GURY AGAÇ (Ogulsenem Taňňyýewa) #9
Enkaň haýyşy boýunça...
Jemleýji bölüm.

Allamyradyň daň bilen elten habaryna Döndi aglamady. Jigisiniň gününe aglap-aglap, indi onuň gözýaşlary gurapdy. Ol indi başa näme gelse, görübermegiň pikiri bilen ýaşaýardy. Aglamasa-da, ol juda gynandy. Döndi Jemile samrama belasyna ýolugansoň, ony öz ýanyna ymykly almak üçin gaýynenesine-de, adamsyna-da aglaplar ýalbardy. Ýöne olar Döndä razylyk bermediler. Akyly üýtgäp ugran ýat maşgalany hiç kimiň öýünde saklasy gelenokdy.

Gaýynlary aladasyny çekişmänsoň, Döndi Jemiläniň agşamky goparan işi hakda-da olara kelam-agyz zat diýmedi. Allamyrady ýoldan edinip, Sary serhoşuňka bardy.

Jemiläniň öýden gidenini azaram edinmedik Sary serhoş Döndi dagy baranda daňyň süýji ukusynyň lezzetini görýärdi. Ol äpişgäniň batly urulmasyna oýanyp, daşaryk çykanda, gapyda duran Döndidir Allamyrady görüp, bir zat bolanyny aňdy.

—Jemile agşam obany öýme-öý aýlanypdyr. Soltangülüň ejesi Ogulgül daýzany bogup durka, Allamyrat dagy ýetişipdir —diýip, Döndi gamgyn halda gepläp, habaryny aýtdy. —Goýbermeli däl ekeniň-ä ony, Sary aga.

Sary serhoş zatdan bihabarsyrap gepledi:

—Men-ä onuň çykyp gideninem bilmändirin.

—Indi ony alyp bir gaýdyň-a. Meň-ňä. Öýüme gaýynlam eltdirmez —diýip, Döndi ýene gynanç bilen gepledi.

Sary serhoş derrew gapdalynda ýaşaýan ogluny turuzdy-da, maşyny otlatdy. Dört bolup, Jemiläniň yzyndan ugradylar.

—Men-ä aýybam bolsa, bir zat aýtjak —diýip, Allamyrat ýolda gürrüň gozgady. —Sary aga gaty görse-de...

—Ýok, ýok, men zady gaty görmen, inim —diýip, Sary serhoş ony ugruna sürdi. —Aýt, çekinme-de!

—Aýtsam, şeýle... Her zadam bolsa, Ýusuby höre-köşe edip, Jemiläni oňa yzyna aldyrmalymyka diýýän. Jemile özüni Ýusubyň kowanyny ýokuş görüp ýetdi şu derejä...

Döndi Allamyradyň pikirine garşy boldy:

—Ýok, jigim! Indi Ýusuba Jemile berilmez! Jemile dälilikden açylyp bilmän, ölýänem bolsa, indi ol Ýusuba berilmez! —Döndi biraz dymyp, uludan dem aldy. —Wah, «Ulynyň diýenini etmedik uwlar» diýleni boldy biziňki. Kakam Jemiläni şolara bermejek bolup, dogry eden eken. Kakam bilýän eken kimden wepanyň boljak-bolmajagyny...

Bular baranda bütin gijäni ondan-oňa kaňkap geçen Jemile uklap ýatyrdy.

—Döndi, göwnüňe zat getirmeseň-ä, şuny şu ýerden göni şäher keselhanasyna äkideliň. Bu indi daňyp saklaýmasaň, bize saklatmaz. Haçana çenli yzyna düşüp gezjek. Belki, dugtaryň haýry deger?! —diýip, Sary serhoş Döndä maslahat saldy.

Döndi onuň bilen ylalaşdy.

Jemiläni ukudan oýarman, göterip, maşyna saldylar. Ony Sary serhoş, Allamyrat hem Sary serhoşuň ogly alyp gitdiler. Döndi bilen Gunça bolsa, öli ugradan dek bolup, onuň yzynda aglap galdylar.

Keselhana Jemiläni bütinleý sagaltmady. Ýöne güýçli-güýçli ukollar onuň eňkini aldy. Ysgyn-mydardan, güýç-kuwwatdan gaçyrdy. Keselhanada bolmaly möhleti gutaransoň, ony Sary serhoş ýene öýüne alyp gaýtdy.

Ol indi hiç kim bilen sögüşmäge-de gitjek bolmady, uruşmaga-da. Ýusubyň ýoluny-da garawullamady. Özbaşyna hüňürdäp, gezip ýördi. Şol bir sözlerini gaýtalaýardy.

—Ine, bu men —diýip, odunlyk üçin basylyp goýlan agaçlara birme-bir barmagyny degrip çykýardy. —Ine, bu-da men, bu-da... —Bişen erikleri dökülişip duran baglaryň ýanyna baryp, olary yralap —Bu bolsa Soltangül diýýärdi. —Soltangül hemmä gerek. Ýusuba-da gerek. Onuň miwesi bar. Men bolsam, diňe ýakylmak üçin gerek. Men diňe ýanmaly. Gury agaç men... Ýusup meni äkitjek diýibem, äkitmedi... Ol meniň saçymy-da sypady. Gujaklabam durdy... Ol meni gowy görýä... Ýöne ony Soltangül goýberenok... Soltangül, ony goýberäý-dä. Meniňem Ýusuby göresim gelýä-dä... Onuň bilen bileje ýaşasym gelýä —diýip, Jemile käte hem hyýalynda Soltangüle ýalbarýardy.

Käte ol bir mahal ýüregine hem beýnisine ýazylyp galan aýdyma hiňlenip, adamlaň ýüzüne seretmän, köçelerden, dükanyň öňünden aýlanyp gaýdardy:

— Öl agaçdan-eý hasyl öner,

Gury agaçlar-eý ýanar-söner.

Däli döwran-eý kime döner!

Geçdim ýana-ýana, begler!

Begler, begler-eý, jan-a, begler...

Onuň owazy diýseň ýakymlydy, näzijekdi. Gamgyndy. Onuň bolup ýörşüni görenler deňinden aglaman geçenokdylar...

Günleriň bir güni bolsa, obanyň ýetginjekleri üýşüp, gijäniň bir mahaly Ýusuby «Biri çagyrýa. Ýaramaýan bar» diýip, aldap äkidip, öler ýaly edip ýençdiler. Ýusup ol ýenjilmeden soň keselhanada üç-dört aýa golaý galyp bilmän, ýatmaly boldy.
myspaser1 year ago
***



Jemiläniň Soltangüldür öýdüp, onuň ejesini bogup gaýdan gününiň ertesi Jemiläniň keselhana salnanyny eşidip, Ýusup maşgalasy bilen öýüne dolanyp geldi.

Maşyndan düşenden, Soltangülüň gözüne del düwünçek ildi. Ol Jemiläniň köýneklerini salyp, soň ýadyndan çykaryp giden gara ýüň gyňaçly düwünçegidi. Soltangül düwünçegi aýagy bilen depip, köçä tarap pyzdy. Öz yzyna tirkäp gelen ogly Ýarana ýüzlendi:

—Haram däliniň zatlary! Bar, oglum, ho-ol, aýak ýetmez ýaly ýere taşlap gel!

Onuň şeý diýip, gykylyklap duranyny Ogulbike eşitdi-de, ylgap gelip, düwünçegi Ýaranyň elinden silkip alyp gitdi.

—Ite-de uýat ýagşy! Düwünçekde näme günä bar! —diýip, Ýusubyňam, Soltangülüňem ýüzüne azgyryldy.

Ýusup utanyp, onuň ýüzüne seredip bilmedi. Soltangül bolsa Ogulbikäniň yzyndan gygyryp galdy:

—Sen it! Beýle ýüregiň awaýan bolsa, düwünçegiň eýesinem getiräý öýüňe!

—Gepleme, haýasyz! —diýip, Ogulbike duran ýerinden Soltangüle jogap gaýtardy. —Seniň geplemäge hakyňam ýokdur. Özüňi hödürläp, bir bendäniň maňlaýyny garaltdyň. Seň ýalynyň bagty-da çüwäýýä! Ýogsa Jemiläniň dyrnagyça barmy sen!

Şeý diýip, Ogulbike öýüne girip gitdi-de, Jemiläniň düwünçegini ogullarynyň birinden Döndä iberdi.

Soltangül bolsa agzy ýadaýança Ogulbikä gargyndy.

Jemiläniň ýollarda, dükanyň öňünde juda ejiz düşen ýagdaýda aýlanyp ýörmesini görüp durmak, hem adam üýşen ýerde ol hakda edilýän gürrüňleri diňlemek Ýusuba diýseň agyr düşýärdi. Ol soňky wagtlar obadan şähere göçmek hakda pikir etdi. Obanyň ýaş ýigitleriniň özüni üýşüp urmagy bolsa, onuň pikiriniň amala aşmasyny tizleşdirdi. Ol özüniň Jemile üçin urlanyny bilýärdi. Ol Jemiläni bütin obanyň gowy görýänini bilýärdi. Ol özüni uran ýetginjekleriň käbirini tanaýanam bolsa, olary milise-beýlekä salgy beribem durmady. Asyl, urlanyny hiç kime aýtmady. Keselhanada soranlarynda-da: «Gije işden gelýärkäm, nätanyş adamlar duşdy» diýip, jogap berdi.



***



Aýlar-günler kerwen gurap ötdi gitdi. Obanyň ýaşy ululary nobaty bilen düneden ötdi gitdiler. Ýusubyň ejesi Gülsoltan daýza-da, kakasy Gurban aga-da, Soltangülüň ejesi Ogulgül-de, Döndiniň gaýynenesi-de, Jemiläniň kakasy Abdy aga-da, ejeligi Täçjemalam. Garaz, köp adamlar... Sary serhoş-da ýogaldy. Uly nesliň ornuna onuň yzyndaky nesil süýşüp baryp durdy...

Sary serhoşuň öýünde Jemiläniň bir özi galdy. Onuň çaý-suwuna Sary serhoşuň ogludyr gelni seredýärdi. Jemile özbaşyna samrap, oňa-muňa aýlanyp, ahyry öýüne gelip ýatýardy. Ömrüniň ähli günleri meňzeş geçip durdy. Şol bir aýdýan aýdymyny käteler uzak günem gaýtalar oturardy.

Soltangül bolsa Ýusuba jemi sekiz çaga dogrup berdi. Ogul ýerine ogul, gyz ýerine gyz boldy. Ýusup çagadan gerk-gäbe doýdy. «Besdir! Indi çaga gerek däl, bes et dogurmaňy!» diýip, ol soňabaka Soltangülüň üstüne gygyrybam başlady.

Ýusubyň gykylygy Soltangülüň piňine-de däldi.

—Men günäkärmi, özüň günäkär —diýip, ol myşlap oturyşyna hikir-hikir gülerdi. Özem ýyl geçdigisaýy semräp, tüýs meşige dönüp barýardy. Alkymlary sallanyp, dodaklary bagyr kimin pakgardy. Bir saçagyň başyna çökse, galmasy ýokdy. Üst-başyna dökan-saçan edip, daşyna siňek üýşürer oturardy.

Soňabaka Ýusup ondan halys doýdy. «Nädip şuny aýal edindimkäm?» diýip, öz-özüne haýran galdy. Çaga bolan teşneligiň öz aňkasyny nähili aşyranyny ol şu wagt aňyp başlady. Ol Soltangüli tanyş-bilişlerine «aýalym» diýip görkezmäge utanýardy. Onuň bilen bir saçagyň başynda garbanasy gelenokdy. Naharyny aýry jaýda iýýärdi. Onuň gül ýüzli Jemilesi ýyl geçdigiçe ýadyna düşüp, ýüregini ezýärdi. Gijeler düýşünde ony bagryna basyp-basyp, ganmaýardy. Saçlaryny sypaýardy. «Men seni ne günlere salaýdym, Jemile jan» diýip, ýeke galan halatlary Jemile bilen hyýalynda gepleşýärdi. «Arman, önelgesiz bolduň-da. Men seni ömür zyňarmydym ýogsa».

Birdenem, ol klasdaşy Allamyradyň diýen sözlerini ýadyna salyp, pikir öwürýärdi. «Hana, kakam pahyr öldi gitdi. Onuň bir topar çagasam bar-da. Bizden oňa näme haýyr boldy? Hiç zat... Diňe ol ölýänçä «Gurban aganyň ogullary» diýdirdik. Biz ýogalamyzsoň, il arasynda «Gurban aganyň ogullary» diýen sözleri hiç kim agzamaz... «Pylanynyň ogly, pylanynyň nesli» diýen zatlaryň bary wagtlaýyn zatlar eken... Hemme zat wagtlaýyn... Munda baky zat ýok. Onda-da näme üçin adam pahyr şu wagtlaýyn zatlara imrinip, köplenç halatda kimdir birini ynjytmaly bolýarka?!»

«Kimdir birini» diýip, Ýusup içinden gaýtalady-da, «Iň mähriban adamsynam» diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Onuň göz öňüne ýene Jemile geldi. Onuň bagtly hem betbagt pursatlary ýadyna düşdi. Onuň hiňlenjiräp, biçäre ýagdaýda gezip ýören halatlaryny ýatlap, gözlerine ýaş aýlady. «Jemile jan! Nädip dözdümkäm seni şeýtmäge, Jemile! Ýaş bolupdyryn-a men. Gögele bolupdyryn-a». Birdenem, ýene ýadyna klasdaşy Allamyrat düşdi. «Ýok, men samsyk bolupdyryn. Meniň akylym köp zada çatmaýan eken». Şeý diýip, ol birsyhly özüni kötekledi. «Näme üçin Allamyrada berlen akyl maňa-da berilmedikä?!»

Ýusubyň çagalary iýermenjediler. Bir Ýusubyň aýlygy olary bol-telki ekläre ýetenokdy. Ýusup olaryň eklenji üçin hatda maşynynam satmaly boldy. Üstesine-de, çagalar iýip-içip, garynlaryny doýurýardylar-da, boguşmak, uruşmak bilen bolýardylar. Buýrulan işi etmeýärdiler. Hatda dükana gidip, ejelerine çöregem getirip bermeýärdiler.

—Men nä akylyma Alladan çaga diledimkäm? Şular ýalyň öýümde ýoklugyna näme üçin şükür edip gezmedimkäm?! —diýip, Ýusup käte çagalaryna käýýände agzyna gelenini diýip gygyrýardy. —Näme üçin men çagasyz geçmedimkäm?!

Çagalaryň gohy öýi göçüräýjek bolýardy. Gije, diňe olaryň bary uklansoň ýataýmasa, gündiz dagy Ýusuba uky alma ýokdy. Ululary Ýaran bilen Maksad-a ýigit ýetip, kakalaryna jogabam gaýtaryp ugradylar:

—Bizi halamaýan bolsaň, özüň gidiber-ow öýden, kaka! Biz köplük, sen bolsaň ýeke.

—Gepiň gelmesin-ow, kaka! Iňňildiňi bes et!

Ol her gezek ogullary bilen garpyşanda göz öňüne Jemile gelýärdi.

Ýusup bütin maşgalasy bilen ýene oba, öňki öýüne göçüp geldi. Ogullary ne mellek işine kömek edýärdi, ne-de mal-gara seredýärdi. Bir zat diýse-de, ýerli-erden:

—Gepiň gelmesin-ow, kaka!—diýşip, Ýusubyň ýüzüni alşyp durdular.

Ýusup gatyrak gidäýse, ogullarynyň özi bilen erjeşäýmekdenem gaýtmajakdyklaryny duýup durdy. «Siz diýip, gül ýaly aýalymdan aýryldym, haramzadalar. Bir hapysa ýoldaş boldum» diýip, olara içinden gargynýardy.

Ogullarynyň Ýusubyň aladasy bilen işleri ýokdy. Olaryň biri «Motor äber» diýip, kakasyna gün berenokdy, biri «tigir» diýip. Ýene birine delje eşik gerekdi, ýene birine del köwüş. Ýusup käte olardan gaçyp, başyny alyp gitmeli ýer bolsa, gitmäge taýýardy. «Adam pahyr «zürýat-zürýat» diýip, gül ömrüni kül etse-de, zürýat sylagy ene-atanyňkyça ýok eken» diýip, Ýusup häli-şindi pikir öwürýärdi. Soltangüli çagalar bilen ejesiniň mellegine iberäge-de, ýanyna Jemiläni alyp gelmegi ol kän gezekler ýüregine düwüpdi. Ýöne indi oňa beýtmäge Sary serhoşuň ogludyr Döndiniň rugsat berjek-bermejegini ol bilenokdy. Rugsat berlerinden berilmeziniň ýakynlygyny ol duýýardy.

Günleriň bir güni oba şum habar ýaýrady:

—Jemile ýogalypdyr!

Bu habar Ýusubyň ýüregini aşak gaçyrdy. Şol wagt ejesiniň bir wagt aýdyp beren rowaýaty Ýusubyň ýadyna düşdi: «Jan berýän pursady pahyrdan perişdeler sorarmyş: «Tabydyňy götermäge dört ogluň taýýarmydyr?» Ine, şonda pahyr bolan bendäniň ogly dört bolsa-ha, ol perişdeleriň ýanynda beýgelermiş. Üç, iki ogullynyňam buýsanjy bolarmyş, iň bolman, ýeke ogly bolanam kemsinmezmiş. Düneden ogulsyz öten bolsa, kemsinmekden ýere siňip barýamyş. Ol perişdelere: «Ogul ýokdur» diýenden, perişdeler ony saýyp-saýyp gidermiş. «Sen näme üçin dünýä ogul bermediň!» diýip.

Ýusup ajy habary eşidenden: «Ýogalansoňam jebir çekmeli boljag-ow ol pahyr» diýip, Jemilä ýüregini awatdy. Soňra ýaňy on sekiz ýaşy dolan ogly Maksat bilen on ýedi ýaşy dolan ogly Myrada ýüzlendi:

—Ýuwunyp-ardynyp, üst-başyňyzy tämizläň, Jemile ýogalypdyr. Ýaran, senem taýýarlan —diýip, soňra Ýusup Soltangülüň yzyna tirkäp gelen ogluna-da tabşyrdy.

—Şo-ol, däli aýalmy? —diýip, Ýusubyň ogullary onuň üstüni soragdan gömdüler. —Ýogalsa ýogalypdyr-da. Näme sebäbe oň üçin biz ýuwnup-ardynmal-aý!

Ýusup ogullarynyň ýeňsesine gezekli-gezegine şarpyk çalyp goýberdi:

—Basym boluň!

Kakalarynyň tüýsüniň bozukdygyna göz ýetiren ogullar düwdenekleşip, hammama tarap ylgadylar.

—Sen bu çagalary pata ýerine alyp gitmekçimiň? —diýip, Soltangül gykylyklady. —Ýaş-a bular heniz oň ýaly ýere giderden!

—Lal bol, senden gep soralanok! —diýip, Ýusup Soltangüle azgyryldy.

—Şolar-a gitmez! Seniň özüňem gitme! —diýip, Soltangül moýmuldap, Ýusuba ýakynlady. —Ogul gerek bolsa, özi dogurmaly eken ol süýtsüziň!

Jemiläniň indi bu dünede hiç haçan bolmajagyna gynanmakdan möňňüräýmekden zordan saklanyp duran Ýusup janynyň ýangynyna Soltangülüň agzyna-da ýumrugy bilen ýelmäp goýberdi.

Soltangül agzyny tutup, aglamjyrap, öe tarap gitdi.

Ýigitleriň üçüsem Ýusubyň yzyna düşdi. Ýusup baranda Sary serhoşuň öýüniň töweregi köçeler bilen adamdan doludy. Köçelerde ululy-kiçili maşynlar hatar-hatar bolup durdy. Bu görnüşe Ýusubyň gözowasyna ýaş ýygnandy. Soňra ýaş damjalary ýaňaklaryndan syrygyp gaýtdy. «Seni bütin obaň gowy görýär, Jemile jan! Seni hemmeler sylaýar! Diňe men sylamadym seni. Men haramzada boldum, Jemile jan! Men hemmelerden pes boldum! Sen meni dälilik hetdine ýetip söýseňem, men seniň söýgiňi basgyladym, Jemile jan! Bagyşla meni, ezizim!» diýip, Ýusup hyýalynda birsyhly Jemilä ýalbardy.

Ýusubyň baranyny görüp, misli, öňden garaşylyp oturylan ýaly, agyr märeke ýol açyp, oňa geçere maý döretdi. Ýusup ogullaryny hem-de ogullygyny erkek kişileriň arasynda galdyryp, giň eýwany tutup oturan aýallar mähellesiniň içi bilen agy sesi gelýän öe tarap ugrady.

—Armanly gitmeli bolduň, Jemile jan! Gözüňi açyp gitmeli bolduň-a! —diýip, Döndiniň zarynlaýan owazy has aýdyň eşidilýärdi.

Ýusup geçip barşyna aýallaryň:

—Gözünem ýumanok, görgüli. Ýusuba garaşýan bolaýmasa—diýşen geplerini gowy eşitdi.

Ýusup içeri girende, agy sesleri galyşyp, az salymlykça ümsümlik aralaşdy. Hemme göreçler Ýusuba dikildi. Ýusup düýbüne palta salnan çynar ýaly bolup, uzap ýatan Jemiläniň baş ujunda dyza çökdi-de, onuň maňlaýyny emaý bilen sypalady. Ýüzüne ýapylan ýaglygy galdyrdy.

—Günämi öt, Jemile jan, bagyşla meni. Gögele bolupdyryn men —diýip, agy gatyşykly sesi bilen pyşyrdady.

Jemile misli, uka giden ýaly bolup, kirpiklerini kirpigine gatdy-da, gözlerini ýumdy.

Ýusup möňňürip aglady-da, daşaryk çykyp gaýtdy. Aýallaryň agy sesleri onuň agysyny alyp göterdi.

Ýusup daşaryk çykyp, bir çete çekildi-de, maňlaýyny tutup, esli salymlap agysyny goýup bilmän oturdy.

—Etjegini edip, indiden soň aglan bolmasyna seret ol äteňenälediň! —diýip, kimdir biri hüňürdedi.

—Otur, gepleme! —diýip, ýoldaşy hüňürdäni köşeşdirdi. —Onuň ýerinde bolsa, hiç kimem nä alaç etjegini bilmezdi.

Edilmeli däp-dessurlar berjaý edilip, merhumyň soňky ýola atarylmaly müddeti geldi.

—Ogullary bar bolsa, merhumyň baş ujuna geçsin! —diýip, molla ýol salgy berdi.

Ýusubyň öwredişi ýaly, Maksat bilen Myrat Jemiläniň tabydynyň baş ujuna bardy. Ýusup bolsa Ýaran bilen aýak ujuny saklady.

—Çagalar ýaş öýdýän, aýrylaýsyn beýläk —diýip, ýaşulularyň biri Maksat bilen Myradyň ýüzüne seretdi.

Ýusup ara düşdi:

—Iň bolman, birküç ädim götersinler, atam, zat diýme!

Obadaşlar hem hatar gurap, ataly ogullara tekge berdiler.

Jemiläniň tabydyny eginlerine göterip, Myratdyr Maksadyň başyny çekip barýan mähelle ýer süýşen ýaly bolup, obadan saýlanyp ugrady...

Ýusup Jemiläni ýerläp gelensoňam, öýüne girip, uzak günläp aglady. Oňa ähli zat Jemiläni ýatladýardy. Onuň özünden gitmejek bolup, ellerinden ýapyşyp aglan ýerleri, aglap-aglap, ýalňyz özi ýatyp galan otagy, köçelere çykaryp, ony uran ýerleri... Nirä barsa, her bir zat Ýusuba Jemiläni ýatladýardy.

Soltangülüň garşylygyna bakman, bir gün Ýusup Jemiläniň suratyny ullakan portret etdirip, jaýyň töründen asyp goýdy. Jemiläniň peri mysaly suratyna baksa-da, nämüçindir Ýusubyň göz öňünde owadan, gül ýüzli Jemile däl-de, ejiz düşüp, köçelerde aglap ýören Jemile janlanýardy. Onuň zaryn aýdymy bolsa Ýusubyň gulagynda ýaňlanyp durdy, ýaňlanyp durdy:

—Öl agaçdan-eý hasyl öner,

Gury agaçlar-eý ýanar-söner.

Däli döwran-eý kime döner!

Geçdim ýana-ýana, begler!

Begler, begler-eý, jan-a, begler...

Günleriň bir günem Ýusup Soltangüle ýüzlendi:

—Men saňa ogullaryňy öermäge, gyzlaryňy çykarmaga kömek ederin. Sen çagalaryňy al-da, ejeň mellegine göç.

—Ýigrimi ýyllap ýaşaşyp, bu indi näme etdigiň boldy?! —diýip, Soltangül agzyndan ak köpük saçdy.

—Ýalan dünýäniň hilesine aldanyp, Jemiläniň özün-ä bagtly edip bilmedim. Onuň ruhuny bir şatlandyraýyn. Ol seniň bu öýde ýaşamagyňy islänokdy... «Ölä aýan—dirä güman» diýýäler. Belki, ol seniň bu öýden gideniňi bilip, indi bir razy bolsun menden! Onsoňam, anna agşamlary merhumyň ruhy ilki bilen ilkinji ojagyna aýlanarmyş. Goý, şonda Jemile yzyna närazy bolup dolanmasyn!

—Јh-ä! Heleýjigiňi unudyp bileňokmy?! Saňa şunça çaga dogrup beribem, men indi seniň üçin şo däli heleýçe bolmadymmy! —diýip, Soltangül şermendeligine tutdy. Agzyna gelenini diýdi.

Her zat diýse-de, Ýusup ony ejesiniň öýüne göçürdi. Öz ýanynda ogly Maksady alyp galdy. Şundan soň Ýusup diňe Jemiläniň ruhuny razy etmek pikiri bilen ýaşap başlady...
Soňy.
Awtor: Ogulsenem Taňňyýewa.
Okyjy myhman — Enkaň haýyşy boýunça paýlaşyldy...
31.01.2022, 08:12.

Edebiýat, Ahmedik_97 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir