dertlerimiň dermany derdiňe dermany gözleme dertliden, dertleriňi berende bardyr dermany. derde derman tapmak gelse elinden, biçäre dertlileň yeke armany. neýlesin derdiňe derman dertlide, gurşagynda bolsa özi hem derdiň, dermany taparsyň diňe dertsizde, halas bolmak bolsa seň yeke derdiň. ne hetdime meniň nesihat bermek, bir niyetim bolsa ol hem duyurmak, bu dünýäde derdiňi dertlä bermek, dertsiziň adyna şek ýetirmekdir. bu gün külpet gelen bolsa başyňa, çäre barmy gözden akan yaşyňa, goşulmayan bolsa zäher aşyňa, derman tapmak, şoňa sükür etmekdir. duygy gözlemeklik meniň derdim däl, emma sen tapaýsan päklerini al, ol duýguny bereni hem ýada sal, şonda iki dünýä seňki diymekdir.

Köneler, nebitchi tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir