KÖR SÖÝGI (Ogulsenem Taňňyýewa) #3
Enkaň haýyşy boýunça...
Sadap Jeren gidensoň, burça bakyp, sessiz-üýnsüz oturdy. Içerik Bibi girdi. Ony görenden, Sadap kemsinmekden ýaňa tas möňňüripdi. Ýöne birden ile masgara bolaýmakdan çekinip, dodagyny dişledi. Sessiz gözýaş dökdi.
—Sag-aman ördüňizmi?—diýip, Bibi gelşine ony gujaklady. Gelnejesiniň ýaňaklaryndan ogşamak isledi. Ýöne aglaýanyny baldyzyna duýdurmajak bolup, Sadap kürtesini bek tutup, oňa ýüzüni açmaga maý bermedi. Gözýaşlaryny görse, öňem dogany üçin ýanyp ýören Bibi ýene gynanar öýtdi.
Bibi Sadabyň bu bolşuny onuň utanýanyndandyr öýdüp çaklady. «Jeren daşaryk çykyp hiç zat aýtmadyk borly» diýip, Sadap içini gepledip, syrynyň häzirlikçe-hä açylmajakdygyna begendi. Birneme göwrümi giňedi. «Eger aýdan bolsa, Bibi meni beýdip gujaklap durmazdy!»
—Ýör, daşaryk çykaly, gelneje jan!—diýip, Bibi begenjinden birsyhly ýylgyryp gepledi. —El-ýüzüňi ýuwup, çaý-suw iç, soň baş salarys!
Sadap oňa gulak asyp, ýerinden galdy. Ýöne geplemedi. «Hawa, indi başam salnar, gyňajam oralar! Seniň gyz-gelinligiň kime derkar! Ýigit bilen bir jaýda gije geçirdiňmi, geçirdiň!» diýibem, ol birsyhly içini gepledýärdi. «Ýöne beýle ýagdaý uzagyndan bir bolmawersin!».
Bibi Sadabyň eteklerinden çekişdirip, köýnegini, çabydyny düzedişdirdi. Aýagyna galoşyny geýdirdi. Soňam kürtesiniň burçundan tutup alyp ugrady.
—Hudaýa şükür, Sylap janam gelinli bolaýdy, bizi gelnejeli edäýdi—diýip, Bibi ýene guwanjyny beýan etdi.—Saňa gelneje diýýän welin, begenjimden ýüregim agzymdan çykaýjak bolýa, Sadap! Doganam gowy zat, hä, gelnejeli edäýýä!
Sadap geplemedi. Gelin ýöreýşi bilen garyş boýdan ädimläp, daşaryk çykdy. Toý ýerinde galan kowum-garyndaşlar daşaryk çykan gelni görüp, gybat-geplerine bir salym suw sepdiler:
—Tüweleme, boý-syratam gül ýaly. Aýagy düşsün, Sadap janyň! Gazyklarynda bile garrasynlar!
Bu sözler öwran-öwran gaýtalandy.
Birki sany gyzjagaz ylgap gelip, kürtäniň gyrasyndan tutdular. Bibi çete çekildi. Şeýdip, gelni alyp ugradylar.
Oňa çaý-suw içirilensoň, baş salmaga durdular. Sadap indi gözýaşlaryny bütinleý saklap bilenokdy. «Näme üçin meniň ykbalym şeýle bolduka?» diýip, ol barha ejizleýärdi. «Maňa baş salmaň, men gelin däl!» diýip, töweregindäkileri itişdiriberesi gelýärdi. Birdenem düneden nadyl halda eginlerini gysyp, çagajyk kimin ýygrylyp oturan Sylap göz öňüne gelip köşeşýärdi. Ýigide ýüregi awaýardy. Oňa özüniň hiç wagt gep getirip bilmejekdigine öz-özüne boýun etmäge synanyşýardy.
Gelniň henizem aglaýanyny duýan aýallaryň biri onuň böwrüne dürtdi:
—A gyz! Goýaweri agyňy! Gelin bolmagy hijimizem küýsän däldiris. Ýöne nätjek, gyz pahyryň başynda bar zat-da bi...
Kimdir biri onuň üstünden güldi:
—Küýsänsiň-le, gyz! Küýsemedik bolsaň, asyl ejeň dulundan çykmazdyň-la. Garrab-a oturaýmansyň, başjagazyňy bogdurypsyň-la!
—Häk, süýdüň ýansyn!—diýip, öz sözi ýaňsa alnan aýal garşydaşyna oýun edip, ýumrugyny çenedi.—Akyl satmaga bir goý ahyry!
Olaryň gepine hemmeler hezil edip gülüşdiler.
Sadaba baş hem saldylar. «Gelin» diýip ýüzlenmäge-de başladylar.
***
Ikinji gije hem hut birinji gije ýaly geçdi. Bu ýagdaýdan gorkusyna Sadabyň ýüzi gara ört boldy. Gözýaşy guramady. Birden-ä ol: «Sylap bagly bolupdyr» diýip, gaýynlaryma aýdaýsammykam?!» diýip oýlanýardy, birdenem: «Näme bolsa-da, entek garaşaýyn. Öňem gürrüňi ýetik bendäniň derdiniň üstüne bir urnalyk tapaýmaýyn» diýip, öz-özüni köşeşdirýärdi.
Üçünji gije Sylaba onuň özi gep goşdy:
—Düşek bir ýazynaweri, gaty ýerde ýatma!
Dogrusy, Sylaba ýatmaga ýeri onuň özüniňem salyp beresi gelýärdi. Ýöne ýigidiň pikirini bilmek isleýärdi. Ony Sylabyň öz düşegini nireden saljagy gyzyklandyrýardy.
Sylap Sadaby diňledi. Özüne düşek alyndy. Ýöne ony Sadabyň düşeginiň ýanyndan ýazmady. Özüniň her gün oturmaga endik edinenje ýerine atdy. Çyrany öçüribem, ses-üýnüni çykarmanjyk uka gitdi.
Sadabyň oňa bir gahary gelýärdi, bir ýüregi awaýardy. Birden-ä «neressejik» diýip, onuň bir gysym bolup düýrlenip ýatan göwresine bakyp, gözlerine ýaş aýlaýardy, oňa duýgudaşlyk edýärdi, birdenem: «Atamdanam aňyrrakda ýataýmazmykaň!» diýip, öýke bilen gaýtalaýardy.
Gijeler biri-birinden tapawutlanman geçip durdy. Gün geçdigisaýy hem Sadabyň haly teňleşip, keýpi gaçýardy. Ýüregi hasrata dolupdy. Ol bir görseň-ä, düneden egni gysyk Sylabyň agysyny aglap, onuň ykbalyna çyny bilen gynanyp, kürtäniň aşagynda gözýaş dökýärdi. Bir görseňem, Sylapdan öýkeläp, birhili pikir-duýgulara özüni horladýardy: «Ýa-da meni halamaýarmyka? Özümi üstüne atalanym üçin jeza berýärmikä?» diýip, birsyhly içini gepledýärdi.
Goňşy-golamlar ony çörege çagyrýardylar. Gyzlar daşyny gallaşyp, gyzyl-gyran gülşüp, ony öýme-öý aýlaýardylar. Täze gelniň hatyrasyna öýlerde dürli-dümen naharlar bişýärdi. Gelne gymmatbaha halat ýapylýardy. «Wah, öe dolanyp gelen çagym menem il ýaly Sylap gujak açyp garşylaýsa bolmaýarmy!» diýip, ýüküni hasratdan tutan gelin iliň öýünde otyrka-da, ýolda-yzda-da birsyhly pikir öwürýärdi. «Ýa-da bu zatlaryň baryny ejeme baryp aýdaýsammykam?!» diýip oýlanýardy. Birdenem pikirleriniň garşysyna gidýärdi: «Ýok, beýtsem, uly ile peçan bolarys. Sylaby gürrüňe goýaryn. Üstesine, ejemem özüme käýýär. Ol meni Sylaplara bermejek bolup, näçe töwella etdi ahyr. «Özi ýykylan oglan aglamaz» diýipdirler. Bu işi eden özüm. Indi başa näme gelse-de, özüm çekeýin!». Onuň ýadyna häli-şindi özüniň Sylaba: «Men seni bagtly ederin!» diýip beren sözi düşýärdi. «Namartlamaly däl!» diýip, şundan soň ol ýüregini bire baglaýardy. «Söz berdiňmi, indi bigaýratlyk etjek bolma!».
***
Sadap gaýdyp gidýänçä, hiç zat şundan artyk üýtgemedi. Sylabyň şol bir bolşudy. Ilkagşamdan düşegini alnardy-da, endik edenje ýerinde gyşarardy. Şeýdibem, uklap galardy. Ol Sadaba barmysyňam diýenokdy. Hatda nahar-çaýynam täze gelin bilen iýip-içiberenokdy. Çykyp giderdi-de, garbanar gelerdi. Sadap onuň ejesi bilen iýip-içýäninem bilenokdy, kakasy bilen iýip-içýäninem. Ýeke özi iýýänem bolsa bilenokdy. Biljegem bolanokdy. Indi ol bu ýagdaý hakda pikir öwürmeden bizar boldy. «Näme etse, şony etsin!» diýip, üns bermezlige salýardy. Özüne çaý-çörek getirilende, Sadap Sylaba hödür-kerem ederdi. Ýöne Sylap duzam datmazdy. «Men naharly» diýerdi. Şondan başga kelam agyz geplemezdi. Oňa her näçe üns bermejek bolsa-da, pikirler beýnisini iýip barýardy. «Näme üçin beýdýärkä, näme üçin?!» diýip, biygtyýar ýene pikir öwürmäge başlaýardy. Gaharlanýardy, öýkeleýärdi. Ýöne işden ýadap gelen Sylap eginlerini gysyp bir gapdala çökdügi welin, ýene oňa ýüregi awap başlaýardy. Onuň üçin ähli kynçylyklara döz geljekdigine öz-özüne söz berýärdi. Her minutda her taraplaýyn pikir öwrüp, Sadap däli-porhan bolup çykýardy.
Soňabaka Sadap bu ýagdaý bilen az-kem öwrenişdi. «Ahyr-a ähli zat aýan bolar, şeýdip durmaz» diýip, öz-özüne teselli berdi. Tikin iş başlady. Özi gelmese, Sylaba kän bir gep goşjak bolup durmady.
Şeýdibem, ol kyrk günden soň atasy öýüne gaýdyp bardy. Abat daýza gyzynyň owurdy içine çöken ýaňaklaryny, horlanmak sebäpli has hem ulalan gözlerini synlap içini çekdi... «Saňa näme boldy, balam?!» diýip, oňa topulanynam duýmady.
Sadap mertlik etdi. Ejesine hiç zat aýtmady. Başyna düşen hasraty özi çekmek isledi. Dymmalyga ýüz urdy. Özi bilen gepleşmeseler, kem görenokdy. Ýöne her näme-de bolsa, onuň kalbynda Sylaba bolan söýgi gaýnap joşýardy. Bu zatlaryň baryny Sylap özünden ar almak üçin edýändir öýdüp, pikir öwürýärdi. Şuňa-da ol berk ynanýardy. Bu zatlaryň mundan başga sebäbi bardyr öýdüp oýlanmagam islänokdy.
Atasy öýüne gaýdyp gelenden soň ara düşen bir hepdede Sadabyň Sylaby göresi gelip, hatda ýüregem gysyp başlady. Agşamlyk gapylaryna çykyp oturardy. Käteler bir zatlary bahanalap, gabatlaryndaky ýolda durardy. Işden agras ädimläp gelýän Sylaby görende, begenjinden göwni galkyp gidýärdi. Oňa guwanyp seredýärdi. Ýene-de onuň öýüne gaýdyp barmagyň höwesi bilen joşýardy. Јhli zadyň düzelip gitjegine özüni berk ynandyrýardy. Özem nämüçindir, oňa birsyhly ýüregi awaýardy.
On güne golaý öýünde gezensoň, Sadap işe çykmak isläp, ejesine sala saldy. Abat daýza-da ony saklajak bolup durmady. Gaýtam, horlanyp, çöpe dönen gyzynyň köpçülige çykanyny kem görmedi. «Göwnüň açylar, git» diýdi.
Joralary Sadaby ýedi ýat ýaly garşyladylar. Hemmeler oňa tanalmaýan bigäne mysaly seredýärdiler. Hiç kim içginsiräp, onuň goşuna goşuny garasy gelmedi. Özi bir zat soramasa, gepleşjek bolup, ýüreklerinem üzmediler. Gyzlaryň bolşuna geň galsa-da, Sadabam sesini çykarmady.
Gowaçalaryň ujy çyrpylýardy. Iş gyssaglydy. Basym pagta ýygymyna başlamalydy. Şeýle bolansoň, başagaýlyk ýetikdi. Käteler gyzlar günortan arakesmede meýdan düşelgä gitmänem işleýärdiler. Iş üstünde garbak-gurbak edinerdiler-de, ýene işe haýdardylar.
Şeýle günleriň birinde Sadap hem meýdan düşelgä gitmedi. Ýöne ol işlemek üçinem galmady. Hem-ä gyzlaryň sowuk nazaryndan sowarak bolanyny kem görenokdy, üstesine-de, uzak aradan iki ýana yssyda ýol söküp ýörmäge ýaltandy. Aladalar sebäpli gijelerine çirim etmän çykýanlygyndanmy-nämemi, birden ukusy tutdy. Her ýerräkde seleňläp oturan tutlaryň düýbüne baryp oturdy. Ilki gyzyl reňkli gaýyş korzinkasyndan çaý termosyny , käsä atan gowurdagyny hem çörek çykardy. Soňam ot-çöp üçin ýanyna alaýýan torbasyny ýazynyp, korzinkasyny başynyň aşagyna goýdy-da süýndi.
Onuň meýdan düşelgesine gitmän galanyny birbada gyzlaryň hiç biri duýmadyk bolarly. Olar çaýlaryny içip bolanlaryndan soň, ýene-de işe haýdadylar. Özlerem jammyl-da-jammyldylar. Sadabyň gürrüňini edýärdiler. Olaryň gürrüňi Sadaba mese-mälim eşidilýärdi:
—Baran gijesi Sadabyňam düşegi arassa çykypmyş diýýäler!
—Daş etsin! Heý, ynanar ýalymy, gyz! Nähili asylly gyz diýşip ýördük.
—Bütin obanyň şoňa gözi gider-dä!
Bu sözler Sadaby tok urana dönderdi. Ol «Hih!» edip, içini çekip, garysyna galanyny duýman galdy. Hasanaklap galagada, özüne gara sürtjek bolýan gyzlaryň alkymlaryndan almak isledi. Birdenem beýtse, gürrüňiň ula gitmeginiň mümkindiginden gorkdy. Sylap ýadyna düşdi. Ýigidiň ile wejera bolaryndan çekindi. Oglany ile gep edesi gelmedi. Ondan, her zat hem bolsa, özi çekmek isledi. «Dagy, ýalanmy diýilýän zat!» diýip, öz-özüne gyjalat berdi. Öz-özüne sögündi: «Etjegiň-ä etdiň. Indem çekiber näme diýseler. Mundan beterinem diýerler entek». Ol birdenem eltisi Jerene gargyndy: «Haram albassy, eýýäm ile peçan edipdir. Wah, «Elti eltä ýagy bormuş» diýip, ýöne ýere aýtmaýan ekenler! Bu gepi ile çykaran şondan başga adam däldir! Dagy, kim aýtsyn?!»
Gyzlar: «Hawa-da, hawa, daş etsin-de, daş etsin» diýşip, biri-birlerini makullaşýardylar. Soňam biraz salym seslerini çykarman işlediler.
Ene ilki geplän gyzyň sesi eşidildi:
—Hakyt, eltisi Jeren irden düşegini ýygnamaga barsa, özi ýygnap goýaýanmyş, gyz! Ol gelniň üstüne sepjek şaýylyklarynam nätjegini bilmän, yzyna alyp çykanmyş. Özüne alaýanmyş!
—Ara ýolda Jeren hezil edipdir-ow!—diýip, gyzlaryň biri jorasynyň gepini makullap, jakgyldady:—Ha-ha-ha!
Soňra bu gepe gyzlaryň bary gülüşdi.
Sadap hyrçyny dişledi. «Wah, şol haram ýaýradypdyr gepi, şol!» diýip, eltisi hakda ýigrenç bilen pikir öwürdi. «Gepçidigini albassynyň! Heý, öýüň şeýle syrynam bir ile eşitdirip bormy! Ah, onuň içi gülüpjik durandyr-la bu ýagdaýa!».
—A gyz!—diýip, gyzlaryň ýene biri gepe goşuldy.—Sadaba ýuwaş diýselerem, käteler pagtanyň içinde Sylap bilen-ä duşýady!
—Goýsana, gyz!—diýşip, gyzlar ýerli-erden geň galyşyp soradylar.—Daş etsin, heý, pagtanyň içinde-de bir şeýdip bormy!
—Aý, nirede näme edýänlerin-ä biljek däl welin, bir gezek ot ýygyp ýörkäm, şolaryň bileje oturyp, uzak gürleşenlerin-ä gördüm—diýip, hälki gyz joralaryny öz diýýänlerine ynandyrmak üçin janykdy.—Özem, gürleşip bolanlaryndan soň Sylab-a turup gitdi. Sadap bolsa galdy. Sylapdan kä-än soň gitdi.
—Hih!—diýşip, gyzlar içlerini çekişdiler.—Bile gitmäge ilden çekinendir-dä!
—Daş etsin! Şeýle salykatly gyz, heý, ynanar ýalymy?!
—Aý, bi zamanda näme eşitseň, ynanyber!
—A gyz, onda, Sylap hakda diýilýän zatlar ýalandyr-da, beýle ýagdaýlar bolan bolsa!
—Çyn bolsa, öýlenerdimi näme ol, diýýän zadyň nähili, gyz, seň?!
Gyzlar gowaçanyň öserlerini ýolşup baryşlaryna öz gep-gürrüňleri bilen başagaý bolşup, haýdaşyp gitdiler. Sadabyň gözüne uky gelmeg-ä beýlede dursun, gahardan hem namysdan ýaňa ol hum ýaly çişdi. Bütin synasy bilen saňňyldady. Ýöne gahary gelse-de, etjek alajy ýokdy. Ýa Sylaby peçan etmelidi, ýa-da özi gep bolmalydy. Başga alaç ýokdy. Tereziniň Sylaply tarapy agyr gelýärdi. Sadap ony özüniň çyn ýürekden gowy görýänine häzir hasam göz ýetirdi. Özüniň arassa başyna nähili ýaramaz töhmetleri alýan-da bolsa, ol Sylap hakdaky sowuk gybatlaryň galyşýanyna öz ýanyndan begendi. Hatda bu begenç onuň gaharynam ýuwaş-ýuwaşdan basaňkyrlap barýardy. «Јý, näme diýseňiz, şony diýiň!» diýip, ol gyzlara tarap elini salgap goýberip, özüni rahatlandyrdy. «Diýer goýarsyňyz-da!». Birdenem, bu gepler ejesidir kakasyna ýetäýse, nä alaç etjegini bilmän hopukdy. Ýene ýüregi gysyp, düne daraldy. Öz-özüne ýandy. Ýere ýazan torbajygynyň gapdaljygynda gögeren çaýry penjeläp, janagyryly iňňildedi. «Maňlaýym gursun, maňlaýym!» diýip, kimdir biri bilen gepleşýän ýaly, sesli samrady. Hamala, bar ahmyryny çaýyrdan çykarmak isleýän ýaly, ony çekip-çekip gopardy. Penjesine ilen oty gahar bilen zyňyp goýberdi. Gum bolan eli bilen maňlaýyny ýumruklady. Gözlerinden ýaş damjalary togalanyp gaýtdy. Soňam arkan düşüp ýatan ýerinden sojap-sojap aglady. Sesini biriniň eşidäýmeginden heder edip, goşaryny dişläp, ganadara getirdi. Aglap-aglap keýpden çykdy. Soňra diklendi. Etegi bilen ýüz-gözüni süpürdi. Munuň bilenem oňman, termosda galan çaýy bilen ýüzüni ýuwdy.
Aglansoň, ýüregi birneme gowzady. Uludan dem alyp, uklasa-uklamasa, gapdalyna agdarylyp ýatdy. Şeýdip biraz ýatansoň, onuň üstünden duýdansyz halatda Sylap geldi. Sylap çyrpylan gowaçalary gözden geçirip ýördi. Ösüntgileriň galan-galmanyna seredýärdi. Ol tuduň kölegesinde süýnüp ýatan aýal maşgalany görüp kürtdürdi. Birbada onuň kimdigini saýgarman aljyrady. Sebäbi Sadabyň başyna daňan ýaglygy göz-gaşyny gowy ýapyp durdy. Üstesine-de, ol bir elini maňlaýyna goýup ýatyrdy.
Sadap Sylaby görenden, ýerinden turmak isledi. Birdenem bu pikirini goýbolsun etdi. Onuň bütin durkuny öýke gaplap aldy. «Gelip geçsin-le» diýip, içinden pikir öwürdi-de, turmazlygy ýüregine düwdi. «Sylamaýyn-la şony menem». Şeýle pikir bilenem ol elini maňlaýyndan aýryp, ýaglygyny birneme yza çekdi.
Sylap ony tanansoň, dillendi:
—Sadap! Sen-maýt?! Näme beýdip ýatyrsyň? Düşelgä gitmediňmi?
Sadap öýkä özüni aldyran bolsa-da, sypaýy gepledi:
—Aý, ýaltandym-da, galaýdym.
Sylap çeträkde çommalyp oturdy. Sadap ony synap görmek isledi-de, özi biraz süýşüp, haltanyň üstünden ýer boşatdy:
—Gel, bärde oturaý!
—Aý, men oturyp durmaýyn, howlukmaç!—diýip, Sylap ýerinden galdy-da, töwerege nazar saldy. —Kantura gidip, hasabat bermeli. Ind-ä az ýer galypdyr. Gyzlar gaýrat etseler, şu gün gutararlar!
Sadap sesini çykarmady. Göwni üçin Sylabyň öz görkezen ýerinde azajyk wagtlygam bolsa çökäýmänine gahary geldi. «Ýok bolubersene, kontoruň gursun!» diýip, içinden gargyndy.
Sylabam şundan soň sesini çykarman gitdi.
Sylap gidensoň, Sadap ýene bagryny ýere berip, agyly iňňildemä başlady. Hernäçe urunsa-da, ýüreginiň yzasyna basalyk berip bilenokdy.
Gyzlar kartanyň aňyrsyna çykyp, yzlaryna öwrülip gelýän bolmaga çemeli. Ýene olaryň sesleri eşidildi:
—Hana, serediň, Sylap ho tuduň aşagyndan turup gaýtdy. Şol ýerde Sadap bar bolaýmasyn?!
—Hih! Ol biziň geplerimizem eşidendir!
—Eşidip geçsin! Ýalan zat aýdamzok!
—Daş etsin, gündiziň güni, iliň gözüniň öňünde bir şeýdip suwjaryşmasalar bolmyýamyka, gyz!
—Şu zamanyň söýgüsi-dä!
—Söýüşjek bolsalar, işden başga ýerem gyt däldir-le!
—Gaýtarma kişidir-dä!
Gyzlary diňledigisaýy Sadap hyrçyny dişläp, ýer ýumruklady...
***
Gaýtarma bolup gezen döwründe ara salnan wagt Sylaba birazajygam bolsa, özüni küýseder öýdüp pikir öwren Sadap gaýyn öýüne uly umyt bilen dolanyp geldi. Özüni gaýtaryp getiren gelin-gyzlaryň sabaşaryna sabyrsyzlyk bilen garaşdy.
Indi öňküsi ýaly gelin bolup sülmüräp oturmady. Myhmanlar dargandan, öýüne serenjam berdi. Sylaba aýratyn nahar taýýarlady. Çaý demläp, basyryp goýdy. Bazardan alan gülgüne pombarhat köýnegini geýip, başyna her dürli ýalpyldawuk erişleri öwüşgin atyp duran gök ýüň seçeklini orap aldy. Bägül kimin sülmüräp, aýnanyň öňünde dikilgazyk boldy-da, Sylabyň ýoluna bakdy.
Pagta ýygymynyň gyzgalaňly günleri bolansoň, Sylap wagty bilen gelmedi. Sadap aýnanyň öňünde durup-durup ýadady. Aýaklary gurşup gitdi. Çaýyny telim sapar döküp, täzeden demledi. Ukusy tutup, gözleri süzülip ugrady. Ýöne ýatmady. Sylaba garaşdy. Tikin işini eline alyp, göwünli-göwünsiz sançdy oturdy. Käte hem uky üstün çykyp, kirpikler-kirpige gatylyp gidýärdi.
Ol şeýdip ep-esli oturansoň, gapyda aýak sesleri eşidildi. Gaýynenesi Sabyr daýzanyň:
—Sylap jan, geldiňmi, balam!—diýen sesi geldi.
Sadap işini bir gapdala taşlap, hasanaklap galdy. Çyranyň ýagtysyna säher dogan Gün kimin ýalbyrap durşuna gapa öwsündi. Göwni «Baragada, Sylaby bagryňa bas!» diýýärdi. Ýöne gyzlyk ejaby muňa ýol berenokdy. Utanýardy. Beýtmäge heniz ýeke gezegem erkek kişiniň demi çabramadyk ýüzi çydajak däldi. Heniz elinden ýekeje gezegem erkek kişi tutup görmedik gyz gapynyň agzynda çüýlenene döndi. Onuň göwni köp zady isleýärdi. Ýöne göwün islegini berjaý ediberere güýç-gaýraty ýokdy, wyždany ýol berenokdy. Gyzlyk utanjy gapa böwet kimin gabat bolup durdy.
Sadaby gapyda sadylla edip, Sylap ahyry içerik girdi. Gyzyň ýüregi gopup gitdi. Mähir-muhabbetden doly nazaryny ýigide gönükdirdi. Agzyndan ýalyn çabradyp, uludan dem aldy. Hasratyny duýdurmajak bolubam, guzynyňky ýaly akja dişlerini çalaja görkezip ýylgyrdy. Özüne ýigidiň gujak gerip topularyna garaşdy.
Ýöne ýene-de ilkinji ädimden gyzyň göwni döwlüp ugrady. Sylap nurly kuýaş kimin ýalbyrap duran gelnine gara kesege sereden dek sowuk nazar bilen seretdi-de, töre geçdi. Hatda oňa «Geldiňmem?» diýmedi. Gaýtam Sadaby görenden, onuň ýüzüne nämüçindir, gahar alamatlary çaýylan ýaly boldy. Şifoneriň ýanyna baryp, özbaşyna hüňürdedi:
—Eşiklerimi çalşyrmasam boljak däl!
Şeý diýibem ol şifonerden arassa eşiklerini aldy-da, daşaryk ýöneldi.
«Meniň gaýdyp gelenimi halamadymyka?! Gelmez öýdüp pikir etdimikä?» diýip, Sadap içinden pikir öwürdi. Soňam ol hasanaklap, daşaryk çykyp barýan Sylaba ýüzlendi:
—Daşaryk gidip nätjek! Şu ýerde çalşyrynyber!
—Aý, ýok... men... häzir...—diýip, üzlem-saplam gepledi-de, Sylap öz diýenini edip, daşaryk çykmak bilen boldy.
Sadap onuň yzyndan gygyryp galdy:
—Naharyňy bärde iýäý. Çaýyň demli dur!
Sylap jogap bermän gitdi. Sadap onuň yz ýanyndan çykyp, aşhanada nahar gyzdyrdy. Gaýynlarynyň öýünden Sabyr daýzanyň hümürdisi eşidildi:
—Tüweleme, indi Sadap janyň özem äberjek nahar-çaýyňy. Ol hälden bäri seň ugruňda gydyrdanyp ýör. Aňyrda iýip-içseň, men-ä ýatjak, oglum!
«Meniň Sylap üçin ylgap ýörenimi gaýynenem nädip duýduka?!» diýip, Sadap geň galdy.
Içerden Sylabyň hüňürdisi geldi:
—Sen ýatsaň, ýatyber, eje! Nahar-çaýymy özüm taýýarlanyp, aşhanada iýip-içäerin men! Sadabam azar edinip ýörmesin!
—Aşhana nämä gerek!—diýip, bu gezek Sabyr daýza sesini gataldyp gaharlandy.—Ne gözel gelin ugruňda ylgap ýörkä, şoň bilen bolarlar-da! Azary bormy nahar-çaýyňam bir. Öz gelniňdir-dä! Işe gidenok-zat edenok!
Sabyr daýzanyň Sylaba käýinmesine Sadap heziller edindi. «Bolaýdy-da şo saňa!» diýip, öz ýanyndan özem Sylaba igendi. Boýnuny sallap, ejesiniň öýünden bialaç çykan Sylaby synlap durşuna çalaja ýylgyrdam.
Sabyr daýza Sylabyň yzyndan hüňürdäp galdy:
—Ýygralygyňam halys gözüni çykaraýmaly däl-ä!
Sylap ilki öe girip çykdy. Soň aşhana geldi. Iki elini owkalap, öz pikirleri bilen nämedir bir zada başagaýsyrap, aljyrap durşuna Sadaba ýüzlendi:
—Nahar gyzdyrýaňmy, Sadap?.. Azar edinmelem däl ekeniň... Men... özüm...
Sadap tas: «Azar edinmelimi-dälmi, saňa ejeň düşündir-dä häli» diýipdi. Ýöne zordan saklanaýdy. «Gelşim-ä ýaňy. Eýýämden dilimi süýndüribermäýin!» diýip, içini gepletdi. Soň hem gowy gaýnan çorbany demir saplaw bilen jama guýup durşuna sypaýy gepledi:
—Azary ýok-la!
Sadap çorbany guýup bolansoň, gara gazanyň agaç gapagyny ýapdy. Jamy götermekçi boldy. Sylap ellerini owkalap durşuna, ýene oňa ýüzlendi:
—Goýaý jamy şo ýerde. Men şo taýda iýip-içäerin... Ejem dagam ýatdy...
Sadap jamy goýmady-da, göterip öz jaýyna ugrady. Gidip barşyna-da, Sylaba jogap gaýtardy:
—Öýde iýäýsene! Men çaýam demläp goýdum...
Sylap alaçsyz öe gelmeli boldy. Ýöne Sadabyň saçak ýazyp goýan ýerine barman, gapynyň öňünde, mydama özüniň oturýanja ýerinde çökdi.
—Onda sen zatlaryňy bärik alaý, men şu taýda iýäerin...—diýip, burnuna salyp hüňürdedi.
Sadap onuň bolşuny geňlese-de, dawalaşmady. Saçagyny, çäýnek-käsesini, iýip-içmek üçin getiren zatlaryny sesini çykarman, Sylabyň ýanyna eltdi.
Dowamy bar.