ARWAH GELÝÄN GIJESI (Ogulsenem Taňňyýewa) #14
Enkaň haýyşy boýunça...
***
Gülälege aşyk bolan Garik özüniň el uzatjak bolýan şahasynyň özünden gaty belentdedigini bilse-de, oňa boýunyň ýetmejegi mese-mälim duýlup duran-da bolsa, Öwezlere gelmesini has ýygjamlatdy. Gülälegi görmek küýi ony şu derejä ýetiripdi. Işden soň ol Öwez bilen tirkeşip, her gün hut atasy öýüne gelýän ýaly bolup, Aýjahan daýzanyň bosagasyndan ätledi. Gözleri guduz itiňki kimin, mydama gyzaryp duran, içgä ir eýlenenligi sebäpli, gan-peti gaçyp, göm-gök bolup duran ýüz-keşpli, atan-satan bu kişini oglunyň henizem yzyna tirkäp ýörmesine Aýjahan daýzanyň soňa baka gahary gaýnap başlady. Garigi görende onuň depesinden gaýnag suw guýlan ýaly bolýardy. Gany çogup, ýüregi titreýärdi. «Okaman geçen, okuwynam-a gutardy bi. Munuň ýene bi artyp bilen bile galyşyny» diýip, ol öz ýanyndan Öweze käýinýärdi. Her gün Garik sebäpli Öweze awusyny pürkmäge çemlenýärdi. Ýöne ýene gepiň ebeteýini tapman, pikirini goýbolsun edýärdi. Atasyz ýetim bolup ulalan ogluna nebsini agyrdýardy. «Goşun gullugyna gidensoň-a aýrylyşar şondan» diýip, öz-özüni köşeşdirýärdi.
Garik Öwezi gününe goýman, Gülälek bilen Emiriň duşýan ýerine-de äkitdi. Iki bolup ýaş juwanlaryň gep-gürrüňlerini ogryn diňlediler. Olaryň çaganyňky kimin sadaja gürrüňlerine Garigiň-de, Öweziňde gözi gitdi. Ýaş juwanlaryň kalbynyň çaganyňky kimin arassalygy olaryň edýän gürrüňlerindenem aňdyryp durdy. Olaryň gepi obadaky toýlar bilen klasdaşlaryndan aňry geçenokdy. Aşyklary diňläp, demlerini alman oturyşlaryna, Öwez bilen Garik özleri hakda pikir öwürdiler. Faýa daýzalara gelýän haýasyz aýallar, olar bilen özleriniň geçirýän sagatlary, aýdyşýan hapa sözleri ýadyna düşüp, oňaýsyz ýagdaýda galýardylar. «Men näme üçin şular ýaly bolmadymkam?» diýen arman olaryň ikisiniň beýnisinde-de at çapýardy. Gijäniň ümsümligi barha çuslanyp, misli, «Diňläň, synlaň! Hakyky ynsan çagasy nähili bolmaly!» diýýän ýaly, Emirdir Gülälegiň pyşyrdydan çala tapawutlanýan gürrüňlerini bu iki azgynyň gulagyna ýetirip durdy.
Gün geçdigisaýy Garigiň Gülälege bolan söýgüsi güýjedi. Ol dogup-döräli, beýle derdi-bela sataşyp görmändi. Hasratdan ýüregi sallanyp, agyrysy alyp barýardy. Keýpi ýokdy. Dünýä sygmajak bolýardy. Ol ejesiz-kakasyz bolup, her hili hor günleri başyndan geçirende-de, tussaglygyň kötel ýollarynda-da özüniň şeýle ejizlän pursatyny bilenokdy. Derdine çydaman, däliräýjek bolýardy. Bar zady ýykan-ýumran edäge-de, Gülälegi gujagyna alyp, bir ýerlere gaçyp gidäesi gelýärdi.
Ýaşyl ýapraklary saraldyp, solduryp, baldagyndan üzüp ugran güýzüň ortaky aýynyň ýekşenbä düşen günleriniň birinde Garik Öwezlere irgözinden geldi. Şol pursat Gülälek hem Öweziň gyz jigisi Nurjahanyň ýanyna gelipdi. Oktýabryň günleri dowam edýänem bolsa, maýyllykdy. Daşarynyň güneşli howasy jana şypa berýärdi. Gülälek bilen Nurjahan gapydaky tagta sekiniň üstünde tahýa jähek tutýardylar. Nurjahan jähegi çalýardy. Gülälek tikýärdi. Gülälegiň Nurjahanyň barmaklaryna ildirilen sapaklary bir geňsi kakyp alyp, tahýa çaltlyk bilen ýelmäp gidip oturyşy täsindi. Iş tikmesi gyzyň görküne öňküdenem artyk gelşik berýärdi. Gunça mysaly pökgüje dodaklar bek ýumlup, gür kirpikler süzülip, gyz ünsüni elindäki iňňede jemlände, akja ýaňaklarda çukanajyklar emele gelýärdi. Gara zülpler bolsa daşarynyň çalaja şemaljygyna gyzyň ýaňaklaryny sypap-sypap goýberýärdi.
Gülälek derwezä tarap bakyp otyrdy. Howla giren Garigiň gözleri ilki bilen Gülälege düşdi. «Wah, ol akja ýaňaklary şol zülpler bolup, meniň ellerim sypasa bolmaýamy?!» diýip, Garik duran ýerinde doňňara daşa dönüp, içini gepletdi. Ol nirä, näme üçin geleninem unutdy. Gülälege syn saldy durdy. Ahyry oňa Gülälegiň gözi düşdi. Şonda gyzyň özünden gorkup, tisginmesini onuň tegelenen gözlerinden Garik duýdy.
— Waý-eý, hana, ol adam geldi! — diýip, Gülälek gaýdyp Garige tarap seretmän, Nurjahana pyşyrdap, gep goşdy.
Gyz pyşyrdasa-da, Garik onuň sözlerini eşitdi. Özem gyzyň sözleri onuň ýüregine hanjar urlan ýaly etdi. Özüne «Ol adam» diýilmesini halamady. Bu sözler oňa özüniň bu jelegaýdaky adamlaryň hataryna goşulman, aýry hasaplanylýandygyndan habar berýärdi. Gülälegiň sözleri dile getirişem diýseň sowuk äheňdedi.
Nurjahan Gülälegiň pyşyrdysyndan soň yzyna çalt öwrüm edip, Garige tarap seredip goýberdi. Ony görende gaşlary çytyldy. Garige hiç hili gep goşman, ýüzüni kürşertdi-de, ýene işine güýmendi. Nurjahanyň ýüz kürşertmesem Garigiň öňki kemsinmesiniň üstüne urna boldy.
Garik gyzlara ýakyn geldi. Gözlerini Gülälegiň terje almany ýatladyp duran ýaňaklaryna dikip, gyzlara salam berdi:
— Salawmaleýkim!
Onuň salamyny hiç kim almady. Gülälek ziňkildäp gitdi-de, ýylan gören ýaly bolup, içini çekdi.
— Hih! Waý-eý, eje jan-eý! — diýip, gorky bilen pyşyrdady. Iňňesini elindäki tahýa sünjüp, ýakasyny tutdy-da, tüýkürdi. — Zähräm ýaryldy.
Nurjahan bolsa çümmüklenýän ýaly çyrlap, ejesini çagyrdy:
— Eje!
Onuň sesi şeýle bir ýiti çykdy welin, Aýjahan daýza ýüzüni ak tam edip, ylgap geldi.
— Näme boldy? Näme boldy? — diýip, gorkuly seslendi.
Nurjahan Garige tarap baş atdy:
— Ogluňy çagyr! Hana, dosty gelipdir. Munuň biziň ýanymyzda näme işi bar!
Garigiň ýüz-gözüni gök-nil edip, gyzlara tiňkesini dikip durşuny Aýjahan daýza-da halamady. Ol gözlerini elek-çelek edip, gaharly hüňürdedi:
— Gelen bolsaň, öýe gir, hanym! Aýyp bor beýdip, ýaş gyzlara göz dikip dursaň! — Şeý diýensoň, Aýjahan daýza gahar bilen tasap, içerik girdi-de, uklap ýatan Öwezi yralady. Oňa aldygyna käýindi. — Myhman çagyrdyňmy, ýolunda durarlar. Hana, ol dostuň gelip, jigiň dagyny gözleri bilen iýäýjek bolup dur. Näme işi bar onuň gyzlaryň ýanynda! Sen bu zatlaryň aýypdygyny öwretseň bolmaýamy oňa!
Öwez Garigiň gelenini duýdy. Ýerinden agras galyp, üst-başyny tertipledi.
— Men hiç kimi çagyramok — diýip hüňürdedi.
— Çagyrmaňda näme!—diýip, Aýjahan daýza sesini gataldyp gygyrdy. —Il seniň çakylygyňa seredip durmy! Geliberýärler-ä. Sen oglanjyk, dur bakaly. Seniň bilen bir gün egri oturyp, dogry sözleşerin! Atasyz ulaltdym, göwnüňe degmäýin diýip, seni başyňa giderdim men. Arma gidýänçäň zat diýmäýin diýip ýörün. Indi sabyr-käsäm püre-pür bolandyr meniň. Indi çydamok. Armyňa-da garaşjak däl, beýlekiňe-de. Sen ýa-ha bolar-bolgusyzlardan araňy açarsyň, ýa-da şu öýden garaňy saýlarsyň! Hä! Allanyň beren-ä ýeke ogul! Ony-da bermedi hasaplaýaryn!
— Gykylygyňy goý-how, goý! — diýip, Öwez ejesine hüňüdedi-de, daşaryk çykdy. Garigi garşylady. Ony mydama oturýan jaýlaryna salyp, özi ýuwnup-ardynmaga gitdi.
Iç girip, daş çykyp, ogluna çaý-suw berip ýören Aýjahan daýzanyň hüňürdisi galmady:
— Adamlaryňam bihaýadygyny! Bir ýere ýol salsalar, at tezegini guratmaz ekenler. Niräniň haramzadalaram muňa sataşýa.
Aýjahan daýzanyň gykylyklap diýýän sözlerini Garik eşidip otyrdy. Hemmeleriň özüni ýigrenýänligini duýmagyň ýakymsyz täsiri onuň gaharyny gaýnatdy. Gyzlaryň-da öz salamyny alman, ýakalaryna tüýkürişip, gorkup-ürküp duruşlary onuň gaharynyň möwjemesine itergi berdi. «Meniň ejesiz-kakasyz, öý-öwzarsyz ulalyp, şeýle günlere düşmegime men günäkärmi? Bular näme üçin meni äsgermejek bolýarlar?!» diýip, ol içini gepletdi. Gahary şeýle bir gaýnady welin, «Ýa bularyň barynyň içinden pyçak geçirip gidäýsemmikäm?!» diýip oýlandy. Moýmul-moýmul edip, çaýly çäýnegi düňküldedip, saçagyň üstüne çaý syçradyp goýup giden Aýjahan daýza-da gözüne ýigrenji göründi. Onuň çemçeleri dik duran ýerinden ite süňk oklan ýaly edip, oklap goýbermesi, käseleri şaňkyldadyp, döwäýjek bolup goýup gitmesi Garige: «Senden bizar bolduk» diýen ýaly boldy. «Bizar bolsaňam, gelerin. Ölýänçäň gelip, etjegimi ederin şu öýde!» diýip, gyzaran gözlerini petredip, Aýjahan daýzanyň her bir hereketini synlap oturan Garik içinden Aýjahan daýza bilen gepleşdi. «Hudaý meni şu güne salypmy, menem size hezil bermen. «Ýigrenýäniňiz üçin has beter zat görkezerin. Adamçylyk edäeniňizde-de sylajagym ikuçly sizi!» Garik esli oturansoň, özüniň deň-duşlaryna ezet berip gezen günleri hakda pikir öwürdi. «Olara-da azar berip, oňarypdyryn» diýip, özüniň şu çaka çenli edip gelen hereketlerini makullady. «Bujagaz daýzanyň oglunyň-da tumşugyna ýelmäp durmalydy kä wagt. Şony welin, oňarmadym. Zyýany ýok. Hiçden giç ýagşy. Munuň-da almytyny ýetirerin. Gowy günde ýaşaýanlary üçin, Allanyň özlerini ýalkany üçin gomparan bolýa bular!» Garik ýene öz göwnüne degenlere hyýalynda haýbat atdy: «Gomparyň bakaly! Menem sizi gowy gompardaryn!»
Ejesi saçagyň üstüni zatdan dolduransoň, Öwez-de geldi. Ejesinden käýinç eşidensoň, onuň-da keýpi ýokdy.
— Al, iýip-içiber — diýip, ol zordan mydyrdap, Garige çaý guýup berdi. Naharly jamy süýşürdi.
Keýpsiz bolansoňlar, şepeleriň ikisem seslerini çykarman iýip-içdiler. Öýkelese-de, bir garny aç, bir garny dok ýatyp-turup ýören Garik Aýjahan daýzanyň naharly jamyny boşadyp berdi. Saçaga goýlan zatlaryň baryny iýdi.
Çemçesini jama süýkäp-süýkäp alşy, çalt-çalt gäwüşemesi Garigiň özüni gahara aldyranyndan habar berýärdi. Aslynda guduz häsiýetli Garigiň gahary gelende nähili işlere ukyplydygyna belet Öwez onuň gan guýlan gözleriniň bakyşyndan çekindi.
— Al, çaý iç! — diýip, gorkusyndan, zol oňa çaý hödür edýärdi hem onuň yzly-yzyna boşadýan käseine çaý guýup berýärdi. Süýjüli gaby oňa tarap süýşürip-süýşürip, eňeginiň aşagyna dykaýjak bolýardy.
Garige mürähet gerek däldi. Ol daşy kagyzlyja süýjüleriň kagyzyny sypyryp, çigit çigitlän ýaly, zol agzyna atyp otyrdy. Agzyna düşen süýjüleri dişleri bilen şatyrdadyp ýençýärdi. Olardan gaharyny çykarýan ýalydy.
Daşarynyň arassa howasy girer ýaly açylyp goýlan äpişgeden Aýjahan daýzanyň gyzyna gep goşýany eşidildi.
— Gülälek gaýtdymy? — diýip, ol Nurjahandan sorady.
— Hawa — diýip, Nurjahan jogap berdi.
— Gülälek beýle gyssaga düşüpdir welin, näme, satjak bolýamy o tahýany? — diýip, Aýjahan daýza ýene sorady. — Jähek tutjak diýip, gün dogandan eňäýipdir-le bärik.
— Ýok-la, satanok. Birine berjek diýýä.
— Wiý, toba! — diýip, Aýjahan daýza hüňürdedi. — Oglan tahýany birine berjek diýýämi ol? Bi zamanyň gyzynda uýat-şerim galmandyr.
Nurjahan ejesine jabjyndy:
— Il bilen ne işiň, eje! Birine tahýa bereniň bilen uýat-şerim galmaýan bolýamyşmy? Biriniň doglan gününe sowgat etjek diýýä.
Nurjahanyň sözlerinden Gülälegiň tahýany Emire niýetläp tikenini Garigem, Öwezem çenledi. Bu habara Garigiň ýüregi sançdy. Emire gözi gitdi. Öz gününe kemsindi.
— Iliň ogl-a şeýle gerekli bolaýýa — diýip, daşarda Aýjahan daýza hüňürdedi. — Biziň oglumyza-da şeýdip, tahýa tiken tapylarmyka?
— Iliň ogly derekli, şonuň üçinem gerekli ol — diýip, Nurjahan ejesne igendi. — Seň ogluňda derek barmy, iliň gyzyndan tahýa sowgat alara?! Deregi bir wagt dargady seniň ogluň!
— Dereg-ä dargady — diýip, Aýjahan daýza gyzyny makullady.
Eneli-gyzyň gürrüňiniň soňy Öweze syrygdy.
— Özüň başyna goýberdiň ony — diýip, Nurjahan ejesini günäledi. Aýjahan daýza uludan dem aldy:
— Wah, başyna goýberip-goýbermän, men näme edeýin ony? Yzyna çopan bolup düşeýinmi? Çagaka sypdy-da ol elimden. Atasyz ulaldy, göwnüne degmäýin diýdim-dä!
— Göwnüne degmeli onuň, eje! — Nurjahan janykdy. — Öň degmedigem bolsaň, indi deg. Günde deg göwnüne. Hany göreli, käeleni bilen jany çykaýýamyka şonuň?! Töweregiňe üns ber, heý, şu jelegaýda seň ogluňdan başga yzyna bolar-bolgusyzy tirkäp ýören barmy?!
«Bolar-bolgusyz» diýlip, özüniň göz öňüne tutulýanyny Garik duýdy. Onuň ýüreginde Nurjahana bolan ýigrenç güýjedi.
— Ýuwaş bol, äpişge açyk, eşidäýmesin ol — diýip, Aýjahan daýza gyzyna duýduryş berdi.
Nurjahan gykylyklamagyny dowam etdi.
— Eşidip geçsin şol! — diýip, birem sypaýyçylyk etmän gepledi. —Şoňa eşitdirmek üçin ýörite diýýän. Öz ornuny, barmaly gapysyny bilsin. Şolar ýalyň gelmeli öýümi bu öý?! Özünde-de kem bardyr öýdenok, göreňokmy häli, utanç-haýany unudyp, eňegimize bitip durşuny! Gülälegi dagy gözi bilen iýäýjek bolýa. Bihaýa diýsäni! Derekli erkek kişi bolýan bolsa, gyzyň deňinden başyňy aşak salyp, geçibermeli bolar-da. Ýüz-gözi dagy näteňet artybyň. Görden çykanyň ýüzi ýaly. Barlap görseň, şonuň etmeýän haramlygy ýokdur. Şol sypaty bilen ne gözel adamlara salamam beren bolýar-a! Namysyň bolsa, ile çykma diýsene!
— Bes et diýýän indi. Bes et, boldy! — diýip, Aýjahan daýza gyzyna gygyrdy. — Dälirediň sen-ä.
Nurjahan gepiniň yzyny aga ýazdyrdy:
— Dälirejek. Ile çykarlygym ýok. Uly il seň ogluň gürrüňini edýä. Baran ýerimde menden «Öýüňize gelýän zat näme?» diýip soraýarlar. Aýt ogluňa. Getirmesini bes etsin şony öýe. Indi getirse, özüm kowaryn. Ol bu gün meniň jorama göz dikse, ertir birimize ýapyşar! Onuň şeýtjegini gyzaran gözleri aýdyp dur-a, eje! Seniň özüň gorkaňokmy, eje jan, ondan?! Eger öýde bolmasy bir iş bolaýsa, soň ile nädip çykjak? Özüňden bilermikäň diýdim, bilmediň sen. Kimi öýüňe goýberýäň sen?!
— Hany, goý agyňy! — diýip, Aýjahan daýza gussaly gepledi. — Seniň pikir edýän zadyňy menem müň ölçerip-dökýän. Öweziň armysy ýetip gelýä, şondan soň aýrylyşarlar-da — diýip ýörün.
Nurjahan agysyny goýdy. Ýöne gaharyndan köşeşmedi. Hüňürdedi:
— Garaşyber entek. Garaş isläniňçe. Gulluga gidýänçä bir iş goparmasa bolýa. Aram-aram ýüregim gysyp, dünýä sygmajak bolýan. Üstümize bir howp abanyp gelýän ýaly...
— Waý-eý, goýaweri, toba edeweri! — diýip, Aýjahan daýza gorkuly seslendi. — Allanyň özi gowusyny etsin!
— Öýüňe bidöwleti goýber-de, Alladan gowusyna garaş-da otur bakaly... Elbetde, Allanyň özi gowusyny etsin! Ýöne «Hudaýa ynansaňam, ynan, eşejigiňi welin, bekje duşa» diýýändir köneler.
Özüniň şeýle derejede äsgerilmezligi, sylanmazlygy, ýigrenilmegi Garigi ýüregine pyçak urlan ýaly etdi. Ol näme edýäninem bilmän, çaýdan boşan çäýnegi eline aldy-da, diwaryň ýüzüne pagşyldadyp urdy. Çäýnek çym-pytrak bolup, içindäki şemleri halynyň üstüne seçelenip gitdi. —Häýt, siziň bir... — diýip, çyrlap gygyrdy-da, Garik ýerinden syçrap turdy. Hapa sögündi. — Näme etdim-aý men bulara?! Diňe salam berenim üçinem bir şunça goh bolarmy-how!
Şeý diýip, ol gahar bilen daşaryk atyldy. Ol ejesidir jigisini bir bela sataşdyraýmasyn diýen gorky bilen, Öwez onuň yzyna düşdi. Garigiň bolşundan Öwez şeýle bir gorkdy welin, saňňyldama basyp, aýaklary titredi. Garigiň yzyndan ylgap:
— Garik! Garik! — diýmeden başga gepem tapmady.
Çäýnegiň pagşyldysy, Garigiň aýylganç sesi Aýjahan daýza bilen Nurjahanyň zähresini ýardy. Olar içerde Öwez bilen Garik uruşýandyr öýtdüler. «Waý-da-waý» bolşup, içerik atyldylar. Daşaryk çykyp barýan Garik bilen içeri girip gelýän Aýjahan daýzadyr Nurjahan bosagada pete-pet geldiler. Özüniň äsgerilmezlik edilýänine kemsinmeden gany depesine uran Garik eneli-gyzyň ikisinem bat bilen itip, gapdala zyňyp goýberdi.
— Ýaňkyja sözleriňiz üçin ikiňiziňem gözüňizi çykaryp bilýän! —diýibem, olara haýbat atyp gygyrdy. — Entegem, duzuňyzy iýenim üçin bu sapar zat diýmäýin. Ýene ýekeje gezek maňa erbet söz aýdanyňyzy eşidäýsem, diliňizi soguryp giderin. Siziňem menden üýtgeşik ýeriňiz ýog-a-how! Ýa Öwez menden artykmy?!
Nurjahan: «Öwezi sen zaýaladyň!» diýip, gygyrmak isledi. Ýöne öňem adam sypaty bolmadyk Garigiň ganyny gaçyryp, saňňyldap durşundan eýmenip, sesini çykaryp bilmedi.
Garik diýjegini diýip bolansoň, öýden çykyp gitdi. Öwez Garige eşitdirmek üçin batly sesi bilen ejesidir Nurjahanyň üstüne gygyrdy:
— Näme meň dostumyň göwnüne degdiňiz?!
Şeý diýip arlansoň, Öwez Garigiň yzyndan gitmek üçin daşaryk atyldy.
— Dostuň gursun, dosty gurmuş! — diýip, Aýjahan daýza gygyryp sögündi. — Dost bolarmy şondan! Ol, ynha, bir gün gelip, bizi soýubam gider! Derekli kişi duz iýdiren adamlara şeýdip topulyp bilermi?!
Öwez ejesine gepleýämiňem diýmedi. Batly-batly ýöräp, eýýäm esli arany geçen Garigiň yzyndan ýetmek üçin demi-demine ýetmän, daljygýança ylgady. Garigiň ýanyna baryp, hojaýynyna ýaranjak bolýan güjüjek kimin, onuň bir eýlesine, bir beýlesine geçip, delmurdy.
— Aýal-da olar, Garik. Olardan gaty görme sen — diýip, dostuna ýuwdunyp-ýuadunyp, gep goşdy. — Häzir yzyma gaýdyp baraýyn bakaly, men olaryň emini bererin. Gaýdyp saňa dil ýetirmez ýaly ederin!
Garik Öweziň gepinem diňlemedi. Ýüzüne-de seretmedi. Awtobus duralgasyna bardy. Јsgerilmese-de, Öwez onuň ýanyndan aýrylmady.
— Ýör, yzymyza baraly — diýip, birsyhly oňa ýalbardy. — Täzeden çaý içeli. Dynç alaly.
Garik ýene sesini çykarmady. Misli, Öwez özi bilen däl-de, ýer bilen gepleşýän ýaly, birsyhly gedemlik bilen dymmagyny dowam etdi. Içinden Aýjahan daýza daga sögündi: «Kimdirin öýdýä özüni olar. Bolsa bolupdyr girip-çykmaga tünegi. Islesem, baryny bir ýumrukda ýatyryp, öýlerini üstüne ýumrubam gidip bilerin. Özbaşdak öýüm ýok diýmesem, meniň nämäm kemmiş olardan? Işläp ýörsem, öýem edinerin-dä».
Awtobus geldi. Garik yzky gapydan mündi. Öwez-de onuň bilen mündi. Oňa wepalylygyny subut etmek isläp, onuň üçin bilet puluny töledi. Tä barmaly ýerlerine barýançalar gapdalynda oturyp gitdi.
Dowamy bar.