ARWAH GELÝÄN GIJESI (Ogulsenem Taňňyýewa) #18
Enkaň haýyşy boýunça...
***
Garik keýpini kökläp bolansoň, ne öli, ne diri bolup ýatan gyzy Öweze tabşyrdy.
— Al, senem keýpini görerin diýseň...
Şeý diýip, ol bir çete özüni oklap, dynç almak üçin arkanlygyna süýndi.
Gözüniň alnynda Garigiň keýp çekenini synlap, haram duýgulary oýanan Öwez mürähetden ýüz öwürmedi. Onuň-da Gülälegi gujaklap göresi gelýärdi. Ol Garikden rugsat bolandan, Gülälege aç gurt bolup topuldy. Ony çekeleme kemini goýmady. Işini birýüzli edensoň, Garigiň gapdalyna baryp, şepesine meňzäp süýndi.
— Beýdişip ýatsag-a, uklap galarys. Ertir bolsa bizi bu ýerden milisiýa ýygnar — diýip, Garik gapdalynda süýnen Öweze gep goşdy. — Bulary jähennem edip, özümizem ýola düşmeli.
Milisiýanyň ýatladylmagy Öweziň keýpini bozdy. Ol gorky bilen ýerinden turdy:
— Ýör onda, basymrak gideli bu ýerden. — Şeý diýip, ol bir gapdalda süýnüşip ýatan Gülälek bilen Emire tarap seretdi. — Bular bilen nä işimiz bar. Olaryň özleri turan wagtlary öýlerine giderler.
— Näme?! — diýip, soragly bakdy-da, Garik Öweziň gepine hahahaý-lap güldi. Soňam birden agraslandy. — Samsyk diýsä. Indi bular turup biler öýdýäňmi sen?! Turar ýaly etdiňmi sen olary?!
Garigiň sözleri Öweziň gulaklarynyň düýbünde bomba ýarylan ýaly etdi. Endamy gyzyp gitdi-de, şaglap der basdy. Gulaklary şaňlady. «Turar ýaly etdiňmi sen olary?!» diýen sözleri beýnisinde gaýtalady. «Diýmek, indi bu zatlar meň boýnuma atyljag-ow» diýip, içini gepletdi. Onýança-da süýnüp ýatan Emiri elläp gören Garik Öwezi has-da gorkuzdy:
— Munyň-a eýýäm gutarypdyr, endamy buz ýaly?
Gorkudan Öweziň dili tutuldy. Dişleri şakyrdap, üşedip başlady. Indi onuň kellesi birneme durlanyp, aýňalyp ugrady. Ejesiniň: «Gazana ýanaşsaň, garasy ýokar...» diýip gygyrýan sesi gulaklarynda ýaňlanyp giden ýaly boldy. Elleri bilen kellesini tutdy. Adamyň ölenini ol ilkinji gezek synlap görýärdi. Öwez daşy alyp, Emiriň kellesiniň üstünden zyňanda onda adam öldürmek niýeti ýokdy. Diňe şepesine kömek edip, Emiri agyra ulaşdyryp, biraz ýatyrmak isläpdi.
Misli, iki sany guduzyň köşeşenini görüp, «Siz köşeşen bolsaňyz, menem bes etjek» diýýän ýaly, harasat hem biraz badyny gowşadyp, ýagyş sepeläp ugrady. Ilki iri-iri damjalar pat-patlap gaçmaga başlady. Soň bolsa bedreden guýulýan ýaly bolup, çabga guýdy.
Öwez kellesini tutup oturyşyna Gülälekdir Emir bilen çagajykka aýak ýalaň, baş açyk, bileje oýnan günlerini, soň mekdebe gidişlerini ýatlady. Mekdep ýyllary göz öňünde gaýmalady. Klasdaşlarynyň pert-pert sapak aýdýan pursalaryny ýatlady. Olaryň hut ýaňyja: «Öwez! Sen biziň klasdaşymyz-a!» diýşip zarynlap gygyryşlaryny hakydasyna getirdi. Birdenem:
— Eý, Hudaý! Men näme edipdirin, Garik! Men näme edipdirin! —diýdi-de, kellesine ýumruklap aglamaga başlady. — Men olaryň hijisinem öldürmek islämokdym!
Garik aşak eglip, Öweziň ýakasyndan ebşitläp tutdy. Soňam azgyryldy:
— Bes et aňňyrmaňy! Sesiňi eşidip, milise-beýlekiniň gelerini isleýäňmi? Bu eden işiň üçin özüňe nähili jezanyň beriljegini bilýäňmi?!
Öwez iňňildäp biraz aglansoň, sesini goýdy.
— Atarlar indi seni! — Şeý diýip, Garik Gülälegi elläp gördi. —Bularyň biri öli, birem öli däl. Bu gyzyň ininiň ýylysy bar.
Gülälegiň ölmänligine Öwez begendi.
— Onda ony doktora äkideli, Garik — diýip, mydyrdady. — Ýoldan tapdyk diýeris.
Garik Öweziň ýeňsesine çalyp goýberdi:
— Paňkelle diýsä! Јkit doktora. Ertir özüne gelsin-de, ol gyz seniň janyňy jähenneme ibertsin! Hana, hol ýatany öldüreniňi aýtmaz öýdýäňmi?! Bu gyz aýtmanda-da, hökümetiň özem aýtdyrar saňa. Sen hökümet diýen zadyň nämeligini bileňok entek.
Hemme zatdan Öweziň öz jany süýji göründi. Ol şu pursatda özüniň diri galmagy üçin ähli zada kaýyldy.
— Indi näderis? — diýip, Öwez iki eli bilen kellesini tutup oturyşyna gaýgyly gepledi.
— Indi bulary etmelisi şeýle — diýdi-de, Garik süýnüp ýatan Emiriň aýaklaryndan tutdy. — Bar, adam geleni bildirmez ýaly, onuň baş ujundaky daşy alanja ýeriňde goý. Soň munuň egninden tut.
Gülälegiň öz tahýasy hem-de Emire sowgat berlen, daşy gazetli tahýa şemalyň badyna beton haýatyň düýbüne uçup barypdy. Bu wagt Öwez diwaryň düýbünde ýatan ol tahýalary görenokdy. Ol Emiriň baş ujunda ýatan harsaň daşy alyp, tahýalaryň duran çüňkünde tertipläp goýdy. Tahýalar daşyň aşagynda galdy.
Şundan soň iki bolup, Emiri göterip, kanala atdylar. Soňundan Gülälegi taşladylar. Gülälegi zyňyp, yzlaryna dolanan halatlary Garigiň aýagy palçyga typdy-da, ýykyldy. Ýerinden galjak bolanda ol hem kanala gitdi. Buz ýaly suwa hem kanalyň aşagynyň çägeligi sebäpli, barha özüne sormagyna zähresi ýarylan Garik bokurdagyna pyçak goýlan ýaly bögürdi:
— Öwez! Eliňi ber, Öwez!
Ol äpet göwräni çekip almak üçin elini uzadaýsa, özüniňem kanala gitjegini Öwez bilýärdi. Şonuň üçin ol Garigiň sesini eşitmediksirän bolup, öňe atyldy.
— Öwez! — diýip, Garik gark bolup barýarka ýene zähre ýaryp gygyrdy. —Çykaýsam, öldirin!
— Çykmanjyk geçseň gerek — diýip, mydyrdady-da, Öwez özüni çöp-çalamlara urup, demi demine ýetmän ylgady. Hem aglaýardy. Misli, onuň aýak yzlaryny ýitirmäge kömek etmek isleýän ýaly, ýagyş hem birsyhly guýýardy.
Ol daljygyp, ylgap-ylgap, kanalyň köprüsine ýetdi. Dünýäniň garaňkylygyna begenýärdi. Köpriniň ýanyna baransoň, şähere tarap ýöredi. Yzyndan ýeten maşyna el galdyryp mündi. Ilki şäheriň merkezine bardy. Merkezde düşüp, başga maşyna münübem, öýüne gaýtdy...
***
Aýnabat daýzanyň gulagyna kimdir biri çirkin gygyran ýaly boldy. Ýüregine pyçak urlan dek bolup, ýerinden galdy. Garaňkynyň içinde sermenip, Gülälegiň ýerini barlady. Gyzyň ýeri boş durdy. Hatda düşegem ýazylmandyr. Daşarda bolsa harasat dünýäni düňderäýjek bolýardy. Apy-tupanyň oýnundan töwerek lerzan alýardy. Demirler biri-birine urulýardy, şatyrdap döwülýän agaçlaryň sesleri gelýärdi.
— Eý, hudaý jan, bu nä görgüt boldugy, köşeşmejekmikä bi gurbany gitdigim — diýip, Aýnabat daýza özbaşyna hüňürdedi. Soňra gyzy Gülälegiň adyny tutdy. — Gülälek! Gülälek!
Oňa ses beren bolmady.
— Toba, hudaýym, özüň gowusyny edeweri! Bi harasadyň içinde bu gyz nirelerde entäp ýörkä? Şunça wagtlabam bir iliň öýünde oturma bormy şu çaka deňiç.
Aýnabat daýza ýerinden turup, çyranyň knopkasynyň ýanyna bardy. Elini diwaryň ýüzünde gezdirip, knopkany basdy. Çyra ýanmady.
— Be, çyrany-da öçüräýipdir bu gurbany gitdigim — diýip, hüňürdäp, harasada käýindi. — Beýle-de lerzan alma bormy! Bir çende bes edäýmel-ä.
Ýüregi bir ýakymsyzlygy duýýan ýaly, kalbyna howsala çökdi. Içeri gözüne dar göründi. Gaýdyp ýerine-de geçesi gelmedi. Ogly Gurbanyň ýatan ýerine seretdi. Ýorganyň daşyna kellesi çykmasa-da, Gurbanyň öz ornundalygy, güberilip duran ýorganyň aşagynda adam barlygy mese-mälim bildirýärdi.
Oglunyň ýatanyna gözi ýetse-de, Aýnabat daýza emaý bilen onuň ýanyna baryp, ellerini ýorganyň üstünde gezdirip gördi. Oglunyň başyny, aýaklaryny sypaşdyrdy.
— Gurban, Gurban — diýip, seslendi.
Gurban gaty süýji uklapdy. Şonuň üçin ejesine jogabam bermedi. Şeýle-de bolsa, Aýnabat daýza ogluna goňşularyna aýlanjagyny aýdyp gitmek isledi:
— Gurban, Gülälek gelmändir, oglum. Men goňşy-golamdan habar tutmaga gitjek. «Ejem niredekä» diýip, alada edäýme. Henizem gepe gyzyp otyrmyka ol gyz!
Gurban ýene ejesine jogap bermedi. Aýnabat daýza daşaryk ýöneldi. Garaňkyda sermenip, köwşüni geýdi-de, ilki bilen Näzik daýzanyňka bardy. Gygyranyň bilen gep eşitdirip boljak däldi. Şeýle bolansoň, Aýnabat daýza Näzik daýzanyň köçe tarapdaky äpişgesini kakdy:
— Näzik! Näzik!
Harasat Näzik daýzany-da uklatmandy. Ol hem ogly Emiri alada edip, diňşirgenip ýatyrdy. Näzik daýza Aýnabat daýzanyň sesini derrew eşitdi. Goňşusynyň bu harasadyň içinde bimahal çag äpişge kakyp ýörmesi ýüregine howsala çaýdy. «Eýgilikmikä?» diýen gorkuly pikir aňyna ornady. Derrew daşaryk çykdy.
Aýnabat daýza Gülälegiň ýoguny birden habar bermedi.
— A gyz, Näzik, Bibi öýdemi? — diýip, ilki Näzik daýzanyň gyzyny sorady.
— Hawa, Bibi ýatyr — diýip, Aýnabat daýzanyň bimahal gelmesine geňirgenip duran Näzik daýza-da birbada aladasyny basyp gepledi —Eýgilikmi, Aýnabat?
— Aýnabat daýza habaryny biriniň eşidäýmeginden gypynç edýän ýaly, töweregine ýaltaklap, pessaý gepledi:
— A gyz, Näzik, öýde Gülälek ýok-la, gyz?! Sizde dagy oturan bolaýmasyn diýip gelşimdi...
— Wi-iý! — diýdi-de Näzik daýza elini agzyna ýetirdi. Bizd-ä ýok ol, Aýnabat. Bu çaka çenli nirede gezýäkä ol gyz?!
Goňşularyň ikisem Aýjahan daýzalara tarap seretdi.
— Ýa bulardamyka? — diýip, Näzik daýza içki pikirini daşyna çykardy. — Ýör, bile göreli. Men saňa ýoldaş bolaýyn.
Iki goňşy bolup, Aýjahan daýzalara tarap ýörediler. Näzik daýza Emiriň öýde ýoklugyny aýdyp, howsalasyny duýdurdy:
— Emiriňem gün batmanka çykyp gidişi. Henizem gelenok. Käýiner öýdüp, kakasyna-da duýduryp bilemok şumat.
— Wah, Emir erkek oglardyr, oňa zat bolasy ýok-la — diýip, Aýnabat daýza Näzik daýzany köşeşdirdi. — Gülälek welin, gyz maşgala ahbeti. Gyzyň ýagysy azmy. Atylan kesek oňa gara sürter durar.
— Munuň ýaly garaňky gijelerde entäberse, oglana-da ýagy az duşasy ýok-la — diýip, Näzik daýza öz ogluny alada edip gepledi. — Oglan bolsun, gyz bolsun, çaga diýeniň öýde oturaýsa. Ýeri, gitjekmiň, düzüwli gün tapmadyňmy diýsene!
Goňşular Aýjahan daýzadan-da hoş habar eşitmediler. Aýjahan daýza Gülälegiň özleriniňkä gelmändigini, gyzy Nurjahanyň-da uklap ýatandygyny aýtdy. Soň ogly Öwezden nalyndy. Onuň ile meňzemeýän bir bihepbäniň yzyna düşüp, hiç wagt öýe wagtynda köwlenmeýändigini aýdyp, Öweze öz ýanyndan gargyndy:
— «Gaýdyp şonuň bilen tirkeşäýme» diýip, hol günjügem käýýäp-käýýäp goýberdim. Birki gün öýe wagtynda köwlenenem boldy. Ine, bu gün ýene ýok. Näme işleýäkä ol şu çaka deňiç o ile meňzemeýän haram bilen! Şu günem-ä dişimi çarhlap oturandyryn. Gelsin bakaly, ony ýa-ha öýden çykmaz ýaly ederin, ýa-da öýden bütinleý aýagyny keserin!
Aýjahan daýzanyň-da dert-aladasynyň özüne ýetikdigini bilen goňşular oňa sag-aman ýatyp-turmagy dileg edip, yzlaryna dolandylar.
— Aýjahanyň oglunyň tirkeşip ýören şol zadyn-a meniňem keşdim çekenok — diýip, ýolda Aýnabat daýza Garik hakda söz açdy. — Ýüz-gözi dagy näteňet gyz, onuň. Mydam görseň, göm-gök. Ýaş oglana meňzeş däl. Haýsy bendäniň çagasyka ol? Öwez onuň bilen nädip ýürek edip, tirkeşip bilýäkä?!
— Şon-a menem halamok — diýip, Näzik daýza uludan dem aldy. — Aýdyp durun-a bi çagalaň edýän zadyny näme üçin edýänini bilmänjik geçersiň diýip.
Şol wagt harasat birneme köşeşip, ýagyş ýagyp başlady.
— Eý, hudaý jan, bi gyz nirä gitdikä? Ýa milisä habar beräýsemmikäm? — diýip, Aýnabat daýza indi näderini bilmän, aljyrady. — Ýagşam ýagyp başlady... Men ony nireden gözläýin bu ýagyş-harasatda...
Birdenem çabga guýmaga durdy.
— Bu ölgençilikde sen hiç ýerigem gitme — diýip, Näzik daýza Aýnabat daýza maslahat berdi. — Hudaýy çagyr-da, daň ataryna garaş indi. Belki, harasadyň geçerine garaşyp, ol-da oturandyr bir ýerde.
— Belki, şeýle bolsun-da — diýip, Aýnabat daýza ýüregine birneme rahatlyk çaýyp, öýne dolandy.
Näzik daýza-da öýüne girdi. Goňşularyň öýe girenine ýarym sagat geçip-geçmänkä Öwez tünegine dolanyp geldi. Taksi tölegini berip, howla atyldy. Otagyna baryp, öl-myžžyk bolan eşiklerini çykardy. garaňkynyň içinde sermenip, köne eşiklerini tapyp, terslin-oňlyn geýdi-de, ýerine geçdi.
— Hä, takyrdap geçen! — diýip, Aýjahan daýza içki jaýda ýatan ýerinden oňa sögünip gygyrdy. — Geldiňmi, it aýagyny iýen ýaly, kaňkap-kaňkap! Entek ertire bir çyk bakaly. Seni nädýänimi görersiň!
Öwez ejesine:
— Bolýa-laý! Iňňildemesene! — diýip, gygyrdy-da, ýorganyna sümüldi.
Ukusy tutup, ölüp barýardy. Şeýle bolansoň, başyny ýassyga goýandan, uka düşdi. Düýşünde ähli zady täzeden gördi. Gülälegiň çirkin sesi, Emiriň ýalbarmalary beýnisinde zenzele turuzýardy. Garigiň gorkunç ýüzi öňküdenem eýmençdi. Ol Öweze şeýle bir seredýärdi welin, Öwez öz-özünden ýüregi ýarylyp, ölüp barýardy. Düýşünde bir aglady, bir eňredi, bir Emire ýalbardy, bir Garige ýalbardy. Birden gorkup gygyrdy, birden nämedir bir zatlara hahahaýlap güldi. Daň atýança samrap çykdy. Ýagyşda galyp, süllümbaý ezilensoň, gyzgyny-da galyp, ot bolup ýandy.
— Ilk-ä entedi öýe gelmän. Indem samrap ýatyranok bi dogman geçen bizi — diýip, hüňürdedi-de, Aýjahan daýza basyrganýanyny duýdurmak üçin Öweziň ýanyna geldi. Ol pursat daň agaryp, töwerek ýagtylyp barýardy. Oglunyň üstünden ýorgany serpen Aýjahan daýzanyň ýüzüne Öwezden howur çabrap gitdi. Ol dessine Öweziň maňlaýyny elläp gördi. Oglan gyzgyndan ot bolup ýanýardy. Özüni bilmän samraýardy. Zol dilini çykaryp, guran dodaklaryny ýalaýardy.
— Bu-w! — diýip, seslendi-de, Öweziň maňlaýynyň howry ýüzüne uran Aýjahan daýza oňa käýinmeden geçip, Nurjahana gygyrdy. — Nurjahan-a, tur basymrak. Öwez ot bolup, ýanyp ýatyr. Muny doktora äkitmesek bolmaz!
Nurjahan hem Öweziň gyzgynyndan gorkdy. Hernäçe ady tutulsa-da, Öwez aýňalyp bilmedi. Diňe düşnüksiz mydyrdylar bilen aldygyna samraýardy.
Nurjahan uly ýola gidip, köçedäki telefon budkasyndan doktora jaň edip geldi. «Tiz kömek!» gelip, Öwezi keselhana alyp gitdi. Aýjahan daýza-da onuň ýany bilen bile gitdi.
Dowamy bar.