ARWAH GELÝÄN GIJESI (Ogulsenem Taňňyýewa) #7
Enkaň haýyşy boýunça...
— Gülälek jan, gyzym, ýekeje gezek synap göreli. «Tiz kömek» ukol edip gidende-de sen rahat ukladyň-a. Birje gezek dermanam iç, gyzym.
— Derman bilen men bu beladan dynmaýan, kaka — diýip, Gülälek kakasyna sesden eşiden zatlaryny aýtdy. — Meni mundan diňe ölüm halas eder.
Ölümiň ýatladylmagyna Öwez tisginip gitdi.
— Ölümi agzamasana, gyzym, ölüm gursun — diýip, ol delmuryp gepledi. — Synap göreli, näme bolýa. Ýekeje gezek içäý.
— Ol maňa «içme» diýip dur-a.
— Ýogsa-da, ýene-de «Tiz kömegi» çagyryp, ukol etdireli.
— Indi saňa «Tiz kömegiňem» haýry ýetmez! — diýip, ses Gülälegiň gulagyna pyşyrdady.
— Indi maňa «Tiz kömegiň-de» haýry ýetmeýä — diýip, Gülälek kakasyna sesden eşidenlerini habar berdi.
— Ýeter — diýip, Öwez gyzynyň gepine per bermän gepledi. — Geçen gezek ýet-dä. Sen rahat ukladyň.
— Geçen gezek köýnegi tikmäge wagt bolany üçin men seni taşlap gitdim — diýip, ses Gülälege düşündirdi. — Indi seniň ak köýnegi geýmeli müddetiň ýetip gelýär. Şonuň üçin indi seni hiç bir derman rahatlandyryp bilmez.
Gülälek sesiň diýenlerini gaýtalady:
— Indi meniň ak köýnegi geýmeli müddetiň ýetip gelýär, kaka, indi meni hiç bir derman rahatlandyrmaz.
— Ýalan! — diýp, Öwez janyýangynly gygyrdy. Birdenem, gyzynyň öňem jebir çekip, ejizläp oturanyny hakydasyna getirip, onuň göwnüne degäýmeginden howatyrlanyp, sesini peseltdi hem oňa ýalbarmaga durdy. —Meniň hatyrama ýekeje gezek içäý, gyzym! Ýekeje gezek menem diňläý! Kaka hatyramy sakla!
— Iç! Göwni galmasyn! — diýip, ses Gülälegiň gulagyna gygyrdy.
Gülälek ejesiniň elinden dermany alyp, özüne uzadylan bir käse suw bilen bokurdagyndan ötürdi. Soň ýene işine güýmendi.
— Içerik girip, başyňy ýassaga goý-da, gyşyraý — diýip, ejesi ýalbardy.
— Gidip bilemok, işimi tikmeli.
Aýjahan daýza gelnine üm bilen: «Zat diýme» diýen yşaraty etdi. Az salymdan Gülälegiň gözleri süzülip, uky dermanynyň täsiri ýetip ugrady. Gyz oturan ýerinden uklap başlady. Kirpikleri biri-birine mazaly gatyşyp, uka düşdi. Ol uklap, asuda dem alýanam bolsa, eller welin sapakly iňňäni ak mata çaltlyk bilen sokup-çykarýardy.
— Çalt bol, çalt! Özüňem owadan tikeňok! Ters tikýäň — diýip, ses iňirdi bilen oturan ýerinden uka berlen gyzyň beýnisini gazamaga durdy. — Çalt bol! Sen basym ýetişdirmeli bu köýnegi.
— Men muny owadan tikemok, iňňäni ters sançýan — diýip, Gülälek ukuda samrady. Hem iňňesini birsyhly ak matanyň ýüzünde gezdirdi. — Eje, kömek et, maňa. Men muny basym gutarmaly!
— Şuny diwana geçirip ýatyraga-da, saraýsak nähili bolarka? — diýp, Öwez özbaşyna samrady. Soňra hemmelere deň ýüzlendi. — Şuny diwana geçireliň-de, el-aýagyny daňyp göreliň-le. Näme bolarka?!
Hemmeler Öweziň tapan çykalgasyny oňladylar. Güljeren ýene biriniň gözüne iňňe sokaýmagyndan gorkup, Gülälegiň elinden aldap, iňňe-sapaklaryny almakçy boldy:
— Getir, gyzym, kömek edeýin.
— Ol seni aldaýa, berme — diýip, ses Gülälegiň gulagyna pyşyrdady.
— Berjekgä, sen meni aldajak bolýaň — diýip, Gülälek ejesine jogap berdi.
Gyzyň bu jogabyna hemmeleriň gözi tegelendi.
— Gözi ukuda-da bolsa, ähli zady duýup bilýä — diýip, Nurjahan gorky bilen ýakasyny tutdy. — Toba! Toba!
Öwez Gülälegiň ýeňsesinden baryp, çalasynlyk bilen gyzyň elindäki iňňäni çekip aldy-da, ony ýagyş suwlary akar ýaly eňňit edilip goýlan ýapjagaza tarap oklap goýberdi. Özi Gülälegiň goltugyndan tutdy. Şundan soň Nurjahan bilen Güljerene ýüzlendi:
— Göterişiň.
Nurjahan bilen Güljeren Gülälegiň aýaklaryndan tutdular.
— Ýeriňden tur, olar seni daňyp goýjak bolýarlar — diýip, ses Gülälege buýruk berdi.
Gülälek sese tabyn bolup, ejesinden sypmak üçin çabalanmak çabalandy. Ýöne uky eňkini alyp barýan gyz ahyrsoňy erkini olaryň eline bermeden başga çäre tapmady.
Gülälegi diwanda ýatyrdylar. Güljeren bilen Nurjahan onuň döşünden basyp saklady. Öwez bolsa Aýjahan daýzanyň taýýarlap duran ýüpi bilen ony sarady. Gyz bialaç halda özüni uka berdi.
— Işiňi tik! Hany işiň?! — diýip, ses onuň gulagyna gygyrmaga durdy. — Işiňi tik! Özüňem çalt bol!
Gülälek el-aýaklaryndan hem bilinden diwana mäkäm saralan halda, ukynyň arasynda aldygyna samrady:
— Hany meniň işim? Işimi beriň! Işimi tikmeli men!
— Tkiber işiňi düýşüňde — diýip, Öwez çykalga tapylanyna begenip, eliniň tersi bilen maňlaý derini syrdy. Uludan dem aldy. Guran dodaklaryny ýalady. — Indi bir arkaýyn oturyp, çaý içeliň-le.
Nurjahan gaýga batyp gepledi:
— Indi muny ömri ötýänçä şeýdip, daňyp gezermikäk?!
Öwez tapan çykalgasyndan göwnühoş boldy.
— Görübiýris — diýip, Nurjahana göwnübir jogap berdi. — Al-arwah diýip, ýüregime düşd-aý. Adam bolup, al-arwaha çäre tapmasak, bizdenem bir adam bormy! Al-arwah iş tikdirýämiş. Hana, şol iş tikilmänem ýatyr. Näme edýän bolsa etsin şol al-arwah indi. Näm-aý göze görünmeýän zadyň diýenini edip oturyp. Tapypdyr arwah bu ýerde agzy sary çagany. Tikdiribilşinden tikdirsin indi ol şol köýnegi şu gyza. Güljeren, ertiriň özünde otla şol äteňenäledi.
Adamsynyň tapan çykalgasyna Güljerenem begendi:
— Häzir otlaýsammykam?!
Gijäniň içinde ot ýakylmagyna Aýjahan daýza garşy boldy:
— Tünüň ýarynda ot ýakmak gerek däl. Şemal turaýsa, gije külem gorkulydyr onuň. Ertir otlarsyňyz. Zibil atylýan bedrä at artyby.
Gülälegiň gygyrmasy-da galdy.
— Uklady — diýip, Öwez bijesi çykan ýaly ýylgyrdy. — Dyndyg-aý.
«Loh-loh-loh» edip, birden Öweziň gulagyna erkek kişiniň gülýän sesi eşidildi. Ol gülkini eşidende Öwez depesinden suw guýlan ýaly boldy. Ol gülki sesi Öweze şeýle bir tanyşdy welin, Öwez ony hut düýn diňläp gören ýalydy. Ýöne ol gülkiniň kimiň gülküsidigini hiç hakydasyna getirip bilmedi.
— Biri gülýäm-aý? — diýip, Öwez birden keýpini bozup, oturanlaryň barynyň ýüzüne seredip çykdy.
— Biz-ä eşidemzok — diýip, ejesidir Nurjahan diňşirgenip jogap berdiler. — Gulagyňa gelýän bolaýmasyn?!
Öwez köçä çykyp, töwerege diň saldy. Düne ümsümlikdi. Oba uklap ýatyrdy. Ol ýene yzyna, howlusyna gaýdyp geldi. Hemmeler agaç sekiniň üstüne çaý içmek üçin üýşüpdiler. Öwez ýaradan basjak ýaly, özüni gorka alyp barýardy. Göwnüne bolmasa, üstüne nähilidir bir howp abanyp gelýän ýalydy. Ol ejesiniň gapdalynda çökdi. Güljeren bir çäýnek çaý demläp geldi. Gülki sesi Öweziň gulagyna ýene eşidildi. Özem indi ýakynjagyndan eşidilýärdi. Ol sesi diňledigisaýy Öwezi der basyp, ysgyny gaçýan ýalydy.
Güljeren Gülälegiň sapaklarydyr tikýän biýz matasyny ýygnaşdyryp, zibil bedrä äkitmek isledi. Ýöne hiç äkidesi gelmedi. Ýaltandy. Epledi-de gyzyň iş tikýän ýerinde goýdy. Özem agaç sekä gaýdyp baryp, Öweziň gapdalyndan çökdi. Içmek üçin bir käse çaý guýundy.
— Alyň, sizem içiberiň — diýip, ýanyndakylara mürähet etdi.— Soň ýatalyň basymjak. Aňkam aşdy meniň-ä ýadawlykdan.
Agyz öllemek üçin her kim bir käse çaý içdi. Soňra ýerli-erlerine geçip ýatdylar. Aýjahan daýza gyzy bilen daşardaky sekä düşek atyndy. Öwez bolsa aýaly bilen içki jaýda goýlan iki adamlyk kaşaň diwana geçdi. Bu ýatyş krowatyny ol rumyn garnitury bilen bile alypdy.
Gyzynyň aladasy bilen it ýaly surnugansoň, Öwez başyny ýassyga goýandan uka meýil etdi. Güljereniňem gözi bürlüp barýardy. Hernäçe aladasy bolanda-da adamyň ukusyz oňup bilmejegine Öwez şu pursat has-da göz ýetirýärdi.
Ukynyň arasynda ol diwanyň aşagyndan kimdir biriniň arkasyna patladyp uranyny aňşyrdy. Muny Güljerenden gördi.
— Düzüwli ýatsana — diýip, aýalyna igendi. — Näme patladan bolýaň?! Gijäň ýarynda oýun ýadyňa düşýä seniň!
— Men patladamok — diýip, Güljeren ukynyň arasynda mydyrdady.
Öwez özüniň-de patlatmaýanyny nygtamak isledi. Ýöne ol şeýle bir uka düşüpdi welin, geplemegem islänokdy.
Patdyldy ýene gaýtalandy. Öwez-de ony ýene duýdy. Ýöne ýene üns bermedi. Uky bilen başagaý boldy. «Pat-pat» edip, soňra diwanyň aşagyna mazaly kakyldy. Bu sapar patdyldy sesi batly çykdy. Öwez nädip ýerinden galanyny duýmady. Ukudan basym açyldy. Atylyp, çyrany ýakdy. Otagda hiç kim ýokdy. Patdyldyny duýmasa-da, Öweziň çyra ýakanyny Güljeren bilip ýatyrdy. Ýöne ýadawlyk sebäpli, onuň ýerinden galyp, Öweziň näme üçin çyra ýakýanyny sorasy gelmedi.
Öwez dyzyna daýanyp, diwanyň aşagyna göz aýlady. Diwanyň aşagy boşlukdy. Hiç zat ýokdy. Hatda galan-gaçan kagyz übtüjigi-de görünmeýärdi. Arassa ýuwlan pol çyranyň ýagtysyna ýalpyldap durdy.
Öwez çyrany öçürmedi. Ýerine baryp ýatdy. Birbada hiç zat duýmady. Ýöne uka düşüberenden ýene diwanyň aşagyndan kimdir biri arkasyna patladyp goýberdi. Öwez böküp turup, ýene diwanyň aşagyna seretdi. Gözleri ýene hiç zada düşmedi. Içerde kimdir biri ýörän ýaly boldy. «Düňk-düňk-düňk» edip, daýaw erkek kişiniň aýak sesi eşidildi. Öwez beýleki otaglara ogry-jümri giren bolaýmasyn diýen pikir bilen ylgaşlap, ähli otagyň çyralaryny ýakyşdyrdy. Şkaflara çenli açyp gördi. Ýöne hiç kime gözi düşmedi. Gülälek öz otagynda saralyşy ýaly, imisala uklap ýatyrdy.
Öweziň takyrdysyna Nurjahan bilen Aýjahan daýza geldi.
— Öwez, saňa näme bolýa? — diýip, Aýjahan daýza gözlerini gorkuly tegeläp, Öweze seretdi. — Takyrdap, ýatmadyň-la. Ýa ýene Gülälek azar berýämi?!
— Ýatyrkam biri diwanyň aşagyndan arkama uran ýaly boldy — diýip, Öwez ejesine bolan wakany howsala bilen habar berdi. — Birem däl, iküç sapar dagy gaýtalandy.
— Göwnüňe bolaýmasyn?! — Şeý diýip sorasa-da, Aýjahan daýzanyň gözleri barha giňedi. — Gündizki küýüň düýşüňe girendir.
Nurjahan ýakasyny ebşitläp tutdy:
— Bi, gije diýen artybyňam beýle uzakdygyny! Daň atman geçäýdi!
— Gündiz men hiç hili küý edinemok — diýip, Öwez ejesine jogap berdi. — Öýde biri ýörän ýalam bolýar.
Aýjahan daýza deňşirgendi. Emma hiç zat eşitmedi.
— Men-ä hiç zat eşidemok.
Öweziň welin gulagyna ýene düňküldi gelip başlady. «Düňk-düňk» edip, aýak sesi pol sarsdyrýardy.
— Men eşidýän — diýip, Öwez gorka gaplanyp, pyşyrdap gepledi. —Öýde biri bar, eje! Belki, ol Gülälegiň töweregindäki al-arwahdyr!
— Hany, ähli otagy hemmämiz bile barlap çykalyň. Men-ä hiç zat göremogam, eşidemogam — diýip, Aýjahan daýza gorkudan saňňyldap duranam bolsa, syr bildirmän, dogumlysyrady. Beýleki otaglara ýöneldi.
— Menem hiç zady göremogam, eşidemogam — diýip, Nurjahan, hamala, gatyrak gepläýse, biri gelip, egninden tutaýjak ýaly, pyşyrdady.
Üç bolup, ýene otaglara aýlandylar. Şifonýerleri, şkaflary-da açyp barladylar. Her şifoneriň, şkafyň gapysy jygyldap açylanda, misli, ondan biri atylyp çykaýjak ýaly, üçüsiniňem ýüregi böküp gidýärdi. Derlemeden öl-suw bolýardylar. Şeýdip, olar otaglara ýeke-ekeden seredip çykdylar. Hiç zada sataşmadylar.
Hernäçe uky bürýänem bolsa, ýakylan çyra, hümürdi sesleri Güljereni bimaza etdi. Gapdalynda Öweziň ýoklugy ony has-da alada goýdy. «Gülälege bir zat bolaýdymyka?» diýen alada bilen ol basym ýerinden galdy. Otaglaryň birinden hymyr-symyr sesleri, şkaflaryň gapysynyň jygyldap açylyp-ýapylyşy eşidilýärdi. Güljereniň göwnünde gara pikir oýandy. «Gaýynenem ýanyna ogly bilen gyzyny alyp, men uklap ýatyrkam näme üçin şkafdyr-şifonerleri dörýärkä?» diýip, pikir etdi. «Ýa meniň zatlarymdan gyzyna berip goýberjek bolýamyka?» Şeýle pikir bilen pişik basyşyny edip, ses gelýän tarapa ýönelen Güljeren olary ogryn synlamak isledi. Aýak sesini duýdurman, Öwez dagynyň duran otagyna bardy. Öwez otagyň töründäki şifoneriň gapysyny açýardy. Onuň gapdalynda duran Aýjahan daýza şifonere öwelip seredýärdi. Nurjahan gapa ýakynrak ýerde durdy. Olaryň barynyň ünsi, pikiri şifoneriň içinde bolansoň, Güljereniň gelenini hiç kim duýmady.
Güljeren sag eliniň süýem barmagy bilen Nurjahany çalaja dürtdi. Arkasyna kimdir biriniň dürtmesi Nurjahan üçin böwrüne tüpeň direlen ýaly boldy. Ol:
— Wä-ä! — edip, ýürekýargynç gygyrdy-da, öýüň törüne gaçdy. Nurjahanyň duýdansyz çykan aýylganç sesine Öwez-de, Aýjahan daýza-da ses goşdy. Olar Nurjahanyň näme üçin gygyrýanyna ünsem bermän, onuň sesinden gorkup gygyrdylar. Olaryň ählisiniň sesinden gorkup, Güljerenem gygyrdy:
— Waý, doganlar! Näme bolýa?! Aýdaýyň maňa-da!
Nurjahan ilki içine tüýkürdi. Soň Güljereniň üstüne gygyrdy:
— Bela bolýa! Merez bolýa! Näme duýdurman gelýäň?! Sesiňi çykarsaň bolmaýamy?! Öň näme ýürek bar bi adamlarda?!
— Eý-waý-eý — diýdi-de, Aýjahan daýza-da ýakasyna tüýkürip, özüni aşak goýberdi. Gyzyna azgyryldy. — Güljerenden gorkup gygyrýaňmy sen, saçy kesilen?! Zährämizi ýardyň-a! Beýle-de bir çyrlama bormy!
Öwez gaharly hüňürdedi:
— Men-ä biri gelip, bokurdagyňa pyçak goýýamyka diýipdirin.
Nurjahan gahar bilen Güljereniň ýüzüne bakyp, özüni aklamaga çalyşdy:
— Pyçak goýandanam beter boldy şol. Öňem ýüregimizi elimize alyp durus. Bu bolsa duýdansyz gelip, arkama dürtýär. Kim bilýär munuň ukudan turup geljegini!
— Menden başga kim gelsin şu öýüň içinde! — diýip, Güljerenem gaharly hüňürdedi. — Derweze gulply. Gülälek saralgy ýatyr.
Öwez Güljereniň alkymyna dykylyp, howsalaly pyşyrdady:
— Öýde biri bar! Düňküldisi eşidilýä! Häli ýatyrkam hem ol zol arkama kakyp, ýatara goýmady.
Bu habara Güljereniň ýüregi aşak gaçan ýaly boldy.
— Waý-eý — diýdi-de, yza tesdi. Birdenem Öweze soragly nazaryny dikdi. — Men-ä duýmandyryn.
Öwez duran otaglarynyň çyrasyny öçürmän, öz otagyna ugrady:
— Sen ukladyň-da. Men welin, duýdum.
Beýlekilerem Öweziň yzy bilen ýörediler.
Öwez ýatan otagyna baryp, özüni diwanyň üstüne oklady. Ýene gözlerini süzüp, uka meýil etdi:
— Ukym tutýa...
Nurjahan bilen Aýjahan daýza ýassyk alyp, diwanyň gapdalyna ýazylan el halynyň üstünde süýndüler.
— Biraz garawullaly, näme bolýa şu oglana — diýip, Aýjahan daýza özüne geň nazar bilen bakýan gelnine özüniň näme üçin bu otagda galýanyny düşündirdi. — Düňküldi eşidilýämiş. Belki, ol düňküldi diňe muňa eşidilýändir.
Güljeren hem gaýynenesi dagynyň ýanynda Öweziň gapdalyna geçip ýatmagy uslyp bilip, ýassygyny alyp, bir çete geçdi:
— Waý-eý, indi ol bela biziň barymyza erjeşäýjekmikä? — diýip, alada galyp, özbaşyna gepledi.
Oňa hiç kim jogap bermedi. Hemmeler surnugypdy, ýadapdy. Hemmeleriň uklasy gelýärdi.
Öwezi uky basmasy diýip-aýdar ýaly däldi. Ol gözlerini süzüp, dünýäni unudyp barşyna: «Dünede ukudan süýji näme barka?!» diýip, pikir edýärdi. Şol pursat diwanyň aşagyndan ýene-de kimdir biri onuň arkasyna patladyp goýberdi. Soň bolsa öýüň içinde daýaw erkek kişi ylgaýan ýaly, aýak sesi eşidildi. Ol ses «düňk-düňk» edip, Öweziň beýnisini iýip barýardy.
Melul edip barýan süýji uky şol pursat Öwezden zym uçan ýaly boldy. Ol böküp turdy-da, özüni diwandan oklady.
— Ol ýene meni urýar! — diýip, çirkin gygyrdy.
Öwez dagy otaglary barlaýarka birneme ymyzganyp, gözleriniň awusyny alan Güljeren bu wagt uklanokdy. Aýjahan daýza bilen Nurjahan Öwezi garawullamak üçin hernäçe uka ýan bermejek bolsalar-da, bolmady. Ýassyga ýanbaşlap oturyşlaryna kirpiklerini kirpige gatýanlaryny duýmadylar. Öweziň aýylganç sesine hemmeler aýak üste galdy.
— Urdy-da, gaçyp gitdi! — diýip, Öwez gygyryp durşuna gepini nygtady. — Öýe biri girýä!
Güljeren özüni ýere goýberip, uludan dem aldy:
— Öýe hiç kim girenok, Öwez. Men uklaman seredip otyryn. Saňa Gülälege erjeşýän zat erjeşýän bolmaly.
Gyzyna azar berýän zadyň özüne-de ýapyşmagyny Öwez islänokdy.
Ol:
— Ýok! — diýip, gygyrdy. — Men onuň gaçyp giden aýak sesini eşitdim. Öýe kimdir biri girýä!
Şeý diýensoň, Öwez ýene ähli otaglary, howlyny barlap geldi. Ylgap ýörşüne gara dere batdy. Ýöne hiç kimi tapmady. Ýadaw halda diwana özüni oklan çagy bolsa gulagyna ýene şol tanyş gülki sesi eşidildi. Gülki erkek kişiniň gülküsidi.
— Ha-ha-ha-ha! Ha-ha-ha-ha!
Öwez ejesidir Nurjahanyň Güljereniň ýüzüne birlaý nazar aýlap, gorkudan gözlerini tegeledi:
— Indem ol gülýä! Siz eşideňzokmy?
Öweziň sözüne beýlekileriňem ýüzi ak tam boldy.
— Ýok — diýşip, olar howsalaly pyşyrdadylar.
— Sen kim? — diýip, Öwez gözlerini depesine dikip gygyrdy. — Daň atyp gelýä! Gümüňi çek meniň öýümden!
Ene gülki sesi eşidildi. Soň Öweziň gulagyna kimdir biri aýylganç hyşşyldy bilen pyşyrdady:
— Öwez!
Öwez bir ejesiniň, bir aýalynyň ýüzüne naýynjar bakyp, aglaýan ýaly ses etdi:
— Ol meniň adymy tutýa! Ol meniň adymy bilýä, eje!
— Eý, toba! Eý, Alla jan! — diýip, Güljeren bilen Nurjahan aglamjyraşdylar.
— Howul bela, sowul bela! — diýip, Aýjahan daýza-da gorkusyny gizläp bilmän, dillendi. — Gaýtarmyş ata jan, özüň gaýtaraweri bu belany biziň ojagymyzdan!
— Öwez! — diýip, ses ýene pyşyrdady. Pyşyrdy gulagyna gelen çagy Öweziň ýüregine iňňe çümdürilen ýaly bolup gitdi. Ýüregi birden çaşýan ýaly, birden bulanýan ýaly boldy.
— Öwez!
— Hä — diýip, Öwez sese jogap berdi. Soň pikirini ejesi daga ýetirdi. — Gülälege erjeşýän zat maňa ýapyşdy, eje! Ol meniň adymy tutup, gulagyma pyşyrdaýar! Pyşyrdysy janymy alyp barýa. Oňa jogap bermän bolanok. Gülälek janam şeý diýýädi.
— Eý-waý-eý, işimiz gaýtdy, bi nä bela boldy, Alla jan! — diýip, Güljeren ýene nalady.
Aýjahan daýza özbaşyna birsyhly samrady:
— Gaýtarmyş ata jan, gaýtaraweri! Ýoluňa bir goýun... Alla jan, özüň medet ber.
Nurjahan gorkudan doňňara daşa döndi.
— Öwez! — diýip, ses ýene Öweze gygyrdy. — Öwez!
— Näme!? Näme etjek meni?! — diýip, Öwez oňa gaharly jogap berdi. —Sen henizem gümüňi çekeňokmy?! Sen nireden meniň adymy bilýäň?! Kim sen?!
— Seniň adyňy bilmän, dagy kimiň adyny bileýin men! — Ses agras eşidildi. — Sen bolsaň meni unutdyň.
— Unudyp-unutmaz ýaly, dogan okaşanym ýok — diýip, Öwez hüňürdedi. —Meni ýatara goý, tutma adymy!
Ses gaharly çykdy:
— Sen basym kän ýatarsyň, Öwez! Hiç wagt galman ýatarsyň!
— Sen maňa näme diýjek bolýaň? — Öwez gygyryp gepledi. — Sen ezraýylmy ýa?!
— Ezreýyl sen! — diýip, ses Öweze jogap gaýtardy.
— Men nähili ezraýyl bolýamyşym?! — Öwez geň galyp, töwerege nazar aýlady. — Bolýa, goý seniň diýeniň bolsun. Onda sen kim?
— Basym bilersiň.
Öwezi ýene uky basdy.
— Eý, barsan-aý! Kim bolsaň, şol bol! — diýip, ol ellerini daldalatdy. — Men ýatjak. Özüňem eliňden gelenini et!
Öwez şeý diýip, özüni diwana oklady. Ses onuň gulagyna aýylganç gygyrdy:
— Öwez!
Sese Öweziň gulaklary gapylyp gitdi. Beýnisini pişik dyrmalaýan ýaly boldy. Sese jogap bermän durup bilmedi.
— Hä! Hä! Näme etjek meni?! — diýip, janyýangynly gygyrdy-da, ýene ýerinden galdy. Gaharyna diwany ýumruklady. — Gözüme görnüp bir gelsediň sen! Etjegimi bilýän! Bogup öldirin seni!
Kimdir biri Öweziň bokurdagyna ýapyşyp, bogýan ýaly boldy:
— Nädip? Şeýdip bogjakmy meni? — diýip, ses sorady.
Öwez bokurdagyny elleşdirdi. Özüni bogýan zady aýyrmak isledi. Ýöne elleri hiç zady duýmady. Demi tutulyp, agzyndan ak köpük geldi. Gara dere batdy. Güljeren plotensa alyp, onuň agzyny süpürdi:
— Waý, muňa bir zad-a bolýa!
— Namart! — diýip, Öwez pyşyrdap sögündi. — Sen kimem bolsaň, bigaýrat hem namart! Mert bolsaň, göze görnüp gel!
— Göze görünmeýän zat bilen dawalaşma! — diýip, Aýjahan daýza ogluna maslahat berdi. — Beter erjeşdirersiň.
Öwez barha gaharlandy:
— Dawalaşmasaňam erjeşip dur-a ol. Erjeşýän bolsa, erjeşsin şü. Men bizar boldum şundan. Näme edýän bolsa etsin. Görübiýris.
— Öwez! — diýip, ses ýene Öweziň adyny tutdy.
Öweziň sese jogap beresi gelenokdy. Ony piňine almak islänokdy. Ýöne bolanokdy. Ol bialaçlyk bilen sese boýun bolýardy:
— Näme?! Näme! — Ol birsyhly janyny ýakyp gygyrdy.
— Öwez!.. Meniň görünmegimi isleýäňmi?!
— Hawa, isleýän! Gözüme görünseň bolýa. Soň armanym ýok!
— Gyzyň köýnegini tikip bolan wagty sen meni görersiň! — Ses güldi. — Ha-ha-ha-ha!
— Gyzym ol köýnegi indi tikmez! — diýip, Öwez sesi gynandyrmak üçin dişlerini gysyp, sözlerini nygtady. — Tikdirmen men oňa. Daň atdygy, men ol köýnegi otlamakçy.
— Otlaňda näme! — Ses ýene batly güldi. — Gülälek başga birini biçiner! Sizde biýz kän-ä!
Öwez dişlerini gysyp, biri-birinden geçiräýjek boldy:
— Men öýdäki biýzleriň baryny otlaryn!
Ses birsyhly gülýärdi:
— Otlaňda näme! Aýalyň ýene tapyp gelmeli bor!
— Tapmaz! Tapmaz şol — diýip, Öwez öýi ýaňlandyryp gygyrdy. Pol ýumruklady. — Aýalym ýene öýe biýz getiräýse, men ony öldirin!
Ses gülüp-gülüp, Öweziň içini ýakdy:
— Aýalyňa biýzi Gülälek getirder. Sebäbi ikimiziň görüşmeli günümiz Gülälek şol biýz köýnegi geýmeli! — Ses birden gahara eýlendi hem buýruk beriji gürledi. — Hökman geýmeli!
— Men seniň bilen görüşmegem islämok! — diýip, Öwez ýene elini silkip goýberdi. — Seni görüp başyma uraýynmy?!
Aýjahan daýzadyr Nurjahan, Güljeren üçin Öwez özbaşyna samrap oturan ýalydy. Olar ýakalaryny tutuşyp, doňňara daşa öwrülip, bialaç halda Öwezi synlamadan başga çäre tapanokdylar. Onuň ahyry özüniň köşeşerine garaşýardylar. «Ýa muňa-da uky derman beräýsekmikäk?» diýip, üçüsi-de bir pikiri serinde aýlaýardy. Soňam, Öwezem uklasa, bu göze görünmeýän belanyň öz başlaryndan injegini ýatlap, içki pikirlerini daşyna çykarman saklanýardylar.
Ses Öweze gep goşdy:
— Häl-ä meni görjek diýp durdyň sen.
— Men saňa hasabat beremok. Güm bol! — diýip, Öwez sögündi. —Göresim gelse, görerin, göresim gelmese, görmen! Men islänimi ederin!
— Sen şu çaka çenli isläniňi etdiň, Öwez! Indi edip bilmersiň!
— Ederin! — Öwez özüne göwnüetijilik bilen gepledi. — Men öňem islänimi edýädim. Indem ederin!
— Seniň häzir ukyň tutýamy, Öwez? — diýip, ses sorady. — Ýatasyň gelýä! Şeýlemi?
— Hawa, ýatasym gelýä. — Öwez ýene ýerine geçdi. — Ýatarynam. Senem gygyr-da otur.
Ses ýene güldi:
— Seniň ýatasyň gelenog-a, Öwez! Gyzyň ak köýnegini nagyşlasyň gelýä!
Öwez arkanlygyna ýatyp, gözlerini süzdi:
— Meniň köýnek nagyşlasym gelenok. Ýatasym gelýä.
— Ýalan! — Ses Öweziň gulagyna pyşyrdady. — Seniň köýnek nagyşlasyň gelýä, Öwez! Näme üçin ýalan sözleýäň?! Ýalançy Öwez!
— Men ýalançy däl! — diýip, Öwez samrady.
— Sen ýalançy! Sen häzir gidip, aýalyň goýan ýerinden Gülälegiň tikýän köýnegini getir, Öwez! — diýip, ses Öweze buýurdy.
Öweziň ýerinden galasy gelenokdy. Emma ol hut magnit bilen dartylýan demir mysaly, öz-özünden turup, ýöräp başlady. Güljereniň epläp goýan ýerinden Gülälegiň nagyşlaýan biýz köýnegini aldy. Ejesi dagam onuň yzyndan galman, ol nirä ýörese ýörediler.
— Taşlan ýeriňden iňňäni tap, Öwez! Iňňäni tap! — diýip, ses Öweze buýruk bermegini dowam etdi. — Iňňäni tap! Özüňem basym bol!
Öwez daşarynyň ýiti çyrasy ýanyp duran-da bolsa, otluçöp çakyp, iňňe taşlan ýerlerine dümtünip seretdi. Iňňäni tapyp, ýerden galdyrdy. Soň ýene ýeňsesinden itilen ýaly bolup, içerik girdi. Bir çüňke baryp, ulugyz ýaly sülmüräp oturdy.
— Munuňam işi gaýtdy — diýip, Nurjahan aglamjyrady. —Ertiriň özünde göçüň bu ýerden, eje! Öýüňizi al-arwah eýeläpdir siziň.
Aýjahan daýza gynanyp gepledi:
— Nije ýyllap gurnalan öý. Bi öýi öý edýänçäm ne günler gördüm...
— Göçeniň bilen dynyp bormuka mundan! — diýip, Güljeren gussaly dillendi.
Nurjahan ganynyn gyzdyryp, ejesiniň üstüne gygyrdy:
— Baryňyz dälirejek bolup durkaňyz, öý nämäňize derkar?!
Aýjahan daýza elini daldalatdy:
— Sen bir ýuwaş bolaýsana! Şonsuzam kelläm ýaryljak bolýa! Gitmeli bolsa, gideris. Ertire bir çykaly. Bi artyp şu gün bir gitsin sag-aman şu ýerden!
— Gülälegiň ters tiken ýerlerini söküşdir — diýip, ses Öweze etmeli işini salgy berdi.
Nurjahan gözlerini ýaşlap, bir çete çökdi-de, Öweze syn saldy. Öwez işi nädip etjegini bilmedi. Janyny ýakyp gygyrdy:
— Oňaramok men! Men näme aýalmy bi işleri edere!
— Sen aýalça ýok! — diýip, ses onuň gulagyna pyşyrdady. — Sen sebäpli bu gije bi köýnegiň näçe ýeri tikilmän galdy. Çalt bol-da, özüň tik indi. Ýa-da Gülälegi oýar!
— Men günäkär däl bi köýnegiň tikilmedigine.
— Sen günäkär! Sen Gülälege derman getirenem, içirenem.
— Gülälek oýanyp bilmez!
— Onda, goý, köýnegi aýalyň tiksin!
Öwez ak köýnegi Güljerene uzatdy:
—Me, muny sen tik! Ol zat muny tikmegi maňa buýurýar. Men näme, nagyş edip bilýänmi?!
Güljeren ýylan gören ýaly bolup, yza tesdi. Ellerini daldaladyp, howsala düşdi:
— Ýog-eý! Ol artyby maňa berme! Näme etseň, özüň et! Maňa berme! Men ölsemem, tikmerin ony. Senem tikme, Öwez!
— Tikjekgä biz şony! — diýip, Öwez sese jogap berdi. Hem köýnegi bir ýana taşlady. Ses Öweziň gulagyna birsyhly pyşyrdady:
— Sen ony tikýäň, Öwez! Tikýäň! Ilki Gülälegiň ters tiken ýerlerini söküşdirýäň. Soň bolsa ony emaý bilen tikip başlaýaň! Özüňem çalt işle!
— Meniň ukym tutýa! — diýip, Öwez kesirligine tutdy.
— Seniň ukyň tutanok, seniň gyzyň geýmeli ak köýnegini tikesiň gelýä! — diýip, sesem ony öz erkine goýmady. — Çalt bol!
Öwez diýen edijilik bilen ak matany eline alyp, nagyşlaryň üstünden terslin-oňlyn, tagaşyksyz geçirilen sapaklary üzüşdirip başlady.
Ses ony gyssady:
— Çalt bol! Çalt! Çalt!
Öwez haýdap oturyşyna, birden ýene bogulýan ýaly boldy. Kimdir biri ony ýene bogup başlady. Agzyndan ak köpük saçyp, bir çete ýykyldy.
— Sogan getir, sogan! — diýip, Aýjahan daýza elewräp gygyrdy. —Gülälek şeýle bolanda, Näzik goňşy sogan çalyp açypdy!
Güljeren bilen Nurjahan düwdenekleşip, sogan getirmäge ylgadylar. Onýança-da äpişgeden daňyň süýt reňki görnüp ugrady. Öýe imisalalyk aralaşdy...
Dowamy bar.