ARWAH GELÝÄN GIJESI (Ogulsenem Taňňyýewa) #10
Enkaň haýyşy boýunça...
Sese Öweziň kejebesi darygdy. Ol ýumrugy bilen pola gütledip goýberdi:
— Tanamasam, nireden ýatlaýyn-ow men seni! Tanamasam, nireden ýatlaýyn! Kim sen, kim? Beýle gaýratly bolsaň, tanyt-da-how özüňi! Görün-dä gözüme!
— Men seniň gözüňe görnüp durun. Özüň göresiň gelenok.
Bu sözleri eşidende Öweziň ýüregi gopup gitdi. Üstünden sowuk suw guýlan ýaly boldy. Howsala hem gorky bilen birsyhly töweregine nazar aýlady. Ýöne gözi hiç kimi görmedi. Daşardaky harasat bolsa hem güwläp, hum şuwlap, zenzele turuzýardy. Biri-birine urlup, şaňkyldap ses edýän ýeňil-elpaý demirleriň, şatyrdap ýykylýan agaçlaryň sesi dünýäni has gorkunç hala salýardy.
— Men seni göremok! — diýip, indi Öwez çyny bilen gorkup ugrady. —Göremok, walla!
— Meni görmek üçin eden işiňi ýatlamaly sen! — diýip, ses gamgyn geplemesini dowam etdi. — Ony bolsa bütin ömrüňe ýatlamak islemediň sen, Öwez.
— Eden işim?! — diýip, Öwez diňşirgendi. — Men näme edenmişim?! Bi ömre edilen iş kändir. Men olaryň haýsy birini ýatlaýyn?!
— Ýatlasyň gelmeýän zadyňy ýatla! — diýip, ses Öwezi ugrukdyrdy. —Ömrüň boýy ýatlamak islemedik zadyňy! Göz ýuman zadyňy!
— Ýatlasym gelmeýän zadym? Ol nämekä, eý, hudaý! — diýip, Öwez hüňürdedi.
Öwez gözlerini süzdi. Gan guýlan ýaly, birden çep ýaňagy gyzyp gitdi. Ses gaharlandy:
— Näme at oýnadan bolýaň sen! Sen hernäçe ýatlamajak bol! Şu gün seniň hasap bermeli günüňdir, Öwez! Bek belle şuny! Bu gün seniň iň soňky günüň! Ýatlamak islemeýän zadyňam mydama seniň ýadyňda. Ýöne soň ony hakydaňdan ýörite öçürýäň. Ünsüňi başga zatlara sowup, onuň üstüni pikirleriň, iş-aladaň bilen gömmek isleýäň. Ýöne sen bir zady bilip goý, Öwez! Adam öz pälinden hiç wagt gaçyp gutulyp bilýän däldir.
— Sen meniň pälimmi? — Öwez uka berlip seslendi.
— Men seniň päliň däl. Men seni päliň bilen sataşdyrmaga geldim. Päliňe mydama ili duçar edip ýörmeli däl, Öwez. Ahyr soň her kim öz päli bilen özem sataşmaly.
— Nirede sataşmaly men oňa? — Öwez ýüz-gözüni süpürişdirdi.
— Öýlenen ýeriňi ýatla, Öwez!
Biri urýan ýaly, Öweziň ýaňagy ýene gyzyp gitdi.
— Men şu ýerde, şu öýde öýlendim. — Öwez ýaňagyny sypaşdyrdy. — Sen meni biri bilen çalyşýan bolaýma!
— Men seni hiç kim bilen çalşamok! — Ses azmly eşidildi. — Ilkinji sapar öýlenen günüňi ýatla, Öwez!
— O nähili ilkinji? — Öwez geň galyp, ellerini serdi. — Ilkinji, ikinji diýer ýaly, meniň müň aýalym barmy näme! Meniň ilkinjimem şu aýal, ikinjimem.
— Ýalan! — diýip, ses gygyrdy. — Bu aýal seniň ikinjiň! Bu aýala seni ejeň öýerdi. Özbaşyňa öýlenen gyzyňy näme üçin ýatlaňok sen, Öwez?!
Bu sözleri eşidip, Öwez ýerinden zöweldi. Endam-jany buz ýaly bolup, titredi. Ini şuwlady. Ýigrimi ýyla golaý mundan öň bolup geçen hasratly waka göz öňünde janlanyp ugrady. Dogrusy, ol aýylganç hadysa Öweziň hiç wagt ýadyndan çykmandy. Ol waka ilki günler Öweziň gijeler düýşünde, gündiz huşunda bolup, Öweziň aňkasyny aşyrypdy. Enter-pelegini ters öwürýärdi. Ýöne soňy bilen aýlar-ýyllar aýlanyp, ýüregi kem-kem düşüşipdi. Ol wakanyň üstüne iş-aladalar, pikirler gum sürüpdi. Has dogrusy, Öwez ony ýatlamajak bolup, özüne zor salýardy.
— Ýok! — diýip, Öwez aýylganç gygyrdy-da, biri biline depen ýaly towlandy. Iki eli bilen kellesini tutdy. Ýatlamak islemeýän ol aýylganç wakasy aňynda misli, kino lentasy ýaly bolup, ýene kerwen gurady. Јhli zat göz öňüne gelip başlady. Şu pursat Öwez gabat garşysynda duran göwräni gördi. Içeri garaňky hem bolsa, onuň ýüz-keşbi Öweze hut gündizlikdäki ýaly, aýdyň görünýärdi. Öwez ony dessine tanady. Saçlaryny penjeläp, ýene aýylganç gygyrdy. — Emir!
Öweziň garşysyndaky göwre gymyldanokdam, geplänokdam. Gaharly hem arly nazarlaryny Öweze dikip, elini döşünde gowşuryp durdy. Onuň eşikleri Öweziň ony iň soňky gün gören halatyndaky ýalydy. Ak köýnekli, gara penjek-balaklydy. Şar gara saçlary sag tarapa daralgydy. Göwre dodaklaryny-da bek ýumup durdy. Şeýle-de bolsa Öweziň gulagyna tanyş ses eşidildi:
— Hany, tanaňokdyň-la meni, Öwez! Tanaýan ekeniň-ä?!
Öwez elleri bilen bir kellesini tutup, bir saçlaryny penjeläp oturyşyna, aglamjyrady:
— Emir! Emir! Günämi öt meniň, ýalbarýan saňa! Öt günämi, Emir!
— Günäler ötülmeýär! Günä üçin diňe haklaşyk bolýar!
— Јhli zat bilmezlikden boldy, Emir! — diýip, Öwez ýene aglamjyrady.
— Bolan zatlaryň nähili bolany ikimize-de aýan. Onuň hasabaty gerek däl — diýip, ses agraslandy. — Bu gün maňa ar almaga rugsat berlen gün, Öwez! Ar alyş pursaty geldi! Meniň bu güne nähili sabyrsyz garaşanymy bir bilsediň sen, Öwez!
Öwez barha ejizledi. Eginlerini sallady:
— Sen ekeniň-dä tomusdan bäri bizi günümize goýman ýören... Biz bolsak öýe al-arwah gelendir öýdüpdiris. Geleňdenjik şeýdip, özüňi tanadaýmaly ekeniň-dä!
Ses bu sapar Öweze jogap bermedi. Öwez ýene gorkuly dillendi:
— Diýmek, sen ar aljak-da, Emir?! Günämi ötjek däl-dä meniň?!
— Ýok. — Sesde rehim-şepagat duýulmady. — Ýerde jeset ýatsa-da, ar ýatmaýar, Öwez! Ýere jesedi duwlap bolýar, ary duwlap bolanok! Meni arym rahat ýatmaga goýanok! Ony ýerine salmasam, maňa rahatlyk ýok. Şonuň üçin men arymy ýerine salmaga geldim, Öwez! Bu gün maňa rugsat güni, Öwez!
— Diýmek, maňa indi senden sypma ýok-da, Emir?! — Öwez aglady. Öweze ýene hiç hili jogap bolmady. Onuň gabadyndaky sudur şol bir bakyşy bilen bakyp durdy. Öwez ýüzüni elleri bilen tutup horkuldady:
— Sen meni öldürmekçimi, Emir?! Häli sen «Şu gün seniň iň soňky günüň» diýdiň-ä.
Ses agrasdan pessaý eşidildi:
— Başyňa artykmaç hiç zat düşmez. Näme eden bolsaň, şony çekersiň. Seniň meň başyma salan zadyň bu gün öz başyňa düşer!
Emirli wakalar göz öňünde janlandygysaýy Öwez gorkudan galpyldady. Özem barha sojap, birsyhly gözýaş dökdi.
— Ýok, Emir! Ýok. Ol zatlary meniň başyma salma! — diýip gygyrdy. —Ýalbarýan! Rehim et maňa!
— Men seniň başyňa hiç zat salamok! — Ses uludan dem alýan ýaly, haşşyldady. — Seniň öz etmişiň inýä bu gün depäňden. Men bolsam saňa kömege geldim.
Öwez gözýaşlaryny süpürdi:
— Kömek? O nämäniň kömegi?
— Görersiň häzir.
Ses ýene ýitdi... Öwez eňegini dyzlaryna diräp, kellesini elleri bilen tutup oturyşyna, pikire batdy...
Dowamy bar.