ARWAH GELÝÄN GIJESI (Ogulsenem Taňňyýewa) #4
Enkaň haýyşy boýunça...
***
Çarşenbäniň güni batyp, anna gününiň ak iňrigi ýaňy bir töwerege süýt reňkini çaýyp ugrandan Gülälek böwrüne dürtülen ýaly bolup, tisginip oýandy. Ol özünde ysgynsyzlyk duýdy. Ýüregi bir zat syzýan ýaly, jigläp durdy. Onda-da ünsüni başga ýana sowjak bolup, daşarynyň ol-bi işine güýmendi. Çäýnek-käseleri ýuwdy. Töwerege sübse çaldy.
Gyzyň daň bilen düňküldäp ýörşi öýdäkileriň-de barynyň ýüregine dowul saldy. Hemmeler oýanyp, daşaryk çykdylar. Gapydaky tagta sekiniň üstünde ýatan Aýjahan daýza Gülälege gep goşdy:
— Balam, namaz wagtyndan-da ir oýanypsyň-la sen?!
Gülälek ýürek syryny ýene bukup saklady:
— Ukym tutmady-da, turaýdym.
Özi geplemänsoň, gyza artykmaç sowal bilen azar-da berip durmadylar. Hudaýýoly çörek kesmek üçin Güljeren çaý hem içmän, hamyr ýugurdy. Aýjahan daýza namazyny okansoň, Öweziň getiren ýüzärliklerinden gysym-gysym edip, boguşdyrdy. Soň olary Öweze berdi:
— Al, oglum, bulary eliň ýeten ýerinden asyşdyryp çyk. Içerde-de goý. Her otaga birki sanysyny at. Gapylaryň, penjileriň gabsalaryndan-da as. Üzüm dalbarlaryna bagla. Aşhananyň, hammamyň-da äpişge-gapylaryna daňyp goý. Her ýüzärligiň gapdalyna-da ýüpek daň-da, sogan asyşdyr.
Öwez diýlenini etdi. Güljeren bilen Aýjahan daýza bir tamdyr çörek bişirip, Hudaý ýoluna çörek paýladylar. Gün ikindä sananda mazaly ýag ysyny çykaryp, tüwi atardylar.
— Irgözinden molla-da çagyryp geläýsemmikäm? — diýip, Aýjahan daýza nähilidir bir abanyp gelýän howpy syzýan ýaly, gorkuly gepledi.
— Entek göreli. Belki, hiç zat bolmaz — diýip, Güljeren gaýynenesini köşeşdirdi. Gaýynenesine şeý diýse-de, onuň özi-de aladadan gagşaýardy.
Tüwi bişensoň, Aýjahan daýza goňşy-golama nahar eltip, ys dadyryp çykdy. Soň özlerine-de guýnup, saçak başyna geçdiler. Mydama edişleri ýaly, Öweze aýratyn jama guýdular. Güljeren, Gülälek, Aýjahan daýza üçüsem bir tabagyň başyna geçdiler.
Heniz jama el uzadylmandy. Günbatarda gün eňek atyp, gyzyl şöhlesini kiçeldip ugrapdy. Ertirden bäri gyzyp, adamlaryň eňkini agdyran howur birneme kiparlap başlapdy.
— Alyň onda, iýiberiň. Bismylla — diýdi-de, Aýjahan daýza öýüň ýaşulusy hökmünde nahara başlamaga rugsat berdi. Hemmeleriň eli nahara uzady. Öwez dört barmagynyň üstüne tüwi hem mündürip ýetişdi. Ýöne hiç kim agzyna duz salyp ýetişmedi. Edil şol halat guýynyň içinden gelýän ýaly bolup, Gülälelegiň gulagyna geçen annadaky tanyş ses eşidildi:
— Güläle-ek! Güläle-ek!
Gyz sese tisginip gitdi-de, jama uzan elini dessine yzyna çekip aldy. Töweregine ýaltaklady. Gygyryp, sese ses berdi:
— Hä?!
Öweziň eline alan tüwüsi jama gaçdy. Güljeren elini nahardan çaltlyk bilen çekip alyp, aglamjyrady:
— Ana! Ýene başlandy!
Aýjahan daýza tüwä ýeten elini yza-da çekip bilmedi, eline tüwi-de alyp bilmedi. Misli, doňan ýaly bolup, Gülälegiň ýüzüne tiňkesini dikdi galdy.
— Güläle-ek! Güläle-ek! — diýip, ýeriň aşagyndan gelýän ýaly ses ýene eşidildi. — Köýnegiňi tikýäňmi?!
— Öňki gyzyl köýnegimi tikip boldum! — diýip, Gülälek oturan ýerinden sese jogap berdi. — Ertir ýene birini başlajak!
— Häzir başla! Ertir başlama! — diýip, ses Gülälege buýruk berdi. —Bol, häzir başla!
— Naharymy iýeýin-dä. Ajykdym men! — Gülälek ýalbaryjy gepledi. — Soň başlaýaýyn?!
— Iýme! — diýip, ses rehimsiz gygyrdy. — Menem sen sebäpli nahar iýmän ýörün. Senem iýme.
— Men sebäpli?! — Gülälek eşiden gepine haýran galyp, pikire çümdi. — Men hiç kimi nahardan goýamok. Sen meni biri bilen çalyşýan bolaýma?!
Ses gaharlandy:
— Gepiňi köpeltme! Maňa seniň düşündirişiň gerek däl. Ilki bilen öýüňizden asan ajy ysly zatlaryňyzy aýyr. Men olaryň ysyna çydamok. Ol yslar meniň ýoluma böwet bolýa. Soň bolsa, täze köýnegiňi tikip başla!
Gülälegiň näler sesiň garşysyna gidesi gelýärdi. Onuň hiç bir diýenini etmek islänokdy. Ýöne ähli zat erksiz bolýardy. Gyz öz erkine hereket edip bilenokdy. Özi duýmazdan, sese tabyn bolup barýardy...
— Bolýa! — diýip, sese jogap berdi-de, Gülälek saçaga elini süpürip, ýerinden turdy.
Ejesi-kakasy, enesi ony doňňara daşa dönüp synlaýardylar. Oňa näme diýjeklerinem bilenokdylar.
Gülälek elini krantdan sabynlap ýuwdy. Soň gapynyň eltutaryna gysdyrylyp goýlan plotensa mazaly süpürdi. Şondan soň kakasynyň asyp goýan sogandyr ýüzärlikleriniň barynyň ýüpüni üzüp, ýere zyňyp ugrady.
Gülälegiň bu bolşuna Aýjahan daýza özüne gelen ýaly boldy. Ol hem saçaga elini süpürip, çalt töwirini galdyrdy. Güljeren bilen Öwezem oňa eýerdiler. Aýjahan daýza Öweze:
— Çalt git-de, Pälwan mollany çagyryp gel! — diýip, tabşyrdy. Özi bolsa Gülälegiň ýanyna bardy. — Gülälek jan, aýyrma bu zatlary! Bular seni al-arwahdan goraýar-a!
— Bir bogy ýüzärlik bilen ýanyňdaky kempiriň ýüzüne ur! Gepini diňleme onuň! — diýip, ses Gülälege tabşyrdy. — Soň ysly zatlary ýere göm, ýa köçä taşla!
Gülälek geplemän, elindäki bir bogy ýüzärlik bilen Aýjahan daýzanyň ýüzüne şarpyldadyp goýberdi. Aýjahan daýza iki eli bilen ýüzüni tutup, yza tesdi:
— Bu gyzy hakyt al-arwah eýeläpdir.
Öwez mollanyň ugruna gitdi. Güljeren saçak-suprany ýygnady.
— Näzik daýzanam çagyraýynmy? — diýip, gaýynenesine sala saldy.
— Çagyrasyň gelse, çagyraý! — diýip, Aýjahan daýza gamgyn gepledi. — Muňa Näzik näme eder öýdýäň?!
Güljeren ylgap gidip, Näzik daýzany yzyna tirkäp geldi. Bu wagt Gülälek ähli ýüzärlikdir asylan soganlary ýygnap, olary gömmek üçin pil alyp, çukur gazýardy. Üzüm dalbarlaryndaky ýüzärlikleri eli ýetmäneligi sebäpli, oturgyja münüp alyşdyrdy.
Aýjahan daýza Näzik daýzany aglap garşylady:
— Näzik, bu gyz-a ýene başlandyr...
Gülälegiň bolup durşuny görüp, Näzik daýzanyň ýüregi jigledi. Bu wagt onuň kalbynda bir zatdan kanagatlanma duýgusyna meňzeş duýgy-da döreýärdi. Ol duýgy enäniň ýüregini ezip, agysyny tutdurýardy. Özem bir ýakyn hossara duşup, dert aýdyp aglanylýan agyny.
Näzik daýza öň Gülälegiň öz kakasynyň gözüne iňňe sokjak bolanyny ýatlap, «Birden elindäki pil bilen meniňem maňlaýymy ýaraýmasyn» diýen gorka gaplandy-da, gyzdan uzak aralykda badyny saklady. Oňa gep goşdy:
— Gülälek jan! Ol zatlary ýere gömmesene. Gereg-ä olaryň bary. Ýokardan asylanyny halamasaňam, ýygnap, goý bir ýerde. Soganlar-a nahara atmaga gerek. Ýüzärliklerem tütetseň, derdiňe em bolar!
— Piliňi taşla-da, ýanyna baryp, ol daýzanyň saçlaryny, ýüzüni sypa! — diýip, ses Gülälege buýruk bermegini dowam etdi. — Özüňem oňa aýt. Seniň derdiňe hiç zat em bolmaly däl. Sen erbet adam! Seniň ölüm pelläň ýakynlaşýar!
Sesden eşiden bu sözleri Gülälegiň ýüregini aşak gaçyrdy. Ol iki eli bilen ýüzüni tutup, aglamjyrady:
— Ölüm pelläm? — Öz ömrüniň paýawlanyny eşitmek gyza agyr degdi. —Beý diýme maňa! Entek meniň ýaşasym gelýä!
Ses gyzyň zarynlamasyna üns bermän, buýrugyny gaýtalady:
— Ol daýzanyň ýanyna bar-da, onuň saçlaryny, ýüzüni sypa! Özüňem oňa aýt. Seniň derdiňe hiç zat em bolmaly däl! Seniň ölüm pelläň ýakynlaşýar.
Gülälek diýlenini edip, Näzik daýzanyň ýanyna bardy. Onuň saçlaryny, ýüzüni sypady.
— Meniň derdime hiç zat em bolmaly däl, Näzik daýza! — diýip, gamgyn gepledi. — Men erbet adam.
Ejesidir enesini gynandyrmajak bolup, gyz sözleriniň baryny soňuna çenli aýtman goýdy. Gyzyň öz ýüz-gözüni, saçlaryny sypaşdyrmasyna Näzik daýzanyň ýüregi höpledi. Oňa näme diýip, näme aýtjagyny bilmedi.
— Kakasynyň gözüne iňňe sokjan bolan bolsa, ejesini uran bolsa, munuň jyny bize düşüpdir — diýip, Aýjahan daýza agtygynyň bolşundan netije çykardy. — Ýaňy ýüzärlik bilen menem urdy bi. Ýerden ýuwaş çagady. Ýerden ses çyksa-da, mundan çykmazdy. Muňa beýle dälilik nireden ýolukdyka, Näzik?! — Aýjahan daýza soňra Näzik daýza delmuryp bakdy. — Seret, seni welin sypap dur.
Näzik daýza bu gopýan ahwalata baha bererden özüniň ejizdigini duýdurdy:
— Wah, goňşy, men-ä saňa näme diýjegimi bilýän däldirin!
— Sözleriňi doly aýt! — diýip, ses Gülälegiň gulagyny gazap başlady. Indi ol birneme ýakyndan eşidilýärdi. Gün mazaly ýere girip, gijäniň garaňkylygy töwerege goýulyk guýup ugrapdy.
— Aýtjakgä! — diýip, bu sapar Gülälek sesiň garşysyna gaýtdy. —Ejem gynanar. Öldürseň, öldüriber! Ölen çagym görerler ölmelidigimi!
— Gynansa gynansyn ejeň! Senem meň ejemi gynandyrdyň! — diýip, ses gaharlandy. — Aýt sözüň yzyny!
— Aýtman! — diýip, Gülälek bekine tutdy. — Men senem tanamok. Seniň ejeňem. Men dünýä inip, hiç kime ýamanlyk edemok. Hat-da garynjanam öldürip göremok men!
Ses Gülälegiň özüni aklamasyna pitwa bermedi-de, gaharlanmasyny dowam etdi. Gülälek bogulýan ýaly boldy. Bokurdagyny tutup, ögäp başlady. Demi tutulyp, gözleri hanasyndan çykaýjak boldy.
Daşdan synlaýan üçin onuň bolşy öz-öüzni bogýana çalym edýärdi. Aslynda weliin, gyz özüne dem bermeýän nämedir bir zady aýyrmak üçin ellerini bokurdagynyň daşynda aýlaýardy.
— Waý, munuň işi gaýtdy! — Güljeren çirkin gygyrdy. — Bu gyz öz-özüni bogup dur-a!
Duranlaryň bary gyza hemaýata ylgadylar. Onuň ellerini bokurdagyndan aýyrmaga synanyşdylar.
— Gülälek, aýyr elleriňi bokurdagyňdan! Sen öz-özüňi bogýaň-a! —diýip, Näzik daýza-da gyza gygyrdy.
Gülälek olary itdi:
— Aýrylyň! Siz maňa päsgel berýäňiz! Men öz-özümi bogamok! Men özümi bogýan eli aýyrjak bolýan!
Güljeren bilen Aýjahan daýza yza tesdi.
— Munuň gözüne bir zat görünýän ýaly — diýip, Aýjahan daýza gorky bilen gepledi. — Bokurdagynyň daşyndan el görünýämikä? Biz-ä görünýän zat ýok.
Güljeren alaçsyz halda özüni ýere goýberdi. Ol indi näme etjeginem bilenokdy. Aglajagynam bilmedi, gygyrjagynam. Gyzyna hemaýata barasy gelýärdi. Ýöne «Päsgel bermäň!» diýip, gygyryp duran gyzyň ýanyna ýene barmaga-da ýaýdandy.
— Munuň akyl-a ýerinde ýalam! — diýip, Güljeren gyzynyň geplerinden netije çykardy. — «Aýrylyň, päsgel berýäňiz» diýip dur-a ol. Bi biri bilen-ä gidişýä!
Aýjahan daýza maňlaýyna urdy:
— Wah, gidişenem gursun şunuň, gidişmedigem. — Aýryl, Näzik onuň ýanyndan! — diýip, Aýjahan daýza henizem Gülälegiň bokurdagyndan ellerini aýyrjak bolup dyrjaşýan Näzik daýzany-da çekdi. — Gaýt hany ýanyndan, göreli! Munuň soňy näme bolýa?!
Näzik daýza-da Gülälekden çete çekildi.
— Aýt! Aýt! Ölmelidigini aýt! — diýip, ses Gülälegiň gulagyny deşäýjek bolup gygyrdy.
— Aýtman! Aýtman! — diýip, gaýtalady-da, Gülälek demi tutulmadan özünden gidip ýykyldy.
— Ine, ýene öňki ýaly boldy! — diýip, Güljeren aglap, ýene gyzyna kömege ylgady.
Näzik daýza bilen Aýjahan daýza-da oňa hemaýat berdiler. Içerini yssy görüp, Gülälegi agaç sekide ýatyrdylar. Näzik daýza ylgaşlap, Gülälegiň gömmek üçin üýşürip goýan soganlaryndan birini alyp, onuň daşlaryny elleri bilen sypyryşdyrdy-da, gyzyň agyz-burnunyň daşlaryna çalyşdyrdy. Sogany elinde mynjyradyp, suwuny çykardy. Suwundan Gülälegiň boýunlaryna-da çaldy. Gülälek iňňildäp, özüne geldi. Başyna düşen ahwalata çydaman, aglady.
— Bizar boldum men mundan! Çydamok indi...
Aýjahan daýza agtygynyň ýüz-gözüni sypaşdyrdy:
— Sen kim bilen gepleşýäň, guzym? Aýdaý maňa! Kim ol seni bizar edýän haramzada?! Ýeriň teýinden çykmaz ýaly edeýin men şony!
Göze görünmeýän bela bilen gidişmeden Gülälek eýýäm ýadady. Ýöne ol hakda enesine-de aýtjagynam bilmedi, aýtmajagynam. Onýança gulagyna ýene öňki tanyş ses eşidilip ugrady.
— Güläle-ek! — diýip, ses gygyrandan, gyz ýerinden ýeňillik bilen turdy. — Ýüzüňdäki, boýnuňdaky sogan yslaryny ýuw, Gülälek. Entek ikimiziň gürrüňimiz kän-ä!
— Bolýa! — diýip, gulagasyjylyk bilen turdy-da, Gülälek krantdan el-ýüzüni, boýunlaryny sabynlap ýuwdy.
— Bagtym ýatdy! Bu gyz hakyt dälireýä! — diýip, Güljeren içi-içine sygman, aglap başlady.
Aýjahan daýza-da gözlerine ýaş aýlady. Ýüregi hernäçe agyryp duran-da bolsa, ol gelni ýaly möňňürmän saklandy. Näzik daýza goňşularyna birsyhly göwünlik berdi:
— Niýetiňizi gowa tutuň. Molla birki hepde okar welin, açylar gider. Häzirem azar bermäň oňa. Näme edýänine syn ediň-de, oturyň. Sizem bir ýandan çekeleseňiz, öňküdenem aňkasyny aşyrýaňyz onuň!
Güljeren bilen Aýjahan daýza Näzik daýzanyň diýenine gulak asdylar. Arkalaryny üzüm dalbary üçin dikilen sütünlere berip, özlerini ýere goýberdiler. Aýjahan daýza mertlige salyp köşeşse-de, Güljeren welin gözýaş dökmesini goýup bilenokdy. Özi sessiz otursa-da, ýaş damjalary onuň ýaňaklaryndan yzy üzülmän syrygyp durdy.
— Indi ýüzärlikler bilen soganlary ýere göm — diýip, şol arada ses Gülälege tabşyryk berdi. — Ýa-da köçä taşla!
Gülälek ýer dörüp durmagy kyn görüp, ýüzärlikler bilen soganlary etegine salyp, köçä daşamaga durdy.
— Ne gözel soganlar. Bulary nahara atsaňam boljak ahbeti, Gülälek jan — diýip, ejesi Gülälegiň öňüne badalga bolup, onuň etegindäki soganlary almaga synanyşdy. — Getir, men bulary öňküje ýerinde goýaýyn. Ýüzärliklerem görmek islemeýän bolsaň, kümä salaýaryn.
— Ol aýalyň ýüzüne ur-da, işiň bilen bol — diýip, ses Gülälege tabşyrdy.
Gülälek ejesiniň ýüzüne şarpyldadyp goýberdi-de, ýüzärlikdir soganlary köçä äkitmegini dowam etdi.
— Heý, toba-a! — diýip, agtygynyň bu bolşuny gören Aýjahan daýza ýakasyny towlap tutdy. — Bu gyza bir döw-ä çaldy.
Näzik daýza-da öwran-öwran toba etdi. Güljeren ýeke çagasynyň başyna düşen işe tap getirmän, aňkasy aşana döndi. Birden-ä göz owalaryny ýaşa dolduryp, Gülälek nirä ýörese, bile ýöredi, birdenem, ýene oturyp, gözýaş dökdi. Gülälegiň köçä sogandyr ýüzärlik daşap ýörenini görüp, Aýnabat daýza-da ýakasyny tutup geldi. Ol her kimiň ýüzüne gözlerini elek-çelek edip seredensoň, pyşyrdy bilen saglyk-amanlyk soraşdy.
Aýjahan daýza Aýnabat goňşusyny görende öňki mertligini saklap bilmedi. Hossar tapynan ýetim çaga ýaly, möňňürip goýberdi:
— Gurgundyrys-la, goňşy, geleweri, goňşy. Başymyza düşen işi bir synla sen! Bu gyz-a hakyt däliredi!..
— Hudaý bardyr, düzeler — diýip, Aýnabat daýza-da goňşularyna mylakatly sözüni gaýgyrmady. — Mert bol, Aýjahan. Güljeren, senem mert bol, gelin. Başa gelenini çekmeseň bolmaz!
— Çekmäňde nä alaç edersiň! — diýip, Güljeren birsyhly aglady.
—«El bilen düzedip bolmaýa» diýilýän zatlar şü — diýip, Näzik daýza pyşyrdady. — Indi, näme bolsa-da, Allanyň etjek işine garaşmadan başga çäre ýok. Ýöne hudaý janyň özi gowusyny etsin!
Soganlary hem ýüzärlikleri köçä daşap bolansoň, Gülälek ýene sabynlap el-ýüzüni ýuwdy. Plotensa alyp, süpürindi.
— Indi täze köýnegiňi tikip başla — diýip, ses Gülälege etmeli işini salgy berdi.
— Bolýa — diýip, sese jogap berdi-de, Gülälek aglap oturan ejesine ýüzlendi. — Eje, maňa sandykdan bir mata alyp ber. Täze köýnek biçinjek.
Gülälegiň sözüne hemmeler içini çekdi. Ýerli-erden Gülälege nesihat etdiler:
— Gülälek jan, anna agşamam bir köýnek biçip bolarmy?! Anna agşamy köýnegi biçmeg-ä beýlede dursun, tikmelem däldir!
— Köýnegi çarşenbe bilen şenbede biçmeli, Gülälek! Özünem agşam däl-de, gündiz bimçeli.
— Oňarsaň, anna agşamy hiç bir iş etmeli däl. Diňe iýip-içip, aýat-töwir bilen oturmaly!
— Gelnaljyň gelip barýamy şu wagt köýnek biçineriň ýaly!
— Bol çalt! Bol! — diýip, ses Gülälegiň gulagyna çirkin gygyrdy.
Gülälek hem ýüregiňi ýaryp barýan çirkin ses bilen ejesine gygyrdy:
— Bol çalt! Men howlugýan!
Gyzyň sesi hemmeleriň inini dyglatdy.
— Diýenini et, häzir gaňyrşyna gaýdyp, gaharyny getirme! — diýip Aýjahan daýza Güljerene ýüzlendi. — Görýäň-ä onda erk ýoguny!
Güljeren aglamjyrap, içerik ýöneldi:
— Bagtym ýatdy, bagtym! Garamaňlaý bolmasam, bu gyzy dünýä inderermidim men!
Gülälek ejesiniň yzyna düşdi. Näzik daýza dagam onuň bilen bile girdiler. Güljeren sandykly jaýyna baryp, çyrany ýakdy. Eýýäm otaglar mazaly garaňkyrapdy. Soň sandygyň üstüne basylan ýüki düşürdi. Saçbagyna dakylan açary bilen öňi owadan nagyşly demir sandygynyň gulpu-ny ýazdyrdy. Onuň gapagyny galdyryp, birküç sany mataly düwünçek çykardy. Düwünçekleri Gülälegiň öňüne oklady:
— Al, balam, şu matalardan isläniňi saýlap al. Bularyň baryny seniň toýuňa niýetläp alyp goýupdym. — Şeý diýensoň, Güljeren ýene gepiniň yzyny aga ýazdyrdy. — Görýän welin, toýa buýurjak däl öýdýän bular...
— Goýaweri — diýşip, Näzik daýza bilen Aýnabat daýza Güljerene göwünlik berdiler. — Ine, görersiň, ähli zat gül ýaly bolup gider.
Gülälek düwünçekleriň üçüsinem çözdi. Ondaky matalaryň bary owadandy. Gyzyl, ýaşyl, gök, mawy reňkli parçalar çyranyň ýagtysyna öwşün atýardylar. Owadanlygy bilen gözüňi deşip barýardylar. Olar Gülälek üçinem owadandy. Özüne galsa, Gülälek olaryň hemmesinem tikinjekdi. Gyz matalary işdämenlik bilen eline alyp, olary ýeke-ekeden sypaşdyrmaga durdy.
— Ony taşla, ol saňa gelişmez! — diýip, ses Gülälek haýsy matany ellese, onuň gulagyna çawuş çakdy.
Gülälek biygtyýar halda sese gulak asýardy.
— Bular gowy däl, bular maňa gelişmez! — diýip, ol birnäçe matany ejesiniň aýak aşagyna taşlady.
— Hih, — diýp, Güljeren nädip içini çekenini duýman galdy. —Bular-a iň gowy matalar, Gülälek jan. Bulary näçe pul döküp alanymy bir bilsediň sen!
Näzik daýza Güljereniň köýneginden çekip, pyşyrdady:
— Zat diýme!
Aýjahan daýza Güljerene azgyryldy:
— Näçe gezek aýdyl-da saňa, şoň gaňyrşyna gaýtma diýlip, diýlenini edäý indi!
Güljeren birsyhly dökülýän gözýaşlaryny süpürip, çete süýşdi. Gülälek ýene ençeme matany elledi. Haýsy matany ellese, gulagyna:
— Ol saňa gelişmez! Taşla! — diýen ses geldi.
«Maňa gelişmeýä» diýip, taşlaşdyryp, Gülälek düwünçeklerdäki matalaryň barynyň soňuna çykdy. Otuz-kyrka golaý matanyň birinem biçinmek islemedi. Öýüň içi gyzyl-ala ýüpek parçalardan ýaýyn boldy.
— Heý, toba-a! Heý! tob-a! — diýşip, bu ahwalata syn salyp oturyşlaryna Näzik daýza dagy ýakalaryny ebşitläp-ebşitläp tutýardylar.
— Öwezem gelmän geçdi-le. Guýa gaçdymyka ol?! — diýip, Aýjahan daýza gün ýaşmanka mollanyň gözlegine giden ogluna öz ýanyndan igendi. —Oturandyr baran ýerinde düşegini ýumşadyp. Wagtynda deprenäýmel-ä!
— Saňa ak biýz mata gowy gelşer! Biýz tap! — diýip, ses Gülälege buýruk berdi.
— Eje, maňa biýz tapyp ber! — diýip, Gülälek sesiň tabşyrygyny ejesine ýetirdi. — Maňa biýzden köýnek gowy gelşer!
Gyzyň sözleri ýene hemmäniň endamyny dyglatdy. Oturanlar gözlerini elek-çelek edişip, biri-birlerine nazarlaryny dikdiler. Hernäçe: «Gaňyrşyna gaýtma, gepleme» diýlip, tabşyrylyp durlandygyna seretmezden, Güljeren maňlaýyny pola ýazylan gülli halylara urup-urup, dat etdi:
— Waý, bu gyz özüne kepen biçinjek bolýa, doganlar! Waý, ýeke çagam elimden gitjek bolýa meniň!
Garrylar:
— Toba et! Toba et! — diýşip, Güljerene göwünlik berdiler. Göwünlik berselerem, Gülälegiň bolşuna olaryň öz ýüreklerem ýerinden gozganýardy.
— Basym bol! — diýip, gaharly ses Gülälegi birsyhly howlukdyrdy. Gülälek ejesini gyssady:
— Basym bol, eje! Janym çykyp barýa meniň. Howlugýan men.
Güljeren ýükleriň üstünde goýlan düwünçekden bir topbak biýz matany çykaryp, Gülälegiň öňüne oklady. Ýene agyly gepledi:
— Bukjaňa atjak aýak geýimleriňi taslamaga diýip alypdym bu biýzleri. Mundan köýnek tikinmeli bolduň-ow sen, gyzym!
Gülälek gaýçy getirip, biýziň epinini çöşledi. Ony garyşlap ugrady. Alty garyş bir sere ölçäp, kesmäge çemlendi.
— Bu ölçäniň saňa gysga bolar — diýip, ses nägile duýduryş berdi.
— Men ähli köýneklerimem şeýle ölçegde biçinýän — diýip, Gülälek düşündirdi. — Mundan uzyn bolsa, ýere süýrenip, hapa bolar.
— Ýere süýrenmez! — Ses gamgyn eşidildi. — Sen bu köýnegi geýeňde ýeriňden turmarsyň. Sen ony ýatyrkaň geýersiň. Has dogrusy, saňa ony geýdirerler. Sen bu köýnegiňi şeýle uzynlykda biç. Ol seniň aýaklaryňam ýapmaly, kelläňi-de.
— Bolýa — diýdi-de, Gülälek matany ýerde uzynlygyna ýazdy. Özi onuň üstünde süýndi. Soňra ejesine ýüzlendi. — Eje, kömekleş. Şuny kelläm, aýaklarym bilen ýapylar ýaly uzynlykda ölçe!
Güljeren aglap, çete gaçdy:
— Waý, ölçejek däl, elim baranok. Öz çagamyň kepenini biçjek däl men. Ölsemem biçmen!
Gülälek enesine nazar dikdi:
— Ene, sen kömek edäýsene!
Boýy ýeten agtygynyň synasyna laýyklap biýz kesmäge Aýjahan daýzanyň-da ýüregi etmedi.
— Balam, çem gelen ýerinden ýyrtaýsana — diýdi-de, Aýjahan daýza-da Gülälege biýz ölçeşmäge kömek etmedi.
— Bol çalt! — diýip, ses Gülälegi howlukdyrdy.
Gülälek Näzik daýza bilen Aýnabat daýzanyň ýüzüne delmuryp bakdy:
— Näzik daýza, Aýnbata daýza, siziň biriňiz kömek edýäseňiz-läň!
Eger gyza birden bir zat bolaýsa, yrymy biýz ölçelmesine syrykdyryp, goňşularyň özlerinden gaty görmeginiň mümkindigi hakda oýlanan Aýnabat daýza bilen Näzik daýza-da Gülälege kömek etmediler.
— Tur, gyzym, beýdip ýatma. Aýyp bor — diýip, Näzik daýza onuň elinden çekip galdyrdy. Gaçyran ýaglygyny kellesine daňdy. — Ölçeme-de şol biýzi, biçme-de.
— Biçmesem, bolanog-a, Näzik daýza — diýip, Gülälek zarynlady. — Ol meni günüme goýanog-a. Diýenini etmesem, bogup başlar.
Gülälegiň özi duýmazdan, özüne näme bolýanyny aýdyp goýbermesine hemmeler üşerilişdiler. Aýratyn-da Aýjahan daýza bilen Güljeren gyza gulak gerdi. Indi gyzyň bu edýän işlerini öz erkine etmeýänine olar göz ýetirdiler. Gyzy öz erkine goýmaýanyň nämedigini, kimdigini bilmek gerekdi. Gyza bu sowaly bermek Näzik daýzanyň-da aňynda bardy. Ol ýüregindäki sowaly Gülälege gönükdirdi:
— Kim ol, gyzym? Kim? Kim seni bogýar?
Gülälek gaýgyly halda uludan dem aldy:
— Bilemok... Men ony göremok. Sesini welin eşidýän...
— Gepläp güýmenme, bol! — diýip, ses ýene Gülälegi howlukdyrdy. —Hiç kim kömek etmese, özüň ölçe. Sen eýýäm tikip başlamalydyň ony!
Dowamy bar.