KÖR SÖÝGI (Ogulsenem Taňňyýewa) #4
Enkaň haýyşy boýunça...
Sadap onuň bolşuny geňlese-de, dawalaşmady. Saçagyny, çäýnek-käsesini, iýip-içmek üçin getiren zatlaryny sesini çykarman, Sylabyň ýanyna eltdi.

Sylap özüniň iýip-içýänini Sadabyň görenini halamaýanyny duýduryp, keserilip oturdy. Çaý guýundy. Soňam çörek döwüp, çorbasyny şürpüldedip ugrady.

Sadap onuň özünden utanýanyny duýdy. Hem geň galdy, hem ýüregi awady. «Günüňe ýanaýyn, erkek kişi bolaýşyňdan seň!» diýip, içinden pikir öwürdi. «Toý tutulanyna näçe wagt boldy, indi beri öwrenişibermeli ahyry!». Sylabyň aşhanada kesirlik edip galaýman, öz ýanyna gelip nahar edinýänine-de Sadap begendi. «Munuň bar bolşy utanjaňlykdandyr. Belki, ýuwaş-ýuwaşdan öwrenişer, ähli zat düzelibem gider!’ diýibem, ol şol bir pikirini ýene gaýtalady. Özem Sylaba: «Men seniň nahar iýşiňe seredemok!» diýen manyda onuň ýeňse tarapyna geçip, işini tikmäge oturdy. Käte bir sanjan boldy. Küýi welin Sylapdady. Onuň syratly göwresine, ýeňsesine dökülip duran şar-gara saçlaryna, ýigide birgeňsi gelşik berýän sakgalsapysyna zol nazar aýlap goýberýärdi. Eginlerini silkip, uludan dem alýardy. «Ne gözel ýigit, muňa näme bolýarka, janlarym!» diýip, içinden öz-özi bilen gepleşýärdi.

Sylap kemini goýman, naharyny iýdi, çaý içdi. Soňundanam saçak-suprany özi ýygnaşdyrmaga durdy.

Sadap ýene işini bir gapdala taşlap, silkinip galdy-da, çäýnek-käselere ýapyşdy:

—Özüm ýygnaryn!

Ol göz açyp-ýumasy salymda orta goýlan zatlary äkitmeli ýerlerine äkidişdirip geldi. Sylabam daşaryk çykyp, çilim otlandy. Sadap gelensoň, düşekleri ýazmaga durdy. «Seniň içiň ýanaýsyn!» diýip, öz ýanyndan Sylaba käýindi-de, onuň düşegini özüniňkä degripjik ýazdy. Özem özüniň şeýtmesinden diýseň utanýardy. Sylabyň özi hakda: «Ölüp-öçüp barýa» diýip, pikir öwürmesinden utanýardy. Düşegini ýanaşyk ýazyp, Sylabyň ýüzüne seretmekden utanýardy. Ýöne her näme-de bolsa, şeýtmegiň gerekdigine ol özüni ynandyrmaga synanyşýardy. Öz-özüne teselli, basalyk bermäge synanyşýardy. Onuň bu ýagdaýda uzak ýaşamaga sabyr-takady gutarypdy. Ol Sylap özüni ýigrenip şeýdýärmi ýa utanjaňlyk sebäpli egnini ýygryp ýörmi, bu zatlary bilmelidi. «Ýa-da il-günüň muňa öň diýen zatlary çynmyka, janlarym?!» diýibem, Sylap barada bir wagt oba ýaýran howsalaly hem sowuk gürrüňlerini hakydasyna getirip hopugýardy. «Aý, beýle däldir-le» diýibem, ýene öz-özüne göwünlik berýärdi. «Beýle bolsa, öýlenmäge razylyk bermezd-ä!».

Sylap gaýdyp gelende, gapyda kürtdürip, gözlerini tegeledi.

—Meniň düşegimi aňyrdan ýazaýdyňmy?—diýip sorady.

Sadap sesini çykarman, öz düşeginiň üstünde çökdi. Sylaba öýkeli nazary bilen seretdi oturdy.

Sylap onuň gaharynyň gelýänini aňdymy-nämemi, ýa-da ýazylan düşegini üýtgedibermegiň ebeteýini tapmadymy, özi üçin ýazylan ýere geçip, kellesini ýassyga goýdy. Ýorgany başyna çekdi. Ýorganyň içinde gybyrdabam, aňyrsyna düňderildi.

Sadabyň gahary gaýnap-joşdy. Ol pombarhat köýnegini çalşyrdy. Başyna kiçijik ýüň ýaglygyny daňdy. Soňam çyrany öçürip, ýerine geçdi. Ýorganyny ýapynman, uzynlygyna süýndi. Hälden bäri gözleri süzüljiräp duran-da bolsa, uklasy gelmedi. Gahary ukyny gaçyrdy. Goşaryny maňlaýyna tutup ýatyşyna özüni barha gaýga aldyrýardy. Sylapdan ses-üýn, dem-düýt çykanokdy. Misli öli ýaly, gymyldaman ýatyrdy.

Sadap pessaýja sesi bilen Sylaba gep goşdy:

—Sylap!

Sylap ýatman eken. Ol ýorganyň aşagyndan ses berdi:

—Hymm...

—Ikimiz gürleşeli-le...

—Gürläber, arkaýyn gürläber!—diýip, Sylap ýene ýorganyň aşagyndan seslendi.

—Sen näme meni ýorganyň aşagyndan diňlejekmi?—diýip, Sadap öýkeden ýaňa aglaýjak-aglaýjak bolup, bokurdagyny dolduryp, zordan gepledi.—Ýüzüňi bir aç-a!

Sylap kellesini ýorgandan çykardy. Ýöne Sadaba tarap öwrülmedi. Sesinem çykarmady.

Sadap özüne zor salyp, gussaly gepledi:

—Maňa gyz halyma üstüňe sürnüp durmak juda kyn düşýä, Sylap! Ýöne men bir zady anyklamaga mejbur bolýan! Sen näme üçin meni äsgereňok?!

Sylap şol bir ýatyşyny üýtgetmän, janyýangynly gepledi:

—Men saňa näme ýamanlyk etdim, Sadap?!

Sadap ary çakana döndi:

—Eýsem, mundan beter näme ýamanlyk etjekdiň maňa?!

—Men saňa näme ýamanlyk edýänime düşünemok, Sadap!—diýip, Sylap ýene öňki hörpde gaýtalady.

—Toba! Toba! Daş edewersin!—diýip, Sadap gahardan saňňyldady.—Sen meni ýa-ha oýnajak bolýaň, Sylap, ýa-da ýigrenýäň!

Sylap sesini çykarmady. Sadap özbaşyna hüňürdedi:

—Adam ýaly ýaşaşmajak bolsaň, gelin edinmek nämä gerekdi! Toý tutmak nämä gerekdi!

Sylap üstünden ýorganyny serpdi. Aýaklaryny ýygryp, dyzlaryny gujaklap oturdy. Aý aýdyňda onuň göni burny, agras ýüzi mese-mälim saýgardýardy. Ol ýüzüni Sadaba tarap öwürdi. Soňam:

—Ikimiziň toý tutmagymyza kim günäkär, Sadap?—diýip, pessaý ses bilen sorady.

Bu sowala Sadap tisginip gitdi. Onuň göz öňünde bir wagt özüniň Sylaba ýalbaran gijesi janlandy. Özüniň Sylabyň öňünde özelenişleri ýadyna düşdi.

—Toý tutmaga özüň mejbur etdiň!—diýip, Sylap uludan dem alyp, gürrüňi dowam etdi.—Eger razylaşmadyk bolsam, näderdiň sen şonda?! «Özümi öldürjek!» diýdiň-ä!.. Seň üçin ile ryswa bolup, ömrümi gazamatda geçireýinmi men?!

Sadap Sylabyň bu sözlerine haýranlar galdy. «Görgülini şeýle gorkuzaýdymmykam?!» diýip, içini gepletdi. Sylabyň şol gije özünden gorkanyna hem gülküsi tutdy, hem gynandy. Şeýle hem şol wagt Sylap toý tutmakdan ýüz öwräen bolsa, özüniň öz janyna kast edip biljegi-bilmejegi hakda pikir öwürdi. Ýöne sowala jogap tapmady. «Kim bilýär, her hili zadyň bolmagy mümkindir. Kör söýgä erkini aldyran gyzdan her zadyň çykmagam mümkin!» diýip, içini gepletdi. Şol wagt özi üçin Sylapsyz dünýäniň puç görnendigini hakydasyna getirdi.

—Men seni şeýle bir söýdüm, Sylap!—diýip, ahyrsoňy Sadap dillendi. Uludan dem alanda, agzyndan howur çabrady. —Söýginiň gözi kör diýenleri çyn eken. Şol wagt näme edip-näme goýanymam bilmändirin. Hany, sen aýt, eýsem, seni şeýle gowy görenim üçin men günäkärmi?! Eýsem, gorkuzmadyk bolsam, sen maňa öýlenjegem dälmidiň?!

Sylap hem uludan dem aldy. Başga hörpden gopup gepledi:

—Meniň bolsa bütinleý başga etsem-petsemlem bardy... Sen baryny puja çykardyň!

Onuň bu sözlerine Sadap özüçe düşündi. «Başga gyzy göz öňünde tutaýdymyka?!» diýip, howsala bilen oýlandy. Soňam içki pikirini daşyna çykardy:

—Näme, başga gyza öýlenmekçimidiň?!

Ara düşen ýeke sekuntlyk wagtda-da gyz: «Sylap «hawa» bir diýäýmäbilseýdir» diýip, gabanjaňlyk bilen oýlandy. Eger Sylap «hawa» diýäýse, özüniň bu habara tap getirip bilmejekdigini boýun aldy.

Sylap sesine gahar çaýdy:

—Öýlenmekden, söýgüden başga-da alada kän-ä dünede! Adamlara haýyrlyrak iş hakda-da pikir öwürmeli käte!

Sylabyň bu sözlerine Sadap oňaýsyz ýagdaýda galdy. Utanç iş eden dek, ýüzi lap-lap gyzdy. Bu sözleri ol diňe özi üçin aýdylan hasaplady. «Ýa-da men söýgi diýip halys ölüp-öçüp baraýýarmykam?! Sylap şony halamaýarmyka?» diýip oýlandy. Birdenem öz-özüne garşy gitdi: «Ildençykgynç näme edipmişim! Dagy näme, goş birikdirip, nikaň birleşensoň, şeýdişip ýörmek aýyp dälmi?!».

Ol şu pikir bilen özüniňkini makul tapyp, ýene Sylaba ýüzlendi:

—Sylap! Ýa biz baglanaýdykmykak?! Şol baglymyş diýilýänlerem biziňki ýaly ýagdaýa düşýän bolaýmasynlar?!

Sylap zol uludan dem alýardy:

—Men o zatlary bilmen! Bilmegem islämok!

—Onda biz indi näderkäk?!—diýip, çözgüdi kyn matal kimin Sylaba bakyp oturyşyna Sadap gaýgy-gama batdy.—Mundan bu ýanky ýaşaýşymyz neneň bolarka?!

—Ony özüň bil!—diýip, Sylap ýene belli bir zat pyşgyrmady.—Ikimiziň baş goşmagymyza sebäp bolan—özüň, Sadap! Indiden beýlägem ýaşaýşa nähili çemeleşesiň gelse, özüň bil! Ýöne men saňa ýol salgy berip bilmen!.. Isläniňçe ýaşa!

Sadap Sylabyň näme diýjek bolýanyna düşünmedi. Özi welin niýetini gönülemek isledi. «Men senden ýol salgy soramok. Ýöne sen haçanam bolsa, meni özüňe aýal edinmekçimi ýa-da şeýdip äsgermän gezjekmi?» diýip, soramak isledi. Ýöne ol Sylapdan şeýle bir utanýardy welin, diýesi gelen zady diline badak bolup duruberýärdi. Ýene diýip bilmän ýuwdundy. Ýüzüniň uýat perdesi syrylmadyk gyz ejap etdi. Dilini dişledi. Eginlerini silkip, uludan dem aldy oturdy.

Sylap şundan soň başyna ýorganyny çekdi-de, ýene öňküsi ýaly bolup ýatdy. Ýorganyň aşagyndan mydyrdady:

—Göwnüňde näme etsem-petsemiň bar bolsa, ediber, Sadap! Ýöne gaýdyp maňa azar berme! Haýyş edýän men! Meni öz dünýäm, öz aladalarym bilen ýaşamaga goý!

—Belki, ejeň daga sala salmalydyrys, Sylap?—diýip, Sadap Sylabyň taryna kakyp gördi.

Sylap ýene ýorganyň aşagyndan mydyrdady:

—Garrylara azar berme! Öz başymyzy çaramaz ýaly, kiçi-girim adamlar däl-ä biz! Bessir olaryň şu çaka çenli kösenenleri!

Sadap onuň näme diýmek isleýänine ýene düşünmedi. «Öz başymyzy çararys» diýýä welin, ýa ýagdaýdan çykalga tapaýjakmyka?!» diýip oýlandy. «Belki, şeýle bolsun» diýip, ýene öz-özüne göwünlik berdi.

Şundan soň Sadap hem öňküsi ýaly öz ýerinde gyşardy. Gije bir çene baranam bolsa, aladadan ýaňa onuň gözlerine uky gelenokdy. Goşarlaryny maňlaýyna goýup, diňşirgendi ýatdy. Eltisi Jereniň öýünden çaganyň üzlem-saplam agysy gelýän ýaly boldy. Sadap garysyna galyp diňşirgendi. Birden ses kesilen ýaly boldy. Soň ýene eşidildi. «Ukusy agyr öýdýän, eşitmeýärmikä?!» diýip, pyşyrdady-da, Sadap ýerinden galdy. Gapa ýöneldi. Jereniň gapysyndan barjak bolsa, ol gaýynlarynyň ýatýan otagynyň üstünden geçmelidi. Takyrdap, olary bimaza edip ýörmezlik üçin, Sadap Jereni äpişgeden baryp oýarmak isledi. Ol jaýyň arka ýüzüne aýlanýança, çaga sesem galan ýaly boldy. Eltisiniň içersinde ölügsije yşyk ýanýardy. Tutusy düzüwli ýapylmansoň, äpişgäniň bir gyrasyndan içeri mese-mälim görünýärdi. Sadabyň gulagyna hüňürdem eşidilen ýaly boldy. «Ýa çagasy ýaramaýarmyka?» diýip pikir öwürdi. Ýüzüni aýna berip, gapdalrak durdy-da, içerik göz aýlady. Göz açyp-ýumasy salymda-da içini çekip, aşak oturdy. Öz sesini eşidäýmeklerinden howatyr edip, eli bilen agzyny tutdy. Biriniň göräýmeginden çekindi. Töweregine ýaltaklap, emedekläp diýen ýaly yza çekildi. Soňam ýagydan gaçýan dek bolup, gaty-gaty ýöräp, öz öýüniň gapysyna geldi. Haslap dem alýardy. Ýüregi dükürdäp, agzyndan çykaýjak bolýardy. Öz-özündenem utandy: «Bolup ýörşüň gursun, seretmek nämä gerekdi!» diýip käýinjiredi. «Heý, şeýle-de bir zat bormy, heý, şeýle-de bir zat bormy!» diýip, içinden öwran-öwran gaýtalady. Soň ýene öz-özüne sögündi. «Bolmanda, gijäniň bir mahaly är-aýalyň äpişgesinden jyklap ýörseň, düzüw zadyň üstünden barasyň ýok-la. Nä körüňe gerekdi seretmek!».

Ol içerik girmedi. Gören ahwalatynyň täsirinden çykyp bilmän, duran ýerinde doňňara daşa öwrülene döndi. Eltisiniň güni bilen öz gününi deňeşdirip gördi. «Bagty daş ýarýa onuň!’ diýip pyşyrdady. Beýnisinde dürli pikirler at çapdy. «Aýallaryny gowy görýän erkekler şeýle mährem bolaýýamykalar?! Eýsem-de bolsa, Sylabyň meni ýigrenýäni çyn-ow?!».

Onuň hut ýap-ýaňyja görüp, hopugan, aljyrap, basga düşen ahwalatyna ýene gidip syn salasy geldi. Bu ýagdaý onuň üçin diýseň täsinlikdi. Hiç wagt onuň pikirine getirip bilmejek geňligi bardy. Misli onuň üçin jadyly erteki ýalydy. Ol yzyna öwrülmek üçin birki ädim ätdem. Ýöne ýene ejap etdi. Öz-özünden utandy. Öz-özüne käýindi. «Iliň pynhan syryna şärik bolmak aýyp dälmidir!» diýip, kimdir biri gulagyna gygyran ýaly boldy. Gulagy şaňlap gitdi. Ol ýene keýpini gaçyryp, öe girdi. Gapynyň agzynda oňa Sylap pete-pet geldi.

—Çagalary aglap geçdi-le—diýip, ol hüňürdedi.—Bolmasa men ejem dagyny oýadaýyn, olary turzar ýaly?!

Hamala Sylap sapandan sypan dek bolup gidiberjek ýaly, Sadap onuň gollaryndan nähili tutanyny duýman galdy.

—Ýok! Gitme!—diýip pyşyrdady.—Olar oýa!

Sylap sesini çykarmady. Sadabyň elinden goluny boşatmagyňam ebeteýini tapmady-da, nätjegini bilmän, sadylla boldy durdy.

Sylabyň gollaryna özüniň ýapyşmagyna Sadap diýseň tolgundy. Özüni birhili oňaýsyz duýdy. Heniz ýakyn aradan erkek kişi bilen ýüzbe-ýüz durup görmedik gyz üçin bu ýagdaý diýseň aljyradarlyklydy. Ol birden utanyp, ellerini çekip aldy. Ýüzüni aşak salyp, ýerine geçdi. Gyşardy. Sylabam onuň yzy bilen geçdi. Dessine-de ýorganyny ýapyndy.

Sadap birden-ä «Senem meni jigiň öz gelnini gowy görşi kimin gowy göräý! Şonuň öz gelnini bagryna basyşy ýaly bagryňa basaý! Iň bolmanda, şonuň gelniniň saçlaryny sypaýşy ýaly saçlarymy oýnaý!» diýip ýalbarasy geldi. Ýöne gyzlyk utanjy hiç bir gepe ýol berenokdy. Birdenem: «Iň soňuna çenli sesimi çykarmaýyn, çydaýyn. Özi näme etse, şony etsin!» diýip mertlige salýardy. Birdenem: «Sen nä töwra adam?! Saňa näme bolýa? Maňa hakykaty aýdaý!» diýip, Sylabyň eginlerinden tutup, silteşdiriberesi gelýärdi.

Sylap öňküsi ýaly aňyrsyna bakyp ýatyrdy. Ýöne kellesini ýapmandyr. Sadap ýene garysyna galdy. Јpişgeden düşýän aýyň şöhlesine Sylabyň şar gara saçlaryny synlady. Soňam özüne erk etmezden, elini uzadyp, onuň ýeňsesinden çalaja sypap goýberdi. Sylap onuň bu hereketine kirpiniň kellesini päsgelçilikden gizleýşi ýaly, göz açyp-ýumasy salymyň içinde, bütin düýrmegi bilen ýorgana sümüldi. Ýorganyň aşagyndan onuň gahar gatyşykly sesi eşidildi:

—Beýdişmek nämä gerek! Daň atyp barýa! Ýat!

Sadabyň häliden bäri gyzyl ot bolup ýanyp, galpyldap duran göwresi doňdy galdy. Ol tok uran dek bolup, beýlesine düňderildi-de, bagryny ýere berdi. Ýüzüni ýassyga oýkap, sessiz gözýaş dökmäge durdy. Eginlerini silkip-silkip, zol sojaýardy. Sylap oňa aglaýamyňam diýenokdy. Jansyz dek bolup ýatyrdy. Ol ýa-ha uklapdy, ýa-da ýalňyz hasrat çekýärdi.

Sadap aglap ýatyşyna ahyr uka gitdi. Ol düýş gördi. Düýşünde ol Sylaba däl-de, ýüwürjisi Halyga durmuşa çykanmyş. Onuň ogly Atda-da öz oglumyş. Halyk Sadaby şeýle bir gowy görýämiş welin, diýip-aýdar ýaly dälmiş. Ol öz gujagynda ýylan kimin towlanýan Sadaby bagryna basyp, gysyp-gowrup barýarmyş. Hut özüniň öz eltisi Jereni synlaýşy ýaly, Sadaby hem äpişgeden kimdir biri synlap durmuş. Özem ýylgyrýarmyş. Sadap ondan utanyp, Halykdan gaçmak üçin urunýarmyş. Şol wagt niredendir bir ýerden Sylap hem geçip barýarmyş. Sadap ony hem görüp durmuş. Sylabyň ýüzi diýseň salyk hem agyr. Ol Sadap bilen Halygyň bolşuny synlap, sag eliniň süem barmagyny çommaldyp haýbat atýarmyş. «Adamlara haýyrlyrak işem etjek boluň!» diýip, gygyrýarmyş. Sadap öz eden işinden utanyp, Sylapdan ötünç sorajak bolýarmyş. Ol: «Sylap! Sylap!» diýip, sesiniň ýetdiginden gygyrýarmyş...

Sadap öz sesine özi oýandy. Gören düýşünden utanyp, ýere girip bilmedi. «Adam pahyr-eý... Düýşe-de her zat girse, girer eken...» diýip içini gepletdi.

Gün dogup gidipdir. Јpişgeden tylla tyglar içerik dökülişip durdy. Sylap öz düşeklerini ýygnapjyk gidipdir. «O bendänem güýmäýdim agşam, işinden gijä galman bir gitdimikä?!» diýip, Sadap Sylaby ýatlap pikir öwürdi.

Daşardan uly wagyrdy gelýärdi. Sadap düşekleri galdyryp durşuna gykylyga diň saldy. Eltisi Jeren bilen gaýynenesi Sabyr daýza gygyryşýardy.

—Men siziň hyzmatkäriňiz däl!—diýip, Jeren sesine bat berýärdi.—Saklasyňyz gelse, saklaň, saklasyňyz gelmese, äkidäýiň atam öýüme!

—Waý-eý, boldy-la, jan gelin!—diýip, Sabyr daýza ýalbarýardy.—Diýmedigim bolsun. Nireden diýäýipdirin! Ýöne çala bir zat diýilse, ataň öýüni agzap dursuň-la!

—Agzajak atam öýümi!—diýip, Jeren barha gygyrdy.—Hamyr ýugurtjak bolsaň, şu öýde menden başga-da adam gyt däl. Düwünçek goltuklap, uzakly gün ykmaly bolsaň-a ýaraýaň sen, edil hamyr ýugurmaga gezek gelýä welin, aýaklaň agyryberýä-le... Menem ýaramok... Ýagdaýymy sorandan-a geçen... Gaýtam... iş buýran bolup... Gyzyňam ýapy ýaly bolupdyr-la... hamyr oňarmaz ýaly däl! Il oň ýalysyny äre-de berip ýör!

—Toba, toba! Gelin bolman, ýalyn boldy büý-ä...—diýip, Sabyr eje nalynjyrady. Soňam kiçi gyzy Bilbile gygyrdy.—Bilbil jan-a, gyzym, öe kendirik ýazaweri... Un eltjek men!

Sadap gyňajyny oranyp, daşaryk çykdy. Jeren gapynyň agzynda otyrdy. Çagasy Atda bolsa aňyrrakda guma bulaşyp, kiçijik maşynjygyny sürüp oýnaýardy. Jeren daşaryk çykan Sadaby görenden, ýene gaýynenesiniň üstüne gygyryp ugrady:

—Gün guşluk bolýança ýatyp, elini sowuk suwa urman ýörenlerem bar gygyryşjak bolsaň. Näme ýöne menden başga pişäň ýok ýaly, ökjämden galman alaýdyň sen?!

Sadap Jereniň gepi özüne kakdyrýanyny duýdy. Şeýle-de bolsa, oňa sesini çykarmady. Köýneginiň etegini dyzlaryna çekip, urup gaçjak ýaly bolup hekgerip oturan eltisine gözüniň gytagyny aýlap goýberdi-de, geçiberdi. Soňam aşhanada uly jama demir saplaw bilen un guýup duran gaýynenesiniň ýanyna bardy. Ýaşynýanlygy üçin geplemedi-de, unly jama ýapyşdy. Onuň bolşuna Sabyr daýza düşündi.

—Wah, Sadap jan, sen bir ýaňy gaýdyp gelen täze gelin. Oturybersene—diýip, ol jamy Sadaba berse-de, saplawy bermän un guýmagyny dowam etdirdi.—Özüm ederin hamyry, öňem etmän ýören işim däl-le...

Sadap ýene geplemän, tä undan dolýança, jamy saklap durdy. Un guýlup bolansoň, ony gaýynenesiniň jaýyna eltdi. Bilbil eýýäm kendirigi ýazyp, elekdir duzly haltany taýýarlap goýan eken. Sadap köýnegi uzyn bolmaz ýaly, biline ýelýyrtan ýaglygy daňyp, bir salymyň içinde uny eledi. Onýança Sabyr daýza-da bedre bilen ýyly suw alyp geldi.

—Bar, sen çaýyňy içiber, hana, men gazda çaý oturtdym—diýip, Sabyr daýza Sadaba ýüzlendi.—Hamyry özüm ederin.

Sadap baldyzy Bilbiliň gulagyna pyşyrdady:

—Häzir içesim gelenok. Çaýy soň içerin, hamyram özüm ýugraryn!

Bilbil gelnejesiniň bu diýenlerini ejesine gaýtalap berdi. Sadap jamyna duz atyp, suw guýdy. Soňam un guýmaga durdy.

—Bolýa-da beýle bolsa!—diýip, Sabyr daýza Sadapdan göwni bitip, özüni düşege goýberdi.—Ýugurjak diýseň, ýugraý... Menem biraz seniň ýanyňda oturaýyn. Soň çaýyňy özüm demläp beräerin onda.

Sadap çalasynlyk bilen uny gardy-da, şatdyldadyp, hamyry derrew ýugurdy. Göwresi gamak ýaly ýeňil gopýardy. Berdaşly ýumruklar hamyra şeýle bir çalasyn girip çykýardy welin, daşyndan syn edip, oňa agram düşýändir diýer ýaly däldi. Ýöne maňlaýyndan burçak-burçak der syrygýardy. Sadap derini häli-şindi eginlerine oýkap, sylyp goýberýärdi.

—Wah, jany sagatja, ýaş adamyň ýanynda birje tamdyrlyk hamyr dagy nämejik!—diýip, Sabyr daýza gelniniň işine höwesli seredip oturyşyna gürrüňini dowam etdi.—Uly-uly toýlarda bäş-on tamdyrlyk ýugran wagtlarymyzam bolandyr... Hany, indi ol wagtlardaky güýç-kuwwatlar galdymy diýsene!

Sadap «Hawa-da!» diýen terzde gaýynenesini baş atyp makullady. Sabyr daýza açyk duran gapysyndan daşaryk nazar aýlap goýberdi:

—Goňşy bolup otyrsyň, heý, Jeren gelniň şu öe geleli bäri hamyra el uranyny ýa-da çörek bişirip duranyny gördüňmi?!

Sadap oňa baş ýaýkap, «ýok» diýip jogap berdi. Sabyr daýza indi birneme pessaý ses bilen dowam etdi:

—Gören dälsiň! Şu gün irden baryp oýardym-da: «Hamyr ýugraý, gelin jan!» diýdim welin, başymdan bela bolup inäýdi. Hakyt, bi on dört ýaşly gyzy dagy...—Şeý diýip, Sabyr daýza bir çetde dyzlaryny gujaklap, Sadabyň hamyr ýugruşyna syn edip oturan Bilbile tarap elini salgap goýberdi.—Јre bermeli etdi goýaýdy, gyz!

Sadap eltisiniň gaýynynyň göwnüne degenine gynanýandygyny duýduryp, ýene başyny ýaýkady. Sabyr daýza dowam etdi:

—Palçyk edip goýdum. Tamdyryň içi gopupdyr. Jeren hamyr ýugran bolsa, men gidip, bir halta-ýarym halta ýylgyn pür alyp geläýjekdim. Hol, pagtaçylygyň aňry başynda, gumuň gyrasynda kän eken ýylgyn. Düýn geçip gaýdamda gördüm. Sowugam düşüp gelýä. «Bu gün-bu gün, ertir-ertir» bilen tamdyrjygym suwalman gelýä. Bu gezek çöregi seň ejeň tamdyrynda bişiripjik, özümiňkini suwaýjak bolýan...

Sadap gaýynenesini makullap, ýene baş atdy. Hamyryny boldum edip, jamy süýşürdi. Derrewem kesişdirip öýdi-de, jama saçak ýazyp, öen hamyrlaryny saldy. Soňam ony saçak bilen gowuja basyryp, töre eltip goýdy. Üstüne çetde duran odeýalony atdy.

—Taňryýalkasyn, hezil beräýdiň—diýip, Sabyr daýza gelninden göwni hoş bolup gepledi.—Heý, jany sagat adam bolsaň, goh edeniňe degýämi diýsene şu iş!

Sadap deri gaýdýança, biraz oturdy. Sabyr daýza kendirigi epläp, Bilbile berdi:

—Al, gyzym, bu zatlary ýygnaşdyr.Duzhaltadyr bedräni, elegi äkit. Menem häzir gelnejeňe çaý demläp geleýin.

Şeý diýip, ol daşaryk çykdy. Onuň yzy bilenem Bilbil kendirigi alyp çykdy. Jeren oturan ýerinden ýakasyny ebşitläp, içine tüýkürdi-de, gözlerini tegeläp, gaýynenesine gygyrdy:

—Hamyry täze gelniň ýugraýdymy, gyz?! Daş etsin, inine suwam-a almady ol. Duzuň-a harama çykardyň. Ýa şonam bilmeýärmikä ol?!

Sabyr daýza Jerene gaharly azgyryldy:

—Lal bol! Seň bilýäniňi şolam bilýändir!

Jereniň bu diýenlerinem Sadap eşitdi. Ýaşmagyny syraga-da, syçrap galyp: «Inime suw almasam-da, senden arassadyryn men!» diýip gygyraýasy geldi. Ýöne birdenem täze gelin halyna gaýynenesiniň ýanynda şermende bilen agyz deňäp durmagy uslyp bilmedi. Dilini dişledi. «Eri geler entek, almytyňy alarsyň sen menden!» diýip, ýigrenç bilen içini gepletdi. «Beýle-de bir ýylan häsiýetli adam bor eken. Bar jyny maňa düşäýdi-le muň!».

Bilbil iç girdi, daş çykdy. Elegi äkitdi, käse getirdi. Süýji daşady. Iýip-içer ýaly zatlary üýşürdi. Şeýdip ýörşüne, ol birdenkä Jeren bilen garpyşdy. Jeren oňa seretdi-seretdi-de, gygyryp ugrady:

—Näme her öteňde, gözüňi alardyp geçýäň?! Eddil gözüňi köwlärin, ganjyk! Beýle serederiň ýaly, men saňa näme etdim?!

Bilbil oňa elini salgap goýberdi:

—Ýitsene! Hekgermesene! Saňa seredip, işimi tükedipmişimmi men?!

Bilbiliň bu sözleri Jereniň otly peltesine ýag damdyrdy. Ol ýerinden galyp, ellerini bykynyna urup, gygyrdy:

—Ýumruk ýaly halyňa dil gaýtarmagyn maňa, süýtsüz! Edil süýdüňe gatyk goşaýaryn! Hekgeresim gelse, hekgererinem! Siziň ýanyňyzda müýnüm ýokdur. Iliň agzyndan galan däldirin. Düşegim arassa çykan däldir meniň! Düşegimi ilden bukup, ýüzümi gyzardan däldirin!

Bu sözleri eşiden Sadabyň gahardan başy aýlanyp gitdi. Ýerinden galmaga mejaly bolmady. Ýogsa göni turup, Jereniň üstüne towsaýasy geldi. Bütin süňňi bilen gagşady. «Bu näme üçin beýdip, meni ýigrenýärkä?» diýip, içinden birsyhly pikir öwürdi. «Toý gününiň ertesi ýanyma baranda, ýüzüni alanym üçinmikä?! Ýa-da asly şeýle zannyýamanmyka muň?!».

Sadap Jerene näme diýip, näme aýtjagyny bilmedi. Özem utançdan ýaňa ýere giräýjek bolup gyzaryldy oturdy.

Aşhanadan Sabyr daýza atylyp çykdy. Onuň hem ýüzi gahardan gara ört bolupdy.

—Aýu! Näme diýseň, maňa diý! Agzyndan süýdüň ysy gitmedik ýumruk ýaly gyza diýip duran zatlaň näme seň!—diýip, Jerene azgyryldy.

Jeren gep alyp galmady:

—Seň onyň ýumruk ýalam bolsa, heleýiň bilýäninden köp bilýä!—diýip gykylyklady. Soňam baryp, oýnap oturan ýerinden galdyryp, Atdanyň çem gelen ýerine ýelmemäge başlady.—Näme üçin gumda oturýaň sen, hä?! Näme üçin?!

«Muň akylynyň kemi barmyka ýa?!» diýip, Sadap Jereniň bolşuny synlap, pikir öwürmegini dowam etdi. «Çagasynyň gumda oýnap oturanyny häliden bärem-ä görüp otyr ýalydy-la?!»

Sadabyň Atdajyga ýüregi awady. Ony baryp, Jereniň elinden almak isledi. Ýöne ýene-de özüniň ondan bolgusyzyny eşiderinden çekindi-de, sarsman oturdy. Halyk bilen Jereniň agşamky boluşlaryny ýatlady. «Adamsy daşyny şeýle mähir bilen dolap durka, nädip gaharlanyp bilýäkä?!» diýip, Sadap Jeren hakda geň galyp oýlanýardy. «Nähili bagtly güni bar welin, duýanok... Wah... Maňa-da şeýle bagt bir ýetdirsedi... gerdenim bilen dag süýşürtselerem, sesimi çykarmazdym...».

Sabyr daýza baryp, Jereniň eline ýapyşdy:

—Çaga degme!

Jeren Sabyr daýzany itdi:

—Ýit! Öz çagam! Seň nä işiň!

Şol wagt aňyrdan üsti otly eşegini idip, Gurban aga görnäýdi. Ýogsa bu gykylygyň nämäniň üstünden eltjegi belli däldi...

Gurban aganyň garasy görnenden, Jeren-ä çagasyny alyp, öz jaýyna atyldy. Sabyr daýza-da öz jaýyna gaýtdy. Içerden Jereniň Atdany diňdirjek bolup, höre-köşe edýän sesi eşidilýärdi.

Gurban aga ilki jaýyň çüňkünde otuny düşürdi. Soň eşegini daňyp geldi. Gelip, el-ýüzüni ýuwuşdyrdy. Şondan soň Sabyr ejä ýüzlendi:

—Sabyr?! Bir goh barmydy häli?!

Sabyr daýza atylyp, adamsynyň ýanyna çykdy-da, ellerini owkalap, sypaýy gepledi:

—Aý... şü Atda jan-la...

—Hymm...—Edip, Gurban aga seslendi.—Beýle bolsa, bolýa-la...

Sabyr daýza Sadaba gowurdak äberdi. Ýumurtga gowrup geldi.

—Sen arkaýyn iýip-içiber, Sadap jan, men seni utandyrmaýyn—diýibem, özi daşaryk çykyp gitdi.

Sadap hernäçe ajam bolsa, oňly zat iýip bilmedi. Jereniň diýen sözleri onuň bokurdagyna tegek boldy. «Bu zatlary eşidip, gaýynenem näme üçin menden ýüzüni sowmadyka?! Ýa o bende-de ähli zatdan habarlymyka? Ýa-da bir zat diýibermäge Sylapdan çekinýärmikä?!» diýip, Sadap çaý içip otyrka-da, pikirden saplanyp bilmedi. Pikir öwürdigisaýy onuň ýüregi howlady. Düne gysyp-gowrup barýan ýalydy. Başyny alyp, düze çykyp gidäesi gelip durdy. Ol ýylgyn pür getirmäge özi gitmek isledi. Şu pikir bilenem ol Bilbile ýüzlendi:

—Bilbil jan, bar, ejeňe aýt, hamyr alýança, ýylgyn püri özümiz alyp geläeli. Jigim Wepanam çagyr. Hem arassa howa çykyp, göwnümizi açarys! Daş ýer däl, obanyň gyrajyg-a!

—Bolýa!—diýip, Bilbil döwtalap bolup, ejesiniň ýanyna bökjekläp gitdi. Az salymdanam Sadabyň jigisi Wepany yzyna tirkäp geldi.—Ejem gidäýiň diýdi, gelneje! Kän gerek däl, ýarty halta bolsa, bor diýýä!

Sadap könelip ugran iki sany un haltany alyp, ýola düşdi:

—Hany, ýörüň!

Bilbil ulugyzsyrap, ýere bakyp, sülmüräp barýardy. Aşaklyk bilen käte Wepa tarap nazar aýlap goýberýärdi. Wepa bolsa ýola düşülenden, oglan garagollygyna başlady. Çägesöw toprakdan bir penjesini alyp, ol elinden bu eline geçirip, tokgalamaga durdy. Sadap onuň bu bolşuny görüp duran-da bolsa, üýtgeşik pikir etmedi. Ünsüni gözetime uzap gidýän giň meýdana gönükdirdi. Öz aladasyna gümra boldy. Başga zada hernäçe ünsüni sowjak bolsa-da, hakydasyndan Sylabyň bolşy, eltisi Jereniň gyjalatlary çykanokdy.

Birden Bilbil «wäk!» diýip gygyrdy-da, Wepa tarap okduryldy. Wepa hikirdäp, ondan gaçyp ugrady.

—Gelneje! Seret jigiňe! Gum bilen ýagyrnyma ýelmäýdi!—diýip, Bilbil Wepanyň yzyndan ylgap barşyna gygyrdy.

Sadap biri-birini kowalaşyp barýan ýaşlara näme diýjegini bilmedi. Olaryň yzyndan ýylgyryp seretdi. Bilbiliň göwni üçin:

—Wepa! Hakyllyja bo-ol!—diýip gygyran boldy.

Olara gözi gitdi, hem guwandy. «Gaýgy-aladasyz wagtlary, goý, degişsinler!» diýip, öz gününe köýüp, uludan dem alyp barşyna ýene pikire batdy.

Wepa bilen Bilbil kowalaşyp, at gaýtaryma baranlaryndan soň, batlaryny sakladylar. Bilbil Wepanyň yzyndan ýetse-de, oňa hiç zat diýmedi. Gaýtam, bileje gadam urup, deň ýöräp ugradylar. Käte hem yzlaryna gaňrylyşyp, Sadaba tarap seredip goýberýärdiler. Tä ýylgyn pür ýygmaly ýere ýetilýänçä, olar Sadaba garaşman gitdiler... «Häý, garagollar diýsä! Menden bilgeşländen gaçdylar öýdýän!» diýip, Sadap olary synlap barşyna içini gepletdi. Ýylgynly ýere baransoňam, olara päsgel bermek islemedi. Özüniňem giň sähra içini dökesi gelýärdi. Aglasy gelip, ýüregi dolup durdy.

—Siz daşa gitmäň-de, şu ýerlerden ýygyberiň!—diýip, Sadap Bilbile haltanyň birini berdi.—Gaty doldurmasaňyzam bolar. Men bolsa, hana, hol ýerden ýygjak.—Şeý diýip, ol elini uzaklara salgap goýberdi.—Ýylgyn şo taýda gür görünýä.

Bilbil özüne berlen haltany alyp, baş atyp galdy.

Sadap öňe atyldy. Özem paýlanyşykdan galyp barýan dek, badyny batlandyrýardy. Güýjünde baryny edip haýdaýardy. Gaýdyp yzyna-da seretmedi. Ep-esli ara geçip daljygansoň, özüni ýere goýberdi. Ýedi ýylky aýralykdan soň hossaryna duşan ýitig kimin, ses edip aglap, ýer ýumruklady:

—Meniň ykbalym indi şeýle bolmalymyşmy, jan Allam! Men seň öňüňde näme günä etdim!—diýip, sesiniň ýetdiginden aglady.—Bu dünede indi meň maňlaýymda ene bolmak bagtam ýok-da onda?! Meň gujagyma çaga-da dolmaz-da onda?! Men indi näme edeýin! Ýa ol oglany il masgarasy edip gideýinmi men?! Men näme edeýin ahyry?!—diýip, kimdir birine ýüzlenýän ýaly gygyrdy. Aglap-aglap ýüregi gowzansoň, sesini goýdy. Şondan soňam eli işe barman, biraz salym gaýgy-hasrat içinde başyny yrady oturdy. Birhaýukdan soň gerdenine daş ýüklenen dek bolup, ýerinden galdy. Ýylgynlygyň pagta meýdanlary tarapynda akyp duran zeýkeşden el-ýüzüni ýuwdy. Şondan soň gyňajyny agyz-burnuna orap daňdy-da, işine haýdady. Haltany derrew ýarpylady. Özem zol uludan dem alýardy. «Gowusyny edeweri, jan Allam!» diýip, birsyhly samraýardy. Ýol boýuna-da ol bir gysym-ýarpy gysym pür ýygan bolup, yzyna gaýdyp geldi.

Öz aladalary bilen başagaý Bilbildir Wepa Sadabyň aglanyna-da üns bermediler. Olar hem iki bolsalar-da, püri Sadabyň ýygany ýaljak ýygan ekenler. Sadap olara: «Dogrujaňyzy aýdyň, kowalaşyp oýnadyňyzmy ýa-da bar işläp bilşiňizmi şu?» diýip degmek isledi. Ýöne keýpsizlikden ýaňa sesinem çykarasy gelmedi. Haltalary biri-birine gapgaragada, Wepa berdi:

—Al, göter, erkek oglansyň! Ýylgyn püri agyr zat däl!

—Haltalary nämä goşduň-ow!—diýip, Wepa ýylgyrdy.—Ýarysyny Bilbile götertmeli ekeniň. Brigadir doganyna arkalanyp, pagta ýygymyna gitmese-de, gujursyz-a däl eken. Yzymdan derrew ýetäýýä!

—A sen kime arkalanyp gideňok pagta?—diýip, Bilbilem jedirdäp, ondan galmady.

—A men okuwçy, maňa hökmanam däl gitmek!—diýip, Wepa ýylgyn pürli haltany arkasyna alyp ýöräp ugrady. —Basymjak ýöräýin, okuw wagty bolup barýandyr.

Şeý diýip, Wepa bilgeşländen gybyrdaklap, öňe haýdady.

—Bolaýşyny muň!—diýip, Bilbilem onuň yzyndan ýöredi.—Näme men okuwçy dälmi! Onsoňam bu wagt ýygyma islän çykýa, islemedigi gyssap duran barmy näme! Bu ýerde meň doganymy ara goşmak nämä gerek!

—Baý, seniň hakyllyjadygyňy! Wah, seňki ýaly akyl mende-de bolan bolsa bolmaýamy?—diýip, Wepa bilgeşländen Bilbiliň gaharyny getirmäge synanyşdy.

—Häzir saňa kimiň hakyllyjadygyny görkezeýin!—diýdi-de, Bilbil ýylgyn çybygyny döwüp aldy. Soňam ýene Wepanyň ökjesine düşdi.

Towuk ýelegi kimin ýeňil ýylgyn pürli haltany selkildedip, Wepa-da ondan gaçdy. Sadap olaryň yzyndan gygyryp galdy:

—Wepa! Ýuwaşrak boluň-u-u! Gaçyrýaň eliňdäkini-i-i!

Bular gaýdyp gelenlerinde Sabyr daýza eýýäm Abat daýzanyň tamdyrynda çöregini bişirip dur eken. Özüniň aglanyny ejesiniň duýaryndan çekinip, Sadap olaryň ýanyna barmady. Açlygyndanmy-nämemi, ýa-da ýylgynyň ysy ýüregine urdumy, aňyrsy-bärsine gelip, ýüregi endiräp durdy. Ol ýuwnup-ardyndy. Ýüregi bulanmadan ýaňa ögäp-ögäp, gyzylödegini ýyrtara getirdi. Kellesi sorkuldap, gözi çykyp barýardy. Ol öýüne girip, ýassyga gyşardy.

Az salymdan Sabyr daýza çöregini bişirip geldi. Onuň sesi eşidildi:

—Aýu, Bilbil-ä! Hany gelnejeň?

—Öýünde-e!—diýip, Bilbil niredendir bir ýerden gygyrdy.—Püri tamdyryň ýanynda goýdu-uk!

—Pür gerek däl-le, gyz bu mat!—diýip, Sabyr daýza gygyrdy.—Tamdyry çaý içip, soň suwajak! A gyz, Bilbil, bar çörekleri ýaýrat-da, gazaweri!

—Bolýa!—diýip, ýene Bilbiliň sesi eşidildi.

Sabyr daýza Sadabyň ýanyna geldi.

—Sadap jan, näme, ýaramadyňmy?—diýip, ol gapydan ätländen sorady.

Sadap gaýynenesine aglanyny bildirmejek bolup, gyňajyny gözüniň üstüne çenli süýşürdi. Soňam «kelläm agyrýa» diýen terzde elini kellesine ýetirdi.

—Wah-eý—diýip, Sabyr daýza onuň ýanyna geçdi. Gataňsy elleri bilen Sadabyň kellesini basyşdyrdy.

Daşardan jammyldap, ýene Jereniň gykylygy eşidildi:

—Ejeň içerde! Onuňkyda. Ol gelni aş saýlaýamy-nämemi, häli ögäp, içegelerini üzjek bolub-a otyrdy. Ejeňem şoň üçin oňa ýaranjak bolýandyr-da!

—Juk-juk-juk—edip, Sabyr daýza Sadabyň kellesini basyp oturyşyna Jereniň diýýän zatlaryna gaharlandy.—Bi gelin ahyr bir gün dilinden bela galar. Muňa terbiýe beren adam nähilikä, janlarym?!

Ýaşynýanlygy sebäpli Sadap ýene gaýynenesine hiç zat diýip bilmedi. Gapydan Halyk girdi. Ony görenden Sadabyň ýüzi lap-lap gyzdy. Utançdan ýere giräýjek boldy. Agşamky gören wejera düýşi göz öňüne geldi. Hasanaklap galmakçy boldy. Ýöne Sabyr daýza ony goýbermedi:

—Ýatyber, ýatyber, ýaramaýan halyňa turjak bolma. Halyk janam öz ýüwürjiňdir-dä. Ýat adam däl-le!

Halyk bosagada kürtdürip, ejesine ýüzlendi:

—Eje, şü, Jerene şu günler iş diýip, kän azar bermesene-how! Şu günler ýene aýagy agyr onuň!

—Bolup geçsin aýagy agyr!—diýip, Sabyr daýza Sadabyň kellesinden elini aýyrman, oglunyň üstüne gygyrdy.—Tutma şoň tarapyny. Üýtgeşik iş buýrulyp barlanok şoňa! Dili uzyn şermende ol! Beýle är bolýan bolsaň, biraz dilini ýygnat onuň! Ýogsa heleýjigiň bir gün Sylap janyň demine düşmeli bolaýmasyn?!

—Sylaba näme diýýä ol?!—diýip, Halyk gözlerini elek-çelek etdi.—Sylaba zat diýse-hä hezil bermen men oňa!

Sabyr daýza elini silkip goýberdi:

—Bar, git-de, özünden sora!—Halyk turup gidenden soň, Sabyr daýza özbaşyna hüňürdedi.—Aýagymyz agyr bolup hem görüpdik. Ýeke gezek hamyr ýugurmajak bolup, beýdip bagyryp oturan däldiris!

Sabyr daýza kellesini basyp bolansoň, Sadaba Bilbil ajyja çaý demläp berdi. Üýşüp nahar iýdiler. Şondan soň Sadap birneme özüni tutdy.

Agşamlyk Sylap ir geldi. Onuň elinde bili daňylgy uly kagyz bardy. Özem ýyrşaryp, erni bir ýere gelenokdy. Ony görenden Sadap kürşerildi-de, ýüzüni öwürdi. «Küýli haýran» diýip, içinden gargyndy. «Keýpine-de düşer ýaly däl, gaharyna-da». Şeý diýip pikir öwrensoň, ol Sylap bilen gepleşmejek bolup, çäýnek-käseleri alyp ýuwuşdyrmaga durdy. Sylap öz jaýyna girip barşyna ýyrşaryp, Sadaba ýüzlendi:

—Sadap, bärik gel!

Sadap barha gaşlaryny çytdy. Onuň diýenini diňlemejek boldy. Ýöne eli çagaly aýlanyp ýören Jereniň özüne gzölerini alardyp seredýänini görensoň: «Şunuň bir içi ýansyn-la!» diýip pikir etdi-de, ýuwup duran käselerinem ýygnaman, Sylabyň yzyndan atyldy. Jeren onuň yzyndan hüňürdäp galdy:

—Daş etsin, iliň süýjeşäýşini! Çäýnek-käselerem zyňdy-da gidiberdi, gyz!

Sylap içerik girensoň, kagyzyň daşyndaky ýüpi aýyrdy-da, içinden gök reňkli palto çykaryp, Sadaba uzatdy:

—Bi saňa, Sadap! Şu gün ýörite şähere gidip aldym!

Sadap onuň bu bolşuna geň galdy.

—Maňa? Palto?—diýip, haýran galyp durşuna sorady.—Donum bar-a!

—Men seni Aşgabada äkitjek!—diýip, Sylap ony ýene geň galdyrdy.

—Aşgabada? O näme üçin?—Sadap Sylabyň özi hakdaky aladasyna ganat bekälp uçaýjak boldy.

—Ýaşamaga—diýip, Sylap düşegiň üstüne geçip, öňküje oturýan ýerine geçip oturdy-da, ýyrşardy—Hany, geýip görsene, Sadap! Laýykmyka?!

Sadap paltony geýdi-de, şifoneriň ýanyna bardy. Palto oňa deňelip tikilen ýalydy. Şaplaşyp durdy.

—Ylaýyjak eken—diýip, Sylap oturan ýerinden ony synlady.—Laýyk bormuka-bolmazmyka diýip, alada edip gelýädim!

—Laýyk welin, gyňaç bilen gelşiksizräk boljak—diýip, Sadap uýaljyrady.

—Gyňajyňy aýryp, beýleligine, şäherli gelinleň atynyşy ýaly atynaýarsyň!—diýip, Sylap ony bu aladadan-da dyndardy. Soňam Aşgabada näme üçin äkidýändigini aýtdy.—Menem kolhoza başlyk bellejek bolýarlar. Gurban aganyň ýerine. Ýöne şondan öň bir ýyllyk ýokary kursda okap gelmeli.

Sadap begenjinden tas Sylabyň boýnuna böküpdi. Ýöne beýle bolşy Sylabyň halamaýanyny bilip duransoň, ol özüne erk etdi. Begenjini welin gizläp bilmedi.

—Menem bir ýyllap Aşgabatda saklajakmy?!—diýip, paltony epläp durşuna ýylgyryp sorady.

—Hawa—diýip, Sylap çaga ýaly göwnüni açdy.—Alnymyz sowuk. Sen üşäermikäň diýip aldym paltonam. Ýene bir hepdeden ugramaly. Sura daýza diýip, gowy, tanyş daýzam bar. Şoňka elterin seni. Hezil edinersiň. Ol gaty gowy aýal. Men okaýan döwrümde bäş ýyllap şonuňkyda ýaşadym. Timur diýip ogly bar. Şol meniň dostumdy. Özleri azerbaýjan.

Sadap Sylabyň özi bilen şeýle göwnaçyk gepleşip, özüni şadyýan alyp baran pursadyny ilkinji gezek synlaýardy. Şeýle bolansoň, geň galmakdan ýaňa onuň Sylaba bolan agşamky öýke-kinesem ýatdan çykdy. Paltosyny ýygnap bolansoň, Sylaba ýüzlendi:

—Nahar-çaýyňy nirede iýip-içjek sen?!

Sylap Sadaby ýene geň galdyrdy:

—Şu ýerik getiräý!

Geň görmeli zat, bu gezek Sylap Sadap bilen utanman-çekinmän iýibem-içdi. Ýöne agşam welin ýene öňki ýagdaý dowam etdi. Bilmezlikde özüne Sadabyň el-aýagy degse-de, Sylap süýşüp-süýşüp, düşeginden çykdy gitdi. Daň atýança, ol şeýde-şeýde, düşeginiň çetine togalanyp bardy.

Şundan soň Sadap gaýdyp onuň düşegini özüniňkiniň ýanyndan ýazmady. Öňküje—onuň endik edinen ýerinden ýazdy. Sylabam: «Näme üçin beýdýäňem» diýenokdy. Ine, şeýdip, Aşgabada gidilmeli gün golaýlap geldi. Sylap bir gün agşamlyk iki sany bilet alyp geldi. Irden samolýota çykmalydy.
Dowamy bar.

Edebiýat, Ahmedik_97 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir