GURY AGAÇ (Ogulsenem Taňňyýewa) #5
Enkaň haýyşy boýunça...
Bu gaýgy Ýusubyňam ýüregine ornady. Ýöne ol dymýardy. Ol öz Jemilesiniň bu pikir bilen horlanýanyny duýup ýörensoň, onuň aladasyny ýene artdyrmak islmedi. «Belki, däri-derman alsa, haýyr eder» diýip, öz göwnüne teselli berdi.

Jemile ýagdaýyny ilki bilen jorasy Gunça baryp aýtdy:

—Gunça jan, meniň maňlaýyma ene bolmak ýazylmadymyka?!

Şu çaka çenli özem çagasyz gezip ýören Gunça özüni göwnüçökgün tutanokdy. Onda ene bolmaga ynam mese-mälim duýlup durdy.

—Nämä alada edýäň, jora jan! —diýip, Gunça Jemiläniň bolşuna ýylgyrdy. —Göwnüňi giň tut! Allanyň nesipli güni bardyr.
Jemile has tukatlandy:

—Göwnüme bolmasa, Allanyň şol güni meň maňlaýymda ýok ýaly.

—Toba edeweri —diýip, Gunça jorasyna igendi. —Nesipli güni bardyr, işşalla!

Gunça soňra haýsydyr bir garyndaşlarynyň sekiz ýyldan soň, ýene bir tanyşlarynyň-da on üç ýyldan soň çagasynyň bolanyny aýdyp berip, Jemiläni birneme köşeşdirdi.

Jemiläniň önelgesiz gezip ýörenini Gülsoltan daýza-da diýseň alada edýärdi. Ýöne gelnidir oglunyň ýüregine agram salmajak bolup, bu hakda kelam-agyz gürlänokdy.

Günleriň bir güni Ýusup Jemiläni keselhanada ýatyryp görmegi niýetine düwdi. Muňa Jemile-de razy boldy.

Aýal doktorynyň: «Enelikden nyşan ýog-a däl ýaly» diýen sözi Ýusupdyr Jemile üçin «Buşluk! Ogluňyz boldy!» diýenden kem bolmady. Ýusup günüň-güni keselhananyň ýoluny torç etdi. Jemiläniň yzyndan irdenem bardy, günortanam bardy, öýlänem, agşam-da. Dynç alyş günleri keselhananyň töwereginden aýrylmady. Her baranda bir üýtgeşiklige garaşýardy. Şol bir sowalyny gaýtalaýardy.

—Doktor näme diýýär?

—«Alada etmäň, çaga bolar» diýýär —diýip, Jemile oňa doktoryň habaryny öwran-öwran gaýtalap berýärdi.

Jemile şeý diýende Ýusup ony bagryna basyp, pyrlaberesi gelýärdi.

Ýöne doktordan-da netije bolmady. Jemile alty aýlap, endam-jany eleme-deşik bolýança sanjym baryny alsa-da, onda enelikden nyşan görünmedi. Gelniniň ugruna indi ymykly çykmaly wagtyň gelendigine Ýusup düşündi. Ol Jemiläni işden-de çykardy. Tomus aýlary her ýyl Jemiläni alyp, kurortdan-kurorta, tebipden-tebibe at saldy. Olar bilen bile Gunçadyr Allamyrat-da gitdi. Dört klasdaş bolup barylmadyk ýer goýmadylar. Üç-dört ýyly şeýdip arka atdylar. Netije bolmady...

Şundan soň Jemile daňyny aglap atardy. Gündizler gussada boldy. Göwnüne bolmasa, indi ondan Ýusubam sowap barýan ýalydy. Öňler Ýusup gijelerine onuň saçlaryny sypap-sypap ukladardy. Ony bagryna basyp, içine dykaýjak bolardy. Häli-şindi oýanyp, Jemiläniň üstüne ýorgan çekerdi. Indi bolsa ol Jemile uludan-uludan dem alyp, horkuldap, aglap ýatanda-da oňa üns berenokdy. Aňyrsyna dönüp, düňderilip ýatardy. «Sen näme üçin uzak gije dik oturyp çykýaň?! Ýat» diýip, bir agyz-da aýdanokdy. «Meniň aglaýanymy bilmän-ä duran däldir!» diýip, Jemile Ýusupdan öýke edip pikir öwürdi.

Bir gün Ýusup işden soň öe öňki gelýän wagty gelmedi. Gijäniň bir wagty geldi. Lül-gammar bolup, özüne zordan erk edýärdi. Ony görüp, Jemiläniň zähresi ýaryldy. Ol serhoş erkek kişini ömründe ilkinji gezek görýärdi. Ýusup içerik ätländenem, aýak üstünde durup bilmän, düňderilip gitdi. Jemile hemaýat etmek üçin oňa topuldy. Köwşüni çykaryşdy. Gop berip, oturmaga hemaýat etdi.

Ýusup Jemiläniň aýaklaryna kellesini goýup, möňňürmäge durdy:

—Jemile jan! Senden näme üçin çaga önenok?

Bu sözler Jemiläniň ýüregini dilim-dilim etdi. Ol näme diýjegini bilmän, ilki Ýusup bilen deň aglady. Agysynyň arasynda nalyndy:

—Men nä bileýin! Alla janyň etjegidir-dä!

Ýusup agysyny goýmady. Özem şol bir sözlerini gaýtalady:

—Jemile jan! Senden näme üçin çaga önenok?

Ýusup şeýdip, Jemiläniň aýaklaryna kellesini goýup ýatyşyna, usurgap-usurgap, uklap galdy. Jemile sessiz gözýaş dökdi. Ýusup uklansoň, aýaklaryny onuň kellesiniň aşagyndan sogrup, Ýusubyň başynyň aşagyna ýassyk getirip goýdy. Düşege geçirmäge güýji ýetmänsoň, üstüne ýorgan atdy. Özem daň atýança onuň gapdalynda oturyp, Hudaýa ýalbardy:

—Alla jan, ogul berseňem, gyz berseňem, maňa-da ýekeje çagajyk beräý! —diýip, dyza çöküp nalady.

Ýusup irden oýananda Jemilä zat diýmedi. Özüniň näme üçin iş eşikleri bilen bosaganyň gapdalynda düşeksiz ýatanynam soramady. Çaý hem içmän, turup, işine gitdi.

Jemile keýpsiz ýagdaýda galdy. Nämä güýmenjeginem bilmedi. Içini it ýyrtdy. Melleginde güýmenen boldy. Eli işe barman, mellegindenem çykdy. Gapdalyndaky goňşusy Ogulbikäniň çagalarynyň oýnuna uzakdan syn salan boldy. Çagalar bir oýnaýardylar, bir sögüşýärdiler, gyzyl gyrandylar. Ogulbike käte:

—Gykylygyňyzy bes ediň, gyran degenler! —diýip, melleginiň içinden çagalaryna sögünýärdi. —Er ýuwdanlar! Sesiňizem ýer ýuwutsyn, özüňizem! —diýip, jagyl-da-jugul boluşýan çagalaryna gygyrýardy. —Bizar boldum sesiňizden!

«Alla jan! Saňa öwretme ýok!» diýip, Jemile goňşusynyň çagalaryny synlap oturyşyna içinden Alla ýalbardy. «Bereniň-ä döküp berýäň sen. Bermedigiňe-de ýekejesinem dözeňok. Näme üçin beýdýäň sen, Alla jan! Eger çagam bolsa, men oňa ýekeje gezegem sögmen. «Er ýuwutsyn!» diýen sözi dagy agzyma-da alman!»

Jemile birden: «Yrym üçin öýümde sallançak guraýyn» diýen pikire geldi. Şu pikiri tapanyna begendi. Mal daňmak üçin alnan ýogyn ýüpüň bir ujuny äpişgäniň el tutaryna, bir ujuny gyzyl gülli sandygyň aýagyna baglap, sallançak gurady. Çaga odeýalyny ýüpüň daşyna orap, olary ýogynrak taýak bilen berkitdi. Sallançak taýýar boldy. Onuň içine kiçiräk ýassyk bilen düşejik atdy. Soňam sallançagy gujaklap, ses edip:

—Sallançagym boş bolmasyn, Alla jan, ýekeje çaga beräý! —diýip, hamala gudraty güýçliniň gaşynda mysaly, aglap, ýalbaryjy nalady.

Aglap, gussasyny egsensoň, daşaryk çykyp, Ogulbike goňşusynyň iň kiçi ogly Merdanjygy:

—Seni sallançakda ýatyraýyn —diýip, alyp geldi.

Köp çagaly öýde itilip durlan çaga Jemiläniň özi hakda ýörite aladalanmasyndan gaçmady. Gaýtam, sallançaga salnyp, üwrelmesi oňa hoş ýakdy. Jemile agy gatyşykly, zaryn owazy bilen hiňlenip, Merdanjygy huwwalady. Merdanjyk ara salym salman, uka gitdi. Çagaly sallançak Jemiläniň öýüne bezeg boldy. «Eý, Allam, asyl, öýi owadan edýänem, adamy owadan edýänem çaga eken» diýip, Jemile birsyhly pikir öwürýärdi. «Şeýdip, meniňem sallançagymda öz çagam ýataýanda bolmaýamy!»

Jemile pikire batyp, kän oturdy. Ol goňşusy Ogulbikäniň geleninem aňşyrmady.

—Waý-eý, onuň bolup ýatyşyny, gyz! —diýip, Ogulbike öz oglunyň Jemiläniň sallançagynda uklap ýatyşyny hezil edip synlady. Çagalar «Merdany Jemile gelnejem äkitdi» diýensoňlar geläýdim...

—Gel-gel —diýip, Jemile pikirlerinden aýňalyp, oňa mürähet etdi. Hem Ogulbikäniň göwresine gözi düşende onuň ýene gabaryp ugranyny aňdy. «Munuň ýene aýagy agyr. Mende bolsa, birem ýok» diýip, içinden gynanç bilen pikir öwürdi. Göwnüne bolmasa, Ogulbike gaýşarylan bolup, özüne gabaryp ugran göwresini güjeňleýän ýaly duýuldy. «Bi-de maňa gabarýanyny güjeňleýä...»

—Uklanam bolupdyr! —diýip, Ogulbike öz oglunyň bolup ýatyşyna ýene jykyrdap güldi. Soňra Jemilä ýüzlendi. —Sen şuny ogul edin-de alaý, Jemile! Men-ä şulardan bizar bolupdyryn!

—Çynyňmy? —diýip, Jemile bar aladasyny unudyp, begendi. —Çynyň bilen, dokumentläp berermiň?!

—Çynym! —diýip, Ogulbike biperwaý gepledi. —Geregiň dokument bolsun!

Jemile Ogulbikäniň ogluny özüne hödürleýşine hem begendi, hem haýran galdy. «Menem çagam köp bolsa, şeýdip, ile-de hödürläp bilermikäm?» diýip oýlandy. «Çagaly adamlar şeýle bolýamyka?»

Ogulbike işiniň köplügini bahanalap, oturman gitdi. Jemile bolsa, Merdanjyga güýmendi. Ol oýanansoň, çaý demlendi. Merdanjyk bilen oturyp, çaý içdi. Çagany gujagyndan aýyrmady. Çagalarynyň keşigi bilen özüne eli ýetmeýän ejesinden beýle mähir görmedik Merdanjyk hem Jemiläniň ýanyndan gitjegem bolmady. Ol çaý içse, çaý içdi, işe güýmense, gapdalynda oýnady.

Ýusup agşam ýene giç geldi. Ýene içgili geldi. «Indi munuň-a işi gaýtjak» diýip, Jemile Ýusuba nebsini agyrdyp, pikir öwürdi.

Ýusup bu gün gapyda düňderilmedi. Sadylla bolup, yranjyrap durdy-da, soň töre geçdi.

—Munyň näm-aý? —diýip, sallançaga seredip, gaharlandy. Soňam Jemiläniň ýüregine pyçak bolup çümen sözi oklady. —Sallançagy ilki çaga dogrup, soň gurmaly!

Bu söze Jemile tisginip gitdi. Biri biline depen ýaly, büküljiredi. Gulagy şaňlap, başy aýlanan ýaly boldy.

—Yrym edip guraýdym, Ýusup jan! —diýip, pyşyrdady. —Çaga-da, belki, bolar-da!

—Ýok etsen-aý sallançagyňy, ýer tutup dur! —diýip, soňra Ýusup has-da azgyryldy. Özüni ýere goýberdi. —Çaga tapylsa, sallançak tapylar.

Jemile Ýusubyň gaşyna geçip oturdy. Gujagyna Merdanjygy aldy. Çaganyň saçlaryny sypady:

—Ýusup jan, biz şü, Merdanjygy özümize alaýaly?! Ogulbike ony bize berýä...

—Näme?! —Ýusup Jemiläniň ýüzüne soragly bakdy-da, soňam loh-lohlap güldi. —Ogulbikäniň çagasyny men näme edeýin! Bar, äkit, öz çagasyna onuň özi seretsin!

—Ol bize ogullyga berýä Merdanjygy! Alaýaly, hä, Ýusup jan?!

—Bar, äkidip gel! —diýip, bu gezek Ýusup agras gepledi. —Basymjak äkit.

Jemile Merdanjygyň elinden tutup, daşaryk ýöneldi. Gözlerinden paýrap ýaş döküldi. Çagany yzyna tabşyrmaly bolanyna diýseň gynandy. Baryp, Ogulbikä çagany Ýusubyň kabul etmeýänini aýdyp bilmedi.

—«Ejä gitjek» diýip dur —diýip, ýalan sözledi.

—Wiý, şeýlemi? —diýip, Ogulbike göwnüne hiç zat getirmän, çagasyny alyp galdy. Keýpsiz Jemiläniň yzyndan gygyryp, göwünlik berdi. —Alada etme, Jemile jan, Alla saňa-da berer bir nesipli gün!

Jemile kellesine taýak degen ýaly bolup, yzyna dolandy. Ýusup şol bir oturyşy ýaly otyrdy.

—Çaý-çörek getireýinmi? —diýip, Jemile ondan eda bilen sorady.

—Otur şu ýerde! —diýip, Ýusup Jemilä kellesi bilen ümläp, ýer görkezdi.

Jemile onuň görkezen ýerinde çökdi:

—Näme, Ýusup jan?!

—Maňa Ogulbikäniň-ä däl, öz jigim Ahmediň çagasy-da gerek däl, Jemile, düşündiňmi? —Ýusup uludan dem alyp gepledi. —Maňa diňe öz neslim gerek. Men bu dünede hut öz neslimiň galaryny isleýän!

Jemile ýene gözlerinden paýradyp ýaş dökdi:

—Bu ýerde men günäkärmi, Ýusup jan?!

Ýusup ellerini kellesine tutdy:

—Bilemok. Men hiç zady bilemok! Men ýekeje zady bilýän, şu dünede Ýusupdan-da nesil galmagyň hökmanlygyny bilýän! «Ýusubyň çagasy» diýen sözi eşitmek isleýän men, Jemile!

Jemile möňňürip, ýerinden turdy. Soňam beýleki jaýa geçdi. Ol ýene daň atýança aglap çykdy. Irden Ýusup işe şaýlanýarka, maşynyň sesine daşaryk çykdy.

Ýusup onuň aglap pökgeren ýüzüne, gabaklaryna nazaram salmady.

—Gelýänçäm sallançagy aýryp goý! —diýip, onuň adyny tutman aýtdy-da, soňam işine gitdi.

Jemile sallançagy öli ugradýan dek bolup, aglap-aglap aýyrdy. Ýüreginden daş asylan ýalydy. Uzakly gün iýmedem-içmedem. Süýndi ýatdy. Daşarda, eýwanda, diwaryň ýüzündäki çüýden asylyp goýlan, kiçijik radiodan bagşynyň aýdym aýdýan sesi eşidilýärdi. Aýdym yzyna aýdym ýaňlansa-da, olaryň birem Jemiläniň gulagyna ilenokdy. Bir aýdym welin hut onuň özi üçin aýdylan ýaly boldy:

—Öl agaçdan-eý hasyl öner,

Gury agaçlar ýanar-söner!

Däli döwran kime döner!

Geçdim ýana-ýana, begler!

Bu aýdym Jemile üçin aýdym däl-de, agy ýaly bolup eşidildi. Misli, radioda bagşy aglaýan ýalydy.

Aýdym Jemiläniň ýüregini ezdi. Ol sesiniň ýetdiginden möňňürip-möňňürip aglady. Ýusubyň soňky günler towlanjyramasyna ol düşünip ugrady. Çagasy bolmasa, Ýusubyň özüni saklamajagyny aňdy. «Indi men onsuz neneň edip ýaşaryn!» diýip, gaýtalap-gaýtalap aglady. Hut biri bilen gürleşýän ýaly, sesli gepleýärdi. Samraýardy. «Ýusup bolmasa, ölerin men, ölerin!»

Agşam Ýusup ýene içip, gijäniň bir wagty geldi. Goňşy-golam ýatypdy. Bu gezek ol däliräne döndi. Jemiläni süýräp, köçä çykardy. Urdy, itdi, süýredi. Jemile ol näme etse-de, çydady. «Ýusup jan» diýip gygyrmadan başga zat etmedi. Olaryň gohuna goňşularyň ählisiniň çyrasy ýandy. Olaryň käbiri Ýusup bilen Jemiläniň gohuna äpişgeden jyklap seretdiler, käbiri käçä çykyp, syn saldy. Ýöne olaryň ýanyna «Bes ediň!» diýip, hiç kim gelmedi. Ýusup bolsa:

—Sen näme üçin çaga dograňok? Sen näme üçin çaga dograňok? —diýip, Jemiläni urmak urdy. Jemiläniň üst-başy çaň-tozana garyldy.

Ýusup ahyry, ony urup-urup, keýpden çykansoň, öýüne girdi. Jemile-de onuň yzyndan girdi.

Jemile indi bolmajagyna düşündi. Ýusubyň özüni kowjak bolýanyna düşündi. Ýöne ol gitmek islänokdy. «Goý, urup-urup, öldürsin. Soň öýlenibersin!» diýip, pikir öwürdi. Durmuşyň agyr şarpygy sebäpli, ýüregi hem beýnisi doňan Jemile özüniň aglamagynam ýerliksiz hasaplady. Indi hemme zada garaşybermelidigine özüni ynandyrdy. Gunçanyň Ýusupdan hat getiren gijesini ýatlady. «Näme üçin şol hat maňa ýazyldyka? Näme üçin şol hat maňa ýetdikä?» diýip, özüniň Ýusuba durmuşa çykanyna puşman etdi. «Söýginiň nämedigini bilmän, öweý enemiň gapysynda ot çekip, ömrümi ötüren bolsam bolmaýamy!» diýip, öwran-öwran pikir öwürdi. «Ýusup başga gyzy söen bolsa bolmaýamy! Söýginiň nämedigini bilmän ötsem bolmaýamy!»

Ol pikire batyp ýatyşyna, ahyry uka gitdi. Irden kimdir biriniň saçyny sypaýanyna gözüni açdy. Ýanynda gaýgy-gama batyp, Ýusup otyrdy. Munça urlandan soň, Jemile Ýusubyň öz saçlaryny sypamasyna ynanyp bilmedi. Kineden onuň gözlerinden paýrap ýaş döküldi-de, aglamadan çişen ýüzlerinden ýol ýasady. Ýusup onuň gözýaşlaryny aýalary bilen süpürdi. Özem pyşyrdap, oňa ýalbardy:

—Jemiläm, bagyşla... Agşam öz akylymda däldim... Akylym ýerinde bolsa, heý, men saňa barmak batyrjak adammy!

Bu sözlere Jemiläniň Ýusupdan doňup duran ýüregi günüň howruna çydam etmedik gar kimin, pagyş-para eredi. Јhli kinesi düw-dagyn boldy. Ol hut şu pursatda Ýusuba düşündi. Ýusubyň bu gohlary özüni ýigrenmekden däl-de, perzentsizlik jebrini çekip bilmeýänliginden edýändigine düşündi. Ýerinden galdy.

—Sen günäkär däl, Ýusup jan. Men senden birjigem gaty göremok —diýip, Jemile Ýusubyň öz gözýaşlaryny sylýan elini eline aldy. Oňa dodaklaryny ýetirdi. —Men günäkär, ezizim...

—Ýok, sen günäkär däl —diýip, Ýusup Jemiläniň alyn saçlaryny timarlady. —Sen günäkär däl... Düşünýän-ä men bu zatlara...

Jemile birden başyny Ýusubyň dyzlaryna goýdy-da, horkuldap, aglamaga başlady:

—Ýusup jan, indi men şeýdip, ene bolman ötäermikäm?!

Ýusup onuň başyny galdyrdy:

—Aglama, Jemiläm, hemmesi gül ýaly bolar. Alla bardyr.

Edil şol pursat gapa ýeňil maşyn gelip durdy. Ýusup bilen Jemile daşaryk çykdylar. Maşyndan Gülsoltan daýza, Gurban aga, Jemiläniň dogany Döndi, Ýusubyň jigisi Ahmet düşdi.

Ýusup bularyň üýşüp gelmesiniň sebäbini aňdy. «Eýýäm agşamky gohy ýetiripdirler-ow. Tüweleme, gybat-gürrüňe zor adamlar bar-ow!» diýip, ol pikir öwürdi.

Gülsoltan daýza dessine Jemiläni gujaklap, onuň ýüz-gözüni süpürişdirdi. Ýusuba haýbat atdy:

—Ene ýekeje gezek şu çaga barmajygyňy batyraýsaň, eddil eliňi döwerin! Çagasy bolmasa-da, şuny urdurjagam däl, kowdurjagam däl. Çaga gerek bolsa, hana, al, Ahmet janyň ogullarynyň birini. Öz ataň nesli. Keseki däl.

—Sen-ow, eliňi kän süýndürme! —diýip, Gurban aga-da ogluna haýbat atdy. —Jemile urulmaly çaga däldir!

Döndi bolsa Jemiläniň gününe gynanyp, sessiz gözýaş dökdi durdy.

—Alaý-how meň ogullarymyň birini, men berjek —diýip, Ahmedem Ýusuba ýüzlendi. —Saňa meňzäbem dur şolar... Beýdip ile gürrüň bolup ýörme, gije oba ýaň salyp!

Ýusubyň kalbynda ejesine-de, kakasyna-da, jigisine-de gaýtargy bardy. Ýöne ol Jemiläni gynandyrmajak bolup, hijisine zat diýmedi. Özem bu ýerden basymrak saýlananyny kem görmedi. Sesini çykarman, maşynyna münüp, işine gitdi.

Jemiläni köşeşdirip, gaýynlarydyr Döndem gaýtdy.

Agşam Ýusup ýene gijäniň bir mahaly içip gelip, Jemilä ýapyşdy. Ony köçä çykaryp, kowdy, urdy.

—Sen näme üçin çaga dograňok? —diýip, sesiniň ýetdiginden gygyrdy.

Ertesi ýene Jemilä ýalbaryp, ötünç sorady. Ýene Gülsoltan daýzadyr Gurban aga gelip, Ýusuba käýýäp gitdiler. Hatda Gurban aga eline ýarty kerpiji alyp, Ýusuby urjagam boldy.

Her zat etselerem, Ýusup endigini goýmady. Ol günde gije içip gelip, Jemiläni urýardy, irdenem ötünç soraýardy. Jemile soňy bilen Ýusubyň geler uçurlary beýleki jaýa girip, içinden gulplap oturdy. Şeýdende-de Ýusup gapyny depip-depip, oňa agzyna gelenini sögüp, gijesini geçirdi.

—Bolmasa, sen meňkide ýaşa —diýip, Gülsoltan daýza Jemilä ýalbaryp gördi. —Belki, Ýusubam soňy bilen köşeşer...

—Aý, ýok, öldürýänem bolsa, şu ýerde ýaşajak —diýip, Jemile gaýynenesi bilen ylalaşmady. —Meni diňe ölemde äkiderler Ýusubyň ýanyndan!

Ýusup içip-içip, bozulyp barýardy. Munuň öňüni almagyň gerekdigine Gülsoltan daýza-da, Gurban aga-da düşünýärdi. Bir gün olar seri sagka Ýusuby ýanlaryna çagyrdylar. Ahmediň ogullarynyň birini Ýusubyň adyna geçirmek barada maslahat etdiler.

—Gerek däl! —diýip, Ýusup olar bilen razylaşmady. —Men öz neslimiň ýörärini isleýän...

Gülsoltan daýzadyr Gurban aga-da oňa näme çäre etjegini bilmän, bialaç bolup galdylar.

Öz durmuşyna Ýusubyň özi-de nä alaç etjegini bilenokdy. Öz bolup ýörşüne özi-de düşünenokdy. Öňler onuň gözüne Jemileden özge gelinler ilmezdi. Onuň Jemilesi bütin obanyň gelin-gyzlaryndan saýlanyp durdy. Boý ýerine boýy bardy. Onuňky kimin owadan hem janalgyç göz-gaşy, birgeňsije gunça mysaly dodaklary, alma ýaly ýaňaklary Ýusup hiç gelin-gyzda görmeýärdi. Hatda görmeksizräk gelinli ýigitlere haýran galýardy. «Görmeksiz aýal bilen nädip ýaşaşyp bilýärkä?» diýip, pikir ederdi.

Ol aýallaryň nähilisiniň owadan bolýanyna, mähirli görünýänine indi düşünýärdi. Indi Ýusup üçin eli çagaly aýallar owadan görünýärdi. Olaryň sölpüldäp, ebtini agdyryp barýanlaram, köýnekdir gyňaçlaryna kir siňenlerem, çyrlap-çyrlap sögüp gygyrýanlaram, köne galoşyndan aýaklarynyň çory görnüp, çagasynyň elinden tutup, idenekledip barýanlaram Ýusubyň gözüne owadan hem bir geňsi bolup görünýärdi. «Ýa hakyky mähir gelin-gyzlara diňe ene bolandan soň siňýärmikä?» diýip, ol pikir öwürýärdi. «Näme üçin meniň Jemiläme şeýle bagty dözmediň sen, Allam!» diýip, ol käteler Hudaýa nalyş edýärdi.

Bir gün ony klasdaşy Allamyrat myhmançylyga çagyrdy. Allamyratdyr Gunçadan-da henizem çaga önenokdy.

Ýusup baranda Allamyradyň bir özüdi. Gunça atasy öýüne gidipdi. Iki klasdaş bolup, ilki çaý-suw içdiler. Soň gürrüňçilik başlandy.

—Sen Jemiläni harlaýamyşyň diýip eşidýän —diýip, Allamyrat ahyry özüniň Ýusuby näme üçin çagyranyny duýdurdy. —Şo hakda gürleşeýin diýdim.

Ýusup birbada näme diýjegini bilmän, başyny aşak saldy. Allamyrat dowam etdi:

—Jemile harlanmaly maşgal-a däldir, dost! Sen öňler ony nähili gowy görýädiň?! Ýadyňa düşýämi, okaýarkak, saçyna çenli darap berýädiň-ä!

—Men ony häzirem gowy görýän! —diýip, Ýusup pessaý gürledi. —Ýüregimem awaýa oňa.

—Häzir gowy görýäniňe men-ä ynanamok, dost —diýip, Allamyrat gönüledi. —Bütin oba siziň gürrüňiňizi edýä. «Ýusup her gün agşam köçede Jemiläni ýençýä» diýýäler. Utanaňokmy?! Nädip dözýäň Jemile ýaly gelni urmaga! Öň ony Hudaýyň urany azmy?!

Ýusup dostunyň igençlerine çydaman, çilim otlandy:

—Özümiň telek iş edýänimi soň bilýän —diýip, müýnli gepledi. —Içgilikäm... ýatdan çykaýýa...

—Men bilýän seniň nämä janyňy ýakýanyňy —diýip, Allamyrat Ýusubyň göreçlerine seretdi. —Sebäbi seniň derdiň meniňem başymda bar. Hana, görüp dursuň, Gunçadanam çaga önenok. Ýöne men ony urmag-a beýlede dursun, onuň ýanynda önelgesizlik hakda dilem ýarmakçy däl. Görnüp duran zat hakda dil ýarmak nämä gerek! Haçan onuň özi çaga küýsese, alaýsyn islän ýerinden.

—Çagasy bolmasa-da, sen ony kowjagam dälmi? —diýip, Ýusup haýran galyp sorady.

—Men onsuz ýaşap biljek däl, sebäbi men ony hakykatdanam gowy görýän. Gunçasyz durmuş meniň üçin puç —diýip, Allamyrat jogap berdi.

—Sen onda söýgi-söýgi diýip, nesilsiz ötäýjeg-ow düneden?! —diýip, Ýusup Allamyradyň bolşuna haýran galdy.

—Meniň atamyň nesli dowam edip dur —diýip, Allamyrat arkaýyn gepledi. —Jigimlerimde, doganlarymda çaga ýetik. Hemmesem meniň atamyň dowamy... Gerek bolsa, şolaryň birini alaryn... Düneden giden wagtyň gapyňy açyp oturmaga biri bolsa bolýa-da. Çaga dogurýan aýal aljak diýip, men ömrümi söýgüsiz ötürip bilmen!

—Ýok! Men seniň ol pikiriň bilen ylalaşamok —diýip, Ýusup Allamyrada garşy çykdy. —Men il arasynda «Ýusu-byň çagalary. Ýusubyň nesli» diýen sözüň ýöränini isleýän.

—Birinjiden-ä, sen bir çagany alyp, ony öz adyňa geçirseňem, il oňa «Ýusubyň ogly, Ýusubyň nesli» diýer —diýip, Allamyrat öz sözüni bek tutdy.

—Hakykatda welin, ol barybir, meniň neslim bolmaz —diýip, Ýusup Allamyradyň sözüni böldi. —Onuň gany meňki bolmaz.

—Ine, seniň damaaryňda kimiň ganynyň urýanyny, seniň kimiň neslidigiňi il bilýämi häzir!—diýip, Allamyrat hem Ýusuba ýeň bermedi. —Seniň özüň ataňdan öňki ata-babalaryňy tanaýarmyň? Asyl, bilmänjik geçäersiň...

—Bu zatlar saňa nämä gerek?!

—Ine, bizem şeýle... Biziň adymyz ýörese, üç arka ýörär. Diňe ogluň, agtyklaryň, çowluklaryň diýer «Biz Ýusubyň nesli» diýip... Galan nesilleriň ýadyna sen düşmersiňem...

—Maňa bolýa şonça nesil ýatlasa... —diýip, Ýusup dostunyň dawasyndan ýadap, gaharlandy. —Sen gepi uzaldyp oturma-da, aýtsana esasy aýtjak zadyňy...

—Aýtjak bolýan zadym şü, sen nesil diýip, Jemile ýaly maşgalany harlama. Durmuş ýanyňda gowy görýäniň barka süýjüdir, ýüregiň almaýan adamsy bilen ýaşamak kyn düşer diýjek bolýan. Ile gürrüň bolup, maşgalaňy dargatma diýjek bolýan...

—Men seni gowy görýän, dost —diýip, Ýusup gaharyndan ýaňa çiliminden dişlerini geçiräýjek boldy. —Ýöne biri-birimiziň maşgala durmuşymyza goşulmaly, bolýamy?!

Şeý diýip, ol gaýtmak üçin ýerinden turdy.

—Sen öz söýgiňi «Ýiti gyzyl tiz solar» etjeg-ow onda? —diýip, Allamyrat hem ýerinden turup, oňa ýene sowal berdi. —Sen Jemiläni nähili gowy görýädiň! Bütin obanyň gürrüňi siz hakdady. Indi bu zatlaryň baryny ýalana çykaraýjakmy sen?!

Ýusup Allamyrada:

—Sag bol—diýdi-de, daşaryk çykdy. Onuň sowallaryna bolsa jogap bermedi.

Allamyrat onuň yzyndan garap galdy.

Bu wagt Allamyradyň sözleri, diýen zatlary Ýusubyň gulagyna-da ilenokdy. Gaýtam ol öz ýanyndan Allamyrady samsyk saýdy. «Söýgi diýen bolup, nesilsiz geçjeg-ow ol paňkelle» diýip, içini gepletdi. «Nesilsiz durmuşdanam bir durmuş bolarmy!»

Ol diňe ogully bolmagyň höwesi bilen ýaşaýardy. Ýöne Jemiläni näme etjegini bilenokdy. Jemiläniň özüni gowy görýänine düşünýärdi. Onuň özünden aňsat aýrylmajagyny-da bilýärdi. «Aýal tapsam bolýa, her zat ederin, aýraryn» diýip, öz-özüne göwünlik berýärdi. Özem günsaýyn Jemileden sowaşýardy. Indi Ýusuby Jemiläniň owadan keşbem özüne çekenokdy, syratam. Ony görse, gahary gelýärdi. Çagasy bolmaýanlygy üçin ol Ýusubyň gözüne aýal däl-de, eşik geýdirilip goýberilen garantga mysalydy.
Dowamy bar.

Edebiýat, Ahmedik_97 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir