ARWAH GELÝÄN GIJESI (Ogulsenem Taňňyýewa) #12
Enkaň haýyşy boýunça...
***

Garigiň elten öýünde gören bihaýa kişileri Öweziň diýseň keýpini bozdy. Olary hiç ýadyndan çykaryp bilmedi. Ýarym ýalaňaaç gyzlardyr erkek kişiler gije düýşünde, gündiz huşunda ony gününe goýmady. Ol Garikden sypmagyň gaýgysyny edip, saralyp-soldy. Iňňä sapaýmaly boldy.

Islese-islemese, Garik ýene Öwezi Faýa «ejesiniňkä» alyp gitdi. Ikinji gezek baranda Öwez birinji sapardaky ýaly kyn hala düşmedi. Öýdäkileriň hapa oýunlaryna goşulmasa-da, özüni rahat saklamagy başardy. Garik öwrenen oýunlaryndan mazaly keýpini çaglaýança ýüzüni kese sowup oturyp gaýtdy. Oňa bu öýdäkilerem azar berip duranokdylar. Asyl oňa «barmysyň» diýýänem ýokdy. Ol bu öýe on-on bäş gezek baransoň bolsa, Faýa daýzalardaky wakalar Öwez üçin adaty wakalara öwrülip gitdi. Ol bolýan wejeralyklara daşarda töweregi palçyga eýläp akyp ýatan kranta syn salşy ýaly, biperwaý syn salmaga öwrenişdi. Özi welin olara goşulmaga hiç meýil etmedi. Ýogsa, käteler, ýanyndaky erkek kişileri ýok wagty ýalňyz galýan gyzlar Öweziň daşyna geçip, oňa her hili gep goşup, itişip oýun-henegem edip görýärdiler. Ol gyzlary Öweziň ýüregi alanokdy. Ýöne «Duza gaçan duz bolar» diýlişi ýaly, mydama haýasyz zatlary synlap ýören ýetginjegiň-de ýüregi soňy bilen üýtgäp, onuň küýüne her hili gara pikirleri salýardy. Faýa daýzalaryň öýündäki oýunlara nähili goşulyp gidenini Öweziň özem duýmady. Haram keýpe uçran halaty adamda haýa-şerimden nyşan galmaýanyna, özi bu öýe ilkinji gezek gelende aýal-erkekleriň nä sebäbe özlerinden utanman, göz-gülban bolup oturyşlaryna Öwez olaryň gününe düşen wagty göz ýetirdi.

Içgidenem gaýtmady, keýpi-sapadanam. Uçilişşäni tamamlaýança ol depesinden dabanyna çenli hapa çümdi. Uçilişşeden soň zawodlaryň birine nurbat ýasaýjy tokar edilip işe iberildi. Ýene Garik bilen bir stanogyň başyna barmaly boldy. Garik uçilişşäniň umumy ýaşaýyş jaýyndan zawodyň umumy ýaşaýyş jaýyna geçdi.

Öwez uçilişşäni tamamlaýança onuň mekdepdäki klasdaşlary-da on ýyllyk okuwy tamamladylar. Klasdaşlarynyň köpüsi ýokary okuw jaýlaryna okuwa girdi.

Goňşulary Näzik daýzanyň ogly Emir hem medisina institutyna girdi. Garigiň dünýäsine özüni atan Öweziň klasdaş bilenem işi ýokdy, goňşy bilenem. Onuň bolşy bu dünýäniň adamsy däl ýalydy. Düňderilip, şol bir öwrenişen ýoly bilen gelip-gidip ýördi. Işden soň Garigiň bolýan ýerine giderdiler. Garaňkyny gatlyşdyrman, Öwez öýüne köwlenmezdi.

Tomus aýagynyň ýygnanyp ugran günlerinde, giçlik, öýe gaýdyp gelýärkä Öwez klasdaşy hem goňşusy Gülälege gabat geldi. Gülälek nirädir bir ýere howlugyp barýardy. Ýüzüni gaýra tarapa tutupdy. Pete-pet gabat gelenem bolsa, gyz Öweziň ýüzüne seretmedi. Ol çuň pikire batyp barýardy. Süňňüeňil ädimleri, käte özbaşyna ýylgyrjaklap barmasy gyzyň süýji hyýala çümeninden habar berýärdi.

Gyz özüne seretmese-de, Öwez welin Gülälege syn saldy. Şonda Gülälek klasdaşy Öweziň gözüne peri sypatly bolup göründi. Olardan aýrylyp gaýdyp, ençeme ýyl bäri ýakyndan syn salyp görmedigindenmi-nämemi, Gülälek öňkülerden has ösüp, eti-gany doluşan ýalydy. Döşüniň üstünden goýberen goşa örüm saçlarynyň uçlary gyzyň ädim urşuna çaýkanyp, birgeňsi galgap, ýüregi elendirýärdi. Dolmuşja ak ýaňaklaryň üstüne dökülen zülpler adaja şemala gyzyň ýüzüni sypap-sypap goýberýärdi. Gyz ellerini zol ýüzüne eltip, zülplerini timarlaýardy. Zülpler bolsa, misli, gyz bilen kejeşýän ýaly, sypalyp ornuna eltilenden soňam ýene akja ýüze tarap dalaş edýärdi.

«Garaňkyny gatlyşdyryp, bi nirä barýarka? Gözi ýer görenok» — diýip, Öwez Gülälek deňinden geçip gidensoň, içinden pikir öwürdi.

Şeýle ýagdaýda Öwez Gülälege soň hem kän gabat geldi. Günleri gysgaldyp, garaňkyny çalt gatlyşdyryp başlan sentýabryň bir agşamy Öwez ýene Gülälegiň gaýralygyna barýanyny gördi. Ýetginjegiň bilesigelijiligi şol gün ony öz erkine goýmady. «Bi her gün nirä gidýäkän-aý garaňkyny gatlyşdyryp. Göreýin-le» diýip, içini gepletdi-de, Öwez yzyna öwrüldi. Özüniň barlygyny duýdurman, Gülälegi yzarlady. Gyz obaçylykdan çykyp, kanalyň boýuny syryp geçýän uly maşyn ýola ýetdi. Indi onuň barýan ýeri tekiz ýolda eliň aýasynda ýaly görünýärdi. Bir çetde çommalyp oturdy-da, Öwez gyza syn saldy. Onuň nirä barýanyna seretdi. Gülälek maşyn ýoldan geçensoň, kanalyň boýundaky beton jaýjagaza tarap gitdi. Ol beton jaýjagaz Öwez dagy dünýä ineli bäri bardy. «Ony kanal gazyjylar» dikip gidipdirler diýip, gürrüň edýärdiler. «Öý» diýilse-de, betondan gurnalan bu ymaratjyk «öý» diýer ýaly däldi. Ol ýel-ýagmyrdan goranmak üçin dikilen beton haýatdy. Üç tarapy demir bilen kebşirlenip, ini-boýy üç-dört metr ýaly ölçegde gurnalan gaçybatalgady. Üstüne-de birki sany uzyn demir kebşirlenip, çöp-çalam, şifer bilen basyrylypdy. Ýyllar geçip, çöp-çalamlar çüýräp, şiferleriň köp ýeri döwlüp gidipdi. Öýüň töweregini bolsa gamyşdyr, ot-çöpler basypdy.

Öweziň özem ol öýjagazda kän gezekler ykyşyklap görüpdi. Öwez ol töwerekde çagalykda mal bakdy, oýnady. Güýçli ýel bolanda, ýagyş-gar ýaganda çagalar şol öýjagaza girip, penalanýardylar. Öýjagazyň töründe oturgyç ýerine goýlan harsaň-harsaň agyr, beton daşlar bardy. Ony uly adam bolaýmasa, çagalar asla ýerindenem gozgap bilmeýärdiler.

Gülälek esli ara açansoň, Öwez onuň yzyna garama-gara düşdi. Gyz ýakynlaberende, taşlanyp gidilen beton öýjagazdan ak köýnekli, uzyn boýly ýigit çykdy. Ýigidi görüp, Gülälek ondan birki ädimlikde badyny saklady. Soň ikisi bile ýene beton öýe duwlandylar.

«Gülälek biri bilen duşuşýa» diýip, Öwez içini gepletdi. Gyzy garşylan ýigidiň kimligini bilmek höwesi bilen öňe atyldy. Töwerekde ösen gamyşdyr ot-çöpleri şygyrdatmazlyga çalşyp, seresaplylygy elden bermän, beton jaýa ýakynlaşdy. Käte çalajadan geplenýän hüňürdi eşidilip gidýärdi. Ýöne näme hakda geplenýänini aňşyryp bolanokdy. Öwez ýuwaşja ädimläp, jaýyň arka ýüzi bilen Gülälek dagynyň oturan ýerine has golaý bardy. Gulagyny beton haýata berdi. Oturanlar şeýle bir haýal, pessaý gepleşýärdiler welin, indi diýilýän gepleri aýyl-saýyl eşitse-de, Öwez ýigidiň sesini hiç saýgaryp bilmedi. Ýaşlar, hamala, uklap ýatany oýarmajak bolýan ýaly, seslerini gaty çykarmazlyga çalyşýardylar. Ýöne gürrüňiň klasdaşlaryň kiçi klaslarda başyndan geçiren wakalary hakdalygyny saýgaryp, Öwez ýigidiň-de öz klasdaşlarynyň biridigini çaklady.

Eýýäm ençe ýyl bäri Garik bilen tirkeşip, Faýa daýzalarda bihaýaçylykly ýagdaýlara goşulyp ýören Öwez üçin iki klasdaşynyň gürrüňleri çaga gürrüňinden üýtgeşik däldi. Olar klasdaşlaryň çagalykdaky garagolluklary, obadaky toýlar hakda gürrüň edýärdiler. Birdenem, Öweziň Gülälek daga gözi gitdi. «Men näme üçin özümi şular ýaly arassa tutmadym?! Näme üçin hapa ir çümdüm?! diýip, ol gynanç bilen pikir öwürdi. Öz bolup ýörşüne kemsindi. Ýüregine gussa aralaşyp, keýpi bozuldy.

Bir sagada golaý wagt geçensoň, Gülälek gaýdarman boldy.

— Gideýin indi. Ejem gözlär — diýdi.

Ýigit degişdi:

— «Aýnabat daýza, alada etmäň. Gyzyňyz meň ýanymda oturandyr» diýip, aýdyp gaýdaýaýyn öýüňize?

Gülälek jykyrdady:

— Hawa, şeýtsene. Bir kemim şoldy...

— Meň bilen duşuşýanyňy bilse, ejeň käýýärmi? — diýip, ýigit gyzdan sorady.

— Bilmedim — diýip, Gülälek ýene näz-kereşme bilen jykyrdady. — Ejem seň ejeň-ä erbet görenok. Seni nähili görýänini bilmeli-dä ilki. Gyzyna ýapyşyberseňiz halad-a ýapmaz.

«Be, kimkän-aý ol Gülälegiň ejesi bilen gowy gatnaşýan goňşy?» —diýip, Öwez oturan ýerinden pikir öwürdi. Ýöne näçe kelle döwse-de, öz sowalyna jogap tapmady. «Goňşulaň-ňa hijisem erbet gatnaşanok» diýip, öz-özi bilen gepleşdi.

Onýança ýigit ýene gyza sowal bilen ýüzlendi:

— Birden seni maňa bermejek bolsalar, näme edersiň, Gülälek?

— Goýaweri, beýle gürrüňler gerek däl häzir — diýip, Gülälek utanyp gepledi. — Biz entek ýaş-a. Sen okuwyňy gutar. Birneme ulalaly. Ol zatlary wagt gelende görübiýris. Berlip-berilmez ýaly, atyşyp-çapyşamzog-a öý arasynda.

— Beýle gürrüňem etsek-edibermeli. Bizem on sekiz ýaşadyg-a — diýip, ýigit gürrüňi dowam etdi.

Gülälek beton jaýjagazdan ylgap çykdy:

— Bolýa, men gitdim. Entek ol gürrüňlere aý-gün kän. Soň bir gün ölçerip-dökeris.

— Günde gelgin şu ýerde, men garaşjakdyryn — diýip, ýigit gyzyň yzyndan gygyrdy. Ýigidiň gaty sesini eşidensoň, Öwez ony tanady. «Emir!» diýip, özbaşyna gepledi. «Emir bilen Gülälek halaşýa».

Bu syry bilende Öwezde hiç hili göriplik duýgusy oýanmady. Hat-da ol klasdaşlaryna öz ýanyndan guwandam. «Tüweleme, Emir gowy gyz tapypdyr» diýip, içini gepletdi. Ýaşlar bu ýerden birneme ara açýança öz-özi bilen gepleşip oturdy. «Emirem erbet oglan däl. Tertibem gowy. Okap ýör. Aýnabat daýza berer-le Gülälegi Emire».

Gülälek bäş-on ädim ýöränsoň, badyny saklap, Emire gygyrdy:

— Günde garaşma! Günde gelip biljegimi bilemok. Iş bolmagy mümkin!

— Günde garaşjakdyryn! — diýip, Emir onuň yzyndan gygyrdy. — Işiň bolan güni işiňi bolup geläý! Men daň atýança oturaryn şu ýerde! Özüňem gorkman ýöräber! Men yzyň bilen barýandyryn.

Gülälek çöp-çalamlaryň arasyny kesip, ylgaşlap, uly ýola tarap gitdi. Gyz uly ýola çykansoň, Emir hem ýöräp ugrady.

«Şeýdip menem birini gowy görsedim. Şeýdip menem bir gyz gowy görsedi» diýip, Öwez kemsinmek bilen pikir öwürdi. «Menem şeýle arassa söýgä sataşsam bolmaýamy!»

Öwez ol ýerde gaty kän oturdy. Gijäniň bir mahaly öýüne dolanyp bardy. Eýýäm nije ýylyň içidir, islän wagty gidip-gelip duran oglunyň giç dolanmasyna Aýjahan daýza bu günem zat diýmedi.
Dowamy bar.

Edebiýat, Ahmedik_97 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir