ARWAH GELÝÄN GIJESI (Ogulsenem Taňňyýewa) #9
Enkaň haýyşy boýunça...

Gülälek ýerinden turup, çyrany öçürdi. Içerini garaňkylyk gaplady. Gaty tümlügem däldi. Daşardaky çyralaryň ýagtysy äpişgeden içerä birneme ýagtylyk çaýýardy. Içerini arkaýyn synlap boljakdy. Gülälek özüniň gürleşýän zadyny görmek üçin ýüregini eline alyp, töweregine ýaltaklady. Ýöne onuň gözleri hiç kimi görmedi.

— Men seni göremog-a! — diýip, gyz sese ýüzlendi.

— Bu jaýa daşardan ýagty gelýä. Ýa-ha daşardaky çyralary-da öçürip gel. Ýogsa-da, iň törki, garaňky jaýa geç! — diýip, ses oňa jogap berdi.

Gülälek bosagalardan emaý bilen ätläp, iň içki jaýa bardy. Gapyny açyp, içerik tiňkesini dikdi. Törde uzyn boýly erkek kişi ellerini döşüniň üstünde gowşuryp, başyny aşak egip durdy. Gülälek bosagada peýda bolandan ol başyny galdyrdy. Ony gören çagy Gülälek tisginip gitdi. Ol on sekiz ýaşlar töweregindäki juwan ýigitdi. Özem diýseň owadandy. Syratlydy. Gözleri welin Gülälege gahar bilen bakýardy. Gözlerde ar hem gussa bary mese-mälim duýulýardy.

Heniz erkek kişi bilen ýüzbe-ýüz durup görmedik gyz çekinjeňlige özüni aldyrdy.

— Sen nähili görmegeý ýigit ekeniň! — diýip, Gülälek misli gabadynda özüne söz aýtjak ýigit duran ýaly, tolgunyp, galpyldady. Hat-da ýüreginde ýigide bolan söýgi ataşy köredi. — Meni welin köseýäň.

— Senem ilki meni kösediň-ä! — diýip, ýigit ýene Gülälegi haýran galdyryp gepledi. — Indi ar alyş pursady geldi.

— Ar alyş? O nämäniň ary? Men seni birinji gezek görýän. Men seni hiç wagt kösämok.

— Seniň elleriň maňa jebir eden eller, seniň ýüregiň maňa jebir eden ýürek. Bütin synaň meniň bagtymy ýatyran syna seniň. Seniň diňe hakydaň başga.

— Men saňa düşünemok — diýip, Gülälek pyşyrdady.

— Wagty gelende düşünersiň.

— Ýa maňa öýlenme niýetiň barmy? — diýip, Gülälek çekinip sorady. —Sen nirä äkitseňem, men razy. Seniň kimin görmegeý ýigit biziň obamyzda ýogam.

— Men saňa öýlenmen! — Ýigit gaharly jogap berdi. — Saňa Öwez öýlener!

— Öwez? Kim Öwez?

— Hol, daşarda oturan!

Bu habara Gülälegiň zähresi ýaryldy:

— Ol meniň kakam ahyry!

— Bolanda näme! — diýip, ýigit sowukganly jogap gaýtardy.

Gülälek üçin ýer hopan ýaly boldy. Ol aglamjyrap, dyza çökdi. Emedekläp, ýigidiň ýanyna ugrady. Oňa aýaklaryndan gujaklap, ýalbarmak isledi. Ýöne emedekläp, öýüň içinde ters aýlansa-da, ýigidiň duran ýerini sermense-de, elleri adam süňňüne ilmedi. Öýüň içi diňe boşluk bolup durdy.

— Eý, hudaý jan! — diýip, gyz aglamjyrap, aýlanyp ýörşüne ýene ýigide gep goşdy. — Sen näme, meniň gözüme görünýän sudurmy?! Ýa howadan ýasalanmy sen? Men saňa elimi degrip bilmän geçdim-le. Özüňem diýýän sözleriňi yzyna al! Il-gün näme diýer! Kakamy beýdip masgaralama!

— Men oňa hiç zat edemok — diýip, ses Gülälege jogap berdi. — Ol diňe öz päline sataşar!

— Sen kim? Aýdaý-da. Kakamyň näme üýtgeşik päli bar, beýdip, il-güne masgara bolar ýaly! — diýip, gyz özelenip-özelenip ýigide ýalbardy.

Ýigit şol bir gahary bilen gepledi:

— Wagty gelende bilersiň.

Gülälek gözýaşlaryny süpürdi:

— Sen şeýle owadan ýigit. Men eýýäm seni gowy gördüm. Gitmesene indi meniň gözümiň alnyndan. Özüňem her gün gelip, meniň gaşymda otur. Men saňa bakyp, ömrümi ötüreýin!

— Ýok, men duşmanym üçin hiç hili gowulyk edip bilmerin! — diýip, ýigit Gülälegi hiç hili sylaman gepledi. — Men seniň ýanyňa diňe ar almaga gelýän. Basymrak köýnegiňi tikip bol. Ar güni ýetip gelýär!

Gülälek gözüne görünýän keşbi şeýle bir gowy gördi welin, onuň öz gözlerinden ýeke salym-da ýiterini islemedi.

— Bolýa, men köýnegi tikeýin! — diýip, onuň gepine jogap berdi. Ýene ýalbardy. — Ýöne sen meniň göz öňümden gitmesene!

— Bolmaz! Sen köýnegi tik! — diýdi-de, ýigit Gülälegiň göz öňünden ýitdi.

— Sen rehimsiz, görmegeýem bolsaň, rehimsiz ekeniň! — diýip, Gülälek aglap, maňlaýyny pola berdi. — Gitme-dä!

— Rehimsizligi senden öwrendim! Sen mende rehim goýduňmy? — diýip, Gülälegiň gulagyna öňki ses pyşyrdady. — Çalt bol-da, işiňi tik.

Gülälek ýeňseden «düňk-düňk» edip, pola batly basýan aýak sesini eşitdi. Birdenem çyra ýakyldy.

— Gülälek! Näme bu ýerde maňlaýyňy pola berip, aglap otyrsyň? —diýip, ejesi Gülälegi ellerinden tutup, ýerinden galdyrdy. — Näme bolýa saňa, gyzym?

Gülälek agysyny goýup, pyşyrdap gepledi:

— Eje, men ony gördüm.

— Kimi?

— Meniň bilen gepleşýäni!

— Arwahymy?! — Güljeren gözlerini tegeläp, öýüň içine nazar saldy. —Hih!

— Ol arwah däl, eje, adam!

Güljeren gorkuly pyşyrdady:

— Arwah göze görnende adamyň sypatynda görünýämiş. Oňa özüňi aldadaýma!

— Ol şeýle owadan ýigit eken, eje! — diýip, Gülälek gören zadyny ejesine gürrüň berdi. — Dogrusyny aýtsam, men oňa aşyk boldum!

— Toba et! Ol seni yzyna tirkäp alyp gitmek üçin owadan ýigide öwrülip gelendir — diýip, Güljeren gorky bilen gepledi. — Razy bolanyňy bildigem, äkider. Özüňem muny berk belle. Hergiz onuň yzyna düşüp gidiji bolaýmagyn.

— Ol meni ýigrenýä, eje! — Gülälek gussa batyp, uludan dem aldy.

— Al-arwahdyr jyn-şeýtanlaryň hiç birem adama gowulyk etmez! —diýip, Güljeren gyzyna birsyhly pent berdi. — Sen ondan gaçarak duraweri, gyzym. — Şeý diýensoň, Güljeren göze görünmän gelýän zada gargyndy. — Sataşman geçen, nireden sataşdy şol artyp saňa! Gabyr bolup gidäýsedi.

Gülälek gorkuly pyşyrdady:

— Eje, ol maňa şeýle bir aýylganç zatlary diýýä. Dilime almaga gorýakn. Özüňem meniň ony görenimi enem bilen kakama aýdaýma. Ol maňa senden başga aýtmazlygy tabşyrdy.

Güljeren gahar bilen elini silkip goýberdi. Gyzynyň gepini diňlemegem islemedi:

— Ah, goýsana şol artybyň gürrüňini! Bizar boldum men şondan! Arwahdyr-da! Ondan ibaly gep çykarmy! Elinden näme gelse etsin şol. Göreli hany!

Ejesiniň sözleri Gülälegem birneme köşeşdirdi.

****

Gülälek tikmeli işini güýzüň ortaky aýynyň aýaklarynda tikip boldy. Ýyly howany kowalap, günsaýyn güýjeýän çigrek gijeler iniňi tikenekledýärdi. Öýleden soň dünýäni lerzana aldyryp gopan harasat akrapdan habar berýärdi. Güýçli ýel dal-daragatlary damary bilen goparaýjak bolýardy. Agaçlar başlaryny iki ýana yrap, misli, betbagtlaryň halyna gynanyp aglaýan ýaly, «şu-uuw-şu-uuw» edip, seslenýärdiler.

Garaňky gatlyşyberende güýçli şemal sebäpli, biri-biri bilen çaknyşyp, hallan atýan elektrik simleri üzülip, çyra-da söndi. Aýjahan daýza ençe wagt bäri ellenmän, ýygnalyp goýlan pelteli çyrany gözläp tapdy. Onuň iç-daşyny matajyk bilen süpürip, arassalady. Soň ýakyp, aýna gabat duran stoluň üstünde goýdy.

Irgözinden anna agşamy üçin tüwi bişirilipdi. Aýnabat daýzadyr Näzik daýza daga-da dadyrdylar. Özlerem iýip, öten-geçen kowum-garyndaşlary, tanyş-bilişleri ýatlap, töwir galdyrdylar.

Harasat güýjemese, peselerli däldi. Üstesine, ýagyş-da başlady. «Pat-pat» edip, ýagyş damjalary birsyhly jaýyň depesindäki şiferlere urlup, ses edýärdi. Damjalar käte äpişgelere-de kakyp goýberýärdi. Şol halat Öwez üçin kimdir biri ownujak daşlar oklaýan ýaly duýulýardy. Ol, ýüregi bir zat syzýan dek, zol gözlerini tegeläp, äpişgä seredip goýberýärdi. Howpurgap oturyşyna naharyny niresine iýenini bilmedi.

El barha güýçlenip, misli, jaýy goparaýjaga meňzeýärdi. Ýaňy ortadan saçak ýygnalan halaty ýeliň badyna äpişgeler şarkyldap açyldy-da, öýüň içi şemaldan doldy. Tutular hallan atdylar.

— Haý, turaweriň! Јpişgeleri ýapyň! Gowy ýapmanmydyňyz bi artyplary! —diýip, Aýjahan daýza janyýangynly gygyrdy.

Her kim turup, bir äpişgäni ýapmaga ylgady. Onýança-da üsti çyraly stoluň duran ýerindäki äpişgäniň tutusy, galgap, çyrany düşegiň üstüne togalap goýberdi. Çyranyň çüýşesi kül bolup, ýagy halynyň üstüne döküldi. Ýag dökülen düşek güpläp, ýanyp başlady. Oduň bir ujy tuta-da degdi.

— Waý! Öý ýanýa! — diýip, bu otagda ýeke galan Gülälek gygyrdy. Öwez ylgap gelip, oduň üstüne başga halyny atdy. Ýanyp duran tutyny üzüp, ýere basdy. Şeýdip, ody öçürdi. Aýjahan daýza ot öçensoňam, bir kürüşge suw getirip, düşegiň ýanan ýerlerine sepişdirdi.

— Artyp galmyş, nähili bolaýdy bi gije! — diýip, Aýjahan daýza ýene hüňürdäp, özbaşyna sögündi. — Öwez, äpişgeleriň ilgençegini bir beketdiňmi?

— Hawa, eje, beketdim. — Öwez tukat gepledi. — Olar öňem bekdi. Nädip açylanyna haýran men!

— Beýle harasady dogup-dörälim bäri görmändim. — Aýjahan daýza garaňkyda sermenip, ot düşen halyny döwlen çyra çüýşesi bilen düýrledi. — Al, oglum, Öwez, bi düşegi şu durşuna daşaryk äkit. Eýwanda goýaý. Gündizlikde arassalaýmasak, bu wagt eýgertmez bi bize. Çyra çüýşe-de kül boldy. Başgasyny getir. Ýene ýakjak bolup göreliň çyrany.

Öwez ejesiniň düýrlän halysyny daşaryk äkidip geldi. Ýüpe daňlyp, dalandaky çüýden hatar-hatar edilip, asylyp goýlan çyra çüýşelerden birini sermenip aldy-da, ejesine getirip berdi. Otluçöp ýakyp, Aýjahan daýza onuň ýoluny ýagtyltdy. Iki bolup, ýene çyrany ýakdylar. Pelteli çyranyň ölügsi yşygy ýene içerä ýagtylyk çaýdy.

— Pol boş durmasyn. Içki jaýdaky halylaryň birini getirip ýaz bu ýere — diýip, Aýjahan daýza gelni Güljerene tabşyrdy. Oňa otluçöp berdi. — Aňyrky jaý garaňkydyr. Gözüň görmese, otluçöp çakaý.

Güljeren gaýynenesinden alan otluçöpüniň bir dänesini çyzyp, ýoluny ýagtyltdy-da, içki jaýda hatar-hatar edilip, düýrlenip goýlan düşekleriň birini getirip ýazdy.

— Indi bolsa, ýerli-erimize geçeliň-de, ýatalyň. Garaňkyda hem harasatda başga iş edip boljakmy — diýip, Aýjahan daýza öýdäkilere birsyhly tabşyrdy. — Düşekleriňizi ýazyň.

Hemmeler ýatmak üçin ýer ýazyndylar. Güljeren gaýynenesiniň düşeginem ýazyp berdi. Şondan soň çyrany öçürip, her kim ýerli-erine geçip, başyny ýassyga goýdy.

Ýaňy uka meýil edenden Gülälegiň gulagyna tanyş ses eşidildi:

— Gülälek!

Gülälek gop berlen dek bolup, ýerinden diklendi:

— Hä.

— Seniň bu gije işiň köp. Sen ýatma-a!

— Bolýa — diýip, Gülälek ses bilen ylalaşdy. — Näme edeýin men?

— Köýnegiňi tik!

— Men ony nagyşlap boldum. Ýeň-ýanyny ýelmäýmeli.

— Ýeň-ýan gerek däl — diýip, ses buýruk berdi. — Ony tik-de, geýer ýaly et.

Gülälek ýerinden turdy. Çyra goýlan ýere baryp, sermenip, äpişgäniň öňünden otluçöp tapdy-da, çyrany ýakdy. Yşyga ýakyn oturyp, nagşyny bolan biýz matasyny tikmäge oturdy.

— Sen ýene başladyňmy? — diýip, Aýjahan daýza samrap, tikine güýmenýän agtygyna ýatan ýerinden gep goşdy. — Beýle harasatda-da bir iş bormy diýsene.

— Harasatda gowy işler bolýandyr, ol aýala aýt şuny! — diýip, ses Gülälege tabşyrdy.

Gülälek sesiň öwredenlerini enesine ýetirdi:

— Harasatda gowy işler bolýandyr.

Her anna bolýan samramalara hem Gülälegiň iş tikmesine öwrenen Aýjahan daýza bu sapar agtygynyň gaňryşyna gaýdyp durmady:

— Bolýan bolsa, tikiber onda, balam. Men-ä ýatjak. Işiňi bolaňsoň, çyrany öçür!

— Bolýa — diýip, Gülälek enesine jogap berdi-de, iňňe-sapagyny eline aldy. Sesiň buýruk bermegi bilen biýz köýnegiň iki gapdalyny tikdi.

— Indi ony baş ujuňda epläp goý-da, arkaýyn ýatyber sen. Gepleşjek bolamda oýararyn — diýip, ses Gülälege ýatmaga rugsat berdi.

Gülälek çyrany öçürdi-de, ýerine geçdi.

Harasadyň zenzelesine Öwez kän wagtlap ýatyp bilmedi. Bu harasatly gije onuň ýadyndan çykaran zadyny ýatlatmak isleýän ýaly, goh-galmagalyny barha köpeldýärdi. Öwez welin hiç zada üns bermän, irkilmäge synanyşýardy. Iki tarapa agynap, togalana-togalana ol ahyry uka meýil etdi. Şol pursat onuň gulagyna düňküldi eşidildi. Öwez howsala gaplanyp, diňşirgendi. Soň bolsa: «Ejem ýa-da Gülälek daş çykýan bolaýmasyn» diýip, içini gepletdi. Düňküldi iç girip, daş çykýan adamyň aýak sesi däldi. Öýde hut garagol çaga ylgaýan ýalydy. Ýöne aýak sesiniň pola berýän sarsgyny ylgaýanyň çaga däl-de, uly adamdygy hakda pikir öwürmäge mejbur edýärdi. Öwez garaňkynyň içinde gözlerini töweregine gorky bilen aýlady. Ýüregi jigläp-jigläp gitdi. Şeýle-de bolsa, näme bolsa, şol bolsuna salyp, düňküldä üns bermezlige synanyşdy. Düňküldi sesini eşidýänini-eşitmeýänini aýalyndan-da soraýjak boldy. Birdenem, bu pikirini goýbolsun etdi. Aýalynyň-da ýüregine howsala salyp, öýde ýene başagaýlygyň döränini islemedi. Gözlerini süzüp, uka berildi. Onýança gulagyna tanyş gülki sesi-de geldi. Gülki batly-batly çykdy. Soňra:

— Öwez! — diýip, şol bir tanyş ses pyşyrdady. — Öwez!

Öwez her annada özlerini yzarlaýan sesiň ýene gelenini aňyp, gaharly hüňňürdedi:

— Güm bol, adymy tutma! Men ýatjak!

Gülki sesi batlandy:

— Hah-hah-ha! Ýatjak? Sen bu gün ýatmaly däl-ä, Öwez!

— Öwez! Sen ýene samraýaňmy? — diýip, Güljeren ýerinden syçrap turdy. — Ol artyp ýene geldimi, Öwez?

— Ýatybersen-aý sen, Güljeren — diýip, Öwez aýalyny köşeşdirdi. —Indi biz munuň bilen öwrenişerçe bolduk ahbeti. Meniň samramalarym ukyňa päsgel berer öýtseň, bar, Gülälegiň ýa-da ejemiň ýanyna git-de, ýataý. Men muny daňa çenli özüm güýmärin. Soň bolsa ol gümüni çeker gider.

— Şeýdäeýin-le, dogry aýdýaň sen — diýdi-de, Güljeren düşek-ýorganyny düýrledi. Olary goltugyna alyp, Gülälegiň ýatýan jaýyna geçdi.

Gülälek eýýäm uklapdy. Onuň asuda dem alşy eşidilip durdy. «Gyzyma degmese bolýa. Şu çagamdan bir aýrylsyn şol bela. Öwez gününi görer» diýip, Güljeren içini gepletdi. Düşegini gyzynyň gapdaljagyndan ýazdy. Onuň towlanyp ýatan saçlaryny, maňlaýyna gowşuran ellerini emaý bilen sypady. Gyzynyň düşen gününe nebsi agyryp, aglasy geldi. Misli, gyzyny iň soňky sapar synlaýan ýaly, ondan gözüni aýryp bilmän, esli oturdy. Gyzyna hiç wagt şeýle mähri gitmändi. «Wah, Öweziň ýanynda nä körüm bardy. Her gije balamy bagryma basyp ýatsam bolmaýamy?!» diýip, içini gepletdi. Ýene gyzynyň saçlaryny sypaşdyrdy.

Güljeren gyzyny hernäçe gowy görse-de, ukusyzlyga tap getirip bilmän, ahyry başyny ýassyga goýdy. Harasadyň güýjeýänligine seretmezden, derrewem uka gitdi.

Öwez bolsa bu wagt ses bilen başagaýdy. Ses birsyhly gülýärdi. Onuň gülküsi Öweziň gaharyny getirdi.

— Hah-hah-ha! Öýlenjek ýigidem bir ýatarmy, Öwez! Bu gün seniň toýuň ahbeti! Ýatma-how sen!

— Harasatda-da bir toý bolarmy! — diýip, Öwez hüňürdedi. — Onsoňam, men öýlenip näme edeýin, meniň aýalym bar.

— Toýuň gowusy harasatda bolýandyr! — Ses bu sapar ahmyrly çykdy. —Aýalyň bolanda näme! Sen ýene öýlenmeli.

Öwez ses bilen dawa tutmagyň bihaýyrlygyna indi göz ýetiripdi. Şonuň üçin ol onuň gaňryşyna gaýtman geplemäge synanyşdy:

— Öýlenmeli bolsa, öýlener ýörerin. Bu ýerde seň näme dahylyň bar! Sen öz ýoluňa gidiber.

— Sen mensiz öýlenip bilmersiň. Şonuň üçin men saňa kömek etmäge geldim.

— Öýlenip bilmesem, öýlenjegem däl. Kömek etjek bolup, azara galma. Seniň kömegiň derkar däl maňa. — Öwez şeý diýip, elini silkip goýberdi.

— Sen şu gün hökman öýlenäýmeli! Öwe-z! — Ses öz diýýänlerini barha nygtady. — Hökman. Ýadyňa düşýämi? Senem bir wagt maňa kömek edipdiň. Seniň şol kömegiňi gaýtarmaly gün şu gün!

Bu wagt Öweziň pikiri başga zatdady. Daşardaky harasadyň turuzýan oýny onuň ýüregine gorky salýardy. Göwnüne bolmasa, bu gije ahyrzaman gopaga-da, ýer çöwrüläýjek ýalydy. Sesiň kelle agyrdyp gitmesi bilen ol indi öwrenişiberipdi. Ol häzirem öňki anna agşamlarynda bolşy ýaly, ses daňdana çenli beýnisini gazar-gazar-da, ýok bolup gider öýdýärdi. Şonuň üçinem oňa gepiň gerdişine görä jogap beren bolup ýatyrdy.

— Men seni tanamogam, saňa kömegem edemok — diýip, Öwez birhaýukdan soň sese biparh jogap berdi.

Ses gamgyn çykdy:

— Sen meni tanaýaň. Ýöne unutdyň... Birçak unutdyň. Haramzada sen, Öwez!

— Mümkin — diýip, Öwez sesi öz ugruna kowup, ýaltalyk bilen gepledi.

Ses gamgyn hörpüni saklap, dowam etdi:

— Iň bärkisi, anna agşamlarynda tagam iýeňsoň edýän töwirleriňde-de bir ýatlamadyň meni!

Sese Öweziň kejebesi darygdy. Ol ýumrugy bilen pola gütledip goýberdi:

— Tanamasam, nireden ýatlaýyn-ow men seni! Tanamasam, nireden ýatlaýyn! Kim sen, kim? Beýle gaýratly bolsaň, tanyt-da-how özüňi! Görün-dä gözüme!

— Men seniň gözüňe görnüp durun. Özüň göresiň gelenok.

Bu sözleri eşidende Öweziň ýüregi gopup gitdi. Üstünden sowuk suw guýlan ýaly boldy. Howsala hem gorky bilen birsyhly töweregine nazar aýlady. Ýöne gözi hiç kimi görmedi. Daşardaky harasat bolsa hem güwläp, hum şuwlap, zenzele turuzýardy. Biri-birine urlup, şaňkyldap ses edýän ýeňil-elpaý demirleriň, şatyrdap ýykylýan agaçlaryň sesi dünýäni has gorkunç hala salýardy.
Dowamy bar.

Edebiýat, Ahmedik_97 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir