ARWAH GELÝÄN GIJESI (Ogulsenem Taňňyýewa) #13
Enkaň haýyşy boýunça...
***

Şol günden soň hem Öwez duşuşyk ýerine howlugyp barýan Gülälege kän gabat geldi. Kä gün oňa üns bermedi. Kä gün gidip, aşyk-magşuklaryň gepine diň saldy. Şeýdip, günler biri-biriniň yzyna tirkelip, geçip durdy. Bir gün bolsa Gülälek Öweze Garik bilen gelýärkä sataşdy. Bagtly ýylgyrjaklap, uçan guş dek pasyrdap barýan owadan gyz Garigiň teşne gözlerinde galdy. Ol Gülälegi taýak atymlykdan görendenem gözleri bilen iýäýjek bolup seretdi. Gyz deňlerinden geçip gidenden soň telim ýola yzyna öwrülip, gözlerini gyzdan aýryp bilmedi.

— Owadan gyz eken — diýip, hyrçyny dişläp, baş ýaýkady. — Beýle-de owadan gyz bolýan eken-ow! — Şeý diýensoň Garik Öweze ýüzlendi. —Tanaýaňmy?

— Tanaýan — diýip, Öwez Gülälegi tanaýanlygyny ýaşyryp durmady. —Klasdaşym hem goňşym. Han-ha, hol öýde ýaşaýa — diýbem, gyzyň öýüni baş atyp görkezdi.

Şol pursat Garigiň ýüreginde söýgi ody köredi. Ol Gülälege bir görende aşyk bolanyny duýdy. Gyzy ýakyndan tanamak höwesi güýjedi. Ýetişeli bäri özüniň sataşyp gören aýal maşgalalary häzir onuň üçin köçede entäp ýören it-pişiklerden ibaly duýulmady. «Şuň ýaly gyz bolaýsa ýoldaşyň!» diýip, dişlerinden syzdyryp pyşyrdady. Aýak çekip, Öweze delmuryp bakdy:

— Tanyşdyrsana onuň bilen!

— «Tanyşdyr» diýýäňmi?! — Öwez pyňkyrdy. — Tanyşdyrjak bolanymda ol gyz seň bilen tanşar öýdýäňm-ow, şepe!? Bu gyz, ol, seniň Faýa daýzaňlara üýşýän gyzlardandyr ödýäňmi sen çem gelen bilen tanşyberere! Munuň ýaly gyzlar ýigitleri pitikläp-pitikläp saýlaýarlar. Öýüne müň sawçy eltip, birine barýa olar. Olaryňam haýsysy edepli, akylly, üstesine-de syratly hem pulluja bolsa...

— Bilýän... — diýdi-de, Garik uludan dem alyp, gussa batdy. Gülälegiň giden ugruna seredip goýberensoň, ýoluny dowam etdi. — Hudaý meni halaman, ýetimlik ykbalyny ýazypdyr maňlaýyma. Mende oňka gudaçylyga iberere ene-ata-ha ýok. Sanap töläre pul-da!

— Üstesine, jaýyňam ýok — diýip, Öwez onuň ýarasyna duz sepdi. —Zawodyň umumy ýaşaýyş jaýyndaky gaty krowatyň üstünde ýatyp-turýan ýigide Gülälek barar öýdýäňmi? Tertibiň hakda-da pikir edä-how sen!

— Gülälek... Gülälekmi onuň ady? — diýip, Garik Gülälegiň adyny süýjedip tutdy. — Gülälek diýseň gülälek. Pasyrdap, ýöreýşini dagy görýäňmi onuň?!

— Sen-ä oňa eýýäm aşyk boluň — diýip, Öwez şepesiniň ýüzüne ýyrşarylyp bakdy. — Gülälek aşyk bolmaz ýaly gyzam däl-dä...

— Aşyk boldum-aý... — Garik Öweziň egnine äpet aýalaryny patladyp goýberdi. Garigiň elleriniň agramyna Öweziň eginleri ýegşerip gitdi. —Ýöne meniň öýümiň, pulumyň ýoklugy üçin men günäkärmi?! Ol zatlaram belki, soňy bilen bolar... Şeýle ykbaly maňlaýyma meniň özüm çyrşamadym ahbeti...

«Özüňiň-de günäkär ýeriň kän» diýip, Öwez şepesiniň bolgusyz edähetlerini aýdyp galmak isledi. Ýöne ýene-de onuň bir ýoknasyzlygyny ederinden çekinip, dilini saklady. «Näme bolsaň, şol bol» diýip, içinden Garige igendi. Gepini sypaýyrak ugra gönükdirdi:

— Şeýle ykbaly maňlaýymyza özümiz çyrşadykmy, başga kişi, biljek däl, şepe. Ýöne şol gyz seniň kimin öýsüz-öwzarsyz, pulsuz-püçeksiz sergezdana barmaýa. Şon-a aýdaýyn men saňa. Özi barjagam bolsa, hossarlary bermez. Sen bilýäň-ä türkmeniň ýagdaýyny. Türkmen maşgala berjek bolsa synlap, seredip, tertibini-ýagdaýyny sorap-idäp, soň berýär-ä. Ogul öýerenlerinde-de şeýdýärler.

Öwezleriň öýüne gelip, ornaşanlaryndan soň Garik janykdy:

— Eger men ony gowy görsem, şony-da alasym gelse, onda näme?!

— Alasyň gelse-de alaç ýok. — Öwez dodagyny çöwrüp, egnini gysdy. —Her kim öz deňini gözlemeli. Ogryn, zorluk salyp alyp gaçaýmasaň-a, şony saňa gowulyk bilen-ä bermezler. Alyp gaçsaňam, belki, soň gyz raza bolmaz ýaşamaga. Belki, ene-atasy soň senden hasabat sorar!

Etimlikde, horlukda geçen günleri ýadyna düşüp, Garigiň gahary geldi.

— Gözläýmen öz deňimi — diýip, ol gahardan titredi. — Näme men sergezdan, aýalym-da sergezdan bolsa... Ömrümize şeýdip geçmelim-aý biz? Her zat ederin welin, ýaňkyja gyzy alaryn men!

— Barmasa nädip aljak ony?! — Öwez gözlerini tegeledi.

— Sen bir gezek tanyşdyrsaň bolýa. Soň özüm bilerin nädip aljagymy! —Şeý diýende Garigiň gan öýen gözleriniň gyzyly has-da köpeldi. Muňa Öwez tisginip gitdi. — Gyzlarda ýekeje bagt guşy bolýandyr. Şonusyny elinden gidirensoň, olar sergezdanyň-a däl, gedaýyň yzyna-da düşer...

Garigiň gahardan ýanýan gözleri, aýdýan sözleri Öwezi barha eýmendirdi. «Nireden sataşd-aý bi maňa! Sataşman geçen!» diýip, Öwez içini gepletdi. «Indi bi meni günüme goýmaz!» Öwez diýseň alada galdy. Her zadam bolsa, ýene Garigi niýetinden dändirmek isläp, oňa hoşamaý söz goşdy:

— Aý, şepe jan, men bilýän-ow! Sen tanaňok öýde oturan gyzlary! Gülälek öldürseňem, seniň bilen tanyşmaz. Tanşar öýtseňem, meni bir ara goşma-how. Hana, tanşyber özüň ýolunda dur-da.

— Sen tanyşdyrarsyň! — diýip, Garik Öweze gözlerini petredip seretdi.

— Sen-ä gaýra dur. Ol meniň bilenem gürleşmeýä — diýip, Öwez ýene sypjaklady.

Garik pikirinden el çekmedi:

— Seniň bilen gürleşmese, jigiňe çagyrtdyraýarys.

— Jigime çagyrtdyrsaň-da, ol bizi görüp, gaçyp gider — diýip, Öwezem öz diýenini tutdy. — Gepleşmez, Garik. Ynanaý maňa sen. Sen Faýa daýzanyň öýündäki bihaýalaryň çem geleni bilen gepleşip, öwrenişipsiň olara. Onsoňam, meniň jigimiň Gülälegi öýe çagyryp, bir nätanyş oglan bilen gepleşdirjek bolýanyny Gülälegiň ejesi Aýnabat daýza dagy biläýse, bilýäňmi nämeler bolar?! Ol bizi diriligimize ýuwdar. Ilki bilen-ä biziň ýumşumyzy jigimem etmez. Ejemem biläýse, gaýdyp seni bu bosagadan ätletmez.

Garik Öweziň üstüne gygyrdy:

— Beýdilerim ýaly, pis açypdyryn-maý men?! Dünýäni gapyşdyraýdyň-la-how! Iň gowusy, ol gyz bilen meniň tanyşjak bolýanymy islemeýäniňi boýun alaýsana-how sen!

Öwez janyýangynlyk bilen hyrçyny dişläp, başyny ýaýkady:

— Wah, dostum! Diýýäniň näme how seň! Sen Gülälek ýaly gyza öýlenip, seniň günüň düzelse, men begenmejekmi eýsem?! Men saňa hakyky boljak zatlary aýdýan-da. Pis açmanyňda näme! Gülälek ýaly gyzlar seň ýaly, meň ýalyny äsgermeýär-dä!

Garik öýkeli hüňürdedi:

— Meniň günümiň düzeljegine begenesiň ýok. Begenjegiň çyn bolsa, tanyşdyrardyň.

— Begenerin, näme begenmän — diýip, Öwez sözüni tekrarlady. —Onsoňam, onuň halaşýany bar-a-how. Ol gyz hälem şoň bilen duşuşmaga barýardy.

— Ýalan! Indi ýumuşdan gaçyp, ýalan sözleýäň! Sen nireden bilýäň kimiň halaşyp, kimiň halaşmaýanyny!

— Alla jan kessin! — diýip, Öwez sag eliniň süem barmagyny boýnuna süýkäp goýberdi. — Ine, şujagaz gapdalymyzdaky goňşymyzyň ogly bilen halaşýa. Ol-da meniň klasdaşym. Men ikisiniň duşuşanyny gördüm.

— Ýalan! — diýip, Garik tükezzibanyna tutdy.

— Ynansaň, ýör, gideli, görkezeýin.

Owadan gyzyň ýigit bilen duşuşýanlygyny eşitmek Garik üçin diýseň agyrdy. Ol her zadam bolsa, Öweziň ýalan-çynyna göz ýetirmek isledi. Böküp, ýerinden turdy:

— Ýör, ýöne, aldaýsaň, kanala atyp gaýdaryn.

— Häzir oturan bolsalar-a görkezeýin. Eger gaýdan bolsalar, ertir gidip göreris — diýip, Öwez ynamly gepledi. — Olar şol ýerde günde duşýa.

Öwez bilen Garik tirkeşip ýola düşdüler. Ýöne olara Gülälekdir Emiriň duşuşýan ýerine barmak geregem bolmady. Öwez dagy maşyn ýola ýeten halaty Gülälek eýýäm duşuşyk ýerinden yzyna dolanyp gelýärdi.

Garik onuň ýekeligine begendi.

— Hana, onuň bir öz-ä. Ýanynda oglan ýog-a! — diýip, ol tolgunyp hem begenip, näme edýäninem bilmän, çep eli bilen gapdalyndan barýan Öweziň penjeginiň ýakasyndan tutdy. Gözleri Gülälek tarapyndady — Seret, ol ýeke gelýär!

Öwez hem Gülälegiň ýeke gelýänini görüp barýardy. Ýöne Öwez salym geçmän, Gülälegiň yzysüre Emiriň-de geçjegini, häzir onuň gyzy il gepine goýmazlyk üçin bukurak ýerde saklanýandygyny duýýardy.

— Guş kimin pasyrdap gelýä! Onuň ýöreýşine bir seretsene! Ýöreýşem müň gyza degýä onuň! — diýip, ýollaryň gyrasynda dikilen tillerdäki ýiti çyralaryň ýagtysyna birsyhly gyza syn salýan Garik ýene duýgularyna erk edip bilmän seslendi. — Şol gyza ýetip bilmesem, ölerin men, Öwez!

— Häzir görersiň, onuň yzyndan halaşýan ýigidi-de çykar! — diýip, Öwez sözleri bilen Garigi gynandyrdy. — Gülälek ýola ýeke çykmaz. Emir häzir Gülälegi gözleri bilen ugradyp durandyr. Ilden çekinip bile ýöremeýä olar. — Öwez Garigiň elini penjegindžen aýyrdy. — Gyz-oglan bolup, bileräk ýöräp bolanok-how şu zamanada. Derrew gepe ýataýýalar.

Gülälek Öwez daga golaý gelip, maşyn ýoldan geçdi.

— Bolgusyz gepiňi tüket — diýip, Öweze azgyryldy-da, Garik generaly gören esger mysaly aljyrady. Onuň bu wagt Öweziň gerekmejek geplerini diňläsi gelenokdy. — Hana, ol ýetip gelýä.

Öz pikirleri bilen gümra Gülälek ýene Öwez daga üns bermän, sallanjyrap, ýere bakyp, geçip gitdi. Garik ony gözleri bilen ýuwdaýjaga dönüpdi.

— Men heniz beýle owadan gyz göremok — diýip, ol tolgunmadan demi tutulyp, pyşyrdady. — Dodaklarynyň pökgüjedigine seretdiňmi? Açyljak bolup duran gunça meňzeýä olar, Öwez! Sen ol gyz bilen meni iň bolman, ýeke sapar bir gepleşdir! Bir gezek gep açyp bilsem, soňuny özüm oňararyn!

Şol pursat beton öýjagaz tarapdan gelýän Emir uly ýoluň gyrasynda göründi. Öwez henizem Gülälegiň yzyndan bakyp duran Garige ýüzlendi:

— Hana, onuň gepleşýänem gelýä. Diýdim-ä men saňa, yzynda garawullap oturandyr diýip!

Öweziň sözleri Garigiň gaharyny getirdi. Onuň gözlerinde gazap ody uçganaklap gitdi. Hut ýaňyja gyza bakyp, mylaýym duýgulara eýlenen ýüzi hyýrsyzlandy. Gahardan gaşlary gerildi. Sesini çykarman, Emire tarap syn saldy.

Emir Öwez bilen onuň şepesiniň ýoluň çatrygynda, öz geçmeli ýerinde duranyny gördi. Ol özüniň nireden gelýäniniň soralyp, syrynyň açylaýmagyndan çekinip, geçmeli gabadam bolsa, geçmän, ýoluň gyrasy bilen ýene esli ara ýöräp gitdi. Öwez dagynyň duran ýerinden mazaly ara açyp, soň ýoldan geçdi. Öwez daga tarap ýöremejek bolup, jaýlaryň gapdaly bilen öwrüm edip gitdi.

Emiriň bu bolşy Öwezde-de, Garikde-de ýakymsyz duýgy döretdi. «Özi tertipli bolansoň, biz ýaly bilen gepleşmäge namys etdi öýdýän» diýip, Öwez içinden pikir öwürdi. Garik Emire bolan pikirini daşyna çykardy. Ilki:

— Şolmy ol periniň halaýany? — diýip, Gülälegiň adyny tutman sorady. Öwez «hawa» diýen terzde baş atdy.

— Sen-ä äsgerýäne meňzänok — diýip, soňra Garik it ýylgyryşyny etdi. — Salama-da gelmedi. Özem bizi gördi. Gelmejek bolup, bilgeşländen öwrüm edip gidişini görýäňmi?

Emiriň öz ýanlaryndan geçmän, öwrüm edip gidenine Öwez kemsindi. Özüniň hapa bulaşanyny duýmagyň ýakymsyz duýgusy kalbyna ornaşdy.

— Gelmän geçsin — diýip hüňürdedi. — Meniňem şo diýip, gözüm-gaşym çekip duranok.

Şundan soň iki şepe-de aýrylyşdy. Olaryň hersi öz ýoluna gitdi. Öwez öýüne gaýtdy. Garik ýatak jaýyna.
Dowamy bar.

Edebiýat, Ahmedik_97 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir