ARWAH GELÝÄN GIJESI (Ogulsenem Taňňyýewa) #19
Enkaň haýyşy boýunça...
***
Bedreden guýulýan dek guýýan ýagşy diňdirip, daň atdy. Dalbarlarda galan üzümler harasadyň hem ýagşyň badyna üzülen monjuklary ýada salyp, ýerde seçelenişip ýatyrdylar. Akrap howany-da mazaly sowadypdy. Eýýäm köp öýleriň depesindäki peç turbasyndan çal tüsse burugsap görünýärdi. Öýlerde peç ýakylyp başlanypdy. Näzik daýzadyr Aýnabat daýza dagy-da peçleriniň içini arassalap, ot ýakdylar. Ýöne daň atsa-da, peç ýakylsa-da, Gülälek bilen Emirden habar bolmady. Gülälegiň Emir bilen halaşýandygyny aýdyp, Bibi ejesi Näzik daýzany birneme rahatlandyrsa-da, rahatlandyrdy welin, bir ýakymsyzlygy duýýan ýaly, ene ýüregem böküp, onuň kalbyna gussa guýup durdy.
— Aslynda, gaçmak nämä gerek?! Emir jan gyz alyp gaçmaly oglan däl-ä. Ol ýagdaýyny aýdaýanda-da oňa şol gyz berilmän durmazdy ahbeti.
— Menem şony pikir edýän — diýip, Bibem alada galdy. — Ýöne nirede bolsa-da, bularyň ikisem bir ýerdedir. Arada Gülälek Emire berjek diýip, tahýa tikibem otyrdy.
— Duşuşmak nämä gerek. Halaşsaň, hossarlaryňa aýdaga-da, gudaçylyga baraýmaly ahyry — diýip, Näzik daýza oglunyň eden işinden birsyhly nägile bolup, hüňürdedi.
— Ýaşlar-da bular, eje. Olara bir zady etme diýip bolýamy — diýip, Bibem zol ejesini köşeşdirdi. — Birki gün garaşaly. Öýe gelmese-de, okuwyn-a barmaly bor. Okuwyny zyňyp bilmez-ä ol bir gyz diýip, Näzik daýza Aýnabat goňşusynyňka ugrady:
— Şu zatlary aýdyp, Aýnabady-da köşeşdireýin.
Bibi ejesiniň Aýnabat daýzalara giderini islemedi:
— Bu zatlary aýtsaň, Aýnabat daýza gaty görer-ä, eje!
Näzik daýza ýolundan galmady:
— Gaty görse-de, aýtmaly bor. «Niredekä?» diýip, gaýgy edip otyr ol gyzyny.
Gyzy hakda «Gaçaýdymyka?» diýen pikir Aýnabat daýzanyň-da kellesine gelmän duranokdy. Ýöne ol gyzynyň kim bilen gaçjagyny çenläp bilmedi. «Akyllyjamykaň diýýädim welin, gyzym, sen ejeňi ýüzügara edäýjekmikäň?» diýip, ol gözüne ýaş aýlap, hyýalynda gyzy bilen gepleşdi. Pikir öwürdi. Emiriň gelmeýänligini Gülälek bilen baglajak boldy. «Näzik birneme arkaýyn görünýän ýaly welin, ýa ol aýal hemme zatdan habarly bolup, indem bihabarsyran bolýamyka?» diýip, içini gepletdi. Şeýle pikir etdigisaýy, Aýnabat daýzanyň gözüne Näzik daýza hakykatdan-da bir syry saklaýan ýaly, özem özüni gaty arkaýyn alyp barýan ýaly göründi. «Eger ogluňa gyzymy alyp gaçdyran bolsaň, ýüzüňi göräermikäm seniň! Goňşy bolup şeýtseň, meniňem-ä etjegim bardyr» diýip, Aýnabat daýza öz ýanyndan goňşusyna-da haýbat atdy.
Gyzyndan uç taparyn diýen umyt bilen Aýnabat daýza Aýjahan daýzalara irdenem bardy. Içerä serenjam berip, nahar-şoruň ugruna çykan Nurjahan onuň bilen howluda pete-pet gabat geldi.
Aýnabat daýza gepini aýlap durman, gönüledi:
— A gyz, Nurjahan, Gülälek gelenok-la, gyz, öýe! Ilkagşamky gidişi. Seniň bilýän zadyň ýokmy onuň nirä gitjegi hakda?
— Wiý — diýdi-de, Nurjahan eşiden habaryna gözlerini tegeledi. —Menä bilmedim. Birki günlükd-ä Gülälegi görmedim men. Bizem Öwez başagaý etdi. Agşam ýagyşda galypdyr. Gijesi bilen samrap, gyzdyryp çykdy. Ejem ony doktora äkitdi.
Öz gyzynyň aladasy böwrüne dürtüp duransoň, Aýnabat daýza Öwezli gürrüňe ünsem bermedi.
— Gyzdyrýan bolsa, hiç-le. Başga agyr kesel bolmasa bor. Däri-derman edilse, gyzgyn geçer gider — diýdi-de, ol gepini ýene öz aladasyna syrykdyrdy. — Şu ömrüne onuň öýde ýatmadyk güni ýokdur. Ýa Gülälek gaçyp gidäýdimikä, Nurjahan!
Nurjahan Aýnabat daýzanyň bu sowalyna içini çekdi:
— Hih! Gülälek gaçyp gidäermikä?! Ol gaçyp gitjek gyz-a bolmaly däl. Gaty agrasdy öz-ä.
— Pylan diýip bolmaz, gyzym. «Gyz ulalasa, haýa gider, igin alyp gaýa gider» diýmänmidir köneler! — diýip, Aýnabat daýza häzir gyzyna gaty bir ynamynyň ýoguny duýdurdy. — Gülälegem ilden üýtgeşik gyz däl. «Ere bakardan ýer gorkar, ýeriň damaryny gyrkar» diýýändirler. Gyz diýeniň ýetişensoň, ondan näme çykjagyny Allanyň bir özi biler! Sen, ýöne aýt maňa, gyzym, eger Gülälek gaçan bolsa, kim bilen gaçyp biler öýdýäň?
Nurjahan kyn ýagdaýda galdy. Gülälegiň Emire tahýa tikip, onuň bilen duşuşýanyny aýtjagyny-da bilmedi, aýtmajagyny-da. Bu syry bilse, Aýnabat daýzanyň goňşulary Näzik daýza bilen goňşy gatnaşygyny kesäýmegem ahmaldy. Nurjahan bolsa iki goňşynyň arasyny bozan kişi bolup galjakdy.
Aýnabat daýza Nurjahanyň ikirjiňläp, pikire batmasyndan gyzyň nämedir bir syry bilýänini aňdy. Gözlerine ýaş aýlap, onuň eginlerinden sypady:
— Eger bir zat bilýän bolsaň, aýt maňa, gyzym. Göwnüme her zat gelýä... Ýüregim karar tapanok. Göwnüme bolmasa, ol gyz bir bela sataşan ýaly...
Aýnabat daýzanyň gözüne ýaş getirmesine Nurjahan dözmedi.
— Men bir zat aýdaýyn saňa, daýza. Ýöne ol gepi menden eşideniňi aýtsaň-a maňa kyn bolar. Ejem bar, goňşular bar... Gyz halyma iki arada gep gezdiriji bolasym gelenok — diýip ol Aýnabat daýzanyň ýüzüne köpmanyly seredip, dymdy.
Gyzyndan bir uç tapyljagyna begenip, Aýnabat daýza ýene Nurjahanyň egninden sypady:
— Aýt, gyzym. Şu ýerden yzyma lal-jim bolup dolanaýyn. Hiç kim menden gep eşitmez. Diňe gyzymyň niredeligini bilsem bolýa.
— Eger ol gaçan bolsa... — diýdi-de, Nurjahan sözüne dyngy berip, Näzik daýzalara tarap seredip goýberdi. — Emir bilen gaçandyr.
Aýnabat daýza gaşlaryny çytyp, gözlerini çüýjertdi:
— Näme, olar halaşýadymy, gyzym?
— Ikisiniň bile duranyn-a göremok — diýip, Nurjahan bilýän zadyny aýan etdi. — Ýöne bir gün öýe bir tahýa jähek tutmaga geldi. Maňa jähek kakdyrdy. Şol tahýada Emiriň ady ýazylgydy. Gülälek ol tahýany Emiriň doglan gününe sowgatlyk üçin tikenini aýtdy.
— Hä, saçy kesilen — diýdi-de, Aýnabat daýza özi duýmazdan, gyzyna käýindi. — Bir tahýa-ha tiken bolýady şol. Men-ä ünsem bermändirin, mydama iş tikip ýörensoň. — Şeý diýensoň, Aýnabat daýza yzyna dolandy. Habary üçin Nurjahana minnetdarlyk bildirdi. — Bolýa, gyzym, taňryýalkasyn aýdan gepiňe. Ýüregimi biraz düşüşdirdiň. Sag-aman gelse, gaçanyna razy bolarys-la. Näzik daýzalaram erbet ýer-ä däl welin, ile gürrüň edip, ejesini beýle masgaraçylyga goýmaly däl ahyry ol gyz. Hä, bi ýaşlary bar-a...
Aýnabat daýza ýolda Näzik goňşusyna gabat geldi.
— Aýnabat, sen maňa käýinme welin, Bibiden bir habar eşitdim men —diýip, Näzik daýza ýaýdanyp, Aýnabat goňşusyna söz gatdy. — Özleri bir ýerden çykýança aýtman oňaýsam-da bolardy welin, aladaňy birneme kiparlaýyn diýýän...
Aýnabat daýza Näzik daýzanyň sözüni bölüp, öýkeli gepledi:
— Aýdybam oturma şony. Eşitdim men. Ol saçy kesilen seniň ogluň bilen gaçyp giden bolmaly. Gaçyp, ile ryswa bolup ýörmek nämä gerek diýsene. Adam ýaly aýdylanam bolsa, berilmän durulmazdy ahbeti şol gyz.
Näzik daýza goňşusynyň kinesini aňdy.
— Wah, Aýnabat jan, sen menden-ä kine etme, dogan — diýip, özelenip gepledi. — Meniň-ä özümem hut ýaňyja Bibiden eşitdim. Ýaşlar-da bular. Etjek işini aýdýalarmy bize! Meň oglum-a iliň gyzyny gepe goýjak ogul däldir, Aýnabat! Nije ýyl bäri dogan ýaly bolup, gatnaşyp otyrys. Biri-birimizden öýke etmäli-de, olaryň sag-aman gelerini diläli. Gaçan bolsalar, owarram. Janlary sag bolsa bolýa. Sen gaýgy etme. Agzyňy açan malyňy geçirip, seni razy ederin men. Ýöne, Allajan gowusyny etsin welin, meniň ýüregim böküp, agzymdan çykaýjak bolýa, Aýnabat. Başymyzda bir bela bar ýaly bolup dur.
Ilki gaharly hem öýkeli gelýänem bolsa, Näzik daýzanyň özelenip diýýän sözleri Aýnabat daýzanyň-da öňdenem howsalaly dürküldäp duran ýüregini gopdurdy. Ol goňşusynyň: «Başymyzda bir bela bar ýaly bolup dur!» diýen sözlerinden gorkdy.
— Hawa-la, goňşy — diýip, öýke-kinesini ýuwdup gepledi. — Sag-aman gelseler bor. Galan zadyň çäresini taparys.
Özara düşünişenlerinden soň goňşularyň hersi öz öýüne gidip, güzeren aladalary bilen boldular.
***
Bu pursat Öwez welin, keselhanada doktorlary başagaý edýärdi. Däri-derman bilen gyzgyny birneme gaýdyşsa-da, ol özüni tutubermedi. Içen aragynyň keýpi bilen Garikden gorkusyna nähili jenaýat edenini waka bolan pursatda duýmasa-da, özüne geldigiçe ol özüniň baş goşan ganly işiniň nähili aýylgançlygyna göz ýetirýärdi. Ol wakanyň bolanyna wagt näçe köp geçdigiçe Öweziň gorkusy beterleýärdi. Gorkudan aram-aram akyly üýtgän ýaly bolýardy. Gözlerini ýumdugy dem-düýtsüz ýatan Emirdir Gülälek göz öňünde janlanýardy. Gülälegiň «Klasdaşym!» diýip gygyrýan çirkin sesi gulaklaryny deşäýjek bolýardy. «Bi zatlaryň baryna sen günäkär!» diýip, hyýalynda Garik bilen gepleşýärdi. «Garik bilen tirkeşmeli däl ekenim. Aslynda hiç bir garagol oglanlaryň-da ýanyna barmaly däl ekenim» diýip, geçen ömür ýoluna göz aýlap, öz-özüne hasabat berýärdi.
Öweziň özi bu zatlary sesli aýdýan ýalydy. Öz sesini özem eşidýärdi. Daşyndan syn edeniňde welin, onuň sesi çykanokdy. Diňe dodaklary gymyldaýardy. Gaşlaryny kakyp, ellerini hereketlendirip, başyny ýaýkap, dodaklaryny bir çöwrüp, bir ýygnap, bir aglap, bir diňip oturan Öweziň nerwisiniň üýtgeýäni duýulýardy. Ol birki günläp hiç zat iýmän-içmän, diňe ukolyň aşagynda ýatdy. Aýjahan daýza gijelerine öýüne gaýtsa-da, gündizlerine keselhananyň agzyny garawullady.
Ganly wakanyň bolanyna iki gün geçende Emirdir Gülälegiň jesedi suwuň ýüzüne çykdy. Emiriň jübüsinden şäher kitaphanasyndan kitap almak üçin doldurylan hatyň çykmagy bilen merhumlaryň kimdigi, adresleri anyklanyp, milisiýa işgärleri tarapyndan olar öýlerine getirildi.
Gyzyny gaçandyr öýdüp, gaharlanyp oturan Aýnabat daýza bu belany görensoň: «Wah gaçyp gidenem bolsa, razy bordum» diýip, maňlaýyna urdy.
Emirdir Gülälegiň başyna salnan bu işe bütin töwerek gynandy. Milisiýa at tezegini guratman, goňşy-golamlara ýeke-ekeden gatnap, hernäçe pişe edinse-de, jenaýatdan uç tapyp bilmedi. Ýagyşda galyp, keselhanada ýaraman ýatan Öweziň bu işde eli bardyr öýdüp, hiç kim oý etmeýärdi. Sebäbi Öweziň Emir bilen tirkeşen wagtyny gören adam ýokdy. Asla ol öz töwereginiň hiç bir oglany bilenem tirkeşip ýörmänsoň, özem gündizlerine oba köwlenmänsoň, Öweziň barlygy, onuň-da özlerine goňşulygy asla köpleriň ýadyna-da düşenokdy. Goňşy-golamlar üçin Öweziň barynyň-ýogunyň parhy ýokdy.
Göwresiniň agyrlygyndanmy ýa-da kanala düşenden özüniň girdaba sataşanyndanmy, Garigiň jesedi suwuň ýüzüne-de wagty bilen çykmady. Ony Emirdir Gülälek tapylandan köp gün soň tapdylar. Hem-de kimligini anyklap bilmän, atsyz-sorsuzlaryň jaýlanýan ýerinde duwladylar. Suwdan adam jesedi häli-şindi tapylyp duransoň, Garigiň ölümi bilen Emirdir Gülälegiň ölüminiň arasynda baglanyşyk bardyr öýdüp hiç kim pikirem etmedi.
Ölümleriniň sebäbi anyklanmansoň, hossarlary Emir bilen Gülälegi çagbaly gijede kanala typyp ýykylandyr öýtdüler. Emiriň ýarylan kelleçanagy bu jenaýatda adam eliniň barlygyny habar berip duran-da bolsa, sorag-idegiň netijesinden wagty bilen uç tapylybermänsoň, Gülälekdir Emiriň ölümi boýunça jenaýat işem gozgalyp durmady. Olar üçin bellige alnan iş depderi tötänleýin uçralan betbagtçylykly hadysalaryň hatarynda hasaba alnyp, soňam ýapylyp goýberildi.
Juwan balalaryny aldyran iki ene aglap-aglap, bagyrlaryny ýere berdiler. Emiriň kakasy Kadyr aga bolsa oglunyň ölümine gynanyp, ýykylansoň, ýerindenem galyp bilmedi. Emiriň ugradylmagyna aý dolmanka ol hem amanadyny tabşyrdy.
Gorkudan Öweziň kellesi doly üýtgedi. Ilki günler ol özüni soramaga barýan ejesidir jigisini-de tanamady. Gyzgyny aýrylansoň, ony nerwisi üýtgänleriň keselhanasyna geçirdiler. Öwez ol ýerde ýarym ýyla golaý wagt ýatmaly boldy. Özüni bilip başlansoň, ýene baş goşan ganly hadysasy ýadyna düşüp, aram-aram samrady. Käteler bolsa ol wakany hyýalynda synlap, sessiz dymýardy. Lal-jim bolup, hiç kim bilen gürleşenokdy.
Keselhanadan boşap gelensoň, ol dymma boldy. Iň içki jaýa geçip, ses-üýnsüz ýatýardy. Öýe gelen-giden bilen işi ýokdy. Onuň üýtgäninden habarly goňşy-golamlar-da ony görjek bolup duranokdylar. Onuň halyny Aýjahan daýzadan sorap, ötägidýärdiler.
Öwez öňem ile goşulmaýşy ýaly, özüni tutansoňam, hiç kime goşulmady. Ýasa baranokdy, toýa gidenokdy. Köpçülige barsa, kimdir biri öz syryny biläýjek ýalydy. Nerwisi üýtgäp, keselhanada ýatanlygy üçin goşun gullugyndan-da galdy. Aýjahan daýza ogly sagalsa razydy. Şonuň üçin oňa il-güne goşulmaýany üçin iňirdäbem durmady. Hat-da onuň ýüregine täsir edäýmesin diýen gorky bilen oňa Emirdir Gülälegiň ölümi hakda-da hiç zat aýtmady.
Daşary çykyp oturmasa-da, soňy bilen gelen-gidene äpişgeden ogryn syn salyp, olaryň gepini diňläp, Öwez goňşularynyň özüne hiç hili göwün garaltmaýanlaryny aňdy. Aýnabat daýza-da, Näzik daýza-da käteler Öweziň ejesiniň ýanyna gelip, gümür-ýamyr edişip, iç döküşip gidip durdular. Olar-da Öweziň adyny ýamanlykda agzanokdylar. Hiç hili sud, prokuratura, milisiýa işgärleri özüni gözlänokdy. Bu zatlar Öweziň gorkusyny birneme aýryp, aladaly ýüregini köşeşdirýärdi. Nerwisi günsaýyn rahatlanýardy.
Galy wakanyň bolanyna iki ýyl geçensoň, gününi öýde oturyp geçirýän ogluna höwür bolsun diýen niýet bilen Aýjahan daýza ogluny öýerdi. Akyly üýtgäp-açylan ogla töwerekden gyz berilmejegini bilensoň, gelni başga obadan almaly boldy.
Öwez gelni bilenem birbada öwrenişip gitmedi. Kürteli gelne seretdigi, çirkin gygyryp, özünden haraý isläp aglaýan Gülälek ýadyna düşüp, gelinli otagdan çykyp gidýärdi. Nurjahanyň, ejesiniň ýalbarmasy bilen gaýtarma bolup giden gelniniň yzyndan gatnamasy ony aýalyna birneme ysnyşdyryp, oňa köçä, ile çykmaga, ýüregini açmaga hemaýat boldy. Öwez diňe aýaly gaýdyp gelensoň, onuň bilen ile meňzeş ýaşaşyp başlady.
Emirdir Gülälekli waka Öweziň aýagyny bolgusyz ýollardan ýygnady. Ol soňra bütin ömrüne öýi bilen boldy. Kerpiç guýdy. Täze jaý saldy. Howlusyny, öýüni bezedi. Söwda-satyk etdi. Asyl, adama gabak galdyryp, ýamanlyk edeýin diýmedi. Gaýtam çagalykdan ejesini diňlemän, çem gelenleriň yzynda geçiren bimany günlerini ýatlap, ahmyr çekýärdi. «Şeýle akyl näme üçin ýaşlykda, çagalykda aňa gelmeýärkä?» diýip, öz ýanyndan pikir öwürýärdi. Soňam öz-özüne käýinýärdi: «Aslynda özüm gep ýokmaz boldum-a meniň. Emir dagy çagaka-da akyllyjady. Deň-duşlarymyň arasynda başga-da akyllyja, düşbüje oglanlar kändi ahbeti! Ine, gepýokmaz bolsaň, ahyry almytyňy aldyň dälmi?!»
«Eger oglum bolaýsa, ony öýden çykarman» diýip, Öwez şert edýärdi. Ýöne ykbal onuň maňlaýyna ogul çaga ýazmady. Bar bereni ýeke gyz boldy. Gyzynyň adyna özi sebäpli bagty ýatan owadan klasdaşy Gülälegiň adyny dakdy. Ilki şeýtse-de, soň bu eden işine puşman etdi. Sebäbi her gezek gyzynyň adyny tutanda Gülälek klasdaşy, Emir hem olar bilen bolan ganly waka Öweziň göz öňünde janlanyp, ör boýuna galýardy. Bu ýagdaý her gün, her sagat, her pursat şeýledi. Gyzy Gülälege göze düşende-de, onuň adyny tutanda-da, Öwez ol wakany biygtyýar ýatlamaly bolýardy. Özüniň kast eden iki klasdaşy mydama ýadynda bolsa-da, Öwez olaryň adyny hiç wagt ýörite tutup, olary ýatlamady. Olaryň öz aňyndalygyny boýun alasy gelenokdy. Ölen-ýiten hossarlar ýatlanyp, anna agşamlarynda, sadaka-beýlekide aýat-töwir edilende-de, aňynda örboýuna galyp duran Gülälekdir Emir klasdaşynyň adyny Öwez dile getirenokdy.
Gyzynyň adyny üýtgedäýmegem niýet edindi. Soň ýene goýbolsun etdi. At bilen bile bir topar dokumentem üýtgedilmelidi. Soňam ony her kim geňlejekdi. Şeýle-de Öwez: «Goý, pahyryň ady ýerde galmasyn. Her gezek ady tutulanda tirsegine daýansyn» diýip, pikir öwrüp, gyzyna adyny dakyp, öz ýanyndan Gülälek klasdaşyna ýagşylyk edenden bolýardy.
Aýlar-günler kerwen gurap, Öweziň gorky-ürküsi mazaly aýryldy. Gyzy ese-boýa galdy. Ol indi özüniň ýeke dikrarynyň köpelip, daşynyň jygyl-juguldan doljak günlerine sabyrsyzlyk bilen garaşýardy... Birdenem, garaşman durka, harasat öýünde turdy... Ol dünede beýle-beýle zatlaryň-da bolup biljegi hakda hiç wagt pikirem edip görmändi...
***
— Öwez! — diýip, Emiriň sesi Öweziň gulagyna aýylganç pyşyrdap, ony pikirlerinden oýardy. — Daň agaryp gelýä! Howlugaly!
Öwez sese tabyn bolup, ýerinden turdy. Naýynjar seslendi:
— Nirä?
Ses oňa jogap bermedi. Diňe buýruk berdi:
— Bar, meniň ejem bilen Aýnabat daýzany çagyr. Özüňem çalt bol! Daň atyp gelýä-ä!
Öwez diýlenini edip, ilki Näzik daýzalara bardy. Hernäçe bek ýapylan bolsa-da, derweze Öweze aňsatlyk bilen açdyrdy. Ol öýe baryp, Näzik daýzanyň gapysyny kakdy:
— Näzik daýza! Näzik daýza! — diýip, pessaý gygyrdy. — Bärik çyksana, men Öwez!
Näzik daýza daşaryk çykdy. Hem ömründe gapysyndan gelmeýän Öweziň bu harasatly gijede daňyň öň ýany özüni çagyryp durmasyny geňledi.
— Öwez? — diýip, gorkuly seslendi. — Eýgilikmi? Bu bimahal çag näme işläp ýörsüň sen? Ýa Gülälege bir zat boldumy?
— Köçä çagyr! — diýip, Emiriň sesi Öweze buýruk berdi.
— Köçä çyk-da, maňa garaş, Näzik daýza — diýip, Öwez Näzik daýza belli bir zat aýtman, Aýnabat daýzalara tarap atyldy. — Men häzir Aýnabat daýzanam çagyraýyn.
— Heý, toba-a! — diýip, seslendi-de, Näzik daýza Öweziň bolup ýörşüni geňledi. — Munuň ýene kellesi üýtgäp ýörmükä? Ýa ýene Gülälek üçin çagyrýamyka?
Onýança Öwez Aýnabat daýzany-da çagyryp geldi.
— Indi öýüňe bar-da, ejeňi, aýalyňy çagyr — diýip, Emir ýene Öweze buýurdy.
Öwez diýlene boýun bolup, ejesi bilen aýalyny ukudan oýaryp, alyp gaýtdy. Aýjahan daýza bilen Güljeren köçede duran goňşulary görüp, Öwez özlerini şonuň üçin çagyrýandyr öýtdüler.
— Eýgilikmi, Näzik? Aýnabat? — diýip, Aýjahan daýza goňşularyna gep goşdy. — Bi mahal köçede näme işleýäňiz, gyz?!
— Men-ä Öwez çagyrdy — diýip, Näzik daýza jogap berdi.
— Menem — diýip, Aýnabat daýza-da seslendi.
Aýjahan daýza özbaşyna hüňürdedi:
— Toba! Bi onuň näme etdigikä? Bizem Öwez çagyrdy bu ýere.
— Indem gyzyň tiken ak köýnegini al-da, gyzyňy oýar! Onuň elinden tutup, köçä çyk — diýip, Emiriň sesi Öweze birsyhly buýruk berdi.
Öwez nagyş salnan ak biýz matany Gülälegiň epläp goýan ýerinden tapyp aldy. Gyzynyň elinden çekip turuzdy-da, köçä çykdy.
— Indi gaýralygyna ýöräber — diýip, ses oňa ýol salgy berdi. — Ejem daga-da aýt, yzyňa düşsünler!
— Ýörüň, hemmäňiz yzyma düşüň! — diýip, Öwez duranlary özi bilen gitmäge çagyrdy.
— Gyýuw, O gyzy nirä alyp barýaň? — diýip, Aýjahan daýza Gülälegi idenekledip barýan Öweze gygyrdy.
— Gepleme-de ýöräber! — diýip, ses Öwezi gyssady.
— Kaka jan, goýber meni, ýatjak. Meni nirä alyp barýaň sen?! — diýip, Gülälegem Öweziň elinden sypjak bolup, siltenjiräp barşyna zarynlap oňa ýalbardy.
Sesiň tabşyryşy ýaly, Öwez hiç kime jogap bermän, ýoly dowam etdi. Özem şeýle bir çalt ýöreýärdi welin, yzyndakylar oňa zordan eýgerýärdiler.
Dowamy bar.