ARWAH GELÝÄN GIJESI (Ogulsenem Taňňyýewa) #15
Enkaň haýyşy boýunça...
Awtobus geldi. Garik yzky gapydan mündi. Öwez-de onuň bilen mündi. Oňa wepalylygyny subut etmek isläp, onuň üçin bilet puluny töledi. Tä barmaly ýerlerine barýançalar gapdalynda oturyp gitdi.
Garik umumy ýaşaýyş jaýyna baryp, öz bolýan otagynyň gapasyny açdy. Öweze barmysyňam diýmän, özi otaga girip, gapyny bat bilen ýapdy. «Gel-geç» diýilmedik Öwez Garigiň gapysynda ep-esli sadylla bolup duransoň, keýpsiz halda yzyna dolandy. Garigiň oglanlaryň başyna salan günlerini birin-birin ýatlap, özüni gorka aldyrdy. «Indi ol maňa-da gün bermez» diýen pikir kellesine gelende gorkusy has-da güýçlendi. «Belki, ejem daga-da zyýan eder. Indi näme ederkäm?»
Garik onuň üçin iň güýçli ýagydy. Öwez Garige hötde gelip biljek adam bardyr öýdenokdy. «Türmä-de girip çykypdyr. Düzelmändir-ä» diýip, birsyhly içini gepledýärdi. «Birden biziň öýümize zyýan etjek bolsa, kim onuň badyna kakar?!»
Özüni pikirlere hem gaýgy-gussa basdyran Öwez öýe gelende ejesidir jigisiniň üstüne it bolup jabjyndy. Çaga ýaly bolup, gözlerinden boýur-boýur ýaş döküp aglady:
— Näme üçin siz oňa zat diýdiňiz? Indi ol maňa gün bermez. Onuň halamaýan oglanlaryny nähili urup-ençýänini siz bir bilsediňiz!
Boýy ýeten oglunyň gorkudan saňňyldap, aglap durmasyna Aýjahan daýzanyň gözleri tegelendi.
— Wiý, munuň-a işi gaýdypdyr — diýip, gamgyn halda başyny ýaýkady. Gün berip-bermez ýaly, ýurduň eýesi şol artypmyşmy?! Elini bir degirsin, milisä aýdaýarys.
— Milise näme eder öýdýäň?! — Öwez barha sojady. — Mugallymlar diýen etdirip bilenok oňa.
Oglunyň ejizläp, bolup oturşyna Aýjahan daýzanyň hem ýüregi awady, hem gahary geldi. Ol:
— Asyl, sen onuň bilen gorkýanyň üçin tirkeşýämidiň? — diýp, Öweziň ýanyna gelip, onuň gözlerine dikanlady.
Ejesiniň sowalyna göni jogap gaýtarmasa-da, Öwez özüniň gorkusynyň baryny duýdurdy:
— Gorkmaýanlary gorkuzaýýa ol. Gorkmaýanlaryň başyna nähili gün salýanyny bileňok sen onuň!
— Hiý-wiý, işim gaýtdy! — Aýjahan daýza özüni ýere goýberip, Öweziň garşysynda çommalyp oturdy. — Men bolsam, bi ol artyby dost tutunyp getirýämikä diýýän öýe. Ýaşy dagy ep-esli uly görünýärem diýdim-le senden. Başda aýtsaň bolmaýamy sen ondan gorkýanyňy! Men ony saňa elini batyrmaz ýaly ederdim.
— Nädip ederdiň elini batyrmaz ýaly! — Öwez burnunyň suwuny çekdi. Aglap, birneme ýüregini gowzudansoň, gözýaşlaryny süpürdi. — Saňa güýjem bermeýä ol. Seni ýaňy nädip gitdi ol?
— Maňa güýç bermese, hökümet bar-a, oglum — diýip, Aýjahan daýza indi Öwez bilen mylakatly gepleşmäge durdy. — Aýdardyk aýtmaly ýerine.
— Ol öňem türmede oturyp gelen. Hökümedem düzedip bilmändir ony.
Aýjahan daýza ýene ganyny gyzdyrdy:
— Beýle bolsa, onuň ýanynda seniň asla köriň ýok. «Gazana ýanaşsaň, garasy ýokar, ýamana ýanaşsaň, belasy» diýilmänmidir. Oň ýaly adamlar bilen tirkeşiberseň, ahyr elter bir belanyň üstünden. Işiňden-ä çyk. Gaýdybam hiç ýere gitme. Oňa-da aýt. Gaýdyp şu gapydan ätläýmesin. Aňyrsy bir ýa-da iki aýdyr, seni goşun gullugyna çagyrarlar indi. On sekiziňem doldy. Gulluga gidýänçäň özüm eklärin.
Öwez sesini çykarman, dymdy. Aýjahan daýza gürrüňini gynançly dowam etdi:
— Wah, şony yzyňa tirkäp, öýe getireniňi başda-da halamandym men. Sypaty gelşiksizem bolsa, özi dereklimikä öýdüpdirin. Onuň bilen gorkup tirkeşýäniňi aýtsaň bolmaýamy öňräk. Okuwa-da goýbermezdim seni. Hökmanmy şol okuw. Beýle bela sataşanyňdan okamanyň muň paý gowy maňa. Ata-babaň okuw bilen geçipmi!
Nurjahan gahar bilen gepe goşuldy:
— Ah-eý, munuň özündendir-le hemmesi. Mekdepde okaýarka-da kim bir ýaramaz iş etse, şoňa ýan tazy bolar ýörer-dä. Şu öýe gelýän haramzadany-da näme üçin ala-böle şü yzyna tirkäp ýör?! Näme üçin ol başga kişä dost bolmandyr-da, diňe şuňa tirkelen ýaly bolup ýör?!
— Sen gepleme! — diýip, Öwez Nurjahanyň üstüne dazzarylyp gygyrdy. — Diliňi sograryn. Hälem bary senden boldy. Sen başladyň minni-minnini.
Nurjahan Öwezden çekinip durmady:
— Başlajagam! Diýjegem! Besdir, şu çaka çydadyk. Şol gapydan sekäýse, indi bizden gowulyga garaşma. Özüm palta alyp, maňlaýyny ýararyn.
— Eliňden geljek zady aýt!
— Geler! Gelmese-de, milise çagyryp gelip, senem onuň bilen bile ýygnadaryn! — diýip, Nurjahan gahardan titredi. — Bizi sylamasaňam, özüňi syla. Ýürek alyp tirkeşer ýaly zatmy şol! Onuň sypaty dagy näteňet! Gözleri mydama gyzaryp dur. Ýüzleri göm-gök! Häli onuň haýasyny giderip, bize seredişini gördüňmi?! Bir gün ol meni süýräbem gider! Aýal dagy alaýsaň, eliňden aýalyňy almanam hiç zatça görmez şol!
— Seni kim başyna ursun-aý! — diýip, burnuna salyp myňňyldady-da Öwez ýene dymdy. Garigiň Gülälege aşyk bolanyny, şoňa seredýänini aýtjak boldy. Ýöne gepiň il agzyna düşüp, ula giderinden, öz yzyna tirkäp ýöreniniň gyzlara göz dikýänini köpüň eşiderinden çekinip, dilini dişledi. Iki eli bilen kellesini tutdy. Soňam öýe girdi-de, ýassyk alyp, süýndi. Dynç alasy gelýärdi. Indi Garigiň özüne nähili seretjekdigi hakda alada edip, gaýga batdy. Ejesiniň işden çykmak hakda aýdanyny serinde aýlady. Ertiriň özünde zawodyň direktorynyň ýanyna baryp görmegi ýüregine düwdi.
Dowamy bar.