ARWAH GELÝÄN GIJESI (Ogulsenem Taňňyýewa) #20
Enkaň haýyşy boýunça...
Sesiň tabşyryşy ýaly, Öwez hiç kime jogap bermän, ýoly dowam etdi. Özem şeýle bir çalt ýöreýärdi welin, yzyndakylar oňa zordan eýgerýärdiler.
Ses Öwezi kanalçylaryň goýup giden jaýjagazyna eltende harasat öňküden-de güýçlenip, dünýäni çepbe çöwräýjege döndi. Näzik daýza, Aýjahan daýza, Aýnabat daýza, Güljeren dagy hem beton jaýjagazyň ýanyna gelip, batlaryny sakladylar. Olar geplemek isleýärdiler. Gülälegi Öweziň elinden almak isleýärdiler. Ýöne hiç özlerine erk edip bilenokdylar. Duran ýerinden gozganybam bilmediler, gepläbem. Şol pursat ýuwaşja ýöräp, olaryň ýanyna Emir geldi.
— Emir! Oglum! — diýip, Näzik daýza ony görenden, ýüregini elendirip seslendi. Ogluny gujaklamak isledi. Ýöne ýene gymyldap bilmedi. — Sen näme, dirimiň balam? Gel, bagryma basyp, mähriňden bir ganaýyn seniň, oglum. Nije ýyldyr, zar boldum-a saňa!
Emir ejesiniň ýanyna barmady. Ýöne oňa tarap naýynjar seredip goýberdi:
— Wagt ýok, eje! Ar alyş pursaty geldi! Meni güýmeme! — Ejesine şeý diýensoň, Emir Öweze buýruk bermesini dowam etdi — Indem meniň Gülälegimi näme edeniňi görkez bu duranlara! Özüňem çalt bol!
Öwez gyzynyň elinden tutup durşuna zarynlady:
— Özümi näme etseň, et, Emir! Klasdaş! Ýöne gyzyma degme!
— Ol seniň gyzyň däl, ol seniň özüň — diýip, ses gaharlandy. —Seret, onuň gözlerem seniňki, ellerem. Ýüz-keşbem sen, göwresem. Diňe jynsy taýdan saňa meňzeş däl ol. Hem ady başga. Ikinji Öwez ol. Häzir sen öz başyňa Gülälek bilen meniň başyma salan oýunlaryňy salarsyň.
Öwez Emiriň buýrugyna özüni aldyryp, gyzyny urup-urup, ýere ýykdy.
— Indem onuň geýimlerini sypyr-da, ol biýz köýnege sal! — diýip, Emir Öweze buýurdy.
Öwez diýlenini etdi. Gülälegiň eşiklerini sypyryp taşlady-da, ýaglygy bilen ellerini daňdy. Soň onuň başyna nagyşlanan, halta pisint tikilen biýz köýnegi geýdirdi. Gülälek birsyhly aglap, kakasyna ýalbarýardy. Ýöne Öwez onuň sesini eşidenokdy. Öweziň gulagyna diňe Emiriň buýrugy ýetýärdi.
— Hany meniň kelläme uran daşyň? — diýip, Emir Öwezden sorady. Öwez nije ýyl bäri beton jaýjagazyň çüňkünde ýatan agyr daşy ýerinden galdyrdy:
— Ine.
— Meniň kellämi nädip ýardyň? — diýip, Emir ýene Öwezden sorady. Öwez daşy ýarym biline çenli biýz halta sokulan gyzynyň kellesinden eňterdi:
— Ine, şeýdip.
— Gyzdan «hyrk» edip, aýylganç ses çykdy. Soň onuň gymyldysy galdy.
— Indi daşy ýerinde goý-da, Gülälegi näme eden bolsaň, şol işiňi ýene gaýtala — diýip, Emir buýruk bermegini dowam etdi.
Öwez kellesi ýarylan gyzynyň gymyldysyz ýatan göwresiniň üstüne özüni oklap, ony bagryna basyp, eşek kimin agyndy.
Bu pursatda hiç kim Öweze zat diýenokdy. Hemmeler sesini çykarman Öweziň bolşuny synlaýardylar.
Öwez halys bolup, özüni bir çete oklansoň, Emir ony ýene howlukdyrdy:
— Ony beýdip taşlama. Daň atyp gelýä. Gülälegi hem meni bukan ýeriňde buk. Özüň-de bukul. Ertir adamlar bilse, gowy bolmaz!
Öwez ak biýzden tikilen halta pisint köýnegi gyzynyň aýaklaryna çenli çekdi. Soň ony süýräp, kanala girip gitdi.
Şol pursat bir çetden Aýnabat daýzanyň gyzy Gülälek gelip, Emiriň ýanyna baryp durdy.
— Gülälek! — diýip, Aýnabat daýza gygyrdy. Gyzym! Sen nädip geldiň bu ýere?
— Gülälek ejesiniň gepine jogap bermedi. Oňa tarap gaýgyly nazaryny aýlap goýberdi-de, Emiriň elinden tutdy. Soň:
— Şu gün sen meniň ruhumy galdyrdyň, Emir! Sen meniň arymy ýerine saldyň, Emir! — diýdi.
Gülälek şeý diýensoň, Emir bilen bileje tirkeşip, öňe tarap ýörediler.
Aýnabat daýza bilen Näzik daýza ikisi iki ýerden naýynjar gygyryşdylar:
— Emir!
— Gülälek!
— Siz nirä barýaňyz? Diri bolsaňyz, indi bir öýe geliň ahyry!
— Emir!
— Gülälek!
Emirdir Gülälek ejelerine tarap ýene gaýgyly nazarlaryny dikip goýberdiler-de, harasadyň içinde gözden ýitip gitdiler.
Birden harasat ýatyp, ýagyş ýagyp ugrady. Güljeren bilen Aýjahan daýza-da aglaşyp gygyryşdylar:
— Öwez! Gülälegi nirä alyp barýaň, Öwez?! Suwa girme! Gark bolup ölersiň-ä!
Öwez-de hiç kime jogap bermän, kanalda ýitip gitdi...
Şundan soň Näzik daýza, Aýnabat daýza, Aýjahan daýza hem Güljeren dagy aglaşyp, yzlaryna dolandylar. Sebäbi çagba güýjäp, dünýäni suw-sil edip barýardy.
Yzlaryna dolanan pursatlary olaryň gözi gapdallarynda duran bir erkek kişä düşdi. Näzik daýza siňe syn salanda onuň öz adamsy Kadyrdygyny tanady. Onuň düneden ötenligi ýadyna düşüp, tisginip gitdi.
—Hih! Kadyr! Sen bu ýerde näme işläp ýörsüň? — diýip seslendi. — Sen näme, dünýä çykyp, gezibem bilýäňmi?
— Bu gün meniň arym ýerine salyndy — diýip, Kadyr aga Emiriň Gülälek bilen giden ugruna tarap seredip goýberdi. — Men indi dünýä arkaýyn çykaryn! Indi meniň ruhum direldi.
— Ol gitdi... Meni diňlemän gitdi — diýip, Näzik daýza-da Emiriň giden tarapyna seretdi. Uludan dem alyp, gözlerini ýaşlady.
— Hiç zady alada etme! Öz janyňa seret! — diýip, Kadyr aga Näzik daýza göwünlik berdi. — Emir hiç ýerik gidenok. Ol öz ýazgydynda.
Şeý diýip, Kadyr aga-da Emiriň giden ugruna tarap ýöredi. Adamsynyň hem oglunyň özüni ýeke goýup gitmesine Näzik daýza gynandy hem aglap başlady. Agysynyň arasynda:
— Kadyr! Emir! — diýip, birsyhly gygyrdy.
Çagba hem şeýle bir guýýardy welin, şaggyldysy gulaklary gapyp gelýärdi...
***
Näzik daýza öz sesine oýandy-da, hasanaklap ýerinden galdy. Ilki nämeleriň bolanyna düşünmän, alasarmyk ýagdaýda öýüň içine nazar saldy. Düýş görenini bildi. Düýşünde aglanam bolsa, ýaňaklaryndan syrygan ýaşlaryň ölüni elini ýüzünde gezdirende duýdy. Gözowalary hem çygjaryp durdy.
— Toba etdim, hudaýym, bu nämäniň alamatyka? — diýip, özbaşyna hüňürdedi-de, ilkagşamdan tok öçenligi sebäpli, agşam ýakynan pelteli çyrasynyň niredeligini görmek üçin ýassygynyň aşagynda ätiýaçlyk diýip goýan otluçöpüni çakdy. Ýanan otluçöpi çyrasynyň peltesine degirdi. Çyranyň çüýşesini geýdirip, ony ýykylmaz ýaly, bekje goýdy. Oglunyň diri däldigini ýatlap, ýüregini gysdyrdy. Gören düýşi sebäpli, tolgunmasyny basmak üçin dalana çykyp, bedreden suw alyp, bir owurt suw owurtlandy. Barmaklaryny ölläp, ýüreginiň üstüne öl çaldy.
— Toba, toba — diýip, ýene gaýtalady. — Adam pahyryň düýşüne herki zat girjek oguşýa.
Düýşünde Emiriň Öweze: «Öz başyňa-da Gülälek bilen meniň başyma salan oýunlaryňy sal!» diýen sözleri ýadyna düşüp, Näzik daýzanyň ýüregi jigläp gitdi. «Heý tob-a! Bi, Emiriň düýşüme girip, Öweze beý diýmesi nämäniň alamatyka, janlarym?» diýip, aladaly halda pikir öwürdi. Emiriň ýogalan günleri Öweziň kellesiniň üýtgäp, keselhanalarda kän ýatanyny ýatlanda ýüregi gopdy. «Ýa Emir janyň heläk bolmagynda Öweziň günäsi barmyka? Näme üçin şol wagt sagat gezip ýören Öweziň birden kellesi üýtgäýdi?! Eden işine gorkudan bolaýmasyn?!»
Pikir etdigisaýy, Näzik daýzanyň ýadyna kän zat düşdi. Öweziň bolşuny hakydasyna getirdi. «Soňy bilen, gutulyşansoňam, nije ýyl geçse-de, ol menden asla Emiri soramady-la?! Bile okadylar, oýnadylar, ösdüler. Näme üçin ol «Emir näme görnenok?» diýip, hiç wagt soramadyka?! Şu güne çenli näme üçin birem soramady?».
Näzik daýza birdenem özüniň Öweze göwnügaralyk etmesini ters saýdy. «Ýa ejesinden eşidip, oňaýdymyka?» diýip, içini gepletdi. Soň ýene bu pikiri bilen ylalaşman, öňki netijesine dolandy: « Aý, ýok, diýsem-diýmesem, Öwez Emir hakda agzalmanyny gowy görýän ýaly. Ýogsa, öý-işik boldy. Akyly durlandy. «Emirem şeýle bolaýypdyr-ow, Näzik daýza. Menem näsaglyk bilen sorabam bilmedim» diýmezmi ol ahyr bir gün! Goňşyň iti görünmese-de soralýandyr-a! Näme üçin Öwez Emiri soramady?!»
Bu zatlary aňynda aýlansoň, Näzik daýzanyň gahary gaýnap başlady. «Näme üçin bi pikirler öň meniň kelläme gelmedikä?» diýip, hyrçyny dişledi. «Şu gün daň atsa bolýa. Hökman baryp, Öwezden bu zatlary soraryn».
Şapyr-şapyr-şapyr edip, bedreden guýulýan ýaly bolup daşarda çagba guýýardy.
— Akrap geldi — diýip, Näzik daýza özbaşyna gepledi. — Bu gün pejem oturtmaly bolar. Howa-da sowapdyr.
«Emir jan ýogalan ýylam akrap şeýdip, harasat, çagba bilen gelipdi» diýip, Näzik daýza ogluny elinden gideren ýylyny ýatlady. «Hemme zat aram-aram gaýtalanýan ýaly».
— Näzik! Näzik! — diýip, Aýnabat daýzanyň sesi geldi hem derweze batly-batly uruldy. — Açsana gapyňy, Näzik!
Emiri ýitiren günem şeýdip, Aýnabat daýzanyň daň bilen gelenini ýatlap, Näzik daýza ýüregini elendirdi: «Eý toba, eýgilikmikä? Aýnabat bu gün näme irledikä?» diýip, içini gepletdi.
— Häzir! — diýip gygyrdy-da, Näzik daýza başyna don bürenip, derwezesiniň ýanyna bardy. Ilgençegi ýazdyryp, derwezäni açdy. —Aýnabat, eýgilikmi?!
Aýnabat daýza-da başyna don bürenipdi.
— Eýgilik-le, ýör, ýagyşda durmaly, öýüňe bir gireli — dýiip, ol Näzik daýzadan öň içerä ýöneldi. Dalana gelip, başyndaky donuny eline aldy. — Ýagaýşyny, sadagasy boldugymyň.
— Emir jan dagyny aldyran ýylymyzam akrap şeýdip, güýçli harasat goparyp, çagba bilen gelipdi, ýadyňa düşýämi? — diýip, Näzik daýza-da dalana gelip, donuny eline alansoň, Aýnabat daýza ýüzlendi.
Aýnabat daýza aglamjyrady:
— Şol ýyl gursun, hudaýym! Agşam hakyt, bir aýylganç düýş görüpdirin, Näzik. Öz sesime özüm oýanypdyryn. Ýüregim içime sygman, saňa aýdyp bereýin diýip gelýän häzir.
— Düýş gursun-la — diýip, Näzik daýza Aýnabat daýzany yzyna tirkäp, içerik girdi. — Menem gaty erbet düýş görüpdirin. Şondan gorkup turdum şumat.
Aýnabat daýza arkasyny diwara berip oturansoň, düýşüniň gürrüňine başlady:
— Düýşümde hakyt, Öwez meni köçä çagyrýar-da, Näzik. Bir görsem, köçede senem durmuşyň.
Aýnabat daýzanyň bu gürrüňine Näzik daýza tisginip gitdi:
— Heý, wi, toba! Aýnabat, menem hakyt şeýle düýş gördüm-dä, gyz! Onsoň ikimiz durkak Öwez Güljeren bilen Aýjahanam çagyryp gelýä...
Aýnabat daýza gözlerini gorkuly tegeledi:
— Hawa, hut şeýle bolýa, Näzik. Bu gije bir gudrat-a gopupdyr. Biz ýa-da uzakdakak özümizem bilmän, bir ýerlerik giden bolaýmaly?!
— Meniň düýşümde Öwez öz gyzy Gülälegi süsenekledip, kanala tarap alyp barýamyş. Biziňem barymyz onuň yzyna düşýämişik.
— Heý, toba-a — diýip, Aýnabat daýza sesini süýkürdi. — Menem şony gördüm-dä, Näzik. Hakyt barymyz hol, kanalçylaryň goýup giden beton jaýjagazyna barýamyşyk. — Aýnabat daýza sözüne dyngy berip, aglap ugrady. — Ol ýerde hakyt Gülälek jan bilen Emir hem barmyş. Öwez bolsa, daş edewersin, gyzynyň kellesine hol, onuň tikýän biýzini geýdirip, öz gyzynyň namysyny basgylaýarmyş.
— Ilki urýar-a ol gyzyny — diýip, misli bile synlan janly suratynyň gürrüňini edýän dek, Näzik daýza Aýnabat daýzanyň sözüni düzetdi. —Soň bolsa kellesinden ullakan daşy eňterýär.
— Hakyt şeýle-dä — diýip, Aýnabat daýza elini agzyna eltip, Näzik daýzany makullady. Hem birsyhly gorkup, gözlerini tegeledi. — Bu dünýäniň gudratyny görsene, Näzik. Ikimiz bir düýşi göräýipdiris. Beýle zadam bolýamyka, Näzik?
Näzik daýza Aýnabat daýzanyň bu sowalyna jogap bermän, Emiriň sözlerini ýatlatdy:
— Şol wagt Emiriň Öweze näme diýenini aňlap ýetişdiňmi, Aýnabat?
Aýnabat daýza «hawa» diýen terzde baş atdy-da, geplemäge çemlendi. Ýöne Näzik daýza oňa geplemäge maý bermän, sözüni dowam etdi:
— Emir Öweze: «Öz başyňa-da Gülälek bilen meniň başyma salan oýunlaryňy sal!» diýdi. «Hany meniň kelläme uran daşyň? Meniň kellämi nädip ýardyň?» diýip sorady. Saňa eşidildimi şu sözler?
— Hawa, hawa — diýip, Aýnabat daýza Näzik daýzany sesli makullady.
— Hakyt, şol şeý diýdi-dä, Näzik.
Näzik daýzanyň gözleri gaharly ýandy:
— Ýadyňa düşýämi, Aýnabat? Emir jan ýogalanda kellesi ýarylan eken. Ony kanalda bir zada urlandyr öýtdük. Kä wagtlar bolan zatlaryň düýşde oraşan görünýän halatlaram bolýar diýerdi köneler. Diýsem-diýmesem, goňşy jan, bu harasatly gijede bize çagalarymyzyň başyna düşen iş aýan bolan bolmaly. Üns berýäňmi sen bir zada, bileje oýnap-ösdüler, bile okadylar, heý, şü Öweziň Gülälek bilen Emiriň näme üçin görünmeýänini soran wagty ýadyňa düşýämi?
— Ýok — diýip, jogap berdi-de, Aýnabat daýza pikire batdy. — Onuň kellesi üýtgedi ahbeti, Näzik.
Dowamy bar.