ARWAH GELÝÄN GIJESI (Ogulsenem Taňňyýewa) #16
Enkaň haýyşy boýunça...
***
Şol günüň ertesi irden işe gelende stanogyň başynda keýpsiz hem gaharjaň halda duran Garigi görüp, ähli zat Öweziň huşundan çykdy. Garik Öweziň salamyny-da almady. Ýowuz häsiýetli dostunyň beýtmesi Öwezi has-da gorkuzdy. Öweziň bar gaýgysy Garige ýaranmak hem onuň keýpini açmak boldy. Garige nurbat ýasamak üçin gerekli demirleri getirip berdi. Gunortan naharyna barlanda, naharyny daşap berdi. Nahar üçin puly-da özi töledi. Garik Öweziň getiren taýýar demirlerinden nurbat ýasady. Beren naharlaryny iýdi. Sesini welin çykarmady. Özüni äsgermezlik edip goýberen daýzanyň oglunyň öz öňünde ýaýaplap ýörmesine onuň göhi gelýärdi. «Oguljygyňy welin islesem sylaryn, islemesem eýini ýetirip duraryn» diýip, ol öz ýanyndan Aýjahan daýza haýbat atýardy.
—Ejem «Işden çyk» diýýä. Direktora aýdyp göräýsem-mikäm? — diýip, Öwez Garige özüniň iş meselesi barada sala saldy. Öwez üçin Garikden maslahat soraman işden çykyp gitmek hem terslik ýaly bolup görünýärdi. Öweziň göwnüne bolmasa, ol hiç bir işi Garige geňeşmän etmeli däl ýalydy. Hiç bir zady Garikden bukmaly däl ýalydy. Öwezde Garige aýan däl syr bolmaly däldi.
Garik Öweze jogap bermedi. Öwez ýene Garigiň ýüzüne delmuryp bakdy:
— Basym goşun gullugyna-da çagyrarlar. Ýa şoňa çenli işläbersemmikäm?!
Garik ýene geplemedi. Ol demirleri gahar bilen şaňkyldadyp, biri-birine urup, lal açan ýaly bolup işläp durdy.
Halypasyndan birsyhly jogap bolmansoň, Öwez hem dymdy. Işi bilen boldy. Işden soň ýene Garige ýalbardy:
— Mende günä ýog-a-how, şepe. Men saňa hiç zat diýmedim-ä. Isleseň, ýör ýene öýe gideli, çaý içeli. Ejem dagy gaýdyp saňa hiç zat diýmez. Düýnem sen gaýdaňsoň, men oalara gygyrdym-ow.
Garik ýene Öweze gepleýämiňem diýmedi. Öz ýaşaýan ýeri bolan umumy ýaşaýyş jaýyna gitdi. Öwez hem ýene ýaranjaňlyk hem gorky bilen onuň yzyna düşdi. Goşa tirkelen ýaly bolup, onuň ýaşaýan ýerine bardy. Garik öňküleri ýaly, otagyna bir özi girip gidensoňam, ýüzüne urlan ýaly bolup, yzyna dolandy.
Şeýle ýagdaýda ýene iki gün geçdi. Hut tomus günlerini ýatladyp, ýekşenbeden bäri gyzyp duran howa birden üýtgeme bilen boldy. Salkyn aralaşyp, gögüň ýüzüne gara bulutlar üýşüp başlady. Öýlän bolsa pessaýdan pessaý öwüsýän ýel turdy.
— Howa üýtgeýä. Akrap başlandy — diýip, uly adamlar öz aralarynda gürrüň edýärdiler.
Pessaýdan başlanan ýeliň sagatsaýyn badyny üýtgetmesi, şemala başlaryny yraýan agaçlaryň saralan ýapraklaryny ýere döküp, şaglaşmasy, asmana üýşýän gara bulutlar duýgulara täsir edýärdi. Ýüreklere güýzüň özi kimin agraslyk berýärdi. Agyr howa ýürekgysgynçlyk döredýärdi.
Garik işden soň wepaly gul kimin öz hyzmatyny edip ýören Öweze gep goşdy:
— Men otaga baryp çaý oturtjak. Sen bolsaň, iýer-içer ýaly zat tapyşdyryp gel.
Öňem alýan aýlygynyň esli bölegini Garigiň bokurdagyndan geçirip ýören Öwez üçin şepesiniň ýumşy begenerlik bolmasa-da, onuň özüne gep goşmasyna Öweziň göwni açyldy. Ol Garigiň dil ýarmasyna guş bolup uçdy. Garik hakda beýnisinde at çapýan gorkuly pikirler şol pursat dyr-pytyr boldy. Sadyklyk bilen şepesine boýun bolup, bazara tarap eňdi. Kolbasa, ýaga bişen gutap alyp, şepesiniň ýanyna dolandy. Öwez gelende Garik kirden ýaňa reňki üýtgäp giden demir çäýnege çaý demläp, oýa batyp otyrdy.
Ol Öweziň getiren zatlaryny sesini çykarman symyşlamaga başlady.
— Iýiber senem — diýip, heniz gahary ýatyşmadygy mese-mälim bildirip duran sesi bilen Öweze mürähet etdi. Kirli käsä çaý guýup berdi.
Uzak gün stanogyň başynda durup ýadan Öwez-de açdy. Ol özüne hödür edilende, stoluň üstündäki zatlardan işdämenlik bilen iýmäge başlady.
Seslerini çykarman iýdiler. Iýmeli zatlary gutaransoň, Garik krowatyna geçip süýndi. Gözlerini süzdi ýatdy. Özüne «git» ýa-da «otur» diýilmänsoň, näme etjegini bilmän, Öwez şepesine seredip, biraz oturdy. Tutusyz aýnadan dünýäniň garalýany görnüp durdy. Güýzüň gysga gündizi eýýäm ornuny garaňkylyga tabşyryp ýördi. Ýel güýjeýärdi.
Garik pikire batyp, ep-esli ýatansoň, ýerinden galdy. Demir krowatyň gapdalynda duran şkafjykdan ýarysy içilen arak çykardy. Ondan bir käse guýnup, duran ýerinden ötüginden ötürdi. Öweze-de guýup berdi. Arak içesi gelmese-de, Garigiň sözüni ýykmakdan gorkup, Öwez hem öňüne itilen käsäni boşatdy. Garik ýene bir käsäni başyna çekensoň, boşan çüýşäni şkafjyga salyp goýdy. Keýpi kökeldi. Ençe günden soň ilkinji gezek ýylgyrdy. Ellerini biri-birine süýkäp, keýpli duýgusyny daşyna çykardy. Ençe gün bäri söwdasy oňmadyga dönüp, kürşerip ýören şepesiniň ýylgyrmasy Öwez üçin ogul jigisi bolan ýalydy. Ol hem şepesine ýylgyryş bilen jogap berdi.
— Indi bolsa gidýäs — diýip, Garik dabaraly gürledi. Otagdan çykmak üçin gapa ýöneldi. — Ýör!
Öwez onuň yzyna düşdi:
—Nirä?
— Baraňsoň bilersiň!
Özüniň günde münüp, öýüne barýan awtobuslaryna labyrlaryny atan wagtlary bir ýakymsyz duýgy kalbyna ornap, Öweziň ýüregi jigläp gitdi. Ol Garik öz öýlerine barýandyr öýdüp, pikir etdi. «Eýgiligemikä?! Ýa ar aljak bolýamyka?» diýip, gorky bilen pikir öwürdi. Ejesi, Nurjahan göz öňünde gaýmalady. «Birden olara topulyberse, näderkäm?» diýip, gaýga galdy. Paltadyr pilleriniň nirede durýanyny hakydasyna getirjek boldy. «Ejem daga degs-ä-hä kyn bolar-ow. Bir zat tapyp uraýanymda muňa güýjüm ýetermikä?»
Alada-pikirler bilen Öwez düşmeli ýerlerine nähili ýetenlerini duýman galdy. Garik ýeňinden çekip, düşmegi duýduranda, ol awtobusyň heniz öz öýleriniň deňine ýetmänini bildi. Garik kanalyň gyrasyndan geçýän uly ýoluň çatrygynda düşüp durdy. «Bize-hä baranok bi» diýip, Öwez awtobusdan düşüp durka ýene içini gepletdi. Emir bilen Gülälegiň duşuşyk ýerini ýatlanda ýene ýüregi jigledi. «Şol ýere bolaýmasa. O taýda näme işlejekkä bi?»
Öweziň diýşi ýaly boldy. Garik uly ýoldan geçip, ot-çöpleriň içi bilen kanalyň boýuna düşdi. Öwez hem ondan galmady. Kanalçylaryň goýup giden jaýyna ýetmäge esli ara galanda Garik aýak çekdi-de, özüni ýere goýberdi:
— Biraz oturaly şu ýerde.
Ol guran ösümlikden bir çöpjagazy döwüp aldy. Ony agzyna atdy. Çöpjagazy dişläp, dymdy.
Öwez-de onuň gapdalynda çökdi. Garigiň ýüzüne soragly bakdy:
— Sen Gülälegiň ýanyna barýamyň?
Garik «hawa» diýen terzde baş atdy.
— Olar bu gün bardyr öýdýäňmi sen? Seret, bu gün nähili şemal! Howa üýtgeýä. Maýyl günler bilen sowuk günler ornuny çalyşýa. Türkmenler «akrap» diýýä muňa. Bilýäňmi sen?
— Sen «Olar günde duşuşýa» diýdiň-ä — diýip, Garik gepini Gülälekdir Emire syrykdyrdy.
— Olar gowy günlerde duşuşýady. Beýle şemalda gelerler öýdemok men-ä...
Garik gözlerini süzdi:
— Bolsa bolany, bolmasa-da, gaýdybiýris yza.
— Bar bolsalar näme? Gepini diňlejekmi? — Öwez Garigiň ýüzüne ýylgyryp bakdy. — Gülälegi göresiň gelip dir-ow bu gün?!
Garik gepi bilen Öweziň zähresini ýardy:
— Bar bolsa, bu gün Gülälek meňki bor. Men oňa öýlenmäge gelýän!
Bu habara Öweziň endamy dyglap gitdi. Gözleri peträp, hanasyndan çykara geldi.
— Öýlenmäge? — diýip, geň galyp sorady. — O nähili, öýlenmäge?! Onuň halaşýany bar-a-how, Garik! Emir näme, ony saňa berer öýdýäňmi?!
— Lal bol! — Garik Öweze azgyryldy. — Özüňem ol ýere baranymyzdan soň meniň bir diýenimi iki gaýtaladaýsaň, öldürip, kanala ataryn seni, düşündiňmi?!
Öwez «hawa-da» diýmedi, «ýogam». Doňňara daşa öwrülip, Garigiň ýüzüne seretdi-de, öweldi galdy. Ol «şepe» diýip ýöreni beýle zatlara-da ukyplydyr öýdüp, hiç wagt pikir etmeýärdi. Şonuň üçin häzir Garigiň diýen gepi Öwez üçin bulutsyz asmanda ýyldyrym çakan ýaly boly.
— Indem ýöräli — diýdi-de, Garik ýerinden turdy.
Öwez sadyk gul kimin onuň yzyna düşdi.
Beton jaýjagazyň arka ýüzüne baryp, aýak çekdiler. Jaýjagazdan hüňürdi sesleri gelýärdi. Garik barmagy bilen Öwezi dürtüp, beton jaýa tarap baş atdy. Bu onuň: «Olar bar» diýdigidi. Öwez oňa düşündi.
— Hawa, bar, bar, sesleri gelýär — diýip, pyşyrdady.
Garik oňa: «Ýuwaş bol» diýen terzde dodaklarynyň üstüne barmagyny goýup, yşarat etdi. Öwrüm edip, şemalyň ugruna geçdiler. Bu ýerden aşyklaryň sesini gowy aňşyryp bolýardy.
— Şemal güýjeýä, gaýdaly! — diýip, Gülälegiň sesi eşidildi. —Yzynyň ýagşa sapmagy mümkin. Akrap başlady öýdýän.
— Ýene biraz oturaýaly — diýip, Emir Gülälege ýalbardy. — Şu gün, nämüçindir, sen gözüme has-da eziz görünýäň. Senden asla aýrylyp gidesim gelenok. Şu gün aýrylyşsak, soň gaýdyp duşuşmajak ýaly...
— Goýaweri, tapýan gepiň nähili seniň — diýip, Gülälek Emiriň sözlerine ör-gökden geldi. — Duşuşarys nesip bolsa ýene, näme duşuşman.
Ikisem biraz dymdy. Soň ýene Gülälek dillendi:
— Şu gün-ä, dogrusy, meniňem ýüregim gysýa. Şemaldan bolmagam mümkin. Şemal mydama ýürekgysgynçlyk döredýä. Häli, öýden çykanymyzda-da beýle güýçli öwüsmeýäd-ä bi. Gaýtjak wagtymyz ýolda uçurmasa-da biri indi.
— Öz-ä güýjeýär-aý — diýip, Emir agras gepledi. — Ýagyş ýags-a-ha, ýel köşeşerdi.
— Gideli, ejelerimizem gözlär häzir — diýip, Gülälek ýene gidermen boldy.
— Ejemiz-ä gözlemez. Çaga däl-ä biz indi — diýip, Emir Gülälegiň zol gaýtjak bolup durmasyna gynanýanyny bildirip, uludan dem aldy. — Ýöne beýle gaýdasyň gelýän bolsa gaýdaýaly.
Kagyzyň şakyrdysy eşidildi.
— Şuny seniň üçin ýörite tikdim. Doglan günüňe.
— Näme bi? Be, sen meniň doglan günümi ýadyňdan çykarmansyň-ow.
— Tahýa. Adyňy-da ýazandyryn nagyş bilen.
Garik Öwezlerde Gülälegiň tahýa dümtünip oturanyny göz öňüne getirdi. «Şuň üçin eken-ow ol tahýa» diýip, ol gep diňläp oturyşyna içini gepletdi.
— Edil deňelip biçilen ýaly, laýyjak — diýip, Emiriň sesi geldi. Nagyşlaram gaty owadandyr munuň. Häzir garaňkyda görnenok. Öýe baryp, synlaryn.
— Şemal uçuryp äkidäýmesin. Eple-de, şu gazete dolaý. Öýüňe baryp görersiň. Ýör, indem gaýdaly.
— Ejem dagy «Muny kim berdi?» diýse, näme diýeýin, Gülälek? Aýdaýynmy seň tikeniňi?
— Aýdyber. Ony doganyňam gördi tikip otyrkam.
— Bibimi?
— Hawa.
— Öýdäkilere gep düşündirmek üçin ikimiziň öňümizde hiç hili kynçylyk ýok-da onda?!
— Şeýle bolaýmagam mümkin.
— Şu gün sen meni nähili begendireniňi bir bilsediň, Gülälek!
— Men ýöredim onda.
— Bolýa, sag-aman bar! Menem häzir yzyň bilen ýörärin!
Gülälek beton jaýjagazdan çykyp ýetişmedi. Gitmek üçin ýaňy bir ädim äden halaty Öwezi yzyna tirkäp, onuň öňünde Garik peýda boldy.
Gülälek ýylan basan ýaly, tisginip, yza tesdi. Garaňky gijelerde-de ýigidiň ýüzüne göni bakmaga ejap eden gyz, yzyna gaýdyp, Emiriň gollaryna ýapyşdy:
— Hih! Bular kim, Emir?!
Güýjäp-güýjäp, betonlary-da goparyp zyňaýjak bolýan şemal göz açdyranokdy. Ýeliň badyna til simleri üzülip, çyralar öçüpdi. Ýaşaýyş jaýlary tarapda-da, ýoluň gyralarynda-da yşarýan yşyk ýokdy. Töwerek tüm garaňkydy. Şeýle bolansoň, Emir-de, Gülälek-de gabatlarynda duranlary birbada tanap bilmediler.
Emir olary tanajagam bolmady. Gülälegiň elinden tutdy-da, olardan çeträge geçip, ýöräp ugrady:
—Hany, ýör. Biziň bular bilen işimiz ýok. Öz ýolumyza ýöräli.
Garik Emiri bat bilen itip goýberdi-de, onuň golundan Gülälegi çekip aldy. Gyzy bagryna basdy.
Gülälek böwrüne pyçak urlan ýaly bolup çyrlady:
— Emir! Basym ylgap git-de, milisä habar ber!
Gyz Garikden sypjak bolup, onuň gujagynda ýylan bolup towlandy. Ýöne güýji ýetik daýaw erkek kişiden sypmak ejiz göwrä başartmady.
Dowamy bar.