ARWAH GELÝÄN GIJESI (Ogulsenem Taňňyýewa) #21
Jemleýji bölüm.
Enkaň haýyşy boýunça...
— Ýok — diýip, jogap berdi-de, Aýnabat daýza pikire batdy. — Onuň kellesi üýtgedi ahbeti, Näzik.
Näzik daýza gazaply pyşyrdady:
— Soň düzeldi ahyr! Näçe ýyl bäri seri sag-a onuň. Ýekeje gezek ýa Emir ýa-da Gülälek hakda söz açasy gelmedi. Goňşyň iti ýitse-de, soralýandyr-a.
Aýnabat daýza Näzik daýzanyň näme diýjek bolýanyny aňdy:
— Şu çaka üns bermeýşimizi diýsene muňa, Näzik. Sen Öweze göwün garaltjak bolýaňmy?
— Şu çaka çenli biziň gözümiz gapyk, aňymyz doň bolupdyr, Aýnabat. Elbetde, hasap-hesipler üçinem ýörite nesipli gün bardyr-da. Kim aň ýetiripdir bu düşnüksiz dünýä?! Bu gije bir gudrat bilen çagalarymyzyň başyna düşen ahwalata göz ýetirer ýaly, biziň aňymyz oýandy, Aýnabat. —Näzik daýza şeý diýip, has janykdy. — Göwün garaltma-ha däl, daň atsa bolýa. Göni baryp, Öwez bilen gepleşjek. Aýjahanam gaty görse, görüp geçsin! Emir jan bilen Gülälegiň heläk bolmagynda hökman Öweziň eli bardyr, Aýnabat. Ine, görersiň. Heý, ýigrimi ýyllabam bir dul degşir klasdaşyň niredeligini soraman bolarmy?! Üns berýäňmi sen şoňa?! Şonuň meňk-ä-de, seňk-ä-de gelmäge ýüzi ýok. Heý, şol ýeke gezek gapyňdan bardymy?! Baran däldir. Meňkä-de gelenok. Sebäbi çekinýän bolmaly. Bizi gören çagam birhili, sussy peseliberýär-ä şonuň.
Aýnabat daýza ýakasyny tutdy:
— Şu wagt sen aýdýaň welin, hakydama gelýä bolşy. Näme üçin bu zatlar öň biziň aňymyza gelmedikä? — diýip, Aýnabat daýza ýene şol bir sözlerini gaýtalady. Birdenem Näzik daýzanyň Öweze göwün garaltmasyna garşy çykdy. — Beýle bolmaly-la, gyz, Näzik. Ol Emir bilen Gülälege näme bolanyny ejesinden eşidendir-de, oňandyr. Sorap, biziň derdimizi gozgamajak bolandyr-da.
Näzik daýza Aýnabat daýza bilen ylalaşmady:
— Ejesinden eşidende-de başga kişi bolan bolsa, soraman oňup bilmez. On ýyldan, on bäş ýyldan sorardy welin, sorardy. «Şol wagt ýagdaýym bolmady» diýip, iň bolman, düýn sorasyn, öňňün sorasyn. Bizi görende müýnürgemesi näme onuň?! Sen näme etseň, şony et, daň agardygy, men-ä baryp, Öwez bilen egri oturyp, dogry sözleşjek. Bu gijeki ýaly düýş bize ýöne ýere görünýän däldir. Çagalarymyzyň bize ýetirip bilmän ýören ahydyr, ol, Aýnabat! Armandyr... Bu dünede öňde-soňda açylman galýan syr bolmazmyş-a...
Aýnabat daýza bu bolýan zatlara näme diýip, näme aýtjagyny bilmän, pikire çümüp, dymdy. Şol pursat Aýjahan daýzalar tarapdan galmagally, agy sesleri eşidildi. Aýnabat daýza bilen Näzik daýza donlaryny başlaryna atyşyp, daşaryk çykdylar. Derwezäniň gabadyndan Aýjahan daýza bilen Güljeren maňlaýlaryna urşup, tasaşyp geçip gitdiler. Olar aldygyna aglaşýardylar.
— A gyz, Aýjahan, eýgilikmi? Näme boldy? — diýip, Näzik daýza Öweze bolan gaharyny basyp, goňşusynyň yzyndan gygyrdy.
Aýjahan daýza ylgaşlap barşyna, aýak çekmän, nalynjyrady:
— Şu gün bagtymyz ýatdy öýdýän. Öýde Öwezem ýok, Gülälegem. Ol, biýzden tikilen köýnek artybam ýok. Düýşümde Öwez Gülälegi şol artyba salyp, kanala atýamyş. Nireden gözlejegimizi bilmän, ilki bir kanalyň boýuna baraýaly diýip barýas.
Aýjahan daýzanyň bu sözlerine Näzik daýza bilen Aýnabat daýza birhili boldy.
— Hi-wi... — diýip, Aýnabat daýza nädip dillenenini bilmän galdy. —A gyz, Aýjahan, şol düýşi menem gördüm, gyz, Näzigem görüpdir...
Aýnabat daýzanyň sözüni Aýjahan daýza eşitmedi. Ol ylgaşlap, eýýäm esli ara baran gelniniň yzyndan ýetmek üçin öňe atyldy.
— Degme, bu wagt olara gep düşündirip bolmaz — diýip, Näzik daýza Aýnabat daýzanyň ýeňinden çekdi. — Bularam hut biziň gören düýşümizi göräýdimikäler?! Görsene bu bolýan zatlary. Şol bir düýş hemmelere aýan bolýar...
«Ýör» diýilmese-de, Aýnabat daýza bilen Näzik daýza-da Aýjahan daýza daga ýoldaş bolmak üçin olaryň yzyndan ýöräp ugradylar. Esli ara ýetensoň, Aýjahan daýzanyň demi-demine ýetmän, biraz badyny saklady. Demini dürsemek üçin, çommalyp oturdy. Onuň yzyndan derrew Näzik daýza bilen Aýnabat daýza bardy. Olar öz deňine gelende Aýjahan daýza düneden näumyt halda özbaşyna gepledi:
— Ol, başymyza sataşan artybyň ahyr bir belanyň üstünden eltjegini bilýädim. Hakyt düýşümde Öwez hol, kanalçylaryň taşlap giden beton öýjagazynda öz gyzynyň namysyny basgylap, kanala atýamyş. Hudaýym, bu görlen ahwalat ýalan bolaýbilseýdir. Düýşde görülýän zatlaryň ters çykýan wagty-ha köpdür özün-ä.
Aýjahan daýza şeý diýip, ýerinden diklendi-de, ýene-de gelniniň yzyndan ylgaşlap gitdi.
Aýjahan daýzanyň «Başymyza sataşan artyp»diýip sögünmesi Näzik daýzanyň ýüregine ýakmady. Aýjahan daýzalara her annada göze görünmän gelip, azar beren güýç Näzik daýza üçin gowy bir zat ýaly bolup duýuldy. Oňa agramly söz diýenlerini islemedi. Öz pelsepeleri bilen gümra bolan Näzik daýza Aýjahan daýzanyň yzyndan: «Aryny alandyr-da» diýip gygyrmak isledi. Zordan dilini dişläp ýetişdi. «Hiç bir zat bilmezden, öňem aladaly goňşynyň göwnüne degip barýan-la men, toba!» diýip, içini gepletdi. «Şeýtan alyna gitseň, seni her ýoldan eltäýjek!»
Näzik daýzanyň näme hakda pikir edýänini duýan dek, Aýnabat daýza goňşusynyň ýüzüne soragly bakdy:
— Näzik! Aýjahan daýzalara göze görünmän gelýän zat ýa-da Emir janyň ruhumyka? Ol ar almaga gelýän bolaýmasyn?!
Aýnabat daýzanyň bu sözlerine Näzik daýzanyň ýüregi endiräp gitdi. Ol uludan dem aldy:
— Nä bileýin-dä, Aýnabat... Şol zat Aýjahan dagyny aljyradyp ýörkä meniň ýüregim-ä birhili, ýakymly duýgy çökýän ýaly bolýady. Kim göz ýetiripdir bu dünýä... «Erde jeset ýatsa-da, ar ýatmazmyş» diýýäler... Ar adamyny hiç wagt sypdyrmazmyş...
Ylgap barýan Aýjahan daýzanyň yzyndan maýdalyna ädim urup, goňşular dymdylar. Näzik daýza: «Aýjahana düýşleriň oraşan görnüp, düýşdäki zatlara käte oýalykda-da sataşylýandygyny aýdaýsammykam yzyndan ýetip?» diýip, pikir öwürdi. Soňam goýbulsun etdi. Bu ýagdaýda onuň bilen erjeşip oturmagy uslyp bildi.
Goňşular kanalçylaryň goýup giden jaýjagazynyň ýanyna baranlarynda ýagyş hem ýagmasyny goýdy. Daň agaryp, töwerege ýagtylyk çaýyldy. Güljeren kanalyň boýunda oturyp, ses edip aglaýardy. Bir gyradaky hyşanyň düýbünde akjaryp, uly biýz halta görünýärdi.
— Enesi! Adam çagyr! Öwezem şu taýda, Gülälegem! Bularyň eýýäm boljagy bolupdyr! Bagtymyz ýatdy, enesi-i! — diýip, Güljeren öz ýanyna ýetip barýan Aýjahan daýza aglap gygyrdy.
Aýjahan daýza adam çagyrmak üçin yzyna atyldy. Näzik daýza bilen Aýnabat daýza Güljereniň ýanyna bardy. Halta pisint biýz köýnekden gyzyň ak injikleri çykyp durdy. Öweziň jesedi bilen içi Gülälekli, halta pisint ak köýnek ullakan gamşa direlip durdy.
Güljeren ýüzüni ýola tarap tutup oturyşyna gözlerini ýumup, kellesini elleri bilen tutup, başyny ýaýkap aglaýardy. Aýnabat daýza bilen Näzik daýza merhumlary çykaryşmaga güýçleriniň ýetmejegini bilip duransoňlar, derdi ýetik Güljerene-de azar berip durman, beton jaýjagaza tarap dolandylar. Adamlara şol ýerde garaşmagy ýüreklerine düwdüler.
— Heý, toba-a! Agşamky gören düýşümizde bolan zatlar huşda-da amal bolaýypdyr— diýip, Aýnabat daýza ýakasyna tüýkürdi. — Daş edewersin, tüf-tüf! Öwez pahyryňam boljagy bolupdyr...
— Hawa-la, gulak eşitse-de, göz görmesin. — Näzik daýza-da goňşusynyň edenini gaýtalap, ýakasyna tüýkürdi. — Men-ä ol pahyr bilen gepleşjek bolup durdum... Gepleşmäge-de ýetişmedik...
Beton jaýjagazyň öňünde olaryň gözüne ilki bilen ilen zat Gülälegiň ýagşa ezilip, palçyk bolup ýatan geýim-gejimi boldy. Iki goňşy Gülälegiň eşiklerini görüp, ýene ýakalaryny tutdular. Seslerini çykarman, biri-birine gözleri bilen düşünişip, baş atyşdylar. Düýşde görlen ullakan daş hem bir çetde togalanyp ýatyrdy. Beton jaýyň çüňkünde saralyp, guma siňip giden gazet Näzik daýzanyň ünsüni özüne çekdi. Onuň şol gazeti elläp göresi geldi. Üstüne düşen gumlary elleri bilen itişdirip, gazeti galdyrdy. Şol pursat çüýräp, pytrap giden gazet kagyzyndan patlap, ýere bir tahýa gaçdy. Ony Aýnabat daýza-da gördi.
—Tahýa—diýip, ol gorky bilen seslendi. Tahýany eline aldy. Ýerde ýatan tarapy zaýalanan bolsa-da, tahýanyň ýokary ýüzi abatdy. «Emir» diýlip, ak sapak bilen keşde çekilip ýazylan at mese-mälim bildirip durdy. —Bu Gülälek janyň tiken tahýasy, Näzik! Seret, bu ýerde seň ogluň ady-da bar! Seret!
Aýnabat daýza tolgundy.
— Gülälegiň tikenin-ä göremok. Ýöne, Emir janyň ad-a bar — diýip, Näzik daýza-da tahýany eline alyp, eýlesine-beýlesine seretdi.
Aýnabat daýza gazet tapylan çüňke tarap ýöredi:
— Ol ýerde ýene bir zat bar. ..
Guma siňen ýene bir tahýanyň bir çeti görnüp durdy. Aýnabat daýza ony garbap alyp, gumuny kakyşdyrdy. Ýüpekler solanam bolsa, Aýnabat daýza nagyş tikilişi boýunça ony tanady:
— Näzik, seret, bi hakyt Gülälek janyň tahýasy!
— Heý toba-a... — diýip, Näzik daýza birsyhly ýakasyny towlap, sesini süýkdürdi. — Aýnabat diýýän-ä, näme diýseňem, Emir jan bilen Gülälegiň başyndan inen bela şu ýerde inen bolmaly. Ýogsa olaryň tahýasy bu ýere nädip düşsün!
— Seň ogluňa tiken tahýasyny bermäge gelen pursaty bolan bolmaly näme waka gopanam bolsa. Seret, bi oglan tahýasynyň gazetde galyşyny. Heniz başa-da geýdirilmändir. Içliginiň tämizligini görýäňmi?
— Şu ýerde sataşýan ekenler-ow — diýip, Näzik daýza baş ýaýkady. —Çaga-da ol wagt olar... Bu ýerlere gelme nämä gerek diýsene! Nädip gorky-ürkini bilmän gelýäler bu ýerlere. Beýle boljagyny bilen bolsam, öýümi bermejekmi duşuşmak üçin...
— Beýle boljagyn-a bilmezdik. Halaşýanlaryny bilen bolsagam, öýümizem bermezdik — diýip, Aýnabat daýza Näzik daýzanyň gepini makullamady. — Üstesine, käýýärdigem.
— Bu diýýäniňem dogry — diýip, Näzik daýza Aýnabat daýzany makullady. — Biz ene-atalaram köp ýerde bimamla pikirlere guldurys.
Ikisem birhaýuk dymdylar.
— Öweziň gyzy bilen bu ýere gelip, bela sataşmasy ýöne ýere däldir, Aýnabat — diýip, Näzik daýza ýene öňki pikirlerine dolandy. — Näme diýseňem, Emir jan bilen seň gyzyň ölümi babatda şonuň günäsi bar bolaýmasa. Ol bu ýere öz günäsine sataşmak üçin gelen bolaýmasa... Görlen düýş, bu tahýalar, Öweziň nije ýyllarky bus-buslugy... Gowy üns ber... Saňa aýan bolup dur-a bolan zatlar. Hemmämiziň bir düýş görmämiz nämäniň alamaty?! Düýşdäki zatlaryň çyn bolmasy nämäniň alamaty?
— Näbileýin-dä... — diýip, Aýnabat daýza uludan dem aldy. —«Bilinmeýän syr kän, alynmaýan ar ýok» diýilýänidir belki, bu zatlar... Biz — diriler nämäni bilýäs. Adam aryny dirilikde alyp bilmese-de, belki, soň ýerine salýandyr... Bolan zatlar bir sebäp bilen ölä-dirä aýan bolmaly-da... — Şeý diýensoň, Aýnabat daýza Näzik daýzanyň ýoldaky aýdan sözlerini gaýtalady. — «Erde jeset ýatsa-da, ar ýatmaz « diýip, ýöne ýere aýtmadyk bolmaly könelerem...
— Merhumyň dili ýok, sesi ýok. Olar hem öz syrlaryny dirilere şeýdip, garaz bir tär bilen ýetirmelidirler-dä. Ýogsa, aram-aram gaty oraşan düýşler görülmezdi ahbeti — diýip, Näzik daýza pyşyrdady.
Şol wagt ileri tarapdan yzyna bir topar erkek kişini düşürip gelýän Aýjahan daýza göründi...
Soňy.
Awtor: Ogulsenem Taňňyýewa.
Okyjy myhmanyň haýyşy esasynda paýlaşyldy...
30.01.2022, 07:30.