ARWAH GELÝÄN GIJESI (Ogulsenem Taňňyýewa) #6
Enkaň hayşy boýunça...
***
«Öweziň gyzy samrama keseline sataşypdyr» diýen habar şäheriň çetinde dörän bu obanyň ähli adamlaryna ýaýrady. Diňe bu obada-da durmady. Agyz agyzdan ýel aldy. Şum habar ganat baglap, çar töwerege ýetdi. «Gyzy al-arwahlar bilen gürleşýärmiş» diýlen öýe gelmäge çekinip, Öwezlerden goňşy-golamyň aglabasy aýagyny ýygnaýardy. Kä kişi bolsa özbaşyna gepleýän betbagt gyzy görmek üçin ýörite gelip gidýärdi.
Şum habary Aýjahan daýzanyň gyzy Nurjahan-da eşitdi. Ol myrtar habar gulagyna ýeten pursatyndan çagalaryny goňşularyna tabşyryp, etek alty, ýeň ýedi bolup, atasy öýüne ylgady.
— Gije-de galaýmagym ahmaldyr. Çagalary öz öýüňde ýatyraý! Her zadam bolsa, indi olar aga-gara düşünýärler — diýip, ýakyn goňşusyna habaryny gyssagly aýtdy-da, oýnamaga giden çagalarynam gözlemän öýüni gulplap, ýola çykdy. Awtobusa ýüregi sygmajak ýaly, darygyp, uzak ýoly paý-pyýada sökdi. Ýeke doganynyň ýalňyz çagasynyň sataşan belasy Nurjahany diýseň gynandyrdy. Nurjahanyň gulagyna bu habar ýeten çagy öňki annadan bir hepde wagt geçip, nobatdaky anna gününiň güni öýlä agypdy. Nurjahan gelen halaty gülälek bir çetde oturyp, ak biýz mata owadan nagyş salýardy. Ony görende Nurjahanyň ýüregi jigläp gitdi. Ýüzi ýedi ýuwlan ak esgä dönüp, misli, güýji gaçan ýaly, özüni ýere goýberip, özbaşyna samrady:
— Ejem jan-eý, bu gyzyň edip oturan zady näme?! — Şeý diýensoň, Nurjahan Gülälege ýüzlendi:
— Gülälek jan, ol biýzi näme üçin nagyşlaýaň sen?
Gülälek Nurjahan ejesine jogap bermedi. Aýjahan daýza agaç sekide oturan ýerinden gyzyny öz ýanyna çagyrdy:
— Oňa zat diýme, gel, meniň ýanyma geç.
Nurjahan görýän ahwalatyna gynançdan ýaňa ýüregi sallanmadan, yra-dara ýöräp, ejesiniň gapdalyna baryp oturdy. Ony ýene düşnüksiz sowallar öz erkine goýmady.
— Bu gyzyň bolup oturyşy näme, eje?! — diýip, bir ejesine, birem ak biýz mata nagyş salýan Gülälege seredip gepledi.
Aýjahan daýza uludan demini aldy:
— Görüp dursuň-a... Öňki annada seňkä baryp, öýe gaýtjak bolup bir dyzanandyryn. Nähili ýüregim gysypdy... Şonda ýüregim syzan eken. Şol anna agşamy Gülälek jan şeýle bela sataşypdyr.
Aýjahan daýza öýde bolan ähli zatlary gyzyna aýdyp berdi. Eneli-gyz bolup, aglaşdylar, eňreşdiler. Derdiň emini gözlediler.
— Bimahal çag hapa suw-beýleki dökülen ýerlere baran bolaýmasyn?! —diýip, Nurjahan belanyň nireden sataşanyny çenlemek isledi. — Şoň ýaly ýerlerdenem adamyň yzyna al-arwahlar düşüp gaýdýarmyş.
— Hapa dökülýän ýere baran däldir. Öýden çykanog-a bu çaga — diýip, Aýjahan daýza gyzynyň ol pikiri bilen ylalaşmady.
Gep-gürrüň, gaýgy-alada bilen wagtyň nädip geçenini duýmadylar. Gülälek ýene özbaşyna samrap başlan halaty olar pikirlerinden aýňaldylar. Gün öýlä agyp, eňegini ýere beriberenden Gülälegiň gulagyna öňki tanyş ses eşidilip ugrady.
— Gülälek — diýip, ýürege iňňe bolup çümýän ses gyza gep goşýardy. —Köýnegiňi nagyşlaýaňmy?
— Nagyşlaýan. Basym gutararyn — diýip, Gülälek sese jogap berdi.
— Gep-gürrüňe gyzyp, gapydan sogan asmandyrys. Soganyň ajysyna al-arwah gelip bilenokmyş — diýip, Aýjahan daýza howlukmaçlyk bilen ýerinden turdy. — Sogan kesişdireliň gapyda.
Güljeren gaýynenesini makullamady:
— Sogan asyp durma, enesi. Gördüň-ä geçen gezek. Barybir ol bar zatlary Gülälege zyňdyryp dur-a.
— Zyňdyrsa-da asjak şony. Şu gezek zyňdyrybam bilmez — diýip, Aýjahan daýza gaharyna atlandy. — Bu gyzyň el-aýaklaryny daňyp goýarys. — Şeý diýensoň, Aýjahan daýza hemmä deň buýruk berdi. — Јhliňiz el-ýüzüňize-de soganyň suwuny çalyň. Soganlaram asyşdyryň, kesişdiriň! Goý, ol haram al-arwah meň gapymdan başga gapa gitsin!
Güljeren bilen Öwez ýerindenem gozganmady. Olar indi bu ediljek bolunýan işiň haýyrsyzdygyna düşünipdiler. Nurjahan bolsa alasarmyk ýagdaýda galdy. Turup sogan dograjagynam bilmedi, ýa-da doganydyr gelnejesi kimin takdyra ten berip oturjagynam.
— Gülälek-ek! Eneňi sakla! — diýip ses Gülälege buýruk berdi. —Barybyr, soň olary ýene özüň aýyrmaly bolarsyň! Şeýdip, köýnegiň nagşy gijä galar.
Ses buýruk berensoň, Gülälek sogan almaga ugran enesine gygyrdy:
— Ýekeje soganam getiräýme gapa! Meni öldürjek bolýaňmy sen!?
Agtygynyň: «Meni öldürjek bolýaňmy?» diýen sözleri Aýjahan daýzany çüýlenene döndürdi. Ol özüni ýere goýberip, janyýangynlykdan maňlaýyna ýumruklady:
— Wa-ah, beýdip dörejek bolsaň, döremedik bolsaň bolmaýamydy sen gyz?! Dünýä inmedik bolsaň bolmaýamydy?! Bir ýanardyk, bir goýardyk. Bir wagt odumyz sönerdi... Sen bizi beýdip ýakmaly däldiň-ä, balam!
— Sen hökman dünýä inäýmeli çaga! — diýip, ses Gülälegiň gulagyna pyşyrdady.
— Men hökman dünýä inäýmeli çaga — diýip, Gülälek sesiň aýdanlaryny enesine ýetirdi.
Nurjahan ejesine tarap ylgady. Gujaklap, ony ýerinden turuzdy. Agaç sekiniň ýanyna getirdi.
Maşgala ýene takdyra ten bermekden başga çäre galmady. Gülälek bolsa ses bilen söhbetini dowam etdi.
— Dermany içirip göreli — diýip, Öwez aýalyna sala saldy. — Bar bir käse suw elt-de gyzyňa derman içir.
Güljeren Gülälek üçin getirilen dermany alyp, ony bir käse suw bilen gyzyna eltip berdi:
— Kakaň bilen doktara gidip getiren dermanyňyz, iç şuny, gyzym.
— Derman içme, köýnegiňi tikip ýetişmersiň — diýip, ses Gülälege buýurdy.
— Derman içsem, köýnegimi tikip ýetişmen — diýip, Gülälek ejesine jogap berdi-de, derman içmeden ýüz öwürdi.
Güljereniň gahary depesine urdy. Ol derman bilen suwly käsäni bir çetde goýdy-da, Gülälegiň tikip oturan köýnegini silkip alyp, ýere oklap goýberdi. Sesiniň ýetdigindenem gygyryp, gyzyna azgyryldy:
— Köýnek bormy şu artypdan! Iç dermanyňy!
— Ol aýalyň ýüzüne ur! — diýip, ses Gülälege buýruk berdi. — Getiren suwunam üstüne serp.
Gülälek ejesiniň çep dulugyna şarpyldadyp goýberdi-de, käsedäki suwy-da onuň ýüzüne serpdi.
Bu ýagdaýa Aýjahan daýza bilen Öwez sesini çykarman seredýärdi. Sebäbi olar indi beýle zatlar bilen öwrenişipdiler. Gülälegiň bolşuna Nurjahanyň welin zähresi ýarylýardy.
— Waý-eý, bu gyzy, bu gyzy! — diýip, ol birsyhly gorky bilen seslenýärdi.
Güljeren gaharyna guduz açdy. Ilki bir bedre suw getirip, Gülälegiň depesinden eňterdi. Soň bolsa ony öldir ýaly urup başlady. Çem gelen ýerine şarpyk çalyp, ýumruklady.
— Bizar boldum men senden, bizar boldum! Jynlanýan bolsaň, jynlan sen! Göreýin men seniň şol jynlaryňy! — diýip, aldygyna gygyrdy. — Öň-soň ölmekçi bolsaň, özüm bogup öldüreýin seni! Däliräp, ile gürrüň bolup bir ölme!
Gülälek ejesiniň guduz güýjünden asgyn geldi. Ýogsa ses oňa birsyhly:
—Ur, ur! Senem ur — diýip, buýruk hem berýärdi.
Gyz elleri bilen ýüzüni tutup, ýere ýazyldy:
— Güýjüm ýok! Güýjüm ýok meniň! Men urup bilemok! — diýip, sese jogap berensoň, aglap başlady.
Öwez gyzyna dözmedi. Ylgap gelip, aýalyny bir çete itip goýberdi.
— Öňem näsag çagany näme urýaň sen?! — diýip azgyryldy.
Güljeren Öweziň badyna ýere ýazyldy.
— Öldürjek men şol gyzy! Öldürjek! — diýip, janyýangynly gygyryp, ol hem aglamaga durdy. — Bizar boldum men munuň jynlanmasyndan! Beýdip, munuň agzyna bakyp, ömrümi kül edenimden öldürip dynaýyn men şuny!
— Goý sesiňi! Aýyp bor. Goňşy-golama masgara bolduň! — diýip, Aýjahan daýza oturan ýerinden gelnine käýindi. — Seň gykylygyň gerek däl!
Güljeren turup, üsti-başyny kakyşdyrdy-da, agaç sekä gelip çökdi. Agysynyň arasynda ýene samrady:
— Goňşa-da masgara bolduk, oba-da. Indem näme bolsak, şol bolaly! Düneden perzentsiz ötüp ýörenem bar. Beýdip, janymy ýakyp ýörenimden, dünýä inmedik ýaly edip dynaýsadym şu gyzy!
Aýjahan daýza ýene gelnine höre-köşe etdi:
— Goýaweri, aýyp bor. Goýaweri!
Nurjahan Gülälege göwünlik berdi:
— Hemmesi geçer, jigim. Senem agyňy goý. Sen akylly gyz-a. Ejeň ýagdaýyna-da düşünmeli. Ol indi çydamajak bolýa. Sen onuň ýeke çagasy. Ýeke çagasynyň-da beýle güne sataşmasyna çydap bilenok ol. Bar, özüňem egin-eşigiňi çalyş. Beýdip oturma.
Gülälek ýüz-gözüni süpürip, diklendi.
— Men nä alaç edeýin. Meniň günäm barmy bu ýerde — diýip, aglamjyrady. Soň diýen edijilik bilen ýerinden turup, eşiklerini çalşyrmak üçin içerik girip gitdi.
Anna agşamy kirli eşikleriňi goýmak bolmaz. Olary ýuwup goý — diýip, ses Gülälek egninden aýran öl eşiklerini eline alyp, daşaryk ýönelende ýene gyzyň gulagyna pyşyrdady.
Gülälek sese hiç hili jogap bermese-de, onuň diýeni bilen boldy. Suwdur kir ýuwar getirip, köýneklerini ýuwmaga oturdy. Eşiklerini bir laý ýuwup bolansoň, kir suwuny kanalizasiýa çukurjygyna guýmaga çemlendi.
— Saklan! — diýip, ses gyza buýurdy. — Kir suwy özüňi uran aýalyň ýüzüne serp!
— Ol meniň ejem! — diýip, Gülälek kir ýuwaryny ýerde goýup, birbada sesiň buýrugyna tabyn bolmady. — Men onuň ýüzüne hapa suw serpmen!
— Sep! — diýip, ses ýowuzlyk bilen buýruk berdi. — Seň ýaly çagany dograny üçin ol ýüzüne hapa suw sepilmeli aýal!
— Men näme beýle erbet çagamy? — diýip, Gülälek sese ýüzlendi. —Sen ilki şony düşündir. Men kime näme ýamanlyk etdim?!
— Ol sowallaryňa basym seniň özüň jogap berersiň — diýip ses Gülälegi jogapsyz galdyryp, birsyhly buýruk bermegini dowam etdi. —Suwuňy diýlen kişiniň ýüzüne sep-de, işiň bilen bol!
Gülälek sesiň buýrugyndan bizar boldy. Ol agaç sekiniň ýanyna bardy-da, kir ýuwaryndaky hapa suwy aglamjyrap oturan ejesiniň ýüzüne serpip goýberdi. Soň ýene öňki ýerine baryp, kirlerini ikinji sapar ýuwmaga durdy.
Duýdansyz ýüzüne sepilen hapa suwa Güljeren hopugyp gitdi. Onuň gahary şeýle bir güýjedi welin, ol häzir elinden gelse, jinnek ýaly rehim etmän, Gülälegi düýt-müýt etmekçidi. Gyzy onuň gözüne şu pursatda şeýle ýigrenji görünýärdi. Turup, ýene Gülälege topuljak boldy. Öwezdir Nurjahan bu sapar ony gymyldatman sakladylar:
— Degme! Gyzyň öz akylynda däldigini bilýäň-ä sen!
Güljeren töwellany aldy. Gülälege zat diýmedi. Içerik girip, eşiklerini çalşyryp geldi.
— Indi gyzyň gözüne görünme! Ýene suw serpäýmesin! — diýip, Aýjahan daýza oňa maslahat berdi.
Diýlişi ýaly boldy. Güljeren sekä golaýlaşyp-golaýlaşmanka Gülälek köýneklerini ikinji gezek ýuwan suwuny göterip, ýene oturanlara tarap ýöneldi.
— Gaç, Güljeren! — diýip, Aýjahan daýza eli kir ýuwarly gelýän Gülälegi görkezip, gelnine gygyrdy. Ellerini daldalatdy.
Güljeren gaçyp, köçä çykdy.
Ýöne bu wagt Gülälek ejesini nazarlamandy. Ses oňa kir suwy bu sapar Öweziň üstüne sepmegi buýrupdy. Gülälek bu gezek ses bilen dawalaşybam durmady. Gyz, barybir, onuň diýeninden çykyp bilmejegini bilýärdi. Şonuň üçin sessiz-üýnsüz sesiň buýruklaryny berjaý edip dynanyny gowy görýärdi. Şeýdibem, ol kakasynyň ýanyna baryp, elindäki hapa suwly kir ýuwary onuň üstünden eňterip goýberdi.
Kellesinden kir suw guýlan Öwez näme etjegini bilmedi. Onda hem Gülälege şeýle bir ýigrenç oýandy welin, kir ýuwup ýören gyzyň özüniň janyndan-jigerinden gowy görýän balasydygyna ynanasy gelmedi. Özi-de baryp, Gülälegi Güljereniň edişi ýaly, ýumruk astyna alaýasy geldi.
Gülälek kirlerini durlap serdi. Ses Gülälege eşikleri durlan suwuny gapa sepmegi buýurdy. Gülälek ýene diýlenini etdi.
— Kir suw guýulan ýörite çukur bar-a, a gyz! — diýip, Aýjahan daýza Gülälegiň bolşuna janyny ýakyp gygyrdy. — Ol hapa suwlary aýak astyna guýmaň näme!
— Siziň gapyňyz hapa suw sepilmeli gapy! — diýip, ses Gülälege düşündirdi.
Gülälek eşiden zatlaryny enesine ýetirdi:
— Biziň gapymyz hapa suw sepilmeli gapy!
— Toba-toba! — diýşip, Aýjahan daýzadyr Nurjahan Gülälegiň edýän işlerine hem gepine ýakalaryny tutdular.
Öwez hem eşiklerini çalşyryndy. Soňra Gülälek ejesidir kakasynyň kir suw sepilen eşiklerini alyp, ýuwmaga oturdy. Hapa suwlaryny-da birsyhly gapa dökdi.
— Dogrudanam, bu gyz däliräpdir. Däli bi. Başga hiç zat däl —diýip, Nurjahan Gülälekden gözüni aýyrman oturyşyna ejesine gep goşdy.
— Onda hiç hili dälilik ýok, ynha, ertir görersiň onuň bolşuny —diýip, Aýjahan daýza-da gepi bilen gyzyny geň galdyrdy. — Ol diňe anna agşamy şeýle bolýar. Anna agşamy onuň ýanyna al-arwah gelýär.
— Tob-eý! Tob-eý! Eşitsegem, öňler beýle-beýle zatlaryň bolýanyna ynanyp bilmezdik — diýip, Nurjahan ýakasyny towlap-towlap tutdy.
Aýjahan daýza uludan dem aldy:
— Indi näme eşitseň, ynanaýgyn, keýgim!
Gülälek kirlerini ýuwýança gün mazaly batyp, garaňky düşdi. Ol ýene tikin işiniň başyna bardy.
— Başga zatlara güýmenip, tikin işiňi näçe gijikdirdiň! — diýip, ses Gülälege iňirdedi. — Ony basym tikip bolmaly sen!
— Men günäkär däl-ä. Ejem suw sepip, üstümi hapalady ahbeti. Seniň özüňem kir ýuwmagy tabşyrdyň.
Ses gaharlandy:
— Sen näme üçin doktora gidip, derman alyp geldiň?! Bu zatlara seniň özüň günäkär!
Gülälek aglamjyrady:
— Dermany kakam getirdi. Doktora kakam äkitdi.
— Ýalan sözleme! — Ses gataldy. — Doktora gitmek, menden dynmak seniň öz ýüregiňde-de bar-a! Sen menden derman bilen dynyp bilerin öýdýäňmi?
— Bilemok.
— Dynmarsyň! — Ses haýbatlandy. — Sen menden diňe ölüp dynarsyň! Şonuň üçinem diňe meniň diýenim bilen boluber.
— Sen kim?
— Göresiň gelýämi?
— Hawa...
— Basym görersiň...
— Häzir görnäý-dä...
— Basym görersiň...
Öwez Gülälege dermany zor bilen içirmeli diýen netijä geldi. Ol ýene aýalyna derman bilen bir käse suwy häzirlemegi tabşyrdy. Özi Gülälegiň ýanyna baryp, dyza çökdi:
— Gülälek jan, gyzym, ýekeje gezek synap göreli. «Tiz kömek» ukol edip gidende-de sen rahat ukladyň-a. Birje gezek dermanam iç, gyzym.
Dowamy bar.