belli däldi. Özem ýagdaýy oňa diňe Sadap aýtmalydy. Öz ýagdaýyndan Sura daýzanyň-da habarlydygyny biläýse, ýigidiň nähili harasat gopdurjagy belli däldi.
Sadap Sylabyň ýanynda çagaly gürrüňi nähili gozgajagyny bilmän, kän ýaýdanyp gezdi. Ahyry bir gün agşamlyk çaý başynda ýüregini bire baglap söz açdy:
—Men Sura daýza ýagdaýymy aýtdym, Sylap—diýip, pessaý gepläp başlady.
Sylabyň ýüzi gamaşdy. Gözleri ulaldy. Ol özüniň syry açylandyr öýdüp alada galdy. Tolgunmadanmy, gahardanmy, saňňyl-saňňyl etdi. Birbada gepläbem bilmedi.
Sadap Sylabyň gaharynyň gelenini aňyp, ýene günäni özüne syrykdyrdy:
—Men oňa: «Menden çaga bolanok, aýal doktory bolmazam diýýä» diýdim.
Şu sözlerden soň Sylabyň ýüzi birneme açyldy. Uludan dem alyp:
—Şeýlemi?—diýip, agras seslendi. Gözleri ýerine geldi.—Oňa beýle zatlar aýtmak hökmanam däl eken, Sadap...—diýibem, sesine gahar çaýyp gepledi.
—O näme üçin hökman däl?—diýip, Sadap Sylap çaga alynmagyna razylyk bermez öýdüp darygyp gepledi. —Akylly-başly adam... Maslahat berse, gowy ahyry!
Sylap uludan dem alyp gepledi.
—Durmuşy maslahat bilen düzedip bolaýarmyka?!
—Wiý, näme bolman!—diýip, Sadap ynamly gepledi.—Hana, Sura daýza şeýle bir gowy maslahat berdi... Men-ä indi bizem hökman ile goşularys diýip pikir edýärin, Sylap! Bilýäňmi, ol bize nähili kömek etjek diýýä!
Sylap sesini çykarmady-da, «Aýdyber, diňleýän» diýen terzde Sadabyň ýüzüne seretdi. Sadap begenjini mälim etdi:
—Bize çaga äberjek diýýä, Sylap!
Şu sözi aýdandan soň, Sadap Sylap hem şatlykdan guş bolup uçaýarmyka öýdüp pikir etdi. Ýöne beýle bolmady. Sylap arkasyny diwara berip pikire batdy. Sadaba sowal bilen ýüzlendi:
—Enesiz çagany eklemek eýgerdermikä?!
Dogrusy, Sadap öň bu hakda oýlanmandy. Çagaly bolmagyň höwesine teşneligi oňa kynçylyk hakda pikir etmäge maý berenokdy. Ol Sylabyň bu zatlar hakda başdan pikir edişine haýranlar galdy. Özem: «Dogrudanam, ony nähili saklap bileris, ene süýdüniň ýerine bäbege näme bererkäk?» diýip alada galyp oýlandy. Ýene serini aladalar gaplady. Gaýdyp sesini çykarmady. Ara dymyşlyk düşdi.
Birhaýukdan soň Sylap ümsümligi bozdy.
—Çaga almagy beýle höwes edýän bolsaň, al, Sadap. Ýöne gowuja pikirlen! Çaga bilen oýun edip bolmaz! Soňky gün aýagyňa duşak bolar öýtmeseň, kyn bolar öýtmeseň, orta ýolda namartlamajagyňa gözüň ýetse... al!
Sylabyň «namartlamajagyňa» diýen sözi Sadaba ýaramady. «Näme üçin beý diýýäň? Men näme namartmy?» diýip, oňa igenäesem geldi. Birdenem özüniň ilk-ä ýigidiň üstüne özüni atalap, soňundanam onuň hasratyny çekişmäniň ýerine namartlyk edip, ondan öýkelän bolup ýörşüni ýatlady. «Belki, Sylap häzirem meniň hut şu häsiýetimi göz öňünde tutup diýýändir» diýip pikir öwürdi. Ertire-de howlugyp, Sura daýzanyň ýanyna gitdi. Sura daýza heniz ýatman eken.
—Sura daýza, bäbejigi oba äkitsem, nädip eklärin?! Ýa-da birine emdirtmeli bolarmyka?!—diýip, Sadap gapydan girip-girmänkä gözlerini ýaşlap, aladaly gepledi.—Maňa mydama bir gaýgy tapylyp dur...
—Bu samsyjagyň gaýgy edip ýören zadyna serediň-ä!—diýip, Sura daýza gözlerini ýaşlap duran Sadaba seredip ýylgyrdy.—Heý, şoňňam bir aladasyny ederlermi! Bu wagt hezillik-le, hemme zat bar. Käbir gelinler-ä hut özleri dogrubam, çagasyna ene süýdüni berenoklar. «Malyş», «Malýutka» doly ahyry! Onsoňam, birazajyk nabat gant garyp gaýnadagada, sygyr süýdünem beribermeli!
—Şeýlemi!—diýip, Sadap ýene çykalga tapylanyna begenjini gizläp bilmän seslendi.—Beýle bolsa, bolýa-la!
Sura daýza ony ýene begendirdi:
—Bir ýyl bärde boljak bolsaňyz, çaga menem esli wagt seredişerin. Dört-bäş aý geçensoň bolsa, oňa sygyr süýdüni göni beriberseňem bor. Kaşajyk berip başlarsyň. Suwluja naharjyk ýaladyp ugrarsyň!
Sura daýza ilki bilen Sadaby bäbekhana pol süpürijilige işe saldy. Sadap täze dünýä inenleriň arasynda bolup görýärdi. Bäbejikleriň gundalyşyna, iýmitlendirilişine seredýärdi. Ýaz aýlarynyň birinde bolsa, Sura daýza Sadaba-da bäbek alyp berdi. Özem birem däl, iki. Biri ogul, biri gyzjagaz.Olaryň ikisinem hut öz ejeleri «Gerek däl» diýip, hat ýazyp goýup gidipdirler. Çagajyklar diýseň eýjejik, gowujadylar. Ikisiniňem şar garaja saçlary bardy. Özlerem buýraja saçlyjady. Garaýagyzjadylar. «Saçlarynyň buýralygy Sylabyň saçlaryna-da çalym edip dur» diýip, Sadap çagalardan özlerine çalymdaşlyk gözläp pikir öwürdi. Jereniň bir zatlar diýip, ýene özlerine dil ýetirerinden heder etdi. Şeýle hem ol şeýle eýjejik zatlary taşlap gidenler hakda haýran galyp oýlanýardy. «Nädip dözdükäler!» diýip, zol içini gepledip, olar hakda pikire batýardy.
Oglanjygyň adyna Maksat, gyzjagazyň adyna Arzuw goýdular.
Sura daýza çagalary Sylap dagynyň adyna geçirden güni oba telegramma berdi. Telegrammada: «Ekiz agtygyňyz boldy» diýip ýazdy. Şol günüň ertesi Gurban agadan-da telegramma geldi. Ol Sylapdan «Kömek üçin ejeňi ibereýinmi, men baraýynmy?» diýip soraýardy. «Begençden aglaşdyk» diýip ýazýardy. Telegramma Sylap hem bozulyp, gözlerini ýaşlady. Sadap bolsa hem-ä özleriniň çagaly bolanyna garrylaryň begenenligine tolgunyp, hem olary aldaýandyklary üçin wyždanyň azabyna döz getirip bilmän aglady...
Sylap kakasyna: «Hijiňiz gelip oturmaň. Sura daýza kömekleşýä» diýip, telegramma iberdi. Şeýle-de bolsa, aradan iküç gün geçirmän, Gurban aga geldi. Ol ýany bilen süýtli külçemidir, gowurdakmydyr, balmydyr... zat barynam getirdi. Tas ähli zat bulaşypdy. Bolsa-da, Gurban aga gelen çagy Sadap işdedi. Şeýle bolansoň, tä ýaşuly gidýänçä, oňa kän görünmezligi tabşyrdylar. Sura daýzanyň hemaýaty bilen ol birki gije nobatçylyk edýän doktor gyzlaryň ýanynda bolmaly boldy. Sura daýza çagasy bolan gelniň yzyndan türkmeniň ýaşulusynyň barmaýandygyny bilýärdi.
Sadap, hakykatdanam, hut öz oglunyň çagasy bolandyr öýdüp, uzak ýol söküp gelen gaýynatasyny özleriniň aldaýanyna gynanyp, aňyrsyna çykyp bilenokdy. Zol aglaýardy. Käte hem: «Men onuň ogluny ile goşýan ahyry!» diýip, kimdir birine hasabat berýän ýaly, pyşyrdap, öz-özi gürleşýärdi, öz göwnüne teselli berýärdi.
Gurban aga yzyna basym köwlendi. Şeýle-de bolsa, Sura daýza çagalar özlerini gowuja tutýança, olary bäbekhanadan çykarmady. Ýagdaýa belet doktorlaryň bary bäbeklere yhlas bilen seretdiler. Öwrenişmek üçin olaryň ýanyna Sadaby-da häli-şindi goýberýärdiler.
Sadap kynçylygy bäbekler öe getirilenden soň gördi. Çagany ulaldaýmak bäbekhanada käte bir ýanlaryna baryp gaýdanyň ýaly däl eken. Sadabyň dik oturyp çykýan gijeleri kän bolýardy. «Wah, näme üçin aldymkam?» diýip, häli-şindi içinden öwran-öwran gaýtalaýardy. Biri-birinden beter jägildeşip, özüni ukudan, nahar-çaýdan goýýan körpejelere gahary gelýärdi. Ýöne Sylabyň «Namartlaýaňmy?» diýen gyjalatyny eşitmejek bolup, sesini çykarman çyam edýärdi. Onuň çyn eneligiň nämeligini bilmeýän gyz ýüregi gyzyleteneje zatlara kän bir imrigibermeýärdi. «Nädip ogşasy gelýärkä?» diýip, bäbekliginden çagasyny şapbyldadyp ýören eltisi Jeren hakda pikir öwürýärdi. «Ýa-da çaga diňe öz bagryňdan önende süýji bolýarmyka? Ýa-da men doňýürek diýilýänlerdenmikäm?» diýip, zol içini gepledýärdi.
Bäbejikleri Sylap diýseň gowy gördi. Ol öe geldigi olary gezegine eline alýardy. Jägildiden başga zady bilmeýän adamjyklara gep goşýardy. Kişüwleýärdi. Gijelerine Sadaba dynman kömekleşýärdi. Bäbekleriň süýtlerini taýýarlaşýardy. Käteler Sadaba «Sen ukyňy al» diýip, daňa çenli hut özi dik oturyp çykýardy.
Sura daýza-da kömegini gaýgyrmady. Garaz, şeýdip, olar Sylabyň okuw möhleti tamamlanansoň, oba dolanyp geldiler.
Sabyr daýzadyr Gurban aga agtyklary üçin uly toý tutdy.
***
Bäbekler Jerene iş boldy. Ol ilk-ä: «Näme üçin emdireňok?» diýip, Sadaba gün bermedi. Onuň her bir sözünden, her hereketinden many ogurlajak bolýardy. Sadap Jerene kän ýüz berenokdy. Oňa içýakgyç jogap berýärdi.
—Emdiresim gelenok!—diýip, onuň has gyzyklanýan sowalyna-da ibaly jogap bermedi.
—Bular kime meňzeýäler, gyz?—diýip, Jerenem irginsizligini bes etmän, gep gözlemesini dowam edýärdi.—Saňa-ha meňzänok bular.
Sadap ýene ony sylaman gepledi:
—Sen bir işsiz adam, elti baý. Üstesine-de, dünede bilmeýän zadyň ýok. Serediber köpräk. Ahyry bilersiň kime meňzeýänini.
Sadapdan ibaly zat eşitmänsoň, Jeren ýene eltisine ýagy boldy. Obada Sadap hakyndaky gürrüňler köpelmese, azalanokdy:
—Şatdyldap, iş edişi dagam çaga dograna meňzänok, gyz, onuň.
—Göwresem-ä ýarsmandyr. Gelin bolup, çaga dogranyň ýüzi dagam tegelenibermeýänmidir, gyz! Onuň bolsa, şol öňküje ýüzi. Ýüzüniň gaýmagam bozulmandyr, gyz, onuň. Tüýs gyzyň ýüzi!
Ine, şeýle gürrüňler ondan-oňa at salýardy.
Ilde nähili gep-gürrüň bolsa-da, maşgalada durmuş dowam edýärdi. Sabyr daýzadyr Gurban aga bäbekleri Sadabyň eline ýetirenokdylar. Bilbil hem seredişýärdi. Baba aga pensiýa gidensoň, Sylaby kolhoza başlyk bellediler. Onuň indi öňki keýpsiz ýüzi ýokdy. Geldigi çagalar bilendi. Olary ýerde goýanokdy. Sadabam gowy görýärdi. Häli-şindi: «Näme getirmeli, Sadap? Näme ýetmeziň bar?» diýip, soraýardy. Wagty bolan çagy Sadabyň çaýyna çenli demleşip, saçak-suprasyna çenli ýygnaşýardy. Gijeler üsti açyk galsa, üstüne ýorganyny çekip berýärdi. Ýerine çenli ýazyşýardy.
Sadabyň hem göwni öňküleri ýaly çökgün däldi. Ol hem indi ile goşulypdy. Ogully-gyzly bolupdy. Özem: «Indi il-günem menden gepini birneme çeker» diýip pikir edýärdi.
Ol häli-şindi öz ykbalyna meňzeş ykbally gelin hakdaky kitaby ýatlaýardy. Oturyp-oturyp öýüni bozan ýigidiň ykbalyna gynanýardy. «Olaram şeýdip çaga alaýmaly eken. Ýa-da ol ýigit beýle bolaryny islemedimikä? Gelniň hut özünden çaga önerini isledimikä?» diýip, mydama oýlanýardy. Öz sowallaryna jogap berip bilenokdy. Pikirlerini aýlap-öwrübem Sylaba syrykdyrýardy. Sylabyň yzynyň şol, Sadabyň Sura daýzadan alyp okan kitabyndaky ýigidiňki ýaly bolup tozmazlygyna özüniň sebäp bolanlygyna, indi Sylabyň-da yzynda nesilleriň dowam etjekdigine begenýärdi.
Ilki-ilkiler Maksat bilen Arzuwjyk dil çykaryp, özüne «Eje» diýende, Sadaba diýseň ýokuş degýärdi. Birhili tisginip gidýärdi. Ýöne soňabaka ol özüne «Eje» diýilmesine-de öwrenişdi. Hernäme-de bolsa, nämüçindir, çagalar oňa amanat ýaly bolup durdy. Ahyry bir gün olary kimdir birine eltip beräýmeli ýaly bolup durdy. Kimdir biri gelip, olar üçin dawa edäýjek ýaly duýulýardy. Üstesine-de, olaryň ikisem, köplenç, Sabyr daýzanyň ýanynda bolansoň, Sadap çagalara imrikmesini kesip barýardy.
Çagalar ese-boýa galyp, aladalar azalansoň, Sadap ýene kolhoz işine gidip başlady. Gowaça otagy döwrüdi. Günler biri-birine meňzäp geçip durdy. Sylabyň kolhozy otagy ir tamamlady. Şeýle bolansoň, olary goňşy kolhoza kömege ibermekçi boldular.
—Goňşular gowaçalaryny halys ota basdyrypdyrlar—diýip, meýdan düşelgede bolup geçen gysgajyk ýygnakda kolhozyň başlygy Sylap Gurbanowiç (indi oňa şeý diýip ýüzlenýärdiler) ýagdaýy mälim etdi.—Elbetde, dynç alasy gelýänler, öz kolhozymyzyň işi başlaýança, biraz öýlerinde dynç alsalar-da bor. Goňşy kolhoza gitmek islege görä. Ýöne, hernäme-de bolsa, kömekden ýüz öwrülmese gowy.
Goňşy kolhoza kömege gitmäge döwtalaplar köp boldy. Onuň öz sebäbi bardy. Ol kolhozyň ähli gowaça meýdanlary raýon merkeziniň töweregini halkalap otyrdy. «Goňşy kolhozyň gyzlary suwsasalar, raýon merkezine baryp, gazly suw içip gelýämişler. Gowuja kino bolsa-da, işlerini taşlap ötägidýämişler» diýen gürrüň häli-şindi eşidilýärdi. Kolhozçy gyzlaryň köpüsi goňşy kolhozyň gyzlarynyň şojagaz endiklerine höwes edýärdiler. «Bizem şähere gideris» diýşip, diriň-diriň bökýänlerem bardy.
Sylap: «Sen gal-da, dynç alaý» diýse-de, Sadap hem goňşy kolhoza kömege şaýlandy. Onuň öýde ýüregi gysýardy. Iş, köpçülik, hernäme-de bolsa, gowudy. Göwni açylýardy.
Her gün daň saz berenden, obanyň gaýrasyndaky zeýkeşiň ýanyna üýşmeli edildi. Kolhozçy gelin-gyzlary äkitmek üçin maşynam goňşy kolhozyň özi ibermelidi.
Ilkinji bolup gelen maşynyň şofýoryny turuwbaşdan Sadabyň ýüregi almady. Gözleri içine çöküp duran, gowkurak aýaklaryny süýräp ýöreýän orta ýaşlaryndaky şofýor maşynyň badyny saklandan, garaşyp durany bar ýaly, kabinadan atylyp çykdy. Aýaklaryny gowkardyp, çeträge baryp durdy. Çilim otlandy. Soňam uly gykylyk bolup maşyna münýän gyzlara syn salmaga durdy. Özem bijesi çykan dek bolup, birsyhly ýylgyrýardy.
Sadap şofýoryň bolup durşuny halamady. «Oturybermese bolmaýamyka kabinasynda sokulyp!» diýip, gahar bilen içini gepletdi. Her gyz maşynyň ýokarsyna galyp, kuzowa aýagyny atmakçy bolanda, öz-özi utanyp, ýere girip bilenokdy. «Aýyp dälmikä, şeýdip gyz-gelinleriň aýaklaryna seredip durmak!» diýip, hatda birki gezek eşidiler-eşidilmez hüňürdäbem çykdy. Ýöne şofýor ýa-ha onuň hüňürdisini, alarmasyny duýanokdy, ýa-da duýmazlyga salýardy. Çilimini soran bolup durdy.
«Men-ä şu nejis ýerine geçäýmese, münmen şuňa aýagymy görkezip» diýip pikir öwürdi-de, Sadap birneme yza çekildi. Paýlaşykdan galyp barýan dek, gykuwlaşyp, maşyna dyrmaşýanlara ýol berdi. Şeýdibem, ol iliň soňuna galdy. Oňa maşynyň üstünde ýerem galmady. Gyz-gelinler urlup dykylan ýaly bolşup, biri-birine gysylyşyp otyrdylar.
—Sen indi kabina münäý, gelneje—diýip, iň öňde dik duran gyzlar Sadaba gygyrdylar.—Dik durup gidäýmesek, bize-de ýer ýok.
Şofýor çekip gutaran çiliminiň düýbüni ýere taşlansoň, dik duran gyzlara ýüzlendi:
—Bize gidilende, dik durmak bolmyýa, oturyň-oturyň! Siziňki ýaly obaçylykdan gitmeli däl, hol asfaltdan ýöremeli. Ýolda awtoinspektor bar! Oturyň!
Şundan soň maşynyň üstünde ýene jagyl-da-jugullyk köpeldi. «Süýş-de-süýş» boluşdylar. «Depämde oturýaň-da, aýagymy basýaň» diýşip gygyryşdylar. Sadap özüne ýokardan ýer tapylmajakdygyna göz ýetirdi.
—Galanlary äkitmek üçin maşyn ýene bir geljek!—diýip, şofýor ýene gygyryp gepledi. —Sygmaýanyňyz düşäýiň bolmasa. Ýene geljek köpmi?
—Gelerler!—diýşip, ýokardan gyzlar gygyryşdylar. —Ýöne biz-ä düşjek däl indi. Bir münemizsoň, gitjek!
—A gelin, sen näme galmakçymy?—diýip, soňra şofýor Sadaba ýüzlendi. —Er ýok bolsa, kabina münäý, iýesim ýok. Galma-da joralaňdan!
—Wiý, gelneje! Galma-da bizden!—diýşip, ýokardan gyzlaram Sadaba gygyrdylar.—Ýaş gyz däl-le. Münäýsene kabina!
Sadap gözüne ýigrenji görnen şofýoryň ýanyna hernäçe münesi gelmese-de, bir özi ilden saýlanyp galmazlyk üçin öňe ýöredi. Şofýor çalasynlyk bilen baryp, oňa kabinanyň gapysyny açyp berdi. Sadap münensoň, gapyny ýapdy-da, özi beýleki tarapdan ýerine atyldy.
Maşyn öňe ýöredi. Şähere gidilýän uly asfalt ýola çykylandan soň, şofýor maşynyň badyny artdyrdy. Säheriň mylaýym şemaly Sadabyň ýüzüni sypap-sypap, zülplerini galgadýardy. Keýpini göterýärdi.
—Meniň adym-a Bähbit—diýip, ýolda şofýor Sadaba gep goşdy.—Size kim diýýäler?
Sadap oňa adyny aýtmady. Gaýtam onuň özüne gep goşmasyna gahary geldi. Halys geplemän oturmaýyn diýen pikir bilenem agras dillendi:
—Adymy beýle bilesiň gelýän bolsa, eşider ýörersiň-dä...
Şofýor gaýdyp sesini çykarmady. Hut şähere degip duran gowaçaly kartalaryň ýanyna barybam, maşynyň badyny saklady. Iki sany erkek kişi goňşy kolhozdan gelýänlere garaşyp dur eken. Erkek kişileriň biri tokgarak, ýaşuly adamdy, birem uzyn boýly ýaş ýigitdi. «Brigadir bilen zwenomyka?» diýip, Sadap içini gepletdi. Erkek kişiler kabinada oturanlygy üçinmi-nämemi, Sadaba has içgin seredişdiler. «Geňleýämikäler?!» diýip, Sadap uly alada galdy. Soňam: «Geňläp geçsinler, bilgeşlän-ä münemok» diýip, içini gepletdi-de, özüni birneme ele aldy.
Bu ýerde atyzlary otuň basyşy diýlendenem bäş beter eken. Misli pellere gowaça däl-de, ot ekilen ýalydy.
Özlerine garaşyp duran erkek kişiler hakda Sadap dogry pikir öwren eken. Olaryň tokgarak görünýän ýaşulusy brigadir, uzyn boýly ýaş ýigit bolsa, zwenowod bolup çykdy.
—Sag-aman geldiňizmi?—diýip, ýaşuly brigadir gelin-gyzlara ýüzlendi.—Meniň adym-a Keşşik aga diýýäler. Bi-de zwenämiz Pirli.—Şeý diýip, Keşşik aga gapdalynda duran ýaş ýigide tarap elini salgap goýberdi.—Näme gerek-ýaragyňyz bolsa, soraberiň. Gaýrat edip, şü otlary bir ýygşyň bakaly... Arasynda Pirli sizi gazly suw içmäge-de äkider. Ýöne soň biziň gyzlarymyz ýaly bütin günüňizi suw satýan budkaň ýanynda geçiräýmäň!
Keşşik aganyň bu sözlerine hemmeler gyzyl-gyran gülüşdiler. Birden Sadabyň gözleri çetde duran Bähbit şofýora sataşdy. Ol birsyhly ýylgyryp, Sadaba seredýärdi. Onuň bolşuna Sadabyň ýüregi jigläp gitdi. «Waý-eý, o nejisi, gyz. Menden gözüni aýranok, nireden münäýipdirin ýanyna» diýip içini gepletdi.
Keşşik aga ilki gyz-gelinleriň hersine aýratyn paý bölüp berdi. Soňra Bähbidiň maşynyna mündi-de, nirädir bir ýerik gitdi. Pirli bolsa gyzlaryň ýanynda galdy.
Bähbit birhaýukdan soň ýene bir maşyn gyz-gelin alyp geldi. Soň ýene gitdi.
Günortan arakesmä çykylmazdan öň, gyzlar Pirliniň daşyna geçdiler:
—Gazly suw içmäge äkit-dä!
Pirli razy boldy. Goş-golamlaryň arasynda biri galmalydy. Ýöne ýaşlygyň sarç at kimin duýgusyna püre-pür göwünli gyz-gelinleriň hiç birisiniňem garawullyga galasy gelenokdy. Galmak gezegi ýene Sadaba ýetdi. «Saňa suwy termosda getireli, gelneje jan» diýşip, gyzlar özelenişip ýalbardylar. Il ugruna «gidäeýin» diýäýmese, Sadabyň çöken göwni şähere galkynybam duranokdy. Şeýle bolansoň, ol garawul bolmaga razy boldy.
Günler her gün şeýdip, gaýtalanyp geçip durdy. Gyzlar her gün arakesmede şähere gazly suw içmäge gidýärdiler. Sadap bolsa goşlara garawul galýardy. Bir günem gyzlar: «Şähere hindi kino gelenmiş, özem iki seriýalymyş» diýşip böküşdiler. Pirlini gününe goýman, arakesmede kino gitdiler.
Gyzlary arakesmä alyp gitmäge gelen Bähbidiň maşynyna diňe Sadap münmelidi.
—Gyzlar gelmese, menem şu ýerde garbanyp oňaýaryn. Bir meň üçin benzin harçlap ýörme—diýip, Sadap Bähbide ýüzlendi.—Sen öýüňe gidiber.
—Iki seriýaly kino haçan gutarar öýdýäň sen!—diýip, Bähbit Sadaby makullamady.—Benziniň aladasyny etme. Ýör, gitseň-ä äkideýin öýüňe. Bir özüň üçe çenli oturjakmy gugaryp!
Sadap üçin ýat kolhozyň meýdanynda ýeke oturmagam gelşiksizdi, bir özi maşyna münüp, oba gitse-de. Ol pikirlendi-pikirlendi-de, gitmezligi ýüregine düwdi. «Gyzlaryň kino gidenini bilse, hossarlaryň halajagy bardyr, halamajagy bardyr, birden goha sebäp bolaýmaýyn» diýen netijä gelibem:
—Men-ä, her zadam bolsa, galmakçy, Bähbit, oba ýeke barsam, halamazlar!—diýdi.
—Beýle bolsa, halanyňy et—diýip, Bähbit bir çete özüni goýberdi-de, dynç almaga oturdy.—Isleseň, biziňkä äkideýin. Öýümiz-ä ýakynjak.
—Wiý, daş etsin, siziňkide nä körüm bar—diýip, Sadap onuň bu sözüne ör-gökden geldi.
—Aý, ýöne... Çaý-çörek iýip gaýtsaň diýýän-dä—diýip, Bähbit onuň ör-gökden gelmesini halaman gepledi.—Aýalym-a ýok, gorkma. Bir garryja ejem bar, birki sanam çagam.
—Hä, aýalyňa näme boldy?—diýip, Sadap gürrüňi dowam etdirdi.
—Ýogaldy...
Şeý diýip, Bähbit başyny aşak salyp, uludan dem aldy.
—Wiý, görgüli, imany hemra bolsun!—diýip, Sadap ýuwaşja dillendi.
Birhaýuk oturansoň, Bähbit ýene Sadaba ýüzlendi:
—Seň adamyň barmy?
—Bar!—diýip, Sadap buýsançly gepledi.—Oglum, gyzymam bar!
—Goýsan-aýt!—diýip, seslendi-de, Bähbit aňk bolup, Sadaba seretdi.—Seniň ýüz-keşbiň-ä çagala meňzeş däl!
Sadap: «Bu-da meň ýagdaýym hakda eşidäýdimikä?» diýip, alada galyp oýlandy. Soňam:
—Näme, çagalynyň keşbi üýtgeşik bolýamyşmy!—diýip, gaşlaryny çytyp hüňürdedi.
—Hawa, üýtgeşik bolýa—diýip, Bähbit erjellik bilen sözüni dowam etdi.—Çagasy bolan aýallaň ýüzi gyz wagtyndakysyndan könelýä, solýa. Seniň ýüzüň bolsa, tüýs gyzyň ýüzi. Gaýmak çalnan ýaly.
—Waý-eý, daş etsin!—diýip, Sadap içini çekdi.—Bolşuň nähili seň! Iliň aýalynyň ýüzüne beýdip, içgin seredip ýörmezler, utanaňokmy?!
Bähbit ötünç soramadan geçen, gaýtam onuň has ýakynyna süýşdi. Sesini endiredip gepledi:
—Seni ilki gören pursadymdan ýüregim gopup gitdi. «Hudaýym, dul bolaýbilseýdir» diýip pikir etdim. O diýenim-ä çykmady.
Bähbidiň bolşuna Sadabyň gahary geldi.
—Seň bolşuň nähili!—diýip, sesini gataltdy.—Hany, ýok bol şu ýerden! Şojagaz sözlerini ýetirmeli adama ýetiräýsem, gözüň nirede açdyryljagyny bilýäňmi sen! Sen meniň kimiň aýalydygymy bir bilýäňmi!
—Kimiň aýaly bolsaň, şoňky bol! Gözümi nirede açdyrsaň, şonda açdyr!—diýip, Bähbit pälinden gaýtmajagyny duýdurdy. Sadaba has ýakyn baryp, onuň goşarlaryndan tutdy.
—Gabyr bol diýýän saňa!—diýip, Sadap bu gezek sesini has gataltdy. Goşarlaryny çekip almak isledi. Ýöne Bähbidiň äpet güýjünden ejiz geldi. Bähbit onuň çepiksije göwresini çekip aldy-da, bagryna basdy. Ençe gün bäri sakgaly syrylmadygy mese-mälim bildirip duran eňegini Sadabyň ýüz-gözüne oýkamaga durdy.
Sadap erkek kişiniň demine ömründe ilkinji gezek düşüp görýärdi. Ol bu garaşylmadyk ýagdaýdan nädip baş alyp çykjagyny bilmedi. Gahary dälilik hetdine ýetdi. Hem aljyraýardy. Güýjüniň ýetdiginden Bähbidiň çem gelen ýerine urmaga durdy. Ahyry hem ondan sypdy. Şol wagt eline ilenem çaýly termos boldy. Sadap termosy bat bilen galdyryp, Bähbidiň ýüzi kessir oklap goýberdi. Termosyň içindäki aýna gap pagşyldap ses etdi-de, döwüldi. Agzyndan gaýnag suw çogup, Bähbidiň üst-başyny göz-gülban etdi. Sadap birden öňe atyldy-da, kartanyň içi bilen ümdüzine tutdurdy. Ep-esli ara geçensoň, yzyna gaňrylyp seretdi. Bähbit öňki duran ýerinde sadylla bolup durdy.
Sadap özüni ýere goýberdi. Ilki kemsinmekden ýaňa ses edip aglady. Soň bolsa özüni üýtgeşik duýga aldyrdy. Ýap-ýaňyja bolup geçen ýagdaýy göz öňüne getirip, melul boldy oturdy. Ýüzi gyzyp, ýaňaklary awuşaýardy. «Nejisiň sakgaly çyzaýdymyka?» diýip, ol awaýan ýaňaklaryny sypaşdyrdy. Gelinligiň özi üçin juda täsin hem jadyly görünýän dünýäsiniň gädiginden garap görmäge bolan höwes hem-de imrindiriji täsin duýgy ýene onuň ýüregini lerzan aldyrdy. Iki maşyn gelin-gyzyň içinden Bähbidiň ala-böle özüne syn salşyna ýüregi gopdy. Buýsançly duýgy aralaşyp, başyny badyhowa galdyrdy. Ol şeýdip, alasarmyk duýgulara özüni aldyryp, näçe oturanynam bilmedi. Birhaýukdan soň Bähbidiň maşynynyň sesine özüne geldi. Bähbit gidensoň, yzyna dolanyp geldi. Saçlaryny barmaklary bilen daraşdyryp, gyňajyny düzetdi. «Ýüz-gözüme çyzyk dagy düşen bolsa bildiräýmesin» diýip, ýaşmagyny burunlary bilen orandy.
Iýip-içibem keýpi bolmady. Tolgunmadan işdäsi bütinleý tutulypdy. Hiç kim onuň bolşuna ünsem bermedi. Gelin-gyzlar gören kinolarynyň täsirinden çykyp bilmän, öz gepleri bilen başagaýdylar.
Agşamlyk öe gaýtmaly bolanda, Sadap kabina münmezligi ýüregine düwdi. Ýöne birdenem gelin-gyzlaryň öz bolşundan üýtgeşik many gözlärinden çekinip, niýetinden el çekdi. Öňki ornuna geçdi. Bähbit ony nazary bilen iýip barýardy. Ol sesini endiredip, ýuwaşlyk bilen ýene Sadabyň uguny ýekeledi:
—Seni halys gowy göremsoň, özüme erk edip bilmedim-dä, bagyşla, Sadap!
Sadap sesini çykarmady. Bähbide nazar aýlap goýberdi. Ýöne onuň gözlerine uzak bakyp bilmedi. Bähbit oňa şeýle bir seredýärdi welin, gözleri içiňden geçerlidi. «Sylapda iň bolman şeýle bakyşam ýok» diýip, Sadap içinden öz aladasy hakda pikir öwürdi.
Gyzlar münüp bolansoň, Bähbit maşyny otlady. Ýola düşülmänkä, goş-golamly korzinkasyny gujaklap oturan Sadabyň elleriniň üstüne bir elini goýdy. Sülük barmaklary ýuwaşja sypady. Sadap onuň elini itip, ýene ýüzüni almak isledi. Ýöne näme üçindir bu gezek başarmady. Bu boluş gaýtam gyzyň mähre teşne ýüregini gobsundyrdy. Ýürek jigläp-jigläp gidýärdi. Öňki gezek tagaşyksyz görnen Bähbidiň ellerinde ol mähir duýdy. Tä özi aýyrýança, onuň elini itmedi.
—Saňa näme üçin öýlenmänkäm duşmadymkam!—diýip, ondan elini aýransoň, uludan dem alyp, rula ýapyşdy.
Onuň bu sözleri söýgüden köräp duran gyz ýüregine ýag damdyrylan ýaly boldy. Sadabyň ýüreginde söýgi ody lowlap ýanmaga başlady. Ol gyzy ýakyp-ýandyryp barýardy. Gijeler düýşüne Bähbit girýärdi. Bir çüňkde düýrlenip ýatan Sylaba bolan ýigrenç gün-günden güýjeýärdi. Göze uky gelenokdy. Işdäler tutulýardy. Şu pursat Sadap Sylabyň-da özüni Sura daýzadan alyp okan kitabyndaky ýigidiň öz gelnini urup-urup gidirişi ýaly, gidirerini isleýärdi. «Şo düýrlenip ýatyşyňa janyň çykaýbilseýdir» diýip, ol indi içinden Sylaba gargynybam başlady. «Erkek däl-ä bi. Tüýs heleý-dä, heleý... Ömrümi ýakaýdy» diýip, öz-özi bilen gepleşýärdi. «Munuň şeýle bolup döränine men günäkärmi näme! Näme muň üçin men ile meňzeş bolup ýaşamaly dälmişimmi! Näme muň üçin gül ömrümi kül edip! Muň üçin iliň görenini görmän ötmelimi men!» diýip, kimdir birine hasabat berýän ýaly, dodaklaryny müňküldedip pyşyrdaýardy. Birdenem onuň ýadyna Sura daýza düşýärdi. Birje hepdelik gelinliginden başga kişä gitmän oturan zenan onuň bu bolşuny eşidäýse, geňlejek ýalydy. Sadap Sura daýzanyň ýanynda-da özüni aklamaga bahana tapdy. «Ol, her näme-de bolsa, gelinligiň nämedigini bilýär. Ol adamsyna aýal bolup ýaşan adam. Ony şol gatnaşyk saklaýandyr». Sadap Sylaby birden zyňyp gidibermäniňem tärini tapmady. «Ýa-da Bähbit bilen ogryn gatnaşyk açaýsammykam?!» diýip pikir öwürdi. Ýöne bu pikirinem makullamady. «Biriniň duzuny iýip, dulunda ýaşap ýörkäm, beýtsem, aýyp bor!» diýip oýlandy.
Ony indi Sylabam gyzyklandyranokdy, çagalaram. Ylgaşyp, öňünden çykyp, biri-birinden öňürti jedirdeşip, nämedir bir zatlary gürrüň bermekçi bolýan Maksatjykdyr Arzuwyň gepini diňläsi gelenokdy. Sylaby görende, myrryhy tutýardy.
Bähbit bolsa ýolboýy Sadabyň kä elinden sypap, kä bilinden gujaklap, ony barha özüne imrindirýärdi.
Goňşy kolhozdan gaýdylan gün Sadap üçin ahyrzaman gopan ýaly boldy. Juda keýpsizdi. Ýolda Bähbit ýene endigi boýunça onuň elini eline aldy-da:
—Eger mende göwnüň bar bolsa, gürleşerin öýtseň, gazly suw içilýän budkanyň ýanyna geläý. Men ol ýerini her gün her sagat barlap duraryn!
Onuň bu sözleri Sadabyň gulagynda ýaňlandy durdy. Özem bu sözler ony günsaýyn çekip barýardy. Bir zatlary bahanalap, şähere gidesi gelip durdy. «Ýöne gidenimden ne peýda diýsene! Gitjek bolsam, başbütin gitmegim gerek!» diýip, ol içini gepledýärdi. Başbütin gitmäge bahana gerekdi! Bu öýde bolsa Sadabyň islegi berjaý bolara bahana bolsa ýokdy! Gaýynlary oňa: «Guzym!» diýip ýüzlenýärdi. Baldyzy Bilbil näme ýumuş buýursa, el-aýak bolup ylgap durdy. Sylap bir diýenini iki gaýtaladanokdy. Ulugyzlaryň edişi ýaly, gaçyp gidibermegem gelşiksizdi. Nije ýyllap bir öýde gelinsiräp, «çagasy boldy» adyna galyp, soňundanam äre gaçyp ötägitse, heý, bu ilde ýaşap boljakmy! Ilde-günde «Gyz gaçdy» diýen gürrüň eşidilse-de, «Gelin gaçypdyr, onda-da çagaly aýal gaçypdyr» diýen gürrüň ýok ahyry!
Onda näme etmeli?!
Bir gün bahana tapyldy. Ýene Jeren ara düşdi.
—Gyz ýaly ýelkildäp ýör, ne çagalaryňa seredýäň, ne-de öýüň biş-düşüne!—diýip, Jeren Sabyr daýza bilen sögüşip durşuna ýene Sadabyň üstünden düşdi.—Meň çagama-ha birem seredişen dälsiňiz. Onuňky näme, asmandan gapylanmyşmy?! Beýle ýere goýbermän ulaldaýjak bolýaňyz!
Şol wagt Sylap hem işden dolandy. Öe girenden Sadap onuň yzyndan girdi.
—Besdir! Şunça çydadym!—diýibem, gykylyklady.—Şonuň agzyny ýygmasaň, menden eýgilige garaşma! Şu öe gelelim bäri, ol meni günüme goýanok!
—Meni heleý dawasyna goşmasana, Sadap! Haýyş edýän!—diýip, Sylap ýadaw halda seslendi.—Ejem köşeşdirer häzir...
Sadap agzyndan sözleriň nähili sypanynam bilmedi:
—Heleý dawasy diýen bolup! Sen näme, dagy erkekmi! Heleý-ä seň özüňem! Erkekligiň çyn bolýan bolsa!..
Sylap Sadabyň sözlerini soňlatmady. Onuň nädip öz eňeginiň aşagyna dykylyp gelenini Sadap duýman galdy. Göz açyp-ýumasy salymyň içinde ýigidiň persi üýtgedi. Gözleri gyzaryp, ýüzi duw-ak boldy. Sadap ony beýle aýylganç sypatda ilkinji gezek görýärdi. Hatda gyz entek şeýle aýylganç sypatly adama ömründe hiç wagt duşup görmändi.
Sylap kesgitli gepledi:
—Şu öýden näçe tiz gitseň, özüň üçin bähbitli bor, Sadap! Gijä galsaň, men seni öldürerin!
Şeý diýip, Sylap daşaryk ýöneldi. Sadap iki eli bilen kellesini tutup, ýylan gören dek çyrlap, gapa topuldy:
—Waý!
Ol göz açyp-ýumasy salymyň içinde özüni atasy öýüne atdy. Barybam gorkusyndan ýykyldy. Abat daýza bilen Myrat aga ýüzüni ak tam edip gelen Sadaby görüp aljyradylar. «Näme boldy-da, näme boldy?» diýşip, çaý-naharlaryny çete aýryp, gyzlarynyň daşyna geçdiler.
Sadap birsyhly aglaýardy:
—Maňa indi ol öe git diýmäň!
Abat daýza düwdenekläp, gudalara gitdi-de, şum habarly dolanyp geldi:
—Sylab-a: «Gelse, öldirin!» diýip otyr. Çagalaram berjekgä diýýä!
—Be... «Ere bakandan ýer gorkar» diýenleri-dä... —diýip, Myrat aga haýran galyp seslendi. —Sylapdan beýle zat çykar öýtmändik...
Iki tarapyň ýaşululary hernäçe özelenseler-de, Sadap bilen Sylapdan hiç hili söz alyp bilmediler. Üstesine-de, Sylap: «Indi şol şu gapydan gelmez!» diýip, aýak diräp durdy.
Sadap bolsa söýgi bilen gaýnap-joşup ýörşüne Sylabyň özüni gaýdyp eltmejegine iki bolup bilenokdy. «Sylaba bolan söýgim kör eken. Hakyky söýgi indi başlandy» diýip, ol özüniň maňlaýynda hem jadyly, hem täsin erteki ýaly bolup görünýän syrly ýaşaýşyň gapysyny açmak bagtynyň barlygyna begenip, aňyrsyna çykyp bilenokdy. Ol: «Ýüregim agyrýa, doktora gitjek» bahanasy bilen şähere şaýlandy. Özi welin, näsaga meňzänokdy. Diýseň ýeňil gopýardy. Јdimlerini ýeňil urýardy. Ol hiç bir zadyň boýun egdirip bilmejek güýjüniň—tebigatyň üýtgewsiz kanunynyň öňünde baş egmäge barýardy. Tebigatyň döreden jandarlaryna onuň ägirt hem gudratly kanunyndan gaçyp gutulma ýok. Tebigatyň baky üýtgewsiz kanunyny hiç kim, hiç bir zat üýtgedibem bilenok. Onuň öňünde hemmeler ejiz!
Dowamy bar.
Ahmedik_97 2 years ago- Bolýa