ARWAH GELÝÄN GIJESI (Ogulsenem Taňňyýewa) #5
Enkaň haýyşy boýunça...
— Gepläp güýmenme, bol! — diýip, ses ýene Gülälegi howlukdyrdy. —Hiç kim kömek etmese, özüň ölçe. Sen eýýäm tikip başlamalydyň ony!
Gülälek Näzik daýzadan ünsüni sowup, ýene sese gulak gabartdy.
— Bolýa, häzir — diýip, oňa jogap berdi. Biýz matanyň üstünde durdy-da, onuň bir ujuny kellesiniň üsti bilen aýlap, öňünden goýberdi. Matanyň ýere ýeten ýerinden ýene aýaklary bilen basdy. Şeýdip, dik duran ýerinden özi boýunyň ölçegini aldy. Matany kesdi. Soň ýeň-ýan kesmäge çemlendi.
— Ýeň-ýan gerek däl — diýip, ses Gülälege tabşyrdy. Indiki etmeli işleri hakda görkezme berdi. — Kelle çykarmaga ýaka orny-da gerek däl. Nagyşlap bolaňsoň, ony halta ýaly edip tikersiň. Häzir bolsa deň iki eple-de, ortasyndan nagyşlap başla. Döşüň däl-de, ýüzüň üstüne düşjek ýerlerini nagyşla. Şol ýere tahýa nagşyny sal.
Gülälek diýen edijilik bilen iňňe-sapakly düwünçegini alyp, bir çüňke bardy-da, elindäki biýziň nagyş ornuny kesmäge oturdy.
Şol wagt Näzik daýzanyň maňlaý saçy ýene sypalanan ýaly boldy. Näzik daýza.
— Daşaryk çyk! Gyzy okaýyn diýýän! — diýip, Pälwan molla gepini ençe gezek tekrarlansoň, Öwez ysgynsyz halda diwarlardan ýapyşyp, ýerinden turdy. Başy aýlanyp, gözleri garaňkyryp gidýärdi. Hemmeler çykansoň, Pälwan molla öýde gyz bilen ikiçäk galdy.
— Gyzym, adyň näme seniň? — diýip, ol gyzdan mylakatly sorady.
— Gülälek. — Şeý diýdi-de, gyz edip oturan işinden başyny galdyryp, arkasyny diwara berdi. Aýaklaryny uzyn salyp, gözlerini süzdi. —Waý-eý, ýadadym. Ýadap ölüp barýan. Ukym tutýa.
— Ukyň tutan bolsa, işiňi taşlaga-da, ýataýarlar, gyzym — diýip, Pälwan molla Gülälek bilen mylakatly gepleşmegini dowam etdi. —Özüňem bi, ýaýrap ýatan matalaryňy ýygna öýüň ortasyndan. Ulugyz bar öýde beýdip, matalar çaşyp ýatsa, aýyp dälmi?
Gülälek işini bir ýana goýup, ortada ýaýyn bolup ýatan matalary gulagasyjylyk bilen ýygnaşdyrmaga durdy. Ýadawlygyna seretmezden, çalt işledi. Matalary derrew düwünçege düwüp, sandygyň üstünde duran düşekleriň ýokarsyna galdyrdy. Soň öňki ýerine baryp, aýaklaryny uzyn salyp oturdy.
— Berekella! — diýip, Pälwan molla gyzyň göwnüni galdyrmaga synanyşdy. Soňam gyza sowal bilen ýüzlendi. — Bi ak mata nagyş çekmäň näme, gyzym?
Ses Gülälege çawuş kakdy:
— «Gyz işine goşulma-da, öýüňe git» diý oňa!
Gülälek özüne diýlen sözi molla ýetirdi:
— Molla aga, meniň işime goşulma-da, iň gowusy, öýüňe git!
Pälwan molla gitmäge hyýallanmady. Sypaýy gepläp, Gülälegi özüne gulak asdyrmaga synanyşdy:
— Sen ýadaw bolsaň, ýassyk al-da, gyşaraý, gyzym! Saňa ýaranok diýdiler. Men seni dertden saplaýyn!
— Sende hiç hili dert ýok! — diýip, ses Gülälegiň gulagyna pyşyrdady. — Sen diňe toý köýnegiňi tikip ýadaýaň.
— Mende hiç hili dert ýok, men sagat, molla aga — diýip, Gülälek sesiň özüne aýdanlaryny ýene Pälwan molla ýetirdi. — Men diňe toý köýnegimi tikip ýadaýan.
Pälwan molla okamak niýetinden el çekmedi:
— Ýadaw bolsaň, ýadawlygyňy aýraryn. Sen irkil. Men bolsam, kitap okap, saňa päsgel berýän al-arwahlary kowaýyn.
— Mollanyň gepi köpeldi. Ol seni güýmeýä! Sen bu gün daň atýança köýnegiňi tikmeli, Gülälek! — diýip, ses pyşyrdady. — Mollanyň kitabyny eliňe al-da, ony taňryýalkasyn bilen ugrat. Özüňem basym bol!
Gülälek Pälwan mollanyň öňünde goýan kitabyny eline aldy-da, daşaryk ýöneldi:
— Ýörüň, molla aga, men sizi ugradyp geleýin. Siz maňa päsgel berýäňiz. Men daň atýança köýnegimi tikmeli.
Pälwan mollada alaç galmady. Ol dogumly ýöräp, bosagadan geçip giden ýaş gyzyň badyny saklap biljek däldi. Molla hyklap-çohlap, daşaryk çykan wagty Gülälek eýýäm derwezäniň agzynda durdy. Mollanyň kitabyny goltugyna alyp, daşaryk tasap barýan Gülälege hemmeler aňkarylyp seretdiler. Molla gyzy öýüne äkidip okajak bolýandyr öýtdüler. Onýança-da Pälwan molla içerden çykyp, Öweze ýüzlendi:
— Öwez! Gyzyňa sataşan bela maňa eýgerderli däl. Indi başyňa ne iş düşse, görübermeden başga çäre ýok. Gyz maňa asla gulak asanok. Ol diňe özüne gep öwredýäni diňleýä. Seret, häzir ol meni kowup dur. Maňa gulak asmaýan näsagy men okap bilmeýän.
— Çalt bol, molla aga! Men işimi tikmeli! — diýip, Gülälek ýene Pälwan mollany howlukdyrdy. Pälwan molla öz ýanyna ýeten halatam oňa kitabyny gowşurdy. — Geleniňe taňryýalkasyn! Gaýdyp geljek bolup, azara galyp ýörme! Barybyr, meniň şu bolşum bolar.
Kitabyny goltugyna alan Pälwan molla özüne seredip duranlara nazar aýlap, «Görýäňizmi ony!» diýýän terzde Gülälege tarap başyny salgap goýberdi.
— Bolýa-da, boljak işe çäre ýok — diýdi-de, soňra ol garaňkylyga siňip gitdi.
Hiç kim oňa «sag bolam» diýmedi, geleni üçin taňryýalkasyn-da aýtmady. Hemmeler Gülälegiň bolşuny çäresiz halda synlap durdular.
Mollany ugradansoň, Gülälek içerik girip, ýene tikin işine güýmendi. Özünem ses birsyhly howlukdyrýardy. Ol işläp-işläp, halys bolup çaşýardy. Özüne getirenlerinden soň ýene sesiň buýrugy bilen işine ýapyşýardy. Şeýdip oturyşyna ol daň agaryp, töwerege süýt reňk çaýylyp ugranda işini bir ýana taşlap, uka gitdi. Gülälegiň irkilenini görüp, goňşular hem öýlerine gaýtdy. Öwezdir Güljeren, Aýjahan daýza dagy bolsa gözlerine çiş kakylan ýaly bolup, Gülälegi garawulladylar. Gülälek ertesi gün güni bilen ýatdy. Oýanýan halaty bolsa ýene öňki sagat Gülälege öwrülip, öýüň işi bilen boldy. Biýz matasyny welin, nagyşlamasyny goýmady. Indi öýdäkilerem oňa bir işi «et-etme» diýip, sözem gatyp bilenokdylar. Gyzyň bolşuny sessiz synlap, sessiz gözýaş dökýärdiler. Bu zatlaryň soňunyň nähili soňlanjagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar.
Her zadam bolsa Öwez ýalbar-ýakar bilen Gülälegi doktora gitmäge yrdy.
— «Tiz kömegiň» wraçy hossarlardan samrama kesellisi bolsa-da, çaga geçýändigini aýtdy maňa — diýip, Güljeren Öwez gyzy bilen doktora gitmäge şaýlanyp durka öýe gelen wraç bilen bolan gürrüňi ýatlatdy. Gaýynydyr Öweziň ýüzüne tiňkesini dikdi. — Men-ä hiç wagt özbaşyna gepleme keseline sataşmandym. Heý, siz, haçanam bolsa bir wagt şeýle keselçilige duçar bolup görüpmidiňiz?
Güljereniň sözlerine Öwez bilen Aýjahan daýza gözlerini elek-çelek edişip, biri-birileriniň ýüzlerine seredişdiler. Ikisiniňem ýüzi üýtgäp gitdi.
— Toba, toba! — diýip, Aýjahan daýza özbaşyna mydyrdady. — Gyzgyny galanda samramaýan adam barmy. Ýöne biz-ä beýdip, günüň-güni özbaşymyza samrap ýörenimiz ýadymyza düşenok.
Öwez köwşüni geýip, derwezä tarap ugrady.
— Sen bir şu wagt samsyk sowalyň bilen kelläni agyrtmasana! — diýip, gidip barşyna Güljerene käýindi. Gülälege ümledi. — Ýör, gyzym, howlugaly.
Gülälegi yzyna tirkäp, Öwez ilki maşgala wraçynyň ýanyna bardy. Ondan degişli haty alyp, psihiki kesellileriň keselhanasyna bardy. «Wraç-psihiator Nury Ataýew» diýlip ýazylan gapyny ýuwaşlyk bilen açyp, içerik boýnuny süýndürdi.
— Gel, agam, arkaýyn giriber — diýip, iş otagynda goýlan ullakan stoluň aňry başynda oturan, çal saçly, ýaşy boýunça Öwezden uly-kiçiligi bildirmeýän, tokgaja göwreli wraç Öwezi mylakatly garşylady. Ýerinden turup, myhmanlaryna oturgyç görkezdi. — Geçiň, ornaşyň.
Öwez Gülälek bilen görkezilen ýerde ornaşdy. Wraça bolan zatlary başdan-aýak gürrüň berdi. Nury Ataýew ony sesini çykarman diňledi. Ol şeýle bir rahat otyrdy welin, Öwez onuň ol sözlerine geň galýanynam bilmedi, ýa-da şeýle sözlerden bizar bolup, özüniň gepini gutararyna sabyrsyzlyk bilen garaşýanynam. Her zadam bolsa, ýüregindäki berç bolan derdini aýtdy.
Wraç Gülälek bilen birki agyz gepleşip gördi. Oňa her hili sowallar berdi. Boýnundan asylgyja demri bilen gyzyň dem alşyny, ýürek urşuny barlady. Gyzdan hiç hili kem tapmady. Gülälek wraçyň ähli sowallaryna akylly-başly jogap berdi. Gyzyň gep-sözi kellesi üýtgän adamyň gep-sözi däldi. Akyly dury adamyň gepidi. Her hili apparaturalar bilen kelläniň gan basyşy ölçelende-de üýtgeşik netije çykmady.
Durmuşyň her ugry boýunça beren sowalyna gyzdan jaýdar hem akylly jogaplar alan wraç Nury Ataýew Öweze:
— Gyzyň akyl-a ýerinde. Agyrýan ýerem ýok. Kelläniň gan aýlanyşyndan kem tapylmady. Beýle ýagdaýda däri-derman edip, muňa jebir berip ýörmäli —diýdi. — Men size rahatlandyryjy derman ýazyp bereýin. Samrap başlandan şony içiriň. Ýöne her gije ýekeje dänesini bermelidir. Artykmaç içirmek bolýan däldir. Goý, ol bütin gijäni uklap geçirsin.
— Her annada samraýa bu gyz. Ony tä ömri ötýänçä her annada ukladyp ýörmeli bormukak?! — diýip, Öwez alada galyp sorady.
— Häzirlikçe şeýtmekden başga çäre ýok, agam — diýip, wraç ýigit uludan dem aldy. — Isleseň, gyzyňy anna güni keselhana salyp, özümiz şu ýerde gözegçilik edeli. Tä daň atýança seredeli gyzyň bolşuna.
Öwez Gülälege bakyp, biraz dymdy:
— Näbileýin-dä Näme etseňiz, şony ediň. Ýöne şu gyzy dertden saplaýsaňyz.
— Gulagyňa ses gelen çagy sen ony diňlemän oturyp bilermiň? — diýip, wraç Gülälege ýüzlendi. — Hiç üns bermän gör.
Gülälek janyýangynly gepledi:
— Üns bermän bolanog-a! Şol ses gulagyma gelýä welin, misli, ýüregimi biri iňňe bilen gazalap başlaýan ýaly bolýar. Basymrak diýenini edip, gygyrmasyny goýdursam kaýyl gelýän. Men onuň ähli diýenini etmäge taýýar bolýan şol pursat. Geplemese bolýar. Geplese, sesi janymy alyp barýar. Ýöne şonuň diýenini edesim gelip dur. Özüme erk edip bilemok.
Wraçyň Gülälege derdini aýtdyryp bilenine Öwez begendi. Ol gyzynyň ýagdaýyna indi doly göz ýetirdi. Onuň sözlerine öwelip galdy. Birdenem, gyzynyň nagyşlap ugran ak biýz köýnegi ýadyna düşdi. Şol hakda soramak isledi. Misli, kakasynyň pikirini bilen ýaly, Gülälegiň özi sözüni ak biýz köýnege syrykdyrdy:
— Ol ses maňa ak biýzden toý köýnegini biçmegimi buýurdy. Soň bolsa ony nagyşlamagy. Men häzir onuň diýenini edip, köýnegi nagyşlaýan. Tikip bolamsoň näme boljagyny bilemok. «Geý» diýse, geýmeli bolaryn. Alajym ýok. Diýýän-ä, şol ses gelip ugransoň, hiç özüme erk edip bilemok diýip.
Wraç Gülälegi diňläp oturyşyna barmaklary bilen stoly tykyrdadyp, pikire batdy. Öwez oňa ýüzlendi:
— Şeýle näsaga siz öň sataşyp görüpmidiňiz? Bularyň soňy nähili bolýar?
— Şeýle näsaglar sataşýar — diýip, wraç pikire batyp oturyşyna, nazarlaryny äpişgelere tarap gönükdirip, gepi dowam etdi. — Olaryň soňunyň her hili gutarýany bar. Onsoňam, olar bärde bejergi alyp, çykyp gidýärler. Soňunyň nähili bolýanyny bize gelip, habar berip duranoklar. Wraçlaryňky näme, görkezilen möhletde bejergi geçirmek. Derman berilmeli, sanjylmaly pursat gutaransoň, näsag öýüne goýberilýär. Biz ähli näsagy ömri ötýänçä keselhanada daňyp goýup bilmeris-ä. Dogrumy, agam?!
— Dogry — diýip, Öwez Nury Ataýewiň gepini baş atyp makullady.
Nury Ataýew pikire batyp gepledi:
— Onsoňam... Bir zat hakda pikir etmek gerek. Biziň ylmymyz heniz dünýädäki köp syrlara göz ýetirmegi başaranok. Näme üçin bu gyz diňe anna agşamy samraýar?! Başga günler bolsa gowy?! Öňler bize şeýle zatlar hakda aýtmazdylar. Ylmy iş bilen meşgullanmag-a beýle-de dursun, beýle zatlar hakda pikirem alyşdyrmazdylar. Belki, geljekde bu ýagdaýlaryň üstünde işlener, beýle syrlaryň üsti açylar. Ýaşulular anna agşamy ölüleriň ruhy direlýä diýýärler. Ýa-da aýdalyň, anna agşamlary dertlileriň derdi güýçlenýär. Näme üçin?! Üns berip görüň, anna agşamy beýleki agşamlardan tukat ýaly... Näme üçin sadaka, aýat-töwir diňe anna güni, anna agşamy edilýär?! Näme üçin başymyza iş düşen halaty düýşümize düneden öten hossarlarymyz girýär. Köp adam ölüm, betbagtçylyk boljagyny düýşünde görüp, öňünden duýup bilýär. Bu zatlar nämäniň alamaty?! Bu zatlara jogap bermäge ylym heniz güýçsüz, agam. Ýöne ölüleriň ruhunyň direlişi babatda ösen döwletlerde ençe garaýyşlar bar. Belki, adamzat geljekde bu sowallaryň ählisiniň çözgüdini tapar.
Wraçyň sözleri Öwezi çuň pikire batyrdy. Ol iki elini nädip kellesine ýetirenini duýman galdy. Pikir etdigisaýy, öz beýnisem üýtgäp barýan ýaly boldy. Hopugyp ýerinden turdy.
— Seniň gepleriňe özümem birhili bolup barýan — diýip, ellerini ýüzünde gezdirip, aňyna ornan pikirleri kowýan ýaly, başyny silkeledi. — Dermanyňy ýazyp berseň, ýazyp ber. Biz basymrak öýe aşaly. Gyzam bu ýerde goýup durmaýyn. Başa näme gelse görübermeli bor.
Wraç Gülälek üçin rahatlandyryjy derman alar ýaly resept ýazyp berensoň, Öwez öýüne dolandy. Ýol ugrundaky dermanhanadan dermany-da satyn aldy.
Dowamy bar.